Makalalar

Türkmen hanlar we Serdarlar

Sözbaşy
 
Türki halklararynyň iň gadymylarynyň biri bolan türkmen halkyň geçmişinde uly yz galdyran görnükli şahsiıetleri sanardan köpdür. Olaryň Türkmen halky üçin biteren hyzmatlaryny hertaraplaıyn doly we dogry öwrenip, halk Köpçiligine ıetirmek bolsa öz halkyny çyn ıüregden hormatlaıan her bir ynsan üçin parz işdir.Çünki parasatly ata-bablarymyzyň örän jaıdar aıdan aıdyşlary ıaly „ könesi bolmadygyň- täzesi bolmaz.
 
 Öz ata-babalarynyň, milletiniň şohratly geçmişinden bihabar adam sözüň hakyky Manysynda milli busançsyz, ruhy taıdan goıduk bolıar.  Şoňa görä-de, Türkmenistan ylymlar akademiıasynyň „ Ensiklopediıa  “Neşirıatynyň  işgärleri ıokardaky düşünjeden ugur alyp, Türkmen halkynyň milli galkynşyna, onuň agzybirligi- ne  hem jebisleşigine azda-köpde hemaıaty deger diıen ıagşy niıet bilen, eliňizdäki ketapçany taııarlandy.
 
Bu ketapçyda Türkmen halkynyň meşhur hanlarydyr serdarlarynyň ömür ıollary, olaryň Türkmen halkynyň agzybirligi,abadançylygy ugrunda bitiren işleri, görkezen gahramançylyklary ogurda gürrüň berilıär.
 
Mälim bolsy ıaly totalitar( şahsiıetleriň hukuklarynyň güç bilen basıan )Düzgünüň höküm süren 70 ıyldan köpräk  wagtyň dowamynda Türkmen halkyny şohratly ata-babalarynyň geçmeşinden mahrum etmek, mümkingadar goılan, negatiw* maglumatlary bermek   ideologiysyna gulluk edildi.
 
 Şol nädogry idiologisynyň netijesinde Türkmen halkyň ruhy medeniıetiniň ähli babatynda bolşy ıaly , özünüň Nurberdi han , gawşut han, jüneıt han, eziz han ıaly gerçek ogullaryň dogurçyl tarihy maglumatlardan hem binesip galdy.
  
Eliňizdäki kitapça Türkmen  halkynyň Taryhy geçmişindäki şol Böwşeňlikleri, boluklary doldyrmaga belli derejede hemaıt eder diıip omid edäırin.„Türkmen hanlar we serdarlar“ atly bu kitapda belli Türkmen hanlary-
 dyr. serdarlarynyň bir näçe sanysy alynyp, olar, okuji üçin amatly bolar ıaly elipbitertibinde ıerleşdirildi.
 
Şu kitapçany taıarlamaga ıakyndan kömek eden awtorlary her makalanyň soňunda-däl, şu ıerde görkezmäni makul bildik.
Olardan Türkmenistaniň halk ıazyjysy, taryhy ylymlarynyň kandydaty Rahim esenow – „Eziz han“ maklasyny, halypa jurnalist, jüıma- gursal rawy ( gürrüňçi) Rejep gaıyipguliew „ keımir kör“ , „ hojam şükür“ , „ gulbatyr serdar“ , „ Nurberdi han“, „ Gowşut-han“, makalasyny, Nargylyç hojageldiew- „Dykma serdar“„ Orazmämed han“„ Berdi myrad han“ makalalaryny; tarih ylymlarynyň kandidaty, ıazyji ıazmyrat Mämmediew- „Täç gök serdar“ makalasyny; Tarih ylymlarynyň kandydaty  Ata Nuriew- tarapyndan taııarlandy.
 
Halk arasynda „ Bir kemsyz gözel bolmaz“ diıilşi ıaly, bu kitapçyda kä bir säwlikleriň bolmagy mümkin. 
 
 
Aba serdar
 
16-nji asyrda Türkmenistanin Etrek, Gürgen etrapynda ıaşap geçen görnükliTürkmen serdary Aba serdar Türkmeniň okly taıpasynyň kethudasy bolupdyr.
Ol Türkmenistaniň geçmişinde ** Aba serdaryň gozgalaňy ** ady bilen belli bolan halk gozgalyňyna başarjak serkerde hökmünde ıolbaşçylyk edipdir.Bu gozgalaňyň döremegine halk köpçüliginiň çykgansyz jebir-sütem- lere sezawar edilmegi sebäbi bolupdyr.Şol döwürlerde Etrek, Gürgen Türkmenleri( Gökleň, Okly, Emreli we beılekiler) Hiwe hanlygynyň raıaty hökmünde  Horazym soltanlaryna agyr salgyt ( pul, mal we nöker) töleıär ekenler.Munuň üsti-üstünede 1550- nji ıylda Eıranyň Astarabad welaıatynyň täze häkimi Keçel şahberdiniň hem Türkmenlerden agyr paç ıygnamaga synanyşmagy netijesinde, halys degnesine degilen halk ezijilere garşy aıaga galıar.
Gozgalaňçylar  Aba sedaryň baştutançylygynda Eıranly salgyt ıygnaıjylaryň ıolbaşyçysy hem-de keçel şahberdiniň garyndaşy Şatyr begi öldürıär.Muny eşidip, gahar-gazaba münen Keçel şahberdi Türkmenleriň üstüne Agyr guşun çekip barıar.Okly Türkmenleri onuň goşunyny derbi-dagyn edip, özüni hem tutup öldürilıär.
Şondan soň gozgalaňyň dabarasy dag aşıar.Bütün Türkmen obalaryna şeıle hem Astarabadyň kä bir etraplary- na ıaıraıar .  Eıran şahsy Tahmasyp şanyň (1527- 78) uly goşun iberip,Aba serdaryň gozgalañyny ıatyrmak üçin eden bir näçe synanşyklary şowsyz  bolupdyr.
Aba serdar Eıran bilen öňden urşup gelıän özbek hökümdary Ali soltan bilen ylalşyk baglaşıar we onuň  köpsi özbeklerden ybarat bolan goşunyna daıanyp Eıran goşunlarynyň 1554- nji hem-de 1557-nji ıyllarynda uly hüjümlerini kül-peıkun edıär. Bu ıeňişler Aba serdara uly şohrat getirıär. Ol bütün Astarabat welaıatyny diıen ıaly öz raıatyna geçirıär.
Türkmen atly ıigitlerniň serkerdesi Aba serdaryň bu söweşlerniň  netijesinde Bütün kenarıaka Türkmenleri10-12 ıyllap Eıran häkimiıetlerine garaşsyz bolupdyrlar.Gozgalaň netijesinde Etrek sähralaryndaky Türkmen taıpala- rnyň birleşmesi emele gelipdir. Birleşme Aba serdar öldürlenden ( ol ukuda ıatyrka Eyran häkimiıetleriniň ıörite tabşyrgy bilen,öz pars aıalnyň gulytarapyndan öldürilıär) soň hem bir näçe wagtlap dowam edipdir we Türkmen leriň özbaşdaklagyny gorap saklapdyr.Batyr serkerde Aba serdaryň baştutanlyk eden gozgalaňy onuň öldüril-
-megi bilen kem-kemden ıatyşan hem bolsa,
Türkmen halkyna siıasi taıdan ulya braı getiripdir.Soň-soñlar Astarabat ülkesinde Türkmenleiň täsiri güıçli bolupdyr.Umuman, Aba serdar Türkmen halkynyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda jan aıaman göreşen gaıduwsyz serkerde hökmünde tarih-da yz galdyran şahysdaryň biri-dir. 
 
 
Abdyrahym Han    
  
Belent mertebeli kakasy ıaly Hanlaryñ hany ada eıe bolan   Abdyrahym, meşhur şahir,alym serkerde,diplomat hökmünde hem tanalypdyr.                                                          
 Ol beıik mogollaryñ 3nji hökümdary Ekber  Şanyñ ıakyn egindeşidir. Abdirahim Han 961 hijri( 1556 miladi) ıylynyñ sapar aıynyñ onunda, çarşanba güni Hindistanda eneden dogulıar.Bäş ıaşynda atadan galypdyr.
1561nji ıylda Baıram Han öldürlenden soñ,Ekber onuñ dül galan  aıaly Selime soltan begime öılenıär hem-de ıaşajyk Abdyrahima hossarlyk edıär. 
Abdyrahymyñ ejesi Selime soltan begime özi hem magfi edebi lakamy bilen Şygyrlar ıazypdyr.İaş oglany bir näçe ıylyñ dowamynda Baıram Hanyñ dostlary Türkmenler, Hindiler terbiıeländirler.Ekberiñ görkezmesi boıunça tiz wagytdan Ahmet abatdan añry geçirıärler Şeılelik bilen, kiçijik Abdyrahym mogollar köşgüne düşıär,şol ıerde ymykly bilim alıar.Abdyrahymy terbiıelemek işi bilen diñe bir musulman alymlyry däl eısem onuñ añyna bütün Hindistan söıgi dügüsini ornaşdyran Hindi nanditleri( alymlary) hem meşgullanypdyr.
Abdyrahym arap, pars, hindu, urdu, Türkmen dillerini öñat öwrenipdir.
Bu dillerde ajaıyp şygyrlary döredipdir.
Esasanam ol Hindi dilindäki edebiıatda genıal şahir diıen şohrata eıe bolupdyr.Abdyrahym Hindistanyñ görnükli şahirlary Tulsy Dasyñ we Sur dasyñ döwürdeşi bolupdur.Ony bu şahirlar bilen mizemez dostluk baglanyşdyrypdyr Abdyrahym örän  tanymal, meşhur we baı adam bolany üçin ol şahyrlara her bir jähetden kömek edipdir. Hindi edebiıatynda Abdyrahymyñ  şohraty ägirt uly bolupdyr.Hindi alymlarnyñ köp sanly işleri onuñ Hindi dilindäki poeziıasyna bagyşlanypdyr.
Abdyrahymyñ hindi dilindäki „ Madanaştak“( Biçak joşgunly düıgülar hakyndaky şygyrlar),“ Paspançahıan“( Kirişnanyñ hornunyna bäş aıdymy),ıaly çeper eserleri şu güne çenly Hindistanda uly şohrata eıe bolup gelıär. Onuñ Pars, Türkmen dilindäki eserleri öz yaşan döwründe hem,ondan soñ hem neşir edilmändir, öwrenilmändir,  toplanylmandyr.                               
 
Abdyrahymyñ Pars,Türkmen dillerindäki şygyrlary onuñ Hindi dilin- däki poetik Mirasynyñ ujypsyz bölegi bolup durıar.Abdyrahym öz döwrüniñ meşhur adamlarnyñ köpsi bilen Türki dillde hatlar ıazyşypdyr.Onuñ döwürdeş adamlaryna iberen şol hatlarynyñ Hindi horonikasynda. Esasan hem şahiriñ ömür ıazgysyny ıöreden Abdylba- ky Nahowandynyñ arhywynda saklanyp galypdyr.
Iberlen şol hatlar Türki dilde şygyr yazan dürli ıazyjylara degişli şahyrana bentlerden doly bolupdyr.Ol zahiretdin muhammed babaryñ Pars dilindäki „ Babirname“ atly meşhur işini terjime edipdir.
Abdyrahym 1622nji ( miladi) ıylda aradan çykypdyr.
 
          
Arapmuhammed Han
 
Arapmuhammed Han 1602-1621nji ıyllarda Hiwe-da Hanlyk edipdir. Ol ilki Durunyñ hökümdary, atasy Hajimuhammed Han ölenden soñ, bütün Hiwañ Hany bolıar.Onuñ höküm süren döwründe Horezimde gazaply ,gandökişikli Feodalçylyk uruşlary bolupdyr.Şol uruşlara Türkmen Han-begleri we taıpalar köpçülikleıin gatnaşypdyrlar.
Ol uruşlar Horazmy we bütün orta Aziani Russ döwleti bilen baglanyşdyrıan söwda ıollaryny, ıer-suwy,siıasy häkimiıeti eıelemek maksdy bilen alnyp barlypdyr. 
Arapmuhammed Han halkyñ suwa bolan mätäjligini ıeñilleşdirmek üçin1602nji ıylda amyderıanyñ aşak akymynda, Nöküsiñ demirgazak tarapynda uly Kanal gurdyrypdyr.Emma bu hem suw ugrundaky göreşi gowşa- dyp bilmändir suw gytçylygyny kanagatlandyrmandyr.
Arapmuhammed Han döwründe,ilki Türkmen Han-begler  agalyk ediji ıagday eıeläpdirler,emma soñra bir wagytlar göçüp giden Goñratlar Maññytly Özbek taıpalary we başgalar Horezme gaıdyp gelipdirler.
Şol taıpalaryñ Han-Begleri özlerniñ ozalky agalyk ediji ıagdaıyny eıelememek ugrunda dawa edip başlapdyr- lar.Arapmuhammed Han olaryñ talaplaryny kabul etmändir. Şoña görä-de,Naımanlar we uıgurlar Arapmuha
-mmed Hana garşy bolupdyr.
Arapmuhammed Hanyñ ogullary,Hebeş we Ilbars bolsa şolara daıanyp,öz atasyna garşy çykypdyrlar.Ony tagtyndan agdaryp hem gözüni oıupdyrlar.
 
Atamyrat Han 
 
Atamyrat Han köneürgenç etraplarynda ıaşan ıumutlaryñ öküz urugynyñ gutlybaı tiresinden bolup,ıaş wagtyn- da Hiwa medresesinde bilim alıar.Ol Hiwa Hanlygynda ıaşaıan Türkmenleriñ 1855-67 nji ıyllarda garaşsyzlyk ugrundaky göreşine baştutanlyk edıär.
 
Türkmenleriñ bu gozgalany 19nji asyrda orta asiıada bolan halk hereketlerniñ iñ ulusydyr.Atamyrat Hanyñ atasy Orazmuhamed sedar we agasy Amannyız serdar Hiwa goşunuñ içindäki Türkmen nökerlere baştutanlyk edip, bir näçe gezek harby ıörişlere gatnaşypdyr.Emma Mary etrapyna edilen harby ıörüşlerniñ birinde Amannyıaz serdar MILLI duıgudaşlyga eıerip,öz Türkmenlerine garşy söweşmekden boıun gaçyrandygy üçin,Hiwa Hany ony beıik minaradan zyñdyryp öldürdipdir.
Onsuz-da Türkmenler bilen Hiwa Hanyñ arasynda ıer-suw meselesi babatda ıyty gapma-garşylyk dowam
edıär. Bu waka hem üsteüsine bolıar.Hiwa Hanyñ eden-etdiligine  garşy Atamyrat Hanyñ ıolbaşçylygyna Türkmenler köpçülikleıin baş göterıärler.
Sarahs söweşinde(1855) Mädimin Han öldürilenden soñ,Hiwa-da  Abdylla Han tagta çykıar Ol 1855nji ıylyñ MAI-AWGUSTYNDA Hiwa Hanlygyndaky ıumutlaryñ gozgalañyny basyp ıatyrmak üçin harby ıöriş edıär. Aksaraı,iılginli we İekedepe diıen ıerlerde bolan harby çaknaşyklarda Türkmenleriñ birleşen topary Hiwa goşununy derbi-dagyn edıärler we Abdylla Hanyñ özüni-de öldürıärler.
Şu wakadan soñ Atamyrat Han İumutlaryñ esasy toparnyñ baştutany hökmünde ykrar edilıär we onuñ abraıy has yokary galıar.
Abdylla Han öldürilenden soñ,Hiwa-da tagta çykan Gutlimyrat Han(1855-56) Türkmenler babatda örän hilegär siıasat alyp barıar.Bu maksady üçin ol hatda Ahal,Mary Türkmenlerinden goldaw tapmagy başarypdyr.
 
1855nji ıylyñ NOWEMBER- DESEMBER aılarynda bolan aıgytly söweşde İumut,İemreli,Çowdur we beıleki Türkmen tire-taıpalary Atamyrat Hanyñ baştutanlygynda özara birleşip,Hiwa goşunyny ıeñıärler.Şondan soñ Hiwa Hanlygynyñ bütün demirgazak-günbatarynda Atamyrat Han öz hökümdarlygyny ıöredipdir we Türkmenler Hiwa hanyna tabynlykdan çykypdyrlar.
 
1856nji ıylyñ FEBRUAL-da Türkmenleriñ goldaw bermeginde Gutlimyrat Han hem öz garyndaşi tarapyndan öldürilıär we Hiwa-da tagta 34 ıaşly Seıit muhammet Han (1856-64)çykıar.
Ol Türkmenleri ıarag güıji bilen boıun egdirip bilmejigine göz ıetirip, Türkmen tire-taıpalaryny bir-birine garşy öjükdirmek syıasatyny alyp barypdyr.
Şol bir wagtda-da Türkmen,Özbek Gazak gozgalañçylaryna garşy harby güıç ulanypdyr.
1858nji ıylyñ OKTOBIRynda Atamyrat Hanyñ kömek bermeginde goñrat begliginde Garagalpak gozgalañçylary hem ıeñiş gazanıar.
Muhammed Pena bolsa Goñratyñ Hany diıilip ykrar edilıär.
Hakykatda Goñrat begligi ıomutlaryñ 25 sany kethudasy tarapyndan dolandyrylyp,ähli işlere Atamyrat hanyñ egindeşi Berdi Inlis ıolbaşçylyk edıär.İöne ıomutlar bu ıerde eden-etdilige ıol berip,halkyñ närazyçylygyny döredıär.
Bu ıagdaıdan peıdalanyp,Hiwa hany Goñrat begligini ıene-de özüne tabyn edıär.Atamyrat Han we ony goldaıan toparlar bolsa hiç wagt Hiwa Hanyna tabyn bolmandyrlar.
Emma Türkmenler agyzala bolansoñ,öz maksadynyñ amala aşmajygyny-da gowy düşünipdirler.
Şonuñ üçin Atamyrat Han 1858nji ıylyñ TOMSUNDA Hiwa Hanyñ zülmüne garşy göreşmek üçin Patyşah Russiıasyndan ok,ıarak bermeklernyñ hem-de raıatlygy kabul etmeklerini sorap haıyşnama ıazıar emma
onuñ haıyşnamasy kanagatlandyrylmaıar.
1865nji ıylda Türkmenleriñ barlyşyksyz duşmany Seıit Muammet Rahim II Hiwa tagtyna çykıar.Ol Türkmen etraplaryna akıan ıaplaryñ suwuny bekläp,olara garşy goşun sürıär.1866-67nji ıyllarda olaryñ arasynda harby çaknaşyklar izigiderli gaıtalanyp durupdyr.
 
Bu agyr ıagdaıda hiç hilli çykalgy bolmansoñ,Atamyrat Han ıene-de Patyşah Russiıasyndan howandarlyk isläp,olara bir näçe gezek ıüz tutıar.Ol hem netijesyz gutarıar.Üstesine-de,Hiwa Hany Türkmenlere Hiwa bazaryna barmagy we galla satyn almagy gadagan edıär.
Bu agyr ıagdaı Türkmenleriñ belli bir bölegini Hiwa Hany bilen umumy ylalaşyga gelmäge mejbur edıär.
Şeılelikde Atamyrat Hanyñ hiwa hanynyñ sütemine garşy 12 ıyllap alyp baran aıgytly göreşiniñ iñ soñkisi 1867nji ıylyñ awgustynda basylyp ıatyrylıar.
Atamyrat Han bolsa Hiwa Hanyna tabyn bollmagy özüne namys edip, 40 öıli Türkmen bilen Balkan etrapyna göçıär.
Ol Çlekende ıaşaıan döwründe Russ goşunlarnyñ Gyzyl etrekdäki baş offiseri bilen ıakyn aragatnaşyk saklapdyr.
1873nji ıylda Russiıañ Patyşahsy Hiwa Hanlygyny basyp alan soñ Atamyrat Han ıene-de öz dogduk mekanyna göçüp barıar we şol ıerde ömrüniñ ahyrna çenli ıaşaıar.
Atamyrat Hanyñ uzak ıyllaryñ dowmynda  alyp baran göreşiniñ düp maksady ähli Türkmenleri birleşdirip,Hiwa Hanynyñ zülüminden azat etmekligden we olaryñ hiç kime Garaşsyz,özbaşdak,bolmagyny üpjün etmekden ybyratdyr.Emma Türkmenleriñ bilgeşleıin öjükdirilen özara agyzalalygy bu maksady amala aşyrmaga päsgel beripdir.
İöne Türkmen halkynyñ  bähbidini näçe ileri hem tutan bolsa,ol özüniñ Hiwa-da hökümdarlyk etmek maksady- ny hem aradan aıyrmandyr.
 
Baıram Han
 
Türkmenleriñ Baharly kablasyndan bolan Muhammet Baıram Han, takminan, 1500-1505nji ıyllarda Badahşanda dogulıar.
Ol harby serkerde,döwlet işgäri,filosof,sazanda hem şahyr bolupdyr.Onuñ Ata-Babalary 15nji asyrda günbatar Eıranda,Azarbaıjanyñ günorta taraplarynda uly döwlet guran Garagoyunly Türkmenlerden bolup,hökümet gullugynda,harby işlerde edermenlik görkezen adamlar eken.
Baıam Hanyñ babasy Şiraly Beg hiratda häkimlik eden Soltan Hosseıni Baıkaranyñ(1471-1506) köşgünde hem hyzmat edipdir.Baıram Hanyñ kakasy Seıfali beg Gazanda şähirdarlyk wezipesini alyp barypdyr.Ol ıakyn gündogarda ady belli Taryhçy Mürze jahan şahnyñ neslinden bolan,Hindistandaky Mogol Imperiıasynyñ baştuta-ny Babyr bilen ıakyn gatnaşyk saklan,onuñ goldawsyndan peıdalanypdyr.  
 
Baıram Han 16nji asryñ başlarynda Bälh, Badahşan töwereglerine göçüp baran Seıfaly begiñ maşgalasyndan dünıä inipdir.
Başlangyç bilimi hem harby hünärleri şol ıerde alypdyr.Bälhiñ iñ güıçli alymlary oña sapak beripdir.
Baıram Hanyñ ylma we sungata bolan söıgüsi onuñ harby serkerde Bolandygyna garamazdan,ömrüniñ ahyrna çenli saklanypdyr.Bälhda Pars we Arab dillerini düıpli öwrenıär.Şol döwriñ okuw sapaklarynda goşgy düzmekli-giñ Aruz formasyna esasi  orun berlipdir.
Baıram Han hem aruz formasynda goşgy düzen belli şahirlaryñ biridir.
Ol orta boıly,bogdaı reñk,on iki süññi ıerbe-ıer,mertebeliligi İüzünden görnüp duran,peşeneli adam bolupdyr. Aıratyn çalasynlygy bilen illeri haıran galdyrypdyr.
Öz Ata-babalarynyñ kesp-käri bolan çabyksuwarlyk,gylyç oınatmak,naıza sançmak,ok atmak ıaly bir näçe harby hünärleri ezberlik bilen özleşdiripdir.
 
Baıram Han on alty ıaşynda HUMAİUNYÑ goşunyna meıletin girıär.Goşunda ol çäksiz batyrlygy, dogumlyly- gy, düşbeligi harby taıdan ugurtapyjylygy bilen tapawotlanıar.
Hatda bir ıyl geçmänkä,ol şahzada Humaıunyñ ıakyn egindeşleriniñ biri we geñeşçisi bolıar.Baıram han ilki Şah Ismaıyl Hataıynyñ(1487-1524) soñra Mogollar dinastiıasyny esaslandyran Muhammed babyryñ (1483-1530) goşun serkerdesi bolıar. Babyr ölenden soñ onuñ ogly Humaıun(1508-56) imperator (1530-56) bolıar. Humaıunyñ häkimlige geçen döwri beıik Mogol imperıasynyñ gowşan döwrüne gabat gelıär.
 
Mogol imperatory Humaıun bilen onuñ doganlary Mürze eskeriñ Kamran mürzäniñ Mürze Hindalyñ tagt üstündäki dawalary sebäpli Mogol imperıasy dargaıar.
1539nji ıylda Mogollaryñ howpli duşmany,Owgan taıpasynyn sury tiresinden bolan Şir şah özüni Imperator diıip yglan edıär.
 
Humaıun ondan gaçyp gidıär.
Baıram Han Humaıunyñ bähbidine güıçli diplomatic işleri alyp barıar.Humaıun Baıram Hanyñ maslahaty bilen Babyryñ mirasdüşeri,Eıran şahsy Tahmasypdan harby kömek soraıar.Eıran şahsy harby kömek berıär.
Eıran goşunyn kömegi,mogollaryñ edermenligi we owgan serdarlarynyn arasyndaky dawanyñ mogol goşun serkerdesi Baıram Han tarapyndan öñat peıdalanmagy netijesinde demirgazak Hindistanda beık mogol imperıasy gaıtadan dikeldilıär.
Baıram Han imperator Humaıunyñ ähli ıörişlerine we diplomat Işlerine gatnaşıar,imperatoryñ ıanynda uly wezipe eıeleıär  hem-de onuñ hakyky dosty bolıar.
Humaıun Baıram Hanyñ döwlet derejesindäki akyl-paıhasyna uly baha beripdir we öz aralaryndaky dostlygy garyndaşlyk gatnaşygy bilen berkitmek isläpdir.Baıram Han hem özüniñ Humaıuna wepalylygyny ençeme gezek subut edipdir.
1540-nji ıylda Kannawujyñ etegindäki uruşda Baıram Han mogol goşunyñ awangardyna başlyklyk edıär we Şir şahnyñ goşuny bilen bolan söweşde ıesir düşıär.
Şol wagytlar batyr,harby serkerde Baıram Hanyñ şöhraty,at-awazy,eııäm Awgan ıürdine hem ıaıranypdyr.Şir şah her edip hesip edip ol batyr Türkmeni öz tarapyna yrmak isleıär.oña iñ yokary derejeler,ummasyz peşgeşler wada edıär.
Emma BaıramHan Şir şahnyñ teklibini inkär edıär.Şol aralykda Baıram Han bir oñaıyny Tapyp,Humaıunyñ tarapdary,Abul  kasym bilen gaçıar.Şir şah Baıram Hanyñ gaçandygyny eşidip, ony tutup öldürilmegi buıurıar.
 
Gujaratyñ ıolunda ol iki gaçgak ıene-de ıesir düşıär.Bugezek ony Gujaratdan gaıdyp gelıän Şir şahnyñ ilçisi ıesyr alıar.Abul kasymyñ daşky keşbi Baıram Hana örän meñzeş bolupdyr.Şonda Baıram Han öñe çykyp:
 
Men­- Baıram Han! Ine,name etseñiz ediberiñ!- diııär.Onda abul Kasym öz dostuny halas etmek üçin:
- İok,ıok, ol meniñ hyzmatkärim,ol öz janyny gurban edip,hojaıynyny azat etmekçi bolıar.Men onuñ dogumlylygyna, batyrlygyna we wepalylygyna haıran galıaryn.ol batyry goyberiñ! MenBaıram Han! Diıipdir.
 
Baıram Han özüniñ Baıram Handygyny näçe subut etjek bolsa-da başa barmandyr.Netijede Baıram Han azat bolup,onuñ wepaly batyr dosty Abul kasym öldürilipdir.
Şondan soñ Baıram Han uzak wagtlap sergezdançylyk edip,Humaıuna ykrarly bolan Gyjarat hökümdary mahmydyñ ıürdine barıar.
Şeılelikde, Baıram Han iki ıyl geçenden soñ,özüniñ ıolda toplan kiçiräk goşuny bilen Humaıunyñ lagerine gaıdyp barıar.16-nji asryñ ortalarynda Babyrañ imperıasynyñ ıürdi giñelıär. .Munda talantly goşun serkerdesi Baıram Hanyñ hyzmaty bolupdyr.
Bayram Hanyñ Mogollaryñ ıeñişlerine goşandy,onuñ pähim- paıhasy üçin mogol imperatory Humaıun Eıran şahsyTahmasyp bilen bilelikde Bayram Hana şol döwrüñ iñ yokary harby derejesi `HANLARYÑ HANY` we ähli Türkmen taıpalarnyñ aksakgaly diıen titli berıär.
 Humaıunyñ karary bilen Baıram Han Gandaharyñ häkimlige bellenıär.Bayram Hanyñ Gandahary dolondyrma- ga bellenmegine Humaıunyñ doganlary Kamran Mürze,Mürze eskeri, Mürze Hindal garşy bolıarlar we Baıram Hana her hilli şyltaklar atyp,Humaıuna ıamanlaıarlar,ıöne paıhasly Humaıun beıle zatlara ynanman,ony öz ogly Ekbere atalyk belleıär.
 
