HEKAİALAR

                      İowşan Annagurban
“Öǔ WE BEİLEKI HEKAİALAR
Sözbaşy ıеrinе
Pikirdеşi, ıanıoldaşy hökmündе, mеn İowşanyñ   hеkaıa-goşgularynyñ, makala-terjimelerininñ hеmişе  ilkinji okyjysy wе  bеlli bir dеrеjеdе ”rеdaktory” boldum. Bеlli bir dеrеjеdе diımеgimiñ sеbäbi, İowşan olaryñ kеmi-kösti barada ilki mеndеn sorardy wе pikirimi çеkinmän aıtmagy haıyş edеrdi. “Rеdaktoryñ gözi bilеn oka, dost gözi bilеn okama, duşman gözi bilеn oka” diıеrdi. Biz uniwеrsitetdе bäş ıyl bilе okapdyk. Rus edеbiıatyndan Jеrеn Azymowanyñ  gеçirеn sеminar sapaklarynda İowşan hеmişе jеdеl-çеkişmеlеriñ öñbaşçysydy. “Biziñ kursumyzdan kimе bilеt çеkdirmän bäşlik goıjak?” diıip soranlarynda, Jеrеn Pygamowna diñе İowşanyñ adyny  tutupdy. Şo wagtlar mеn onda edеbıata, söz sеnеdinе ıürеgi, jany bilеn bеrlеn adamy görüpdim (soñ ol şu  häsıeti  bilen edbiıat meıdanynda  öz sözüni, pikirini aıtjak bolup bir topar “duşman” gazandy). Şo wagt men şеılе adamlaryñ ömür ıolunyñ gaty kyn bolıandygy barada  pikir etmändirin.
Uniwersiteti gutaranymyzdan soñ ol 10 ıyl çemesi  “Edеbiıat wе sungat” gazıеtindе işledi. Tankyt, kyssa, şygyr bölümlеrinе müdirlik etdi. Rus edеbiıatyndan, dünıä klassykasyndan iñ gowy görеn esеrlеrini, Prospеr Mеrimäniñ, Çingiz Aıtmatowyñ, Gabriel Garsia Markеsiñ hеkaıalaryny türkmеnçä gеçirdi.  Sokraty, Epiktеti, Şopengaueri, Nietzschäni, Jеbran Halyl Jеbrany dolulygyna türkmеnçä gеçirmеk pikiri bardy.  “Başga halklaryñ gowy zatlaryny  öz dilinde okasa, öz intellektuallarymyzyñ gowy edenlerini bilse, halkymyz öser” derdi. Şu pikir bilenem türkmеn ıazyjy-şahyrlarynyñ, mеdеniıеt işgärlеriniñ edеn gowy işlеri barada portrеtе ştrihlеr ıazdy. Mеn onuñ bu işlеriniñ hеmmеsini gowy görеrdim hеm bir gün toplap, kitap edip çykararys diıеrdim. İönе biziñ muña elimizi ıеtirmеdilеr. 1993-nji ıylda “Diıar” jurnalyndan, prеzidеntiñ bеllän işindеn çykandan soñ, häkimiıеtlеr ony gadagan ıazyjylaryñ sanawyna girizdilеr. Ozal, “Edеbıat wе sungat” gazıеtindеn işdеn çykanda, ol türkmen gazıеtlеriñ ählisindе diıеn ıaly çykyş edip bilipdi. Indi onuñ adynam agzamak bolmaıardy. Şoña çеnli onuñ dört sany kyssa kitaby çap edilipdi. Gutarylmadyk “Dünıä dünıä sygmamyş” romanynyñ bölеklеri  “Diıar” jurnalynda çap edilipdi. İönе bolsa-da  gadaganlyk İowşanyñ elini işdеn sowatmady. Şol döwür mеn onuñ “Oda nämе boldy?” diıеn uly göwrümli hеkaıasynyñ ilkinji okyjysy boldum.  Bu hеkaıa  1997-nji ıylda MHK-çilеr öıümizi dökеndе ıitirim boldy. İönе mеn İowşanyñ türmеdе ıazan goşgy-poemalaryny, ilki türmеdеn, soñ bolsa ıurtdan çykarmagyñ başardanlygyna örän bеgеnıän. Dogrusy, biz olary ıitirmеkdеn gaty gorkupdyk. İönе öz başyña, çagalaryñ başyna bеla abanyp durka, kyssa-gazal ıadyña düşmеz ekеni. Şonda-da biz ol goşgulary kompıutеr diskina gеçirip, ıurt daşyna çykarmaga kömеk ediñ diıip,  daşary ıurt ilçihanalarynyñ işgärlеriniñ birindеn haıyş etdik. Ol “Bu işе biz gatyşmasak dogry bolar” diıdi. Şol günlеriñ birindе-dе Moskwadan, “Mеmorialyñ” işgäri Witaliı Ponamarеw öıümizе gеldi. Şеıdibеm biziñ kyn işimiz asan boldy, ol goşgulary Moskwa äkitmegi hеm biziñ dostlarymyza gowşurmagy boınuna aldy. Soñ ol goşgular Pragada öznеşir görnüşindе çap edildi. Biz muña dördünji çagamyz bolan ıaly bеgеndik. Häzir, şu sözbaşy bilеn  okyja hödürlеnıän hеkaıalary bolsa, mеn öz ıanymdan “Il diıip urıan ıürеgiñ aıdymlary” diıip atlandyrdym. Olar biziñ ikimiz üçinеm şеılе eziz. Sеbäbi olar biziñ öz ilimizdеn alysa çykyp, ilimiz bilеn bilе ıaşaıandygymyza, onuñ hasraty bilеn dеm alıandygymyza şaıatlyk edıärlеr. Bеlki, okyjylaram olary  şеılе garşylar.
                                                                                                                                                                          Baıramsoltan Annagurban.
 
 
                                               IL ADAMSY
 
Oña oturyp-turup geñ galdylar. “Siziñ edäıen işiñizi” diıip, hatda aıalam geñ galdy, goñşularam. “Aı, Işan aga, sen dagy agtyklaryñy dyzyña mündürip, döwletiñe guwanyp oturmaly ahyryn! Gül ıaly çagalaryñ, maşyn ıerinde maşynyñ, howly ıerinde howlyñ bar. Bu düşüp ıören günüñi señ... Özüñ özüñ diıeli, iki ogluñam yzyña tirkäpsiñ! Bir öıden üç erkek türmede ynha indi - diıip, MHK-nyñ başlygy Seıit Saparam geñ galdy. Soñundan bolsa: - Siz ıaly galam ıöredip bilıän hor bolanog-a bumat, “İaşasyn!” diıip şagladybermeli. Galamyñyzdan kireı isleıäñizmi, berıär-ä näçe kireı diıseñ ıaşuly! Daşary ıurt maşynyny münüp, redaktor bolup ıörenleriñ haısy ıazyp bilıä siz ıaly? Olar diñe lepbeı diıip bilıä... İöne olar iki gün ıalançynyñ geçerini, içjek konıaklaryny, oturjak ıumşajyk kürsülerini, gezjek gelinlerini, çekžek keıplerini bilıäler. Prezident nirä gitse, ıanyna ıoldaş bolup, ıurt görüp, ıaınap ıörler. Sizem il diıen bolup, iki ogluñyz bilen türmä düşıäñiz, hany gelıämi şol il indi yzyñyzdan?” diıip, gyjytly sözledi.
Ol bolsa, “Men şol döwletim, agtyklarym üçin düşıän-dä şu güne! Şolar ertir kanunsyz jemgyıetde ıaşap kösenmesin, köımesin, türkmen ojagy dargap, orramsyñ oınagyna öwrülmesin” diıip edıän-dä şu işleri...” diıdi.
Onsoñ onuñ ogullaryny goıberdiler-de, özüni gazamat etdiler. MHK-nyñ tomsuna şemal düşmeıän, gyşyna ıylamaıan porsy kamerasynda erkini döwmäge synandylar. Bu işde has ilgeziklik görkezenleriñ birem polkownik Halmämmet boldy. Ol Işanyñ ıeke-täk neşesini - maza bilen çekıän “PallMallyny” bermän kösejek boldy. Yzyndan gelen çilimini birde çalşyrsa, birde ogurlady. İöne bir gün Işan ony kameranyñ gapysyna çagyryp getirtdi hem iki agyz berk söz aıtdy. Şondan soñ ogurlanan çilimleri getirip gitdiler. Türme gözegçileri oña şol günden soñ “Mister PallMall!” diıip başladylar. İöne “Mister PallMall” munuñ bilen köşeşmedi. Seıit Saparyñ söbükbasary Nazar Muhammet çagyryp, toba etmek hakynda töwella edip ugranda,  “polkownigiñiz çilim ogurlamasyny goısa, toba etsegem edäıeris” diıdi. Onsoñ, “On üç ıyldyr iıjek gowurdagymam tussaglañkydan, çekjek çilimimem. Hatda ıuwunjak sabynymam şu taıdan äkidıän” diıip pañkyldaıan Halmämmet tagtyndan taıdy. Polkownigiñ açgözlüginden bez bolan gözegçiler bu geñ wakany bir gijäniñ özünde ähli kamera ıetirdiler. Soñ bu waka gözegçileriñ üsti bilen şähere-de ıaırady. Gözegçileriñ käbiriniñ ejesi bu wakany eşidip, oglundan Işan aga gutap bişirip iberdi. Kä gözegçi oña ıüregi gysmaz ıaly gyzykly kitap getirdi.
Uly il ıygnanyp gelmese-de, Seıit Sapary ıalançy edip, Işanyñ yzyndan gelenem boldy. Öñi bilenem daıysy Aman aga bir topar ıaşulyny yzyna tirkäp geldi. Polisiñ ketdesi Kasym Gajar başlyklaıyn, ol ıaşululara gyjyr-gyjyr etdiler. Asyl birsellem hemmesini dar jaıa gabap, haıbatam atdylar. İöne ıene özleri ıumşap, ıaşululary töwella-tagsyr bilen yzlaryna gaıtardylar. “Ynha, hemme zat gowy bolar, biraz tagapyl ediñ, il gözüne bi, bu gün tutup, ertir goıberip bolanok, birazdan çykar Işanyñyz” diıdiler. Soñ ol ıaşululary ıeke-ekeden MHK-a çagyryp, bu eden işleriniñ telekdigini düşündirjek boldular. Dogrusy, olara şeıle düşündiriş geçirmegi ıokardan tabşyrıardylar. Bu işi gönüden-göni İüzükliniñ özi alyp barıardy. Işany gazamat etmäni buıranam şoldy. Sebäbi ol wagtynda Işany köşgüne-de çagyrypdy, kürsem hödürläpdi. Emma Işan  hakykaty saılap alypdy. Pikir edıän zadynam pert-pert aıdypdy. Beıdip döwlet gurulmaıandygyny, döwlet gurmak üçin düzüw bolmalydygyny, adamyñ ıüzüne bir zat diıip, ıeñsesinden başga iş etmeli däldigini, bäş sany türkmeniñ içinde iññe çileniñem, düıe ogurlanyñam aıyl-saıyl görnüp durandygyny, döwletiñ başynda oturanyñ bolsa uly iliñ gözündedigini, ilçilikde her sözüñi terezä salyp oturan adamlaryñ bardygyny, il samsykdyr diıseñ gaty ıalñyşjagyñy aıdypdy. Şodur-da-şol, ondan ıaña İüzükliniñ ıüreginde kitüw galypdy. Işanyñ heniz manada geçilmezinden ozal döwlet işlerini terk edip gitmegi bolsa ony däliredere getiripdi. Şondan bäri ol amatyna garap ıördi. Başarsa çakjakdy, aljakdy.   
Işan aga bolsa, bäş wagt namazyny yrman, remezan aıynda agyz bekläp, türmededirin diımän, başyny dik tutup otyrdy. Çagyryp sorasalar, “Hawa, köçä çykan oglanlara listowka ıazyp beren men. Haıyş etdiler, ıazdym” diıip jogap berıärdi. İogsa ol listowka ıazmandam. Ony ıazan başga biridi. Emma Işan başgany satmagy başarjak däldi. Onda-da özüni satana ıanyp otyrka. Şonuñ üçinem ol: “Hökümetiñ halkdan üzñeligi, ıurduñ tozdurylıanlygy, prezidentiñ işden çekilmelidigi, erkin saılawyñ geçirilmelidigi nädogrumy eısem?” diıip, sorag edıänleriñ özüne sorag berıärdi. “Dogry, siz iki gün para alarsyñyz, bu gün doksuñyz, ıöne bu gidişde size para almaga adam galarmyka!” diııärdi.
Onsoñ Işany ıene kamerasyna dolap getirıärdiler. Ol bolsa ıylgyrıardy hem “Ykbal” diılen zat geñ-ow - diııärdi. - Bir ıyl ozal Moskwada bir sygan aıal “öñüñde türme görünıär” diıse, “ıok bol-a” diıipdim. Mañlaıdan gutulma ıok ekeni” diııärdi. Soñam özünden sorag edıän sülçüler barada oılanıardy. Ol sülçüleriñ biri meşhur Jepbar bagşynyñ agtygy bolsa, beılekisi giıewisidi. Ikisiniñem neşekeşdigi ıüzünden görnüp durdy. Işan aga şol sülçüler ıaly ıaş döwründe Jepbar bagşa kän gezek çaı guıup beripdi. Bagşy olaryñ myhmany bolmany gowy görerdi. Işanyñ kakasy bagşyçyl adamdy, söze-saza, senede gadyr goımany başarıan kişidi. Ondan Jepbar bagşy barada ajap bir film ıadygär hem galypdy. Bu filmi ıurduñ telegörşünde ıüzükli bela döremezden öñ kän görkezerdiler. Ine indi ıagşylyga ıamanlyk diıleni. Jepbar bagşa şol edilen hyzmatlaryñ deregine, onuñ agtygydyr giıewisi Işanyñ aıagulagynam öıünden alyp gaıdyp, ol-bi şaıyny goparyp, satyp ıördüler.
Seıit Sapar bilen Nazar Muhammet Işanyñ erkini syndyrmak işini gaty oılanyşykly alyp barıardy. Bu işiñ esasy ugry Işana psihiki hüjüm etmek hasaplanıardy. Onsoñ olar Işanyñ kamerasynyñ ıokarsyna Ogulnäzik Babaıewa diıen neşe söwdegärini getirip oturtdylar. Ogulnäzik ıaş gelindi, ıöne uly möçberlerde neşe satyp tutulypdy we biraz akyly üıtgäne çalym edıärdi. Ol uzakly gün gülıärdi. Tussaglar onuñ dälişge gülküsinden däliräre gelıärdiler. Türme gözegçileri Ogulnäzigiñ ıatagynda aıbogdaşyny gurap, çuw-ıalañaç bolup oturıandygyny gürrüñ berıärdiler.
Şol günleriñ birinde Işanyñ ogul agtygynyñ bolandygy barada habar geldi. Ol bu habary buşlan gözegçä iki-üç gap “PallMall” eçildi. Buşlukçy ol çilimleri Işandan teperrik diıip tussaglara paılady.
Erk syndyrma welin dowam edıärdi. Koridorda hem kameralarda gije ıarymdan soñ tussag ıençmekmi, tomsuñ jöwzasynda iki-üç günläp nasos döwüldi, suw ıok oınuny oınamakmy, garaz, MHK-da oıun kändi.
Emma Işan syr bildirmeıärdi. İogsa oña beıleki oglanlaryñ gaty horlanıandygyny, Kasym Gajaryñ olary beter gynaıandygyny, polisiñ tussaghanasyndan yssy günler onlap maslyk çykarylıandygyny aıdıardylar. Seıit Sapar bilen Nazar Muhammet oña bu ıagdaılar barada ençme gezek duıdurypdylar. “İaş oglanlara haıpyñ gelsin, Kasym Gajar olary öldürer ıa maıyp eder. Kürsüden gymmat zat ıok oña, ıokarka ıaranjak bolup, bütin obany gyrjak ol. Sen toba edıän diıseñ, hemmesi boşaıa şolañ” diıip, wada üstüne wada beripdiler.
Işan olaryñ bütin obany gyryp biljegine ynanmady. Gorkarlar diıdi. Dogrusy, onuñ muña ynanasy gelmedi. İogsa ol Kasym Gajaryñ kürsüsi üçin bir obany däl, bütin bir halky gyrmaga taıyndygyny bilmän duranokdy.
Onsoñ sud boldy. Görülmedik wejeralyk boldy, dogrusy. Namart hökümet ıer ıok diıen bahana bilen üışüp gelen mähelläni suda goıbermedi, gizlenip, ıapyk gapyñ arkasyndan iş gördi. İuwañ seçegi ıaly oglanlara, il-ıurt bähbidini aradyñyz diımän, garakçy diıip ıyl kesdiler.
Işan kameradaşlary bilen hoşlaşmaga başlady. Ol indi iñ bir ıowuz režimli, itiñ ölen ıerindäki tussaghana geçirilmelidi. Emma agşam ony ıene Seıit Saparyñ haly düşelen kabinetine çagyrdylar. Halyly kabinetde egni general ıyldyzly epeı kişiler otyrdy. Ol epeı kişiler birden pişik gören syçana döndiler hem ıalbarmaga başladylar: “Özüñe haıpyñ gelmese, oglanlara haıpyñ gelsin, şu kagyza gol çek-de, bizem dyndyr, özüñem dyn!” diıdiler. Işanyñ göz öñüne suduñ zalyndaky boıny ıüplüge dönen oglanlar geldi. Ol ruçka el ıetirenini duıman galdy.
Türmäniñ agyr gapysy ses edip açyldy. Daşarda ak gar ıatyrdy. Işan “Ak zat alnyña ıagşy” diıdi. Oña ogullary garaşyp durdy. Howluda bolsa, göz aıdyña gelen mähelleden ıaña, aıak basara ıer ıokdy. Öküz soılup, hudaııoly berilıärdi. Daıysy Aman aganyñ keıpi kökdi. Emma ol ıumşak düşekçäniñ üstünde oturan ıerinden daıysynyñ öñküliginiñ ıokdugyny syzypdy.
Gözleri ony aldamandy. Daıysy halys ekeni. Derrewem işini bitirdi, pahyr. Ol şonda özüniñ iñ bolmanda daıysyny razy etmek üçinem türmeden çykmaly ekenligi barada pikir etdi. İöne oña wada beren generallar sözlerinde tapylmandylar. Oglanlaryñ köpüsi türmede galypdy. Şu-da onuñ ıüregine dert bolup ıapyşdy, dik başyny aşak egdi. Emma ol bu derdi hiç kime bildirmejek boldy. Dert bolsa ony bir gün düşege ıykdy. Onsoñ ol derdi uly il bildi. İagşy pälli adamlar üışüp-üışüp soramaga geldiler.
Işan halysdy. İagdaıy egbarlaşdygyça-da soramaga gelıän köpelıärdi. Adamlaryñ içinde türmede bir zat edendirler, iımitine bir zat goşup iıdirendirler diıen ıaly gürrüñler edip başlanlar-da, “Aı, indi tamañyzy üzäıiñ” diıenler-de boldy. Sebäbi oña derman-däriden hiç bir haraı ıok ıalydy. Bäri bakyberenokdy.
Işan ıatan ıerinden bir zatlar pyşyrdap, doga-dileg edıärdi. Dodaklaryny müñküldedip, kimdir birleri bilen gürleşıärdi. Aıaly onuñ näme diııänini eşitjek bolup biderek özüni köseıärdi. Ahyry yns-jyns ıatyp galdy. Köçeden gelıän it seslerem kesildi. Şol wagtam howlynyñ demir derwezesi giñden açyldy. Işan bu ahwalaty ıatan ıerinden gördi. Derwezeden iki sany intelligent adam girdi. Olaryñ egninde iññeden çykma gara kostıum, ak plaş bardy. Ak köınekleridir owadan galstuklary gözüñi gamaşdyrıardy. Biri şlıapalydy, beılekisi bagana gulakçynlydy.  Işan olary göreninden tanady. “Kaka, daıy, geläıdiñizmi?” diıdi. Olar ıylgyrdylar-da: “Çagyrdyñ-da!” diıdiler. Soñam gelişleri ıaly yzlaryna öwrüldiler: “Tur ıeriñden-de, iliñ içine bar, milletiñ boıny burulmasyn! Sen indi diñe özüñe degişli, öz maşgalaña dahylly adam däl!” Olar bu sözi derwezäniñ agzynda aıtdylar. Şondanam gaıyp boldular.
Işan ıuwaşlyk bilen ıerinden galdy. Galşyna-da başujyndaky dermanly düwünçegi hapa bedrä atdy. Soñ ıyljak duş aldy, sakgalyny syrdy. Howlynyñ içinde iki ıana ıöräp, aıaklaryna ysgyn, ıüregine güıç gelıänini duıdy hem içerik girip, aıdym-sazly sandygyñ başyna geçdi. Birsellemden içerde bagşynyñ belent sesi ıañlanyp başlady. Bu Jepbar bagşynyñ sesidi, waspy aıdylıan bolsa ak ıüzli Maraldy...
17.12.1999
 
 
                                           İÜZЕGЕLMЕ
 
“Daşymyñ berki-goragy bolsun” diıendir-dä, kakasy oña Galkan adyny dakypdyr. Frontçy, uruşdan maıyp bolup gelen adam. Köñlünde ogul-gyzyndan gorag islän borly. Galkan bolsa nirede bir ıumşak adam bolup çykdy. İumruk ıalylygyndan çeperçilik mekdebine gatnady. Elinden çotgasyny düşürmedi. İat şähere gidip, ıokary bilim aldy. Kakasy ony kanikula gelende oba gyzyna öıerip, uly toı etdi. Şonda ol kakasyna okaıan ıerinde halaıan gyzynyñ bardygyny aıdyp bilmedi. Okuwyny bitirip, ıylaşadan jägildäp dogup duran çagalaryna guwanyp, paıtagtyñ çetinden wagtlaıynja jaı gurundy.  Özgeler hars urup mal-baılyk ıygnasa, ol kitap ıygnady hem öz işjagazy bilen boldy ıördi. Çaga basyp ugransoñ, “Öz-ä dilejek däl” diıip, iş ıeriniñ profsoıuz guramasy oña şäheriñ içinden öı berilmegini gazandy.
Elbetde, o mahallar dünıä düzüwlikdi, häzirki ıaly gahatlygam, eden-etdiligem ıokdy. Öz işi bilen bolup ıören adama, çaga-çugala döwletiñ delalaty ıetıärdi. Ine birdenem bar zat çepbesine çöwrüldi. Ne profsoıuz galdy, ne-de öñki aılyk-günlüklije döwran. Oña derek “Sarpalyly döwür” geldi. Hudožnikler bu döwri öz aralarynda şeıle atlandyrdylar. Dogry, ozalam sarpaly-sylagly adamlar, döwlet ıolbaşçylary bolupdyr, olar hakynda goşgy-poşgam goşulypdyr. İöne bu sarpalynyñ sarpalylygy öñki görlen däldi. Bu-da owarram diıseñ, nan atly, adamlar pyıada bolup ugrady. Gitdigiçe, sarpalynyñ sarpasy tutuldygyça-da bar zadyñ bujrugy artdy. Galkan görgüli öñküje abat düzgüniñ beıle çalt bozulyşyna, hemme zadyñ bulaşyşyna hiç düşünip bilmedi. Ilki telegörüşden “Sarpaly” diılip götergilenıäni diñläp bir zatlar añlajak boldy, soñ onuñ çykyşlaryny gazıetlerden okap gördi. Hiç zada düşünmedi.
Kärdeşleri oña hiç zada düşünjek bolmazlygy hem şol sarpalynyñ suratyny çekmegi maslahat berdiler. Käbirleriniñ hut şol suratlardan hem heıkellerden belent jaı gurunıanyny, owadan maşyn münıänini, at-abraıly adam bolıanyny aıtdylar. “İogsa-da şeıder aç oturarsyñ” diıdiler. “Açlyk näme iıdirmez” diıleni. Onsoñ olam synanyp gördi. Sarpalynyñ suratyny çekdi. Kärdeşleri onuñ işine hyrydar tapyşdylar. Surat satyldy. Elbetde, birneme çaı puly boldy. Çagalar etli çorbadan doıdular. Ulujalaryna eşik-peşigem aldy. Şonuñ bilenem pul gutardy. Aılyk bolsa indi birki ıyl bäri ıokdy. Ol ozal öz okan çeperçilik mekdebinde çagalara ders bererdi. İöne ol çagalaryñ reñksiz-çotgasyz kösenip oturyşlaryny görüp, işden çkyp gaıdypdy...
Onsoñ ol ıene we ıene sarpalynyñ suratyny çekdi. İöne sarpalynyñ suratyny çekmek barha kyn düşıärdi. Şol bir etlek ıüz, şol burun, şol gaş, şol bir gözler... Üstesine olary satmagam kynlaşyp barıardy. İönekeı adamlaryñ beıle  zada pul bermäge ıagdaıy ıokdy. O suratlary diñe edara-kärhanalar alyp bilıärdi. Olaram bireııäm aljagyny alyp, asjak ıerinden asyp goıupdy. Indi o suratlary satmak üçin ıokary edaralarda tanyş tapmalydy. Suratyñ bahasyny şol tapan tanşyñ, ıagny sarpalynyñ suratyny satyn alıan edaranyñ başlygy bilen paılaşmalydy. Bu kyn işdi. Iki tarapam bir-birine ynanmalydy. Ynanyşmak üçin bolsa bir-biregi ıakyndan tanamak gerekdi. Kimde bar onça tanyş başlyk. Onsoñ şol başlyklaryñ tanşyny, ıagny arada durıan tapmaly bolıardy. Şeıdibem bir adamyñ zähmetinden üçünji, dördünji adamlaryñ agzyny ıaglamalydy. İöne başga alaç ıokdy. Onsoñ Galkan bu hapa-da birki gezek batyp gördi. Sebäbi kärdeşleri oña indi hemmeler şeıdıä diııärdiler.
  İöne ömür gysga, gün uzak diıleni. Onda-da açlyk, gahatlyk bolsa. Şu gahatlykda çagalaram ıetişdi. Birini öıermeli, birini çykarmaly. Okuwa salmaly, işe ıerleşdirmeli. Ne okuwa salyp bolıar, ne-de iş tapylıar. Özi bir zatjyga güımensin diıseñem, iş guraly gerek. Gyzlara tikin maşyn almaly. Oglanlara ussaçylyk enjamlary gerek. Hemmesem onuñ üçin uly pul, golaıyndan barar ıaly däl. Onsoñ ol birden darygyp ugrady. Telewizorda şol sarpaly diıilıän görünse, öıde, çagalarynyñ ıanynda sögünmäni çykardy. Gyzlary dagy kakalary barka telewizor açmaga zar boldular. Sebäbi telewizor açylsa, sarpaly diıilıänem ıalpyldap görünıärdi. Onsoñ Galkan ıagdaıyny tapsa ussahanasyndan bäri gelmejek boldy. Gaty-guty çörejigi bolsa-da, çaıa batyrynyp iıip, şol ıerde ıatdy. Işledi. Emma soñabaka işem ıöremedi. Esasanam şol etlek ıüze gezek gelende kyn boldy. Egin-pegin, galstuk-beılekisini arkaıyn çekdi. İöne haçanda şol ullakan, kän gaıtalanan gözlere gözi düşse, şol etlek ıüzden çotga ıöredip ugrasa, eli titräp başlaıardy. Onsoñ ol sarpalynyñ suratynyñ ıüzüni ıapyp goıup, başga işler bilen meşgul bolıardy. Bolmasa oturyp okaıardy. İöne soñabaka şol ıüzi ıapylgy suratyñ golaıyndan geçse-de titräp, süññüne erk edip bilmän başlady. Bir gezeg-ä ony depip ıykyp, çüñkde duran pil sapy bilen suwasalma ıençdem...
Soñ Galkan özüniñ bu eden işinden gaty utandy. Şol wagt goñşy hudožnikleriñ üstüne gelmänine bolsa begendi. It çekelän ıaly bolan suratyñ böleklerini, hiç kim görmänkä, eltip zibilhana taşlap geldi. Edil şol mahalam bir kärdeşi gelip, çaıa çagyrdy. Soñky çeken “sarpalysyny” satandygyny, arajygam alandygyny aıtdy. Galkan içip ıören adam däldi. İöne onuñ birden erbet içesi geldi. İüz gram içensoñam kärdeşine içini dökdi. Indi şu sarpaly diıilıäniñ suratyna hiç eliniñ ıöremeıänini aıtdy.
- Başga çörek puly gazanar ıaly ıer bileñokmy? Bolmasa bir ıerde ıükçülik dagy etmelimi, mundan-a mydar bolmaz.. - diıdi.
- Düın irden şo niıet bilen bazara bardym. Çelek-selek daşaşyp, işleşip ıörenler kileñ intelligent adamlar. Görüp otursam, şoñam üsti uly uruş ekeni. İogsa menem bäş şaıy gazanaıjakdym. Biziñem elimiz ıöräp duranok şuña. Nälaç ıöredıäs...
- Wagtynda il ıaly maşynam edinmändiris. Artykly dagy suraty taşlap, kireı edişip ıörler...
- Wah, oñarıalar-la. Meñem maşynym bolsa etjegim şol... - Birdenem ol gözüne ıaş aılady. - Nerwi gutardy indi, gardaş, nerwi. Düın, ine, gutaryp barıan “sarpalym” bilen “uruşdym”. İere taşlap, depelän bolıan. Ol-a bizi depeleıä diııän. Soñam öz-özüme masgara diıdim. Sen ony depeläñok, özüñi depeleıäñ diıdim. Ine, seret muña! - Ol şeı diıip, şkafyñ añyrsyndan ıüzünde aıak yzlary tegmil-tegmil bolup galan suraty çykardy. - Ozal diñe özümmikäm  diıerdim. Heıkelçiñ ıanyna barsam, “Şu heıkelleri çekiçläp döwüp çykaıasym gelıä...” diıip, öz ıasan zatlaryna hyrçyny dişläp otyr.
 Bu gürrüñleri eşidip, Galkanyñam öz “masgaraçylygyny” aıdasy geldi. İöne aıtmady. “İeri, aıdañda näme boljak, hemmämiziñ ıagdaıymyz birmeñzeş, biz şo suraty çekemizde-de, öz çeken suratymyzy aıak astyna salyp depelämizde-de, ikisinde-de özümizi depeleıäs” diıdi. Kärdeşi bolsa, barha gyzyp gürleıärdi. Şu suratlary satmasa, öıüne barmaga, çagalarynyñ ıüzüne seretmäge utanıandygyny aıdıardy. “Sarpaly” satylmasa, holodilniginiñ boş bolıandygyny heçjikleıärdi. Galkan lañña ıerinden turanyny hem gapa ıönelenini duıman galdy. Kärdeşi oña düşünmän añaldy. Galkan ondan ötünç sorady hem özüniñ gyssagly bir ıere gitmelidigini aıdyp ıalan sözledi. 
Ol ussahanasyna gelip, gapyny içinden gulplap ıatdy. İöne ıatybam mazasy bolmady. İene haçana çenli beıdip eplenip ıatyp bolar diıip turdy. Işlejek boldy. Hiç işe eli barmady. Kitap alyp, okamaga oturdy. Şol okady oturdy. Okap ıatyp galdy. Turup ıene okady. Ajyksa baryp, grantdan suw içdi...
Şol günleriñ birinde-de ony birnäçe kärdeşi bilen ıokaryk çagyrdylar. Sarpaly olary öz kabinetinde kabul etdi. Bu uly jaıa ilkinji sapar gelşi ıaly, Galkan onuñ eıesinem ıanyndan ilkinji gezek görıärdi. Bu zatlar onuñ biraz howuny basdy. Aslynda-da ol öñe müñzemäni halamazdy. İöne bu gezek ıörite yzrakda oturdy. Sarpaly gürrüñiniñ başynda olaryñ edıän işlerini bilıändigini, azrak horlanıandyklaryndan hem habarlydygyny aıtdy. Şeıdip işleşip otursalar, iru-giç gadyrlarynyñ bilinjekdigini, iş edeniñ ahyry görülıändigini nygtady. “Yhlasym duıulmady” diıip, hiç kimiñ Watandan öıkelemeli däldigini, Watana pul, sylag almak üçin hyzmat edilmeıändigini düşündirdi. Hiç hili gykylyk-galmagala, gep-gybata goşulmaıandyklary, pukaraja günlerine garamazdan, il-ıurt üçin başlaryny basyryp işläp oturandyklary üçin uly minnetdarlyk bildirdi. Bu gürrüñler Galkana düşnüklidi. Olaryñ näme üçin aıdylıanyny bilip otyrdy. İöne sarpaly birden sungat hakynda, reñkleri saılap almak, ata-babalaryñ çöp-çalamdan reñk ıasandyklary barasynda, portret çekilende gözi nähili şekillendirmelidigi  dogrusynda gürläp ugrady welin, ol hiç zada düşünmedi. Sarpaly welin barha joşup gürleıärdi. Ermitažda, daşary ıurtlardaky abraıly sergilerde bolşuny ıatlaıardy. Milli sungaty ösdürmek hakynda uzyn-uzyn gürrüñler edıärdi...
 Galkan birden sarpalynyñ gürrüñlerine düşünip bolmaıanynyñ syryny özi üçin açan ıaly boldy. Ol örän köpsözlüdi. Şol köpsözlülik hem onuñ bar syryny açıardy. Içgin synlasañ, sarpaly näme edıänini, näme diııänini bilıän adama sähelçe-de meñzänokdy. Öz-özünden bir topar gerekmejek gürrüñleri edıärdi, bilmeıän zatlarynyñ başyny agyrdıardy. Akyllysyrajak, bilimdarsyrajak bolmagy bolsa, bir topar zady bulaşdyrmagyna hem şol bulaşyklygy özi duımaz ıaly hala düşmegine sebäp bolıardy. Geñ ıeri, oña hiç kim bu ıagdaıyny düşündirjek bolanokdy. “Sen düşnüksiz gürleıäñ, kän gürleıäñ,  bulaşdyrıañ, ile gülki bolıañ...” diıenokdy. İönekeı oturşykda bir-birine gezek bermeıän hudožnikler agyzlaryna suw alan ıalydylyr. Diñe bulam däl. Olar sarpalynyñ gürrüñlerine akyllysyrap, düşünıänsiräp baş atıardylar. Sarpaly bolsa mundan joşgun alıardy we gutarjak bolup oturan gürrüñlerini ıene süındürmäge başlaıardy. Aı, garaz, Galkan şeıle bir ıadady. Tasdanam turup gaıdypdy. Emma çydady. Öz-özüne: “Bir gezek çyda, soñ gaıdyp beıle çakylyga gelmersiñ” diıdi.
Ahyry garaşylan pursat gelip ıetdi. Sarpaly olara işlerinde üstünlik arzuw etdi. Turup çykyp gidibermeli boldy. Şol wagtam sarpaly ıene bir zat tapdy. İeke-eke ıanyna çagyryp, ellerini gysyp,  hersine bir “Gurhan” sowgat berdi. Galkanyñ bar zatdan beter şu sowgady alasy gelmedi. Onda-da nälaç baryp aldy. İöne ony, näme üçindir, öıüne ıa ussahanasyna äkidesi gelmedi. Oturan ıerine gelip, gapdalyndaky äpişgäniñ öñünde goıdy. Soñam alman turup gaıtdy. Emma ol bu islenmedik sowgatdan munuñ bilenem dynyp bilmedi. Sarpalynyñ keltejik kömekçisi daş gapynyñ agzynda yzyndan ıetdi-de:
- Galkan aga, siz “Gurhanyñyzy” galdyrdyñyz! - diıdi.
Galkan ilki ogurlygynyñ üstünde tutulan ıaly aljyrady. Soñam birden ıüzüni çytdy-da:
- Ol maña gerek däl - diıdi. Sarpalynyñ kömekçisi muña ör-gökden geldi:
- Bu “Gurhan” ahyry, her öıde biri hökman bolmaly! - Galkan bu sözlere ajy ıylgyrdy:
- Meñ öıde ıedi sany garagöz gurhanym bar!..
19.06.1999
 
 
ŞÜKÜR EDЕLIÑ, ADAMLAR!
Satiriki monolog
 
Adamlar, küpür geplemäweriñ. Şeıtan raıyna gitmäweriñ, şükür edeweriñ! “Beterinden saklasyn!” diıendir türkmen. Şony diıiñ sizem! Serdarymyza ol-bi diııänleriñ gepine hiç gulak asmañ. İeñlesräk, ıüzük dakynıa, saçyny boıadıa diııänleriñ şol ıüzügi görüp bilmeıän bolmaklary gaty ahmal-a. Özlerem puly bolsa, baı, ıüzükmi, altyn zynjyrmy, gülıakamy, gulakhalkamy, altyn sagatmy dakynarlar-a. Bu ıerde näme aıyp zat barmyş. Bar bolsa, tapsañyz, sizem dakynyñ. Gazetde suratyny köp çykardıa diııänlere-de gulak gabartmañ. İeri näme, oglan ıaşlykda ıazyjy-şahyrlañ gazıetde suraty çykıa diıip kemsinendir, indi mümkinçilik dörände şol ahmyrdan çykaıyn diııändir-dä. Bu ıerde näme aıyp zat barmyş. Onsoñam ol gazıetlere zor edip suratyny çykardanok, okyjylar isleıä şeıdilmegini. Telewizoram şeıle, mähriban serdar hakynda süıjüden-süıji gepleşikler bolmasa, teletomaşaçylar boıurganyşyp hat ıazyp, haıyş bilen bizar edıäler. Şoñ üçin telewizoryñ ekranynda serdaryñ şekiliniñ goılanam... Edara-kärhanalaram işgärlerimiziñ mähri gansyn diıip asıar onuñ suratyny... Bu ıerde, heı, dile çolar ıaly aıyp zat barmy? Gaıta şeıle söıülıän serdaryñ bolanyna guwanmaly. Emma göripler guwanyp bilmeıärler. Şoñ üçinem olar görip bolıarlar. Gerübilmeseñiz, gözüñiz, ıene bir topar başga ıeriñiz çyksyn diımeli olara...
İadygärligini köp dikdirıä, gyzyla gapladıa, altyn çaıdyrıa diıip gürrüñ etjek bolıanlar barmyş onda-munda. Watan satyp giden näkeslerdir olar. Diñlemäñ olary. Şol ıadygärliklere derek mekdepleri bejermeli, okuwçylara kompıuter almaly we ıene pylan-pyssygan etmeli diıen bolıamyşlar. Heı, şundanam bir konstruktiw tankyt bolarmy. Serdaryñ ıadygärlikleri biziñ çagalarymyz üçin müñlerçe mekdep-mugallymdan, kompıuterden has ähmiıetli ahyryn. Olara bir ıüzi düşen çaga müñ ıyllyk ylym alıar ahyryn. Päheı-de welin, şu oppozisiıadakylaram edere gürrüñ tapanoklar-ow..
Onsoñam, ıeri, oglan ıaşlykda, oktıabrıat, pioner döwri Stalin, Lenin ıaly ıadygärliginiñ dikilmegini, mekdeplerde burçunyñ döredilmegini, adynyñ oba-şäherlere dakylmagyny, adyna aıdymdyr goşgy düzülmegini, özi hakynda çeper filmler surata düşürilmegini arzuw edendir-dä. Bigünä çagalykda nämeler arzuw edilmeıär. Goı, mümkinçilik dörände, çaga gözıaşy ıaly päkize arzuwlaryna ıetsin-dä, ıetim neresse. Bu ıerde näme aıyp zat barmyş.
Il-gün horlanıamyş, o bir topar işıakmaza gulak assañ, elbetde. Il-gün mertdir. Asyrlyk horluklary görüp hyk-çok eden däldir. Sowet döwrüniñ ıetmiş ıylyna çydady. Ondan öñ Ak patyşañ zulmuna çydady, “Gözi ganly, aırysakgal” generala döz geldi. Ençeme ıüz ıyl döwletsiz bolanda çydady. Bir ıandan Eıran, bir ıandan Hywa çapanda mert durdy. Çingiz hana çydady. İalañaç araplar çozanda dargap gitmedi. Indi şuña çydajak dälmişmi. Beıle namartlyk bolmaz. Bu namartlygy beıik hem kanagatly, şükürli hem sabry umman derıa ıaly giñ türkmen halkyna sürtseñem ıokmaz. İeri, kim ynanjak türkmen öz içinde bir ıeke-täk serdar dörände şeıle namartlapdyr diıseñ. Hiç kim ynanmaz. Türkmeniñ beıik taryhyna, ahalteke atyna, halysyna, keçesine, gara hem ak öılerine, saryja tohumly goınuna, köpegine, tazysyna, silkme telpegine, gyrmyzy donuna, gyıma balagynyñ biçiwine beletler-ä muña hijem ynanmaz. Mal eıesine çekmese şumluk diıipdirler-ä! Heıem bir päl azman başa bela gelermi. Türkmeniñ päli düzüwdir, onuñ beıik myhmanparazlyk, pälipeslik, gaçany kowmazlyk, berilmese iımezlik, bir agyz iııärkä bakyp oturmak ıaly asyrlardan aşan häsiıet-gylyklary, hüıleri bar. Türkmen myhman gelse baryny orta goıar. Hatda ıogunam goıar. Bolmasa goñşularyndan diläp alyp goıar. Bolsa, bir goıun soı, bolmasa ikisini diııändir türkmen myhman gelende. Bogaz goınam bolsa öldürip, myhmany söwüşle, boş goıberme diıdigi şol. Ol şu däbinden şu kynçylykly, gahatçylykly geçiş döwründe-de ıüz dönderenok. Gelen myhman kileñ söwüş iııä hem bu halkyñ özi iımän myhmana iıdirip bilşine aperin diıip, telpek goıup gidıä hem yzyna gelip, ıene şol goıan telpeginem daşyny ıüpek-parça matalardan, halydan dolap alyp gidıär. Türkmen diıeniñ pirli tamdyr ıaly bir mukaddes, eteginde namaz okabermeli tämiz, ak guş ıaly bigünä millet ahyryn. Heı, oña-da serdaryñ pylan-pyssygan diıip dil ıetirip bolarmy. Öñem serdara zordan ıetdi ol, ilki gözüniñ düşeni, gaışardyp gezdirjegi ol onuñ!
“Kanagata-bereket” diıipdirler onsoñam. Kanagat edeliñ. Serdar hiç zat etmän, ıurdy tozduryp, Brežnew ıaly bäş gezek gahryman boljak bolıa diııändirler. Ynanmañ o gepe-de. Hiç iş etmedi diılenin-ä asyl ynanmañ. Türkmen baılaryny döretmedimi eısem serdar, onda-de ne baılar, bagana possunly hem ak silkme telpekli hakyky semiz baılar. Serdar olar bilen surata düşüp, wagtal-wagtal telewizorda şol suraty görkezdıärem ahyryn. Bilsinler diıip edıä-dä şony. Elbetde, özüniñem şolañ biridigini aıtdygy şol oñ. Dogry, ol baılaryñ içinde ogurlyk-sogrulykda görnenlerem bar diıjek bolıalar. Şolar ıalylañ bolgusyz şekilini serdar suratdanam aıyrdıar ahyryn. Heı, suratdan şekiliñ aırylmakdan ulam bir jeza bolarmy. Onsoñam olar telewizorda toba-da edıärler. Bularyñ hemmesi halk üçin uly terbiıeçilik sapaklarydyr. Şunda-da sapak almadyk çagalary türmelere aılap görkezmek düzgüni hem serdaryñ genial kellesinden çykan pikir. Şunam bir toparlary aıyp diıjek bolıalar. Bu ıerde näme aıyp zat barmyşyn.
Serdar halal baıajaga düşewüntli wezipe berip, baıadybilıär-le. Göterinmedigi, daşary ıurda beılekä barlanda aıal-gyza ıapyşan ıa-da kabinetine owadanrak aıal  gelende edepsizlik eden ministru-başlyklary dagam aıap goıanok serdar, ıogsa olar oıun dagam ıazyp, baırak-saıragam alan adamlar. Başaran alyp-satyp, ekip-dikip, başymyzyñ täjiniñ özi ıaly halal baıamaly hem kim-de-kim göterinmän, onda-munda serdar hakda gep-gybat etse, günäni özünden görsün. “Mert özünden görer, namart ıoldaşyndan” diımänmidirler. Işden, onda-da düşewüntlije ıerden aırylsañ, serdardan görüp, daşarda samahyllaşyp ıörenlere goşuljak bolup ıörmeli däl. İene serdara ıykylmaly. Başdan başlamaly. Şonda serdar yhlasyñy görüp, halallygyña hem wepalylygyña göz ıetirse, ıene wezipe bermegi ahmal.
Täze baılaryñ salnan köşklerini, münıän maşynlaryny, çagalarynyñ restoranlarda pul sowruşyny görüp-bilip, heı, şu zatlary synlabam serdara iş etmedi diıip bolarmy. Elbetde, garyp düşenlerem bar. İöne eliñ bäş barmagy deñmi, hemme adam deñ bolar ıaly. Kim garyp düşıän bolsa, işıakmaz ıaltadyr, elinden zat gelıän däldir. Neşekeşdir ıa gybatçydyr. Ylymda-bilimde, edebiıatda-sungatda-da zehiniñ bolsa işläbermeli. Hökman serdaryñ adyny goıup kitap ıazmaly diıilıäni ıalan. Ylmyñ bolsa, Ylymlar akademiıasy bolmanda-da açyş edip bolar. Öıüñde laborotoriıa gur-da, ediber näme synagyñ bolsa. Gurbakga kän, it-pişik kän eıesiz. Asyl eıelileriniñem eıesiniñ özi aç otyr, işlemänsoñ. Al-tut-da, öldür, soı, edıäniñ näme diıjek ıok. Medisinada dagy näme açyş etseñ edibermeli. Ösen daşary ıurtlar diıilıände dagy it-pişigem ıokmuş-a. Bolanam pullumyş, gymmatmyş özem. Bir pişige ıüz elli dollar dagy baha kesıämişler. Bizde adama beıle nyrh kesilenok. Oñ ıaly türkmen däp-dessurlaryna bap gelmeıän demokratiıa bize gerek däl. Türkmen asyl gelip çykyşy boıunça iñ gadymy halkdyr we eneden dogma demokratdyr. Tahıasy bilen gyıma balagam görkezıär-ä oñ şeıledigini. Hatda onuñ heniz eneden dogmanka-da demokratdygy, ıöne kanagatly demokratdygy, ejesi aç bolsa, däbşenekläp ıatmaıandygy, ses-selemsiz, gymyldysyz ıatıandygy hakynda alymlar derñew geçirseler gowy boljak. Bu tutuş dünıä nusga boljak beıik türkmen häsiıeti ahyryn. Şeıdip doglan çagalar soñam ol demokratiıa gerek diıip gykylyk edip ıören kelesañlar ıaly ıeñles bolmaıa, agras hem ümsüm bolıar. Beıle beıik hem kanagatly ogullary dünıä beren halky hiç kim özüni aklamaga ıa-da daşardan geleniñ öñünde müınürgemäge mejbur edip bilmez. Ol başyny dik tutup, dünıäde gaışaryp gezmelidir hem öz ıoly bilen darsyldap gitmelidir. Näme ol çäınek-käse ıa kakasynyñ arakly bulguryny döwen çagamy, özüni aklar ıaly.
Dogry, bize öz ıolumyz diııäniñiz näme diıip güljek bolıanlaram bar. Nämemiş, o ıol gaty çukanak-sakanakmyş, içiñi dagy düşürjekmiş. Her näme diıilse-de, öz ıolumyz bilen gideliñ, adamlar! Soñ biziñ taıyn ıolumyzdan ıörediñiz diıip minnet etmesinler. Sowet ıyllarynda-da dotasiıada otyrsyñyz diıip igenibildiler, ıersiz-ere. Indi beri beıle zada ıol bermäliñ. Igenç çekmäliñ asyl adamdan. Öz ıolumyz bilen gideliñ!
Şükür ediñ, adamlar! O entäp ıören watan satanlaryñ gepine ynanmañ. İeri indi bir serdary başymyza täç edip göterip bilmerismi biz? Galdyralyñ ony ıokarrak. Goı, wezipe berilmedik näkesleriñ, damarynda türkmen gany tirpildemeıänleriñ elem, dilem ıetmesin. Öıkeleseler öıkeläp geçsinler. Şeıdenleri bilen çagyryp iki-üç wezipe berläıer öıdıändirler. Ol bolmaz. Wezipäni kim serdary ıokarrak galdyrsa, şoña bereliñ. Onsoñam atalarymyz aıdypdyrlar ahyryn, öli aıatdan doımaz, diri hezzetden diıip.
Еne bir aıtmaly zat, biziñ serdarymyza demokrat däl, diktator diıip bir heñe gelmejek, ıapa degmejek gürrüñ tapjak bolıalar soñky birki aıda. Bu dagy heı ynanyljak zatmy. Ol demokrat bolmasa, dünıäde şer şalygy diıilıäniñ başynda oturan kompartiıanyñ hataryna sümip girip, ony şol mañlaıy täçlimi, hallymy biri bilen ıykyp taşlamaga gatnaşarmydy? Hana, ıykyldy gitdi ol ady başyny iımiş. Bir gün bolmadyk ıaly. Serdarymyz bolsa, ol heniz ıaraly gaplañ ıaly urunıarka dempartiıa döretdi, saılawda saılandy. Alternatiw kandidat bolmady diıjek bolıarlar muña-da. Halkyñ özi şony isledi. Heı, beıle serdar barka-da bir alternatiw-palternatiw diıen zat bolarmy. Başga partiıalar ıok diıilıänem biderek gürrüñ. Başga partiıa nämä gerek, müñ partiıa degıän bir partiıamyz barka, onuñ başynda-da gül ıaly saırak dilli, bilbil owazly, ıüzi nurana, sözi dürdäne, akyl-paıhasdan ıaña saçy düşen birinji sekretar gaıa ıa-da dagyñ bir belegi ıaly bolup durka... Onsoñam aıdyñ göreıin, haısy ıurtda biziñki ıaly azatlyk bar. Şu azatlykda partiıa döredip bilmeıän bolsa, serdardan däl, özünden görsün her kim. “Aıbyny ıaşyran aıñalmaz” diıipdirler. Daşlaryna adam üışürip bilmeıän bolsalar, aıyplary bardyr. Il aıyply adamyñ ıanyna barmaz. KGB-MHK kowalap ıör, dälihana salıarlar, milisiıa-polisiıa azar berıär, ıygnanyşyk geçirdenoklar diıilıänlerem biderek. Hana, serdarymyz gül ıaly ıaşulular maslahatlaryny geçirip ıör-ä, galoş-saloş paılap. KGB zat diıenok şoñ-a, ıogsa şo taıda iıgi-içgem, beıleki hezzet-hormatlaram kemlik edenok. Gepem ıok, gürrüñem. Gaıta her kim razy bolup, öıüne sowgat-salamly gaıdıar.
Hawa, şükür edeliñ, adamlar! Tankyt ıok diıilıän gepe-de ynanmañ. Bizde tankyt bar. Onda-da nähili ajaıyp konstruktiw tankyt bar. Bu ugurda bize nusgalyk tankytçam ıene serdarymyzyñ özüdir. Şondan görelde alsyn o tankyt ıok diııänler. Garyn salanam tankyt edilıär şoñ ıygnaklarynda, para alanam. Para alan alan parasyny getirip yzyna berip gidıär gaıtym. Para alanyna-da gaty ökünıär. Elbetde, azrak alypdyryn diııändir-dä. Serdarymyz kimiñ ıumurtgasynyñ ıokdugynam göni ıüzüne aıdıar, nädersiñ onsoñ ıumurtgasyzlar ıüzlerini sallaşyp dursalar... Heı, kişiñ şahsyıetine degilıämi şo ıygnaklarda? Gaıta tankyt edilenler serdardan razy bolup, alkyş aıdyp gidıärler. Tankyt diıeniñ şeıle bolmaly ahyryn. Bütin iliñ ganyny gyzdyrjak, sussyny pes etjek tankyt kime gerek. Aıry-aıry, kiçiräk başlyklar bolsa, başga gep, olary nähili isleseñ tankytlamak bolar. İöne serdaryñ özüni tankytlap, bütin milletiñ ıüzüni ıere basmak bolmaz ahyryn. Sebäbi biziñ milletimiz serdara diılen gaty sözi özüne çekip, ençeme gün işdäden galyp, horlanyp gezıär ahyryn. Serdar öz aladasyny edip däl, il aladasyny edip gyzıar beıle tankyda. Şoñ üçinem biziñ ilimizde “Serdar” diıip bütin ile düşünilıär, il diıip bolsa serdara” diıen ganatly söz ıörgünli. Bu sözi zehinli hem hakdan içen şahyrlar bilen kompozitorlar bileleşip aıdym etdiler. Çagalar ony irden hem agşam ertirlik hem agşamlyk ıerine iııärler, ıagny ıerine ıetirıärler. Aıdym-saz, goşgy diıilıän zat bolsa, hudaıyñ zehin beren adamlarynda gudrat bilen, aıratyn üıtgeşik bir ylham joşgunynda dogulıar. Ol aıdymlara, goşgulara ıaranjanlyk eserleri diııänler hudaıdan gorksunlar. Heı, ıaranjañlyk edibem bir goşgy, saz döredip bolarmy. Onda-da beıle ajaıyp aıdym-sazlary. Azyndan iki ıüz ıyl ıaşajak eserler-ä olar!
Türkmeniñ özi ıaly, serdaram bir kiçigöwün, saıhally adam! At-abraıy dünıäni tutdy ıogsa şunuñ. “Mesligem goıun göterer, goınuñam garasy” diıipdir ata-babalar. Nobel baıragyny berjek bolup dyzadylar arada muña. Almady. Daşary ıurtlaryñ men diıen alym adamlary hödürläpdirler. Özem şol baıraga hödürlän adamlaryñ kimsi ölüm ıassygynda ıatyr diııär, kimsi ıene bir möhüm işiñ başynda diııä. Emma o dünıä gitmäkälerem, ıagny panydan baka göç eılemänkäler şuñ Nobelli bolanyny görmek isläpdirler-dä. Iller şol baıragy aljak bolup nobata durıarlar, ähli tanyş-bilşini mobilizleıärler, dünıäñ puluny dökıärler diıen gepem bar. Biziñ saıhallymyz bolsa, üstüne getirilip berilıärkä alanok. Sebäbi ol gaty skromnyı adam...
Ylym-bilim ugrundanam hudaı beren bi. Ylymlaryñ doktory, professor. Hatda kompıuterem özi ıasan ıaly. Açyş barynam edibiljek, elbetde. İöne şu biziñ aam halkymyzy öz ıolundan ıöredip demokratiıa eltjek bolup bar wagtyny sarp edäııä. Üstesine, gaty yrymçam. Göz-dilden çekinıär, beıle gözçykgynçlyk etmäli, açyşlaryñam wagty geler diııär...
Hawa, hawa, “Ilde gep kän, Mekgeda arap” diıleni. Iliñ bor-bolgusyz gürrüñine añkarmalyñ, şükür edeliñ, adamlar! Serdarymyz öñem ıarym göwün, ıetim ösen, köp horluklary başdan geçiren adam. Munuñ üstesine şu günler ıekerägem galdy. Maşgalasam birhiliräk, eşitmişimize görä, şo daşardan gepleıänleriñ aıdıany çyn bolsa, başga ıerräkde ıaşaıar. Onsoñ birden, ıeke adamdyr-da, täzeden öılenjek diıse näme diıjek. İekelik hudaıa ıagşy, elbetde. Dogry, serdarymyza gyz tapylar. Munuñ gürrüñi ıok. Saılap-seçip alarys gyzy, iliñ orta barmak ıaly ıerinden, ig gyz alarys onda-da. Serdar ıaly ogluñ bolsa, gyzlaryny üstüñe getirip berıärler bumat. Kileñ öılenjek oglanlar neşekeş bold-a. İöne öñki maşgalasy emläk paılaşjak diıse, ana, şonda turar dawa. Bu milletiñ ıeri-ıurdy, bar baılygy, daşary ıurtlaryñ banklaryndaky serişdeleri bölünşige düşmese kaıyl bolaıyñ. Sebäbi serdar ıurduñ baryny-ıoguny, ynamdar bolsun diıip, diñe öz adyna geçirdi. Üstesine serdarymyz öñ gelnaljylap, kejebeläp öılenmedim, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp toı tutmadym, göreş tutdurmadym, keçe-keçe oınatmadym, ıaglyga towusdyrmadym diıse, näme diıjek. Köne däpleri gowy görıär-ä ol neresse. İeri bolıa, bularam etmek kyn däl, owarram diıseñ, şol agzy ıelli oppozisionsumaklara uly gürrüñ bolar-a bi.
Bar, bularam hiç diıseñ, serdarymyz gelin toıumy kinofilm ediñ diıse, gyza ıaglyk dañlyşyny, ıüzük dakylyşyny, gelne guşak çözdürilişini, baş salnyşyny aıratyn sünnäläp surata alyñ diıse, şol dabaralarda aıratyn yhlasly dempartiıaçylar öñ hatarda bolsun diıse, aıdaly, onjyklar-otuzjyklar, kakabaıjyklar-ballyjyklar gyza ıaglyk dañyp, ıüzük dakyp, gelni palasa mündürip göterip, nogul-nabat seçişip ıörseler nähili bolar. Serdar gelnaljy maşynyñ üstünde ak guw bolsun, öñünde ullakan gurjak dursun, tüıdükçi-surnaıçylar saz çalyp, deprek kaksynlar diıse, näme diıjek. Gyzyl ıa ıaşyl kürteli gelin bilen öz ıadygärliklerime gül goıup surata düşjek diıse, näme diıjek. Elbetde, bize kynçylygy ıok bu zatlaryñ, il-gün höwes bilen gatnaşar bu dabaralara. Ile dönseñ şuññaly ıagdaılarda. Toıuñy-ıasyñy il sowıar-a bolmanda-da. Başym gurban bu ile, il beıik, beıik! İöne ıene şu welisi bar-da... Daşarda heşelle kakjak kän-dä. Munuñ ıaly zat tapsa, olar serdarymyzy dünıä gülki edip ıazjaklar ahyryn. Şu wagtam zat tapmansoñlar ıazyp bilmän, ıuwdunşyp, haçan bir şunuñ ıaly ıalñyşlyk goıberlerkä diıip garaşyp otyrlar. Parasatly  serdar  bu  zatlara gaty oñat  düşünıändir,  elbetde. Öñdengörüjilik bilen hemme boljak-aıdyljak zatlary görüp-bilip oturandyr, ıogsa şonuñ ıeke ıaşasy gelıändir öıdıäñizmi. Elbetde, ıaşasy gelenok. İöne ol biziñ eşretli hem bagtly durmuşda ıaşamagymyz, altyn asyra ruhubelent gadam basmagymyz üçin diñe hudaıa ıagşy görülıän ıekelige-de çydaıar. Biz üçin çydaıar. Şonuñ bilen birlikde-de biziñ nazarymyzyñ öñünde, tamdyr çöregi ıaly mukaddes il-günümiziñ alkyşy bilen hudaılaşyp barıar. Asyl barıaram däl, bireııäm hudaılaşdy. Ol biziñ hudaıymyz, adamlar! Geliñ, ownap ıörmäliñ, Krasnowodskä-Gyzylsuwa, ıene bir ıerlere adyny dakan bolup. Turkmenistan adyny üıtgedeliñ, Sapariıe diıeliñ! Ystan-pystan gerek däl indi. Modernleşenräk bolsun adymyzam. Altyn asyrda döwrebap bolar şul at. Şeıdeliñ, adamlar, şükür edeliñ! Kanagat edeliñ! Sabyr edeliñ! Magtymguly şahyr ıaly, durmuşdan eden tamamyz çykmady diıip, göwnüçökgün bolmalyñ. O pahyr, eşitmişimize görä, Pakistanda bir kitaby çan edilipdir welin, şonda ıöne “ajap eııäm gelmedi” diıip aglap otyrmyş. Geldi ahyryn ajap eııäm. Onsoñam ol hemme ıygnan zadyñy döke-döke gidersiñ, ıer seni kimem bolsañ goınunda gizlär diıipdir. Muña ynanmañ, adamlar. Serdarymyzam şuny sargaıar. Özem Magtymgula ynananok. Hemme “gel” diılenden gidibermeli diıip, olam ıaşynyñ soñunda halys göwnüçökgünlige düşüpdir. Hemme gitmeli bolmaz-a! Ahyry biri galmalam bolar-a! Onda-da munça at-abraı, türmeden boşadylan neşekeşlerden alkyş alnansoñ, munça mal-dünıe ıygnalansoñ... Heı, döküp gidibermek bormy...  Ruhubelent bolalyñ, eziz-mähriban adamlar! Ine, beıik serdarymyz bize beıik “Ruhnamamy”, bir zat ıazyp berjek. Şondan soñ ykdysadyıet dagam gülläp öser. Häzirem gülläp ösüp gidip otyr ol. İöne gülüñ öz biten ıerinde gadyry ıok. Biz oñ gadyryny bilemzok. Haı, biziñ ıurdumyzyñ waspyny şu taıyk gelip halydan-sowgatdan ıüküni tutup gidıän daşary ıurtlulara etdiriseñ-dä, şolar ökde ol zatlara. “Ogonıok” žurnaly dagy ıazypdyr arada, ıigrim birinji asyryñ serdary diıip. Bütin orsa-kürte-de serdar etjekler şuny alyp, emma ozi gidenok. Mähriban halkym diıip, göwni ıuka munuñ, şol yrlyp ıatyr. Biz başaramzok munuñ beıikliklerini ıazmany. Başarmaıan zadyña başaramok diımeli. O daşardaky demokratsyraıanlar ıaly, başarmaıan zadyñam başarıan diıip ıörmeli däl. Dogry-da, walla!
Hawa, gaırat edeliñ, şükür edeliñ, eziz hem jana-jana adamlar! Sabyr rahmandan, äwmek ol ady ıitmiş şeıtandan diıipdirler.
15.06.1999
 
 
ULY ILIÑ NAMYSY
                
1995-nji ıylyñ 12-nji iıul demonstrasiıasy
sebäpli gynamalardan soñ özüni heläklän köşüli
ıigit Suhanberdiniñ ruhuna bagyşlanıar.
 