Ekber on dört ıaşyna baranda Mogol imperatory Humaıun aradan çykıar we ıaşajyk Ekber beıik Mogol imperıasyna imperator bellenıär.
 
(1556-1605) Ekber on sekgiz ıaşyna ıetıänçä,Baıram Han beıik Mogol imperıasyny Ekberiñ ady bilen dolandyrıar.
Ekber Baıram Hanyñ wepalylygyna,pähim-paıhasyna hormat goıupdyr we Oña `Han baba`diıip,ıüzlenipdir. Humaıunyñ goıup giden wesıetnamasy esasynda Baıram Han babyrñ agtygy, Şah neberelerinden bolan Selime soltan begime öılenipdir we ömrüniñ ahyrn çenli Ekberiñ atalygy hem baş weziri bolupdyr. Baıram Han ynsan üçin möhüm häsiıetlerden söz açyp, her bir ıigide üç sany synatyñ hökmandygyny nygtalapdyr:
 
1. Häkimleriñ ıanynda özüñ alyp barmagy başarmaly
2. Garyp-gasarlaryñ göwnünden turup,olara duıgudaşlyk etmeli
3. Alymlaryñ ıanynda aıtjak sözüñi bilip aıtmaly.
 
Baıram Han Abdyrahman atly ogly bolıar.
Oña-da `HANLARYÑ HANY`diıen ıokary dereje berlipdir.
Ol bäş dilde goşgy düzen uly şahyr bolupdyr.Baıram Hany 1561ıylyñ 31 nji desember-de Gujaratda mübärek pohany diıen hanyñ zalymlyk bilen arkasyndan pyçaklap öldürıär.
 
Baıram Hanyñ diñe bir sany goşgylar ıygyndasy ele salnypdyr, şonda onuñ pars dilinde ıazan goşgularnyñ 1216 setiri,Türkmen dilinde 718 setiri ıerleşdirlipdir. Onuñ Türkmen dilindäki goşgularynda geçmişde Türkmen, Özbek, Gazak, Gyrgyz, Garagalpak halklar üçin ortalyk bolan Nagataı diliniñ täsiri duıulıar.Ulanan esasy goşgy formalary gazal hem rubagydyr.
 
Goşgularyñ agramly bölegi söıgi hakda,galanlary harby gahramançylyk we aıry-aıry şahslary taryp edıän şygyrlardyr.
Baıram Han özüniñ döredijiligi ıadawsyz tagallasy bilen orta Asiıa,Owganistan,Horasan,Eıran Hindustan ıaly gadymy gündogar ıürtlerinde halklaryñ medeni hyzmatdaşlygynyñ ösmeginde hem-de olaryñ özara dostlygyn- yñ pugtalanylmagynda ägirt uly rol oınan şahysdyr.
 
 
 Baıramaly Hanı 
  
Baıramaly Han Marynyñ hökümdary bolupdyr.ol Maryda gajarlaryñ agalygyñ berkleşdyrmek ugrunda göreşip- dir.Salyr we saltyk Türkmenleri bilen hem belli bir derejede hyzmatdaşlyk edipdir Baıramaly Hanyñ döwründe Maryda ekrançylyk,hünärmençylyk we söwda ep-esli derejede ösüpdir.Şi-eler bilen sünnileriñ goreşiniñ ıitileşmegiñ netijesinde Baıramaly Hanyñ Buhara Emirligi bilen aragatnaşygy ıaramazlaşypdyr.
 
1785nji ıyllarda Şamyrad Welinamy Buharadan Mara iki sapar ıöriş edipdir.
ilkinji söweşde Baıramaly Han(1785) wepat bolupdyr. Soñra onuñ ogullary,garyndaşlary we Mary şährinde ıaşaıan muñlerçe gajarlar buhara sürülip äkidilipdir.Köne Maryny suw bilen üpjün edıän soltanbent gatlasy sakçynyñ dönüklik etmegi netijesinde weıran edilipdir.Şähir sowsyz galyp,ıürtde açlyk,gedaıçylyk başlanypdyr.
Şamyrat öz ogly Din Nasyr begi Mara häkim edip belläpdir.
Baıramaly Han ölenden soñ Maryda gajarlaryñ agalygy synyp başlapdyr we 1807nji ıylda Tekeler Gajarlaryñ iñ soñky bölegini Maşada göçüripdirler.Şondan soñ welaıat doly Türkmen taıpalarynyn eline geçipdir.
Baıramaly şäheriniñ demirgazak-gündogar tarapyndaky köne Marynyñ galyndalarynyñ bir bölegi hem Baıram- aly Han galasydyr. Baıramaly Han galasy diılip atlandyrylsada,ol galany Baıramaly Han saldyrmandyr.15nji asryñ birinji ıarymynda Abdylla Han galasy salnypdyr,ikinji ıarymynda bolsa (teımur leñ döwründe) Baıramaly Han galasy salnypdyr hem-de bu iki gala utgaşypdyr,bilelikde bolsa Baıramaly Han galasy diılip atlandyrypdyr.
 
 
Berdimyrat Han
 
Berdimyrat Han Nurberdi Hanyñ birinji aıaly Nurgözelden bolan oguldyr.Ol juda ıaşka wepat bolupdyr we onuñ terjimehaly,bitiren isleri barada saklanyp galan ullakan ıazuw ıädigärligi ıok.
1879nji ıylda Nurberdi Han Marydaky hanlygyna maslahata gidende,wagtlaynça Berdimyrat Hany eırine Ahala Han saılapdyr.İöne ol entek ıaş bolan soñ,Nueberdi Hana ıakyn iki adamOrazmämet Han bilen Gurbanmmy-rat işan oña geñeşdarlyk edipdir.
Berdimyrat Hanyñ Hanlyk eden döwri Russ goşunlarynyñ generallary Lazarewiñ hem Lomakiniñ baştutanlygyn- daky ilkinji Ahal-teke ekspediıasyna gabat gelıär.ekspedisiıany taııarlan hem oña baştutanlyk eden general Lazarow bolupdyr.
Emma ol 1879nji ıylyñ 14nji awgustynda Gökdepe galasyna Hüjüm edilmezinden bary-ıogy ıarym aı öñünden aradan çykypdyr.Onuñ deregine general Lomakin wagtlaıynça bellenipdir.
Russlaryñ gelıändigini eşidip,Tekeler Aşgabat-da maslahat geçirıärler.Şol maslahatda hem general Lazarewiñ Dykma serdaryñ adyna iberen haty okalıar.Tekeler `Russlary aşgabada goıbermeli däl uruşmaly` diıen karara gelıärler.
Gökdepe galasyny gurmaly,ilaty şol ıere ıygnamaly edıärler.
Galanyñ gurluşygyna hemme kişi meıletin gatnaşypdyr. Her on maşgala aıratyn paı bölnüp berlipdir.
Şonuñ bilen bir wagtda Russlary ahala goıbermezlik üçin söweş hereketleri hem bellenıär. Berdimyrat Han Orazmämed Han Gurbanmyrat işani ıanyna alyp,dört muñ atly,iki muñ hem pyıada goşun bilen Bendesiñ geçilgesine tarap ugraıar.Soñra bolsa pyıada goşuny Bendesende galdyryp, Berdimyrat Han bilen Dykma serdar Russ goşunlarnyñ öñünden çykmak üçin Hojagala gidıärler.Olar orta ıolda Russ Kazaklaryna gabat gelıärler.
Olara tarap ot açaıarlar.Emma aralyk ok ıeterden daş bolan soñ,olara hiç hilli zener ıetirip bilmeıärler.Russlar bolsa uzaga atıan ıarag bilen iki adamy öldürip,dokuzysyny hem ıaralaıarlar .Berdymyrat Han bilen Dykma serdar yzyna-Bendesene dolanıar.Gaty çalt hereket etmek bilen Bendesendäki pyıada goşun hem alyp,şol gijäniñ özünde Börmä ize çekilıärler.
Börmede maslahat bolıar.Ähli ilaty Gökdepe galasyna ıygnamaly edıärler.ilatyñ ol ıere göçmegine wagt berer ıaly,Tekeleriñ goşuny iki günläp şol ıerde saklanıar.Mundanam başga şol maslahatda ilatyñ gala ıygnamagy- na wagt utmak maksady bilen Dykma serdar hem gyzylarbadyñ Sopy Hany boıun egip barıan adam hökmünde Russlaryñ arasyna ibermeli edıärler.
 
Söweşe ıolbaşçylyk etmäge Berdymyrat Hana doly hukuk berilıär.Ol1879nji ıylyñ 28nji Awgustynda Lomakiiñ goşunlarnyñ hüjüme geçmeziniñ öñüsyrasynda ıygitleriñ arasynda aılanyp,olary söweşe ruhlandyrıar.Şol gün-       ki söweşde Berdymyrat Han öıniñ üstüne Russlaryñ top oky düşıär.onuñ aıaly çagalary heläk bolıarTop okun-            yñ bölegi Berdymyrat Hanyñ agasy Gurbanyñ kellesini alıar. Berdymyrat Hanyñ özi hem şol günki söweşde agyr ıaralanıar we üç günden soñ şol ıaradan wepat bolıar.
 
Ony gökdepe galasynyñ içindäki diñli depäniñ ileri ıanysynda jaılaıarlar onuñ mazary şu günler çenli saklanyp galypdyr.
Russlaryñ galanyñ üstüne çozanyny eşidip,Nurberdi Han hem Marydan gelıär.Nurberdi Han ogly Berdymyrat Hanyñ ölümini mertlik bilen boıun alypdyr.ol şeıle diıenmiş:
-Men oglumyñ ölenine şükür edıärin,sebäbi iliñ başyna şunuñ ıaly agyr gün düşüp,ıürt üçin gan dökülende
meniñ maşgalamdan gan çykmadyk bolsa gynanardym.
Berdymyrat Han ıaşlygynda wepat bolanam bolsa,ol Gökdepe urşunyñ tahryhynda öçmez yz galdyrandyr.onuñ il arasyndaky at-abraıy uly bolupdyr.ony parasatlygy,batyrlygy üçin sylapdyrlar.
                   
 
Garaoglan Han
 
Garaoglan Han 19nji asryñ birinji ıarymynda Ahal-da ıaşap geçen ady belli Hanlaryñ biridir.Ol häzirki Aşgabat etrapynyñ obalarnyñ birinde dogulıar.Tekeleriñ Togtamyş-wekil-ak wekil,garaıörme-onbegi tiresinden bolup, onuñ atasyna Baba onbegi diılipdir. Baba onbegi öz döwrünin gurpli,sözy diñlenıän adamlarnyñ biri bolupdyr.
Garaoglan Han bilen Nurberdi Han Anan onbegiñ neslinden bolansoñ,olar babadaşdyr.Şonuñ üçin Nurberdi garaoglan Hanyñ hem asda-kände terbiıesini alypdyr. Garaoglan Han ıañy adygyp ugran Nurberdiniñ ıaşdygy-
na garamazdan,birnäçe meselelerde onuñ bilen geñeşipdir we maslahatyna eıeripdir.
 
Garaoglan Han ıaşlykdan gözsüz batyrlygy,edermenligi bilenTapawotlanıar.Ol şarlawuk,Teke gyrlan,bendesen ,gireı gyrgynlagy(Gyzylarbat urşy)ıaly ençeme söweşlere ıolbaşçylyk edipdir.1728nji ıylda Eıran Şahsy Tekeleri we İemreleri durandan Horasana göçürıär.Durana bolsa öz Dikmesini goııar.19nji asryñ ortalarynda Tekeler bilen İemreliler birigip,Durany eıelemek üçin üç ıyllap söweşıärler.Bu söweşe Garaoglan Han baştutanlyk edip,uly ıeñiş gazanıar.Şondan soñ onuñ at-awazy bütün ahala dolıar.
Ol Oraz Han,Gowşut Han bilen ıakyndan aragatnaşyk saklaıar.
 
1846nji ıyylda Horasanly Salyr Hanyñ Eıran Şahsyna garşy eden gozgalañyna öz goşunlary bilen kömege barıar.Salyr Han Maşhat Şährini eıelemek ugrundaky söweşlerine hem gatnaşıar .Döwürdeşleri Mollanepes İagmyr şahyr dagy öz goşgularynda Garaoglan Hanyñ edermenligini we adalatlylygyny köp taryplapdyrlar.     İagmyr şahyryñ bir goşgusynda oña degişli şeıle setirler bar:
 
                    Dostlar Kesearkaçda bir är döräpdir
                    Akly dänä,kämil käri Garaoglan .
                    Hak döwlet berendir bagty ıöräpdir
                    Tekeler iliniñ Hany Garaoglan
 
 
Garaoglan Hanyñ aradan çykan ıyly anyk belli däl,ıöne taryhy çeşmelerniñ maglumatlaryna görä,1855-1856nji ıyllar bolmagy mümkin. Başga bir maglumatlara görä,1854nji ıylda Garaoglan Han Gowşut Handan öıkeläp giden Hojamşüküriñ jan penasy bolıar.Şonda Hojamşüküriñ yzyndan gelen töwellaçylaryñ arasynda Garaoglan Hanyñ öçlüsi Guwwat ıirik hem bar eken.Şol eıede ol Garaoglan Hany atyp öldürıär. Garaoglan Han Mary bilen Tejen aralygyndaky jojukly demir ıol duralgysynyñ günbatarynda jaılanypdyr. Garaoglan Hanyñ ogly Öweznep- es serdaryñ nesilleri häzir aşgabat etrapynda Gämi obasynda ıaşaıar.
 
Garaoglan Han ıürdi kese eırli basybaljylardan goramakda köp işleri bitiripdir,ol garyp ıa-da baı bolmagyna garamazdan,hemmelere deñ göz bilen garap,ıürdi adalatly dolandyrmaga çalyşypdyr. 
 
 
Gowşut Han
  
Gowşut Han 1823nji ıylda belli Türkmen serkerdesi Öwezdurdy batyryñ maşgalasynda dünıä inıär.Öwezdurdy batyryñ 5 ogly bolup,olaryñ iñ ulusy Gowşut,iñ kiçisi Hojaguly Handyr.
 Gowşut Hanyñ perzentleri:Baba Han,Baıramaly Han,nobat Han,Hüjren Han,Halli Han,Sary Han,Düzü(gyz). Hojaguly Hanyñ ogullay:Pena,Orazmuhemmed arçyn,Ata.Penanyñ ogullaryn: Aşyr,Durdy,Aga.
 
Gowşut Hanyñ uly ogly Baba Handan:Täç Han,Sapar,Baıramalydan:Eıüp,ondanam Annamyrat,Durdymyrat, Nurmyrat; Hüjren Handan:Bähram,Enwer,Annadurdy;  Nobat Handan.Dostmämed Ondanam:Handurdy; ondanam:Ata; Hally Handan:Ata Han,ondanam:Nepes,Baıly,Oraz önıär.Gowşudyñ uly ogly Baba Han soñ-soñlar Polkownik çinini alypdyr.
Umuman Gowşut Hanyñ nebereleri häzir Ahalda,Maryda we Türkmenistaniñ beıleki ıerlerinde ıaşap ıörler.
Gowşut Hanlaryñ tiresi:Teke –Togtamyş – Beg – Gökje – İary gökje – Çumalak-Çüri. Gowşut Han Tegelekden ak ıüzli,ortadan ıokarrak boıly,Eginlek,dolmuş göwreli,goıun gözli,Giñ mañlaıly,Gaşlakrak,süñkbaşy iri,Örän akylly-paıhasly,demir bedenli,ıolbars ıürekli,Towşan tüıli,Tizpähim,Herben hem çykymly adam bolupdur.
 
18nji asryñ başlarynda Ahal arkajynyñ çarwalarnyñ mal-garalarnyñ köpelmegi,örüleriñ ıetmezligiñ,ıyllaryñ gurak gelmegi ıaly sebäplere görä,Teke Türkmenlerniñ bir bölegi kem-kemden kaka sebitine süşıär.
Ol ıerlerde Eıranly talañçylaryñ çozuşlaryñ zerarli  rahatlyk bolmansoñ,olar häzirki Gowşut obasynyñ 25 km-e golaı demirgazagyna göçüp barıarlar.Ol ıerde 5 topara bölnüşip 5 sany GalaHeññam,Akja,Garaja,Garahan, (torly),Gumgala,ıaly galalar salıarlar.Olara bäşgala ıa-da Bäşgala zamany diıip at berıärler. Glalaryñ 5-isine-de bir ıerden suw çekıärler.
 
Bäşgsaladaky Tekeleriñ üstüne Eıranly alamançylar häli-şindi Çozup,olaryñ suwlaryny kesip durupdyrlar.olara ynjylyk bermändirler.Ahally aksakgallaryñ we kethudalaryñ maslahaty bilen Hojamşükür 1823-25nji ıyllarda olary bäşgaladan Sarahsa göçürıärler Ilki tire-Gala serdarlary bolan Gowşut  soñra Hojamşüküre baş serdary bolıar.1853nji ıylda bolsa Hojamşüküriñ ıerine Gowşut Hanlygy göterilıär.
 
Gowşut Han Eıranyñ howpunyñ güıçlenmegi sebäbli,Sarahs-da Gala saldyryp başlaıar.Emma Hojamşükür ıaşuly gala salynmagyna garşy bolıar we sözi ıer almansoñ,Gowşutdan we onuñ wekillerinden öıkeläp,Tejen aıagyna üçburç diıen ıere gidıär. Soñra ol Hiwa baryp,Hana ıagdaıy aıdıar.Öñki 4-5 gezegki çozyşyndanam armanly Mädemin Han yrsaryp,goşun çekip,Sarahsa gaıdıar.Gaıtmazynyñ öñüsyrasynda Köneürgençde med-
resede sapak berip ıören Gurbannazar molla ogly Ak işany çagyryp,oña Sarahs Tekelerini gyrjakdygyny aıdan-da Ak işan:
-- Hiç bir häkim öz raıatynyñ üstüne goşun çekıän däldir.olar syzyñ ata-babalarñyz bilenem süññi bolanyñyz üçin raıatlygy saklap,Garagumyñ goraıjylary,galkany bolupdyrlar.Sizi garşydaky uly duşmanlarymyz bolan Eıran Şahlardan gorap saklapdyrlar,henizem şeıle.Siz bi päliñizden el göteriñ! Eger günäkärleri bar bolsa, olary jezalandyryñ,temmi beriñ! İöne öz raıat il-halkyñ üstüne goşun çekip jezalandyrmañ! Bu gabahat bolar.
Bet päliñizden el çekiñ! – diııär.
Ak işanyñ özüniñ sypaıylary bilen maslahatlaşyp,üç gezek töwella edip,Garagumdan(Tejen aıagyndan) getirdişi,onuñ öz döwriniñ iñ uly ylym ussadydygy hem-de öz islegi boıunça Köneürgençde(gadymy Horezym) medresede sapak berıändigi,aram-aram özüniñem ondan sapak alyp durıandygy ıadyna  düşsede gahar-gazabyna bäs gelip bilmedik Han:
-- İok,Tagsyr,eger hezreti pälwan babam menden bolsa,bu pälimden el çekmen – diııär.Emma Ak işan suwuk ganlyk bilen:
-- Han, Pälwan babañam-a bolsa bardyr welin, hasasyny tyrkyldadyp,çepegini şyrkyldadyp,Hasym şahama ondan galmasa gerek.Beıleki ıatan tümmeglerimiz hem hallamaz.Şo-ol ıatan gerçeklerem,öwülıälerem, atañyzam unutmaweriñ! – diıip,gadymy 360 öwülıä we Burkut baba gonamçylyklaryna nazaryny aılaıar . Gazaby ıerine uran Mädimiñ:
-- Halamasalar,goı,halamasynlar,şolaryñ barysam-gyzylmamam,Keremende Soltan baba adyny alyp,uly zyıarathana öwrilen Hasym Tekede (olar Hasym şeıha şeıle diıer ekenler),düıe boıun (Ulug baba) öwilıäside sizden.—diıende,Ak işan ellerini daldarydyp:
-- Haı, goı,munuñ hudaıdan daş çykmakdyr—diııär.
Emma gahar-gazabdan akyl gözüni kör eden Hanyñ sesi öñkidende beter batlanyp:
-- Hawa, ahun-işan! Barysy-da sizden.Hudaıam sizden bolsun!
Diıende,Ak işan onuñ soñki aıdan sözlrini eşitmejek bolup,ellerini gulaklaryna ıetirip,kyblasyna bakıar-da : „ Enşalla barysy bizdendir “—Diıip,sena sanap başlaıar.
Öz ussady—mugallamy bilen tersleşen Han tizden goşun jemleıär.Azyk-suwluklaryny kerwnlere ıükläp,Sarahs tarapyna ugramakçy bolanda,ıagny bir aı wagt geçen soñ,ıene-de Köneürgençden Ak işany çagyryp oña:
-- Tagsyr biz gelıänçäk, siz Hiwa Tagtynyñ-köşginiñ ıanynda boluñ!—diıip tabşyrıar.Ol gazaply garaışy bilen :
-- Han, henizem bolsa ıaman päl-niıetiñizden gaıdyñ,Gara ıeriñ özüñizde salıan dawasyny unutmañ.
Onsyzam biziñ ömrümiz öıle bilen ikindiniñ aralygy ıaly gysga.Bigünä bendeleriñ şirin janyna ajal okunyñ almatyna sebäbkär bolmañ! – Diııär.            
 
Emma içi ahmyrdan doly gedem Han:
-- Biz gelıänçäk siz şu köşkde boluñ! Diııär. Ak işan :
-- Enşalla,siz geleñizde bizem bolarys! Diııär.
65-66 ıaşlaryndaky Ak işanyñ ol ıerden gaıdyp,bütün Garagumdaky halklara,Mary,Tejen Ahal ıaşulularyna:
„ Musulmanlar Hudaı bizdendir.Biliñizi berk guşaweriñ“ ! Hanyñ maksadyny düşündirmegi,agyzbirligi üpdemegi,Hiwa Hanynyñ „çeınejek çöpüniñ azalandygy hakynda wagyz geçirilmegi;Nurberdi Hana,Gowşut hana we beıleki gala Hanlaryna habar bermegi netijesinde Sarahs-da söweşe berk taııarlyk görıärler.
 
Şunlukda ähli çarwalaryñ,Ahal we Sarahs Tekelerniñ güıçlerni jemlemeklerinde,duşmana garşy ykjam taııarlyk görmekde Gurbannazar molla ogly Ak işaniñ(Akmämmed)hyzmaty ulydyr.
Mädemin Han goşuny bir aı töweregi ıöräp,Mara-Murgabyñ kenaryna baryp düşleıär.Han ıerli ilata: eger şü gije gurbagalariñ ıekejisi gurruldasa-da ,7 ıaşdan70 ıaşa çenli erkek göbekleriñizi gyrjak diııär.Howsala düşen halk çar tarapa bosup başlaıar.Emma Hanyñ atlylary olary goıbermeıär.Guşluk günorta bolanda garrylar aıal ebtatlar aglaşyp başlaıarlar.
Emma Garry burkaz atly ıaşuly çarwa-çopan: Adamlar, hapa bolmañ !Ajaldan başga zada çäresi adamzada berlendir.bir alajy bolar.Diııär.
Soñra ol Hanyñ goşuny üçin soılan ıüzlerçe dowaryñ içegelerini ıygnadıar,arassaladıar.olary çişirip,iki tarapyny düwdürdıär.
Soñ bolsa şol içegeleri derıanyñ kanaryndaky gamyş-gajarlaryñ düplerinden suwa tarap sallaşdyrıarlar. arasynda keseliginde-de hatarlap goııarlar.Görseler ikindi wagty golaılaşıar.Garry aga :
„ Adamlar , haıdaweriñ,indi içegeleri arasslamañ,şol durşuna goıuşdyryñ“ diıen.Şol gije suwuñ akymnyñ täsirine düşen içegeleriñ hereketlerini gören gurbagalar ıylandyr öıdüp,jyñklaryny çykarmandyrlar.
Ertir ir turan soñ Han gaharlanyp:
-- Bular bir şeıtan- Hannas- Eblis-azazyl ahyryn.gurbagalary nädip lal etdiler?- Diıip gygyran.Soñra Han ıörişini dowam etdirip, Mary bilen Tejen arasyna baryp,Sarahsyñ ekin çygryna girıär.
Ondan soñ ol Gowşut Hanyñ galasyny gündogaryndan aılanyp,guşluk tarapyna geçıär.Tejen derıasynyñ gaıra ıakasynda we ulug babanyñ (Düıe boıun öwülıäsiniñ)gaıra gabadyndaky İaglydepäniñ üstünde öz ıüpek çadyrny-tugyny gurup,goşunlaryny daşyna ıygnap,1-2 gün dynç almakçy bolıar.
 
Hiwa Hanyñ Mara gelende Gowşut Hanyñ töwellaçylary kabul edilmän yzyna gaıtarlanyndan soñ,Gowşut Han taıarlygy hasda güçlendirıär.
Her niçegem bolsa olar Sarahsa gelende-de Nurberdi Hanyñ we beıleki sypaılaryñ haıysy-maslahaty esasyn- da Gowşut Han Täç serdaryñ baştutanlygynda 9 adamy töwellaçi iberıär.
Olar baryp:
-- Han aga,sen bize garşy uruş etme.biz häli-häzirem siziñ raıatyñyz bolup gelıäris.Siz ıalan-ıaşryk sözlere ynanmañ,raıatyñyzam beıle horlamañ!- Diıip,2-3 sapar Hana arz-töwella edıäler.Emma bularyñ aıdanyny diñlemegem islemidik Han:
-- Eşidiñ,wekiller! Hanyñza,ıaşulularyñyza baryñ-da aıdyñ.Ertir ir bilen gün dogan wagtynda meniñ goşunym siziñ üstüñize çozar.Nätüsli çäräñiz bolsa,haıal etmäñ görüberiñ!—Diııär.
 
Mädiminiñ goşuny diıen wagtynda Gowşut hanyñ galasynyñ guşluk we demirgazak tarapyndan iki bölünip çozıarlar.Emma Gowşut Hanyñ nökerleri howlukman,olary gala golaı getirip atyşyp uruşıarlar.Hiwa goşunlary muny görup gaıra çekinıärler.
Tekeleriñ atly hem pyıada goşunlary şolgün öıleden soñ,guşluk tarapdan gelen Hiwa goşunlarnyñ üstüne çozup,gylyçly hem tüpeñli urşa girişıärler.Şondan duşman köp zyıan çekıä,olaryñ bir näçesi ıesir alynıar. Şunlukda Hiwa hanynyñ goşuny derbi-dagyn edilıär.
Şol günüñ ahyrynda garşydaş taraplaryñ ikisi-de tutlarynyn berkitmelerniñ töweregine ıygnanyşıarlar.Emma Tekelerniñ goşunyñ bir bölegi Hiwa goşunyñ daşyndan aılanyp,şol gije olaryñ 40-50 sany ıukly erkeklerini-kerwenini(Düıekeş bilen) oljalap,öz çadyrlaryna alyp gidıärler.
 
Şol gün bilen ıelli howanyñ bolmagy-da,ıerli goşun üçin amatly bolıar.Çünki duşmanlar tozanly ıeliñ içi bilen edilen çozuşlaryñ haısy tarapdandygyny bilmäge-de maı tapmandyr.
Ilkinji güni dañdanlar Gowşut Hanyñ galasynyñ töwereginde Hiwanyñ oyıada goşunlary we onuñ izindan bolsa atly goşunlary arklaşyp durıarlar.
Şol wagt Gowşut Han Haji gaplañ Aımet oglunın hem-de Salar keıik hanyñ ıolbaşçylykdaky atly goşunlary bir bölegini duşmanyñ pyıada goşunynyñ arkasyndaky atly goşunyna garşy gylyçly urşa gaıdowsyzlyk bilen girişmegi büırük berıär.
Tekelriñ goşuny ıyldyrym ıaly süınüp,duşmanyñ üstüne gapyllykda basıar.Ejizläp ıan berip başlan Hiwa goşuny ganlaryny sarkdyryp,tuglaryna tarap çekinıärler.
Olar çozuşdan goranmak üçin penaralyk ıerlerde durıarlar.
Şol gün günortanlar Hiwa goşunyna ıene-de kömekçi goşunlar ıeriñ pesi bilen gelip,öz goşunlaryny zordan gabawdan çykaryp alyp gidıärler.Şol günki söweşden soñ Mädemin Han öz atly goşunlarnyñ Tekeleriñkiden has pesdigine we ukypsyzdygyna göz ıetirıär.uruş ençeme günläp dowam edıär.İazyñ elhenç harasatly- ıelli gününde gaıdosyzlyk bilen alnyp barylan söweş has-da aıylganç bolıar.
Şonda Tekeler çozma uruşa girişıärler.Çar tarapdan „Çoz Teke , ıa Allah! “diyşip,atly hem pyıadalar gylyç oınadyp,naıza sanjyp,tüpeñ atyşyp,her hilli hünärlerini ıerlikli ulanıarlar.
Bularyñ şeıle gahramançylykly söweşmekleri netijesinde Hiwa hanynyñ goşuny ıeñilip ıeliñ ugruna gaçyp başlalaıar.    
olaryñ bir toparlary tozan-topar boluşyp ıaraglaryny taşlap,gollaryny galdyryp durıarlar.
Ençeme bolsa ıaragyny taşlap çöke düşüp oturıarlar.
Tekelerniñ çalasyn nökerlerniñ bir topary Hiwa goşunynyñ 3-4 çakyrymdaky tuguna tarap gaçanlaryñ izindan ıetip,çapyp baryşlaryna Mädemin Hanyñ çadyryna baranlaryna-da düıman galıarlar.Mädemin Han bolsa düışeninden bihabardy.Ol ıagly kişmişli palawdan doıup,şatranç(küşt) oınap,humarly başyny galdyrman,ıeñ-şe garaşıardy.
 
Hanyñ tuguna baran çalasyn ıigitler şol ıerde orta boıly,garaıagyzrak,hyırsyz adama gözleri düşüp,derrow oña gylyç salyp öldürıärler.Onuñ Mädemindigini soñra bilip galıarlar.Gowşut,Nurberdi Han dagy bir näçe ıaşulular, sypaıylar bilen Mädeminiñ tuguna gelip görseler,ol öldürlipdir.Onuñ öldürilmegine gaty gynanan hem gaharlan- an Gowşut Han:
-- Siz, Hanyñ, Patyşahnyñ düzgünini bilmeıän bir topar nadanlar muny kim öldürdi? – diıip, hälki ıigitlere käıäpdir.
Tuguñ ıanyndaky çadyrlara baryp görseler,15-20 sany Özbek,ıagny Tagt ıaşululary,çadyryñ içinde,ıoragan-düşeklerniñ astynda gorkularyna gizlenip ıatyr ekenler.Bir topar emeldarlary bolsa murtlaryny tozga ıaly, gözlerini çanak ıaly edip,Howutlaryñ,çanaklaryñ aşagyna kellelerini sokup,hyklaşyp ıatypdyrlar.
Gowşut Han şol ıerde öz nökerlerniñ hem-de Özbek ıaşuli-beglerniñ häziriñ özünde başlap etmeli işleri hakyn- da dik duran ıerinde ıaşulular bilen gyssagara maslahat çagyrıar.Şonda şeıle karara gelıärler:
 
1. Şu gün Hiwa hanynyñ goşuny ıeñildi.Mädemin Han öldi.Sarahsa getirilen goşun sülsatlary Gowşut Hanyñ döwletine,Hanlygynyñ hasabyna geçirmeli.
 
2. Hiwanyñ dagan goşunlaryny ıygnap,ıesir alynan goşunlar bilen bilelikde ıol şaılaryny tutup,azyk-suwlaryny üpjün edip,Hiwa ugratmaly.
 
3. Iki tarapdan ölen adamlary her tarapyñ özi tizden-tiz jaılamalydyr.
 
4. Agyr hem ıeñil ıaralanlary Gowşut Hanyñ galasyna ıygnap gutulıançalar ser etmeli.Olara seretmek üçin tebipler we ıörite adamlary goımaly,gutulansoñ,olary öz ıüwürdyna ugratmaly.
 
5. Iki sany mähremi we on sany nökeri bilen şaılaryny tutup,hut şu gün Mädeminiñ meıdini ugratmaly.Goı olar öz Hanynyñ jesedini hala Mara,hala-da Hiwa äkidip,hala-da Sarahs babada jaılasynlar,olaryñ ygtyyarlary özünde.
 
6. Hanyñ ıanlary bilen gelenleriñ gitjeklerine-de,galjaklaryna-da ygtyıar bermeli.Onsoñam su gandöküşikligiñ hut Mädemiñ özüdigini “ Myhmanlara “ wagyz-syıasat arkaly düşündirmeli.
 
7. İaşulularyñ maslahaty bilen edilen şu tabşyryklary ıerine ıetirmegi hem-de berjaı edişini barlap durmagy Täçgök serdara,Hiwa ıesirlerine degişli işleri bolsa Mätıakup serdara hem-de Mätjan ıaşula tabşyrmaly.
 
Soñra Hiwaly ıesirler hat-da Mara çenli gaçanlaram gaıtaryp, ıol şaıy tutulyp,ulaglara mündirip ugradylıar.
Mädemin Hanyñ garnynyñ ıyrtylanly sebäbli,iç goşlaryny aıryp, ıüwüp-päkizläp,ak mata dolaıarlar,soñra bolsa täze palasa çolap, güıçli ineriñ üstüne keseligine ykjam baglap,şol gün gij-ara (1855nji ıylyñ 12nji mart-da) ugratıarlar.
Şol uruşda Töre sokynyñ gyzy,Hangeldi sokynyñ uıasy Güljemal (18-19 ıaşlarynda) ıaly Teke gyz-gelinler hem elleri keserli,sydyly,pyçakly urus edıärler.Güljemalyñ garyndaşlary Çebşek batyr, Köpek batyr,Gulçar batyr, Gutly mergen,Çary gapan,Haji gaplañ( şol söweşde ölıär) dagy hem edermenlik görkezipdirler.
 
Şol söweşde Güljemalyñ adamsy Anna(Annaöwez)hem wepat bolıar.Hiwa hanyñ bigünä halkyñ üstüne goşun çekip gelmegi öñem çar tarapdan gysylan Tekeler üçin ıigitler getirıär,birnäçe gonymçylyklaryñ döremegine sebäp bolıar.
Nurberdi Hanyñ baştutanlygynda Ahaldan gelen myhmanlar heniz Sarahsdan ugrap-ugramanka,yzlaryndan Eıran Şahsynyñ goşunlarnyñ Gökdepä esasanam ilatyñ has köp ıeri bolan Hurmanda düdansiz çozup,çaga-çugalara çenli,hatda göwreli aıallara çenli çapyp,talap gidendikleri hakynda habar gelıär.
 
Gyssagly maslahatda Gowşut Han we Nurberdi Han dagy belli-külli netijä gelıär. Gowşut Hana bu ıerdäki urşuñ ıetiren nogsanlyklaryny düzetmek tabşyrylıar.Ahalli myhmanlar tiz ıola düşıärler ıolda duşmanlar barada, halka rahatlyk bermek,ogul-gyz ıetişdirip,olara hat-sowat öwretmegiñ zerurlygy,baryp Görogly zamanyndan (8-9nji asyrdan) bäriden ata-babalarynyñ başyndan geçiren agyr günler barada söhbet açıarlar.
 
Gowşut Han Hiwa ıesirleri ugradansoñ,ıaşululary we nöker başlary çagyryp,maslahat edıär.Onda uruşda iki tarapyñ köp ıitginiñ bolandygy,Hiwa Hanlygy bilen Teke Türkmenlerniñ arasynda köp wagt  bäri gamyş köpriniñ bolandygyny,emma Mädemin hat -da öz halkyna we ıaşulularyna hem maslahat salman,düdansyz gabahat işe girişip,uly bedbagtçylyka sebäpkär bolandygy,şunlukda indiden beıläk Sarahsda oturmagyñ gorkulydygyny çünki Sarahsadaky täze galany özlerniñ garşysyna göreşmek maksady bilen salnan hasanlap,Eıran Şahsydyr Hanlarnyñ höwp salıandygy ıaly meseleriñ üstünde durulıar.
 
-- Mary töwerekleri Mädeminiñ ölümini çenli Hiwa Hanlygyna garaşly Türkmen begligi bolanda-da bolsa,indiden beıläk Maryny Hiwa garaşly raıat etmeli däl.Aslymyzam Ahally bolansoñ,Ahal ıurdynda ıagdaıy agyr bolansoñ,indiden beıläk bize hanlygyñ merkezini we ilini Mara eltmegi ahally ıasulular hem makulladylar.—Diıip, Gwoşut Han sözüniñ ahyrynda aydıar.
 
Şondan soñ Mara iberlen 5 wekil Saryklaryñ Hany Sary Hanyñka barıarlar we ıagdaıy düşündirıärler.
Soñra bolsa özlerine Mary-Murgap derıasynyñ bir gapdalnyñ berilmegini haıyş edyärler.
Saryk Hanyñ garyndaşlary we ıaşululary maslahatlaşyp,Mary etrapyndan ıer bermejeklerini Gowşut Hana ıetirmegi aıdıarlar(1857).
1858nji ıylyñ başlarynda Gowşut Hanyñ iberen wekilleri Ahala-gökdepä gelıärler.Olar Nurberdi Hana habarlaryny berıärler.
Indi Sarahs-da durarlyk ıok.Eıranyñ agzy Sarahsda,Sarahsam Eıranyñ agzynda.Aslymyzam,dübümizem Ahal. Ahala barmakçy bolanymyzda “Ahalyñ ıagdaıy öñem ıabygörli,gurakçylyk,ot-suw,öri çarwalar üçin ıetmezçilik ıagdaıda,garşyda  duşmanlar has-da möwjeıän wagty.Iñ gowsy Mara süışüñ” Diıip,netijä gelipdiñiz. Biziñ Mara barmagymyza-da Saryk garyndaşlarymyz ıaşulusy Saryk Han garşy.Olar murgabyñ bol ıer-suwuna deñ şäriklige razylyk berenoklar.Hat-da uruşmaga-da taıyndyklaryny aıdıarlar.Uruş bolsa-da nähak gan döküljek, Indi name etmeli?
Diıip, Gowşut Hanyñkyda bolan maslahatyñ netijesini hat hem dil bilen aıdıarlar.
Nurberdi Han aksakgallar bilen maslahatlaşandan soñra:
-- Eger Sarahs Eyran bilen bulaşyk ıagdaıda bolsa,derrew olar apynyñ (zähärli uly ıylan)agzyndan aıyrmaly-da Mara barmaly.
Saryk garyndaşlaram razy bolarlar.bardy-geldi kakabaşraklary uruşmakçy bolaısalar-da,çarwa urşuny edersyñiz-taıak,gamçy ulanarsyñyz.Enşalla soñy düzeler,Garyndaşaradyr.Birek-biregi Tanarlar.Biz häzir Gökl-eñ ,İumut garyndaşlaryñ üstüne Japarguly hanyñ baştutanlygynda Eıranly leşger gelıän diıen habara görä,gyssakly kömege ugramakçy.Emma Saryk garyndaşlaryñ akylly sypaıylary kändir.
 
Olar Eıran Şahsynyñ öz dikmesi Baıram Hanyñ üsti bilen saryklary gadymy mekanyndan- Pendi,Şeıhy Jüneıdi(Häzirki Guşgy) sähralaryndan zor bilen gysylyp Mara getirlendigini bilıändirler. Gelenimizden soñra bararys,hemmesi oñün çözüler. Diıip,Nurberdi Han ol wekilleri ıola salıar.
 
Şondan soñra Sarahsly Tekeler kem-kemden süşüp,bir aıdan gijä galman,Mara barıarlar.Garrygaladaky söweşden ıeñişli gaıdan Nurberdi Han öz wekilleri bilen Mary- Sary Hanyñka,soñraGowşut Hanyñka baryp, Kaka başlarnyñ çaknaşyklaryny ıatyryp,Marynyñ külli Türkmene ortak ıüwürtdigini,Hiwa Hanyñ raıatyndaky-
laram indi Gowşut Hana degislidigini,ata-baba gan düşer garyndaşdyklaryny düşündirip,özara parahatçylygyny gazanıarlar.
Soñra Saryk garyndaşlaryñ bir näçesi İolötene,bir näçesi bolsa Pendä,Şeıhi-Jüneıde (guşga)gidıär.
 
Bir näçesi bolsa Maryda galıar.Saryk ıaşulularyñ maslahatyny alman,halkyna-da sala salman,Sary Han zoñtarlyk edip,Eıran Şhsy Naseretdine aryz edip,bolan ıagdaılary aydıar…Öñem yrsarap,nireden urup-ıarjagyny peıläp ıören Nasseretdin Garrygalada ıeñlip gaıdan goşunynyñ ahmyryny çykarmak üçin Mara çozmaga ykjam taııarlanyp başlaıar.    
 
Eıran Şahsynyñ agyr ıaraglandyrylan goşunlary hem-de Mürzäniñ serkerdeliginde 1861nji ıylda Murgap derıasynyñ ileri ıakasynda Nyıazmet(Porsy) galada düşüp,Gowşut Han bilen söweş etjekdiklerini habar berıärler.
Ondan habarly Gowşut Han söweşe ykjam taııarlanypdy.
 
Ertesi Türkmen ıigitleri gün dogmanka,eserdeñlik bilen Eıran goşunyna tarap ugrap,Murgap derıasynyñ ilersine geçip,üzin ıaka düzelip,Nizam-Tertip bilen taıar bolup durıarlar.
Gowşut Han Eıranlylara bir näçe gezek töwellaçy iberse-de,olar urşa başlajakdyklaryny habar berıärler.
Eıran goşuny Tarapdan bir serdar gygyryp:
- Orta batyr-pälwanlaryñyzdan çykaryñ !Ilki bilen, goı, pälwanlar güıç synanyşsynlar! Diııär.
Eıran goşuny tarapdan bir pälwan gara atyny münüp,orta çykyp durıar-da:” Mübäryk-bura gel,başyñy kesip aparar men” Diıip gygyrıar.
Gowşut Han: -Hany ıigitler,şol pälwanyñ garşysyna kim çykjak  Diııär.
-- Biz çykarys! Diıip,Gurbanmeñliniñ ogly Çebşek batyr dor atyny sürüp oñe çykıar.  
Gowşut Han onuñ atynyñ çekisini çekıär,atyny ıaragyny synlap:
Bar işiñi hak oñarsyn!- Diıip,pata berip ugradıar.
 
Atyny ıüzini saldyryp barşyna Çebşek batyr ıüzüniñ ugruna gylyjyny çalasynlyk bilen salyp,onuñ gylyjyny gaçyrıar hem atynyñ badyna ol batyry dartyp,atynyñ öñüne kese basyp,izine dolanıar.At syryp gelşine onuñ boıun damaryndan şol eliniñ güıçli penjesi bilen tutup,sag ıumrygy bilen bolsa guluñ türresine urup,dolanyp gelıär.
Haçan-da nökerler:- Eı,Pälwan gul,saña näme boldy?- Diıip  soranlarynda,ol gözüni açalyk-ıumalyk edip:
- Bilmerem,walla,men bura gelip men,megerem meni ıyldyrym urup,bura getirendir! – Diııär.
 
Soñra olardan ikinji batyr orta çykyp bilmändir.
 
Iki tarapdan agyr goşun bir-birine çozup,uly gan-döküşikli uruş başlanıar.söweş bir näçe gün dowam edip,ahyry soñ duşman ejizläp,arka berip gaçyp başlaıarlar.
 
Nurberdi Hanyñ ıany bilen Ahally serkerdeleriñ goşunlaryñam ıetişmegi netijesinde basybaljylar aljaraññylyga düşüp,aman dilıär. Türkmenler duşmanyñ berkitmede ıatan goşunlaryny-da, çeträkde ıatan goşunlary-da ıesir alıarlar.
 Olar Hemze Mürzäniñ goşunynyñ gelip ornaşan ıerniñ daşyna aılanyp,arkalaryndan hüjüm edip,aljyraññylyga salıarlar.
Gowşut Hanyñ goşun bölegi,Eıran goşunynyñ izindan gelıän ıüklerini,sülsatlaryny Sarahs bilen aralykda oljalaıarlar.
Gije ,dañdanlar suw almaga baran duşman nökerlerini suwuñ boıundaky gamyş tokaılarynyñ arasynad bukda ıatan Türkmen ıigitler düıdansyz tutup,suwa çümdürip,suwuñ içi bilen äkidıärler.Eıran goşunlarnyñ toplarynyñ atylşy bilen öwrenişenden soñ Türkmen jigitleri ondan gorkmandyrlar.
Şeılelikde,söweşiñ ahyrky güni adatdakydan hem aıylganç bolıar.Porsyıañ boıundaky gazaply söweş netijesinde,duşmanlar ıeñilip,dagap başlaıarlar.
 
İaraglaryny taşlap çök oturıarlar.Kä birleri azan aıdyp durıarlar Garaz gaçyp dargan goşunyñ içinde ölmän, izyna gaıdyp barany barmak basyp sanaımaly bolıar.
Haçanda Horasanyñ (Maşat) Hany we Eıran şahsy öz ıeñilmez derejede taııarlap ugradan goşunynyñ masga- ra bolup ıeñilendigini eşidenlerinde başlary aılanyp,ynanjagyny-ynanmajagyny bilmän,akyl-huşy çaşyp:“ Ne oldy , zernigar-zaññyr“ Diıip başyny iki baka ıaıkap durıar.
 
Bu uruşda Gurbanmeñli ogly Çebşek batyr ıaly ıigitleriñ ençemsi wepat bolıar.Şol uruş bolan ıere bolsa soñ-soñlar Porsyıap (Maslyklaryñ porsaşyp ıatmagyna sebäpli) Diılipdir.
Mary,Ahal hanlyklarnyñ birleşen güıjünden ıeñlen şah goşuny Nyıazmet(Porsy) galadan gaçyp gaıdandansoñ, wepat bolanlaryñ ıasy tutulyp,ençeme gün sadaka berilıär,aıat-towir okalıar. 1861-62nji ıyllaryñ sepgidinde Gowşut Han uly maslahat geçirıär.Ol il bähbidini arap,edilmeli işleri baradaky gürrüñini jemläp durka,Nurberdi Hanam ıaşululardyr,serdarlary bilen myhmançylyga gelıär.
 
Myhmanlaryñ hormatyna üç günläp toı tutulıar.Myhmanlar bir näçe günläp bu ıerde bolıarlar.Salyk-salyr ıaşululary-da çagyrıarlar.olar bilen ata-baba garyndaşlyklaryny ıatlaşıarlar.
Gowşut Han myhmanlar gaıtmanka,öz wekillerini we nökerlerini çagyryp maslahat geçirıär.Şonda ol üç meselä -ni orta atıar:
 
1. Ahal ıürdi we Ahal hanlygyTeke Türkmeniñ esasy Hanlygy bolmaly,şoña görä-de Mary Hanlygy we Mary Hany Ahal hanlygyna we Hanyna garaşly Han bolup durmalydyr.
 
2. Nurberdi Hany Teke Türkmenlerniñ Hany diıip mübessa edip, ony Hanlar Hany etmeli.
                                                                         
3.İokardakylar bilen ugurdaşlykda  Nurberdi Hany abraıyny tutup,oña abraıly ıeriñ maşgalasyny alyp bermeli. Maryda-da bir öıini dikeltmeli.İer –suw,mülk berip,öz islän ıerinde oturtmaly Nurberdi Han Ahalda ıa-da Mary- da bolanda-da öz öııinden örse hemme tarapdan gelşikli we laıyk bolar.
 
İaşulular Gowşut Hanyñ tekliplerini makullaıarlar.İöne abraıly ıeriñ tapmagy onuñ özüne ynanıarlar.
Şondan soñ Gowşut Han Marydaky gajar urşunda wepat bolan Çebşik batyryñ garyndaşy,Töre sokynyñ gyzy Hangeldi sokynyñ uıasy Güljemaly ñurberdä alyp berıärler.Nikalap üç günläp toı edıärler.Soñra Gowşut Han bir wagtlap özünden öıkeläp,sarahsdan giden Hojamşüküri getirmek üçin bir näçe ıaşululry we düıekeşli kerweni ugradyp,töwella bilen ony Mara göçürip getirıär.Ony ıene-de özüniñ iñ ıakyn maslahatçysy edinip, onuñ islegi boıunça öz obasy wekilbazarda oturdıar.
Gowşut Han aksakgallar bilen maslahatlaşyp,Eıran we Owgan çäklerine çenli dagap ıören Salyr we saryk garyndaşlaryñ gadymy mekanlary bolan Sarahsa we pendi ıürdüna ıygnanmagyny gazanıar.
 
1865nji ıyl töwerekleri Marynyñ gülläp ösen döwri hasaplanylsa-da,daşky duşmanlaryñ howpynyñ güıçlenıän wagtydy.
1868nji ıylda Buhara emiriniñ üstüne Russ padyşasynyñ goşuny çozuşa taııarlanıar.                                  Gowşut Han Buhara emiriniñ özüni kömege çagyrıandygyny baradaky habary Kaspi tarapdan gelıän Russ basybalyjalaryna garşy taııarlanyp Hanlar Hany Nurberdä ıollaıar-da,özi Buharadan gelen wekiller bilen agyr goşun çekip kömege ugraıar.Emma olar uruş meıdana ıetmänkä.Zerbulak beıikligindäki söweşde Buharanyñ goşuny ıeñilip,Russ genraly Kaufman bilen ıaraşyk baglaşanlygy sebäpli, Gowşut Hanyñ goşuny uruşsyz izyna dolanıar.
Soñra Gowşut Han goranyş galanyñ gurulşygyny has-da güıçlendirıär we 1874nji ıyllarda tamamlaıar.
 
Sarahsdan Mara göçülip baranda(1858),gedaı sypatyna giren Aly Han atly Russ ofiseri- içalasy peıda bolıar.İerly halk oña Aly mülhit diıip at berıär.
Ol haramzada gyş wagtlary çylymsazlyk edip,tomsuna gara meşik-de suw satyp gezen.Bu ıerde 15 ıyl golaı bolup,Nurberdidir Gowşut Han dagyñ gizlin maslahatlaryny,harby syrlaryny, maksat-planlaryny bilıär we aram-aram ıitrim bolıar,öz baıarlaryna habar berip durıar.
Ol kezzap ahyrysoñy ynyma girip gala aralaşıar,hyzmatkärlige ıetıär.Şonlukda,erbet dermen-däri bilen üpjün edilen Mülhit şol yzarlap ıörşine,amatly pursat tapyp,Hanyñ petekli aıakgabynyñ içine  we peteginiñ aşagyna iıiji keselini döredıän dermany gaıym dökıär.Onsoñ ıakyn günlerede:“ Gowşut Hanyñ aıagyndan ıara dümüpdir“ diyilen şum habar ıaırap başlaıar.
Emma Aly mülhit welin,eıäm zym-zyıat,ıitrim bolıar.Ol Porsıanyñ ıaramaz niıetlidigini diñe şondan soñ bilip galıarlar.
Şondan soñ Gowşut Hanyñ aıagyndan dörän iıiji keseli ıaırap ugraıar.Han aıagynyñ çapylmagyny soraıar ,emma bu teklip wagtynda bitirilmänsoñ,kesel ıokaryk – ıürege çenli ıaıraıar.
Şonlukda 1878nji ıylda Türkmeniñ abraıly serkerde Hany - Gowşut Han( 56 ıaşlarynda) Russ içalylar tarapyndan öldürilıär.
 
Ol Marynyñ golaıyndaky Hoja Abdyllah gonamçylygynda jaılanıar.
Gowşut Han ölensoñ,onuñ ornuny tutan mynasyp adam bolmandyr.Daşky duşmanlaryñ hilesi täsirleri netijesin- de bulaşyklyk, oñuşsyzlyk güıçlenıär.
Täçgök serdar öz syçmaz tiresi bilen Mäne-ÇäÇä,Hojamşükürem Mary aıagyna Tejene göçıär.
 
Gowşut Hanyñ ölümi külli Türkmen üçin agyr we uly ıitgi bolan bolsa,duşmanlar üçin örän amatly utuş bolıar.
Şondan soñ Türkmen halky uzak ıyllaryñ dowamynda köp sany Muşakgatlara,zülüm-sütemlere döz gelmeli boldy.
İöne „ Öñüm gelenden-soñum- gelsin“ diıilşi ıaly,Ata-babalarmzyñ-erkin ıaşamagy arzuwlan Türkmenleriñ asyrlar boıy ıüreklerinde besläp gelen özbaşdak garaşsyz,berkara döwleti dördildi goı biziñ Türkmenistan döwletimiz demirgazak ıyldyzy kemin parlap ebedi dowam edip,uzaklara şöhlesi saçsyn.
 
Gowşut Hana degişli ıokarky maglumatlaryñ aglabasy merhum kyssaçy Suhanberdi Annagurban oglynyñ söhbetinden alyndy.
 
 
Jüneıit Han
  
Jüneıit Hanyñ hakyky ady Gurbanmämmed serdar bolup,ol  1862 nji ıylda häzirki tagta etrabynyñ bedirken obasynda dogulıar.onuñ kakasynyñ ady –Hajibaı. Jüneıit Han ıumutlaryñ orsukçy urugynyñ Jüneıit tiresinden- dir.
Jüneıit Han bir näçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolup işläpdir.20nji asryñ başlarynda Hiwa Hany patyşah hökümetiniñ goldawna daıanyp,Türkmenleriñ üstünden berkitmek maksady bilen, olara agyr düşıän suw-ıer we salgyt reformasyny geçirmäge synanyşıar. Şonsyz hem patyşah hökümetiniñ kolonyıal syıasaty zerarli horluk baryn gören Türkmenler ıaraga ıapyşmaga mejbur bolıar.
 