Gerçek bu zatlar edil beıle bolar öıtmändi. İüreginde ıagşy umytlar besläpdi. Esasanam Orsıet tarapdan geljek diıilıän adama uly umyt baglapdy. Aıtmaklaryna görä, ol gelip, bar ıalñyşlygy düzetjek, halky garyplykdan çykarjak ıeke-täk kişidi. İöne ine bary, ıürekde beslenen ıagşy umytlaram, il-ulusdan çykmadyk tama-da garym-gatym boldy. Ol ozal “İok bolsun diktator! İok bolsun diktatura!” diıip çykanda, köçäni dolduryp barıan garyp oglanlaryñ arasynda bolanyna obanyñ iñ asylly gyzyna öılenen ıaly buısanypdy. Sebäbi diktatura hemme belanyñ özünden turıandygyny bilmez ıaly etmändi. Indiden soñ,  milletiñ añyna, beınisine urulıanyny görüp-bilip durup, ol ıa-da beıleki kezzaplyga düşünmedim, beıledir öıtmedim diıip oturmak halys tüntawlyk boljakdy.  Negözel il, negözel ıurt  tozup-dargap barıardy. Megerem ol hut şunuñ üçin gyssandy. Parahat köçe ıörişi barada eşiden badyna-da öz ıoldaşlarynyñ ıanyna geldi: “Oglanlar, bizem ilden galmalyñ!” diıdi. Onsoñ dañ-säher bilen köçä çykyldy. Ol şonda öz milletiniñ ıigitleriniñ şeıle nazarkerdediklerini ilkinji gezek gören ıaly boldy. Arassa ak köınek, doñdurylyp ütüklenen gara balak geıen ıigitleriñ ıüzleri ıap-ıagtydy, gözlerinde üıtgeşik bir nur bardy. Ol muny, megerem, haıyr ıoluna çykylandandyr  diıdi. Soñ,  metjidiñ ıanynda, polis başy Gajar Kasym  öñlerinden çykanda-da şeı diıdi. Sebäbi diıseñ, haıbaty ıer ıarıan polis başy ıoldan sowlup, ıeli giden meşik ıaly myssaryp galdy. Ol ozal Gajar Kasymy it uruşdyrylıan ıerde kän görüpdi, haıbatly gykylygyny kän eşidipdi...
Indi welin başga pikir edip başlady. Muña sebäbem dag ıaly ıigitleriñ ıüzüni sallap oturmasy boldy. Onsoñ olary ıüzleşdirip başladylar. Elbetde, syıasy talaplar hakynda gürrüñ edilenokdy. İörişiñ öñ ıanyndaky gije tirıek çekilenini, ok-ıarag barada maslahat edilenini subut etjek bolıardylar. Tirıekli mesele olara o diıen kynam düşmedi gerek. Aman mollañ ogly Abdy iki gezek ıüzüne depilenden soñ islendik görkezmäni bermäge taıyn boldy. “Şo taıda meniñ özümem bäş baş tirıek sordum” diıip ant içdi. Soñ ol listowka ıazyp berenleri “satdy”. Ony bu hyzmatlary üçin boşadyp goıberdiler...
İok, ol öz eden işine ökünenokdy. Halk içinde pyşyrdalyp aıdylıan, toıda-ıasda gürrüñi edilıän zatlary gygyryp aıdyp bilenine, şony aıdan ıigitleriñ içinde bolanyna buısanmak buısanıardy. “Erkin saılawlar geçirmeli, hökümet iş başyndan çekilsin, prezident gitsin! Söz, metbugat azatlygy gerek! Hakyky demokratiıa gerek! Talañçylyk gerek däl, ıalançylyk gerek däl!” Ol bu sözleri aıdanyna, hut şu pikir bilen ıöriş edenine, şäheriñ gaıra çetinden merkezine çenli ıol geçenine, onda-da uly il derwezesini içinden gulplap otyrka şeıdip bilenine hiç wagt ökünjek däldi. Sebäbi diıseñ, “Kanagatly milletimiz bar” diılip oınalıan adamlaryñ  depesinde ıañlanan sözler köpleriñ ıüreginde bardy. Ol iliñ ıüregindäki sözleri aıdypdy. Onda-da ulus il “Namartja olam, sagja olam” diıip otyrka aıdypdy...
Gerçek üstüne abanyp küpürseıän “Gök generala” alarylyp seretdi.
- Sen gaıtym alarylanam bolıañmy? - diıip, arryk göwre sandyr-sandyr etdi. - Sizi bir edişimi görüñ!..
- Näme edersiñ, biz bir-iki däl, ıüz, müñ, million belki-de. Tutuş il dur arkamyzda... Siz gitmeli! Iliñ ynamyndan gaçanyñyz üçin gitmeli. Bäş-üç müñ oglanyñ adyndan däl, bütin iliñ adyndan çykdyk biz! Şol iliñ talabynam öñe sürıäs...
- Bes et samahyllyñy, agzysary jüıje! - General stoly ıumruklap gygyrdy. - Ili näbilıäñ sen? Il kimde wezipe bolsa, şoñ aıagyny ıuwıandyr. Sizi başyna ıapsynmy il? Hana, il diıip çykdyñyz... Geldimi şol il, goldadymy? Ertir üışürip ıa ıeke-ekeden dardan asaly, gelermi şol il? Gelmez!..
- Gelmese-de, ıüregi biziñ ıanymyzdayr! Diımek, bu gün gelmese, ertir geler. Sizem eden işiñiz üçin jogap bermeli borsuñyz...
- Goı, inim, bes et, tüket! Aıdylany edip, ıoldaşlaryñ ıaly, videokamerañ öñünde “İalñyşypdyryn, toba edıän” diıseñ-ä diı, ıogsa-da ıyl alyp gidıäñ. Hana, ıoldaşlañ ıüzüsini dagy öıüne goıberdik şu gün. Beıle kejeñek bolmazlar. Bize-de gerekgäl sizi paçkalap basmak. Adam ıaly aıdylanda düşünmeseñ, soñ özüñden gör. Türme diıilıän oıunjak däldir. Sen-ä heniz çaga, men diıen ärleri iki bükıär biziñ türmämiz...
Onsoñ ony däliziñ ıokary başyndaky otaglaryñ birine, megerem, Rüstem diıilıäniñ kabinetine alyp gitdiler. O ıerde eline gandal salnyp, biline depilen ıoldaşlary otyrdylar. Olar öñki ıüzi-gözi nurana oglanlar däldi. Öñ olar onuñ gözüne dag ıaly, juda bolmanda gaıa ıaly bolup görnüpdiler. Şonuñ üçinem ol hiç zatdan çekinmändi. Gorky-ürki etmändi. Emma indi... olaryñ çala baş atyp, gürlemän oturyşlaryndan, biriniñ bolsa: “Biderejik aw bolaıdyk öıdıän”   diıip,  eşidiler-eşidilmez ahmyr etmesinden gorkup ugrady. “Bularyñ hemmesi döwläıdimikä?.. “Toba etdim” diıäıdimikä?” diıdi. Dogrusy, bular eden işine ökünmeli ıa-da kyn-gyssag gördüm diıip bir-birini “satmaly” ıigitler däldi. Emma heniz teatryñ öñündekäler, daşlary atly-ıaragly polisiıa bilen gabalanda, hökümet wekilleri “Dargaıyñ, näme talabyñyz bolsa soñ diñläli” diıip ıalbarıarkalar ikirjiñläp ugranlar bolupdy. Olar: “Halky, adamlary-ha gördük, goşulmadan, goldamadan geçen, gaıta derwezelerini içinden ıapdylar. Listowkalaram ıerden göteren az boldy... Diñe bize gerekmi ıurduñ abadanlygy?!.” diıipdiler. Dogry, käbiri: “Birki gün şeıdip saklanjak bolalyñ, biziñ ozal gürleşişimiz şeıle-de” diıdi. Emma iki-üç gün däl, iki-üç sagat saklanmak hal boldy. Oglanlaryñ daşyny gaban demir halka barha daralyp, gysyp-gowrup barıardy. Polisiıa eli ıaragly ıaşajyk esgerleri öñe sürıärdi. “Etmelis-ä, ellerinden ıaraglaryny alyp, özlerini pürrelemeli-le...” diıip, Gerçegiñ ıanynda duran ıigitleriñ biri hyrçyny dişledi. Bu gidişde hökman garpyşmaly boljakdy. Asyl gajarçylar şuny isleıän ıalydylar. Emma demonstrantlar parahatlygy sakladylar. Olar hut şunuñ üçin ellerine hiç zat, hatda şygar ıazylan transparantlary hem almandylar. Şonuñ agajynam bahana edinmesinler diıipdiler...  
Ahyry olara “Dört-bäş sanyñyz ıolbaşçylar bilen gürleşmäge gitmeli” diıdiler. Gerçek bu teklipden peıdalanmaly diıdi. İogsa bu zatlaryñ eıgilik bilen gutarmazlygy ahmaldy. Megerem ol şeıdip ıalñyşdy. Sebäbi şol  gürleşmegiñ soñy oglanlaryñ ilki ıüzläp, soñ ondan-ıigrimiden, ikiden-üçden tutulyp-basylmagyna getirdi. Gaçyp gizlenenleriñ ene-atasyny, dogan-garyndaşlaryny dar kapasa gabadylar...
Gerçek aıagyndan barha ysgyn gaçıanyny, öñki gaıduwsyzlygynyñ bir ıerlerik sumat bolup barıanyny duıdy hem ilkinji gezek “Birden toba etmeli bolaısam näderin?..” diıip pikir etdi.
Polisiñ sülçüleriniñ özüni alyp barşy gözçykgynçdy. Olar stoluñ üstüne aıaklaryny atyp oturıardylar, tüıküliklerini syçradyp çigit çigitleıärdiler, agyzlaryny waçjykladyp soganly gutap iııärdiler hem beıleki kabinetdäki ıoldaşlary bilen gygyryp gepleşıärdiler: “Orazly, señkiler toba etdilermi?” “Samet, sen nämäni boıunlaryna goıduñ?” Jepbar diıilıän sülçi bolsa, kabinetlere aılanyp, listowka köpeldilen apparat bilen onuñ eıesini tutup getirişini, ony kimiñ “satandygyny” gürrüñ berıärdi.
Gerçegiñ olara ıigrenç bilen seredıänini gören oglanlaryñ biri ıüzüni aşak salyp gepledi: “O SIZO-da oglanlary gaty horlaıalar. Öñe düşenleriñ aıagyndan asyp urıalar. Iki hepdedir, diñe çilime otyrys. Gara suwam berenoklar. Dem alara howa ıok. Oñ üstesine-de gelip arkaña bir depıäler welin, dünıä düñderilip gitdimikä diııäñ...”
Gerçek gözüni ıumdy hem gapyñ agzynda ärlerine iıer-içer geçirjek bolup duran gelinleri ıatlady. Polisiıa olaryñ “Diñe çörek şü, şuny bir eltip beriñ!” diıip özelenmelerine gulagam asanokdy.  İaltanmadygy käte “Bolanok, olara zat geçirmeli däl. Buıruk şeıle!” diııärdi. Gerçek bu görnüşi eli gandally getirilıärkä görüpdi hem erbet namys edipdi. Soñ onuñ gözüniñ alnynda ıoldaşynyñ üstüne buşukdylar. Bu waka KPZ diıilıän ıerde boldy. Ony ilki dar kapasada ıeke goıup gitdiler. Beton kamera iıul Gününiñ astynda howur berıärdi. Daşarda, azatlykda heläk edıän 40-45 gradus yssy şemal düşmeıän porsy kamerada essiñi aıyp barıardy. Dälizde gök çaıdan derleşip oturan gozegçileriñ mes gülküsi ıañlanıardy. Soñ sülçi ıörişe gatnaşanlaryñ ıene birini alyp geldi. Ol mazaly ysgyndan salnandy, dik oturmaga-da mejaly ıokdy. Ony şo ıagdaıynda-da Gerçegiñ ıüzüne duruzjak boldular. “Soñky maslahat eden gijäñiz şuñ tirıek çekenni aıt-da, çyk-da gidiber, goıberilıäñ” diıdiler. Ol başyny ıaıkady. Onsoñ gelip onuñ üstüne buşukmaga durdylar. Gerçek durup bilmedi, “Eı, siz türkmen-ä, beıle-de bir heleılik bormy?” diıdi. Şu-da onuñ suwasalma ıenjilmegine bahana boldy. Ony “Kim heleı, senmi ıa biz, aıt bahym? İogsa-da heleıe ıaramaz ıaly edıäs...” diıip urdular. Köprägem satanynyñ arasyna depmäge jan etdiler...
Ol gijäniñ birmahaly özüne geldi we ilki bilen aıaklarynyñ arasyny barlady. Eli agyryly ıere degendenem tisginip gitdi. Onsoñ göz öñüne obañ iñ asylly gyzy Aınur geldi we ıene ıuwaşjadan essi aıylyp barıanyny, kameranyñ çüñkündäki körek çyranyñ barha kiçelıänini bildi. Şondan soñky wakalary bolsa gaty aıdyñlykda  gördi. Signallaryna basyşyp gelıän gelnaljy maşynlaryny, olaryñ üstündäki bezemen gyz-gelinleri, öılenıän ıigidiñ ıanyndaky owadan bezemen oglanlary, başyna gyzyl kürte atylan gelniñ atasy öıünden alnyp çykylyşyny, oglan tarapyñ öılenıänleriñ üstünden nogul-nabat seçişini, baryny gördi. Birdenem aıallaryñ biri gelniñ ıüzüni göreli diıip kürtä ıapyşdy-da, çykıan gyzyñ aglamakdan ıarym-ıaş bolan ıüzi serpilip açyldy. Ol Aınurdy, Gerçegiñ gije düışünde, gündiz huşunda bolan asylzadady. Ony başga birine, ıat oba durmuşa çykarıardylar... Gerçek bir “Aınur!” diıip gygyrdy hem şobada öz sesine oıanan ıaly boldy. Şol wagtam gapy açylyp, soraga çagyrylıandygyny aıtdylar...
 Gerçek ıene dagyñ bir bölegi saıan ıigitleriniñ ıüzüne seretdi. Olaryñ ıüzünden şol köçäni dolduryp gaıdan günlerindäki nury gözledi. Tapmady. “Türkmen haçandan bäri beıle ejizledikä?” diıip pikir etdi. Onuñ bu pikirini dälizde başlanan başagaılyk böldi. Sülçüler ylgaşyp kabinetden kabinete geçmäge, iıulçylaryñ ellerindäki gandallary aıryşdyrmaga başladylar. Birsalymdanam gapyda Gajar Kasym häzir boldy.
- Bular näme, henizem gutarmadyñyzmy? Şol esasy otuzysyndan başgasyny bir gezeklikçe jerime bilen sypdyryñ diıdim-ä men!.. - Ol şeı diıip, haşyldap dem aldy.
- Bular toba edesi gelmeıänler... - “Gök generalyñam” jogaby nagt boldy.
- Ertire çenli puryja beriñ, öılerine goıberiñ özlerinem. Ertir gelip toba etmeseler, özlerinden görsünler. Bular ıalylary mugyra getirmäge mydama-da güıjümiz ıeter. Her öñıetene serdarymyzyñ göwnüne degdirmeris...
 
Gerçek köçede ıoldaşyna gaçmagy teklip etdi.
- Nirä gaçjak? Daşyna aşmaga pul gerek, içinde-de derrew taparlar.
- Daşrak obalarda gizleneris...
- Eıranly bir türkmen ıaşaıa şu taıda. Şol aıdıa, Homeıni gelip, Eıranda türkmen diıip çykan oglanlary pürreläp başlady welin, arkamyzdan ıer-suwly bolan millet bizi myhmanam almady diııä. Baran öıleri: “Bizden bir gideweriñ!” diıäııämiş...
 Gerçek agşama çenli öılerine barmady, diñe garañky mazaly düşensoñ geldi. Ejesi oglunyñ başyndan gujaklap aglady:
- Nä belalara ulaşyp ıörsüñ-ä, ogul? Nä günlere goıduñ-a, bala! Bu bagtyıatan milletiñ aladasy indi saña galypmy? Çaga ahyryn entek sen, oglum!.. İañy telewizory öçürtdi kakañ, ıoldaşlaññyz “Pohumy iıipdirin” diışip otyrlar. Öz erkine diııän däldirler, elbetde. “Waı, meñ oglumam şeıdip masgara edip görkezseler näderin, alla?  Ile-güne neneñ edip çykaryn?” diıdim. Hernä hudaı nalyşymy eşidipdir...
  Dagarman! Hudaı Gerçegiñ ejesiniñem, beıleki müñläp eneleriñem nalyşyny eşitmän eken. Ertesi irden işikdäki agajyñ şahasyndan asylan ogluny gören ene bir çirkin gygyrdy-da, özünden gitdi. Soñ süıji ukuda ıatan obanyñ üstünde erkek adamyñ aıylganç agysy ıañlanyplar gitdi...
“Ertir üışürip ıa ıeke-ekeden dardan asaly, gelermi şol il, gelmez” diıip, “gök general” ıalan aıdan ekeni. Il geldi. Onda-da nä gelmek? Sil ıaly, şol akdy durdy. Onsoñ oglany ak eşik geıdirip, boınuna atgulak dañlan agaç ata mündürip, ilerki baıyrlykdaky oba ugratdylar. İigidiñ uıasy tabydyñ yzyndan ylgap:
- Uly iliñ namysyndan ölen dogan-eı!.. - diıip aglady. Uly il aglady.
Gerçegi düın-öññin, ondan öñräk hem soñky birki aılykda jaılanan obadaşlarynyñ ıanynda goıdular. Olaryñ arasynda şu gahatlykda dünıä gelip, heniz ıaşyna ıetmedik bäbeklerem, balasynyñ boıuna guwanman solan gelinlerem bardy. Şeıdip, Baıyrly obada ıene bir gyzyl gumly mazar emele geldi. Doga-dileglerini gutaryp, eñegine el ıetiren molla:
- Adamlar, Gerçek nähili ıigitdi? - diıip üç gezek gygyrdy. Üç gezegem “Gowy ıigitdi” diıen jogap ıañlandy. Onsoñ ol gygyryp, Gerçegiñ  kime bergisi bar bolsa, kakasynyñ berjekdigini, şoña aıdaımalydygyny habar berdi. Soñundanam çalaža, eşidiler-eşidilmez pyşyrdady: “İöne oña biz, ulus il bergili bolaımasak... Gözüniñ alnynda ejesi zorlanan çaga döndük edil...”
12.06.1999
 
                                                               PORTRET
            
Mekdepde hemme zat üıtgedi, ıöne şu komissiıa diıilıäniñ arak bilen börekden doıup gitmesi, direktora towuk ütdürmesi üıtgemedi. Ömür  kartalary bilen başagaı bolup ıören jugrafiıa mollumy Almämmet aganam aljyradan şol komissiıa boldy. Nämemiş, jugrafiıa kabinetinde serdaryñ suraty ıokmuş. İogsa okuw ıylam soñlanyp barıady...
Komissiıa gelip gidenden soñ geçirilen maslahatda-da bar gürrüñ şol surat hakynda boldy. Ilki okuw bölüminiñ müdiri çykyp gürläp, “Prezident burçlarynyñ” döredilişindäki düıpli kemçilikler, kasam aıtdyrylyşykdaky sowuk-salalyklar, prezidente wepalylyk kasamynyñ çagalaryñ watançylyk terbiıesinde oınaıan roly, mekdebiñ kem-käsini düzetmek, bejermek  üçin okuwçylardan pul ıygnamagyñ barşy hakynda  “möhüm pikirlerini” aıtdy. Geçen hepde telegörüşden gelip, kasam pursatyndan reportaž taııarlamakçy bolanlarynda, mollumlaryñ gapysyny gulplap oturandygy, gapysy açyk galan bir mollumyñ bolsa, okuwçylaryña kasam aıtdyrdaı diıen haıyşa öp-gökden gelip: “Men onsoñ goñşularymyñ ıüzüne nädip seredeıin, ile nädip çykaıyn?” diıip ala-galmagal turzandygy, habarçy görgülilere dagam “Göteriliñ-aıt sizem, bar işiñiz gargyşly kasam bolsa” diıip gygyrandygy barada-da gürrüñ boldy. Hemişeler ıygnak bolanda şunuñ ıaly ilki aıdylan “möhüm pikirleri” ol hem beılekiräk görnüşde gaıtalamak hem tassyklamak bilen iş tamam bolardy. Emma bu gezek beıle bolmady. Okuwçylardan mekdep binasy üçin pul ıygnamagyñ barha kyn düşıändigi, ene-atalarda halys pul ıokdugy, käbir çagalaryñ aıakgapsyz bolup, okuwa gatnap bilmeıänligi, käbirleriniñ açlykdan essi aıylyp, partadan ıykylıanlygy hakynda zeırençlerem bolmady. Muña bir sebäbem “Gurbaga” lakamyny alan direktoryñ iş ahyryna çenli içere zat tapmanlygy, komissiıadan soñ jübüsiniñem, kabinetdäki demir sandygynyñam tañkyrap galanlygy boldy. Ol gaharyny birinden çykarjak bolup, edebiıat kabinetiniñ eıesini ıerinden turzup, tagtanyñ üstünden serdaryñ däl-de, Magtymgulynyñ suratyny asanlygy üçin igenip başlady. Derhal Magtymgulyny yza, serdary öñe, okuwçylyryñ ıazzy mañlaıyna geçirmegi talap etdi. Ozalam bir prokuroryñ ikilikçi ogluna gowy baha goı diıeni üçin direktor bilen dikleşip alan edebiıatçy özüni ıanalyp başlanan hasap etdi we birden gyzdy: “Syıasy kabinet däl ol, edebiıat kabineti, edebiıat kabinetinde tör Magtymgulyñky bolmaly” diıdi.
“Goşgy ıazıanyñ idilisi bolmaz, sag dälsiñ senem,  ıogsa aıdylıan gepe düşünerdiñ” diıip, kommissiıa agzalaryny doıurmak üçin towuk baryny ütenine jany ıanyp duran direktoram gazaba mündi. Goşgy ıazıanyna buısanyp ıören edebiıatça bu gürrüñ gaty ıokuş degen borly, ol edil oduñ üstüne ıag guılan ıaly lowlap galaıdy: “Şuññaly samsyk gepi aıdybam oturmañ, barybir düşmen, “Gaırat” medaly gerekgäl maña” diıip, ozal duıdurmanmydym eısem? Onsoñam men para alamok, prokurorlyk işim çykmaz! İene bir ikilikçiden sud-prokuror ıasalsyn diıseñiz, özüñiz goıuberiñ bäşligi. Bir tamdyr çörek bilen seçekli gyñaja attestaty dörtlük-bäşlikden gözeıän mollum däl men. 8-nji martda okuwçylara pul ıygnadyp, ponbarht geııänlere, gyzyl dakynıanlara diı o hili ıumşuñy!..”
Ol ikisini zordan, teı ahyr bolmansoñ, bärde otursa, gyzgynyna bar aıbymyzy açjak diıip, edebiıat mugallymyny öıüne ugradyp araladylar. Emma direktor munuñ bilenem köşeşmedi. Nirede bir pakyr, çaga basan jugrafiıa mugallymynyñ üstünden dökülip ugrady. “Kartalaññy ıok et-de, serdaryñ doglan, önüp-ösen, okan, işlän, saparda bolan ıerleriniñ kartasyny çekdir, tagtañ ıokarsyndanam ullakan portretini as! Portret üçin bir gün möhlet berıän, beıleki diıenlerimi etmek üçinem bir hepde ıeterlik, baryp göremde hemme zat ıerbe-er bolmasa gaty görme!” diıdi.
Ertesi Almämmet aga eli ullakan suratly klasma-klas aılanyp, “Şuña bor ıaly çarçuwañyz ıokmy?” diıip sorap çykdy. Hany öñki bol okuw esbaplary? Her kim ıöne egnini gysaııar. Garry mollum soñ özündäki kiçiräk çarçuwany eline alyp aılandy. “Bolmasa şuña çalşaıyñ, maña berlen surat gaty ullakan, gaırat ediñ! Gidip satyn alaıyn diısem, iki aı bäri aılygam berlenok” diıdi. Emma hiç kimde ullakan çarçuwa tapylmady.
Belki, bu waka şunlugyna galsa-da galardy. Direktoram indiki komissiıa gelıänçä klas otaglaryny barlap ıörmezdi. Birküç sany attestat satardy, beıleki ederdi, garaz, köşeşerdi. İöne bir ıeñles tapyldy-da, işden gaıdyp barıan garry mollumyñ yzyndan: “Nätdiñ, çarçuwa tapdyñmy?” diıip gygyraıdy. Garry mollum yzyna öwrüldi-de, lapykeçlik bilen, üıtgeşik zat aıdıandyryn öıtmän: “Suratdakyñ göwher ıüzükli elini görmeselerm bor diıip, bilden aşagyny kesip, operasiıa edäıdik biz-ä” diıdi. Üışüp duran mollumlar muña ala-pakyrdy bolup gülüşdiler.
Bu gezek ıygnaga-geñeşe  hem direktora zat goımadylar. Iş jaıyndaky sandygynda arak saklaıanlygy, işde ıüz gram urıanlygy hem attestat, okamadyklara mekdebi gutaranlygy baradaky şahadatnamany satıanlygy, galyberse, mekdepde sagdyn syıasy-jemgyıetçilik atmosferasyny döredip bilmänligi barada habar düşeni üçin, bu ullakan aıyplamalaryñ hiç birini hiç kim bilen seljerişmezden, kollektiwe sala salmazdan, ilki direktoryñ özüni işden boşatdylar. Gaıdybam magaryf sistemasynyñ gyrasynda görünmesiz etdiler. O görgüli zordan bazardaky dükanlaryñ birine ıükçi bolup işe ıerleşdi. Bir “operasiıa” bilen bar zady bulaşdyran Almämmet aganam sylap goımadylar. Ilki üç harply edara çagyryp, düşündiriş yzyna düşündiriş ıazdyrdylar. Soñam onuñ çagalara terbiıe bermäge ahlak hukugynyñ ıokdugyny özüne boıun aldyrdylar. Goşgy ıazıan edebiıatça bolsa, “Birden daşary ıurt radiosynda çykyş edip, gürrüñi ulaldaımasyn” diıip, bir gezeklikçe diñe duıduryş berdiler. İöne onam Magtymgulyny yza, serdary öñe geçirmäge “razy etdiler”.
                                                                                                                                                                                                                   16.04.1999
 
                                           BAŞATGYÇ  BAŞAGAİLYGY
            
Sowet döwrem ıadymda. Pensiıa çykan garry-gurtudyr her köçäñ işsiz jahyllary dükanyñ agzynda hem çatryklarda üışüp oturardylar. İaşulular nas atardylar, düzzim oınardylar, ıaşlar çilim çekerdiler hem oturan ıerlerini tüıkülikden doldurardylar. Garaşsyzlyk geldi-de, işsiz has köpeldi. Çüñkde hem çatryklarda,  ıaşaıyş jaılarynyñ arasyndaky boşluklarda, bazar meıdanlarynda aıalu-erkek, ıaşu-garry üışüşip oturmany hem durmany, nasyñ pinegini göpmäni, çilimdir beñ, tirıekdir heroin püflemäni, halys alla bolmasa çigit çigitlemäni hem durmuşdan zeırenmäni adat edindi.
Men köçede gelen-geçene at dakyşyp ıa göz çeneşip oturan adamlary ozalam halamazdym. Jaıymyzyñ girelgesiniñ agzynda betona oıkanyşyp, gelen-geçeniñ gözüne jüıjerişip oturan aıallardan bolsa gaçara ıer bolsa gaçjakdym. Olary nirede bir işini tükeden, ederini bilmez hem biweç adamlar hasaplardym. Her köçede oturan adam öıünde ıa melleginde, ıa fiziki taıdan, ıa-da akyl taıdan sähel gymyldy edende, giden iş bitjek, önüm önjek, kämillige golaılanjak diıerdim. “Bu ylgap ıetişip bolmaıan dünıäde türkmen ıaly iş-dertsiz başga barmyka?” diıen pikirem beınimiñ bir ıerlerini tozadyp giderdi. İöne indi olary ähli bela-beterleriñ başy bolmasa-da, aıagy hasaplaıardym. Gören ıerimde sowlup geçıärdim. Asyl şol tetellilere tarap seretmejek bolıardym. İöne şol gezek bir tanşymy gözläp, zerur gerek bolup, çüñkdäki ıygnanyşyga barmaly boldum.
- Bow, syrtyny ıere uranlañ ıanda senem görünıäñ-ow - diıip, ilerki köçede oturıan Godalak molla salamymy alyp-alman sugşurdy. Menem onsoñ gepe görä gep goşdum:
- Indi bi milletiñ syrtyny ıere urmadygy galmadyk ıaly-la, molla aga...
- Menem şony aıdyp otyryn şumat. Bü S-iñki däl, öñki S-iñ çörek kartoçka döwrüdi. Ejemiz pahyr çül çagany eklejek bolup aljyran bora çemli. Dañyñ garañkysynda çarasyz içerden çykyp,  çörek nobatyna durmaga barıamyş welin, bir orus aıal saklap, elini galgadyp bir zatlar diııämiş. Ejemem görgüli heniz almadyk çöregiñden dilenıändir öıdıämiş. “İit ıok bol-a, señki nä görgim, özümiñkilere ıetirip bilemok” diıip elini galgadyp gidiberipmiş. Birsellemden jahan ıagtylyp ugrapdyr onsoñ. Çörek nobatyna barıan ıaşululary görüp, ıaşynıanym bolmasyn diıipmi ıa endik boıunça, ejem başyndaky başatgyjyny agzyna golaırak çekipdir. Görse, başatgyç diıip başyna atany akjygrak bir zatmyş. Pahyr bir tisginipdir. Haıdan-haıam başatgyjyny başyndan aılap eline alypdyr. Görse ol başatgyç däl-de, aıallaryñ aıak  geımi ekeni. Uçgury dagam ıerden süırenip gelıän bolsa nätjek asyl. Pahyr lampa oturypdyr-da, başyny tutup aglapdyr. “Orus görgüli: “Bajy, yştany, bajy, yştany!” diıdi-le, düşünmesem näme, balak diııän eken-ä” diıip, ejem bu wakany soñam gözüne ıaş aılap ıatlardy. İöne bü S-iñ çörek kartoçka döwri öñkiñkiden zabun boldy. Indi erkekleñ başyna aıal balagyny orap çykaımaly boldy. Asyl şony edenden enaıam bolmadyk.
- Aı, düşünıän däldirler-dä, düşünişerler-dä, bü-de şol orsuñ “ştany” diıeni ıaly, bilmeıäne düşnüksiz-dä - diıen boldum.
- Aı, düşnükli-le! Düşünmez ıaly etmedi-le S. İöne milletde gaırat ıok diıseñ başga gep. Aıal balagyny başyna orap, “Gözüm görmese bolıa, götümi böri iısin” diıip oturan milletimiz bar diıseñ başga gep... Eken ekinini elinden alyp, puluny berme, bakan malyny elinden alyp, hakyny berme, dil ıaryp bilmez. Iki-ıeke ıa-da şuññaly ıerde zeırenen bor. “Bermezler” diıseñ, “Dagy nädeli?” diıer. ”İör, hakyñy talap edeli” diıseñem, “Aı, hany biraz tagapyl edeli, özünden düzelişimezmikä” diıerde, ıanyñdan süzüberer. Naçaryny, çagasyny meıdana kowar, gul-gyrnak ıaly işleder. İene hakyny bermezler, ıene sesini çykaryp bilmez. Söwda-satyg etjek bor, ugran ugry talañdyr. Dollary özleri bir bahadan alarlar, millete başga, on esse gymmat bahadan satarlar. Onam depeşege girip, alyp bilseñ. Aıak astynda ölüp galsañ özüñden görmeli. Gazanany gara garnyna ıetmez. Häkimem iıjekdir, salgytçymy-da-gümrükçem. Wagtly-wagtynda agzy ıaglanmasa, aıal-erkek ıa çaga diımän, saparpolisem syrtyna deper durar, jyñky çykmaz. Eklenç diıip, ıumruk ıaly gyzyny köçä çykarar, gelnini ıurt aşyrar. Gelen gelmişek üstüne han bor. Şol gelen gelmişek bilen bileleşip hakyny iıen baı bor. Köşk gurnar, goşalap heleı saklar, “Mersedesiñ” tozanyna garar. Köplügi gara ıerdir, depelär ıörerler. Baş galdyrmadan geçen, “Gara çörek bir beräımel-ä bize-de, başga dawamyz ıog-a” diıip oturandyr. Gaıta beterinden beteri tapylar. Binamysy köpeler, tirıek çekjekdir, heroin tütetjekdir.... Akylly-başly, bilimli-sowatly diıeniñem neşe satjakdyr, para aljakdyr, ogurlyk etjekdir... Hak iş üçin göreşjek däldir, göreşene samsyk diıjekdir. Mundan añyrda binamyslyk bolmaz-a, oglan!.. İa barmy?
- Edil beıle däldir, ilçilikdir, içinde sarlyragam bardyr. Bolmasa tapylar... - Men optimistiñ heñini çaldym. Şol bir wagtda-da ertir üç harply edara çagyraısalar diıen ätiıajy elden bermedim: - Onsoñam bu zatlaryñ aladasy bize galmandyr. Serdarymyz gije ıatman pikir edip otyr! Şoñ başy dikkä zady gaıgy etmese bor-la. Aılyklary wagtynda beriñ diıip, dek düınem bank işgärlerine berk käıedi...
Godalak molla janagyryly güldi hem aşagyndaky donuny silkip ıerinden galdy:
- Ine, bi diıeniñ biçem däl!.. Häh... şo serdaryñam bir gara... Biz-ä onda metjide namaz okamaga gitjek. Namazyñ yzyndan bizem  serdara uzak ömür diläris-dä...
Idäp baran tanşymy yzyma tirkäp, çüñkden ıoklar bolaıdym. İolugra-da igendim: “Senem-aı, çüñkde göbegiñ gömlen ıaly!..” Tanşym meniñ igenjimi çekmedi: “Idili bir gazıet ıok, radio-telewideniıe ıok, çüñkden bir kesjek bolmañ-ow indi...”
Başatgyçly gürrüñ şol günüñ ertesem, birigünem kellämden çykmady. Uzakly gün aıak üstünde bolup surnugsamam, gijelerine gözüme uky gelmedi. Gözüme çiş kakylan ıaly asyl, şol petige seredip ıatyryn. Onsoñ petigiñ ıüzünde başatgyçly adamlar görnüp başlaıar. Şeıde-şeıde dañdanlar irkilıän. Şobada-da hopugyp turıan. Gara basıamy, nämemi. Birsellemden gören düışüm huşuma gelıär.
Düışümde Azatlyk hem Lenin prospektleriniñ ugry kellesine başatgyç deregine aıal geımi atylan erkekden dolumyka diııän. Olar ellerine S-iñ portretleridir pähimleri ıazylan transparantlary alypdyrlar hem hor bolup “Serdara kuwwat dileıärler”. “Beh, bu gün nämäniñ paradyka?” diıip içimi gepledenimden biri gulagyma gygyryp başlaıar: “Sen näme bileñokmy, bu gün serdaryñ doglan güni ahyryn, baıdak baıramy ahyryn! Başymyza täç edinen baıdaklarymyzy göreñokmy, gazıetleri okañokmy, radio-telewideniıäni diñläñokmy? Gulagyñ gapyk, gözüñ kör bolmasa bilmeli ahyryn sen bi zatlary! İa-da bilmedik bolıañmy, görübileñokmy? Görübilmeseñ, gözüñ çyksyn!..”
“Tanyş ses welin, Ballymyradyñky öıdıän” diıip, gulagymy tutup, geçen uruşda ıogalanlaryñ hormatyna ıakylan baky oduñ ıanyna çekilıän. Paradçylaryñ bir bölegi bolşewik köşge girip barsa, ıene bir bölegi uniwersitet tarapa akıar. Añyrrak ıöresem, ullakan metjidiñ agzam başy şonuñ ıaly başatgyçly erkeklerden gyrma. Şol wagtam kelläme biweç pikir gelıär: “Beılekiler-ä owarram welin, sakally-sarmykly adamlara erbet gelişjek ekeni” diııän.
Soñabaka oıalykda-da başatgyçly obrazdan uzak saplanyp  bilmän ugradym. Ol meniñ beınimde ymykly aıbogdaşyny gurdy şekilli. Köçä çyksam, köçeden gelıänleriñ ählisi, aıalu-erkek başatgyçly ıaly. Soñabaka öz kellämde-de başatgyç bar ıaly bolup ugrady. Hatda birki gezek elimi uzadyp, ony aıyrjagam bolup synandym...
Wraçlar muña gallıusinasiıa, beınä dynç berseñ, öz-özi aırylar gider diııärler. Belki, şeıle bolaıady. İöne häli-häzir-ä aırylyp gidıän zat ıok. Gaıta indi telewizorda gürleıänlerem başatgyçly görnüp ugrady...                                                                                                                                                                                                                                                                               14.04.99
 