Türkmenleriñ şeıle agyr ıagdaıa düşmegi, Jüneıit Hany orta çykarıar.ilkibada ol özüniñ gowy ıaraglanan garyndaş toparlaryny töweregine jemläp,Serdar adyna mynasyp bolıar.
Soñra ownukrak galtamanbaşlarynyñ serdarlaryñ birnäcesini özüne tabyn edıär,hatda,adalatyñ hatyrasy üçin özüniñ doganoglany-da öldürıär.
Şeıle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugraıar.öz tiresiniñ ady bilen baglanşykly ony Jüneıit Han diıip atlandyryp başlayarlar.sebäbi ol öz obasyndaky ilatyñ garyp ıa-da bay bolmazdan garamazdan,olaryñ ar-nam  ys-hukugyny goramagy başarypdyr. Jüneıit Hanyñ adalatly taraplary barada ilat arasynda aıdylıan gürüñler köp.Şolaryñ birinde şeıle diıilyär : “Bir gün Jüneıit Hanyñ ıanyna ıumutlaryñ uşak ugryndan bir pukara gel-ipdir.Ol :-6ıyllap baıyñ dowaryny bakdym,keıwanym hem şolaryñ gapysynda hyzmat etdi,indem dogmamyz ıetişdi,öıli-işikli etmek üçin mal-teññe gerek diısem,ıeñsesi bilen gepleşıär diıip,Hana arz  edipdir.
Jüneıit Han :-Näme üçin öñräk gelmediñ?—diıipdir.Ol :hudaılygym sözlesem,şol baı siziñ bilen gatnaşykly bolansoñ çekindim—diıip jogap berıär.
Onda Jüneıit Han :--Özünden ejizi ynjydıan bolsa,iki gözümiñ birem bolsa,menden şoña eglişik bolmaz.Onda şeıdıäs,alty ıyllyk hakyñ üçin baı gyzyny seniñ ogluña berer.Häzir men seniñ üçin birküç adamy sawçylyga iberjek.
Aıalyñ hyzmatynam öıüñe ıetip-ıetmänkäñ üzleşer ıaly ederin.
Bu gürrüñe agzy uçuklan pukara zordan gürrüñini düşündiripdir.
İöne Han gürrüñi çagalamandyr: Bar-da toı gamyñ bilen bolubyr,saña,täze guruljak ojaga gyıa göz bilen garamaga mylt etse, men şol baıa ärmämmet diıerin—Diıipdir.
1912-13nji ıyllarda Hiwa Hany patyşah hökümetiniñ kömek bermegi netijesinde Türkmen obalaryndaky gozgalañy basyp ıatyrmak üçin harby ıöriş geçirıär.
 
Jüneıit Han bolsa Türkmenleri töweregine jemläp,olara garşylyk görkezıär.Indi Jüneıit Hany diñe Türkmenler däl,eısem,Hiwa hökümetiniñ alyp barıan syıasatyndan nägile bolan Özbekler, garagalpaklar,gazaklar hem aktiw goldadylar.
Ol halkyñ bähbidini hiç bir zada çalyşmandyr.             
 
1913nji ıylda Türkmenleriñ ıaraglanan topary 15 müñe ıetipdir.
Türküstandan patyşah russiıasyny gysyp çykarmakda Jüneıit Hanyñ uly daıanç boljakdygyna käbir daşar ıürt hökümetleri hem oñat düşünipdirler.
Şoña görä-de 1914nji ıyldan başlap Jüneıit Hanyñ ähli alyp baran işlerine ilki Germen-Türk,soñra bolsa Ingilis-Türk razwedkasy goldaw berıär.
1916nji ıylda Hiwa Hanynyñ eden-etdiligi,patyşah russiıasynyñ koloniıal sütemi diñe bir Türkmenleri däl, eıs- em Özbekleri,Garagalpaklaryñ we beıleki halklaryñ hem halys degnasyna degıär.
 
Hiwa hany ıerli halkyñ namysyna degip,hatda ıetişen gyzlary zorluk bilen alyp,öz köşgüne getirmäge çenli baryp ıetıär.
Şonuñ üçin Jüneıit Han Türkmeniñ Ar-Namysy üçin ykjam aıaga galıar.ony goldaıan toparlar has Köpelıär Sebäbi ol her bir meseläni akylly we adalatly çözmegi başarypdyr.
Jüneıit Han gerek ıerinde näçe gazaply bolanda-da bolsa, yslam dininiñ we şerigatyñ düzgünini dogry hem berk ıöridipdir.
Bu meselede ol Han Işan bilen bilelikde hereket edip,Hiwa hanlygyny,başarsa,bütün Türküstany Russ basabaly -jalaryndan azat etmäge synanyşıar.İöne bu meselede Hiwa hany Isfendıar belli derejede päsgel berıärdi.
Onuñ etmişleri zerarly,Özbekler,Garagalpaklar häli-şindi Jüneıit Handan kömek sorap,arz edip gelıär eken.
1916nji ıylyñ ıanwarynda Hojailikdäki özbekler özlerniñ nägileliklerini aıtmaga Hiwa gelende,Isfendıar han olary tossag edıär.
Hojailiniñ ıaşululary kömek sorap, Jüneıit Hana ıüz tutıar.
Ol hem 3 müñ atly nöker bilen Hiwa galasynyñ sebitine gelip, tussagedenler bir gije-gündiziñ dowamynda boşadylmasa, paıtagta girip,ählisini derbi-dagyn etjekdigini Isfendıar hana düıdüryar.
Gepleşik netije bermänsoñ, Jüneıit Han diıenini hem edıär.
Isfendıar hany bolsa tagtdan düşürıär.
Emma patyşah döwletiniñ bu işe goşulmagy bilen ol ıene-de öz tagtyna geçirilıär.
Jüneıit Han bolsa ondan 60 müñ manat hun baha alyp,ıene-de izyna dolanıar.İöne ıürtda halk gozgalañy barha möwüç alıar.  gozgalañy basyp ıatyrmak üçin genral Galkiniñ ıolbaşçylygynda jeza beriji oterıad Türkmen obalarynyñ içinden ot we gylyç bilen geçıär.
Bu gyrgynçalyk ilat arasynda häli-şindilerem  „ Galkin ıyly „ diıip ıigrenç bilen ıatlanylıar.
1916nji ıylyñ gozgalañy basylyp ıatyrlandan soñ, Jüneıit Han owganistana gidıär.
1917nji ıylyñ Sentiıabrynda ol Owganistandan izyna dolanyp gelende , ıürtda ıagdaı düıpgöter ütgäpdi.
Hiwada wagtlaıyn hökümet Isfendıar han bilen beıleki halkyñ rewolitsiıon hereketine garşy aıgytly göreş alyp barıardy.
Jüneıit Hanyñ ozalky alyp baran ähli göreşi Russ kolonizatorlaryna we Isfendıar hanyñ eden-etdiligine garşy gönükdirlen bolsa,indi wagtlaıynça olar bilen umumy ylalyşyga gelip,Sowet hökümetine garşy göreşmeli bolıar.
Bu ıagdaıda Isfendıar han hem Jüneıit Hanyñ güjüne daıanmasa, ıürdi özbaşdak dolandyryp biljek däldi.
Hiwa tagtynda başga bir Han otursa-da, hakykatdan 1918-20 nji ıyllarda bütün Hiwa hanlygyny Jüneıit Hanyñ özi dolandyrıar.
Her beglikde öz adamlaryndan ıörite wekil goııar.Ol berkarar eden tertip-düzgünine tabyn bolmadyklara düzümli darapdyr.
Hut şonuñ üçin Jüneıit Hanyñ ıürdi dolandyran döwründe ogurlik ,talañçylyk,günäsyz adamy öldürmek,esassyz nika bozmak ıaly Türkmençilige mahsus bolmadyk hadysalar bolmandyr.
Şol döwri gören ıaşulularyñ aıtmagyna görä,hemme zat ıatan-ıatan  ıerinde , hiç kim kişiniñ zadyna birugsat el degirmändir.
1918nji ıyliñ baharynda Bedirkent obasynda başlanan ilkinji elektrosatantsiıa gurluşugy soñy bilen hanyñ raıatyndakylary yşyk bilen üpjün etmeli eken.Ol özüniñ manatlyk teññe puluny çykardıar we salgyt systemasy- ny girizıär.
Bu ,elbetde, özbaşdak Türkmen döwletini döretmäge bolan synanşygynyñ alamatydyr.
 
Hiwa hany Isfendıar eden-etdilige ıüz urup,halkyñ nägeleligini gazanıar we Jüneıit Hanyñ geçirıän çärelerine päsgelçilik döretmäge synanyşıar.Şonuñ üçin 1918nji ıylyñ 30nji oktiıabrynda ol Jüneıit Hanyñ görkezmesi boıunça özüniñ „ Nurallabaı „ köşgünde öldürilıär. Onuñ ıerine Isfendıaryñ kiçi dogany Seıit abdylla töräni tagta çykarıar.Ol Angiliıa,Türkiıe, Owganistan,Eıran, Buhara we Türküstanyñ ähli künjükleri bilen aragatnaşyk saklaıar.
1918nji ıylyñ 25nji noıabrynda Jüneıit Hanyñ Dörtgülde sowet häkimiıetini agdarmak üçin eden hüjümi şowsyz gutarıar.Ol1919nji ıylyñ 9nji aprelindaTagta etrapynda sowet häkimiıeti bilen parahatçylykly ıaşaşmak barada-ky ylalyşyga gol çekıär.
Gol çekişligiñ iz ıany amatly pursatdan peıdalanyp,Zakaspy frontynyñ ştaby front üçin700 atly nöker ibermegini Jüneıit handan haıyş edıär.Emma Jüneıit han bu haıysy kanagatlandyrmak islemändir.Eger kömege iberäıen-dede , köp mukdarda ok-ıarag talap edipdir.
Üstesine-de kömege iberjek atlylary Musulmanlaryñ ,aıratynam Oraz serdaryñ we Eziz Hanyñ garşysyna ulan-Maly däldigini düıdurıar.(Ol Eziz han bilen ıakyn aragatnaşykda eken).
Sowet häkimiıetiniñ wekilleri bu teklibi kabul etmeıär.
1920nji ıylyñ 22-23nji ıylyñ ıanwarynda Bedirkentde we Gazawatda Gyzyl goşun bilen bolan aıgytly söweşden soñ , Jüneıeit hanyñ atlylary öz maşgalalary bilen Guma – Akja guıy diıen ıere çekilıär.
1921nji ıylyñ aprelinde Han Işanyñ ıolbaşçylygynda Owganistandan,Şyhym sülgüniñ ıolbaşçylygynda bolsa
Eırandan 3muñ tüpeñ,54 muñ ok,bir näçe pulomıot we başga-da dürli harytlar ıüklenen kerwen gelıär.
1924nji ıylda Garagumda Palçykly diıen ıerde ornaşan Jüneıit hana,ıene-de 270 düıe ok-däri,ıarag we başga harytlar gelıär.Şol ıylyñ ıanwarynda ol Daşhowuz,Maññyt,Şabat,Gazawat,Hañka ıaly etraplary eıeleıär we Hiwa howp salıar.
Emma Gyzyl goşunyñ jemlenen uly oterıady Jüneıit hanyñ toparyna güıçli zarba uran soñ,ol ıene-de Guma çekilmäge mejbur bolıar.
Sowet häkimiıetiniñ wekilleri Garagumda ornaşan Jüneıit han bilen özara ylalyşyga gelmek üçin gepleşikler Geçirıär.Oña G,Atabaıef,H,Aıtakof dagy hem uly sarpa goıupdyrlar.Halk komisarlar soweti1925nji ıylyñ 4nji aprelindäki karary bilen onuñ emläginiñ we watançylyk hukukynyñ eldegirmesyzdigini ykrar edıär.
Jüneıit hanyñ garamagyndaky adamlar üçin 5muñ hektar ıer bölüp berip,olary 3ıyllap sargytdan boşatmak we pul kömegini bermek hem göz öñünde tutulıar.Emma Jüneıit han ylalaşyga girmändir.Ylalaşyga girmän akylly iş edipdir,Jüneıit hanyñ mamladygyny soñky wakalar görkezdi.Sebäbi Gaıgysyz Atabaıewiñ özi hem totalitar düzgüniñ pidasy boldy.
1927nji ıylda Jüneıit hanyñ Sowet häkimiıetine garşy İylanlynyñ töwereklerinde alyp baran bir näçe söweş hereketleri şowsyz gutarıar.Şondan soñ 1928nji ıylyñ iıun aıynyñ aıagynda az sanly nökerleri bilen Eırana geçıär.Soñra 1929nji ıylda Owganistana göçüp,Hyrat welaıatynyñ obalarynda Türkmenleriñ arasynda mekan tutıar we1938nji ıylda şol ıerde aradan çykıar.Eşşiniñ 2 ogly Älem serdar bilen söıer Hyrat şährinde ıaşaıar.
Eşşiniñ uly ogly Taıça soñ Eırana göçüpdir we şol ıerde aradan çykypdir.Taıçynyñ 4 ogly häzir Eıranda ıaşaıar.
Jüneıit han kä bir ıagdaılarda kem-käs öte geçen-de bolsa,umuman oñat alyp baran işleri adalatly we külli Türtkmeni birikdirip,bitewi özbaşdak döwlet döretmäge edilen synanşyk bolupdyr.Ol daşary ıürtlerde bolanda-da Öz ıany bilen gidenleri hor-zar etmändir,Türkmen adyny belent tutupdyr.
 
  
Keımir kör 
 
Owazadar bolup älem-jahana                       öz ilinde hökmi ıörän rawana
Eıäminda ganym geldi amana                    Keımir atly sahipkyran geçipdir.
(Zenuby)
 
Türkmen taıpalarynyñ biri bolan Tekeler hem beıleki gowumdaş taıpalar ıaly agyr günleri başyndan geçirıär.
Halk arasynda:
 
Gökdepe çagyldyr, Tekäniñ jaıy                      oıukda,sopuda köp gezer baıy,
Torgaıyñ çömmügi, süntüñ süırüsi                Bezirgen jülgesi,ıeriñ inresi
Çardagly Çandybil- kämil ıaılasy                  Balkan dag,Garagum- sansyz galasy
 
Diılip Tekeleriñ gadymy kül döken mekanlary barada söhbet açylıar.Bu şygryñ „ Çardagly Çandybil – kämil ıaılasy „ diıen setirlerinde agzalıan ıerler Balkan daglarynyñ demirgazak-gündogar tarplary,ıagny çarwa we kämil atlary,otluk hem-de suwluk ıaılary bolmaly,legendar gahramany Görogly begiñ mekany hem şu ıerler bolupdyr.Teke Türkmenlerniñ elmydama diıen ıaly baş Hanlary (ıöne olar serdar ornunda)we hanlyklary bolup-
dyr.Horezim şalary wagtynda-da,ondan öñ hem soñ hem Tekeler Garagumy talañçylardan ,  gelmeşiklerden  gorapdyrlar,özleri hem Gökdepe(Ahal) Tejen,Mary,Balkan,Sarygamyş we Bas sebitlerinde ıaşapdyrlar.
Horezim şalary,Hiwa Hanlary bilen hem merkezi Garagumuñ üstünden Eıran tarapdan,hiç hilli ıagy goıberme- zlik şertnamasy esasynda ıaşapdyrlar.Bu ıagdaı tä Hiwa Hany Mädemin syndyrylıança(1855) saklanypdyr.
 
Musulmanlara Çeññizden(Temuçin,Jeññiz)hem on esse ziıat zowal ıetiren Patyşah Teımirleñ(Teımir agsak- ölmeziniñ öñsyrasynda Musulmançylygy kabul edıär )Garagum üsti bilenKöneürgenje we Bedirkende geçmek-                       
çi bolanda,Aman ahal döwletıar begoglunyñ baştutanlygyndaky Teke Türkmenleri uly uruş edıärler,edil Gökdepe (Gala)uruşundaky ıaly söweşip gyrylıarlar.Soñra Teımirleñ ol ıerleri basyp alansoñ,külli Tekäni tüketmek maksady bilen olary Çin serhetdindäki ot-çöp bitmeıän,tozanly,ıel öwsüp ıatan şor ıere-Taklameka-na sürgün edıär.
Tekeler bu kapyryñ gazabyna geriftar bolup,Taklamekanda,Nurgarabaıyr dagynda,Keremende,kelif-uzboıuñ ıakasynda ,Aıtgoıuda(Owganistanda),umuman,dört asra golaı ıürdünden aıraçylykda ıaşaıarlar.
Olar Aıtgoıudakylar 1712nji ıylda Hojanepes batyryñ maşgalasynda bir dogma dünıä inıär.Oña Keımir (Añlatıan magnysy: Gaıtmaz,Dönmez,Göni,Sowulmaz )diıip at goııarlar.
Döwletmämet düıegöz Orazmämet ogly şol wagt Tekeleriñ ıaşulusy bolupdyr.Keımir onuñ terbiıesinde kämil-leşıär.Şirgazy Hanyñ söwer dosry Döwletmämet düıegöz aga Şirgazy handan ygtyıar alyp,1719nji ıylda külli Tekäni Basa göçürip getirıär.Şonda Keımir ilki öz tireleriniñ,soñ Utamyş urugynyñ serdary,soñam Döwletmä-met düıegöz aganyñ baş serdary,orunbasary ıaly wezipelerde halkyna hyzmat edıär.
Şirgazy hanyñ ölüminden (1728) soñ kada-kanunlaryñ üıtgänligi,şertnamalaryñ bozulonlygy,Basa çekilen aryk-ıaplaryñ gömlüp,suwunyñ kesilendigi hem-de özüniñ gaty garrandygy sebäpli, Döwletmämet düıegöz aga „Öli diıerler ol kişä,ıaş 90 dan aşansoñ“ diıen halk pähimine eıerip,ıasululygy Keımire tabşyrıar.
Ol Başda durarlyk galmandygy üçin gadymy mekana – Ahal we merkezi GARAGUMA dolanmagy maslahat berıär.Özi bolsa köp wagt geçmänkä şol ıerde aradan çykıar.Emma Ahala gelseler baryp Horezmiñ paıtagty Köneürgençden Hiwa geçmezinden 40-50 ıyl öñ İemreli oıundan ıemreliler,Alili oıundan bolsa Alililer Horezm şalary bilen tersleşip,bu ıere gelipdirler we Eırana raıat bolupdyrlar.
Tekeler bolsa Tejen – üçburç,ıolbarsly sebitlerinde mesgen tutunyp,Damla,Erbent,Kyrkguıy,mamur,Garry çarla, Kürtüş sebitlerinden tä Balkan ıakalaryna çenli ıaıraıarlar.Emma Eıranyñ dikmeleri –Etek galalarynyñ baş hany Ugurly gazak(ıemreliniñ gazak tiresinden),Mary welaıatynyñ baş hany Baıramaly han( Şyga gajarlaryñ hany) we Eıran hanlyklary birleşip,Tekeleri ıenede sürgünli bolan ıerlerine kowmak isleıärler.
Olar Eıran goşunlary bilen goşulşyp çarwa Tekelere gün bermeıärler.ıogsam,şol garyndaş taıpalara Ahal, Tejen, Balkan,Bas sebitlerine çenli muñlerçe ıyllykdaky gadymy gonamçylyklarynyñ ıatandyklary-da aıdylıar.
Emma olar Eıranly zalymlaryñ penjesinde bolandyklary üçin öz garyndaşlarynyñ üstüne ıykgynçylykly çozuş-lar edıärler. Keımir öz orunbasary Annaseıit wekili(çeltek,ıagly),Amandöş,Esenoglan ıaly serdarlary,Annaöwez(Gyzyl göz, ıalyñaıak) Işabaşyny(goşun serenjamçasy),onbegileri,atalyklary,ynaklary(Geñeşçilerini) çagyryp maslahat geçirıär.
Görogli soltandan(8-9 nji asyr )tä Şirgazy zamanyna çenli 18 sanly baş hanlygyñ gowgaly günlerini,Teımirleñ bilen bolan çaknaşykda  „ Biz diñe hakdan gorkıarys,Horezim şalary bilen ähtimiz bar , ``Ähtinden dänen,nem-
bez(nesilsyz)bolar `` diıipdirler,şonuñ üçinem sizi garagumuñ üsti bilen goıbermeris….“ Diıip urşundan soñ gepleşik geçiren Teke begi aman hanyñ sözlerini,özüniñ atasy hasabynda,uly iliñ hem sahaba hökmünde gar-ap,hormatly ıasulusy Döwletmämet düıegöz aganyñ  “ biz hiç haçan,hiç kime degmedik,degendenem gaçdyk ıöne ıaı boıy gaçdyk „ …diıip,aıdan nesihetlerini ıatlap Keımir geçmişini,häzirki we geljekki ıagdaılaryny paıhas eleginden geçirıär,baryp,Basda oturıarkalar ençeme gezek gaça uruşlar eden duşmany Nedirguly awşaryñ 1730nji ıyllarda Hiwa hanyñkyda tussagdaky özi bilen dostlaşyşy(şol wagtlar Keımir utamyş urugynyñ
serdary) , onuñ özüni boşatdyrmak üçin,özlenip ıalbarşy, Döwletmämet düıegöz aganyñ üsti bilen Nedirguli awşary tussaglykdan boşadyşy,onuñ Keımir bilen eden ähtnamalary,emma Eırana şah bolansoñ, biwepalyk edip,häli-şindi çapawolçylykly çozuşlar edip durmagy maslahata ıygnanlary oıa batyrdy.
Emma olar hic haçan Eırana tabyn bolmandyklary we geljekde-de bolmajaklary barada bir çukura tükürip, pekir-lerini çugdamlaıarlar.
Tekeler Balkan eteginde oturanlarynda Eıran leşgerleri ençeme çozuşlae edıär.Olaryñ geljegini añlap, çagalaryny,aıal-gyzlaryny,garrylary kürtüşbaba eltip,izlaryna dolanyp gelip,eden söweşlerinden soñ köp heläkçilik çek-
ip ıeñilen duşmanlaryñ Garagum çölüne çozuşlary azalıar.Emma şol wagt Bejnurt hanyñ baştutanlygynda öz raıaty bolan Ahal arkajyndaky we Etrek galalaryndaky Türkmen taıpalarynyñ mejlis-maslahatlary köpräk çagyr-
lypdyr.Olar Tekeleri Garagumdan kowup çykarmagyñ kül-külüne düşıärler.
Keımir kör Garagum çölünde ahyrky gaçybatalga diıip,deñiziñ demirgazak gaırasynada Ajikölüñ töwereginde bir goluñdaşyna ojar-gum aralaşdyryp berkitme-gala hem gurıar.
Soñ-soñlar onuñ ojarlary çüräp,guma garylyp gidipdir.Olar köp ıerlerde şeıle berkitmeleri gurıarlar.
Bejjnurt hany Kesearkajyñ,Ahal we Etrek galalarynyñ hanlyklary bilen geçirmekçy bolıan uly maslahatyna Garagumda mesgen tutan Teke Türkmenleriñ serdary Keımiri-de çagyrıar. „ Çagyrlan ıere irinme…..  „ diıen nakyla eıerip,Keımir hem maslahata barıar.İygnakda ençeme düşündüriş we guramçylyk işleri hakynda gürrüñ edilıär .Soñra gala hanlary öz ıagdaılary barada aıdıarlar. Ahyrsoñy Bejnurt hany Keımire ıüzlenıär :
-Keımir Teke,siziñ watanyñyz- ıürdüñiz nirede?
- Han hezretleri,biziñ mekanymyz-ıürdümiz Garagum çölüdir.
-Onuñ belli orunlary –şähirleri haısy?
-Belli orunlarymyz-şähirlerimiz: Kürtüş,Zäkli,Üñüz,erbent,Garryçyrla,üçbürç,ıolbarsly,Damla hem beıleki ownuk şähirlerdir.
-Galalaryñyz haısylar bolar ?
-galalarymyz Galtakgala,Hatapgala,Akjagala,Gyzylja gala,Çeltekgala,Şeıtangala hem başgalar Han aga!
Keımir sözüniñ üstüne ıetirip,Garagum çölüniñ giñdigini,onuñ bir ıanynyñ Hiwa,ıene bir ıanynyñ Buhara emirligi,beıleki bir tarapynyñ Mañgyşlak bolup,tä Gazak ıürdüna çenlidigini,uzyn tarapynyñam Eıran şalarynyñ ıürdidygy hakynda aıdıar.—Şol aralykda biziñ ilimiz çarwaçylyk-maldarçylyk bilen meşgullanyp,mallarymyzy, mal önümlerimizi goñşy welaıatlara eltip,Galla we beıleki harytlara çalyşıarys.Biz hiç hilli şalyga,hanlyga-häkimiıete garaşly däl,öz ygtyıarymyzda,özümizi özümiz dolandyrıarys,hiç kime zyıan bermeıäris,gaıtam ıagşylyk edıäris,ıalañçylyk,erbetçylyk bolsa iñ ıigrenıän zadymyzdyr, han aga! – diııär.
Keımiriñ batyrgaı sözlerini diñläp,ugurli gazak äsgermezlik etjek bolıar :
-- Keımir kör,bize argyşa gelen Tekeleriñizden habaryñyz barmy?biz olary horlap,aıallaryny-da basgylandyk diıende, Keımir kör tarsa ıerinden turup,gazap bilen ugurli gazaga(Hana) iıiti nazaryny dikıär-de,başyndaky telpegini ıere patladyp urup,onuñ üstünde lampa oturıar.Onuñ bu hereketini synlap Bejnurt hany ugurly hana garap : „ Kör Tekäniñ telpeginiñ üstünde oturmagynda bir gep bar „ diıen. Soñra ol Keımire garap:
- Seniñ näme aıtjak zadyñ bar,belki ıatdan çykaransyñ,ıene-de aıtjak zadyñ bolsa aıt? – diııär.Ol bolsa:
-Meniñ aıtjak sözüm ıok,maña söz galmady- diııär.
Eıran şasynyñ zor salmagy bilen Pendi,Şeıhy,Jüneıidi(Guşgy),giñişliklerinde ıaşaıan Türkmenler kem-kemden gysylyp,Mara göçürlip getirlıär.Şol ıyllarda Murgap derıasynyñ ıakalary Eırana garşly bolan.
Hemişede Teke Türkmenlerni halamadyk Baıramaly han gelen ıerlerine kowmak üçin her hilli pyssy-pujurlak edıär.Marynyñ aıagynda Teke çarwalaryny talap,azar ıamanyny berıärler,hat-da oglan okadıan Mollany-da
Okaıan oglan-gyzlaryda horlap,olaryñ namyslaryna degıärler.Oglanjyklaryñ ujydyny kesmek ıaly ynsanlykdan Çykmalardan hem gaıtmaıarlar.
Bu ıagdaıdan soñ garaguma ıaırap oturan Tekelerniñ ähli aksakgallaryny we serdarlaryny ıygnap,Keımir uly mejlis-maslahat geçirıär.Şondan Baıramaly şyganyñ öz edişinden hem beter etmeli,olary talamaly diıip çykyş Edenler-de bolıar.Bir näçesi bolsa gyssanmazlygy,öz wagty,ıere gelende ar almagy,halkda günä ıokdygyny, eger häzir uruş edilse,ıene-de halka uly zyıan ıetmeginiñ mümkindigini maslahat berıärler.
Keımir bolsa Teke Türkmenleriniñ hiç haçan alamançylyk etmändigini,diñe öwezine alamançylk edendigini düşündirıär.
Ol onsoñ Amandöş(öz baş serary)serdaryñ,Annaseıit wekilliñ(orunbasary)we beıleki akyldarlaryñ çykyşlaryny Diñläp,kömek sorap Hiwa hanyna ıüz tutmagy makullaıar.muny hemmeler goldaıarlar.
Annaseıit wekiliñ baştutanlygynda bäş sany adam Hiwa hanynyñka we Hiwa hanynyñ teklibi boıunça soñra Buhara emirinkä baryp,Keımirñ haıyş-towakgalaryny ıetirıärler.
Horasan welaıatlary Jeñiz hanyñ ıörişlerinden öñem Türkmen taıpalarynyñ ıurdydy,hatda ondan añyrdaky zamanlarda-da olaryñ ıaşan watanydyr- diıip,Buhara emiri Şamyrat Welnamy maslahatda aıdıar.olar ıene-de bir aıyñ dowamynda sähätli güni duşuşmaga karar edıärler.Garagum sährasyna goşun çekip ugraıarlar. Amandöş serdaryñ baştutanlygyndaky Keımir köriñ goşuny-da ıola düşüp,olar dänew bilen Baıramalynyñ ortalaryndaky gadymy uzboıuñ akgyt ugrunda ojar tokaılarynyñ arasyndaky köpguıy diıen öıda duşuşıarlar.dem-dinç alansoñlar salkyn bilen Baıramala ugraıarlar.
Baıramala menzel galanda düşläp,gijöılän ıene ıola düşıärler.Gije il ıatyp , it uklanda Baıramalynyñ 10-11 çakram (1,06km-e deñ)golaıynda düşleıärler.Hiwa hanyñ,Buhara emirniñ hem Keımir köriñ her biriniñ saılama Nökerlerinden200(jemi 600) atlyny jemläp,Baıramaly hanyñ üstüne hut şol gije ugradıarlar.
Olaryñ gijäñ bir wagty düıdansiz dökülmegi Baıramaly hanyñ gahar-gazabyny ıetjek derejesine ıetirıär.Çapawol atlylar aldym-gaç urşuny edıärler.Çapawollar şol gelişlerine bellenen ıere dañdanlar-namaz wagty gelıärler. Keımiriñ we Hiwa hanynyñ goşuny ertir namazyny okap ıetişip,öz orunlarynda taııarlykly duran bolsalar, Buhara emiriniñ goşuny namaz okap ıetişmändir.Şonda Welnam emamyna garap : „Gysga süre saña ne kyldy?
Diıip käııäpdir.
Şonlukda,hersi bir gapdaldan,Keımir bolsa çat garyşysyndan çykyp,Baıramalynyñ goşunlaryny dargatıarlar we Köpsini ıesir alıarlar.Baıramaly han ahyrsoñy ıaraglary taşlap,nökerleri bilen tabyn bolıar.Olar ıesirleri bilen bileligde Baıramaly şygany öñlerine salyp,şähriñ çetinden baranlarynda ilat ıaşulularyñ baştutanlygynda olary Duz-çörekli garşylap,Baıramalydan dynanlaryndan begenıärler.
Baıramalynyñ özüni bolsa bütün şähre aılaıarlar.Keımir kör şondan Burkaz,Aımak,owgan,Haryn,Salyr,Saryk Soltanyz ıaly ençeme ıerli Türkmen Taıpa-tireleri bilen hiç hilli öjüniñ ıokdygyny,emma Baıramaly şyga bilen Öçlidiklerni,bu betbagtçylygyñ esasy günäkäriniñem hut Eıran dikmesi Baıramaly şygadygyny aıdıar.
Olar Baıramalydan dynansoñlar Maryda Türkmen Begligini döredip,ony Hiwa –Buhara tabyn edıärler.Alnan baılyklary,oljalary,hatda eıer-esbapdyr ot-iıimlere çenli täze döredilen beglige tabşyrıarlar.Baıramaly hanyñ hanlgyna degişli baılyklaryñ ählisini hasaplaıarlar,Eıranly baı şygalynyñ artyk baılyklarynyda döwlet haıryna Alıarlar.Şygalary hem bir näçe kakabaşlary maşgalasy,mal-garasy bilen Buhara ıagny Amyderıa bilen Syrderıa aralygyna sürgün edıärler.Myhmanlary ugradyp,Keımirem gaıdan soñ,Annaseıit wekil 100 atly nöker bilen
bir aılyk galıar we täze begligi tertip-düzgüne salmaga kömek edıär.
 Bu waka 1785nji ıylda bolıar.
Şol gurulan Türkmen begligi 1785nji ıyldan tä 1855nji ıyla,Hiwa hany Mädiminiñ Sarahs urşundaky ölmüne çenli dowam edıär.Bu ıerde Türkmen begliginiñ döredilenini eşiden Bejnurt,Maşat hanlary öz janlaryny saklap Bilseler razy bolupdyrlar.Baıramaly han ölensoñ,ol hakda her hilli masgaralaıji goşgular düzelipdir.Şolaryñ biri-de şol döwürlerde ıaşan gara şahyryñ Maru-şahy-Jahan hakyndaky „ Seniñ üstüñde „ atly şygyrdyr.
Baıramaly han tutulyp ıoklanandan soñra Annaseıit wekil „ Garagum çarwalarynyñ guşluk tarapy Owganistana Barıança giñän ıaly bolaıdy „ diıipdir.
Şol ıylyñ tomsunyñ ahyrlarynda Ugurly han üç günlük toı  tutjakdygy hakynda çar tarapa habar ıollaıar.ol obadan ep-esli açyklykdaky toıhanasynda 2 sany örügöı ( ak öı) tutup,olaryñ içinde gelin-gyzlary oturdıar.
Toı habaryny eşiden Keımir bolsa , ähli ıaşululary ıygnap(Bejnurt hanyñkyda bolan maslahatda ugurli hanyñ aıdan sözlerini ıatlap),indi ar-namysdan çykmaga wagtyñ gelendigi hakynda maslahat edıär.“Arym köıenden Imanym köısün „ diıipdirler,Ar-namysyñ astyndan çykaılyñ ! diıip sözüni jemleıär.Soñra keımir serdarlaryny Çagyrıar, olaryñ her haısyna gerekli nökerleriñ azyk-suwluklaryny ıüklär ıaly düıeleriñ sanyna çenli aıdıar.
Olar şondan soñ 25 güni geçirip,26nji gün jemlenip,öıle namazyny okap,güni gijikdirip ıola düşıärler.İol belet diıip 3 adamy getirıärler.Keımir olary synlap,sözleşip,olaryñ birine ıüzlenip : „ Taññam(taññy göbe-amaşa) Sen taparsyñ öñe düş! „ diıipdir.Keımir dagy Ahalata(Ahalbaba,akhalata,akhalbaba) gonymçylygynyñ bir menzel ıeñsesinde Düñölen guıusyna barıarlar.Gijäniñ ıarynda 100 atlyny eııäm toınyñ bir güni geçen ugurly Gazagyñ üstüne çapawolçylyga ugradıar we olary ugurli hanyñ gelinini hem gyzyny alyp gelmegine buıurıar.
Özleri-de Düñölenden atlaryny,düıelerini suwa ıakyp,çeleklerini,meşiklerini doldurıarlar.Guıynyñ agzyna gyzgan-ıylgan,ojar-çerkez ıaly çöp basyp,üstünede keçe ıapyp,mazaly örtüp,gum bilen gömıärler.Özleri-de
Guıynyñ demirgazak-gündogar taraplaryny gurşap ıatıarlar.
Dañdanlar baran atlylar Ugurli hanyñ gelin bilen gyzyny alyp,gün dogandan düñölene gaıdip gelıär.
Ugurli gazagyñ kowgy atlylary guşlykdan günorta çenli ıol geçıär.olaryñ gözi guıynyñ agzyna düşende guıy gömlüpdir diıip düşünıärler.Şol ıerde bolan çarwa urşunda(Taıakly,gamçyly uruş,eger gylyçly garaw gaıtarsa ,
ıarag ulanmaly) olar aman diläp,ellerini galdyrıarlar.İesirleriniñ at-ıaraglaryny alyp,ıaralylaryny ikisini bir ıaba
mündirip,şol gije obalaryna ugradıarlar we olara il-gün bilen işleriniñ ıokdygy,Ugurly hanyñ gedemligi barada aıtmaklaryny pugta tabşyrıarlar.
Keımiriñ atlylary şol gije düñöleniñ agzyny açyp,mallaryny suwa ıakyp,gaplaryny suwdan doldyryp,ertesi irden izlaryna tarap ıola düşıärler.Iki menzil ıörän soñ ,Ugurly hanyñ iberen töwellaçy ıaşululary izlaryndan ıetıär.
Keımir aga olaryñ töwellalaryny kabul edip,gelin bilen gyzyny gaıtaryp berıär.soñra olara:
Biziñ İemreli garyndaş bilen hiç hilli adawatymyz(duşmançylygymyz) ıok,emma Ugurly gazak bilen öçli bolduk ıagny Ugurly gazagyñ özüniñ sözi bilen şeıle bolduk.Şoña görä-de „ Deñleşen deñe atmaz „ diıilşi ıaly,onuñ özi bilen deñ boljak däl,siziñ töwellañyzy Il-günüñ hatyrasyna kabul edıäris—Diıipdir.
Keımir kör şol wagtyñ 73 ıaşlaryndaky garry,sagdyn ıaşully eken.Soñabaka Tekeleriñ mallary köpelıär.Olar Balkan daglarynyñ demirgazak-gündogar taraplaryna çarwa we kämil ıaılalary ıaly otluk,suwluk ıerlere ıaıra-
ıarlar.
Keımir aganyñ külli Türkmen aksakgaly,howandary hasaplanypdyr.Ol bir ıany Balkan,beıleki bir ıany Saryga-
myş çöketligine , Bas sebitlerine çenli göçüp-gonup ıören,şeıle hem oturumly taıpalara janpena bolıar.
Onuñ özi-de ,nökerleri-de çarwa durmuş görnüşinde ıaşapdir.
1788nji ıylda 76-77ıaşynda Keımir serdar ıaşululygy öz oruntutary Annaseıit wekile tabşyrıar.Elbetde,onuñ ornundan aıyrlmagyna razylyk bermeıärler.Emma Keımir şol mejlis-maslahat toıunda direlikde öz ornuna laı-
yk adama tabşyrmagyñ miıeser etmeginiñ uly bagtdygy,bu zeıilli ıagdaıyñ añsat-añsat ıetdirmeıändigi özün-
iñ hem gaty garrandygy,80ıaşyna golaılandygy baradaky çykyşyndan soñra Annaseıit hem başgalar-da muña razy bolıarlar.
Keımir bolsa 1790nji ıyllarda kowumgaryndaşlary we beıleki çarwalar bilen mañyşlagyñ Hook diıen etrabyna barıar,şol ıerde 1800nji ıylda aradan çykıar.
Keımir oglanka tyg degen zerarly,onuñ bir gözüne şikes degen eken.Emma ol soñ-soñlar gutulyp gitse-de, iz galanlygy sebäpli onuñ oglanlykdaky Keımir kör lakamy galyberıär.Aslynda onuñ gözi kör bolmandyr.
Keımir aksowult,at ıüzliräk,göz damarlary çylgym-çylgym gyzgylt,goıun göz,ıiti nazarly,izindan ıogyn boıun-
ly,uly süıri kelleli,erinlek,egilek,iri süñk başly,at ıeñseli,demir beden şir ıürekli,akyl-paıhasly kethudadyr.
 