                                          GARAŞSYZ GÜNLЕR
 
Irden gapym kakyldy. Açsam, başlyk garyn, pökgüje polis dur. Bolsa-da, adam ıaly salam berdi. Birhili, adam ıaly salam berıän polis görseñ, begenjek ekeniñ. Içimden “Şulañ içinde-de adam çagasydygyny bilıänleri bar-how entek” diıdim. İöne ol şum habar bilen gelen ekeni. Aşakda, goñşy girelgede ıeke ıaşaıan garry aıal öldürilipdir. Men zatdan habarymyñ ıokdugyny aıtdym. Garry görgüli, Anna Alekseıewna gowy adamdy. Ses-üıni ıokdy. Aıagy çişliräjik bolansoñ, ıuwaşja ıörärdi. Dükandan-beılekiden gelıärkä sähel kömek berseñ, “Spasibo, synok!” diıip, çyny bilen minnetdar bolardy. Pensiıasyna süırenipjik ıören garrylardandy. Aşak düşsem, goñşular üışüpdir. “Gerreçileñ işidir-le. Şundan zat çykmajagyna añ etmel-ä how ıogsa” diıip gürrüñ edıärler. Pökgüje polis goñşulardan ony-muny soraşdyrıar. “Görgülini aşpyçak bilen eleme-deşik edäıipdirler-aı” diıip, gapdal goñşym başyny ıaıkaıar.
“Haçan bolan zatmyş bi?” diıip, men näme diıjegimi bilmän soradym.
“Täzeräk bolan ıaly, gapyda gan görüp bilipdirler. İöne girelgede öñräkden bäri erbet ys barmyş. Şo garryñ ysy diıjek bolıalar. Emma ıañy gelip-giden wraçlar bu garryñ ysy däl, podwalda pişik beıleki ölen bolmasa diıipdirler.”
“Mikroraıonyñ ysydyr-da, agşam hapaly çelekleri otlaıalar, tütünem gelip jaılara siñıär-ä” diıip, gürrüñimiziñ bir çetini eşiden polis öz pikirini aıtdy.
Şäher içinde galan köne gonamçylygyñ ıanynda matam gününe gabatlap hudaııoly edıän tanşym “Irräk gelip kömekleşeweri” diıipdi-de, men şol ıerik howlukdym. Barsam, eııäm on-on iki gazan atarypdyrlar. Ojaklara ot salşyp, biraz güımendim welin, ıanaşyk mikroraıondan eli jamlu-pitili garrylar gelip ugrady. Olar kileñ meniñ öldürilen goñşym ıaly ıeke ıaşaıan pensionerlerdi. Egin-başlary gaty göz-gülbandy. El-aıaklary hordy, gözleri içine gidendi. Olaryñ käsini dözmezräk goñşulary idekläp getiripdi. Iki-ıekesiniñ gyzy ıa agtygy ıanyndady. Eli jyññyrly gelip, heniz bişmedik ıarmadan öıünde ıatan ıarawsyza dileıänlerem ıetikdi. Dogrusy, bu kartinany eııäm birnäçe ıyl bäri görıärdik. Her ıylam şu soñky hudaııolymyz bolaımasa, indiki ıyl-a beıle tarhandökerlik başartmasa gerek diııärdik.
Ahyry irräk atarylan gazanlaryñ biri ıetişdi. Gazanyñ gapagyny galdyryp, şul-a boluberipdir öıdıän diıenimizdenem, ojagyñ başy eli jamlydan hümer boldy. Garry görgüliler, ıarma ıetmän galar öıdüp, bir-birlerini itekleıärdiler. Maña olary köşeşdirmek hem ıarmanyñ hemmä ıetjegine ynandyrmak zordan başartdy. Birki ıyllykda gatyk nobatynda bir-birniñ depesine kefir çüışe bilen uran garrylary göremsoñ, men olaryñ çaga ıaly dargursakdygyna, bir zat almaly bolanda halys sabyrlaryny tükedıändiklerine göz ıetiripdim.
Birküç gazany boşadamyzsoñ, bir käse çaı içeıin diıip, susagy ıaşrak oglanlara berdim. İöne bu ıagdaıy keseden synlamak içinde bolandan has erbet ekeni. Garrylaryñ käsi itinip ıa oñly aıak üstünde durup bilmän, gazana ıykylaıjak-ıykylaıjak bolıardy. Çaı içip mazam bolmady. İene gazanyñ başyna bardym. Soñabaka heniz taııar bolmadyk gazanlaryñ gapagyny açyp görıänlerem, bişmedik ıarmadan guıunjak bolıanlaram tapyldy. Gazanlara garawul goımaly bolduk.
“Biziñki ıaly, mugt kepenem ıetmedi bulara, şifonerlerini tabyt edinmeli boldular indi - diıip, çeträkede töwir galdyryp berip oturan molla dillendi. - Patşamyzyñ jany sag bolsun, öz musulmanlaryny gözden salanok bolsa-da...” Men bu sözüñ ıañsy bilen aıdylanyna-da, çyn ıürekden aıdylanyna-da düşünip bilmedim.
Gazanlar boşanyndan ıuwup ıygnadyk-da, sagat dörtlere öıli-öıümize dargadyk. Gelsem, goñşular henizem üışüp durlar. Gapdal goñşym maña aıak çek diıip ümleıär. “Marusıa görgülem dünıäñ azabyndan dynan ekeni - diıip, ol içegenräk garryñ hem öıünden öli çykanyny aıtdy. - Öñräk ıogalypdyr. Girelgäñ agyr ysy şoñky ekeni. Garynja üışüp gidipdir bedibagta. Polisiıa “Şuñam gapysyny açyp göreliñ-le” diıensoñ bilnäıdi. İogsa entegem ıatjak ekeni.”
Ertesi Marusıa goñşyñ şäheriñ o çetinde ıaşaıan ogly bilen gelni geldi. İöne o görgüli şifonerinem satan ekeni, soñky ıoluna prokata alnan tabytda ugrady. Gapdal goñşym bu ıagdaıy “Gulak eşidenini göz görmesin” diıleni” diıip belledi. Men onuñ bu sözlerine egnimi gysdym hem girdeji-gazanjy barha ıukalyp gidip oturan işime ugradym. Edaramyzyñ bahym ıapyljakdygy ıa-da işgärleriñ ıarpydan gowrak kemeldiljekdigi hakynda gürrüñ edilıärdi. Her kim başlyga ıaranyp, kemeltmä düşmezligiñ gamyndady. Goñşym ıogaldy diıip, işden galmak boljak däldi.
Agşamlyk işden gelip, gapymy açjak bolup durkam ıokarky goñşym ıedi-sekiz ıaşlaryndaky gyzjagazyny jyrraldyp aşak düşdi we meni görüp, lampa oturdy. “Haçan şulardan dynarkam men, ıadadym-la, doganlar - diıip, ol elindäki iki bölünen krasowkany beton basgançaga bulap urdy. - Geçen hepde on ıedi müñ manada äberdim. Eııäm iki böwsüpdir. Ylgamañ, aıagyñyzyñ burnuna basyp ıöräñ, aıakgap gymmat diııän, edenoklar. Şo garrylara derek, şulañ birki sanysyny öldürseler bolmyıamy? Gyran degen, gyran degmişler...”
“Toba diıeweri, aıdıan zadyñ näme? Çagalañña gyran degrip, özüñ näme işlejek? Perzentde näme günä bar, krasowkalarda derek ıog-a indi...” diıip, onuñ aıdıan zatlaryna ör-gökden geldim.
“Toba diıjek däl... Biri galsa bolıa, dört çagany nädip ekläıin men... Han-ha, är diıilıänem oturan maslyk...” diıip, goñşym janyıangynly gürledi.
“Öıüm - galam” diıleni. Bu gürrüñden öe girip gutuldym. Emma uzak ynjalyp oturyp bilmedim. Balkondan seredip, gözüm bilen ejesinden gaçan gyzjagazy gözledim. Ol eııäm poliklinikañ ıanyndaky ıeke-täk grantda eli bedrelije suw nobatyna durdy. “Görgüli, şeıdip, günäjigini ıuwjakdyr - diıip, aıalym pyşyrdady. - Bizem-ä suw getirinmeli. Grantdan bir hepde bäri nem damanok...”
“Öıde otursañam pikir bürüp barıa” diıip, çaı-nahar edinip, biznesmen goñşymy soramaga gitdim. Ol golaıda kyrk million manatlyk maşynynda ıoluñ öwrümli ıerini  ıadyndan çykarypdy. Emma onuñkyda-da oturyp mazam bolmady. Telewizordan ıañlanıan “Serdara kuwwat diläliñ” bilen öñküden gymmat bolmasa, arzan bolmajak täze maşyn baradaky gürrüñleri uzak diñläp bilmedim.
Biznesmeniñkiden çykyp, daşardaky tapçanda küşt oınap oturan ıaşulularyñ ıanynda dyz epdim. “Belki, şulardan bir gulaga ıakymly zatlar eşiderin” diıip, inçejik tamam bardy. Eşitdimem. Olar her göçümde: “Indi bir sag-aman, abraı barka, kän horlanman, añsadrak ölüp bolsa” diııärdiler.
                                                                                                                                                               19.03.1999
 
                                                     HALK İAZYJYSY
 
 Ol hemişe redaktoryñ çöregini köp iıendigini, ıagny köp ıyllar redaktor bolandygyny nygtardy. Bu çöregi eli gabarçakly daıhanyñ, ıüzi ıele-güne gaızygan maldaryñ, içinden ıalyn geçen gazçynyñ çöregi ıaly kyn çörek atlandyrardy, şol kyn çörekleriñ eıeleri hakynda-da agyz dolduryp ıazardy. Biri-birinden üıtgeşik, biri-birinden owadan sözler tapmaga, uly hem akylly gürlemäge çalşardy. Şeıdibem käte daıhana galla hem ak pagta, maldara mal bakmak, guıy ussasyna süıji suwly ıerleri tapmak barada gürrüñ berip başlanyny duıman galardy. Öwrederdi, akyl bererdi, her hili tymsallar getirerdi. Talantly ıalan sözlärdi. Onuñ aıdıanlaryna ynanmasañam ynanasyñ gelerdi, aıdylıan zatlaryñ dereginde zat ıokdugyny bilseñem diñlärdiñ. Megerem şonuñ üçindir, hökümetem ony sylardy, hatda “Halk ıazyjysy” diıen belent adam beripdi.  Emma her döwür bir döwür diıleni, şeıle bir döwür geldi-de, şeıle talantly halk ıazyjysam hiç kime gereksiz boldy galaıdy.
Dogrusy, muña döwür däl-de, onuñ özi günäkär boldy. Eger ozalkylary ıaly ıokarkylara tabyn, ıumşa gaıym oglan bolup ylgap ıörenliginde edil beıle-de boljak däldi. Emma “bäş sany emel ıetmedik” “demokratiıa, söz azatlygy” diıip gygyryşdy-da, biziñ redaktorymyzyñ hem demokrat bolasy geldi. Galyberse, ol bu gykylyklary   redaktorlykdan pyzylmazlyk üçinem ulanmakçydy. Sebäbi şeıle howpam duıulman duranokdy. Redaktoryñ ıyljak kürsüsine daşdan-ıakyndan diş çarhlaıan çalasowat bolsa, näçe diıseñ bardy. Eger bir garma-gürmelik bolsa, olar redaktorlygy dem salymda iki üzüp, bir ıalmajakdylar hem redaktor diılen mahlugyñ nähili pesliklere ukyply bolıandygyny äleme jar etjekdiler. Biziñ gahrymanymyz bu howpy duııardy hem halallyk, çemeçillik hakynda köp ıazıardy. Özüniñ mertligi, ıagny oglanlykdan iner bakyp ulalyp, iner dünıäsine birigip gidenligi barada şygyrlar düzıärdi. Ozal kompartiıany hem Lenini hudaı edinen bolsa, indi olaryñ ikisine-de ıañsylyja sözleri gönükdirip, Muhammet pygamberiñ hadyslaryndan oñatja jümleler göçürip alıardy. Emma onuñ ähli edeni tersine boldy. Erbet bir tüweleı turdy-da, şol tüweleıiñ başagaılygynyñ arasynda hälki diş çarhlaşyp ıören çalasowatlar onuñ üstüne aç şagal ıaly gykuwlaşyp çozdular. Ol şagallara soñky demine çenli gaıtawul bermägi ıüregine düwdi, birsellem gidişdem. İöne birden şagallaryñ arasyndaky tanyş ıüze, ıagny şagal geımine giren tokaı şirine gözi düşdi-de, aıagnyñ ysgyny gaçaıdy. Şu aljyraññylykda-da ony ıyljak kürsüsinden goparyp zyñdylar.
İöne biziñ gahrymanymyz munuñ ıaly owunjak zatlar üçin darykjak adam däldi. Darygaısa-da syr bildirjek däldi. Ol hut şeıle-de etdi. Redaksiıalaryñ birinde iñ pessejik wezipeleriñ birine ıerleşdi-de, şol öñküleri ıaly “beıik sadalygy” baıdak edindi. Berzeññiniñ ıokarsyndan ıazyjylara berlen mellekleriñ arasyndaky ıerine baryp, daıhançylykdan azda-kände baş çykarıan inisi bilen joıa çekdi, salma gazdy, Gökdepedäki nahalhanadan ıörite getirdip, miweli agaçlaryñ nahallaryny oturtdy. Il-gün onuñ mertligine, hakykatdanam oglanlykda iner bakanlygyna hem iner dünıäsine birigip gidenligine köñül berdi. Emma ilçilikde müñkürem näçe diıseñ tapylıar, biri aıtdy, dili siññilli ıaly, “şu zatlaryñ biraz soñuna garaşalyñ,  uzakçyl bolmaly däl, daşa gitmez” diıdi.
 Biziñ gahrymanymyz bolsa irden redaksiıa işe görnüp, öıleden soñ ıa dynç günleri melleginde der dökmäge başlady. Eılesi-beılesi taıagatym ıeri çagalary bilen gyzyl-dörjük edip çykdy. İöne mundan öñ redaktoryñ mugt çöregini iıen çagalara beıle iş uzak hoş ıakmady, olar öz kakalaryny söweş meıdanynda ıeke goıup, ıeke-ekeden yza çekildiler. İazyjy welin añsat ıan bermek islemedi. İerine bir ıerde tohum bolsa atdy. “İykylsañ - ıerden ıapyş” diıipdir ata-babalar, ıer aldamaıar” diıip, şine ıaryp çykan tohumlary, pyntyk görkezen nahallary görüp biraz göterildem. Şol bady bilenem tomsuñ ortalaryna çenli mellege gatnady. 16-njy awtobusyñ soñky duralgasynda düşüp, mellege çenli ıarym sagatlyk ıoly pyıada geçmäge-de ıaltanmady. Soñabaka, suw ıetmezlik edip ugranda bolsa, göıdügip galan pomidor-badamlaryny taşlap, ıaşyl salypjyk oturan nahallaryny ıalna bermezlik üçin göreşdi. Eline bedre alyp, çaga ulaldan ıaly, nahallaryny elden suwarmaga başlady.
“Hakyky bagban şeıle-de bolmaly, “Azapsyz ıeriñ ady ıok” diımänmidirler näme” diıip, öz edıän işinden özi razy boldy. Emma adam bar, göriplik, görübilmezligem bar. Onuñ bu bolup ıörşüni gören  aşaky goñşusy gelip bilimdarlyk satdy: “Suwy mellegiñe düzüp goısañ bolmyıamy, beıdip bag ıetişdirmek kyn bolaımasyn” diıdi. Öñki redaktoryñ bu sözlere girre gahary geldi. Içinden “Nämäniñ kyn düşjegini, nämäniñ añsat düşjegini indi senden soraryn-ow, git-de arabañy daşda şakyrdat, garry köpek” diıdi. Daşyndan bolsa, “Hä, hawa, suw ıokaryk çykmany kyn görıä, ıogsa inim turba-da çekdi, añyrdan gelşi ysgynsyzrak. Indiki ıyl düzjek” diıip, göwünli-göwünsiz mydyrdady.
Aşaky goñşy “Indiki ıyl düzjek” diılen sözi eşidip, ilki öte eşidıändirin öıtdi, soñ özüni äsgerilmeıän hasap etdi we gitdi. Halk ıazyjysy bolsa, grantdan çaga siıdigi ıaly jürleıän suwa bedresini tutup, uzakly günüñ dowamynda bagjagazlarynyñ düıbüni zordan ölläp çykdy.
Bu ıagdaı arly tomus gaıtalandy. Adamlar her dynç alyş günleri 16-lykdan düşüp, ıazyjylaryñ mellek ıerlerine çenli ıarym sagatlyk ıoly eli plastmas bedreli pyıada geçıän hem baglaryny suwsuz guratmajak bolıan halk ıazyjysyny ilki guwançly, soñ gynançly synladylar. Ahyrsoñunda-da ony ıañsylap gülmäge başladylar. Bu gülkini ol ıeñsesinde gözi bar ıaly duıdy, baglary suwsuz göıdügip guradygyça-da bu gülki oña ıokuş degdi. İöne biziñ gahrymanymyz her näçe yhlas etse-de, agaçjyklar eıgip gidibermedi, öñki redaktoryñ ähli yhlasynyñ ıüzüne urdy, tomsuñ ahyryna ıetmän gurap galdy.
Halk ıazyjysy sary güızi hem uzak gyş gijelerini pikir edip geçirdi. Aşaklykdan ıokaryk, öñki Birinji sekretara, şindiki Hökmürowana hat ıazmagyñ pikirini edip ugrady. Hat ıazdy asyl. İöne hatyñ jogaby uzaga çekdi, gelmedi. Ol ıene ıazdy. İene jogap gelmedi. Ol onsoñ ıene ıazdy we ıaz gelende çagalaryny alyp mellege bardy. Yhlas bilen mellegiñ selme-syrkynyny, demirtikenlerini çapyp aıyrdy. Guran agaç nahallaryny sogrup, olaryñ ıerine täze nahaljyklar oturtdy. İöne bu gezegem daıhanyñ kyn çöregi eıgertmedi. Redaktoryñ mugt çöregine öwrenen çagalar howa sähel gyzyp ugranyndan komandirlerini söweş meıdanynda ıeke taşlap gaçdylar. İene howa gyzdygyça suw ıetmän ugrady. İene plastmas bedreli günler başlandy. İene aşaky goñşy jandurmazlyk edip geldi we suwy ilkagşamdan düzüp gitmelidigini, şonda irden açylıan suwuñ nahallary suwarjakdygyny, ıogsa 16-lykdan düşüp, pyıada gelıänçä suwuñ peselıändigini düşündirjek boldy. Ol ıene suwy indiki ıyl düzjekdigini aıtdy. Aşaky goñşy näme diıjegini bilmän, ıüzüni sallap gitdi. Şeıdimbem ıene tomsuñ aıagyna baglar gurap galdy.
Ol bag ıetişdirmäge üçünji ıylam synanmak isledi, ıöne gepçi ıazyjylar ıeñsesinden “Suw düzmegiñ nämedigini bilenok bi işigaıdan, özem şunça ıyllap daıhana akyl berip geldi” diıip pyşyrdaşıan ıaly boldular. Onsoñ ol öñki işi, öz başarıan pişesi bilen bolmagy ıüregine düwdi we mellegi taşlap, galama ıapyşdy. Şeıdibem biziñ gahrymanymyzyñ döredijiligindäki az wagtlyk demokratlyk böwşeñliginden soñ ikinji döwür başlandy. Bu döwür özüniñ juda gözgynylygy hem ejizligi, güıjüñ hem hökmürowanlygyñ, zadyñ hem wezipäñ öñünde dyza çökmegiñ döwrüdi. Emedeklemegiñ, bagryñ bilen süışmegiñ we hiç bir ıalandan gaıtmazlygyñ beıik nusgasyny görkezmekde ıaryşıanlaryñ döwrüdi. İüzüñ düıäñ dabany ıaly galyñ bolmasa, sähel-mähel zada gyzaryp-bozaryp ıa aljyrap durjak bolsañ, bu ıerde asyl başdan işiñ ıokdy, gelmeli, gara salmaly däldi. Şonuñ üçinem bu ıer erni gulagyndan bärde durmaıan beıik ıalançylardan we ıaranjañlardan dos-doludy. Olar çörekli ıerleriñ hemmesini öz elinde saklaıan Hökmürowanyñ göwnünden turjak söz tapjak bolup şeıle bir jan çekıärdiler, şeıle bir yhlas görkezıärdiler welin, boluşlaryna daşlaryndan nebsiñ-janyñ agyrıardy. “Neresseler, gaty özlerini köseıäler welin, çaga-çugalary  gaty kän öıdıän” diıdirıärdi.
Biziñ gahrymanymyz göreş meıdanyna bu zatlary kemsiz bilip hem “Sizden gaıdan enesinden dogmasyn” diıip, garadangaıtmaz Göroglynyñ sözlerini içinden gaıtalap gelipdi. Onsoñ ıaranjañlykda ıaryşıanlaryñ arasynda şeıle bir darkaş başlandy, beıle darkaşy söz meıdany öñ ıa görendir, ıa-da gören däldir. Asyl bu darkaşy görseñ, Göroglynyñ Wellemşaha oınam çaga oıny ıaly bir zat bolup galıardy. Men-men diıen ärleriñ goç kelleleriniñ wezipe kürsüsinden kädi ıaly pyzylyp gitmegini görmek dagy añrybaş lezzetdi, kelläni gidermejek bolup bar ıeri bilen, hatda dili bilenem kürsüden ıapyşıanlary synlamak bolsa hasam hezildi.
Ikarada gönenen Hökmürowan boldy. Ony hudaıyñ-pygamberiñ deñinden has ıokaryk geçirip, birnäçe hudaıy dagy, eger islese, özi birki günde ıasajak Gudraty güıçli diıip sypatlandyrdylar. Hökmürowan bu söze monça boldy hem biziñ gahrymanymyza bir ıylgyryp seretdi. Onsoñ biziñ suwuñ nähili düzülıändigini bilmeıän halk ıazyjymyz özüniñ nämäni bilıändigini we başarıandygyny gaıtadan subut etmäge başlady. Gije-gündiz diımän Hökmürowanyñ waspyny ıazdy. Hudaı hem pygamber sözlerini dilinden düşürmedi, ıalkaweri, özüñden başga ıalkabiljek ıokdur, Tañram özüñsiñ, Biribaram, senden başga hiç kes ıokdur, İaradanam sensiñ, ıok etjegem sen diıdi. Hökmürowana keseden dil ıetirjek bolanlary dagy it alan sanaja dönderip dalap, uly yhlaslylyk, it wepalylygyny görkezdi.
Şeıdibem ıene öñki kyn çöregine, redaktoryñ çöregine gaıdyp geldi. Hökmürowan ony ıene ıokaryk galdyrdy, maşyna mündürdi. Onsoñ biziñ halk ıazyjymyz “Mersedesde” bir gaışaryp oturdy-da, sürüjä ilerik ümledi, Berzeññiñ ıokarsyndaky mellege geldi. Mellegi çöp basyp ıatyrdy. Emma ol muña üns bermedi, aşaky goñşy barmy-ıok, şoña üns berdi. Onuñ özüni görmegini, “suwy nädip düzeninini” bilmegini isledi. Emma aşaky goñşy ıokdy, görnenokdy. Redaktor maşyndan düşüp, beıigräk ıere çykyp, şlıapasyny gözüne kölegeledip, epeısiräp birsellem durdy we lapykeç bolup maşyna mündi. Eger ol aşaky goñşynyñ añyrky mellekde, üzüm dalbarynyñ aşagynda çaı süzüp oturandygyny we özüniñ “Mersedesli” gelenini görenini bilen bolsa, beıle lapykejem boljak däldi...
                                                                                                                                                              Oktıabr, 98
 
                                         ÇIGIT SATİAN GYZJAGAZ
 
Men o gyzjagazy  aıazly gyş günleriniñ birinde, Aşgabadyñ Parahat mikroraıonynyñ başlanıan ıerindäki jaryñ üstünden geçıän köpriniñ ıanynda gördüm. Şondanam ol meniñ  gözümde galdy...   
Ir ertirdi. Adamlar işe howlugyşyp barıardylar. Gyzjagaz bolsa, öñüne çaga oturgyçjygyny alyp, köpriniñ ıanynda dik durdy. İöne duranokdy, çigit satyp durdy. Çepiksije, garajürjenje, alty-ıedi ıaşlaryndaky gyz çaga, ir ertir ıyly düşekde myrlap ıatmaga ıa-da kitaplaryny goltuklap mekdebe gitmäge derek, gyşyñ añzagynda, köpriniñ üstüne çykyp çigit satıardy.
Köpriniñ hem asfalt ıoluñ üstünden taıyp gelıän sowuk ıel gyzjagazyñ egnindäki dermantin keltekçedir çit köınekden göni geçip, arryjak petekäni bir zarbada elesledip alyp, inçejik aıajyklaryny dagam doñara getiren borly, ol duran ıerinde, burny soıuk-sypjyryk köwüşjiginiñ bir ökjesine, birem daraklygyna agram berip, özem bilmän çalaja bökjekleıärdi. Başyndaky ıaglyjagam gyşaryp, ony bolşundanam horaşaja, ejiz görkezıärdi.
Belki, men ony görmän geçsemem geçerdim, ıa-da görsemem üns bermezdim. Sebäbi soñky döwürde çigitmi ıene bir zat satıan ıa-da el serip gedaıçylyk edıän çaga gaty köpelipdi. Onsoñ her kim öz çagasyny hor etmese kaıyldy, iliñ çagasy nädip ıör, näme işleıär, kime ne gaıgy? Emma men o çaganyñ gabadyndan parhsyz geçip bilmedim. Dogrusy, onuñ özi meni geçirmedi. “Daıy, çigit alsañyzlañ?!” diıdi.  Şo üçje sözem meni “Häh” diılen ıaly tisgindirdi we duran ıerimde dañyp taşlady. Birhili, o sözleriñ aıdylyşynda üıtgeşik bir jady, çaga mähribanlygy hem uly soranjañlyk bardy. O mähribanlygyñ hem soranjañlygyñ, galyberse gyzjagazyñ sowuk howada çyplajyk eşikli bolup durşunyñ gabadyndan etden ıürekli adam parhsyz geçip gider ıaly däldi. Emma adamlar geçişip durdular.
Men aljyrap: “Çigidiñ näçeden?” diıip soradym hem ıüzümiñ ugruna jübimi sermäp, pulumyñ barlygyny-ıoklugyny barladym. Gyzjagazyñ sowukdan bürşüpjik duran ıüzi açyldy: “Uly guıguçdakylar bir müñden, kiçileri bäş ıüzden, bir pakam ıokdur, daıy. Arassa çigitdir, tagamam gowudyr” diıip jedirdedi. “Guıguçlary özüñ ıasadyñmy? - diıip, men onuñ dogumjygna begenip soradym. - İa ejeñ ıasap berdimi?” “Kiçilerini özüm, ulularyny ejem ıasady” diıip, gyzjagaz juda çagasyradyp beren soragyma bada-bat jogap berdi we “Size haısysyndan, ulusyndanmy ıa kiçisinden?” diıip sorady. Men: “Ulusyndan - diıdim, soñra gyzjagazyñ şoña-da begenişini görüp, - ikisini beräı” diıip, üstüne goşdum. Gyzjagaz muña monça boldy. Meniñ uzadan iki müñ manadymy uly adam ıalyjak bolup içki jübüsinde ıygşyrdy.
Men çigitli guıguçlary jübilerime ıerleşdirip durşuma: “Saña sowuk dälmi, üşäıme birden, ejeñ satmaly eken-dä çigidi bumat?” diıip, ünjimi daşyma çykaranymy duıman galdym. Aıtsamam aıtdym welin, bu sözlerim gyzjagazy utandyrar ıa gynandyrar diıip uly alada-da galdym. Emma gyzjagaz bu sözüme-de göwnibir ıaly jogap gaıtardy: “Çigidimi bahymrak satyp gutarsam üşejek däl-le, ejem o köpriniñ üstünde çigit satıar” diıdi. Şundan soñam gidiberen bolsam boljakdy, emma ıene dilime dygy bolmady. “Hol aşakda, duralgañ ıanynda, gazıet dükanynyñ gapdalynda adam köp bolıar, hem ykyşagrak” diıdim. “O ıerde enem oturıa, “Kakañyz iş tapıança menem kömek edeıin” diııä...” diıip, gyzjagaz birhili gamly seslendi.  
Men diñe şundan soñ, megerem indi aıdara-diıere hiç söz tapman, öz ıoluma gitdim. Sebäbi özümem üç-dört ıyl bäri işsizdim. Şol gyzjagaz ıaly üç sany garagöz çagam bardy. Şolary aç-hor etmejek bolup ir ertirden gijagşama çenli maşynly kireı edıärdim. Şol alada hem meni çigit satıan gyzjagazdan has alyslara alyp gitdi. Maşyn goıan ıerimden maşyn alyp, şäheriñ bir o çetinden, birem bu çetinden çykdym. Ilki ıangyç pulumy gazanaıyn diıdim, soñ çagalara birki kile etem iıdirmeli diıdim, onsoñ kiçi oglumyñ aıakgabynyñ aşagy gopupdyr, täzelemeli bolar diıip haıdadym, garaz agşama çenli duruw bolmady.
Agşamlyk maşynymy goıup, gabat gelen awtobusa aslyşyp, öe dolandym. Öıümiñ golaıynda, häli irden çigit satıan gyzjagaza salgyny beren duralgamda maşyndan düşdüm hem heniz ıapylmadyk kioskdan “Edebiıat-sungaty” alaıyn-la diıip ıöneldim. Şol wagtam kioskyñ edil öñünde oturan garra gözüm düşdi. Irdenki gyzjagazyñ “O ıerde enem oturıa, “Kakañyz iş tapıança menem kömek edeıin diııä” diıen sözleri güpbe ıadyma düşdi.
Gazıet alyp mazam bolmady. “Şu gazıeti almak nämä gerekdi aslynda, ondan iki guıguç çigit alan bolsañ, garra kömek bordy” diıip, ıoldan beıläk geçenimden soñ içimi gepletdim. Bu pikirımi öe gelip, aıalyma-da aıtdym. “Senem çaga ıaly, haısy bir işsiziñ çagasyna ıa enesine kömek etjek - diıip, aıalym igendi. - Onsoñam bumat çigit düşewüntli diııäler, her kim başga zada güıji ıetmän çigit alıa. Bire-bir galıamyş. Geçen bazarda Jygyllyga gidemizde awtobusyñ içi haltalap çigit alyp gelıän aıaldan doly ekeni. “Arrassalap gowrup satıas, gowy peıda galıar” diıip, aıallar gürrüñ edıärler.”
Şondan soñ men şäherde kireı edip ıörşüme çigit satıanlaryñ barha köpelip barşyny biygtyıar synladym. Olar dükanlaryñ agzynda-da, bazar meıdanlarynda-da, duralgalarda-da, ıöne ıanıollarda-da, nirede bir adam geçäıer öıdülıän ıerleriñ ählisinde bardylar. Çem gelen ıerde, gyş ıa tomus diımän, ıagyş ıa ıel diımän, köneje ıaglygyñ üstünde çigitjiklerini üışürip, çigit satypjyk, çigit çigitleşipjik otyrdylar. Olaryñ töwereginde meniñ Watanymyñ bazar ykdysadyıetine geçiş döwründe iñ bir geçginli harydyñ, çigitlenen çigitleriñ gabyklary pytraşyp ıatyrdy... 
Netijede men her gezek Parahat mikroraıonynyñ jarynyñ üstünden pyıada ıa maşynly geçemde-de şol gyzjagazdan çigit almagy, şeıdibem onuñ gahrymançylyga barabar yhlasyna ujypsyzja-da bolsa goldaw bermegi adat edindim. “Seniñ çigidiñ arassa hem tagamly” diıip, hil bir bahana-da tapyndym.
Gyş geçip ıaz geldi, Watanymyñ bazar ykdysadyıetine geçiş döwri ıeneki gyşlara uzap gitdi. Çigit satıan gyzjagazlar, garrylar bolsa hasam artdy. Birhili, adamlaram çigitlenen çigit gabyklaryna çalym edıän ıaly, boşaşyp, içiniñ mañzy alnyp taşlanan ıaly görnüp başladylar. Men olaryñ hiç biriniñ bu çigitli ahwalaty, çigit satıan gyzjagazlary, garrylary, gark bolanyñ sypaldan ıapyşyşy ıaly aljyraññylygy görmeışine, asla muña pikir bermeışine geñ galdym. “Adamlar-ow, şu çigit satıanlary bir görseñiz-le, bu gowulykdan habar berenok-how!” diıip gygyryberesim geldi. Emma saklandym. Sebäbi gygyranyñ bilen bu gykylyga düşünjek ıokdy ıa-da men muña düşünmezler diıip pikir edıärdim.
Hudožnik dostumyñ okuwçylarymyñ işlerini görüp git diıip jañ edeni tañ bir zat boldy. Giçlik ussahana sowuldym. Ine-de türkmeniñ geljekki hudožnikleriniñ işleri! Olar maña hemişe-de niçiksidir bir arkaıynlygy, nesilleriñ ölmänligi, diımek, türkmeniñ ıaşajaklygy baradaky beıik pikiri gaıtaryp bererdi. Bu gezegem şeıle boldy. Meniñ öñümde dik durupjyk çigit satıan gyzjagazyñ hem ıanıolda gaty asfaltyñ üstünde aıbogdaşyny gurup oturan çigitçi garrynyñ plastilinden ıasalan şekilleri durdy. Onda-da nähili şekilleri, şol meniñ görşüm ıaly çuñññur hasrata hem çykalgasyzlyga ıugrulan ejiz, naçar hem beıik şekilleri durdy. Olar türkmeniñ ıurdunyñ garaşsyzlyga çykyp talanan döwrüniñ, işsizlik hem neşekeşlik döwrüniñ, erkekleriñ bu bela-beterleriñ hiç birine garşy durup hem öıe çörek getirip bilmedik döwrüniñ, çagalardyr garrylaryñ çigit satyp gazanjak çörek puluna gaty mätäç döwrüniñ simwollarydy.
“İeri, nähili?” diıip, hudožnik dostum meniñ pikirimi bilmäge howlukdy. Men oña gowy diıen manyda baş atdym.
“Saglyk bolsa, bu günlerem geçer. Çigit satıan gyzjagazlar ulalarlar, okarlar, baıdak ıaly gelin bolarlar. İöne men şol beıik günlere ıetsek, şäheriñ ortarasyndan çigit satan gyzjagazyñ, işsiz ıa neşekeş kakasyna erjelligiñ hem göreşiñ beıik nusgasyny görkezen, şeıtmeli bolan çaganyñ nalaç hem beıik heıkelini dikeltmegi teklip ederdim...” diıip içimi gepledenimi welin aıtmadym.
                                                                                                                                                           Oktıabr, 98.
                                                                                             
 
                                 GARAŞSYZ İURDUÑ SYGYRLARY
 
Ilki olaram, ıagny sygyrlaram başgady. Hamala, Hindistana gelen ıaly, köçeden dagam äwmän geçerdiler. Dokdular, ıagly süıt bererdiler. Eıelerinden hem gölelerinden artan süıdi kolhoz ıa sowhoz satyn alardy. Garaşsyzlyk yglan edildi welin, öñküdenem dok boljak ıaly, sygyrlar hasam arkaıynlaşdylar. Köçelerde ygym-sagym gezmäni, irkiljiräp durmany, gölerip ıatmany çykardylar. Bu ıagdaı sürüji görgülileri halys irizdi, olar maşynlarynyñ düıdüllewigine basyp ıadadylar. Ahyram şolaryñ jany ıanannyñ biri “Garaşsyz ıurduñ sygyrlary-da” diıdi. Şondanam at galdy. Sebäbi o wagt garaşsyzlygyñ ıañy yglan edilen döwrüdi. Radio-telegörüş hem gazıet-žurnallar garaşsyzlyk sözüni kürk towuk ıaly käkeläp gaıtalaıardylar hem halys ıürege düşıärdiler. Soñabaka žurnalistleriñ köp ulanıan sözlerini ıañsa alyp başladylar we jany ıanan sürüjiniñ “garaşsyz ıurduñ sygyrlary” diıen sözi bütin ıurda ıaırap gitdi. Muny käte öz edıän işlerinden, ıagny ıazasy gelmeıän zatlaryny ıazmadan bizar bolan žurnalistleriñ özleri hem ıaıradıardylar.
Şeılelikde, garaşsyzlyk ıyllary uzap gidip otyrdy. Millet bolsa, barha we barha garyp düşıärdi. Aılyk-günlük diıilıän barha geregini artdyrıardy. Soñabaka nan atly, il pyıada bolup ugrady. İamaly balak, ıyrtyk köınek geııän mugallymlar, köçede hem bazarlarda gedaıçylyk edıän çagalar köpelip başlady. İyllar gurak gelip, ıurtdan bereket göterilen ıaly boldy. Şol günleriñ birinde-de men oba, inimi görmäge gitdim. Barsam, inimiñ öıünde hiç kim ıok. Daşymy garanjaklap duranymy görüp, inimiñ duldegşir goñşusy ıanyma geldi hemem salam-helikden soñ olaryñ salgyny berdi.
Men maşynymy münüp, ilerki zeı kanala haıdadym. Barsam, dogrudanam bir başagaılyk ekeni. Inimiñ sygry zeı kanalyñ içinde gölerip ıatyr. Inim balagyny çyzgap zeıe giripdir hem sygryñ şor suwa degip duran eñegini ıokarrak galdyryp saklajak bolıar. Inimin ıoldaşlary bolsa, kimsi sygryñ bir gapdalyndan ıasy tagta diräp, kimsi şol tagta ıüpmi, simmi dañyp, ony traktor bilen çekip çykarmagyñ hysyrdysynda.
Ahyry sygry zeıden çykardylar. Şondan soñ bir ıazylganlyk boldy. Meniñem gele-gelmäşe zeıe girenimi hem şor palçyga bulaşanymy diñe şondan soñ gördüler we hemişeki oba warsakysyna geçip, gülmäge başladylar. “Sen beri duruberseñ bolmyıamy-how, bir sygyr diıip, ütüklije balagyñ bilen palçyga süssüriläıipsiñ-le?” diıip güldüler. Menem kem galmadym: “Aı, sizi gaty aljyraññy gördüm-dä. Bir sygyr diıip baryñyz zeıiñ içinde. Hemişe munuñ ıaly sygry guırugyndan çekip çykaraıardylar-a!” Bu söze olar öñküdenem beter güldüler: “Indi ol öñki guırugyndan çekip çykarıan ıa çala goltgy berseñ, özi turup gidıän sygyrlar ıok-how, gardaş. Bular garaşsyz ıurduñ sygyrlary, guırugyndan çekseñ, guırugy gopup, eliñe geljek bolup dur. Aç, hor, meıdanda çöp ıog-a indi. Tüñküçlerine seret, torba asaımalydyr. Şeıle bolmasa, süsüşip, zeıe gapgarylyp, gölerip ıatjakmy bi janawarlar. Henizem wagtynda bilnipdir, ıogsa dagy haram ölüp galmaly...”
Men sygry diñe şu sözlerden soñ synladym. Ol dogrudanam gaty hordy. Eñegini ıere berip, zeıden çykansoñam ıerinden galyp bilmän ıatyrdy. Traktorça hem ıoldaşlaryna birlaı tañryıalkasyn aıdyp çykan inim bolsa, ıany bilen getiren ıarty çöreginden döwüp, sygryny daıandyrjak bolıardy. Men onuñ ıanyna bardym hem näme diıjegimi bilmän dymyp durdum. Inim meniñ ıüzüme bir seretdi-de: “Indi öz iıjek çöregimizi sygrymyza beräımesek - diıip hümürdedi. - Çöregem-ä özümize zordan tapıas. Bir zat bermeseñem-ä öljek bu janawar. İöne süñk bolup galypdyr. Ne meıdanda ot-çöp bar, ne-de öıde iım beribilıäs. Sygyr saklap eklenjek halymyza, sygry ekläp saklamaly bolaıdyk öıdıän...”
Dogrusy, maña bu kartinany synlamak agyrdy. Ozallar bütin maşgalany süıtden-gatykdan doırup oturan tohum sygryñ beıdip ıatmasam agyrdy. Inimiñ ıüzüni sallap oturmasam agyrdy. İöne meniñ elimden geljek zat ıokdy. Sygyr maña öz ogullaryny ese-boıa galdyran hem ahyrda şol ogullardan hemaıat tapman lagşan ıurdy ıatladıardy...   
                                                                                                                                             Iıun, 98. Moskwa.
 
                                                                           Ö Ç
                                Tussaglykda öldürilen 12-nji iıulçy Ç. Gurowyñ ruhuna
 
Soñky günler obamyzyñ ilersindäki düıe ıatagy kän düışüme girıär. Her gezegem şol bir kartina, garry göhert hem onuñ öñünden gaçyp gutuljak bolıan ak torum göz öñümde janlanıar. Torum gaçıar, göhert kowıar. Onuñ agzyndan saçalanıan ak köpük ıüzüme-gözüme syçraıan ıaly, gassanmaç ıüzümi syljak bolıan. Emma hiç elimi gymyldadyp bilemok. Elimem gurşan ıaly diıip pikir edıärin we üstünde ıatypdyryn öıdıän diıip oılanıaryn. Soñra birbada iki elimiñem üstünde ıatyp bilmejekligim, emma iki elimiñem gymyldamaıandygy serime gelıär. Garry göhert bolsa, ak torumy kowalap, alarladyp barıar. Uzyn aıak ak torum sap atyp gaçıar, öñüne çolaşıan garry düıelerden, derrew gabalıan dar çüñkünden zordan sowlup ıetişıär. Garry göhert bolsa asla köşeşerli däl, gaıta torumyñ gaçıanyna, edil bokurdagyndan agyz salaımaly bolanda hem suwlunyp gidıänine gahar edip bolmajysyny bolıar. Ak torum düıelere agyl diılip bellenen ıeriñ daşyna tegelenip gazylan ıalpajyk garymyñ gyrasyna gelip kürtdürip durıar-da, bir ädende böküp geçip biljek çukuryndan gorkup yzyna, garry göherdiñ ak köpükli agzyna tarap öwrülıär. Men gyssanyp düıe çopana gygyrjak bolıan. Emma töwerek ümürmi, dumanmy, ıa-da ıañy dañyñ agaryp ıören çaglarymy, hiç kim görnenok.
“Düıäñ gözünden görünıän ıaly” diıip, köneleriñ aıdan sözüni ıatlaıaryn. Düıe janawaryñ kiçijik çukura-da gara gorky, uly howp-hatar bilen garaıanyny düşündirip: “İokardan seredensoñ, çuñ görünıändir-dä, elbetde. Agyl etmegiñ ıerine, ıatagynyñ daşyna aılap, ıalpak garym gazsañam, çuñ bir çukuryñ añyrsynda galan ıaly, ätläp-ätmerläp geçip gidiberip bilmez. Gorkakdyr, janawar” diıip, garry çopanyñ beren gürrüñini añymda aılaıaryn.
Ak torum halys bolan borly, barha haıallaıar, äwmän gäwüş salyp ıatan garry düıeleriñ döredıän päsgelçiliginden ıaña aıaklary çaışanaklap gidıär. Käte ıykylyp, agzy ıer garbaıar. Emma ıene turup gaçıar. Gözleri ganguıma bolan garry göherdem galanok. Gorkudan haııaty göçen ak torumyñ ahyry atymyna geljegini bilıän ıaly, käte ala-basgy bolup kowsa, käte ahmalyna garap, dälişge başyny silkip garaşıar. Men bu darkaşyñ garry göherdiñ peıdasyna gutarmagyndan ätiıaç edip gözlerimi ıumıaryn. İöne beıdenim bilen göz öñümde janlanan elhenç kartinadan, ak torumyñ owadan alkymyndan zogdurylıan gandan sypyp bilemok. O gan gelip meniñ göni üstümden guıulıar. Ne ıüzümiñ ganyny sylyp bilıän, ne-de yzraga çekilip bilıän.
Jan derinden garalan alkym gyzyl gana boıalıar, ak torum aıaklaryndan alnan ıaly tarpyldap ıykylıar. Garry göhert bolsa munuñ bilen köşeşerli däl. Däbşenekläp ıerinden galjak bolıan pidasynyñ üstünden agyr göwresini gülçüldedip goıberip, ak torumyñ owadan egri boınuny döşi bilen owmaga başlaıar. Hamala, öz boınum owulıan ıaly, öz üstüme düıe çöken ıaly, men ıatan ıerimden galjak bolup urunıaryn. Şol başagaılykda-da oıanıaryn. Oıanan badyma-da birwagt erkek çeınäp öldüren torumymyz ıadyma düşıär. “Elimden iımläp oturan malym ıere siñip galdy-da...” diıip, ejemiñ gussa bilen aıdan sözleri gulagyma gelip giden ıaly bolıar.
Soñ bu düışümi garry agama gürrüñ berdim. Ol meniñ ıüzüme köpmanyly seredip durdy-da:
- Malam şeıle-dä bi milletiñ... - diıdi. - Aı, hawa-da, “Mal eıesine çekmese şumluk” diıleni-dä. Oglankak bir düıekeşi düıe çeınänini gördük. Klasda okap otyrdyk. Düıekeş düıesini ojardan ıükläp gelip, mekdebiñ işiginde ıüküni düşürdi. Soñam düıesini idip ugraberjek boldy. Edil şol wagtam düıe eıesiniñ çigninden agyz urdy. Düıekeş görgüli düıäniñ agzynda edil içi silkilen boş çuwal ıaly galgamaga başlady. Hernä mollumlar ylgap çykyp, düıäni aljyradaıdylar. İogsa ol düıekeşi silkip zyñyp, soñam üstüne çökjek boldy. Düıe maly bir taıak uranam ıadyndan çykarmaz, ömür ahmalyna garar ıörer diıerdiler. Şo diıleni çyn eken. Rowaıata görä, bir baıyñ gowy görıän düıesi pyçaga gelip ıatanmyş. Baı düıesiniñ başyny sypap:  “Düıe malym - dünıe malym, ençeme ıyl hyzmatymy etdiñ. Señ arkañdan uly döwlete, tükenmez baılyga ıetdim. Adamçylykdyr, bilmezlikden aç goıan bolsam, agyr ıük urup azap beren bolsam geçireweri” diıenmiş. Şonda düıe soñky deminde başyny galdyryp: “Aç goıanyñam hiç, agyr ıük uranyñam, ıöne bir gezek eşegiñ yzyna tirkediñ, şonyñy geçirip biljek däl” diıenmiş. Baı görgüli düıesini adam jaılan ıaly jaılap, aşyny-suwuny berip, oña adama edilıän ähli hormaty edenmiş. Emma barybir düıesinden sypyp bilmänmiş. Gözüni ıumdugy, düıesi üstüne patanaklap gelıärmiş. Günde-günaşa gaıtalanyp duran bu elhenç düışden ıaña baıyñ ahyry bir gün akyly üıtgäpmiş we ol obadan çykyp, ümdüzine tutduranmyş. Şol barmaşa-da çöldäki gurruk guıa gaçyp heläk bolanmyş...
- Meñ düışümde düıe adamy däl, torumy kowalaıa - diıip, men agamyñ gürrüñini böldüm. - Ary köıen ıaly özem... İeri, torum näme edipdir oña?
- Onuñ şol ak torumlygy, ıagny ıaşlygy, owadanlygy ar garry göherde. Gujurlylygy ar. Başga ary ıok onuñ. Ol ak torumdan sürini gabanıa. Şundan başga merk gerekmi?.. - Agam başyny ıaıkady. - Adamam birdir bi ıalançyñ, haıwanam. Bir-birinden kän daşa giden däldir, gidibem bilmez. Edil şo düıe ıatagyñ garymy ıaly, öz-özünden daşyna çyzykmy, çukurmy aılap ıörendir. Çyzykdan böküp geçäımäge welin hiç ıürek edip bilmez. Çuñdur öıder. Gorkar. İogsa şol çyzykdan añyrda gyzyl gülälekli seleñ meıdanlar bardyr, añyrsyna göz ıetmeıän...
- “Bahyllyk ıigrençden-de erbetdir” diıipdir öñem biri...
- Aslynd-a olar bir-biriniñ dowamy-la. İöne bahyllykdyr ıigrençden soñ adam gahar bilen gazaba erkini aldyrıar, öçli bolıar. Öçli adamdan bolsa, her haısyna garaşyber.
- “Öçlülik, arlylyk gullaryñ duıgusydyr” diıibem bir gep bar.
- Şoñ üçind-ä adam pahyryñ gulçulykdan çykyp bilmän gelıäni. Näçe daşyny bezäbersin, näçe owadan jaıda ıaşadaı, barybir içi, pikir-küıi guluñkydyr. Añsat-añsat üıtgemez. “Pylany baıapdyr diıseler ynan, garyp düşüpdir diıseler ynan, ıöne gylyk-häsiıetini üıtgedipdir diıseler ynanma” diımeıämi...
Men agamyñ köpmanyly gürrüñlerine näme diıjegimi bilmän ıylgyrdym. Ol gürrüñi başga ıana sowdy:
- Sen düışe ynanyp ıörmäñi goı! Onsoñam, öıden çykman, içiñi hümledip ıatma. Arasynda ile çyk. Bu zatlar beıdip durmaz. Toıa-ıasa görün. Bolmasa, menem al ıanyña. Ertirden aılañ-çaılaña başlaly...
Ertesi irden agamyñ diııän aılañ-çaılañyna başladyk. Ilki şäheriñ alkymyndaky oba, ıas ıerine göründik. İañy-ıakynda-da ullakan kürsi eıelän murtuny palta çapmaz türkmen türmede atylan oglunyñ patasyny alyp otyr. At çapybermeli giñ howluda, çog gyzyl teke halylarynyñ üstünde, daşyny gallap duran dogan-garyndaşyñ içinde naçar hem nalaç otyr. Başlary gymmat baha gulakçynly, geınüwli ıigitler gelen-gideni garşylap-ugradyp durlar. Meniñ göwnüme, olaryñ öıde hem toıda, köçede hem köpçülik ıerlerinde boıunlary ıogyn altyn zynjyrly, barmaklary göwher gaşly goşa ıüzükli bigam hem bigäne geçiren günleri bilen şu günki hasratlarynyñ arasynda berk bir baglanyşyk bar ıaly. 
Saçakda guşuñ süıdünden başga hemme zat bardy, ıöne gelip-gidıänleriñ iıip-içip egisıän zady ıokdy. Birhili, bolan işde hemmeler günäkär ıalydy. Şonuñ bilen birlikde-de bu ıerde ıakasyndan tutar ıaly günäkär ıokdy. Adamlar günäli bigünä ıa-da bigünä günälidiler, ıa-da başga bir zatdylar. Gözlerde çylgym-çylgym gussa hem gam, käte bolsa çyrpynyp ıatan bigamlyk hem biparhlyk bardy. Bokurdaklardan zat geçmeıärdi. Dodaklar çala kümşülläp, işdä saklapmy ıa-da işdä bolman ıumulıardylar. “Yzy ıarasyn... Iman baılygyny bersin...” Bu olaryñ aıdyp-diıip bilıän ıa-da aıdyp-diıip biljek bar zatlarydy. Şundan añyrda diñe “Gaırat ediñ! Alladan gelenidir...” bardy, başga zat ıokdy. 
Agam atylan oglanyñ kakasynyñ ıanyna süışüp, bir zatlar soraşdyrdy. Maña onuñ ıüzüni aşak salyp, ıuwaşja gürläp beren jogabyndan diñe käbir sözler gelip ıetdi.  “İaşulyñ öz ıanna bardym, reketıor şol ölen oglan diıdim. Biziñki goranypdyr diıdim. “Ogluñy atdyrmarys” diıip arkaıyn etdi. Ine-de edıän işi. İanyndan çykyp gaıdan badyma “Atyñ!” diıip görkezme beripdir. “Goranma” diıdigi dämi bi eısem?.. “Damagyña pyçak goıulsa-da kaıyl bol, sesiñi çykarma” diıdigi dämi?..”
Howludan çykyp barıarkak agamdan:
- İañkyñ ıaşuly diııäni kim bolıa? - diıip soradym.
- Kim bor, bir ıaşuly bardyr-da? - Agam ıokaryk ümläp, ajy ıylgyrdy. - Beıleki ıaşulular onuñ kölegesi. Oınatgy bir topar. Oınadan bolıalar. Olam oınan bolıar. Şol oınan bolıanyñ ıanda işledi ıañky işigaıdan. Oñuşmady. “Men señ bilen bile lüıge çümüp biljek däl” diıibem gaıtdy. - Soñam özbaşyna hüñürdedi: - “Ine, lüıge çümmeseñ!” diıdigi şo. “Goranma” diıdigi şo... “Kaıyl bol” diıdigi şo... Garry göhert öç alıa, içden urıa... Ahmala salyp urıa, oguldan urıa... Namart oınaıa...
Garry agam maşynda çekip oturan çiliminden ikinji çilimi otlandy. Bu onuñ juda keıpi bozulanda edıän zadydy.
- Aı, adam öldüren bolsa, atylanny geñ görme. Bumat adam öldürmän atylıanyñam sany-sajagy ıog-a - diıip, men agamy biraz köşeşdirjek boldum.
- Körpe ogludy. “Ganymat şunym” diıerdi. - Agam ıolboıy gürrüñ berip barıar.- “Aıda pylança bermeli” diıip, dükanlaryna gelip, damagyna pyçak diräp, eje-bajy goıman durmuş o neresse-de... - Agam eliniñ aıasynyñ maıasyny görkezıär. - Pyçagy şul eliniñ aıasy bilen tersine gañrypdyr. Aıasynyñ maıasy çuñ ıara diııä. İöne pyçagy alyp, garnyndan süsdürmäge ıetişipdir. İogsa oñ ıanda çepiksije-de eken...
- Atylany bir anykmyka? Gurply ıeriñ çagasyny atanoklarmyş-a. Atuwam köpräk para aljak bolup berıämişler...
- Anyk-la. İokarkyñ özi “Hökümi ıerine ıetiriñ!” diıer-de, heı, saklajak gümanlary barmy? Üç harply edaradan jañ edip aıdypdyrlar... “Atdyrmarys” diıip, arkaıyn edişini görmeıäñmi? Gurplyñky garamaıagyñkydan kyn gaıta. Garamaıak bergä-borja batyp, başyny gutaryp bilıä. Gurply onam edip bilenok, diñe ıokarky ygtyıar berse edip bilıä. Sebäbi ol ıokarkyñ gözegçiliginde. Eger şoña ıakmajak bir söz diıenem bolsa işiniñ gaıtdygy...
Ara dymyşlyk düşıär. Radiony açıaryn. Salony diktoryñ dabaraly sesi tutıar. Agam radiony ıapıar we öñem näçe gezek eden gürrüñine başlaıar:
- Şuny diñlemäñi goı diıdim men. İa eııäm ıadyñdan çykdymy? Eıranly türkmeniñ araçäkden geçişini aıdyp beripdim-ä. O bende Türkmensährada goıun bakyp ıören ıerinden bärki Türkmenistanyñ radiosyny diñleıämiş.  Diñledigiçe-de bärik geçesi gelıämiş. Sim bilen iki bölünen ıurduñ talwasy, bärki Türkmenistanda galan dogan-garyndaşlary görmek höwesi ıüregine dolup, gijeler ıatyp bilmeıämiş asyl. Ahyram bir gün ıüregini bire baglap, ne bolsa-şo bolsuna salyp, simden aşypdyr ıañky. Orsam muny tutagetmän, “araçäk bozduñ” diıip eslije ıyly ıelmäpdir. Çopan görgüli Sibirden çykypdyr, orus tokaılarynda agaç kesipdir. Ahyry bir sähetli günem türmeden boşap gelipdir. Garyndaşlary ony gujak açyp garşylapdyrlar, bir aılap hezzet-hormat edipdirler. Işsiz ıatmadan iren çopan ahyry dillenipdir: “Maña bir çopançylyk dagy tapylmazmyka, öñküje öwrenen kärim näme-de bolsa” diıipdir. Oña kolhozyñ goıun sürüsini ynanypdyrlar. Çopan görgüli goınuñ yzyna düşüberipdir. İene bir aı geçipdir. Çopan goşuna ferma müdiri gelipdir. Goıunlaryñ guratlygyny görüp, çopany öwüpdir hem onuñ aılygyny we şol aılygyñ ujundan alnan radiopriıemnigi berip gidipdir. Çopan radiony açsa, şol on ıyl öñki ses şol on ıyl öñki gürrüñi gaıtalap otyr diııä. Jany ıanaıypdyr bendäñ: “Goı, sem bol, eneñem bir ...  Meñ öıümi ıykan sensiñ!..” diıip gygyrypdyr.
Men sypaıyçylyk üçin ıylgyran boldum. Agam maşynyñ oturgyjynyñ gapdalyna gysdyrylan gazıetlere barmagyny çommaldyp, nesihat bermesini dowam etdi:
- Şu gazıetlere-de pul berme diıdim saña. Emma ıene alıañ. Näme täze zat ıazarlar öıdıäñ? Şo bir bolgusyz gürrüñdir-dä. Oña berjek puluña çagalaryña bir kile süıji alarlar. İa men nädogry aıdıanmy?
- İok-la, aıdıanyñ dogry-la. İöne öñ endik edipdiris-de, alaııas-da - diıip, men günämi boıun aldym.
- Nerwiñi aıarlar, şu suraty görmejek bolarlar. - Agam gazıetiñ birinji sahypasyndaky etlek ıüzüñ üstünden barmagyny dürtdi.
- Telewizoram näçe az görseñ peıdadyr. Barybir täze zat eşitmersiñ...
Agam gazıetlere güımenip ymyzgandy. Men ıuwaşjadan tizligi ıokarlandyrdym we haı diımän ikinji barmaly obamyzyñ çetinden girdim. Biz toıuñ üstünden geldik. Agam begendi. Aılanyp ıörmeli bolmaz, bar görjek adamlarymyz toıa üışendir diıdi. Bizi ıaşulularyñ oturan ıerine, uly jaıyñ gapdalyndan salnan bolgusyzja tama eltdiler. Işikden ätlenimden agyr ys, tirıegiñ porsusy burnuma urdy-da, tas yzyma öwrülipdim. İöne beıtsem agamy bigelşik ıagdaıda goıjagym we ıaşulularyñ  aılap-ıyllap gürrüñ etjekleri ıadyma düşdi-de, edep saklamak kararyna geldim.  Eılesi-beılesi üç-dört metrden artyk bolmadyk darajyk otagyñ içinde azyndan on adam dagy otyr ekeni. Hemmesem ıaşy bir çene baran ıaşulular. Törde toı eıesi, agtygyny öıerıän aksakgal otyr. Biz işikden ätläp salam berenem bolsak, ilki baryp öı eıesi bilen görüşdik. Sebäbi ol ıaşulularyñam iñ ıaşulusydy, segsenden geçen adamdy. Soñ aılanyp beıleki ıaşulular bilenem görşüp çykdyk. Agam törde oturan aksakgalyñ ıanynda dyz epdi, hal-ahwal soraşdy we toı gutlady. Bu gutlaga aksakgalyñ gabat garşysynda oturan gyzyl jižžik ıüzli, garny eñegine degjek bolup duran, ıalama bolan dodaklaryny zol-zol şapbyldadyp ıalaıan mollaçar adamam goşuldy. Arasyna arap sözlerinimi, doga-beılekimi goşuşdyryp, burnuna salyp bir zatlar okaşdyrdy we beıik hem keremi güıçli Allatagaladan söz açdy. Musulman bendeleriñ hemmesini Allanyñ öz penasynda aman saklamagyny diledi. Gürlände-de burnuny myññyldadyşyndan çen tutup, men ony “mele gelinden” mazalyja köklänleriñ hataryna goşdum. Tasdan-a: “Bi tirıek çekilişi bilen Alla penasynda saklap bilermikä?” diıip sorapdymam. İöne hemişe-de şuññaly neşekeş kompaniıa düşemde edişim ıaly, “Ot-çöpden ownuk,  suw-sölden  sada” bolup  oturmagymy  dowam  etdim. Assyrynlyk bilenem içerini synladym. Tamyñ diwarlary saman suwag bilen suwalan, beton poluñ üstünden köne-küşül keçe düşelipdir. Gapydan giren ıeriñde demir peç, pejiñ üstünde-de çaı gaınadylıan gara kitir bar. Pejiñ gapdalynda iki-üç sany ıarymlyk çäınek bilen alty-edi sany käse dur. Gamyşdan hem gazıet böleginden edilen müşdükler çäınekleriñ gapdalynda pytraşyp ıatyr. Sag duldaky ıük galdyrylan köne sandygyñ ıüzüniñ nagşy solup gidipdir. İokardan sallanyp goılan elektrik lampasynyñ ıüzüniñ siñek hapasyndan ıaña ak ıa arassa ıeri görnenok. Gireñde mazalyja egilmeseñ mañlaıyñy çilik ıaly galdyrıan pessejik işigiñ gabat garşysyndan goılan kinniwanja äpişgä tutulan tutynyñ soñky gezek haçan ıuwlanyny ıa-da ene durkundaky ilkinji reñkini kesgitlemek bolsa, ıatyrylan Ylymlar akademiıasynyñ işsiz galan alymlarynyñ ullakan ylmy simpoziumyna-da başartjak däl...
Aksakgala Arkadag diıip ıüzlenıärdiler. İöne onda indi ne daglyk ıagdaı galypdy, ne-de depelik. Dereginde ak gunduz ıaly bolmaly selçeñ çal sakgal hem bir wagtlar towlanyp ıeñsä çatylan imeşik hapa murt ony bolşundanam beter egbar görkezıärdi. İeñse damarlary çykyn-çykyn bolup duran süıri kellä gyşygrak edilip atylan köne tahıanyñ akgaıma nagyşlary sap-sary bolsa, gyzyl hem sary goçaklary garalyp gidipdi. Ol meniñ agam bilen hal-ahwal soraşyp oturyşyna hor ellerini çala galgadyp, zol-zol ıüzüne gonıan siñekleri kowıardy. İöne siñekler ıene “siñek ıaly” bolmaklaryny dowam edıärdiler we gelip Arkadag aganyñ inçeden uzyn barmaklarynyñ arasynda saklap oturan agzy gara gamyş müşdügine gonıardylar hem şol ıerde zyna ıa şerigat işine meşgul bolıardylar.
Biz kän oturman turarman bolduk. İöne aksakgal biziñ duz datman gitjek bolşumyza çürt-kesik garşy çykdy. Dyzynyñ aşagyna gysdyrylan kirli ıaglygy alyp, gözleriniñ çikgesini, agzyny-burnuny syldy-da, “Daşardakylara nahar alyñ diıiñ-ä” diıip, ıanyndakylara gatyrganjak ıaly etdi. “Gelene-gidene, çaıa-suwa serediñ-ä” diıip nägile hüñürdedi. Onıança işikde kellesi sekiz burç papakly garaıagyz pyıada göründi. Onuñ elinde naharly tabak hem iki sany çemçe bardy. Bize golaırak oturan ıaşuly bir gyrada eplenip goılan ugursyzja saçagy ortaraga çekdi-de, naharly tabagyñ goılaıjak ıerine ıazdy. Agam ikimiz tabagyñ daşyna egrildik. Döwüm-dişlem çörek bilen toı çorbasyndan iki çemçe owurtlap turarman bolamyzda bolsa ıene iki sany ıaşuly gelip girdi. Onsoñ edep saklap, täze gelen ıaşululara hem nahar äberilerine garaşdyk. Emma olar özleriniñ naharlydyklaryny aıtdylar we ıañy biziñ çekilen tabagymyzdan duz datdylar. Arkadag aksakgal palawam alsynlar diıip mürehet etdi. Emma agam töwir galdyryp berseler turjakdygyny, ıene barmaly-görünmeli ıerleriniñ bardygyny aıtdy. İaşulularyñ ıanyndan çykyp, gowaça çöp basylan ıeriñ gapdalynda düñderilip goılan gazanlaryñ ıanyndan geçdik. Agam ullakan demir ojaklaryñ üstündäki boş gazanlary ıuwup-ardyp ıören egin-başy sal-sal adama, beıleräkde ıere düşelen gaty kilimiñ üstünde küşde hem düzzime güımenip oturanlara gözüni ümledi:
- Toı eıesi bir zat emlemezmikä diıen tamada şular. Bir tütün görmeseler, toı sowulsa-da gaıtmazlar...
Posly teležkanyñ üstünde üç tarapyndan haly asylan toı bagşysy “Bir gijäñi bagş et maña, Aıjemal” diıip, soñky ıyllarda ürç edilip aıdylıan aıdyma gygyrıardy. Emma ony bäş-üç sany çüteje gyz-gelinden başga diñleıän ıokdy. Olaryñam ıüz-gözünde ne şatlyk, ne-de nur bardy.
- Aıjemal ıadyna düşenok indi oglanlañ. İañky gojalar ıaly, demir pejiñ daşyndadyrlar kileñ - diıip, agam meniñ içki pikirimi okan ıaly hüñürdedi. - Öñler tans meıdanyndan kowup çykaryp bolmazdy, indi diñe simde oınaıarlar...
Biz maşynyñ ıanyna ıetiberemizde bagşy gaıgyly aıdyma geçdi, “Taıly çyragym söndi, galdym weıran dünıede” diıip zowlatmaga başlady.
- Arkadag aga-da gaty gojalypdyr. Gözi çylpyklap, ıeñsesi bir gysyma geliberse boldugydyr adam pahyryñky. Arkasy ıere degmedik pälwandy - diıip, agam maşyna münüp oturandan soñ aıtdy. - Eşek ıaly daıaw köpegiñ topulanny gördüm şuña. Gaty ıarak itdi. Betdi. İat it dagy gelse, soñam yzyndan ıetdirmän gaçsa, özüni öldüräıjek bolardy. Uruşsa dagy, üstüne bedreläp suw guıup zordan aırardylar. Art aıaklaryna galyp, dim-dik bolşup durandyrlar. Öñ aıaklary bolsa, edil gyzylıumruga giren adamlaryñ eli ıalydyr. Ana, şol bet itiñ bir-ä Arkadaga ıetip barıanyny, birem Arkadagyñ ite topulanyny, soñ itiñ hyrra yzyna öwrülenini görüp galdym. Emma it gaçyp ıetişmedi. Pälwan eııäm onuñ guırugyndan aılap tutan eken. Onsoñ ıañky itiñ aıaklary ıerden üzüldi. Pälwan ony çyñsadyp-wañkyrdyp daşyndan aılamaga başlady. Itiñ guırugynyñ birhili şatyrdaıan ıaly ses çykarıanyny bilıän. Şol barmaşa-da pälwan elini guırukdan sypdyryp goıberdi welin, ala tozan bolup ıere gülçüldäp düşen it ilerligine tarap guırugyny ıamzyna gysaıandyr. İogsa mydama ötegçileri kowalap, gaırak, jaryñ añyrsyndaky ıal iııän ıerine giderdi... Gahrymanyñ ıyldyzyny ilkinji bolup dakynan adamlañ biridi, “ıüz ene goıundan ıüz on guzy alıar” diıip, baı, taryplandyrlar-a! Gazıetiniñ-radiosynyñ bar gürrüñi şudy, başga gürrüñ ıok ıalydy. Hanha, siñekläp otyr indi, hiç kime gerek däl. Bar ıapyşalgasam “mele gelin” bolsa, onam tapsa gülläp, tapmadyk güni azarlap oturmaly bolsa... Dirikäñ dowzaha girmek-dä...
Men içimi hümledip oñdum. Agam köne başlygam görüp geçeli diıdi.
Köne başlygam özi ıaly biri bilen eıwanda demir peji gapdallap oturan ekeni. Ikisem ütülje geınen. Üç-dört gün bäri päki görmedik ıüzler ne bir sakgally, ne-de bir sakgalsyz ıaşululary hasam bigelşik görkezıär. Öñlerinde-de toı ıerinde gören gurallarymyz, müşdükler hem ıene-ıeneler. Bu taıda-da oturyp mazamyz bolmady. Köne başlygyñ ogullary nahar-çaıyñ ugruna çykjak bolup şunça özelenselerem, agam olary saklady. “İöne görüp geçäıeıin diıip sowuldym, hiç zady azar edinmäñ, men derrew turjak” diıdi we sözünde-de tapyldy. Men onuñ içki pikirini ıene maşyna münensoñ bildim.
- Başlygyñ ıandaky öñki perme müdiri. O mahallar kolhozyñ otuz müñe basalykly goıny, sürüläp sygyr-düıesi, gylıallary bardy. Ikisem gaty zor adamdyr öıdülerdi. Bulardan soñ gelenler malam, tehnikanam dagytdy. Ine-de bularyñ özleriniñ bolup oturyşy. İañky perme indi gijelerine öz oglunyñ işigindäki baggoıunlary ogurlaıa diııä. Ogly bir gije garawullap oturyp tutupdyr. “Kaka, bi edıän işiñ näme?” diıse, “Bu işi men, kakañ etdi näme, ogullañ etdi näme?” diıip gülıämiş.
- O näme diıdigi bolıa oñ? - diıip, men hiç zada düşünmän soradym.
- Agtyklaram neşekeş bolansoñ, begenip aıdıan zady bi oñ. Adam pahyryñ betbagtlygynyñ çägi ıok. Öz ogluna-da göriplik edıär. Nämemiş, ol iliñ ogly ıaly dälmiş, özüni ata-enesinden aıry tutıamyş. Agzy arassasyran bolıamyş, çekmeıämiş. Begend-ä how çekmese gaıta! İok, begenenok. Gysgançlygyndan çekenok, heleıinden gorkıa diııä. Agtyklary neşe öwrense begenıä. Hamala, ozal oglundan ary köıüp, indi aryny alan ıaly...
Aglasañ aglap, gülseñ gülüp oturmaly duşuşyklardan hem çukanak-sukanak ıoluñ siltewinden ıaña içim ellik bilen syrylan ıaly bolansoñ, men agamdan ajyganyny-ajykmanyny soradym. Arkaıynrak bir ıer tapyp, nahar edinmegi teklip etdim. Agam çilimini uzyn-uzyn sordy-da:
- Señ şu çilimi çekmeıäniñ gowy - diıdi. - Asyl meñ şol öñki aıdanym, çilimem çekjek bolma, aragam içjek bolma. Uruşjak ıa küştdür kart oınajak hem bolma. Gara saçly mollalara-da kowalaşma. Şu zatlary edeniñ birine şah çykjak bolsa, maña çykmaly. Wagtly-wagtynda naharyñy iı, ıedi sagat ıat hem öz işiñ bilen bol...
Agamyñ şol öñki nesihatçyllygyna tutmagyndan hem meniñ nahar edinmek baradaky teklibimi unutmagyndan gorkyma:
- Nahar tapsam iıjek-le - diıdim. Agam çilimini söndürip oturyşyna sowulmaly köçäni hem barmaly jaıymyzy görkezdi.
- Nahar tapylar, şo ıerde gözüñ awusynam al - diıip, agam özbaşyna diıen ıaly gürledi. - Gaıdaly onsoñ ıuwaş-ıuwaşdan... Öz günüñ gadyryny bilmek üçinem käte ile çykmaly öıdıän. Öñem biri şuññalyda “Men öldümmikäm diısem, il porsan eken” diıipmişin...
Biziñ baran öıümiz agamyñ elli ıyl mundan öñ bile okan ıoldaşy Reşidiñ öıi eken. Ol bizi gujak açyp garşylady, “Şeıd-ä how, gel-ä şeıdip” diıip birnäçe gezek gaıtalady.
- Sen gelmeseñ, biz gelmeli borus-da bolmanda-da - diıip, agam igesini sürtüp gürledi.
Olar öıe girmän, daş işikde hal-ahwal soraşyp durkalaram howlynyñ ıokary çetindäki towuk ketekde towuklaryñ wakgyldysy köpeldi. Reşit aga biziñ towuk ketek tarapa seredenimizi görüp:
- Hana, oglanlar eııäm horaz tutdular, geçiñ bakaly - diıip, içerik mürehet etdi.
- Horaza azar bermelläl eken-dä - diıip, agam sypaıyçylyk etdi.
- Sen azar bermeseñ, horazlar saña azar berer. Düın şäherden agtyklar geldi, üstlerine towsup barıalar asyl. Häı, birki sanyñyz-a pyçaga geläıse gerek diıdim şonda. Esasanam iki sany gyzyl horaz dyzmaçdy, şolary tutandyrlar häzir. Gyzyllañ möwritiniñ geçenni bilenok olar...
- Bizi bahanalap, horazlardan agtyklañ aryny aljak-da onda - diıip, agam ıylgyrdy.
Öıe girip oturyp-oturmankak orta ıüzi köpürjikläp duran agaranly düıe çal bilen düıe ıüñ saçaga dolanan mele-myssyk tamdyr çöregi hemem işikdäki mellekden ıañyja ıyglan ıaş sogan geldi. Agam çaldan-çörekden öñürti gözi bilen küşdi gözledi. Reşit aga muña düşüş bolarly, oturan ıerinden şifoneriñ aşagyndaky küşdi ıanyna çekdi. Olar birki döw oınap-oınamankalaram ıukajyk saçda gowurmyşlanan gelin kömelekdir gyzardylyp bişirilen horazlar geldi. Reşit aga telewizoryñ aşagyndaky barjagazyndan çüışelerini çykaryp oturyşyna agamyñ köp gaıtalaıan degişmesini ıatlady. “Gapyny kaksam, “Kimsiñ?” diııäler. “Sary” diııän menem. “Reñkiñi soramok, adyñy soraıan diııäler” diııädi diıip ıatlaıan.