Onuñ 7 ogly bir gyzy bolan.Olar:Annameñli serdar,Çarykly batyr,Bilek batyr,Çary batyr,Penjeli pälwan(ATA)
Garagol serdar,Aınazar han,Aılar(Il içinde tutulıan  ıörgünli ady Hakylly)dagydyr.Annameñliniñ edermenligi hakynda „ İusup Aymed“ , „ Döwletıar beg „ dessanlarda ıaly wasypnamalar bar.Annanazar handan 3 ogul :
Batyr,Orazguly,Tañryguly önüpdir.Orazgulydanam 3 ogul: Gul çunak,Geldy çonak, Çenbe.Geldiden bolsa1ogul:
Bäbek;ondan hemHojamuhammed dünıä inipdir.
Keımiriñ tiresi: Teke-utamyş-Bagşy-Daşaıak-Akdaşaıak-Gyzyl.Keımir mañgyşlagyñ Hook diıen ıerinde jaılanıar.Ol ölensoñ nebereleri Hookdan ıürdüne gaıdyp geleni üçin olara hooklar hem diıipdirler.
Keımiriñ nesilleri,garyndaş-kowumdaşlary Aşgabat etrabynyñ „ Akdaşaıak „ kolhozynyñ keımir kör köçesinde
Arçmanda,Tejende,Maryda we başga ıerlerde ıaşaıarlar.
Onuñ örän dilewardygyny Tassyklaıan ençeme rowaıatlar hem bar.Şol rowaıatlaryñ birinde Bejnurt hany Keımirden :
  -Näçe nepsiñ (ilatyñ) bar?- diıip sorapdyr.ol:
  -İetişmedim,baryp ibererin-diıen.(soñra keımir ıürdüne gelip,20 düıe gurt iberıär.Iş edinip sanasalar 40 muñ
  gurt eken.Keımir iberen adamyna özüniñ her hojalykdan bir gurt ıygnap iberendigini hana aıtmagyny tabşyr-
ıar. Häli-häzire çenli40 muñ öıli Teke Türkmenleri diıilip ıörelmegide şondan gelipdyr ).
Han:
-Keımir siz göçeñizde näme üçin çalt göçıärsiñiz?Diıip soraıar.Keımir:
-Gazaklar habara görä göçermiş.bizem habara görä göçıäris,şonuñ üçinem göçenimzi ıel biler,gonanmyzy gool biler – diıip jogap berıär.
Han:
-Keımir galalaryñyz örän az-la?
- Bizde gala ornuny goollarymyz tutıar.
Han:
-Keımir sen nähilli ene-atadan bolan adam?
-Meniñ enem bir Gär gool,atam bolsa degdi boran.
Degdi boran gär gooly alan,menem şondan bolupdyryn.
Han:
-Keımir ,adamyñ,malyñ,agajyn, ıolun erbedi nähilli?
-kötelli dagdan igde ıükli,agzy gara eşekli ,keçe telpekli bir adam geçip barıar eken – diıip,Keımir oña jogap beren,.
Bir gezek Keımir aga atly barıarka,öñünden çykan bir adam,onuñ bilen salam-heleık edıär.Ol atyñ syrtynda oturan6-7 ıaşly gyzjygyzy görup:
-Keımir aga ,ıogsada,bu gyzjygaz seniñ nämäñ?diıip soraıar.Emma gyzjygaz Keımirden öñürti:
-Bu-ıä meniñ janym,men munuñ jananasy,muñ ejesi meñ ejemiñ gaıynenesi – diıip,özüniñ Keımiriñ gyzydyg-
yny aıdypdyr.şonda ol adam oña garap:
-Berekella sen-ä gaty hakyllaja ekeniñ,ömrüñ uzak bolsun,hakyllym!Diıipdir.Şondan soñ onuñ ıörginli ady Hakylly bolup galyberipdir.
Türkmen halkyñ gaıduwsyz gerçegi,Keımir  Baba azady,Zenuby,Magtumguly ıaly akyldarlar bilenem ençeme gezek duşuşan,pekir alşan,ähli Türkmen taıpalaryny birleşdirmekde,olaryñ arasynda gatnaşygy ösdirmekde ullakan işleri amala aşyran serdardyr.
Keımir kör baradaky şu maglumatlaryñ süññi kyssaçy Suhanberdi annagurban oglundan Alyndy.
 
 
                                                                            Kyıat han
 
 
Kümüşdepede ıa-da Esengulyda,takminan,1754nji ıylda eneden dogulıar.Kaspi deñiziniñ kenarıakasyndaky
Türkmenleriñ hany,oña Kyıat beg,Gyıat beg,Kyıas beg hem diıilyär.
Kyıat hanyñ ömrüniñ irki döwri barada maglumatlar mälim däl.Ol garamaıak halkdan saılanyp çykan demirçi ussanyñ ogly.Özi hem ussaçylyk bilen meşgullanypdyr.ıaşap geçen ıerleri Kümüşdepe,Esenguly, Çeleken etraplarydyr.Kyıat hanyñ İagşymämet (İagşymuhammet),kadyrmämet atly ogullary bolupdyr.Onuñ ady ilkinji gezek 1813nji ıylda peıda bolıar.Etrek Gürgen Türkmenleri şol ıyl Fatali şanyn garşysyna uly gozgalañ turuz- ıarlar we Patyşah Russiıasynyñ Russiıa-Eıran urşuna gatnaşıan kafkazdaky goşunlary bilen gatnaşyk açıarl-
ar . Russiıa-Eıran uruşy gutaryp,Gülüstan şertnamasyna gol çekilende,Kyıat han öz egindeşleri bilen şol ıerde
-di .Kyıat han özünñ ıakyn adamlary bilen wekil hökmünde geplesik geçirmek üçin Kafkaza iberilıär.
Şondan soñra onuñ ady taryhy meşhurlyk gazanıar.Ol Türkmenlerniñ Russiıa raıatlygyna geçmeginiñ tarapdary bolup çykyş edıär.Astrahan,Baku we Eıran bilen söwdany ıaıbañlandyryp,uly baılyk gazanyp,kenarıaka Türkmenlerniñ hanyna öwürilıär.Kyıat han 1819-21nji ıyllarda M.I.Ponomarıowiñ we N.N.Marawıowiñ,1836nji ıyllarda G.S.Karaliniñ ekspediıalaryna köp ıardam berendigi ,Teblisdäki Kafkaz dikmelriniñ ıanyna ençeme gezek baryp,Russiıanyñ raıatlygyna geçmek barada tagalla edendigi,Patyşah Russiıasynyñ öñünde beıleki bitiren hyzmatlary üçin Medal,gymmat bahaly sogatlar bilen sylaglanıar.
19nji asryñ 20-30nji ıyllarynda Kyıat han we onuñ ogullary Astrabat,Mazandyran,Gilan bilen Bakunyñ,Astrahan arasynda deñiz ıollary arkaly bolup geçıän söwda gatnaşyklarynda esasy täjirleriñ birine öwrülip,barlyşyksyz bäsdeşlik göreşine gatnaşıar.Şol söwda bäsdeşligi ıaramaz netijeler getirıär.Kyıat hanyñ söwdasy bolaşıar.
Deñizde we kenarda alamançylyk,Talañçylyk güıçlenıär,täjirler öldürilıär.Şeılelik bilen,Russiıa-Eıran gatna-
şyklary ıitileşıär.Bu gapma-garşylyklaryñ ıitileşmeginiñ esasy sebäbi şol döwürde,el degirilmedik baılyklaryñ ummasyz zapaslarynyñ barlygydyr.
Bu baılyklara eıe bolmak üçin bir tarapdan Russiıa,beıleki tarapdan Eıran bilen kyıat hanyñ arasynda barlyşyk
-syz göreş başlanıar.Bu göreşde kyıat hanyñ garşysyna has duşmançylykly hereketi asly Eıranly,ıöne söwda bähbitleri üçin Rus raıatyna geçip,Masihi dini kabul eden Mir bagyrof amala aşyrıardy.Onuñ maksady şu söw-
da ıolundan kyıat hany aıyrmakdy,ony ıok etmekdi.
Wagtyñ geçmegi bilen kyıat han we onuñ ogullary hakykatdanam hem söwda meıdanyndaky bäsdeşligiñ pidasi
bolıar.
Şowsyzlyklara garamazdan,Kyıat han kenar ıakasynda ıaşaıan Türkmenlerniñ Eıran şalarynyñ zülüminden azat bolmagy üçin Russiıa raıtlygynyñ geçmek ugrunda göreşıär.Muña uzak wagtlap baştutanlyk edıär.
Bu hereket Russiıa-Eıran uruşy tamamlanandan soñ has hem giñ gerim alıar.Patyşah hökümeti kyıat hanyñ haıyşy boıunça kenarıaka Türkmenlere azar bermezligi telim gezek Eıran hökümetine düıdüryar.
1836nji ıylda günbatar Türkmenistany öwrenmek bahanasy bilen,G.S.Kareliniñ ıolbaşçylygynda ıörite Rus ekspediıasy gelıär.Kyıat han we kenar ıakasyndaky Türkmenler ekspedisiıany gowy garşylap;oña kömek edıärler.Şol ıylyñ iıulynda Esengulyda bütün Etrk-gürgen ıumutlarynyñ uly geñeşi bolup geçıär.Bu geñeşiñ
guramaçysy Kyıat handy.Geñeşe gatnaşan kazylar,Han-Begler Russiıa hökümetiniñ adyna ıüzlenme kabul edip,ony G.S.Kareline gowşurıarlar.20777sany maşgala özleriniñRussiıanyñ raıatlygyna kabul edilmegini haıyş edıär.
1821nji ıylda Kyıat han bir ogluny Teblisdäki aziıalalar üçin açylan gimnaziıa okuwa iberıär.Beıleki ogly Kadyrmämedi we agtyklaryny Teblisiniñ,Sankt-peterburgyñ okuw jaılarynda okadıar,Terbiıeletıär. Kyıat hanyñ
özüniñ ıörite öz adyna ıüzüne atyn suraty çekilen möhri bolupdyr.
1842nji ıylyñ tomsunda Kyıat hanyñ we onuñ ogullarynyñ täleıin ters gelıär.Kenar ıakasyndaky Türkmenleriñ
Russiıa bilen ysnaşyp,söwda gatnaşyklaryny ösdürmeklerini,Russiıanyñ raıatyna geçmek hereketine Kyıat hanyñ we ogullarynyñ ıolbaşçylyk etmegi,Eırany,hususan-da Muhammed şany ynjalyksyzlandyrıar.
Eıran şu tritoriıany hut öz ıerleri hasap edipdir.Şonuñ üçin hem Şah häkimleriher edip-hesip edip,Kyıat hany we onuñ ogullaryny ıok etmegiñ ıollaryny agtarıarlar.
Gülüstan we Türkmençaı şertnamalary boıunça Eıranyñ Kaspi deñizinde harby flot saklamaga haky ıokdy.
Duz,balyk,nebit satmakda Kyıat hana bäsdeşlik edıän Eıranly söwdägärleriniñ kömegi bilen dildüwşük gurulıar.Russ komandiri E.W.Putıatin 1842nji ıylyñ iıulynda ıagşymämedi (ıagşymuammedy )tussag edıär.
İaşynyñ soñunda oglunıñ tussag edilmegi Kyıat hana gaty agyr degıär.Ol 80 ıaşyndan geçen garrylygynyñ göz öñünde tutulmagyny,özüniñ we oglunın watanyna göıberilmegini haıyş edip,Patyşah hökümetiniñ kafkaz-
daky häkimi genral P.Golowine arz ıazıar.Oglunyñ tussag edilmeginde bir düşünişmezlik bolandyr diıip,ol Bakuwa gaıtıar.Alty aılap Bakuwda garantinede bolıar.Onuñ arza üstüne arzalaryna,haıyşlaryna hiç kim gulak gabartmaıar.Kyıat hanyñ30 ıylyñ dowamynda Russ-Türkmen aragatnaşyklaryny berkitmekde bitiren hyzmat-
lary hasapa alynmaıar.Oña kömek edäıjek köne tanyşlary genral A.P.İermolof we N.N.Murawıof dekabristlar bilen aragatnaşykda bolandyklary üçin Nikolaı 1 gazabyna duçar bolupdyr.
Kyıat han1842nji ıylyñ 12nji dekabrynda Bakuwdan Teblise getirilıär.Kafkaz häkimleriI.Paskowiç,G.W.Pozen
İaly genrallar ozallar Kyıat hany dabarly garşylap,oña hezzet-hormat edip ıören adamlardy.İöne welin bu gezek olar ony zyndana taşlatıarlar.
 
Kyıat han Teblisde 1843nji ıylyñ mart aıynyñ ortalarynda ejizläp,iki gözi gapylyp,89 ıaşynyñ içinde zyndanda aradan çykıar.
 
 
Nedir şah          
 
18nji asyrda Eıranda şahlyk süren Nedir 1688nji ıylda dünıä inıär.Ol gelip çykyşy boıunça Türkmenleriñ awşar taıpasynyn Garakly tiresindendir.Nediriñ ıaşlygy Abywert—Deregez etraplarynda geçıär.1711nji ıylda kakasy
Ymamguly han ıogalanan soñ,Nedir kerwnlere talaıan garakçylara baştutanlyk edip başlaıar,şeıle hem ol Abywedyñ häkimi Babaly begiñ hyzmatynda bolup,Türkmenleri hem-de Kürtleri özüne tabyn etmek üçin bir näçe harby ıörişleri geçiripdir.Şeılelikde,Nediriñ şan-şohraty kem-kemden giñ gerim alyp ugraıar.
1723nji ıyldaMaşadyñ häkimi Mälik Mähmidiñ goşun serkerdesi bolansoñ,Nediriñ şohraty has-da artyp,onuñ ady bütün horasana ıaıraıar.
Nedir 1726nji ıyldaTahmasp şanyñ goşun serkerdesi hökmünde gullaga başlaıar.Ol öz bäsdeşlerini kem-kemden ıok edip,esasy serkerde öwrülıär.
1732nji ıylda Tahmasp şany tagtdan agdaryp,häkimligi öz eline alıar.Şondan soñ 1736nji ıylda Mugan çölligin-
de Nedri dabaraly ıagdaıda Şah diıip yglan edip,bşayna täç geıdirıärler.Şeılelikde,Nedir şah zalymlygyny has-da güıçlendirip başlaıar.Sähel göwnüne ıaramadyk adamlary ıok etdirıär.Hatda öz uly ogly Rezaguly hanyñ hem gözüni oıdyrıar.
Nedir şah Kafkaza,Dagystana,Bagdada,Hyrada,Gandahara,Hindistana,Buhara,Hiwa harby ıörişler geçirip,ägirt
Uly emperiıa döredıär.Nedir şanyñ asly Türkmen bolsa-da onuñ Türkmenler barada ıöreden syıasaty Eıranyñ öñki Şahlardan tapawotlanmandyr.Ol Türkmenleri boıun egdirmek üçin olara örän rähimsizlik we zalymlyk bilen darapdyr.Şu ıagdaılar bilen baglanşykly Eıran taryhçasy mürze mehdi han Astrabady özüniñ „Taryhe Naderi „
(Nediriñ taryhy) atly kitabynda Türkmenler dogabitdi,tebigi petneçi,gozgalañçy adamlar hökmünde nädogry baha berpdir.Nedir şah horasan we Hiwa Türkmenlerniñ üstüne telim gezek gandöküşikli harby ıörişleri geçiripdir.
Ol ilki bada Abiwert töwereklerindäki gallalary basyp alıar.Ondan soñ Nedir Mara tarap ugraıar,ıöne Tejen derıasyndan geçip bilmän,Sarahsa tarap sowulıar we ony eıeleıär.Sarahsy alandan soñ,Durana gelip gozgal- añ eden Türkmenleri gyrgyna berıär.Soñra ıene-de Mara ıöriş edip,ol ıerdäki „ Tatarlaryñ „(Türkmenleriñ bir tiresi)üstüne hüjüm edip,şähri basyp alıar.
Nedir şah amyderıa boıunda ıaşan Türkmenlerede gün bermändir.Onuñ Marydaky goşunlary Kalbaly hanyñ baştutanlygynda Çärjew,Kerki Türkmenleriniñ üstüne çozup,gyryp,malgaralaryny talapdyr.Şeıle-de bolsa,Türk-
Menler Nedir e boıun egmändir.Yzygydyrly gozgalañ turuzyp durupdyrlar.Salgydy hem doly tölemändirler.
Halk arasynda ıaıran gürrüñlere görä,dag etek Türkmenleriniñ Nedir şanyñ zulmyna garşy herketlerine keımir kör ıolbaşçylyk edipdir.Keımir kör özüniñ örän akyllylygy,ugurtapyjylygy,batyrlygy,delewarlygy bilen tapawotla-
Ypdyr.Ol akyl paıhas bilen öz halkyny köp sanly pyjygaly wakalardan,gyrgynçylykdan aman saklamagy başary-
pdyr.Şoña görä-de,Keımir kör hakyndaky rowaıatlar,gürrüñler halk arasynda biziñ günlerimize çenli dowam edip gelıär.
Nedir şah hytaıy basyp almak üçin ıörişe taııarlanyp ıörkä,dildüwşük netijesinde öz afşar garyndaşlary tarapy-
ndan 1747nji ıylyñ iıun aıynda Maşadyñ golaıynda öldürülıär.Netijede,Nedir şanyñ şeıle gysga möhletde, çaltlyk bilen guran emperıasy özi öldürlendensoñ, öñkisi ıaly çyltlyk bilen darganıar.
 