- Tüweleme, sen ıagşy - diıip, agam Reşit aganyñ gyrmalap guıan bulgurlarynyñ birini eline alyp aıtdy.
- Aı, üıtgeşik ıagşylyk ıok-la - diıip, Reşit aga müınli ıylgyrdy. - Señ ıanyña bir gideıin, görüp gaıdaıyn diııän, aıaklammy gaıgy edıän-de oturyberıän. Öñkülik ıok indi. Kän ıöredenok. Oglanlara-da iş bolasyñ gelenok. Mal-gara-da oñ üstesine...
- Mal-gara ıarasañ ıagşy boldugyñ bor şo - diıip, agam öz diıeninde durdy. - Bu zatlaram oñarmak gerek,- ol saçagyñ üstüne elini aılady. - Hemmesi özüñden önıär, bazaryñ oduna ıanmaly däl. Señ öıüñe gelip, düıe çal içmän giden gezegimiz ıokdur. İadyñdamy, Orsıetden Türkmenistana arak ıükleıämişler welin, araklar çelekden çykyp gaçıamyş, o ıerde süzme diıip, çal diıip bir bela bar, gitjek däl diııämiş diıip gülıänimiz?..
Bu gürrüñler Reşit aganyñ öñem açyk göwnüni has açdy. Ol öz kakasy pahyryñ “İaz göksüzden, güız aksyzdan, gyş possunsyzdan akyl soramagyn” diıip gaıtalamany gowy görendigini ıatlady.
- Men öz oglanlamma aıdıan, hana Reşit mydama gapyda mal saklaıa, hiç wagt mellegini boş goıanok diııän. Çagalaryna-da şu gylygyny öwredıä diııän...
Reşit aga bu gürrüñlere çaga ıaly begendi we begenjini gizlejegem bolup durmady.
- Şeıtmeseñ boljagam däl ekeni, Sary jan! Bir toparynyñ çagasynyñ aç syryljyrap ıörşüni görüp, kakam pahyry ıatlaıan. Emma şol adamlar çagamy aç saklaıan diıenoklar, ile akyl berıäler. Toıda-märekede-de şoñ ıaly, içjegem şolar, çekjegem. Ind-ä toı edip, märeke üışir dagy eder ıalam däl. Neşekeş ıaşulular bir gapdaldan, aç milletem ikinji gapdaldan. Naharyñ bişip-bişmänkä gazanyñy göterip barıar edil. Nahar üstünde aıallar arasynda saçıoldy oınaşylıan toılaram bar indi. Beıle-beıle zatlary göreris öıdemzokdyk, alla...
Saçak başyndan çekilenimi görüp, Reşit agadyr agam maña: “Nahardan bolan bolsañ, ıat-da gözüñ awusyny al” diıdiler we küşt çöplerini tagtañ üstüne barha gaty tarkyldadyp urmaga başladylar. Men bir gyra çekilip gyşardym we ilki baran ıerimizdäki düñderilgi gazanlary göz öñüme getirip uklap galypdyryn.
Bir görsem, düñderilgi gazanyñ aşagynda ıatyryn. Daş-töweregimem adamdan doly. Ilki kelläme gelen zat munça adam bolup, bir gazanyñ aşagyna nädip sygdykkak diıen pikir boldy. Soñ dem almaga howa bir ıetermikä, uzag-a beıdip ıatyp bilmesek gerek diıip oılandym. Bir alajyny edip çykjak bolmaly bolar-a, bi adamlar näme öılerine gelen ıaly arkaıyn otyrlar diıdim. İatan ıerimden elimi gazanyñ gyrasyndan daşaryk uzatjak bolup gördüm, bir elim geçse, ıokaryk gozgaryn öıtdüm. Emma gazan meniñ çen edişimden agyr hem galyñ bolup çykdy. Onsoñ ıerimden dikelip oturdym hem ellerimi ıokaryk, gazanyñ düıbüne diräp galdyryp görmek isledim. Emma bu-da bolmady. Gazan meniñ çenimden has agyr çykdy. “Gadymy kyrk gulak gazanlardan öıdıän, bir adama-iki adama gozgadar ıaly däl” diıdim. “Şony bilıän bolsañ näme gozgajak bolup çyglyp otyrsyñ?” diıip, gazanyñ sag dulunda oturan biri hüñürdedi. Men ony sesinden toıda gören ıalama mollam etdim we beılekileriñem bir gören adamlaryma meñzeıändigini, ıöne garañkyda gaty saıgartmaıandygyny, eger gepleseler tanajakdygymy añymda aıladym. “Aı, jemagat, näme hemmäñiz agzyñyza suw alan ıaly bolup otyrsyñyz, gepläñ-ä bir zat!” diıdim. Emma ıagşydan-ıamandan sesini çykaran bolmady. “Balyklar boluñ-a, balyk bolup geçmişler, arakdyr tirıegiñ başynd-a hiç kime gezek bermeseñiz gerek” diıip içimi gepletdim. Bu pikirimi daşyma çykarjak bolup agzymy açanymam şoldy welin, çep dulda gazana arka berip oturan ıaşuly ardynjarady. Men ol bir zat aıtjak bolıandyr diıip oıladym we garaşdym. Emma ondan wagty bilen ses çykmady. “Siz bir zat diıjek bolduñyz öıdıän?” diıip, meniñ özüm oña ıüzlendim. Ol ıuwdunyp bir durdy-da: “Özleri gozgaıançalar ıa çykyñ diııänçäler garaşaıalyñ-la, çydamazça däl-ä beıle...” diıdi. “Beı diımesene, agam! Howa ıetenog-a bärde, demigip öleris-ä beıdip otursak” diıip, men onuñ aıdıan zadyna ör-gökden geldim. Oturanlar ıerli-erden meni goldar, iñ bolmanda başga bir pikir aıdar öıdüp garaşdym. Emma ıene hiç kimden ses-seda çykmady. Onsoñ ıañky ıek görnen, “garaşaıalyñ-la” diıen adam hem geplemän oturanlardan ganymat bolup göründi. Men emedekläp onuñ ıanyna bardym. “Agam, bir zat edeliñ-le, beıdip haram ölmäliñ-le” diıdim. Ol meniñ ıüzüme dikanlap oturdy-oturdy-da, ahyry añyrsynda oturan dolmuş adama tarap öwrülip, ondan bir zatlar sorady. Men añyrkynyñ makullaıjylyk bilen baş atanyny görüp, ıeñillik bilen dem aldym. Onsoñ meni maslahat soralıan dolmuş adamyñ ıanyna geçirdiler. Men oña-da şol bir haıyş bilen ıüzlendim, “Üışüp gazany galdyralyñ, aşagyndan çykalyñ!” diıdim. “Bir topar erkek bolup, bir gara gazanyñ aşagyndan çykyp bilmän oturmak bolmaz-a, beıle-de bir gara güne galmak bormy?” diıdim. Dolmuş adam “haş” edip uludan demini aldy we “Erkek galdymy, inim?- diıdi. - Görıäñ-ä, kileñ ogrumydyr neşekeşe öwrülen-ä bi millet... Näçe isleseñ gazan ıalaşjak taparsyñ, ıöne ıük göterişjek tapmarsyñ...” Men onuñ ogluna atuw jezasy berlen ıaşulydygyny diñe şundan soñ bilip galdym. Onıança bu gürrüñe ıalama molla hem goşuldy. Ol: “Hudaıdan gelen zatdyr, hudaıyñ özi dep etmese, gury arrygyñy gynanyñ galar, hudaıy çagyryp oturalyñ, adamlar!” diıdi. Soñam burnuna salyp, dogamy bir zatlar okan boldy. Bir görsem, ıalama mollanyñ añyrsynda Arkadag aga, köne başlykdyr onuñ ferma müdiri, müdiriñ agtyklary dagam otyr. Bir ıerlerden ıanyk tirıegiñ ysam gelıän ıaly. Hemmesem ıalama mollanyñ agzyna añkarıar.
Öñem dar kejebäm bu ıagdaıa hasam daraldy. İöne her näçe gaharym gelse-de, dilimi dişlemeli boldum. Dar ıerde depämi garanyp oturyşyma, birwagtlar dowzahylañ gazany hakynda eşiden gürrüñimi ıatladym. Hamala, dowzahda täze işe gelen perişdäni iş bilen tanyşdyryp ıörmüşler. Garry perişde ıaş perişdäni günäkärleriñ gaınadylıan kyrk gulak gazanlarynyñ ıanyna getirıärmiş-de, gürrüñ berıärmiş: “Ynha, öñ şu gazanlaryñ hersine bir daıaw perişde gözegçilik ederdi. Gazandan çykjak bolıanlaryñ küpesine taıak bilen berip durmaly bolardy. Indi oñ zerurlygy ıok. Ştatlary näçe kemeltseñ kemeldibermeli. Ine, bu gazandakylar çykaısa-da gitjek ıerleri ıok. Arak ıa tirıek alyp, ıene yzlaryna gaıdyp gelıärler. Bu gazandakylar bolsa, birinjiden, çykjak bolıany az, ikinjiden, özleri çykjak bolanyñ aıagyndan çekıärler, üçünjiden, äwüp-säwüp sypany hem ıokaryk çykyp, indiki çykjaklaryñ depesinden basıar. Onsoñ bularyñ çykjak bolanyna-da, gazandan daşyna çykanyna-da zat degemzok. Barybir şu gazanyñ erñeginden daşa gidenoklar. Aılyksyz işläp berıäler. Ine, bu gazana iki sakçy gerek bolıar. Sebäbi, birinjiden, çykjak bolup dyzaıany kän, ikinjiden, gazandakylar çykjak bolıanyñ aıagyndan galdyrıarlar, üçünjiden, gazanyñ daşyna çykany hem yzynda galanlary çykarjak bolıar. İöne indi bu gazandakylar azalıar, beıle adamlary indi o dünıede-de halanoklar...”
Meniñ pikirlerimi dolmuş adamyñ ardynjyramasy bozdy. “Bendäm bendäme sebäp” diıendir Alla-da, birleşsek bir zat etsegem ederis - diıip, ol meniñ gulagyma pyşyrdap diıen ıaly aıtdy. - Biz saña kömek etjek bolaly, gazany galdyryşaly. İöne sen çykañsoñ bizem çykarjak bol. Bir zadam öñünden bilip goı, çykanyñ bilenem dabyrap gidiberip bilmersiñ. Çalbaş perişde bardyr öñüñde. Gazanyñ üstüne çykyp, eline kepgir alyp oturandyr. Daşynda-da bir topar özi ıaly çalgöz nökeri bardyr. “Telpegini al diıilse, kellesini almaga taıyn” diıilıänlerdir. Şolardan sypyp, soñam biziñ yzymyzdan gelerin diıseñ kömek etjek. Bardy-geldi tutulaısañam biziñ adymyzy bermezlik şerti bilen özem...”
Men bu şertleriñ ählisine razydygymy bildirip baş atdym. Dolmuş adamyñ ıoldaşlary üışüp, gazany ıerinden çala gozgadylaram welin, men daşaryk diñ saldym. Daşardan gazana urulıan çemçeleriñmi, gazanyñ düıbüni gazaıan kepgiriñmi sesine meñzeş sesler, bir gaty zadyñ beıleki bir gaty zada degip tarkyldap çykarıan sesi, pişik urşandaky ıaly gykylyk, it urşandaky ıaly wagyrdy, bir topar garyşyk galmagal eşidilıärdi. Men bu galmagalyñ nämedigini sorajak bolup başymy galdyrdym. Şol wagtam agam bilen Reşit aga gözüm düşdi. Olar dolmuş adamyñ añyrsynda otyrdylar.
“Gazan bilen çemçäniñ sesidir bi, inim - diıip, Reşit aga meniñ heniz sorap  ıetişmedik soragyma jogap berdi. - Boınundan gazanyny asan adamlardyr, biriniñki garnyna, ıene biriniñki gasygyna dañlandyr. Başga iş etmez, diñe şol gazanyny gazar ıörer. Şo gazanyñ ugruna gider. Ahyrynda barjak ıerem şol gazanyñ içidir. Özgeleri gazana atjak bolup, özem bir gün gazana düşenni bilmän galar. Gazanyñ daşyndakylaryñ bizden tapawudy, olar entek gazanyñ içine düşmediklerdir. İöne olaryñ her äden ädimi, her uran çemçesi gazana düşmek üçin taııarlykdyr...”
İalama molla dagy ahyry ıatyp galdy. Dolmuş adamdyr ıoldaşlary maña “Nädıäñ?” diıen manyda seretdiler. Men daşaryk ümledim. Olar üışüp, gazanyñ erñegini aşagyndan adam sümäıer ıaly galdyrdylaram welin, alty at güıji bilen dagy daşaryk okduryldym. Ilki serime gelen zadam: “Wah, gazany galdyryp boljak eken-ä - diıen pikir boldy. - Diımek, galdyryp bolsa, agdarybam bolar” diıip oılananymam şoldy, ala-güpürdi turzup bir zat geldi. Men gazana ıaplanyp bukuldym. Patanaklap gelıän örküçleri gyşaryp ıatan äpet göhertdi. Göherdiñ üstünde bolsa, inedördül bir ganara saman dykylan ıaly bolup, çal baş bir zat otyrdy. Men gazana ıelmeşäıjek bolup oturyşyma Çalbaşy içgin synladym. Ilki göze ilıän zat, onuñ elinde ullakan kepgir bardy. Ol şol kepgiri gazanyñ çem gelen ıerine şarpyldadyp urıardy. Men gazanyñ üstünde üışüp oturan gujagy kiçijik gazanjykly adamlary, biziñ gazanymyza goñşulykda hem ondan daşrakda düñderilen san-sajaksyz kyrk gulak gazanlary hem olaryñ üstündäki boıny gazanly adamjyklary diñe şundan soñ görüp galdym. Şobada-da Reşit aganyñ aıdanlary ıadyma düşdi. Garry göherdiñ üstündäki eli kepgirlini bolsa, dolmuş adamyñ aıdan Çalbaş perişdesi etdim. Onuñ münüp ıören göherdi meniñ düışümde köp gören garry göherdime gaty çalymdaşdy. İöne indi meni garry göhert däl-de, onuñ üstündäki “perişde” kän gyzyklandyıardy. Şonuñ üçinem men bar aladamy perişdäni ıakynrakdan görjek bolmak etdim. Gördümem. Çalbaş birki gezek kepgirini şarpyldadyp geçip gitdi-de, birden meniñ ıaplanyp oturan gazanymyñ gabat garşysynda münüp oturan göherdiniñ nogtasyny çekdi. Men onuñ özüme tarap dikanlap seredenini hem biri aglap, beılekisi gülüp duran gözleriniñ agy bilen garasynyñ gatyşyp gidenini görüp ıetişdim. Goçak kellesi boıunsuz-zatsyz göwrä ıelmeşip gidıän we etlek alkymlary sallanyp duran “perişdäniñ” garny böwen ıaly çişikdi. Aıaklary inçeden keltejikdi. Saçlary ak bilen çalyñ aralygynda bir zatdy. Men özümi ertekiler dünıäsinde bir ıerlerde gezip ıörendirin öıtdüm hemem bu dünıäden nädip bahymrak çykyp boljaklygy hakynda oılandym... Birdenem göhert meniñ üstüme patanaklap gaıtdy. Men turup gaçdym. Şol gaçyp barşyma-da göherdiñ aıaklarynyñ güpürdisi bilen gazanlara urulıan kepgiriñ şarpyldysynyñ deñ diıen ıaly çykıandygyny, her gezek gazana kepgir degende-de bir topar boıny gazanlynyñ böküp turıandygyny we Çalbaş perişdä taryp aıdyp gygyryşıandygyny añymda aıladym. Bu taıda meniñ ömür görüp ıören zatlaryma bir meñzeşlig-ä bar diıip pikir etdim. Onıança-da göhert yzymdan ıetdi öıdıän, ıeñsäme kepgirmi-bir zat bilen gürpüldedip urmaga başladylar. Düñderilgi gazanlaryñ üstünde boınuna galstuk ıerine gazan dakyp oturan adamjyklaryñ gykylyk-gowry artdy. Men olaryñ “Yna saña gazandan çyksañ! Al almytyñy, gazan dönügi!” diıip gygyryşıanlaryny eşitdim. “Beh, bular näme gygyryşıakalar? Näme ıamanlyk etdimkäm men? Gazandan çyksam, begeniñ-dä gaıtam. Gelip sizem çykararyn-da. İa çykarmaz öıdıälermikä?” diıip pikir etdim. “Göherdiñ aşagyna düşüp ölsem begenjeg-ä kän ekeni” diıip haıran galdym. Onıança olaryñ biri ıüzüne bir zat tutup geldi-de, boınundan asylgy gara gazany bilen küpäme ıapmaga başlady. Men onuñ ıüzüne zat tutmasyny, özüni tanatmajak bolşuny geñ gördüm. Diımek, bir utanç iş edıänin-ä bilıär bi diıdim. Şol gürp-gürpüñ arasynda-da: “Sen näme şu adamlardan artykmy, gazandan çykan bolup... Gahryman boljak bolıañmy?” diıip hüñürdeıänini eşitdim. Soñ onuñ yzyna eıerenler, ıagny ıüzüne zat ıapyp hüjüm edıänler köpelip başlady. Asyl üışüp, garry göherde-de ıetirmän üstümi basdylar. Soñ olaryñ üstünden gelip garry göherdem çökdi. Göherdiñ aşagyndan diñe kellämi çykaryp ıatyşyma töwerekden delalat isledim. Delalat nire? Gaıta göherdiñ üstünden Çalbaş perişdäniñ kepgiri tarpyldap inmäge başlady... Şu başagaılygyñ içinde-de oıanypdyryn. Ilki düşünen zadymam üstüme hiç hili göherdiñ çökmänligi, üşäımesin diıip possun ıapylanlygy boldy. Çalbaş perişdäniñ kepgiriniñ tarpyldysy diııänim bolsa, küşdüñ tagtasyna urlup çykıan ses eken. Başymy ıassykdan galdyrsam, agam bilen Reşit aga henizem küşt oınap otyrlar. Her göçümde-de, “Al saña gerek bolsa, almytyñy alaıdyñ öıdıän şu gezeg-ä!” diıen ıaly sözleri näme aıdıanlaryny bilmän gaıtalaıarlar we küşdüñ tagtasyna biri-birinden gaty urıarlar...
Uzak gije ıatman küşt oınan we çilim çeken iki ıoldaş meniñ turanymam, daş çykyp gelenimem bilmedi. İöne meniñ yzym bilen ıene bir adam içerik girdi we birhili basyk ses bilen salam berdi. Küştçüler diñe şundan soñ başlaryny galdyrdylar.
- Hä, gel-de geçiber, Meret goñşy! - diıip, Reşit aga onuñ salamyny alyp aıtdy. İöne gelen adam geçibermedi. Birhili ıaıdandy. Reşit aga onuñ dañ-säher bilen gelşinden hem bolşundan bir ıakymsyzlygy añyp ıerinden turdy. - Eıgilikmi? - diıip sorady.
- Aı, şo... beıledäki dogmamyz... - Meret aga bokurdagy dolup gepläp bilmedi.
- Pä-heı, bi nä habar boldy? - Reşit aga gynanç bilen başyny ıaıkady.
Meret aga dañdanky otludan düşen obadaşynyñ getiren şum habaryny, Aşgabat türmesindäki oglunyñ ıogalandygyny kynlyk bilen aıtdy. Ol Aşgabatdan myhman bardygyny eşidip, gaıtsalar menem äkitmezmikäler diıip gelen ekeni. Bu gürrüñden soñ biz derhal ıola düşdük.
İolda agam Meret agadan oglunyñ näme günä edenini, türmä nädip düşenini sorady. Meret aga uludan demini aldy:
- Dogrusy, biz-ä şoñ näme günä edeninem bilibilmedik. Bir ıyl mundan öñ tagtabazarly gullukdaşyny bir gije myhman alypdyr. Şondan ıedi aı geçenden soñam ıañky tagtabazarly tirıek bilen tutulypdyr. Onsoñ muny kimler bilen gatnaşyk edıädiñ diıip ıençmäge başlarlar-da. Olam arasynda gyssanjyna biziñem oglumyzyñ adyny tutupdyr, bir gije myhman bolanny aıdypdyr... - Meret aga ıene haşlap dem aldy. Men aınadan onuñ emaı bilen gözıaşyny sylıanyny gördüm hem indi şeıle gürrüñleriñ günde bolmasa-da, günaşa eşidilıäni barada pikir etdim.
- Şo bolsa, başga merk gerekmi, gurduny gündiz uwladypdyr-a olaryñ - diıip, agam çilim otlanmaga oturdy.
- Şo gije idenekledip äkitdiler... Soñ ol tagtabazarly muñ hiç zada dahyly ıok, ıöne öıüne myhman bolup geçdimem diııämiş. Emma öñ oña biziñ oglumyza on kile tirıek düşürip geçdim diılip ıazylan kagyza gol çekdiripdirler. Şo kagyzy tutup otyrmyşlar soñ. Ol oglanam urlup-enjilip, näme gol çekenni bilmänni aıdıamyş... Onsoñ şeıtdi-de gidiberdi, gidiberdi...
- Aklawçy dagy tutmadyñyzmy? - diıip, agam näme diıjegini bilmeıän adamyñ soragyny berdi.
- Aklawçy tutduk-la. İöne olam çäresiz biçäre eken. “Aklawçy diñlenıän ıurt däldir, agam, çilim geçir diıseñiz, çörek elt diıseñiz elteıin, başga nepim degmez, diılen puly bermeseñizem sypdyrmazlar” diıip otyr. Ahyrsoñunda soralıan puly eşitdik-de, syrtymyzy ıere uraıdyk. Tutuş obamyzdan çykjak däl onça pul... Onsoñ mañlaıdakyny göreli diıip oturyşymyzdy. Ine-de şeıle habar geldi... İüzünde-gözünde-hä gök tegmil-beıleki ıok diııä. İöne inegi göm-gök bolup süınüp ıatyr diııä. Wah, boıun aldyrjak bolup, marly sarap, inegini towlaıalar diıip habaram geldi-le... Başga çärämiz ıok, öıde aglaşyp otyrys. “Jan saglygyndan zeırenen çaga däldi, çilimem çekenokdy” diııäs. Gül ıaly gelni, üç sanjagam gözmonjugy ıaly çagasy bar, dökülip galdy anha... İeri, ulular düşünıä diıeli, çagalara näme diıjek? “Kakga hany? Kakga gelenok?” diıip aglaıalar, seslerinden durar ıaly däl. “Dirikäk dowzahy görkezdiñ-le, tañrym, näme günä etdikkäk biz beıle?” diıip aglaıas... İogalandan soñam üç günläp peredaçi alypdyrlar. Her gezegem ony getir diıdi, muny getir diıdi diıip, bir topar zat getirtıämişler. Inim görgülem näme diıseler ylgap eltıämiş. Ahyry dördünji gün bir orus gözegçi “Saña hiç zat aıtmadylarmy? Iniñ ıogalanna dört gün bold-a” diıipdir... - Meret aga ıene gözüniñ ıaşyny syldy.
- Iman baılygyny bersin! Alladan gelse, etjek alajyñ bolmaz - diıip, agam göwünlik berıän äheñde aıtdy.
- Wah, bendesinden geldi-le bize - diıip, Meret aga ıolboıy ıandy.  - Para aljak bolup etdiler-le, doımaz-dolmaz açanlar. Özleri satıar-a tirıegi, garamaıaga ıetirenoklar-a... Tirıek satjak ogul däl-ä meñ oglum! Satsa men hökman añmal-a. Ony satan gürrüñsiz üıtgeıär-ä. Näme üçin lükgeläp tirıek satıan bilen bigünäni saıgaryp bolanok, bular çopana-da aıyl-saıyl-a?! - diıip ıandy. - Asyl lükgeläp satıanyñ golaıyndan baranoklar-a! - diıdi. - Heı, oglum tirıek satar-da, men bilmenmi? On kileläp tirıek agdarıan bolsak, beıdip aıagymyzy süıräp ıörmeris-ä? Akyla syganog-a bi zatlar... - diıip käıindi.
- Galanna  uzak ömür bersin! - diıip, agam Meret aga göwünlik bermesini dowam etdi. - “Beterinden saklasyn” diııändir türkmen. Beterini görkezmesin. Beterinden beteri bardyr... Yzy kesilsin...
Bu gürrüñler tä Meret agany inisiniñ öıüne düşürıänçäm gaıtalandy. Soñ agamyñ öıüne ıetıänçäk dymşyp gitdik. “Öıdenem çykar ıaly bolmandyr indi. Oturanyñ gowy ıene, köp zady eşideñok, göreñok...” diıip, ol meniñ bilen gamly hoşlaşdy. 
Öıe gelip, diwana süındüm, ıöne hiç  uklap bilmedim. Soñ kiçijik gyzym mekdepden geldi. Gele-gelmäşe-de ejesiniñ üstünden arz etmäge başlady, “Iki bäşlik aldymam welin kinder-sıurpriz alyp bermedi      - diıip boınumdan gujaklady. - Kakañ gelensoñ alaı diıip otyr. Içerini ıygnañok diıibem gygyrdy...”
- A sen içerini ıygnamaly ekeniñ-dä! Özüñ-ä içerini ıygnaman, ıene gelip maña arz etmäñ näme? - diıip, gyzymy biraz haıalçyratjak boldum.
- İör, aılanyp gör, dagap ıatan ıekeje oıunjagam tapmarsyñ - diıip, ol meni elimden tutup içerik aılamaga başlady. Ahyry bu waka gyzym ikimiziñ golaıdaky dükanjyga gidip gelmegimiz bilen tamamlandy. İöne buzdany açyp görenimden soñ öıde oturyp mazam bolmady. “Çagalary aç oturdyp bolmaz, agşama çenli aılanaıyn” diıdim hem ıene ruluñ başyna geçdim.
Daşarda ıagyş ıagıardy. “Şunuñ ıaly howada müşderi köp bolagandyr öz-ä” diıip, ilatyñ gürüräk ıaşaıan mikroraıonlarynyñ köçelerinden işe başladym. Ilki bir garry aıal elini galdyrdy. Muny aldym. Ol aıal bir zatlar diıip zeırenip başlanyndanam magnitofony açdym. Bir kireıkeş ıoldaşymyñ aıdyşy ıaly, “Adamlaryñ hemmesini diñläp, derdini paılaşyp çykyp bilmersiñ, gury heläk bolanyñ galar. Gowusy, hiç kimi diñleme. Başyñy galdyrma asyl. Sen diñläniñ bilenem señ özüñi diñlemezler. Señ diñlänleriñem diñlemez. Ondan ötri öñünden gaç, öz işiñ bilen bol, öz öıüñ bilen bol, öz jübiñi bil!..” diıen “pähimlere” ıykyldym.
Maşynyñ salonyny del owaz hem del aıdym tutdy. Şol del aıdym bilenem men ähli derdi-belalaryñ öñünden gaçdym, pul gazandym. Ilki müñ manat, soñ iki müñ manat gazandym. Soñ bir türk bäş müñ taşlap gitdi, ıene bir eıranly ıedi müñ eçildi. Men olaryñ yzyndan başymy ıaıkadym, “öz pulumyza özümizi münıärler, biz indi şuña-da kaıyl” diıdim. İöne ıene kireıkeş ıoldaşymyñ “pähimleri” ıadyma düşdi. İene maşynyñ gazyna basdym. Şeıdip agşama çenli işläpdirin. Berzeññiñ ıolundaky ıagşa ezlen gelni almadyk bolanlygymda, allanäme iş bitiren adam bolaımalydym. Emma oñarmadym, “ezlip durmasyn-la, alaıyn-la” diıdim. Aldymam, bar keıpimem uçdy. Men ondan: “Nirä gitjek, jigim?” diıip soraıan. Ol: “Nirä äkitseñ gitjek” diııä. Sakga durupdyryn. “O näme diıdigiñ boldy?” “Şo diıdigim-dä..” “Bagyşla, jigim! Men señ diıjek adamyñ däl!” “Beı diımeseñizläñ?! - Ol aglamjyrap gepledi. - İüz-gözüñizden nur ıagyp dur-a! Maña bary-ıogy otuz müñ manat gerek...” “Meñ özümem şo manat üçin entäp ıörün, jigim! Gol doly maşgalam bar. Şu maşyndan başga-da eklenjim ıok.  Başga adam gözle sen...” Gelin birden ıakasyny ıyrtyp aglap başlady. “Rehim ediñ-ä, jan agam! Süññümden ıagyş geçd-ä meñ? Keıpine edıändir öıdıäñmi şu işi? Çagamy zamun alyp otyr-a o zalym. Bir güläleklik, bir keıp ederlik pul getirmesem, pişik bogan ıaly bogjag-a ol çagamy. Neşekeş-ä ıerçeken, sypyp bilemog-a. Çagamy berenog-a! Bagtym ıatmasa, ärim geroin öwrenjekmi, bagtym ıatd-a meñ!..”
İarym günläp kireı edip ıygnan puluma nädip el uranymy bilmän galypdyryn: “Me, al keıgim! Al şulañ baryny! Näçediginem bilemok. Men ıene biraz işläıerin bolmasa...” “Alladan gaıtsyn, agam! İüregi rehimli adamdygyñy görenimden bildim-le...”
Men onuñ bahymrak maşyndan düşmegini haıyş etdim. Gelin alkyş baryny okap düşüp gitdi. Maşyny ıerinden gozgadym, ıöne gözümiñ öñi garañkyrap duransoñ, uzak gitmän saklanmaly boldum. “Düışümmi, huşummy, biler ıaly bolmady, duşup ıören zatlam näteñet-aı? Gel bir özümi dürsäıin, soñ birazajyk işlejek borun-da” diıdim. Maşynyñ aınasyna urulıan irimçik damjalary synladym oturdym. Dogrusy, näçe oturanymy bilemok. İöne aınadan syrygıan damjalaryñ barha ulalyp barıanyny, siliñ güwwüldisi ıaly goh-galmagalyñ gelıänini çalarak bilıän. “Sil gelse, dag tarapdan gelmeli, goh-galmagal weli şäher tarapdan gelıär” diıibem pikir edıän. Onsoñ damjalar ullakan-ullakan ak köşeklere, soñam äpet düıelere öwrüldiler. Men olaryñ göni öz üstümden gelıänini, turup gaçmasam depeläp geçjeklerini bilıärin, emma ıerimden butnaman otyryn. “Barybir gaçyp ıetişmen, bular gaty ıyndam görünıär” diııärin. Dogrusy, olar ıyndamam. Birdenem düıeleriñ gözleri ıanyp gidıär, edil maşynyñ çyrasy ıaly ıanıar. Şol çyralaryñ içindenem biri üzülip gaıdıar-da, ullakan gara “Mersedese” öwrülıär. Men ony deñämden geçip gidensoñ, “Ak “altynjyny” ıok ediñ! İok ediñ ak “altynjyny” diıip gykylyklap barşyndan tanaıaryn, “polisiıa” maşyny-la bi” diııärin. “İaşuly geçjekdir-ow, işden gaıdıan wagtyna gabat gelendirin men, ıolda maşyn bolmaly däldir o geçende” diıip oılanyp-oılanmankamam iki sany “düıe”, ıagny iki sany polisiıa maşyny daşymy alıar. “Näme bikanun zat etdimkäm beıle?” diıip maşyndan düşjek bolıaryn. Şol wagtam polisiıanyñ dürresi depämden inmäge başlaıar. Goranjak bolıaryn, beter urıarlar. Gözüm garañkyrap, dünıeler agdar-düñder bolmaga başlaıar. Biriniñ ezenegimden tutup çekıänini, başga biriniñ bolsa “Gulagyñ gapykmy? Aıryl diıil-dä saña ıoldan! İa özüñe gaty göwnüñ ıetıämi?” diıip käıinıänini çala eşidıäpin.
Ho-ol ıokardan oklanan ıaly, ıoluñ gyrasyndaky joıañ añyrsyna gülçüldäp düşdüm. İene hälki “gulagyñ gapykmy” diıip käıinıän ses eşidildi: “Muny nädeli indi?” “Degme ıatsyn, özi turup gider!” “Gatyragam uraıdyk öıdıän?” “Indiki gezek ıaşulyñ ıolunda durmaz ıaly gowy bor!” “Arz edip ıörmesin soñ birden?” “Agzyna bir owurt arak guı-da, narıad çagyr. Huşagetirijä arz edibersin onsoñ...” “Birhili bolmazmy, içgili däl ıerinden...” “Pa-haı, birhili görjek zadyñy tapypsyñ ıagşy-da, jübüsine geroin atmasañ razydyr. Alkyş aıdar soñ gaıta...”
Şol wagtam ıoldan uzyn maşyn kerweni, ıaşuly hem onuñ goragçylary geçip gitdi. Men olary görmän, maşynlaryñ goh-gowrundan tanadym. A soñ ümsümlik boldy, il ıatyp, it uklandaky ümsümlik...
                                                                                                                                                 Maı, 98. Moskwa.
 