 
 
Nurberi han 
                                                                             
Nurberi han 1820nji ıylda Gökdepede dogulıar.1880nji ıylyñ ortalarynda hem şol ıerde aradan çykıar.
Nurberi han 1850nji ıyllaryñ aıagynda 1880nji ıyla çenli Ahalyñ hany bolupdyr we ömrüniñ ahyrynda Ahalyñ we Marynyñ hany bolupdyr.
1850nji ıylyñ ahyrynda Ahalyñ merkezi şähri bolan Gökdepede uly maslahat bolıar.Oña Türkmen topragynyñ dürli künjeginden Hanlar ,Serdarlar,İaşulular,Aksakgallar we beıleki parasatli wekiller çagyrylıar.
Maslahatda baryp,Görogli begden – soltandan(8-9nji asyrda)tä Şirgazy han zamanyna çenli Teke Türkmenlerin-
iñ 18sany baş hanlygynyñ bolandy barada söhbet açylıar.Şirgazi han zamanynda Tekeleriñ baş ıaşulusy oraz-
mämed ogly döwletmämed düıegöz agadan baş hanlygyñ keımir köre,ondan Annaseıit wekile,ondanam Myrat
serdara geçişi,1819nji ıylda Myrat serdar ölenden soñraky 30 ıyllykda bolsa Tekelerde bir näçe gala hanlary bolup,baş hanlygyñ bolmandygy hakda gürrüñ edilıär.Uly söweşlerde han ornuna orta çykarylan gala hanlaryñ iñ ekabyry Garaoglan hanyñ (Nurberdiniñ babadaşy,baba onbegiñ ogly)1819-20nji ıyllarda diıen wagty eken.
Emma baş han bolmak üçin ıedi şertiñ zerur bolanlygy sebäpli,ol baş hanlyga göterilmeıär.
Umuman,şol mejlisde mongol talañçylary we beıleki gaıry ıatlar tarapyndan uly zarbalar urulyp,bir-birinden çetleşdirilen Türkmen taıpalarynyñ ıagdaıy barada pekirler orta atylıar.
Esasan hem Eıranly,Russlar we beıleki gelmişikleriñ jansyzlarynyñ derdinden çarwalara we beılekilere rahatly
-gyñ ıokdygy,hemme taraplaıyn halka ıarajak,ortak,ekabyr ıolbaşçynyñ zerurdygy ıaly ençeme meselelere
garalıar.
Şonda şeıle ıolbaşçylyga iki adam : Nurberdi döwletıar bay ogly ( Ak wekillerden)hem-de Hajygurbanyñ ogly
Mämetwli kazynyñ agtygy,Ak kazynyñ çowlygy Orazmämet han(Gara goñurdan)görkezilıär.
Olaryñ ikisi-de öz tire-uruglarynyñ hany eken.Saılaw mejlis hakyky alnyp barylıar.Haçanad sese goılanda
Orazmämet han artykrak ses alıar.(şol wagtlarda gol galdyrylman,ses sanalar eken ).
Emma örän paıhasly hem-de halatly serdar Orazmämet hanlygy öz üstünden aıyrylmaklaryny haıyş edıär.
Öz çykyşynyñ ahyrynda şeıle diııär :
_ Owaly biribaryñ güwäliginde men hanlyk ornuny Nurberdi döwletıar baı ogluna bagyşlaıaryn,çünki ol gady-
my Bas eıamynda ıaşululyk eden Keımirden öñki Teke Türkmenleriniñ aksakgaly Döwletmämet düıegöz aganyñ tälimini alan Anan onbeginiñ izidyr.Muny atasy Mürrük baı,kakasy Döwletıar baı hem örän çörekli-çekimli adamlardyr.Onsoñ ynanç-yktygatda,adalat-päklikde,güıç-gaıratda hem akyl-paıhasda,delewarlyk- herba
-plykda,söweş-syıasatda Nurberdini biz tanaıarys.Agyr ile baş bolmakda pysgal-döwletliligem wajypdyr.men öz rysgalymdan närazy däl,ıöne uly iliñ öñüne düşerlik rysgalymyñ ıokdygyna-da gözüm ıetıär.Bular bolsa ata-baba rysgally-çykymly,çörekli-hamyrhana ugurdyr.
Galyberse-de,onuñ okap ıazyp bilmegi,golunyñ has giñ bolmagy,menden artyk ıerleridir.Han bolmak üçin goly giñligem gerek ahyryn.Il-günden nökerlige çekmeli,olary at-ıarag bilenem üpjün etmeli.Tekeçilikde ilden algyt-salgyt ıygnamaklygyñ ıokdygyny bilıänsiñiz.Garaz „ Goly giñiñ goly uzan ıerine ıeter,goly ıukanyñ eli ıakasy-
na-hyrçyna ıeter „ diıileni-dä,şu nokdaı nazardanam men hanlyk-ıaşululyk mertebesine öz razylygym bilen sesimi Nurberde bagyşlaıaryn…
Başga-da ençeme çykyşlar bolıar.Maslahat-mejlisiñ esasy guramaçy-kethudasy örän dilewar hem adalatly Atajyk molla(Nyıazdurdy mollanyñ ogly) sözüni jemläp pata berensoñ, „ Hangöter „ dabarasy başlanıar.
Şeılelikde,Nurberdi döwletıar baı ogly hanlyga göterilıär.Nurberdi juda uzyn boıly,soñkbaşy iri,eginlek, süırü-
Räkden uly kelleli,tüññüräk mañlaıy giñden ıaban,göniburunly,garasy köpräk goıun gözli,gaşlagrak,bugdaıreñ
Gyzgylt ıüzli,az-zu sözli,diñlemegi söııän,synçy ıiti nazarly,ynanç-yktykatly,nebsinden ynsaby ıokary,rehimli hem gazaply,ıürekli,gahar-gazabyna erk edip bilıän akyl-paıhasly,söweş-syıasatdanbaşy çykıan,berk bedenli
Sabyr-kanagatly,Türki sowatly sada adam bolupdyr.
Ol Anan onbegiñ ıuwlygy,Garry baıyñ çowlygy,Mürrük baıyñ agtygy,döwletıar baıyñ bolsa ogludyr.Nurberdiniñ
Üç aıaly bolupdyr(Nurigözel,Rabygözel,Güljemal).Olardanam önen ogullary: Berdimyrat batyr,döwlet beg,magty
-mguly han,Garry han,İusup beg,Magtymguly hanyñ ogly Mürrük han,onuñ ogullary Suhanguly,Ata we başgalar
Ata onbeginiñ doganynyñ kowumlarynyñ biri-de Baba onbeginiñ ogly Garaoglan handyr.Ol Nurberdi bilen baba-
daş garyndaş.
Nurberdi – Teke – Togtamyş – wekil – ak wekil – Garaıörme – onbegidir.Ol 30 ıaşlarynda hanlyga göterilıär.
Garaoglan hanyñ terbiıesini alıar,emma esasy terbiıeçisi Däli tilkidir.
Şol maslahat-mejlisde Börmäniñ gala hany öwezmyrat – Dykma serdar mämetnazar ogly baş serdarlyga göterl-
Ip,ol tä hanyñ ölümine çenli onuñ sag goly bolan.Onsoñam şonda kazylyk,wekillyk,onbeglik,işabaşalyk(goşun serenjamçysy),ıüzbaşlyk ıaly ençeme wezipeler ıola goıulıar.
Şol dabara mynasybatly tutulıan üç günki toıdan soñra Döwletıar baı gylıal sürülerini ıataklara gabap,ulagsyz
Jigitleri at saılap almagy yglan edıär.Özüniñ ähli mal-düınıesini,baılyk-mirasyny bolsa ogly Nurberdiniñ hanly
-gyna,halkyna bagyşlaıar.
Ahalda Nurberdiniñ,1853nji ıylad Sarahs-da Gowşydyñ hanlyga göterilmegi,olaryñ arasynda doganlyk-dostlyk
Riştesiniñ pugtalanmagy daşgy hem içki duşmanlary agyr oıa batyrıar.Şonuñ üçinem duşmanlar Türkmen taıp
-alarynyñ,Tireleriniñ,hanlyklarynyñ,serdarlarynyn,din wekilleriniñ agyzlaryny alartmak,Esasanam,şol iki läheñiñ
Nurberdi bilen Gowşudyñ başyny ıimek ıaly hilegärliklere ıüz urıarlar.
Patyşah Russiıasynyñ orta Aziıa,şol sanda,Türkmen topragyna hem dört tarapdan :Orunburgdan,gazagystan-
dan,Mangaşlakdan ,Krasnowodskdan ıörişler etmek planyny amala aşyrmaga gyssanıandygyny bilıän Tekeler
agzybirligi ünsi güıçlendirıärdi.
Nurberi hanyñ tagallasy bilen Orazmämet han,Gara batyr,Sopy han,Gülbatyr serdar,Amanaly garga,Myrat hunk- är,Gylyç batyr,Maññyt batyr,Esenoglan han,Muham serdar,Garaıüz batyr,Garaoglan han,Öwez baı,Däli tilki, Polat han,Gara döw,Amangeldi we emingeldi serdarlar,Berdi kazi,Hanmämet atalyk,Durdy mugt,Öwezli tentek,
Täçmämet(Gönebek),Anzar pälwan,Öwezgeldi ussa,Gadam mergen,Amanguly han ıaly batyrlar ;Atajyk molla
Gurbanmyrat işan,Kerimberdi işan,Mahmyt işan,Seıitmämet hoja,Muzaffar işan,Nazaraly molla,Molla ker,Seıit
Işan,Ak işan,Muham sopy ıaly ençeme din hadymlary ; Gara sähet ıaly aıylganç sesli jarçylar;Mätäji,kätibi, meskingylyç,Guba ıaly şahyrlar;Gönebek,Orazmyrat topaz,Gulgeldi tümen,Hally şaıly ıaly bagşy-sazandalary
Onlarçasy bir çukura tüıkürıärler.
Şeılelikde,Nyıazdepe çapylşyny,Hurmant çapylşyny,Gereı gyrgynçylyg(Gyzylarwat urşy),Şarlawuk urşuny,Wel-
gyz urşuny,Goç-zaw uruşlaryny,Sarahs we Garrygala söweşlerini,Çat we beıleki uruşlary başyndan geçiren serkerde Nurberdiñ ıolbaşçylygynda İumut,Gökleñ,Salyr,Saryk,Ärsary ıaly,onlarça Türkmen taıpalarynyñ ara-
synda agzybirlik rowaçlanıar.Elbetde munuñ özi Nurberdiñ tagallasy bilen ıörite wagyz-nesihatçylar toparlaryn-
yñ döredilmegi netijesinde amala aşyrylıar.İany goragçylar bilen üpjün edilen agzamlary guma we beıleki ıerler topar-topar bolup ugraıarlar.Olar Türkmen taıpa-tireleriniñ arasynda bolup,ilata daşky we beıleki gelmiş-
ek duşmanlarynyñ kimlerdigini düşündirıärler,öçlerini ıaraşdyrıarlar,çarwalaryñ arasynda-da agzybirligi ıola goıup,ıerli halkdan 20-30-40-50-100 atlydan ybarat goraıjy Toparlary,añtaıjylary,ıolbeletleri, onbaşy,ıüzbasy- lary döredıärler.Olara at-esbap,ıaraglar bilen üpjün edıärler,atlylar başlaryna çenli saılaıarlar.Şondan soñra olar öz obalaryny duşmanlardan,alamançylardan gorapdyrlar,birek-birege kömege ıetişip,hemişe hüşgärligi agzybirligi elden bermändirler.Beıleki taıpalar hem bu syıasaty ikielläp goldap,özaralarynda ıokary tertip-düz
-günnamany ıola goııarlar.
 Nurberdi han 1855nji ıyldaSarahs-da Hiwa hany Mädimin bilen bolan çaknaşykda,doly abraıa mynasyp bolıar.1858nji ıylda bolsa Eıran şasynyñ goşuny Jafarguly han serkerdeliginde Garrygala İumut-Gökleñleriñ
Üstüne ıöriş edıär,şonda olardan Nurberdi hana dadygöı(Gyssagly habar ıetirıän)habarçy gelıär.Nurberdi han
12muñ Teke atlysyny,Mahmyt işanyñ ıardymy bilen ıygnalan 6 muñ İumut(Atabaı ıumutlaryndan) atlysyny toplap,Garrygala-söweşe ıöriş edıär.İerli halkyñ ıaşululary hanyñ özüniñ goşuna esasy ıolbaşçylyk etmegini
 haıyş edıärler.Duşman bilen uruş bir hepdeläp dowam edıär.Emma Nurberdi 7nji gün uly mejlis gurap,şonda ahyrky sözünde şeıle diııär:
-         İaşulular,serdarlar,ıygitler ! Siz maña izda boluñ diımäñ ! Bizden öñki Teke ıaşulularymyzyñky ıaly meniññem adym hanam bolsa,serdar ornundadyryn.Şonuñ üçin siz meniñ maslygymy ganhor Jafarguly hanyñ tugunyñ astyndan başga ıerden gözlemäñ ! Batyrlar ! Çozuñ azana musallat boluñ ! İa Allah !
Diıip,ol at salıar.
Şol soñki zarbada Bejnurdiñ hany Jafargulynyñ serkerdeliginde külli Türkmeni bakna etmek üçin Eıranyñ şasy
Nasretdin “ ıeñilmez “ Atly,toply-tophanaly,kemsyz ıaraglanan serbazlardan düzülen san hem güıç taıdan bir näçe esse artyk goşuny çym-pytrak edilıär.Şonda Eıranyñ haı-haıly sary topy-da olja alynıar.
Aıagalydygyna gaçyp barıan Jafarguly han Gökdepeli Teke jarçysy,garasähdiñ elhenç sesini eşidende zähresi
İarylyp,huşy başyndan uçıar.
Uly ıeñişe garaşyp oturan Nasretdin şah “ Şum habary “ eşidip özünden gitıär.Bu barada şol söweşi gören Abdy
-setdar kazynyñ “ Jeñnama “ Poemasynda şeıle diıilyär :
 
 
Diıidiler : “ Bu işler kyndyr, eı şah !
Ki ıagny leşgeriñ öldi,bol aga !
Bolup bihuş,ıykyldi jalkasyndan
Pozan boldy niçe ıel arkasyndan
 
Şondan soñra Gökleñ,İumut we beıleki tire-taıpalaryniñ ıaşululary Nurberdi hana we ähli Teke garyndaşlaryna alkyş baryny aıdıarlar,duşman kim,dost kim,ymykly göz ıetirıärler.Şeıdibem,Nurberdi hanyñ tagallasy netijesi-
nde Türkmen tirelerniñ arasynda duşmanlar tarapyndan düwlen düwünler çözilip,agzybirlik dikelıär.
Garrygaladan gelen dessine (1858nji ıylda) Nurberdi han özüniñ wekilleri,geñeşdarlary,serkerdeleriñ bilen Mara
Gidıär we Teke-Saryk dawasynyñ çözülmegine uly kömek edıär.Ol 1861nji ıylda Nasretdin şanyñ Mara eden çozuşynda-da duşmany derbi-dagyn etmekde özüni tanadıar.
Şondan soñra Gowşut hanyñ Teklibi boıunça Nurberdi Ahal- Marynyñ hanlarynyñ hany saılanıar.1862nji ıylda
Bolsa hanlar hany Nurberdi han Mara gelende-de Ahaldakysy ıaly öz öıünden örsün diıen niıet bilen oña abraıly ıeriñ asylly maşgalasyny-Töre-sokynyñ gyzy,adamsy (Annaöwez) 1855nji ıylda uruşda ıogalan Güljem
-ly nikalap alyp berıärler.Nurberdi Salyr-salyk,Ärsary ıaly beıleki taıpalarynyñam arasynda uly hormata mynas-
yp-ortak ıaşululyk abraıyny saklanlygy ; alagöz bilen seretmekden daşda duranlygy,hemişe halky öñe sürüp , il-gününe hormat goımagy başaranlygy üçin onuñ mülki Baıramalyda tutulıar.Nurberdiñ ölüminden soñ onuñ mülki Wekilbazara göçürilıär.
Nurberdidir Gowşut hanyñkyda bolan gizlin maslahatlaryñ netijesini Russ içalysy Aly mülhit (halk arasynda tutul
ıan ady )we başgalar öz baıarlaryna ıetirip durıarlar.Emma bu iki hanlygyñ barha pugtalanmagy ,halkyñ olara şalaryñ şasy ıaly ynamly garamaklary duşmanlary nugsana getirıär.Dogursy,Russ genrallary,serkerdeleriñ olaryñ bir näçesine Halat-serpaı,aılyk-pul bermek ıaly hilelerde ıüz urıarlar.
Emma birnäçe gezek ıaraşyga baranda kabul etmäñ,amatly pursatlary elden gieren zalymlaryñ hilesi ıol almaıar. “ Han aga,bularyñ zat berip durmalary nämäniñ alamatyka? “ diıip soranlarynda Nurberdi han :
“ Aı , adamlar, “ Doñuzdan tüı ıolmak ıolmakdyr “ diıileni.Olar şu çalaran kelleler üçin berilıändir.Goy,bersinler
bakaly,berilen zady il bähbidine harçlaberiñ,munuñ astyndaky hileler ıol almaz.İylan,egrem bolsa,hine girende gönileıändir,tiz göneler “ diıip,başyny sypap,jogap berıär.
1878nji ıylda Gowşut hanyñ Russ ofiseri-içalasy Aly mülhit tarapyndan awy berilen öldürilendigini eşidip,Nurber
-di han “ Sag omurdanam goparylan ıaly boldum… “ diıär.Onuñ ıerine serkerde goımak üçin tagalla etse-de gyssagarada başartmaıar.Çen edilıänler ıa garran,ıa Täçgök serdar ıaly adamçy iner häsiıetli,ıa söweş-syıasaty gowşan,ıa nepsy ynsabyndan güıçli.ıa-da gözsüz batyr…bolup çykıar.Şondan soñra Nurberdiniñ özi-de syrkawlaıar.1879nji ıylda Russ goşunlarynyñ Gökdepe çözjakdygy hakdaky habary eşidip,ol agyr halda bolsa-da Marydan ahala gaıdıar.Emma barynça urus Tekeleriñ ıeñişi bilen gutarıar.Ol şol söweşde ıolbaşçyl-
yk eden ogly Berdimyrat batyryñ ölümine şükranalyk eden,emma Gara batyryñ we beılekileriñ ölümine gaty gyı
-lıar.
Ol gyssagly maslahatda gelnen nitije boıunça Dykma serdaryñ hem Öwez baıyñ ıolbaşçylygynda 9sany wekilli(Töwellaçyny)ıaraşyga ıollaıar.Emma olar kabul edilmän gaıtarylıar.Galanyñ günbatar we gündogar taraplaryny berkidip,22muñ goşuny jemläp,söweşe ykjamlanyp başlan Nurberdi hanyñ derdi gozgap,gaıra ıüzlip ıene-de syrkawlanıar.Şol başagaılykda iki sany adam,biri pir beılekisi sopysy bolan bolup,haja zyıarata barıan
sumaklar hanyñ halyny soran bolup,onuñ-da käsesine awy goıup,içirip,ölmegine sebäp bolıarlar.Ol şu wagtlar- da 60-61 ıaşynda eken.
Kakasynyñ hatyrasyna 20-21 ıaşlaryndaky ogly Magtymgulyny wagtlaıyn hana saılaıarlar.Nurberdiniñ öz garamagyndaky hanlyklar bilen “ İedi ölçäp,bir kesip “ hereket etmegli sebäpli ençeme ıerde ıoly baglanan Russ goşunlary güıçli zarbalara,ıitgilere sezawar bolıarlar.Şonuñ üçinem Zakaspy harby bölümi Tekeleriñ hereketleri hakda şeıle maglumatlar berıär :
1.Tekeler Krasnowodskdan Hojagula barıan kerwenmize çozmak üçin otyrıad ıolladylar.
2.Bendesende 4nji sentiıabyrda biziñ üstümize ok atdylar.
3.Hojagalada ıerleşen lagermize gije çozdylar.
4.Ertesi düıelerimizi elimizden aljak boldular we iki gün izmyza düşüp,izarlap heläklediler.
5.İaragsyz topçylarmyzyñ üstüne gapyllykda çozup aldylar.
6.Bizden gaçan dönük Nurowy Tekeler öz arasynda saklaıarlar.
7.Çat berkitmesiniñ ıylki süresine çozup,Atabaı ıumutlary bilen goşulşyp-birleşip,Çekişlerdäki deñiz ıakasyn-
daky postlarymyza çozıarlar.
8.Çatdaky we Çekişlerdäki 4-5 rotany alyp gitmeseñ hiç ıana çykyp bolmaıar.olar bizi gabaw ıagdaıda saklaıarlar.
Russlar Nurberdi hanyñ baryp1870nji ıyllardaky maslahatyndan soñra Russ goşunlarynyñ ıollaryny baglamaga
Türkmen atly gosunlaryny ugradyşy,kenarıaka Türkmenleriniñem Russlara mal we beıleki kömekleri bermekd-
en ıüz döndirişi,Russ goşunlarynyñ 1872nji ıylyñ ahyrlarynda  Etrek derıasynyñ üsti bilen bärik aralaşyp,Aşga-
bat tarapa süışmekleriniñ serpikdirilşi,Nurberdi hanyñ goşunlarynyñ bir toparynyñ Krasnowodskdan Hiwa hanly-
gyna barıan russ goşunynyñ azyk suwlaryny oljalaıyşy we olary uruşa ıetirmän,Balaişemden izlaryna gaıtma-
ga mejbur edişi ıaly hereketler Russ serkerdeleriniñ göz öñünden geçıär.Şondan soñra ıokarky maglumatlary Kafkaza ıollaıar.
Genral Lomakiniñ ıolbaşçylygynda (1877-78)Aşgabat tarapa edilen synanşyk şowsuz gutarıar,olar köp zyıan çekip,Gyzylarwatdan izyna gaıdıarlar.Şondan soñra Gowşut bilen Nurberdini öldürmek baradaky maslahatlary-
na has-da çynyrgadyp,şol kelleler üçin goılan baıraklary öñküden-de ıokarlandyrıarlar.
Erkin ıaşap ıören Türkmenleriñ üstüne esassyz hem-de agyr ıaraglar bilen ıaraglanan goşunly ,hile ıüküni-de
tutup gelen Türkmenleriñ arasynda agyzalalyk,bölünşiklik salmak ıaly adalatsyz hereketleri etmedik bolsa,gaı-
duwsyz gahramanlarymyzyñ serlerini topraga garan duşman,eger aç-açan uruşa geçen bolsa (hilesiz)onda Türkmenleri asla alyp bilmezdi.
Ata-babalarymyzyñ ömürboıy garaşan erkana zamana indi gelip ıetdi.
Gökdepäniñ günbatarynda Hankäriz gonamçylygynda Nurberdi hanyñ we onuñ sag-solunda ıatan ogullary Döwlet beg bilen Magtymguly hanyñ – üçünjisiniñ mazarynyñ üstünde Tejenli Orazgylyç molla ogly Hoja ahmed ahunyñ baş ussatlygynda äpet ıadygärlik gümmez galdyryldy.Ol indi uly iliñ zyıarathanasyna öwrüldi.
Nurberdi han bilen baglanşykly materıallar esasan tejenli kyssaçy merhum suhanberdi annagurban oglynyñ (1898-1983)gürrüñlerinden alyndy
 
 
Oraz serdar 
 
Dykma serdaryñ ogly oraz serdar polkownik derejede Zakaspy frontynda goşun baştutany (1918-1919) bolıar.
Ol Peterburgyñ aıratyn kadet korpusyny tamamlaıar.1918nji ıylyñ 19nji noıabrynda Baıramalyda Inglis genraly Mallesony garşylaıar we oña Buhara emiriniñ adyndan  “ Buhara ıyldyzy “ ordenini gowşurıar.Ol akgwardiıaçy-
laryñ Çärjewä garşy taııarlaıan uruş hereketlerine Inglis goşunlarynyñ gatnaşmagyny haıyş edip,Buhara emiriniñ olary goldajakdygyny habar beripdir.
Oktıabrdan soñ ol Türkestanyñ RSFSR hökümeti tarapyndan yglan edilen awtonomiıasy hakyndaky mesläni çözen welaıat musulmany komitetiniñ başlygy bolupdyr.  
1918nji ıylyñ fewralynda bu komitet dargadylypdyr.Şondan soñ ol Bäherden etrabynda gizlenip gezipdir.
1918nji ıylyñ 16nji iıulynda milli han-töreleriniñ Büzmeıinde bolup geçen gurultaıynda Oraz serdar Eziz hana öz oterıadayna goşulmagy teklip edipdir.Oña “ Eger şeıitseñ,seni garyplar hem,barlylar hem Han diıip ykrar ederler “ diıipdirler.Eziz han birbada onuñ aıdanlary bilen ylalaşypdyr.
Goşun baştutany Oraz serdar Eziz hanyñ özüne tabyn bolmagyny isläpdir.Eziz hanyñ jigitleri yhlas bilen gullak etmeıärler we Gyzyllaryñ goşunlaryna garşy geçirilıän işlere gatnaşmakdan boıun towlaıarlar diıen bahanalar bilen ony gowuşgynsyzlykda aıplaıar.
Kontrrewolıutsion güıçler häkimiıeti öz ellerine alyp,Aşgabatda sagçy Eser fontokowyñ baştutanlygynda zakas-
pi welaıatynyñ ıerine ıetiriji komiteti diıilıäni döredıärler.Onuñ wezipesi Russlara garşy göreşmek üçin Türkm-
enleri jemlemekden ybaratdy.Merkezi Türkmen komitetiniñ baştutanlygyna Türkmenleriñ onbaşyçysy Polkownik
Oraz serdar bellenilıär.
Baştutanyñ kömekçiligine,onuñ ştabyna hem-de gyssagara düzülen goşunynyñ ıokary wezipelerine ozalky ofi-seler  “ Türkestanyñ bolşewizme garşy göreş birleşiginiñ “ agzalary bellenilıär.Merkezi Türkmen komitetine bäş
Muñ golaı adam toplanyp ıaraglandyrylıar.     
„ Zakaspide Inglis goşunlarynyñ baştutany Genral Mallesoi ıerli halkyñ – Türkmeniñ özbaşdaklyga tarap öwrül-
megini güıçlendirmäge çalyşyp,özüniñ Türkmenler bilen gatnaşygynda uly işler edıärdi „ diıilip,akgwardiıaçy-
laryñ dokumentlerinde ıazylypdyr.Inglis genraly bilen Oraz serdar pikirdaş bolupdyr. „ Oraz serdar Türkmen halkynyñ özbaşdaklygyñ ugrundaky göreşde aıratyn yhlaslyk görkezdi „ diıip,genral Mallesoi belläpdir.
Oraz serdar öz döwürdeşleri Jüneıit han,Eziz han,İumut han we beıleki han-begler ıaly bütin Türkmen halkyna han bolmak isläpdir.Şeılelik bilen esasy üç topar peıda bolupdyr.Russ akgwardiıaçylary,Türkmen milli goşuny,
we Inglis interwenleri öñe saılanypdyrlar.Bularyñ üçisem sowet häkimiıetine garşy göreşıärler.
Oraz serdaryñ Inglis interwenleriniñ kömegi bilen Russiıa garaşsyz bolan döwlet döretmek barada eden umitla-
ry puja çykıar.Türkparaz we Islamparaz diıilip atlandyrylıan baıdak astynda göreşıän halk bitewi bölünmeıän
Russiıany döretjek bolup dyrjyaşıan Russ akgwardiıaçylary örän ıigrenıärdi.
1918nji ıylyñ tomsunda Oraz serdaryñ welaıatdan çykyp gitmegine Denukunçiler sebäp bolupdyr.Genral Lazarow 1919nji ıylyñ 9nji awgustynda „ Oraz serdar häzirki wagtda zakaspy welaıatyndan daşarda bir ıerlerde gezip ıör „ diıip,Denikine hat ıazypdyr hem-de Oraz serdaryñ izyna dolanyp gelmegini mümkingadar uzaga çekdirmegi ondan haıyş edipdir.
Oraz serdar 1919nji ıylyñ aıagynda – 1920nji ıylyñ başynda ıaraglanyp,gämi bilen çelekene gelıär.Ol bu ıerede ıagdaıyñ öwerlikli däldigine göz ıetirip,şol gije gämä münüp,Eıranyñ Guçan şährine gidıär.ondan soñky ykbaly belli däl.
 