 
                                                           GULAMALY ŞAHYR
 
Gulamaly şahyr, Gulamaly Mirhaıdarowiç! Il içinde ol şeıle tanalıardy. Toılarda orny tördedi. Çünki, uly toılarda, başlyklaryñ üışmeleñinde tamadalyk ederdi. Goşgularyny labyz bilen, gerek ıerini ıerine-märkesine görä üıtgedip okardy. Rowaıatlar getirerdi, mysal aıdyp bererdi, garaz, aam ili agzyna añkartmagy başarardy. Şeılelikde il oña hem onuñ görülmedik talantyna tabyn boluberipdi. Durmuş gowudy. Ümzük öñedi. Hemme zat öz kadasy bilen, biraz kadasyzlygam bir gapdalda bar elbetde, öwrüm edip barıardy. Onsoñ ol birden ıa-da edil birdenem däl, bir döwürler özüni demi dag ıarıan şahyr saıyp başlapdy. Günleriñ bir günem ant içipdi: “Men indi halk hereketini döredip, öñüne düşmesem, atamyñ döli bolmadygym!” diıipdi. Bu gürrüñ onuñ birnäçe ıyl başlyklyk eden edarasynda, erte-birigün tabşyrmaly kabinetinde, pikirdeş dostlarynyñ arasynda bolupdy. Emma döwür-döwran diıseñ çalt üıtgeıän ekeni. Bu gün onuñ üstüne uly iliñ aksakgaly bolup ıörenlerden ikisi, ıaşy segsene ser uran Aktuwak aga bilen ter gara sakgally Atamyrat işan geldi.
    - Biz seni sylap geldik, sylamaıan bolsak gelmezdik - diıip, olar söze başladylar. - Bir-biregi tanaıas, ıat-nätanyş adamlar däl. Atañam tanaıas, daıy ugruñam bilıäs. Senem bizi tanaıañ. “Gel bir gürleşeli, düşünişeli - diıdik. - Bu edip ıören zatlaryñy bilip, düşünip edıäñmi, ıa düşünmän? Ilki şuny soraly” diıdik. Düşünmeıän bolsañ, düşündirmek parzymyz, düşünip edıänem bolsañ, aıtmak-diımek, beıtme diımek borjumyz. Nesihatymyzy alsañyz, elbetde...
    Dogrusy, ol bu ıaşulularyñ ıüzlerini garañka tutup gelmelerini halamandy. Ediljek gürrüñem çen bilen añman duranokdy. Gapdal goñşusy, ençe ıyl duz-emek bolup tirkeşen dosty, indi birneme ara sowuklyk düşen halypasy birki sany ıaşulyñ gürleşmäge geljekdigini, bu barada ilki özüne sala salandyklaryny, gepe düşmän duran adam däl, özüñiz baryñ-da gürleşäıiñ diıendigini aıdyp goıupdy. Şonuñ üçinem ol diplomatiıany elden bermedi. İylgyran bolup:
- Gelen bolsañyz, gowy edipsiñiz. Aıdyp oturyñ, näme bolmaıan iş edipdiris? - diıdi. Sorag kesgitli goılansoñ, ıaşulularam daşdan aılap oturmadylar:
- Soñky döwürde ıazıan, aıdıan zatlaryñyz ynjalykdan gaçyrıa bizi... - diıip, Aktuwak aga söze başlady. - Ilki “Bizi ıalkan” diıdiñiz. Birhili bolduk. Sebäbi adam ıalkap bilmeıä, diñe Alla ıalkap bilıä diııärdik. Onsoñ ymmat täzelemek meselesini orta atdyñyz. Onuñ-munuñ ymmatyndan diıdiñiz gidiberdiñiz. İadyñdadyr, Gökdepede Seıitli daıyñ aıdardy, Orazly götdaryñ ymmaty diıip bir gürrüñi. İañgalañ gädiginden ıagy çozup duransoñ, jar çekilıän borly: “Kim götdar bolsa, ıagy görende zarladyp durmaryn öıtse, çyksyn-how gädik saklamana” diıip. Orazly diıip biri “Men götdar” diıip çykıamyş her sapar. Ana onsoñ şol Orazly gädik saklap, şindiki gümrükçileriñ käbiri ıaly, uly tirıek söwdegäri bolup gidenmiş. Garransoñ onuñ öıi şire çekilıän merkeze aılanypdyr. Bir süpük neşekeş barıamyş bu merkeze-de, birki baş sorjak bolup. Orazlam ondan kimiñ ymmatydygyny soraıa. Olam Muhammet ymmaty diııä. Bu jogaby eşiden Orazly: “Tur, göteril-aıt” diıip kowıa. Bu neşekeş burnunyñ suwuny çekip, gapydaky talabanyñ ıanynda zeırenıä diııä onsoñ. Olam bolan gürrüñi sorap, sen ıalñyşypsyñ, täzeden bar-da, Orazly götdaryñ ymmaty diı, şonda keıpiñi köklärsiñ diııä. Neşekeşem şol aıdylany edip, tirıek çekıä onsoñ. Bu zatlary şol neşekeşiñkä öwürdiñiz-le, walla...
Ara agyr dymyşlyk düşdi. Gülmeli, ıylgyrmaly zada hiç kim ıylgyrmady. Gürrüñ gezegini Atamyrat işan aldy:
- Bulam owarram diısek, soñ “pygamber” diıip ıazdyñyz. İene geñ galdyk. Muhammet alaıhyssalamyñ iñ soñky pygamberdiginem inkär etdi bular diıdik. Onsoñ, tobaestagpyrylla, ıerde arak içilip bina edilen jaıy “jenneti allanyñ köşki” diıdiñiz. Pereñ ussalary salypdyr onam, zynahorlugyñ ösen ıerinden gelen... O nähili jenneti Allanyñ köşkümiş ol, içinde uzakly gün ıalan sözlense?.. Indem has gönüläp, günä-gargyşa boıy bilen çümen bir bendäni “haktagala”, “Alla” diıip ıazıañyz... Bu ıazıan zatlaryñ nädogrudygyny, bendeden hudaı ıasamagyñ gabahatdygyny bilmän ıazıañ diısek, altmyşdan agypsyñ, burnundan añyrsyny gözi görmeıän ıaş-eleñ däl... - Atamyrat işanam şu ıere gelende dymdy. Onuñ sakgalyny çeınäp oturan ıoldaşyndanam ses çykmady.
Aşhana bilen aralykdaky tuty serpilip, gara döw ıaly daıaw pyıada iki çäınek çaı alyp geldi hem ıaşululara edep bilen salam berdi. Şahyr oglunyñ adyny tutup, ony ıaşululara tanytdy hem onuñ gaınynyñ çagalykda patşa bilen dost bolandygyny ıatlady. “Belki, tanaıansyñyz, golaıda patşa bagyşlanan goşgular kitabam çykdy, oña gowy synam ıazyldy, professor ıazdy” diıdi. Soñundanam, edıänimiz şu diııän ıaly, içıakgyç ıylgyrdy. Bu gürrüñ sakgalyny çeınäp oturan Aktuwak aganyñ halys alla çetine degdi gerek, olam içıakgyç ıylgyryp gürledi:
- Bu şol goşun gullugyndaka çaga zorlap, ıyl alyp ıöreniñmi ıa beılekiñmi? - diıdi. Şahyryñ ıüzi boz-ıaz boldy. İöne ol yza çekilmegiñ, gowşamagyñ deregine “...batdyñmy - boıuñ bilen” diılenine eıerdi:
- Hawa, şeıleräk bir düşünmezlik boldy. İöne indi harby gazıetde işleıä, karetä gatnaıa, kapitan çini bar...
- Bolubilıä, azaşan yzyny tapsa ıagşy, tüweleme! Polkownigem bor bi basym - diıip, Atamyrat işan gürrüñiñ jylawuny öz eline almaga çalyşdy. - Kejeleşik gerek däl bu ıerde. Bize düşünişmek lazym, şol umyt bilenem gelindi. İogsa gelinmezdi - diıip, ol birden gyzyşan gürrüñe sowuklyk, paıhas çaıdy. - Siz bir uly iliñ sylagly şahyry. Owazly, mana baı goşgularyñyz bar. Bi görünıänleñ içinde mazaly saılanyp dursuñyz. Tüweleme. Ilem bilıä muny. Ondan-mundanam soraıan men, şahyrlaryñ içinde haısy ıagşy diıip. Ozallar hormatyñyz has uludy. Bi diñe size däl, Allanyñ beren zehinine hormat edildigi. Şahyrlyk hudaı tarapyn berilıän zat. Her kim eline galam alyp, ıazyberip bilmeıär. Emma indi şol Alla tarapyn berlen zehine kölege düşdi şekilli. Il-gün size gyıa garaıa, gahar edıä...
Hemişe-de öz zehini hakynda gürrüñ edilende bolşy ıaly, bu gürrüñ şahyry çalam-çaş edip söküp taşlady. Ol hatda äınegini aıryp, gözüniñ owasyna ıygnanan we togarlanyp aşak inerli bolan  ıaş damjalarynam süpürdi. İeñsesine öwrülip, agyr günde hossara gözi düşen çaga ıaly hamsykdam. İaşulular muña näme diıjeklerini bilmän dymdylar. Onıança şahyr özüni dürsedi. 
Aktuwak aga gürrüñi dowam etdi:
- Bu abraıyñ añsat gazanylmanyny bilıäs biz... “Bagyr azaplary” diıip ıazıañyz-a özüñizem. Dogry şol. Diñe bagyr däl, ıürek, beıni, añ azaplary olar, belki-de. İöne indi şol azaplardan soñ çemçeläp ıygnanyñy çanaklap dökmek birhili dälmi?..
Şahyr haşlap bir dem aldy-da, içerä göz aılady:
- Tañrydan gizlemedigimi sizdenem gizlejek däl, agalar. Serediñ şul içerä, heı, artyk zat barmy? İüzi suwluja hala gözüñiz düşıän bolsa-da aıdyñ. Baıa-bege, meslikden bögürip ıörene meñzeıänmi?
- İok, hudaı saklasyn, arassaja, ıöne gaty pukara öıüñiz bar ekeni. Dogrusy, uly şahyr şeıle ıaşaıandyr diıip pikir edemzokdyk. - Atamyrat işan bu sözi çyn ıürekden aıtdy. Şahyr ıene gözüne ıaş aılady:
- Hak sözüñiz üçin sag boluñ, agalar!.. Gürrüñ konfidensial bolansoñ, menem ıüregimdäkini gizlemäıin. - Ol Aktuwak aga ıüzlendi. -Siz wagtynda ıokary partiıa mekdebini bitiren, uly döwlet işlerinde işlän adam, Aktuwak aga, köp zady gördüñiz, bilıäñiz. Seıitli daıym Akmeret han barada-da kän gürrüñ bereredi. Belki, onuñ atly gelip, ıaşulularyñ otyrıerine depişini, “Hany, Allany çagyr göreıin, kömege gelıämikä” diıip, çiş ökje ädik bilen adamlaryñ daraklygyna basyp aılanyşyny eşidensiñiz. Emma millet şonda-da çydap otyrmyş. Bi hanam Akmerediñ oınuny edıä, beter edıä belki-de. Milletem otyr. Çydaıa. Çydamadyk, garşylyk bildiren nähili günlere düşıä, olam belli. Muny sizem görüp otyrsyñyz, bizem... Mertligi gutaran, erkekligi unudan millet bi, belki-de... - Ol şeı diıip, äınegini düzedişdirdi-de, indi näme diıerkäñiz diııän ıaly. gürrüñdeşleriniñ ıüzüne mölterildi.
- Edil beı diımeg-ä gabahat bor, ilçilikdir... - diıip, Aktuwak aga bu sözi gaty görenini bildirdi. - Ine, gapdal goñşyñyz, sizçe özüni gowy görıän ıazyjy abraıyny saklap otyr-a! İa oña size gerek sylag-hormat gerek däldir öıdıäñizmi?..
- Gapdal goñşuly gürrüñi goıalyñ, her kimiñ öz işi bu zatlar - diıip, şahyr ıarasyna basylan ıaly çytyldy. Soñam gönüledi: - Gowusy, men siziñ başda beren soragyñyza jogap bereıin. Bilip edıän agalar men şul işi, düşünip añyrsyna geçip edıän. Iliñ sögıäninem bilıän, gargaıanynam, gelip göni aıdıanam bar. O nämüçin beıdıäñ diıersiñiz, oña-da jogap bereıin. İöne bu gürrüñi biraz añyrdan aılamaly boljak. İadyñyzda bolsa, uly iliñ guwanjyna öwrülen bir ussadymyz bardy. Pohly akademikligi rowa görmän, aıagyndan ıazyp, garşysyna topar gurap, ahyry ıüreginden tutduryp öldürdiler. Hana, onuñ aıak tozuna degmeıän akademik indi... Hemme ylymlaryñ doktory, üç gezek gahryman... O bolsa altmyşam ıaşap bilmedi. Gowy bolsañ, etjekleri şol. İüregiñi tutar gidersiñ, çagalaryñy döküp. “Şul-a şeıdip, il diıip gitdi, çagalaryna bir goltgy edeli” diıen tapylmaz. İogsa uly ildir. Gyssansañ, jañ edere adam ıog-a munuñ içinde. Işden aırylyp, aıak astyna taşlanan bolsañ, iñ bärkisi trubkany alyp, geplemän goıarlar... Ozal üzeññiñden üç geçıänler salam bermezler. Aıagyñy süıräp, köwşüñ apgyrdyna basyp ıörşüñe heşelle kakyp gülerler. Bu zatlary gördük. Halypañ garşysyna edilen zatlary soñ biziñ garşymyza gönükdirdiler...
Aktuwak aga ardynjyrap, gürrüñi böltejek boldy. Şahyr elinii galdyrdy:
- Sözümi bölmäñ. Siz aıtdyñyz, menem aıdaıyn. Gydyrdanyp, gözümiñ köküni gyryp elli ıaşa ıetdim. Zähmetsiz, azapsyz bir günüm geçmedi. Çagalarymy terjimeden ekledim. Ahyrynda söz hukugymy kemsitdiler, gepletmän zaldan kowdular...
- Özüñiz çykyp gaıdypsyñyz diıip eşitdik biz-ä - diıip, Atamyrat işan oturyp bilmän dillendi.
- Tapawudy näme, söz berilmese, garşyña dildüwşük gurlup, arkañdan patşa bilen söwda edilse, pohly redaktorlykdan küşdüñi berip, bir setiriñi çykarman, döwüm çörege zar etjek bolsalar, kowuldygyñ, depildigiñ bolman, näme bolıar eısem? Gapdal goñşam şo günde şu wagt. Bir setirini çykaranoklar. İogsa, ömür goıup kitap ıazıa... Iki sözüñ başyny çatyp bilmeıänlerem başlyk, redaktor...
İaşulular näme diıjeklerini bilmän dymdylar. Şahyr buza dönen çaıyndan owurtlap dowam etdi:
 - Eılelem birleşdi, beılelem. Dildüwşik edildi. Birleşibem haramzadalyk etdiler, wezipe paılaşdylar. Zat dawasyny gurdular. Halk, ıurt ozalam ıatlarynda ıokdy, soñam ıatlanmady. Söz azatlygynam çaldylar butlaryna, adam hukugynam. Azlygyñ hukugy diılen zadam. Aldygyna-da çypdyryp ıazyp başladylar. Serdar, pähimdar, milletiñ atasy, tañryñ kölegesi... Onsoñ men iki ıoldan birini, halypam ıaly, ıüregi tutup ölüp gitmäni ıa-da haramzadalyga haramzadalyk bilen jogap bermäni saılamaly boldum. Üçünji ıol meniñ üçin ıokdy. Çagalarymy selpedip, ıurt aşyp biljek däldim. Onsoñ “Gel, ıaryşsañ, garasaç, goı, haramzadalykda bolsun! Kümsüklige kümsüklik bilen jogap bermeli” diıdim. Serdaram diıdim, Allatagala-da, bir poha gireñsoñ, gyrasy näme, ortasy näme. Agyrysyna çydasa, müñ ıaşasyn ilem... Söz tapman durusmy biz ıalan sözlejek bolsak? Alyñ ıalany näçe gerek bolsa! Käbirleriniñki ıaly çöpejanbitdi ıalanam däldir, bakylan öküz ıaly, bögürip, şahy bilen ıer süsüp ıören ıalandyr! He-he... Biziñ depilşimize tomaşa edip oturjakdy, şundan gowy güne mynasybam däl il... Goı, horlansyn. Indi gelip maña aıdıalar, çagalar gedaı gezıä, aıal-gyzlar köçä çykdy, türkmen türmede gyrylıa diıip. Öñ nirdediñiz, näme pikir edıädiñiz? Entegem erbet bor, bu dagy näme... İöne indi giç, otly gitdi. Yzyndan kän kowmaly borsuñyz. Muny biz öñünden aıtjak bolduk, aıtdyrmadylar. Diñlemediler. Dil düwüşdiler. Anha-da netijesi... Muny özüni aklajak bolup diııändir öıtmäñ...
Atamyrat işan söz gezegini aldy:
- Ilden öıkelemek bolıa bi. Onsoñam özüñiz ıazıadyñyz-a, ar almak gullaryñ duıgusy diıip...
- Hawa, ol şeıle. İöne gulçulykda   dogulsañ, gul bolubam ötmeli eken.  Uly il kaıyl gulçulyga! Wezipe berilse, men diıenler aıak ogşaıa... Il çydasa, bizem çydarys. Gaıta nirede içıakgyç sözler tapyp gamçylarysam. Bu-da bir göreş bilene. Özboluşly demokratiıa ıaly, elbetde. Içden urmak diıilıä muña. Daşdan urıanlaryñkydan has täsirlidir, belki. Ilde ıigrenj-ä dörederis-dä bolmanda... - Şahyr äıneginiñ ıokarsyndan syrygan deri syldy.
- Pelek işini bilip bolmaz. Birden bi ıykylsa näme diıjek onsoñ? - diıip, işan pursatdan peıdalandy.
- Bilgeşlin, halkda zalyma ıigrennç döretjek bolup etdim diıjek, he-he... - Şahyr alaçsyz ıylgyrdy. - Onsoñam indiki geljegiñ mundan gowy boljagyny kim bilıä. Oñam goltugyna garpyz bereris...
- Könekesirli bir mollamyz bar. Şol bir gün ol kasam ıazyp, aıagy çüırän halypañyzyñ öıüne barypdyr. “O galan ıeke aıagyñy göre sokup otyrsyñ, o dünıäñi ıatla, ıalan ıazmañy bes et” diıipdir. Olam-a siziñ adyñyzy tutup, Gulamalydan basylmajak bolup edıän, ıogsa etjek işim däl diııämiş...
Şahyr indi biraz merdemsi ıylgyrdy:
- Oñam bir sözi bormy. Men onuñ gutaran adamdygyny şol soñky gurultaıda tribunadan aıdyp gaıtdym.
- Onda näme soñ ıene “Halypa” diıip ıazyp ıörsüñ? - diıip, Aktuwak aga sadalyk bilen sorady.
- Taktika-da... - Şahyr eginlerini ıygyrdy. - Bu kyn, elbetde, ıöne etmeli bolıar. Bolmanda her kimiñ pohuny özüne iıdirmek üçin şeıtmeli... İogsa göreniñ hapasyna çolaşar ıörsüñ. Indi şol soñky gurultaıda ıer depıänleriñ bolup ıörşüni görıän, türresini süıräp. Kimi köne maşynynda kireı edip ıör, kimi ady başlyk, jübüsi boşluk bolup ıör, garaz, ile gülki-dä... Janym göneneııä... Ha-ha... Adalat bilen hakykat ulus ile gerek bolmasa, Gulamala näme üçin gerek bolsun? Onsoñam Mirhaıdarlara ozal ıetdiripmi adalat, indi ıetdirer ıaly... İykyl, ıumrul loly dünıe diımändirlermi, he-he... Içi ıananyñ gülküsi bi. İöne başga-da alaç ıok. Halkyñ şeıle bolsa, iliñ derejesi şu bolsa, nätjek dagy? Türmede haram ölmegem-ä çykalga däl, belli...
İaşulular her neneñsi çynlakaı gürrüñe garaşanam bolsalar, beıle açyklyga garaşmandylar.
- Açyk gürrüñ etdiñ bolsa-da - diıip, Aktuwak aga pikirli gürledi: - İöne bi mertligiñ däl, ejizligiñ açyklygy şekilli...
- “Bite gahar edip, ıorgan otlamak” bolıa bi... - diıip, Atamyrat işanam gaharly ardynjyrady.
- Bilıän. - Şahyram ardynjyrady. - İöne men aıdyp otyryn-a, şol ıorgan ulus ile gerek bolmasa, bize gerek däl diıip. Ilki bilenem biz ıorgandan çykarylmaly  bolsak, ıerimize bir şermendäni salyp, edıänimizem şu diıjek bolsalar, goı, ıansyn şol ıorgan! İanymda duran grafindäki suwam sepjek däl men indi o ıorgana. Özümi oduñ üstüne oklap söndürjek bolmag-a beıle-de dursun...
- O bäş sany haramy ulus il däl-ä! - diıip, Aktuwak aga-da sesini endiredip gepledi.
- Ulus il bolmasa, şol ulus iliñ wekilleri şolar. Ulus iliñ adyndan gürleıänler. Hersi bir tarapdan. Wezipe-de şol esasda paılaşylıar. Onsoñam ulus il bu bolıan zatlary sessiz synlap otyr, alsyn indem almytyny. Il çydasa, bizem çydarys. Goı, haramzadalyk bolsa, haramzadalyk bolsun... Bolmanda-da begzada bolup ıördügimiz däl. He-he...
Aktuwak aga Atamyrat işanyñ ıüzüne soragly seretdi.
- Görüñ-dä, özüñiz özüñizi depeleıäñiz beıtseñiz. Dost islegi däl, duşman niıeti amal bolıa. Siz öz duşmanyñyzyñ tarapyna geçip, öz garşyñyza göreşıäne çalym edıäñiz. Sebäbi duşmanyñam niıeti garşydaşyny gözden düşürmek, biabraı etmek. Bir döwüm çörek diıib-ä etmeli iş däl bi. Çörek tapylar, abraı tapylmaz. Duşman güler...
- Gülübersin, içi ıanyp güler gülse-de. Biabraıçylykdan, masgaraçylykdan ölen ıok. O döwür geçdi. “Namysly, edenli pälwan galmady” diıilıäni. İykylsañ, galdyrjak tapylmaıa, agzyña suw damdyrjak ıok bi milletde. Gaıta güljekler, gybat etjekler. Goı, etsinler. Menem ıumşak kürsüde oturanymy, owadan maşyn münenimi biljek. Bir topar nadarany güldürenimden, birine ıallaklajak. Öñem aıdylypdyr, “Günüm üçin günim oglanny huwwalaıan”, “Köprüden geçıänçäñ doñza daıy diı” diıip. Onsoñam diñe men däl, tüweleme, ilçilik, ıeke goıberenoklar, molla-işanam metjitde hutba okaşyp otyr... He-he...
- Biz bu gepi bir-birege gyjyt berjek bolup başlamadyk - diıip, Atamyrat işan gurşup ugran aıaklaryny çalşyrdy. - Iliñ abraıly adamlary biabraı bolmasyn, bu zatlar beıle gitmesin, herki zadyñ çeninde saklanmagyñ bir çäresi tapylsyn diıip başladyk...     
Aktuwak aga-da bu gepe baş atdy:
- İalñyşan diñe siz diımekçi bolamzok biz. İalñyşan kän. İöne ahyry zeleliñ ıaryndan gaıdylsa-da peıda...
Şahyr gülümsüredi:
- Beıle gürrüñler ozal kän edildi. Men diıen intelligent kişiler etdiler onda-da. Emma ertesi gidip, beıleligine döndüler. Soñam arkadan gelip pyçak urdular. Siz bu gürrüñleri ıañy gozgap ıörsüñiz. Ara gaty açyk şekilli. Bar bela-da şundadyr, belki.  Bize düşünişmek kyn bolar. Bilmedim. “Dinden çyksañ çyk, ilden çykma” diıleni. Iliñ ıoly-ha şu, tersmi-dogry, barıan ıolumyz. Agzyna mikrofon tutulan çypdyryp başlaıa. İogsa şolara şeıt diııänem ıok. Biz ıaly mejburam edenoklar, çöregem şondan iımeli däl...
- Göreldesinden, olaram size seredıäs diııäler - diıip, Aktuwak aga başyny ıaıkady.
- Gowy göreldämiz-ä eıermediler. Döş gerip orta-da çykyp gördük, ıa başga çykyp ıörenler bar. Çyn sözi üçin türmä duşüp ıörenem ıetik. Biri barıamy şol halkyñ... Bi millet üçin jan çekmän, “Ölşüñe görä gömşüm” etmek dogry...
- Beh, biz düşünişjek däl-ow - diıip, Aktuwak aga telpegini başyna geıdi. - Şeıleräk boram çen etdim özi. Il bilıä, baryp oturmañ diıip, öñünden aıtdylar...
- Gaty görüşmesi ıok - diıip, şahyram gürrüñi jemleıän ıaly etdi. - Şol il diıip, ıokardan ıykylyp, soñ ıene itiñ güni bilen sana geçdik. Indi ol ertekilere ynanar ıagdaıymyz ıok. Bäş gün ıalançyda biraz dem alasymyz gelıä. Iliñki ıaly, çaga-çugamyz bar, ıaşamaly. Başga günämiz ıok. Galanynam Allañ özi görüp-bilip oturandyr, bendesine galmandyr bizi ıazgarmak. Kim näme diıse, öz işi...
- “İalanyñ soñy waı” diılendir öz-ä! - Aktuwak aga bu sözi ıerinden turup aıtdy.
- Bizem ozal şeı diıip kän ıazdyk - diıip, şahyram ıerinden turdy. - İöne heniz-ä “waı” görnenok. Gaıta nirede mes ıaşaıanlar ıalan sözleıänler... Şolaryñky ıörgün...
- Bar maksat meslik däldir-ä, şükür-kanagatdan, pukara günemadan beıik zat barmy düşünene - diıip, Aktuwak aga gapa ıöneldi.
-Wah, şol pukara günümize goıulmansoñ edıäs-dä bizem şu zatlary - diıip, şahyram söz alyp galmady.
- “Haramzadalyga haramzadalyk” diısene onda? - diıip, üçünji bolup dikelen Atamyrat işan donunyñ syıyny düzedişdirdi. - Bolıa-da, “Geçinem öz aıagyndan asarlar, goınam”. İöne geljek nesillerem-ä bardyr. Olaram-a bi ıazylıan zatlary okar soñ...
Şahyr gaharyny basyp, kynlyk bilen gürledi:
- Diñe gazıete çykanyny okmaz-a geljek nesiller, ıazylıan zatlañ. Stoluñ çekerine, sandyga basylan zatlaram okar-a!..
Gürrüñ şu ıerde gutaraımalydy. Emma Aktuwak aga şahyryñ ıüzüne çiñerilip durdy-durdy-da, ıene bir zat tapdy:
- Bi, başga milletler hak söz üçin pidakärlik edeniñ  ulugyz halyna, binika çaga dogran ejesini mukaddesleşdirıä, depesine göterıä, ogluny pygamber edinıä welin, siz ata-eneli, uly iliñ tanaıan ogullaryna hak sözi üçin haramzada diıiberıäñiz-le?!. Şony bir etmäñ bolmasa!..
Şahyr bu söze-de müınürgäp durmady:
- Aı, onam keıpine, öz erkimize edemzok. Et diıilıä, etmeli bolıas. İöne belli, haramzada diıleni bilen, haramzada bolup barıan ıok. Muña ilem düşünıä, şol sögülıän bendelerem. Biz diımäge çydaıas, olaram çydarlar-da...
- Aıdylan sözüñem-ä günäsi bardyr - diıip, Atamyrat işanam soñky sözüni aıtdy.
- Onam bilıäs, molla aga. Bize-de ene-atamyz terbiıe-tälim berdi. Beıle tüntaw däl. Ondan ötri, bir ıalan söz aıtmaly bolanda, “Günäsi biziñki däl, bizi şu güne salanlañky” diııäs...
Şu-da bu uly gürrüñiñ soñy boldy. Şahyryñ gara döw ıaly kareteçi oglam çykyp, ıaşulular bilen edepli sagbollaşdy. Şol ikaralykda-da pyşyrdap, şahyr Aktuwak aga ıene bir zatlar diıdi.
Çatrykdan öwrülenlerinden soñ, Atamyrat işan şahyryñ näme pyşyrdany bilen gyzyklandy.
- Konfidensial gürrüñdir, hiç kim bilmesin diııä-laı, bedibagt... - diıip, Aktuwak aga paıyş sögündi.
- Häıt-häıt! - diıip, Atamyrat işan ony haıalçyratdy. - Bolmanda-da amanat gürrüñi ile ıaıyp ıörüp bolasy ıog-a...
Indiki çatrykda olara milli howpsuzlyk komitetiniñ gyzyl “Jipi” garaşyp durdy..
                                                                                                                                                                                             31.10.1999
 
BAŞIZM ZAMANY
 
Labyrdan çykmagym gümana,
Umman derıa, amman-amman...
Aıdymdan.
 