 
Orazmämmet han
  
Tekänin Togtamyş – beg – Goñur – Gara goñur tiresinden bolan Orazmämmet han (Hajygurbanyñ ogly,Mämmet
-weli kazynyñ agtygy,Ak kazynyñ çowlugy) Gökdepe urşunyñ taryhynda iz galdyran şahsiıetlerniñ biridir.
Oraz mämmet han Berdimyrat han bilen bilelikde Gökdepe galasynyñ gurluşygynda ıolbaşçylyk edipdir.
Hemme işde Berdimyrat hanyñ ıakyn geñeşdary bolupdyr.Berdimyrat han söweşde agyr ıaralanyp ölenden soñ
Nurberdi han Marydan gelıänçä,Hanlyk Orazmämmet hana geçipdir.Maslahatlara onuñ özi baştutanlyk edipdir.
Russlaryñ Gökdepe birinji çozuşynda tekeler Russlary ıeñendiklerini birbada bilmändirler.Orazmämmet hanyñ
ıolbaşçylygynda 1879nji ıylyñ 28nji awgust günli gije uzaga çeken maslahat bolupdyr.Şonda Orazmämmet hanam Gurbanmyrat işanam Russlar bilen ıaraşyk barada gepleşik geçirilmegine garşy çykypdyr.İöne muña
garamazdan,Ahyrsoñy Polat han bilen Wepadar hany Russlaryñ üstüne ibermek,olaryñ talaplaryny bilmek kararyna gelıär.
Emma wagt giç bolansoñ,wekilleri dañdan ibermeli edıärler.29nji awgustda wekiller russlaryñ lagerine baranlar-
ynda olaryñ eııäm gidendiklerini görıärler.Şondan soñ Orazmämmet han ıene-de maslahat geçirıär.Köp adamlar indi Russlaryñ gitdigidir diııär we ilatyñ öñki ıürtlerine göçüp barmagyna rugsat soraıar.
Şondan soñ köp wagt geçmänkä,Nurberdi han Marydan dolanyp gelıär.Gelen dessine ony ıene-de han saılaıarlar.Oña muñ sany nöker (perraç)bermeli edıärler.her tire 200-300atly beripdir we olary eklemek üçin her obadan paç alnypdyr.Nökerler her tiräniñ öz hanynyñ ygtyıaryna berlipdir.Beg tiresinden toplanan nökerlere Orazmämmet han serdarlyk edipdir,.Nökerler serhet ıakalarynda garawolçylyk edipdirler,gala göçüp barmakdan ıüz dönderen adamlary jezalandyrypdyrlar.
Lomakiniñ ekspediıasy döwründe gökdepe galasy entek gurlup gutarylman eken.Soñra onuñ gurluşygyny gyssagly dowam etdirilipdir.Galanyñ her ganatyny Tekäniñ bir tiresi gurupdyr,oñada şol tiräniñ serdary ıolbaşçylyk edipdir.Beg tiresiniñ gurıan ganaty Orazmämmet hanyñ ıolbaşçylygynda gurlupdyr.
Nurberdi han ölenden soñ,onuñ ortanji aıalyndan bolan ogly Magtymguly han ähli tekäniñ hany diıilip saılanyl-
ıar.Ol şol wagtlar heniz uruş görmedik ıaş ıigit eken.Şoña çenli ylym öwrenmek bilen meşgullanypdyr.
Russlaryñ ikinji ekspediıasynyñ gelmegi bilen Magtymguly hanyñ täsiri gowşaıar.Maslahat bolup Tekäniñ 4 tiresiniñ hersinden bir han saılanıar.Magtymguly handa diñe ähli Tekäniñ hany diıen titul galıar.Hakykat ıüzünde bolsa her tiräniñ hany öz tiresine baştutanlyk edipdir.Şol hanlar galanyñ özlerine berkidilen ganatynyñ gurl-
up gutarylmagyna,hiç kimiñ galany taşlap gitmezligine jogap beripdirler.Netijede dört hanlyk emele gelip,wekil-
lere Magtymguly han,Syçmazlara Mämmetguly han,Bagşydaşaıaga Hezretguly han,Beglere hem Orazmämmet han hana saılanypdyr.Olaryñ her biri öz tiresiniñ doly hukukly hany bolupdyr.
Orazmämmet han uzakdan görüji,parasatly,syıasatçy bolupdyr.Ol Russlar bilen uruşmagyñ garşysyna çykyş edipdir.Maslahatda :
-         İürt kassam bilen goralmaıar,ıarag,top bilen goralıar.orslar güıçli,diñe ilaty gyrgyna bereris diıipdir.Ony Russlara satylan dönük diıilip atlandyrypdyrlar.“ Orslara garşy urşy Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyñ kellesini almakdan başlamaly „ diıipdirler.Ol ikisi Russlara garşy uruşjajdyklaryna ilkinji bolup
Gurhana ant içmäge mejbur edipdirler,Şonda gahary gelen Orazmämmet han :
-         Akmak halk,men özümiñ akmaklygym üçin däl-de,seniñ akmaklygyñ üçin ant içıärin.Sen ölüp bilıän bolsañ menem ölerin – diıipdir.
N.I.Grodekow hatda M.D.Skobelewiñ ekspediıasy döwürde Hezretguly handan,Orazmämmet handan we Polat handan gizlin gepleşikler geçirmäge taııarlyklary barada hat alyndyklaryny tassyklaıar.İöne şol hatlar 1880 nji
İylyñ 29nji dekabrynda,Russlaryñ ıagny hüjüm etmezleriniñ öñüsyrasynda alnypdyr we eııäm gepleşik geçi-
rerden giç bolupdyr.
Russlar bilen uruşmazlygyñ parahatçylykda gepleşikler geçirmegiñ tarpdary bolandygyna garamazdan,Orazmä
-mmet han söweş hereketlerine işeñer gatnaşypdyr.Gökdepe galasynyñ goramagyñ guramaçylarynyñ biri bolupdyr .
1881nji ıylda 12nji ıanwarynda Russlar nagym gazyp,galanyñ diwarynyñ astynda däri goıup partladıarlar.
Galanyñ şol ganatyny begler goraıar eken.Wekillerem ol ıeriñ golaıjagynda eken.Diñe galanyñ partladylan ıerinde ıedi ıüzden gowrak adam ölüpdir.
Orazmämmet hanyñ edil haısy gün,nähilli ıagdaıda wepat bolandygyny,tassyklaıan maglumat ıok.12nji ıanwardan öñ wepat bolan adamlaryñ arasynda hem onuñ ady agzalmaıar.Orazmämmet hanyñ 12nji ıanwarda galanyñ partladylan ıerinde wepat bolan bolmagy gaty ähtimaldyr.
Halk arasynda şeıle rowaıat bar.1900nji ıylda genral Kuropatkin gökdepe galasynyñ harabalygyny görmek üçin baranmyş.Şol ıerde oturan bir gojadan :
-         Gala goralanda näçe adam öldi ?Diıip soranmyş.
Ol hem :
    -üç adam -- diıip jogap beren.
Kuropatkin goja öz soragyny düşünen däldir öıdüp,bir näçe muñ adamyñ heläk bolanyny özüniñem görendigini,
Gojadan anykrak maglumat eşitmekçi bolıandygyny aıdypdyr.Onda ol goja :
-         Men ıanaralyñ soragyna düşündim,ölen adam köp boldy,ıöne olaryñ üçüsinden başgasyny biziñ aıallarymyz eııäm dogurdy.Şol üç adamy welin indi hiç aıal dogurup bilmez.
Kuropatkin şol üç adamyñ kimdigini soranmyş.Halk arasynda gojanyñ sanan atlary dürlüçeräk aıdylıar.Käte olar bäş-alta-da ıetirıärler.İöne şolaryñ arasynda Orazmämmet han hem agzalıar.
 
 
Täçgök serdar
 
Dogulan we aradan çykan ıyllary henizem çenli anyk kesgitlenenok.İöne onuñ 19nji asyrda ıaşandygy belli.
Täçgök serdaryñ tiresi : Teke – Utamyş – Syçmaz –Aksupy – Gaıyr – aksakgal-alajagöz.Doglan ıeri annyk belli däl.İöne onuñ Bäşgala etrabynda (Takmynan,Gäwürs bilen Duşak aralygy)doglan bolmagy örän ähtimaldyr.
Täçgök serdaryñ kakasyna Atabaı diıer ekenler.Şu etrapda ıaşaıan Tekeleriñ 19nji asryñ 30nji ıyllarynyñ başlarynda Sarahsa süışüp barmagy bilen Täçgök serdar ömrüniñ ep-esli bölegini şu ıerde,soñra 50nji ıyllaryñ ahyrlarynda Mara süışilmegi netijesinde bolsa Mary etrabynda geçiripdir.Ol ömrüniñ soñky ıyllarynda Mäne-çäçede ıaşapdyr. Täçgök serdar  ıaşlykdan at-ıarag bilen iş salyşyp,goñşy Hanlyk bilen bolan ulyly-kiçili çakna
-şyklara gatnaşypdyr.Ol özüniñ edenliligi we guramçylyklylygy bilen özgelerden tapawotlanypdyr.Şoña görä-de ol köp wagt geçmänkä,ykrar edilen serdarlaryñ birine öwrülipdir.Ol Gowşut han bilen bilelikde 1855nji ıylda Sarahsad,1861nji ıylda Maryda bolan urşlara gatnaşyp,öz şahsy edermenligini we serdarlyk ukybyny görkezipdir. Täçgök serdar öz ıigitleri bilen Maşada ,Hyrata syıahata,zyıarata hem-de tejarata gitmekligi gowy görer eken.Şol taraplarad onuñ tanyşlary ,dostlary kän bolan.Şolaryñ arasynda gala häkimleri hem bar eken.Bir gezek şol galalaryñ biriniñ häkimi ep-esli hazynasyny ogurladanda, Täçgök serdar  ogryny we ogurlanan hazynany tapmaga kömek edıär.Bu kömek üçin häkim oña bir gyzy peşgeş beripdir.(Aıdylşyna görä,ol gyz owganistanda ıaşaıan Jemşitlerden bolmaly).Şol gyz Türkmen halkynyñ beıik ogly ,Türkmenistanyñ görnükli döwlet işgäri Gaıgysyz Atabaıewiñ ejesidir. Täçgök serdar  daş sypaty boıunça iner ıaly örän daıaw, häsiıeti boıunça juda gyzma,çäksiz batyr adam bolupdyr.
Täçgök serdar Maryda ep-esli wagt ıaşandan soñ öz tiresi we diıenlerini edıän adamlar bilenMämä-çäçä tarapa göçüp gaıdypdyr.Olar göçüp barmazyndan öñ,Mänä-çäçä sebitlerinde ıaşaıan ilat juda az eken.Sebäbi dag etegi hem-de gyrak çet bolany üçin bu ıere daşardan häli-şindi çozuş edilip durlupdyr. Täçgök serdaryñ obrazy belli ıazyji Atajan taganof “ Pereñli ıesiriñ ıatlamasy “ powestinde ,Sarahs galasy romanynda hem oñat şöhlelenipdyr.
 
 
Hajymuhammet han  
     
Hajymuhammet han (Hajym han) 1520nji ıylda Köneürgenç etrabynda eneden bolıar.Ol arakesmeler bilen
1558-1602nji ıyllarda Horezemde Hanlyk edıär.Inglis syıahatçysy A.Ženkinson ony “Türkmenleriñ patyşahsy “ diıip atlandyrypdyr.
Hajymuhammet han ilki Wezirde(Döwkesende), 1565nji ıylda Ali soltan ölenden soñ,Ürgençde(Köneürgenç) ıürdi dolandyrıar.Ol 1592nji ıylda Nusaıy we Durany basyp alıar.İöne köp wagt geçmänkä Buhara hany Abdylla II (1588-1597nji ıyllarda Hanlyk eden) Horezme we Horasana ıöriş edıär.Şeılelikde,Hajymuhammet han Eırana gaçmaga mejbur bolıar.
1595nji ıylda ol Şa Apbasyñ huzuryna barıar.Şa Apbasyñ Horasana eden ıörişinden peıdalanyp,Horezmi gaıdyp almagyñ hyıalyna düşıär , ogullary Arapmuhammedi we Muhammetgulyny alyp Türkmenleriñ arasynda gelıär.
Olara Kürendagyñ Tekelerinden  we İumutlaryndan 50-60 adam,Uzboıuñ Ärsary Türkmenlerinden600 adam goşulaıar.Hajymuhammet han şolara daıanyp,Buharalary Horezemden kowup çykarıar.Ol bu ıerde uzak saklanyp bilmändir, sebäbi Horezmi basyp alanlaryndan soñ, Türkmenleriñ tas hemmesi diıen ıaly yzlaryna gaıdıar –lar.
Bu ıagdaıy duıan Abdylla han Hajymuhammet hanyñ doganynyñ ogly Baba soltany öldürıär.Hajymuhammet han ogly Arapmuhammet bilen Eırana gaçıar.Onuñ ikinji ogly Muhammetguly bolsa ilki Maññytlaryñ soñra Russlaryñ arasyna barıar we Boris godnowiñ Krym tatarlarynyñ üstüne eden ıörişine gatnaşıar,Hajymuhammet han diñe Abdylla han we onuñ ogly ölenden soñ,1598nji ıylda Horezme ymykly ornaşıar.Ol 1602nji ıylda aradan çykıar.Şondan soñ Horezmi onuñ ogly Arapmuhammet dolandyryp ugraıar.
 
      
 
Hojamşükür han
  
Nazar molla ogly Hojamşükür Tejeniñ Kyrkguıy obasynda 1792nji ıylda doglup,häzirki Babadaıhan(ozalky kyrk guıy) etrapynyñ Köpgara obasynda 1881nji ıylda 90ıaşynyñ içinde aradan çykıar.Ol şol obanyñ hojamşükür gonamçylygynda jaılanıar.” Men ölemsoñ bir ıyla çenli meniñ mezerymy bilinmez ıaly ediñ,eger biläıseler, Hökman agtarıarlar,sebäbi bu goja kelläme köp mukdarda baırak goılandyr “Diıip,ol çagalaryna,garndaşlaryna  wesıet edipdir.Şonuñ üçin onuñ mazary ep-esli wagt gizlin saklanyp,soñ-soñlar aıan edipdirler.
Nazar mollanyñ ogullaryna Hojamşükür,Sary,Begnazar diıilyär.Bularyñ nebereleri Tejende,Wekilbazarda,Ahalda ıaşaıarlar.Hojamşüküriñ ogluña Nurberi han(meşhur Nurberdihanyñ atdaşy) onuñ ogluña Nurmyrat han(Pisek batyr)diıilyär ; onuñ hem üç ogly bolan.Olara Atajan batyr,Anna pisek, daş batyr dagydyr ;Atajanyñ izi ıok,Anna pisekden Gully,ondan-da Annaberdi,Orazgylyç,Rejepgylyç dagy önüpdir.
Daş batyrdan Baıram,Orazmyrat,Baımyrat ıaly nesil galypdyr.
Hojamşükür Türkmeniñ ; Teke-Togtamyş-Wekil-Gara- Mah tiresindendir.Hojamşüküriñ ıakyn garyndaşlary Hojaahmet,Nazar çapyk(Gökdepe urşuna gatnaşyp,soñ guma göçen),Hojaberdi jezit dagy bolup,Hojaberdiden Ballyk(Hojamşüküriñ ady dakylan),Ballykdan Wellimuhammet önen.
Ahal arkajyndan süışüp,Kaka sebitlerine gelip,Bäşgalada(Heñam,Akjagala,Garajagala,Gumgala,Garahan (Toply) galady) ıaşaıan Tekeleriñ ıagdaıy külli Tekäniñ baş hany Myrat han wepat bolandan(1819) soñ has-da
agyrlaşıar.Eıranlar bäşgalaly Tekeleriñ üstüne çozuşlaryny güıçlendirip başlaıarlar.Esasan hem Bäşgalanyñ ıaşulusy goja serdar Amandöşüñ kellesini kesip getiriñ “ Şonça muñ gyran sylagy bar “ diılip,Eıranda jar çekdiri
-ilıär we bir topar melgun iberilıär.
Şol wagtlar hem Teke Türkmenleri Sünni bolany üçin Hiwa hanlygyñ raıatynda bolanlar.Hiwa hany Ispendıar han Tekeleriñ baş hanynyñ(Myrat serdaryñ )wepat bolandygyny eşidıär.1823nji ıylda Agöıli Türkmenleriniñ arasyndan Hojamşükür Teke Türkmenlerine baştutanlyk etmegi ynanyp,oña Hanlyk-aksakgallyk ıarlygyny berip, Ony Ahal teke hanlarynyñ arasyna iberıär.Ahalda bolan maslahatda Hojamşüküre bäşgalalyTekelere Hanlyk etmek ynanylıar.Ilaty agyr ıagdaıdan alyp çykmak üçin Sarahsa göçürmek,Eıranyñ raıatlary bilen hem hoşniıet gatnaşygy saklamak maslahat berilıär.
Şondan soñ Hojamşükür Bäşgala gelip,ıerli ıaşulular bilen maslahatlaşıar.Ol ıanyna goşulan 5sany wekili bilen Sarahsyñ ıagdaıyny bilmäge gidıär.Görseler,bu ıüwürt çarwa-çumurlar üçin has amatly ıer eken.Gaırasy Murgaba,gündogar-guşlygy İeroılandüze we Şeıhjüneıide(Guşga)çenli ıaıylip ıatyr.Ilersi Eıran araçägi, Hyrat-Tejen derıasy bolup,ol Kinniklä baryp ıetıär,ondan hem günorta dag etegi bilen İasydepe,añryk bolsa çägelek- leriñ hem-de daglaryñ-baıyrlaryñ arasy bilen Hojanyñ suwy we Kesearkaç serhedi bolup gidıär.
Hojamşüküriñ ıolbaşçylygynda wekiller Bäşgaladan tiz göçmegi teklip edıärler. Bu ıerde galjaklarynyda öz yhtiıarlaryna goııarlar.Maslahatdan soñ Bäşgalalylar Sarahsa ugraıarlar.Göçüp barıanlar ıolda ıuwa-ıelmik, bürça-kösük,çekize-gurt,gataññar iıip oñmaly bolıarlar.Agşam şamynda bolsa selme,akpamyk ıaly ıumşak otlary iııärler.Eıranly talañçylar zerarli gaty hor düşen Bäşgalalylar ıolda her hilli şygyrlar aıdyşıarlar.
Meselem :
 
Hojamşükür hanymyz,
İuwa-ıelmik nanymyz
İuwa-ıelmik gurasa
Niçik bolar ahwalymyz
 
1824nji ıylyñ nowruzynda ıola düşen çarwalar10-15 günüñ içinda Sarahsa barıarlar.Soñra Hojamşükür ıanyna 5sany ıaşulyny alyp,Eıran Sarahsynyñ etek galasynyñ 2-sine barıar,hal-ıagday soraşıar,bir ıylykça ekmäge bugdaı tohmuny hem-de garyplar iıer ıaly bir ıyllyk gallany karz soraıar.Bularyñ ıagdaıyny görup,olar eker ıaly tohumlyk bugdaıy kömek diıip,iımek üçin hem gallany karzyna berıärler.Hojamşüküriñ dilewarlykdan, ugurtapyjylykdan, pähim-paıhaslykdan,her hilli siıasat-sypaıyçylykdan baş çykarşyny gören halk oña barha ysnaşıar.
Geçen zamanlardaky “ Hiwa argyşa gitsekmikäk ıa-da Tejende ıazlyk bugdaı eksekmikäk “ diıen atalar sözüni ıatlap,daıhanlar ıazlyk galany köp ekıärler.Ol hem iki ıarym aıdan bişip hasyl berıär.Eıranlylaryñ kömegi bilen Tekeler çörek bolçylygyna ıetıärler.Türkmenler olar bilen mallaryny dänä we beıleki gerek zatlaryna çaly-
şıarlar. Şeıdip hem ,halkyñ gerdeninden açlyk horlyk howpy sowulıar.Goñşylar bilen has ysnyşykly gatnaşykda bolan Tekeleriñ hal-ıagdaıy barha gowulaşıar.
Parasatly Hojamşükür ıaşulular bilen maslahatlaşıar.Olar belli-külli karara gelıärler.Sarahs hanyna derwaıys bolan nöker goşunyny döredıärler.Ol Baba onbegi ogly Garaoglan hanyñ serkerdeligindäki Annaguly ıaglynyñ
Ogly Oraz ıaly,Hajygaplañ Aımämet ogly Nazar batyr,Kelhan kepele ıaly serdarlaryñ,Mämetweli kemine ıaly ylymly alymlaryñ kömegi bilen öz garamagyndaky salpaaıaklaryny,kese ıerden gelen ogry-jümürleri pugta tutup,olaryñ ellerinden mallaryny,zatlaryny alyp,halk eıelerine gowşurıar,ogurlary bolsa berk jezelandyrıar.
Eıran hanlary we raıatlary hojamşükür aksakgallyk eden döwründe onuñ parahatçylyk ugrunda tutanıerli iş alyp
Barşyndan hoşhal bolıarlar.Maşhat hany öz welaıatynyñ Mary tarapynyñ berk galaly ıaly parahat bolanyna begenip “ soñy gelsin,hernä,hudaıym,şu wagta rejesi gaty gowy “ diıip begenıär.
Sarahsda Tekeler3-4 ıylda gurplanıarlar.Uly bazar jaıyny gurıarlar.Hepde-de bir gezek Eıran-Sarahs bazaryny bazarlaıarlar.
Emma Bäşgalalaryñ hemmesiniñ Sarahsa göçmän,şol ıerde galyp,soñ-soñlar köwçüm-köwçüm bolup,Tejen derıasynyñ boılaryna ,aıaklaryna,Ahal arkajyna tarap süışenlerniñ-de şol zamanda Mary Türkmenleriniñ-de Hiwa hanyna garaşly bir beglik bolandygy bellidir.
Sarahsa baryp Tekeler barha baılaşıarlar.Her bir kowmyñ 30-40süri dowary bolup,olary hançopanly uzak örülerde- Tejen derıasynyñ ıokarsynda- Pulhatyñ töwereklerinde,ondan hem aññyrrakda pisse tokaılarynda- Agar ,Çakmakly,Adamölen,Pynhan,Burkazgyrylan,Zülnükar,hatda İeroılan sebitlerinde,şeıle hem İolöten we Mary çarwalary bilen çykyrdaş bolup bakıarlar,Düme arpa-bugdaı ekıärler.
Hojamşükür teletilçilik,gönçülik,halyçylyk,keşdeçilik ıaly golhünärlerini,tebipçiligi,gylyç,hyrly ıasaıan demir ussaçylygyny,zergärçiligi,eıer-esbaplary,şaı-sepleri,öı we at esbaplary,abzallary ıasamak ıaly hünärmentçiligi Üns berip ösdüripdir.Ol hemişe :
 
Her kimde ki hünär ıokdur
Duşmanyna heder ıokdur –
 
Diıip,Magtymgulynyñ stirlerini tekrarlar eken.Hünäriñ ıaragyñ bolmasa,duşmanyñ öñünde hiç hilli garawyñ bolmajakdygyny düşündirer eken.Şol döwürde aıdym-saz hem has ösüpdir.Aıal bagşy ,Weıran bagşy, Ezber bagşy ıaly ussatlar,Mollanepes,Dowan,Töre ahund ıaly zehinler dogulypdyr.Gyşıñ başyndan tä aıagyna çenli Köp myhmanly toılar tutulypdyr,olaryñ hersi üç güne çekipdir.Toı nobatyny bolsa hanyñ ıaşululary hasaba alyp öñünden belläpdirler.
Hojamşükür zamanynda uly medreseler bolmasa-da Kemine şahyr ıaly oglan okadıarlar, “ Muhteser “ okanlar, hapyz çykan mollalar bolupdyr. “ Üssi urugy boljak bolsañ,ylym hem ösdürmeli “ diıip, Hojamşükür bu meselä aıratyn ünsi çekıär.
Eıran – Owganistan ıürtlerinde Karaş atly halypasy bolan Gijen gyryk(gyryk – tiresi) ıaly okamyşlar hem bu ıere gelıär.Okuw işleri gowy ıola goıulıar.Emma soñky wagtda Tejen derıasynyñ gaıra tarapynda Gury köwüñ gapdallarynda tüm ıaly öı gazyp,agaç bilen üstüni basyryp,jaı edinip,Gijen gyryk dagy ters okuwa başlanlar.
Esasy mugallamy Gijen bolan.Soñ Eırandan,Owganistandan,Hindistandan has sowatly mollalarda getirilıär. Şeılelikde ,olar gijelerine obalara aralaşyp,gelin-gyzlary jadylamak ıaly gabahat işlere ıüz urıarlar.Bu ıaramazlyk ıüze çykansoñ,Garryçyrladaky Atajyk mollanyñ kömegi bilen olaryñ bir topary tutulıar,emma Gijen dagy gaçyp sypıar.Ele düşünleri öldürülıär.Bu ıagdaı Hojamşükür hana ıetıär. Ol:
-Aı, nätjek-dä,boljak iş bolupdyr – diıär.
Hüt şu wakadan soñ Hojamşüküre halk arasynda gahar-gazap artıar ;” Hojamşükür ıaşuly körlük etdi,Eıranyñ we gaıra ıürtleriñ ters okan jadygöı mollalaryny getirip,olara ynandy,halkyny masgaraçylykda galdyrdy “ diışip Tolgunşyp başlaıarlar.İogsam,şol ters okanlary ıürde getiren Gijen gyryk dagy ahyryn.Şunlukda“ İüz ıagşy işi bir ıaman iş ıykar “ diıişi ıaly,biregine 30 ıyldan gowrak ıaşululyk eden parasatly Hojamşükür 1853nji ıylda garryçyrlaly uly ylym agzamy,kethuda,Atajyk mollanyñ ıaşululygynda Sarahsda bolan uly mejlis-maslahatda çarwalaryñ ar-namysyna deglenlegi sebäpli hanlykdan aırylıar.Bu ıygnaga Ahaldaky,Gumdaky,Tejen ugrunda-
ky we Sarahsdaky külli Tekeleriñ atly-abraıly adadamlary gatnaşıar.Hojamşüküriñ soñky ıyllardaky baş serdary hem oruntutary,öz ıegeni Öwezdurdy batyryñ ogly Gowşut hanlyga göterilıär.Hojamşükür bolsa baş geñeşda -ar –Aksakgal edilip galdyrylıar.
Hojamşüküriñ aırylanyny eşiden Eıran hanlyklary Tekeleriñ üstüne alaman edip,olary dagytmagy maslahatlaşıarlar. Gowşut han bolsa gyssagly maslahat çagyryp,janpena üçin bir gala salmaklagyñ gerekdigini aıdıar. Ony
makullayarlar,emma Hojamşükür aksakgal welin garşy bolıar :
-         Gala gerek däl,galamyzyñ bir gapdaly Eıran,beıleki gapdaly bolsa Owganistan,ıene bir gapdaly hem Buhara we Hiwa hanlygydyr—diııär.
Gowşut han bolsa Eıran hanlarynyñ owalky lebizlerinden dänendiklerini,olaryñ indi alamançylyk etjekdiklerini aıdıar.Onsoñ kiçiräk gala ıeri tutulyp,salnyp başlanıar.1851nji ıylda gala gurmak işini jäht tutup,tiz ıetişdirmek niıet edıärler.
Gala salmak meselesinde Hojamşükür öz ıegeni Gowşut handan we beıleki ıaşululardan öıkeläp,özüne gulak asan kowumlygy,ıagny 30-a golaı hojalyk bilen 1854nji ıylda Tejen tarapa göçüp gaıdıar.Ertesi bu habary eşiden dessine Gowşut han Molla-işanlary jemläp,olaryñ ıanlaryna öz atly nökerlerinden adam goşup “ Göçüñ izyndan ıetiñ,Töwella ediñ-de,izlaryna alyp gaıdyñ,meniñ haıyşym hem aıdyñ,emma gedemlik etmäñ,Tekepbirlikli sözler aıtmañ,göwünlerine degmäñ! “ diıip tabşyrıar.
Töwellaçylar ertesi günortanlar häzirki Hojuklyñ günbatar tarapyndan olaryñ izyndan ıetıär.Göçüñ ıany bilen barıan ıaragly adamlar Töwellaçylara “ Göçüñ ıanyna barmañ “ diıişip,azymly gygyrarlar.Töwellaçylaryñ ara- synda Guwwat ıirik atly adam Garaoglan onbegini tanap,onuñ bilen owaldan öçli,özara duşmançylygy bolany Üçin ony atıar.Emma Töwellaçylar bu ıagdaıy görüp,Guwwat ıirigiñ elinden tüpeñini alyp,oña käıäp,soñra çäre görjekdiklerini düdürıarlar.Garaoglan han bolsa şol ıerde ölıär.Ony jojuklyñ günbatar tarapynda jaılap, daşyna garym-haıat belgilerini edıärler.
Bularyñ töwellaçylaryny alyp,göçüñ köpsi gaydıar,emma Hojamşükür 3-4 hojalygyñ düıesini idip,Tejene tarapa gaıdıar.
Ol tokaı-jeññellige öwrülen bir wagtky Annaguly ıaglynyñ (Oraz ıaglynyñ kakasy) köne galasyna barıar.Gündizine dym-dyrslyk,emma gijesine şagal-möjekleriñ,gaplañlaryñ seslerinden zenzele turıan bu galada Hojamşüküriñ maşgalalary uzak gijeler ıatman,bedre-tüññürlerini şakyrdadyşyp,dañlaryny zordan atyrypdyrlar.Uzak gijeler aglaşyp çykypdyrlar.Şonda Hojamşükür : “ …ıeri meniñem elimden erkegiñ owsaryny silkip alaga-da izyna gidäıenlerinde näme bolardy?menem dolanyp barardym-da “ Diıip,ıalñyşyna düşünip,gözünden ıaş dökıär.
Soñra olar ıola düşüp,Tejeniñ aıagynda—Mamurda oturan çarwalaryñka barıar.Çagalaryny goıup,dört ıaşar burgaça münüp,Hiwa rowana bolıar.Ol 12günde Hiwa hany Mädemin hanyñka ıetıär.Olar ozal Agöıli Türkmenleriniñ arasyndakylar bäsdeşlik edişin işleşensoñlar bir-birlerini derrew tanaıarlar.
Hojamşükür Gowşut handan gala meselesinde närazilygyny aıdyp,öteräk käıinıär.Bu bolsa ozaldan yrsarap ıören Hiwa hany Mädemine uly tutaryk bolıar.
Onuñ goşun çekip bärik ıöriş etjeginden bihabar Hojamşükür Tejen aıagyna gelip,Mamurda,Üçburçda, Kyrkgoıda ıaşaberıär.Ol Mädeminiñ ıörişini eşidip,ony Mara gelende gabatlap,töwella barıar, emma netije bermeıär.
Hojamşüküriñ neberelerinden Pisek(Nurmyrat) batyr dagy Mädiminiñ garşysyna söweşıärler.1855nji ıylda Hiwa hany Mädiminiñ goşuny ıeñilıär,şol uruşda Mädimin öldürilıär.
Soñra Gowşut hanyñ baştutanlygynda Sarahsdan Mara göçülıär(1858).Mazaly ornaşansoñra bolsa sarpaly adamlardan ybarat töwellaçylaryñ tagallasy bilen Hojamşükür Tejenden Mara (1862)göçürlip getirilıär.
Ol Wekilbazarda garyndaşlarynyñ arasynda öz islegi boyunça ıürt tutunıar.Gowşut han dagy Mädiminiñ çozuşynda Hojamşüküriñ günäsi ıokdygyny,onuñ barybir Tekeleriñ üstüne ıöriş etjekdigini,bu ıagdaıa hut Mädiminiñ özüniñ mesliginiñ azgynlygynyñ sebäpkärdigini halka giñden düşündirıärler hem-de Hojamşüküri öñki wezipesinde – aksakgallykda galdyrıarlar.Gowşut ömrüniñ ahyryna çenli Hojamşüküriñ maslahatyny diñläp, oña uly hormat goııar.
1878nji ıylyñ ahyrragynda Gowşut han öldürilenden soñ,goja ıaşuly Hojamşükür ıene-de Tejene göçüp gelıär.
Bir wagtky daıaw,bugdaıreñk,at ıüzli,ıiti gözli,agras,uzyn boıly Hojamşüküriñ iri süñkbaşlary örän inçelip, küıkerip,gaty garrap,90ıasynyñ içinde wepat bolıar.
Hojamşükür baradaky esasy maglumatlar tejenli meşhur kyssaçy Annagurban oglundan ıazylyp alyndy.
 
 
Çopan kir
  
Halk içinde Çopan kir ady bilen giñden tanalıan,uatmyşyñ matr tiresinden bolan Ulugberdi tagan gazan ogly 19nji asyryñ başlarynda,häzirki Garadaşaıak diıilip atlandyrylıan Aşgabat etrabynyñ “ TSSR-iñ 40 ıyllyk “ kolhozynda dünıä inipdir diıilip çaklanylıar.
Çopan kiriñ (Ulugberdiniñ) añyrsy şol döwürde belli şahsiıet bolan Garaja batyrdan gaıdıar.Garaja batyrdan Akmyrat batyr,ondanam Çopan kiriñ kakasy Tagan gazan gaıdıar.Tagan gazandanam Atamyrat,Saryhan, Ulug
-berdi(Çopan kir ),Suhanguly(alamana gidende serdar hökmünde iki paı alıanlygy üçin oña il arasynda “Paıly” hem diıen ekenler ),Nepes,Göle(Çopan kir baradaky olaryñ in kiçi dogany Göleden gaıdıar) dagy önüpdir.
Ejesi—Oguldöwlet.Çopan kiriñ birinji aıaly Bokurdak tiresinden Garsak,diıen şahasyndan ( ady belli däl) .
Ikinji ayaly – Mäser.Mäseriñ ejesi gyrnak bolan.
Birinji aıalyndan Annamuhammet diıen bir ogul bolıar.İöne ol 14ıaşynda ıüregi ıarylyp ölıär.Ikinji aıalyndan Mämet batyr dogulıar,Mämet batyryñ ogly İazmuhammet batyr, İazmuhammet batyryñ ogullary Meret bilen Durdy häzir bäherden sebitlerinde ıaşaıar.Çopan kir ömrüniñ agramly bölegini Bäherden,Arçman sebitlerinde geçirensoñ , ondan nyşan hökmünde gadymy Arçman obasynda “ Çopan haıat “ diıen ıer ady galypdyr.
Şeıle hem degirmen dagynyñ ileri ıüzünde “ Çopan süren “ diıilıän din saklanyp galypdyr.Şonuñ ıaly-da Bäherdende “ Çopan kärizi “ diıilen kärizler bar.
Çopan kir öz ıaşan döwründe il-ulusynyñ ar-namysy,ıürt abadançylygy ugrunda göreşip,hemişe halkyñ goragynda bolup gelipdir.Aıdyşlaryna görä, Çopan kir ata çykyp,owazasy il içinde ıaırap ugrandan soñ,Türkmenler içden –daşdan salynıan salgytdan azat bolupdyrlar.Muny halk içinde şeıle bir rowaıata ıakyn gürrüñ bilenem esaslandyrıarlar.
Çopan kir gijelerine şöwür çekmegi,aw awlamagy öte gowy görer eken.ynha,onsoñ,günlerde bir gün ol obadan Birnäçe gün ıitirim bolup,awdan dolanyp gelse,Hiwa hanyñ dikmeleriniñ birküç sanysy obadan salgyt ıygnap ıör diııär. Çopan kirem muny görüp,gany depesine urıar-da,olardan : “ siz kim üçin salgyt ıygnaıarsyñyz ? “
Diıip soraıar.Dikmelerem salgydyñ Hiwa hanyñkydygyny aıdıarlar.Onda Çopan kirem : Alan zatlaryñyzy gylyny gyşartman goıuñ-da,özüñizem jähennem boluñ.Hanyñyza-da baryp aıdyñ ,öwrülip Ahal etrabyna aıagyny sekäıse.edil gyzyny ıandyraryn “ diııär.
Dikmeler elem-tas bolup baryşlaryna hana ıagdaıy bolşy-bolşy ıaly aıdyp berıärler. Çopan kiriñ öñem owazasyny eşidip ıörensoñ,han onuñ näjüre adamdygyny görermen bolup,derrew Tekelere çapar ıollaıar.Hanyñ çakylygyna öñdenem garaşyp ıatan Tekeler çapar barandan,han çakylygyna üç bolup gidermen bolıarlar. Olaryñ birinjis-hä Baıly şahyr,ikinjisi Hanmämet atalyk,üçünji edibem Çopan kirii bermegi müıessa bilıärler.
İolda Çopan kir ıoldaşlaryna : “ sag-aman hanyñ ıanyna girip bilseg-ä bize ölüm ıok.İöne ıolda bir zat etselerem, kysmatdakyny görübereris “ diıip,düıdürıär.Hanam öz gezeginde ,ıanyndaky sypaıylaryna : “ men Tekeleriñ rejesini oñaryp gördüm-ä bolarly bolsa , “ çaı-çörek bilen hezzetläñ “ diıerin,onda zat diımäñ,bolmasa-da “sylag-serpaı ediñ “ diıerin.Şonda geliñ-de kellelerini eglemän alyñ “ diıip sargaıar.
Kesearkaçdan baranlar hana salam berip,köşge girıärler welin,han olara oturmagy mürehet edıär.Şonda Çopan kir göny hanyñ gaşyna baryp,gylyjynyñ baljagyny çalarak ıazdyrıar-da ,onuñ budyndan ebşitläp tutup,göni gyragyna ser edip oturberıär.Ine,onsoñ,bular ondan-mundan gürrüñ eden bolup,iñ soñunda gürrüñ şol salgytly meselä syrygdyrıarlar,Şonda han Çopanyñ “ gyzyñy nädeıin “ diıenini ıatlap : “ hany,Tekäniñ içinde bize giew bolanam bar diıidiler-de ,giew haısyñyz bolıarsyñyz? “ diııär. Çopan kirem ıene çalaja gylyjynyñ baljagyny ıokarrak galdyrıar-da : “ han şol giew-ä biz bolmaly “ diııär.Han görse,Çopanyñ rejesi geñ däl diııär.sähel bir eıleñ-beılelik bolsa,ıeke patyñy bermäni eşekden palan alança-da görjek däl.Şonuñ üçinem ol sypaılaryna :
“ çaı-çörek bilen hezzetläñ  “ diıip aıdıar.
Netijede han gepde – sözde basylansoñ Ahal myhmanlaryny hezzetläp izyna ugradıar.Bu bolşy gören köşk emeldarlary : “ A-how,han aga,bu nätdigiñ boldy?sen,näme ol başbilmez Tekeleri serpaı ıapmaga çagyrypdyñmy? “ diııärler.onda hanam : “ Olaryñ bir-ä( Baıly şahyr) iki dünıäniñem hasabyny okumyş adam.onuñ üçin ol dünıe,bu dünıe müşgil zady ıok.Ikinjisem (Hanmämmet atalyk) bir dilli tüıdük.Onuñ sözünde-de hiç hilli hata-da ıok ,bihal zadam.Göni başyny alaımasañ ,gepleşseñ-ä,onda-da o dünıe,bu dünıe ölüm ıok.Üçünjisem bir tulum gan.onuñam haçan ıaryljagy belli däl.Bardy-geldi ıarylaısa-da,ilkinji gan meniñ üstüme syçyrajak.onsoñ men ölenimden soñam,näme bolmady näme “ diıen.İöne onda-da hanyñ emeldarlary : “ ıok ,beıdip,ol gär Tekeleri aman sypdyrp bolmaz.Häzir olary şeıdip sypdyryp göıbersek,olaryñ dişinde et galar,onsoñ olar öz ıüwürdindäkä giew bolıan bolsalar,indi gelip giew bolmanam ıaltanmazlar “ diııärler.Onda hanam : “ O zeıilli bolsa özüñiz görüñ “ diııär.
İöne Çopan kir dagam hanyñ bu piriminden habarly  bolansoñlar,öñki gaıdıan ıollaryny üıtgedip,başga ıol bilen sag-aman Türkmen iline gowuşıarlar.Aıdyşlaryna görä,şondan soñ Hiwa hany çopanyñ demi düşıän ıere Salgyt salmandyr diııärler.
Şeıle hem Çopan kir ençeme söweşlere gatnaşyp,öz ıürekliligi hemem dogumlylygy bilen il içinde “ Dogumda Tekäniñ soñky sarkyndasy “ diıen bahany hem alypdyr.
Çopan kiriñ başga-da il-ulusy üçin gylyç dişlänligi hakynda aıdylıan gürrüñler juda köp.Munuñ hakykatdanam Şeıledigi Adystdar kazynyñ „ Jeñnamasynda „ hem şeıle setirler bilen taryp edilıär :
 
Sag ıanyndan gelip Çopan kir hanyñ
Aždar dek demine dartar duşmanyn
 
Çopan kir galasynyñ synmazynyñ öñsyrasy Germaw galasynda duşman elinden dünıeden gaıdypdyr diıilip çaklanylıar.Bu babatda il içinde şeıle gürrüñem bar.
Çopan agyr ıaradan hem-de ogly Annamuhammediñ ölüminden soñ , uzak wagtlap aılanyp bilmän gezıär.
Birnäçe wagtlap sus bolup gezenden soñ,bir gün Germaw galasyna sary alamana gidermen bolup,ıola çykıarlar welin,onuñ aty ömründe etmeıänini edip,düz ıerde büdräııär.Çopanyñ şonda bir hilli göwnüne gümän gidıär Emma onda-da töweregine syr bermän,atyny sürüberıär welin,gara daglaryñ derreleriniñ arasynda Nepesdurdy Işak diıilıän bir agzy dogaly,halatly adam onuñ ıoluny kesip : „ Batyr,sen şu gün ıoluñdan gaıt,men ötenagş-
am erbet düış gördüm „ diııär.Onda çopan kirem : „ Işan aga,ajal bilen sebäbiñ arasy näçe bolıar? „diııär.
O-da : Bolaısa , bir aı kyrk gün bolar „ diıip ,jogap berıär.Onda Çopanam : „ Meniññem şu gün süññüm bir zat syzıan ıaly.ajaldan gaçyp,gutulup bolmaz.Goı,hamana,şol kyrk günem bolmadyk eken-dä „ diıip atyny öñe sürüberıär.
Düış hakykatdanam oraşan çykıar.Şol söweşde Çopan dagynyñ edeni tersine bolıar.soña baka bilmezdenmi ıa ozal hudaıyñ buırugymy-nämemi olar bir-birini sanjyp ugraıarlar.Netijede ,şo gezek Germaw galasyna alam
-ana gidenleriñ içinden ıalñyz bir adam izyna dolanıar.
Şeıdibem,Çopanyñ mazary gara daglaryñ arasynda galıar.onuñ öz topragynda bolsa mazaryna derek il içinde bir bent goşgy ıaıraıar :
 
Çopan batyr halkyñ hany
Germawda döküldi gany
Köp gyryldy adam sany
…………………………..?
Şol gün haısy aıam bolsa ,bir aıyñ 21-i eken.Şondan bärem il-ulusy şo güni- Çopan çapylan güni,bisähet gün diıip,öz ıatlarynda berk saklap,şol gün hiç bir zady nekirt etmeıärler.Häzirem Çopan kiriñ nebereleri şo däbi pugta saklap ıöredip gelıärler.
 
 
Eziz han
 
1919nji ıylyñ ıazynda akgwardiıaçylar Eziz han Çapyk ogluny atmak üçin Krasnowodskiniñ gyrak çetine çykar-
ıarlar. „ İüregimden atyñ ! – ol barmagy bilen kükregini görkezıär hem-de : -- ıöne musulmançylyga laıyk jaılañ
diıip,han olardan towakga edıär.Eziz han özüni şeıle mert alyp barşyna hatda onuñ jellatlary-da haıran galıarl-
ar. Eziz han kim bolupdyr?Ol okuw kitaplarynda,edebi eserlerde,kinoda,teatrda häzirki döwre çenli „ Galtaman „
„Milletçi „,öz halkynyñ duşmany hökmünde düşündirilip gelindi.Dogry,ol öz ıaşan zamanasy ıaly gapma-garşy-
lykly şahsiıetdi. „ Kim biziñ bilen bolmasa,onda ol bize garşydyr „diıen ıörelgä eıerleıän ıowuz döwrüñ perzendidi.
Çapyk(Gurbanmämmrt) serdaryñ ogly Eziz 1887nji ıylda Ahalyñ Herrikgala obasynda dogulıar.Çapyk serdar utamyş tiresiniñ bagşy-miriş taıpasyndan bolup,alamançylaryñ ıolbaşçy hökmünde tanalypdyr.Eziz hanyñ atasy Nepes kuwwat hem ıaşlyk döwründe alamançylyk edipdir.Hatda,ol üç ıyllap gyzylbaşlarda ıesirlikde hem bolupdyr.Eziz hanyñ kakasy bilen atasy Gökdepe galasynyñ goralyşyna aktiw gatnaşypdyrlar.
Çapyk serdar kellesindäki we ıüzündäki alty sany ıara iziniñ ikisini Gökdepe urşunda alypdyr.Garyp düşen Çapyk serdar 1917nji ıylda aıaly Ogulgerek,ogullary Salyh,Kasymguly hem-de Eziz bilen bilelikde Ahalyñ Tejeniñ Agalañ obasyna göçüp barıar we daıhançylyk bilen meşgul bolıar.
Birinji jahan urşunda Türkmenleri goşuna çagyrmadyk Patyşah hökümeti birdenkä erkek adamlary tyl işlerini çekmek barada perman berıär.Tejeniñ daıhanlary mirap Eziz çapygyñ başda durmagynda päleçilik üçin toplanylan adamlaryñ ugradylmagynda päsgelçilik berpdirler, ıaragly toplañ turzupdyrlar.Hökümet topalañy basyp ıatyrmak üçin olaryñ üstüne jeza beriji oterıady sürıär.Eziz han özüniñ has wepaly adamlary bilen birlikde ilki Tejeniñ aşak tarapynda gizlenıär,soñ bolsa Eırana ,ondan hem Owganistana gidıär.Fewral rewoıusiıasyndan soñ Eziz han Tejene gaıdyp gelıär.Türküstaniñ ähli ıerinde bolşy ıaly bu ıerde hem iki häkimistanlyk höküm sürıärdi.Garagçylyk,ogurlyk barha artardy,açlyk abanyp gelıärdi
Tire aksakgallary,Mollalar,Baılar,daıhanlar Tejen ilatynyñ geñeşinde Eziz handan nökerlere ıolbaşçylyk etmegi haıyş edıärler.Jemi 50sany atly nöker oña tabşyrylıar.Eziz han tiz wagtda talañçylygyñ tepbidin okap,baılaryñ artykmaç gallasyny elinden alyp,daıhanlara paılaıar.Garamaıak halk şundan soñ Eziz hanyñ töwerigine has pugta jebisleşip başlaıar.Halk Eziz hany Tejen deputatlar soweti bilen goşulyşan wolos ıerine ıetiriji komitetiniñ başlyklygyna ham saılaıar.
Oktiıabrdan soñ Eziz han sowetleriñ tarapyna geçıär.Sowetler Eziz hanyñ nökerlerini ıaraglandyrandan soñ,
olaryñ bir bölegini Türküstan hökümetini goramak üçiñ Daşkende,beıleki bölegi bolsa A.I.Dutowyñ Ak kazaklaryna garşy söweşmek üçin fronta iberıärler.
1918nji ıylyñ iıulynda Zakaspy es-erleriñ we menşewikleriñ pitnesi bolup,ol Sowet häkimiıetiniñ ıykylmagyna we Türkmenistanyñ Inglis interwenleri tarapyndan eıelenilmegine getiripdir.Şol iıul günlerinde Eziz hanyñ fronta we Daşkende iberilen nökerleri ıaragsyzlandyrypdyr.Komissarlarda ynamsyzlyk hem şübhe döreden pitne,  Türkmen jigitleriniñ Türküstan hökümetiniñ gullugynda bolup-bolmazlygyñ ykbalyny çözen bolmaga çemeli.
Özüne edilen bu ynamsyzlygyñ Eziz hanyñ Sowet häkimiıetine bolan gatnaşygyna täsir etmän durmajakdygy tebigi zatdyr.Şeılelikde,Eziz han pitneçileriñ tarapyna geçıär we milli akgwardiıaçy güıçleriñ Oraz serdaryñ ıolbaşçylygynda gulluk edıär.İöne ol hiç kimiñ buırugyny ıerine ıetirmeıär,hiç kime boıun synmaıar.
Oraz serdaryñ ilatyñ gallasyny hem beıleki azyk önümlerini alıandygyny göz ıetirenden soñ,Eziz han onuñbilen tersleşip,ol nökerlerini akgwardiıaçylaryñ bolıan ıerinden aıyrıar we Agalaña çekilıär.Şol ıerde onuñ öñden tygşytlap goıan ep-esli bugdaıy bar eken.
Bu iki serdaryñ arasyndaky jetligiñ soñunyñ duşmanlyga ıazmagyñ düıp sebäbi häkimiıet ugrundaky göreşdi.
Tejen hem Mary oazisinde öz hanlygyny döretmäge çalyşıan Eziz han Türkmen topragyna hökümdar bolmagyn- yñ arzuw edip ıören Oraz serdaryñ garamagynda gulluk etmek islemändir.
Eziz han Tejen oazisinde öz häkimiıetini berkarar edenden soñ,häkimiıetleriñ buıruglaryna garamazdan, Tejenden galla äkidilmegini gadagan edipdir.Salgyt hem gümrük ıygymny ıygnapdyr,geljekki hasylyñ aladasy- ny edip ekiş,gazy-hasar işleri bilen meşgullanypdyr.Tejenleriñ adamçylyk mertebesini özçe goramagy başarypdyr, gerek bolanda juda zabun daramakdan hem gaıtmandyr.Eziz han ıerli baılardan duşmanlaryñ köpüsini tussag edipdir.Olaryñ birnäçesini öldüripdir,birnäçesini hununy talap edipdir.Tejen hanynyñ „ eden-etdiligi „ hökümetiñ we aklar armiıasynyñ başlyklaryny gaty gaharyny getiripdir.Emma Eziz han her näme-de bolsa öz ıolundan dänmändir.Ol gallany öz halky üçin gorap saklamakda örän tutanıerlilik görkezipdir.Hatda Agalañy basyp almak üçin ilki Gyzyllaryñ soñra aklaryñ çozuşyndaky ıaly gandöküşikler hem ony raıyndan gaıtaryp bilmändir.
Daıhanlaryñ serdary hökmünde ykrar edilen Eziz hanyñ kakabaşlygyna,hüı-häsiıetine düşünmek hem-de onuñ edıän hereketlerini düşündirmek üçin Türkmen halkynyñ geçmiş taryhyny oñat bilmek gerek.Onuñ ıaşan döwrü- nde heniz patyşah goşunlarynyñ basabalyjylykly çozuşlary netijesinde Gökdepede dökülen nähak ganlar halkyñ añyndan çykyşmandy.
Eziz han Türkmenleriñ 1916nji ıyldaky gozgalañyny patyşah goşunlarynyñ gana gark edenini gözi bilen görüpdi. Koloniıal systeme sezawar edilen Türkmen daıhanlarynyñ añynda Russlaryñ hemmesine bolan ynamsyzlyk pugta ornaşypdy,her bir Russ adamsyna eziji hökmünde garalıardy.Şonuñ bilen birlikde wekilleriniñ agramly bölegi köne endik boıunça Türkmenlere ynam etmeıän ıa-da olara ulumsylyk bilen garaıan Russlardan ybarat bolan Sowet häkimiıetine hem Eziz hanyñ nä derejede ynanyndygyny aıtmak kyn.
Eziz han bir zada anyk göz ıetiripdir ; Sowetleriñ barlygynda oña hanlyk ıetdirjek däldi.Dogry,Aşgabat hökümeti
Eziz hanyñ halk arasyndaky abraıynyñ uludygyny göz öñune tutup,ilkibadalar oña päsgel bermän,gaıtan ıalyñjañlyk hem edipdi. Elbetde,“ ıeke-täk we bitewi Russiıanyñ „ dikeldilmegi hakyndaky monarhyk ideıany kalbyna besleıän A.I Denikin hem Zakaspynyñ „ özbaşdakdan soñ,Eziz han her nämede bolsa,Sowetleriñ tarapyna geçmegi dogry tapıar we öz maksadyny Sowet häkimiıetine ıetirmek üçin ıörite adam iberıär.İöne ol gijä galypdy – Eziz hanyñ takdyry eııäm çözülipdi.Akgwardiıaçylar Inglisleriñ ıanyndan kömek etmekleri netijesinde Eziz hany tussag edıärler hem-de ony „ Galtaman „ hökmünde garalap atıarlar.
Eziz han şahsy durmuşynda nähilli adam bolupdyr ? Ol dine ynanıan adam hökmünde ähli dini däp-dessurlary pugta berjaı edipdir,arakdan,neşeden arassa bolupdyr.Onuñ dört sany aıaly bolup,şolardan başga göz gyzdyr- mandyr.Birinji aıaly Orazdursun Hajymuhammet atly ogluny dogurup,ıaş üstünden ıogalypdyr.Ikinji aıaly ogul- näzik bolsa agasy kasymguly ölenden soñ oña dakylypdyr.Ondan ogulabat gyz,hem Eziz han ıogalandan dört aı geçensoñ,Döwranmuhammet atly ogul bolıar.Daıhanlar serdary nähak atylyp öldürlenden soñ ıarym ıyl geçen soñ bolsa üçünji aıaly Aınabatdan Amanmuhammet (Hummat ) dünıä inıär.Tussag edilmeziniñ öñ ıanynda öılenen asly maryly iñ ıaş – dördünji aıaly näzikden bolsa nesil galmandyr.
Serdar ölenden soñ Eziz hanyñ agasy Salyh Aknäzigi Mara – atasy öıne äkidipdir.1937nji ıylyñ tutha-tutlygy Eziz hanyñ çagalaryndan,hatda onuñ doganlarynyñ agtyklaryndan hem sowlup-geçmändir.Serdaryñ ogullarynyñ üçüside ıedi ıaşyndaka gören kakasynyñ keşbi çala ıadyna düşıän Hajymuhamet-de,hatda kakasyny görmedik,ol ıogalandan soñ dünıä inen Döwranmuhammetdir,Amanmuhammetde(Hummat)gözenegiñ añrysyna düşmeli boldy.Hajymuhammet bilen Amanmuhammet on ıyla ıakyn tussaklykda bolup,sag-aman öılerine dolanyp gelipdirler.Eziz hanyñ agasy Salyh çapyk hem öz gyzy Amangözel(ıazyjy Baba japarowyñ aıaly)bilen birlikde sürgün edilıär we şol ıerde ıogalıar.
Takdyr diñe Eziz hanyñ ıany-ıañylara çenli Aşgabat etrapynyñ „ Akdaşaıak „ (öñki sosıalizim) kolhozynda ıaşan ıalñyz gyzy Ogulabady tutha-tutlykdan aman saklapdyr.Muña-da onuñ durmuşa çykyp familiıasyny ütgetmegi sebäp bolupdyr.Eziz hanyñ iñ kiçi ogly Amanmuhammet ( Hummat) häzir owadandepede sag-aman ıasap ıör.
Häzir Eziz hanyñ agtyk-çowlyklary dogduk obasy Herrikgalada ıasmansalyk obasynda,Aşgabatda we Türkmeni
-staniñ beıleki ıerlerinde ıaşaıarla.
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org