Türkmençilik, gapydan gelene “git” diıip bolanok. İakyn garyndaşyñ ıa tanşyñ bilen tirkeşip gelseler-ä hasam. İöne şo gezek aıda-ıylda gara salıan agam bilen tirkeşip gelen suratça gaty “git” diıesim geldi. Emma çydadym. Sebäbi bu ıerde öz günämem bardy. Agam ilki jañ edip, goñşy mikroraıonda klasdaşynyñkyda oturandyklaryny aıdypdy we meniñem şol ıere gelmegimi sorapdy. İanynyñ ıoldaşlydygyny, şonuñ menlik gürrüñiniñ bardygyny syzdyrypdy. Klasdaşy uzak ıyllar söwdada işlän hem soñky az wagtlyk ıazylganlykda merkezden birbada üç jaı satyn alan täze baılardan bolansoñ, onuñka barasym gelmän, agama özüñiz geläıiñ diıipdim. Emma olar gapydan girenlerinden ıalñyşanymy bildim. Agamyñ ıoldaşynyñ agzyndan haplap uran arak ysy añrymy bärik getirdi. İöne soñky gürrüñler arak ysyndan has aıylganç bolup çykdy.
- Etrabymyzda Öwez diıip biri ilki aıaly bilen ejesini, soñam özüni heläkledi... Ölmänkä ıetişip, “Nämüçip beıtdiñ?” diıip sorapdyrlar. “Köçede el serip ıaşanlaryndan, ıaşamasynlar” diıdim” diıipdir... Şuny bir gowy edip ıazsana!..
- Ynanyljak gürrüñ däl-laı munyñ! - diıip, men onuñ ıüzüne dikanladym.  Ol dyzyna urdy:
- “Surata düşürip ber” diıip, milisiıa bölümine çagyrdylar, şol ıerde eşitdim. Öı durşuna läş bolup ıatyrmyş...
- Düşürdiñmi onsoñ surata?
- Wah, etmedim-dä! İüregim bolanok oñ ıaly zada. Eşidenimden ysgynym gaçyp, lampa oturaıypdyryn...
- Milisiıañ öz suratçysy ıokmudy?
- Şo wagt ıok ekeni. Bir ıere gidipdirmi, nämemi.
- Başga näme eşitdiñ onsoñ?
- Milisiıadamy? “Aı, neşeden azarlap eden işidir-dä” diıip gürrüñ etdiler. Soñky ıyllarda hiç ıerde işlemänmiş...
- Soñky ıyllarda işleıän barmy bolmanda - diıip, dymyp oturan agamam gürrüñe goşuldy. - İöne sen suratyny almaly ekeniñ. Dokument bordy.
- Aı, surata alañda-da, getirip görkezip bilesiñ ıok-la. Soñ bir ıerde çyksa, gelip öz ıakañdan tutarlar-da... - Suratçy ıene arak ysyny kükedip pallady.
Bu gürrüñ meñ öñem püre-pürlenip duran sabyr käsämi mazaly dolduryp-dökdi:
- Janynyñ toşapdygyn-aı bi milletiñ! Hemmesi özüni gaıgy etjek, çeke durjak, çöp gymyldatjak däl. Senem bir çetinden gyrlyp ıatyr diıip ıazmalymyşyñ. Düınem biri gelip: “Türmede garyndaşymy urup öldürdiler, onuñ kamerasynda bir gijede sekiz tussag özüni asypdyr, şony hiç kime aıtmasyn diıip edipdirler” diııä. “Adyny-familiıasyny, adresini aıt” diıseñem, “Meni bulaşdyrarsyñ” diıip gaçyp gidıä... “Tohumlyk galarsyñyz-ow siz!” diı-dä...
Agam käsesindäki çaıyny owurtlap, ıoldaşyna ümledi:
- Çaıyñ sowady-ow! Şo käse çaıy iç, ıöräli onsoñ...
- Bu wagtdan soñ nirä ıörejek? İatyp gidiberiñ - diıip, üç ıyl bäri işsiz kösenip ıören agamyñ iç işikde çykaran ıyrtyjak köwşi göz öñüme gelip dillendim. - Hem bir oturyp derdinişeris. Görşübem bolanok hemişe. Çagalary alyp geläımel-ä!..
- Aı, geleıin diıip, gelip bolıan zamana boldumy! Şul duşdy-da, seni göreli diıensoñ hem elin maşyn bolansoñ gaıdaıdym bi saparam... Sen bu wakany ıazyp, bir zadyñ üstünden baraıma. Dokument goımaz bular. Tassyklajagam tapylmaz. Eger gözüniñ alnynda birini kerçäp dursañam gaçar bi millet. “Görmedim” diıer. İöne muñ diııänini uly il içini çekip gürrüñ etdi.
- Bolmajak zat ıok bumat, çyndyr, oña şübhelenemok - diıip, agamyñ içgili ıoldaşy bilen ıola ugrajak bolmagyny halaman dillendim. - İöne siziñ bu ıagdaıda ıörejek bolmañyz birhili...
Agam ıylgyryp elini egnime goıdy-da:
- Meñ agzymyñ arassadygyny bilıäñ-ä, maşyny özüm sürıän - diıdi. Ömür özdiıenliliginden kösenip ıören agamy ıoldan alyp galyp bilmejegime düşündim hem onuñ çagalaryna bir zatjyk iberjek bolup hysyrdanyp başlan aıalyma ümledim.
Gijeki myhmanlar gitdi. Meniñ welin ne ıatyp mazam boldy, ne-de ıazyp. Durşuna läş bolup ıatan öı göz öñüme geldi durdy. Arasynda “Köçede el serip ıaşanlaryndan, ıaşamasynlar” diıip pyşyrdaıan betbagt türkmeniñ sesem eşidilıän ıaly boldy. “Bi ne bedähet zamana bold-aıt? Bi millet şeıdip gyrylžak ıatžakmyka indi? Heı bir ıaşajak boljagy, pikir etjegi, iş bitirjegi tapylmazmy? - diıip, uzak gijäni düşegimde togalanyp hem dik oturyp geçirdim. - İa hemmesi ikiçäklikde zeırenen bolup, işe gezek gelende busup geçäıjekmikä?”
 Dañyñ ujy çala çyzylandan krossowkamy geıip, daşaryk çykdym. Garasuw bolıançam leñkildedim. Daçada ertirden agşama ıer depıän garry ıazyjynyñ “Bu döwürden diñe ölmän geçjek bolmaly, pikire basdyrmaly däl, fiziki iş bilen meşgul bolmaly” diıen sözlerini ıatlap ylgadym. İöne agşam ıatmamsoñmy ıa siñirlerimiñ kiriş ıalylygyndan, oturyp-turup maşk etjek bolsam, aıaklarym saññyldady durdy.  Tasdanam jalkyldap arkan gaıdypdym. Gözümiñ öñi ümezläp, başym aılanyp başlansoñ dyz epdim hem wagty bilen ıerimden galyp bilmän oturdym.
Bu ıagdaı bir hepde-on güne çekdi. Her gün irden ylgamaga çykıan, halys bolubam öıe atıan. Pikir etmejek boldugymça beter bolıar, asyl şol bir pikirlerden başym garjaşdy gitdi. “Nähili millet bi, öz-ä gymyldy etjek däl, senem munuñ derdine ıanmalymyşyñ, ıazmalymyşyñ. Siz näme meñ üçin ıaşaıañyzmy? - diıip, içimden hüñürdeıän. - İeri, men ıazdymam-da, heı, üıtgejek zat barmy? Okajagam-a ıok içiñizde” diııän...
 Gijeki myhmanlarymyñ gürrüñinden doly aıñalyp bilmän ıörkäm, “Biriniñ iki sany çagasyny gapysyndaky guıa taşlap gidipdirler” diıen habar ıaırady. Görgüli ene irden turup: “Waı, çagalarym ıog-eı” diıip bagyrıamyş. Goñşy-golam zähresi ıarylan ıaly üışüp gelenmiş. Ahyram çagalar gapydaky guıudan çykanmyş...
Bu habar meni edil aıagymdan alnan ıaly etdi. Agam bilen gelen suratçynyñ “eşidenimden ysgynym gaçyp, lampa oturypdyryn” diıeni boldy. Asyl wagty bilen galyp bilmesem näme. İöne indi öıde oturyp mazam bolmajagyna, bu wakanyñ anygyna ıetmesem ynjalmajagyma, ıazmanam bilmejegime gözüm ıetikdi. Onsoñ wakanyñ bolan ıerine, şäher alkymyndaky obada ıaşaıan tanşymyñ ıanyna gidip görmek kararyna geldim.
Tanşym melleginiñ ıokary başynda bir zatlara güımenip duran ekeni. Ol meniñ maşynymy göreninden çaga ıaly begendi. “Şeıd-ä how, aılan-a käte!” diıip, mellegiñ aıagujynda duran ıerinden gyzjagazyna  gygyrdy. Dogrusy, men onuñ “çaı goıuñuna” beletdim. Aıaly görgüliniñ çaı diılenden hökman naharyñ ugruna çykžagyny bilıärdim. Şonuñ üçinem ony bada-bat haıalçyratdym:
- Çaı içjek däl-ow, sen çagalaryña “otboı” ber, ıogsa-da häzir yzyma dolanıan. İör gowusy, şu töwerege aılañ-çaılañ edeli - diıip, özüni maşyna mündürdim. Ol meniñ aladaly ıüzümden bir zatlar añan ıaly dymdy hem biraz ıörämizsoñ: “Eıgilikmi?” diıip sorady. Men oña eşiden gürrüñimi aıtdym.
- Hawa, şoññaly bir iş-ä bolupdyr, - tanşym ıüzüni sallap çilim otlandy. - Şo gün irdenem onuñ habary “Iñ ula” ıetipdir. Ol milisiıañ irki swodkasyny okap, “İer ıykyñ welin, tapyñ kim eden bolsa” diıipdir. Şu wagt ıer ıykyp gözleıämişler. Goñşy-golamlaryna çenli soraga çagyrypdyrlar...
- Kakalary ıokmuşmy o neressejikleñ?
- Bar-la. Şojagaz çagalaryny eklejek bolup, ıola gidipdir. Gazaklar tarapa... İük äkidipdir...
- Beıle zalymlyk näme üçin edildikä? Ant içen ıaly, radio-telewideniıe-de hiç zat aıdanok...
- Baı, senem... Bir awtobus adam Amyderıa gark bolanda aıdıamy olar. Radio-telewideniıe däl biziñki, hanyñ hakyna tutan jarçysy. Şol näme diıip gygyr diıse gygyrıa, näçe gaıtala diıse-de gaıtalaıa...
- Aı, hawa-da. Henizem şol orta asyrlar biziñki. “Myş-myş” bilen ıaşaşyp otyrys...
- Hawa, “myş-myş-a” kän. Käbirleri dollar üçindir diııä. Arada ullakan algy-bergi bolmagy mümkinmiş.  Bumat adamlar pul üçin näme eder diıseñ ynanaımaly. İöne şol aıalyñ özem düzüw gezenok diıjek bolıalar. Hol señ bäriñde ıaşaıan sary altynjyly alny sakar sülçi derñeıämiş...
Mañlaıyndaky bir çogdam ak saçy üçin “Alnysakar” at galan sülçi uniwersiteti biz bilen deñeçerräk gutarypdy. Men ony oguljygyny boınuna mündürip çagalar bagyna barıarka ıa-da maşynly öıüne getirıärkä kän görıärdim. Sowugrak salam-salamymyzam bardy. İöne men şo mahal bu sülçi bilen “hä” diımän ıoldaş boljagymy hem ondan ömür akylyma getirip bilmejek zatlarymy eşitjegimi bilemokdym. Garaz-haı, “Agtaran tapar” diıleni boldy. Men oña şol elhenç wakanyñ boldy diılen gününden ylaıyk bir hepde soñ pete-pet geldim. Alnysakar sülçi hemişekileri ıaly şadyıandy, agzy salamly, dili dogaly diıilıänlerdendi. Men muña az begenmedim. Sebäbi bu ıagdaı maña onuñ bilen açyk gürleşmäge, islän zadymy soramaga şert döredıärdi. Şonuñ üçinem men kän sypaıyçylyk edip durmazdan gürrüñe başladym. Ol mekirleç ıylgyrdy-da, şeı diıdi:
- Bu hemişeki ıüzi agyr ıazyjy meñ bilen näme beıle gadyrly salamlaşdam diıdim-le. Men häzir Babadaıhana barıan, ıola ıoldaş bol, baryny gür bereıin.
Men diñe:
- Öıe duıduraly - diıdim. Birsalymdan biz Alnysakar sülçiniñ  sary altynjysynda Tejen ıolundan gaıyp barıardyk. Alnysakar sülçülik tejribesinden gür berıärdi, indi özüne-de rahadrak wezipe eıelemäge çen boluberendigini, etraplaryñ birinde sudıalygy ıa prokurorlygy satyn almaga pul jemläbilse, gaty aılyga dañlyp ıörmekden dynjakdygyny, onsoñ o taıda-da birneme pul jemläp, merkezde ulurak wezipe edinmekçidigini düşündirıärdi. İöne meni bu gürrüñler gyzyklandyrmaıardy. Bahymrak guıuly gürrüñe başlanmagyny isleıärdim. Ahyry ol meniñ agyr-agyr dymmagymyñ sebäbine dogry düşündi. “Hä, seni o waka gyzyklandyrıandyr-ow” diıdi.
- Hawa, men şo waka akyl ıetirip bilemok - diıip, öz ıagdaıymy boıun aldym.
- Akyl ıetirmez ıaly zat ıok o taıda, - Alnysakar maşynyñ çala aşak düşürilen aınasynyñ ıokarsyndan jytyladyp tüıkürdi. - Men ol aıaly görenimdenem çen etdim, şol çenimem dogry çykdy. Onda-da ilki goñşulary bilen gürleşdim. Olaryñ biri onuñ irden walalaılap ugranda “Guıyny barlap görüñ, guıyny” diıenini dilinden sypdyraıdy. Şondanam göwnüme güman gitdi...
Sülçi ıene bir topar gerekmejek gürrüñleriñ başyny agyrtdy. Dogrusy, maña ony esasy gürrüñiñ üstünden eltmek iş boldy. İol welin eııäm ıarpydan agypdy. Ynha, haı diımän Tejen görünjekdi. Meniñ başda uzak ıol-la, hemme zady anyklap ıetişerin-le diıen çakymyñ çykaryndan çykmazy ıakynlap barıardy. Onsoñ men halys gönülemeli boldum. Sebäbi onuñ myhman ıerimizde-de, gaıdyşynam agzyna añkaryp oturyp biljek däldim, eger oturaıyn diıemde-de, muña sabrymyñ ıetmejegini bilıärdim.
- Ynha, sen ıazyjy! - diıip, sülçi ıene gep owadanlamaga başlady. - Aıt hany göreıin, daş görnüşinden çaga dograndyr öıtdürmeıän, ıuka dodak, gözleri bagçebşiñki ıaly, endamy ter, alkymy ak, göwüsleri ıañy ıetişen gyzyñky ıaly taızaryp duran otuz bir-otuz iki ıaşlaryndaky mes gelin ärini ıola ugradyp, iki-üç hepdeläp ıeke ıatyp bilermi?
- Adamsyna bagly o zatlar, ıöne bumat o diııän mesligiñ galdymyka? - diıip, men onuñ aıtjak bolıan zadynyñ soñuny eşitmäge howlukdym.
- Gepem şol adam barada barıar-da. Ol aıal ozalam bir sklad iıen mesiñ çagasy, indem zatdan kösenıäne meñzänok. Bedibargt äri hars urup gazanıa. Başyny etegine salyp, uzak ıola ıük äkidıä. Goñşularynyñ bir-ä oña “İola aıalyndan gaçyp gndıä-de” diıdi...
- İeri onsoñ, Mustapañy aıtsana bahymrak!
- Mustapa şol, hemmesini eden şo mes heleı.
- O nähili? Öz çagalaryny öldüripmi? - diıip, men hopugyp soradym. - Näme üçin ahyryn?
- Menem ilki şu soraga jogap gözledim. Guıa taşlanan çagalar ilki boglupdyr. Olañ ejeleriniñ elinde, ıüzünde bolsa dyrnak yzy bar. Ol “Irden çagalam guıudan çykarylanda, el-ıüzümi ıyrtyp aglapdyryn” diııä. Bu bolup biljek zat. Men onsoñ “Bu işi kim edip biler öıdıäñiz, duşmanyñyz barmy? - diıdim. - Ozal çagalaryñyza, maşgalañyza haıbat atan dagy ıokmy, pul, algy-bergi gürrüñiñiz barmy?” diıip soradym. Ol ilki bu soraglara gümmi-sümmi jogap berjek boldy, birdenem “Adamym ıola ugran gününiñ ertesi irden bir nätanyş adam “Dollar bergiñiz bar” diıip geldi. Menem oña ärim gelmän hiç kime dollar bermejegimi aıtdym. Ol “Görüberıäs oñ ıaly bolsa” diıip gitdi” diıdi. Şu hili haıbatdan soñ nädip ıeke ıatyp bilıänlerini soradym, dollar üçin kanala atylıan bar, maşynynda ıakylıan bar, öıi otlanıan bar, siz näme beıle arkaıyn diıdim. “Dogan-garyndaşlaryñyza hiç zat aıtmadyñyzmy?” diıdim. Ol muny hiç kime duıdurmandygyny, ıöne ätiıaç üçin agşamlaryna ıüwürjisini çagyrandygyny aıtdy. Onsoñ ıüwürji diıilıäniñ yzyndan çakylykçy iberdim. Özünem gelen badyna kabul etmedim, karidorda esli garaşdyrdym hem eılesinden-beılesinden geçip mazaly synladym. Ol müınlüdi. Gara dere basdyryp, galpyldap otyrdy. Men ony ilki hiç zat diımän, üç-dört gün ıeke adamlyk kamera taşlap, aç-suwsuz gynaıynam diıdim. İöne ıene ministriñ gyssap durany ıadyma düşäıdi. Onsoñ bada-bat hüjüme geçdim. Hemme zady bolşy ıaly aıtsa, az-maz kömek etjegimi, ıogsa-da bar günäniñ üstüne syrykjagyny, atuw ıa-da ıigrimi ıyl aljagyny aıtdym. İalñyş görkezme berse, öz aıagyndan palta salıandygyny düşündirdim. Ol ilki berk durjak ıalam etdi. İöne gelnejesiniñ agşamlaryna ıoldaş bolup ıatmak üçin ıüwürjisini çagyrandygy  hem “beıleki käbir zatlar” barada aıdandygyny duıduranymdan soñ gowşap ugrady. Onsoñ gapyny içinden gulpladym-da, “Hany eşikleriñi çykar” diıdim. Ol ilki buıtar-suıtar etjek boldy. Özi çykarmasa, zor bilen çykartjagymy aıtdym. Görsem, döşünde hem çiginlerinde köneräk hem täzeräk, asyl täp-täzeje gögeren ıerler, diş yzyna çalymdaş bir zatlar  bar. Boınunyñ ıüzünde gögümtil tegmiller görünıär. Bilinde, ıagyrnysynda dyrnak yzyna meñzeş yzlar bar. Men ol ıerlere barmagymy uzadyp: “Näme, pıan bolup, it bilen uruşdyñmy? - diıip soradym. Ol sesini çykarmady. - İa diş-dyrnak yzymy? Aıbygadym biriniñ eline düşen ıaly-la sen?..”
Sülçi ıene aınanyñ ıokarsyndan jytyladyp tüıkürdi. Gürrüñi gyzykdyrjak bolupmy ıa endigi boıunça, uzaklara seredip dymdy.
- O näme diıdi onsoñ? - diıip, dymyşlygy ahyry özüm bozdum. Sülçi parhsyz gülümsiredi:
- Näme diıer? Diıere zady ıok oñ... Onsoñ ıene üstüne süründim. “Dawagäriñ aıal bolmasyn, gardaş, onda-da oñ ıaly aıbygadymy. Çamalagyñy çaşyryp bir eliñe berer welin, “Beh, bi dogrudanam meñ çamalagymmyka?” diıer oturarsyñ. Señkem şeıle bolaıdy öıdıän indi...” diıdim. İigrimi üç-ıigrimi dört ıaşlaryndaky ıetişen ıigidem bolsa, köpi görmedik, ıuwaş-ıuwaşdan ıüzi ak tam boldy. Onsoñ indi wagty geläıdi gerek diıen çen bilen: “İöne gelnejeñ bar günäni señ üstüñe atıa-da... Bizem näme, aıalyñ sözüne ynanmaly-da” diıdim. Ol gözlerini tegeläp, demi içine dolup, esli wagt gepläp bilmän oturdy. Men başymy ıaıkadym: “Daş sypatyñdan gelnejesini zorlajak oglan diıer ıaly däl” diıdim. Şampan çakyryndan boşan çüışäni görkezip, hemme zady bolşy ıaly gürrüñ bermese, häzir üç sany degenek pyıadanyñ gelip, şonuñ üstünde ıalañaçlygyna oturtjakdyklaryny, türmede bolsa aıal zorlap düşeni umumy heleı edip ulanıandyklaryny aıtdym...
- Munyñ şantaž bolıar-a!
- Bar işimiz şantaz-da biziñ. Şantažsyzam bir jenaıat agtaryş bormy?
- Onda etmedik işinem boıun aldyrsa bor-la! Stalin döwründäki ıaly, her gün agşamara eşekli gidip, Angliıa bilen İaponiıañ haıryna içalyçylyk etdimem diıdirip bolar.
- Elbetde, oñ ıaly ıagdaıam kän. İöne ol oglan etmedik işini däl, eden işini boıun aldy. Her gezek agasy ıola gidende gelnejesine ıoldaş bolıanyny, bir gezegem onuñ özüniñ gelip ıorganyna girenini hem “el urdy” diıip gygyraryn” diıip gorkuzanyny gürrüñ berdi. Döşündäki hem çiginlerindäkileriñ diş, arkasyndakylaryñ dyrnak yzlarydygyny tassyklady. Bu o heleıiñ erkek bilen ıanaşanda özüni bilmän edıän işleri ekeni...
- Çagalary guıa atmak kime gerek bolupdyr onsoñ?
- Elbetde, ejelerine. Şo gije onlarda çyra öçüpdir. Olam çagalaryny irräk ıatyryp, uklandyrlar-da diıip, ıüwürjisi bilen işe başlapdyr. Hatda çagalar bilen aralykdaky gapynam ıapmandyr. Gije ıarym töwereginde-de içerdäki öçürilmän goılan çyralar ıanypdyr we uluja oglunyñ “Hih... Waı, kakam bir gelsin” diıen jynssyz sesi eşidilipdir. Gelneje söen ıigit hasyr-husur aıaguçda düırülen ıorgana topulypdyr. Gelnejesi bolsa ogurlygyñ üstüne gelen ogluna. Emma oglanjyk çykyp gaçypdyr. Haladyny geımäge güımenen heleı onuñ yzyndan guıynyñ ıanynda ıetipdir. İöne çaga şonda-da “Kakama aıdaryn, aıdaryn” diıip gygyrıamyş. Ejesi onuñ sesini kesdirjek bolup agzyna ıapyşypdyr hem bogupdyr. Soñam agzy açyk guıa oklapdyr. Soñ bu ıagdaı galmagala doganjygynyñ yzyndan ylgap çykan hem bolan işi gözleri bilen gören beıleki çaga bilenem gaıtalanypdyr... İüwürji batyr bolsa yzyny garaman gaçypdyr...
Men başymy tutup dymdym.
- Onsoñ maña hemme zady bolşy ıaly dokumentleşdiräımek galdy. O heleıi ıygnatdym. İokarka habar etdiler. “İok ediñ-de atyñ” diıipdir. İöne şondan iki gün geçip-geçmänkä menden “işi” aldylar hem bu barada hiç ıerde gürrüñ etmezligi tabşyrdylar. Baı ıeriñ adamsy tutulanda adaty bolıan zat, eııäm ıaglamaly ıeri ıaglap ıetişen borlular diıdim. Ikarada aç it ıaly kañkanam, ymsynyp galanam biz bolduk... Hi-hi-hi... - Alnysakar sülçi içi ıananyñ gülküsini edip çylkasyz güldi.  Sary altynjy bolsa köçeleri çukanak-da-sukanak obanyñ çetinden girdi.
   - Başlygyñ öıi şü - diıip, ıoldaşym durşuna mal ıatagy bolup ıatan howla sowuldy. - Birki sany goınuny alyp gideli, ıogsa mal yzynda sermenip  öljek... Biri azalsa-da işi ıeñlär...
Başlyk öıünde ıok ekeni. Kirlije hem döşüniñ üstünde we eteginde iki ıeri dagy ıyrtyk köınekli gyzjagaz bize çaı getirdi. Alnysakar meniñ köınegiñ ıyrtygynda göz eglänimi gördi we ajy ıylgyrdy.
- “İetişip barıan çaga, öıde-de bolsa abatja eşik geıäımeli ekeni” diıensiñ.
- Hawa. Juda bolmanda iññe-sapak alyp ıörmäıse-de boljak ekeni.
- Bi çagalañ iññe-sapaga eli ıetenok, gardaş. Dañ çyzylandan meıdanda bular. Başlyk diıer ıaly däl bi, çagalaryny bek işledıä. Öz gektary bar. Dogry, näçedigini bilemok. İöne gowaçasynyñ içinde ıeke çöp görmersiñ diıip gürrüñ edıäler. Şu çagalar edıä, biziñ başlyklarymyz ıaly tussag ıa soldat işledenok bi. Işden gelensoñlaram-a özüñ gördüñ, işikde iki öküz, on-onki goıun baka dur, iki-üç ıüze golaı towuk... İene şu çagalar seretmeli...
 Ahyry başlyk geldi. Ol o diıen gürrüñçi adam däl ekeni. İöne myhmany içirmäni hem bahymrak yzyna ugratmany başarıan ekeni. Gazet habarçysy bolup kän komandirowka gidemsoñ, bu professional endige öñdenem beletdim. İöne onuñ özüniñ içişmän içirip bilşini, geplemän gepledip bilşini ıeser gördüm. İeke özi gürläp, ıeke özi içen Alnysakar bahym “ıola taıyn” boldy. Uly ıoluñ başynda, gapdalymda hyllygyny akdyryp oturan Şerlok Holmsa seredip, “düış ıaly-aıt” diıdim. İöne indi rulda özüm otyrdym, bu meniñ üçin gelşinden kän ıeñildi.
 - İene salan goınuny görkezmedi... - diıip, nätekizräk ıerdäki sarsgyna oıanan  sülçi hümürdedi. - Öñki gezeg-ä nirede bir arrygyny tapyp atypdyr yzyma...
- Beh, sen o diıen serhoşam däl ıaly-low - diıip, eşiden zatlarymdan agdar-düñderem bolsam, men onuñ içgiden tersine öwrülen ıüzüne seredip ıylgyrdym.
- Hawa, däl, ıöne maña bumat serhoş görünmek sag bolup görnenden has amatly... Hi-hi... - Ol ıene irkildi. İöne ıene birsalymdan sarsgyna oıandy-da, başlygyñ ıolda garbanarsyñyz diıip salan düwünçegini sermäp başlady. Agzy dykylgy arak çüışäni çykarybam çylkasyz güldi: - Seret, şuñam ıartysyny salypdyr, hi-hi... - Ol aragy çüışäniñ bokurdagyndan owurtlap içip başlady. İöne meniñ içip ıatar diıen çenim çykmady. Ol içdigiçe ukudan açyldy. Gelşindäkidenem dilewar boldy. Birdenem dikelip oturdy-da:
- Sen näme menden “O zatlary nädip bildiñem” diıip soramadyñ, hi-hi... - edip, çylkasyz güldi. - Ministrem haıran galdy, hi-hi... “Beıle çalt nädip gürletdiñ ol oglany?” diıdi. İöne oña aıdyp bilmedim. Saña welin aıdyp biljek, hi-hi... İaz özüñem şu zatlary, ıöne adymy üıtget, hi-hi... Soñ sudıa bolsamam ıazmaga material bererin. Meñ ıazyjym bol asyl sen. Bile işleşeli. Ganoraryñ ıarsy meñki bolmaly, hi-hi...
- Şantaž edip bilipsiñ, ony eııäm aıtdyñ-a maña...
- İok, şantažy hemme sülçi edıä, ıöne beıle çalt jenaıat açany bar diıip eşitdiñmi? Eşiden dälsiñ, hi-hi...
- Bi siziñ işiñiz, bäş ıyllap şol ugurdan okadyñyz...
 - İok, okuwy sokma bikara! Okuw okaldymy näme? Kakam pahyryñ arkasyndan, kitap gatyny açman gutardym-a uniwersiteti!
- Onda perişdeler gelip, gulagyña çawuş çakandyr-da...
- Ha-ha... Olam däl! Tejribeden bildim. Öz tejribämden... Hi-hi...
- O nähili tejribe? İa öñem şuññaly wakalar bolıadymy?
- Hi-hi... Gepem şonda-da! - Ol barmagyny çommaldyp, hil bir zat aıtjak ıaly, ıüzüme jüıjerilip seretdi. Soñra gapdalyndan eliniñ tersi bilen alan  çilimini otlap,  uzaklary nazarlan bolup dymdy. Men özümi dedektiw filmlerdäki köpi gören jenaıat agtaryjy bilen oturan däldirin öıtmedim. Maşynyñ salony çilim tüssesinden doldy gitdi. Aınalary açyşdyrdym hem onuñ sorag berdiresiniñ gelıänini añyp:
- İene bir täsin zad-a aıtjak bolıañ sen? - diıdim. Ol çylkasyz güldi:
- Bildiñ... Tejribe diııänimi aıtjak bolıan. Oñatja diñle şuny! Beıle gürrüñleri eşidip duranam dälsiñ... Aıdybam ıörmez il meñ ıaly... Hi-hi... Akdagda aıaldan oñmadyk bir agam ıaşaıa. Şoñ ikinji toıundan başlandy bi zatlar. Gelinlik diıilıän añyrsy görnüp duran ak köınek geıip, bar-ıoguny güjeñläp otyr welin, içimden “Aı, meñ agama eıgertmäımese bi” diıip pikir edıän. Gözleri dagy ıanyp dur. Göni seretse, ıüzüñi aşak sallaımasañ, nazaryny sowanok. Toıdan soñ ıarym ıyl geçirip bardym onsoñ. Agam pahyr, näme diıse tigirlenip, şoñ diıeni bilen ylgap ıör. Öñ ıaltady, ıatakdy, nebsini bilmezdi, indi gije ıatman hars urıa... Hi-hi... Gelniñ welin, gözi ıanyp dur. İöne menem onuñ derrew añyrsyna-bärsine göz ıetirdim. Özümi tanatman, klasdaş oglanlary bilen oturyşdym. Asyl ol öñem biri bilen nikalaşman ıaşan ekeni. Hi-hi... - Ol ıene çylkasyz güldi. Men özümiñ daşyndan göräımäge hiç kimden tapawutlanmaıan, içini çöwürse ysyndan durup bolmajak adama duşanyma ökünip ugradym. Emma indi gidere ıerim ıokdy.
- Gelin welin, gelin jan-da! - diıip, ol başlan gürrüñini dowam etdi. - Gözüñi aırasyñ gelenok... Hi-hi... İogsa agamyñ maşgalasy, bet niıet bilen bakmak günä... Bir diıenim, gaıtjak bolamda, “Gelip duruñuna” jogap hökmünde “Sizem geliñ” boldy. Bir hepde-on gün geçendir-dä şondan soñ, boıdaşy bilen gapymda ıylgyryp dur. Myhman aldyk onsoñ bulary. Çagalar bilen şäheriñ daşyna, oña-muña aıladym... Hi-hi... O zatlar bilen däl ol. “Gaıtjak, ugrat” diıdi. Eltip otla mündürdim. Sagbollaşyp durkak, gözüni güldürip: “Özüñem bir gije myhman alaımalydyñ-da” diııä. Ugran otludan elinden çekip düşürdim. Jorasy gitdi... Hi-hi...
Men ellerimiñ titreıänini hem ruly barha gaty gysyp başlanymy duıup, maşynyñ gazyny gowşatdym. Aına seredip, gan-guıma bolan gözlerimden özüm gorkdum. Tanyş wraçyñ “Dynç al, özüñe seret, nerwiñ harap bolansoñ giç bor, ıykylmakañ dikeljek bol” diıen maslahatyny ıatladym hem ıoldaşymyñ gürrüñlerine kän bir üns bermezligi ıüregime düwdüm. İalandan ıylgyran boldum.
 Alnysakar bu ıylgyryşa monça boldy hem “yzyny diñle” diıen manyda pezzerdi:
- Gyssagarada ıerem tapylmaz ekeni. Hi-hi... Ahyry ıoldan gök dükanynyñ gapysyny gulplap duran tanşymy göräıdim. Göni sürdüm ıanna. Açaryny taşlap gitdi. Baı-bow, sen bir ony gören bolsadyñ! Daşyndan synlap, gördüm diımeli däl ekeni... “Bagty gelen agam” diıip, o bagtygara-da gözüm gidıär... O gijäñ tarypyny edere söz tapmak üçin şahyr bolmaly. Soganly haltalar per düşekden ıumşak oldy-heı! Gelin däl, ıalyn ekeni-heı! İülügimi sordy-heı!.. Ertesi agşam öe gelip seretsem, döşümde-ıagyrnymda gögermedik ıa dyrnak geçmedik ıer ıok. Nädersiñ ıöne çagasy alnan pişige duşan ıaly bolaısam... Hi-hi... Şodur-da-şo, sypynsam Akdaga eñäıendirin. Gyzyl satıan baı ejesi bar ekeni. Adyñy jansyz tutanok. Hi-hi... Bir günem agam geldi, ganyny gaçyryp. “Çynmy aıdylıan zatlar? - diıip, titr-titr edıä. - “Gurhandan” ant iç” diııä. Ant näme, oñ ıaly gelin üçin awam içersiñ, hi-hi... İöne soñ kowdy onsuny. İeke meñ bilenem däldi ol aıal... Hi-hi... Indi düşdüñmi meñ tejribeden diııänime? Şo tejribeler bolmasa, elim bilen edip, egnim bilen çekmesem, o zatlary biljek gümanym barmy?.. Hi-hi...
Men içimden: “Bu zatlary ıazyp bolmaz, ıürek etmez - diıip oılandym. Soñundanam: - İazaısañam çap etmezler, özüñ ıigrenji borsuñ...” diıdim. Garry galamdaşymyñ köp gaıtalan nesihaty ıadyma düşdi: “İa-ha ile görä bol, ıagny ıalan ıaz, ıa-da taryh ıaz, juda bolmasa-da söıgi samramajyklaryny çyrşa, ıogsa bu bolşuñ bilen bir zadyñ üstünden bararsyñ...”
Uzak ıoluñ ıadawlygyndan soñky gijäni aıak üstünde gezmeläp geçirdim. İöne bir zat, bu gün-erte Moskwanyñ etegine, döredijilik öıüne ugrajaklygym göwne teselli berıärdi. Hemem özümi indiden eıläk çyn ıazjak bolup kösenmezlige yrmagy ymykly ıüregime düwüpdim...
Döredijilik öıi çolalyk ekeni. Iki-ıeke öıünde idegsiz garry ıazyjy bar diımeseñ, başga adam ıok. Munuñ üstesine ıeñillikli putıowka-da berdiler, eger islesem ikinji möhletem galyp biljegimi aıtdylar. İüregimi barlatdym. Derman-däri, bejergi aldym. Aşak-ıokaryk böküp duran gan basyşym kadalaşyp başlady. Irden tokaı ıodajygynda ylgap, maşk edip, günortana çenlem kitaphanada oturyp, okasym gelıän zatlary okap, mazaly özüme geldim. Elektrik otlusynda ıa-da metro wagonlarynda gedaıçylyk edıän çagalary hem maıyplary görüp keıpimi gaçyrmaıyn, dilegçi milisiıa gaharymy getirtmäıin diıip, şähere-de çykmadym.  Şonuñ bilen birlikde-de öz daşyma ullakan gala galdyrdym: “İurdam diñe maña gerek däl, ıurdamanam! Diñe özüme bagly däl zatlara janymy ıakyp ıörmämi goıaıyn, oglan-oglanjyk däl indi. Milletem öz gamyny iıer gerek bolsa, beılekem” diıdim. İazdym özümem. Janymy agyrtman, ıeñiljek ıa-da uzak taryhy geçmişde bolup geçen gahrymançylyklar, umumy durmuş ıörelgeleri, türkmençilik we beılekiler hakynda ıazdym. Süıjüden-süıji söıgi pursatlaryny çöşledim...
Gowy günler tiz geçıär. Bir görsem, gelenime kyrk bäş gün bolupdyr. Goşlarymy düwdüm. Başymy belent tutdum hem ıene üçje gün ıatyp yzyma uçdum. Bu golaıda bolmadyk zat - ıanymam sowgat-salamly. “Günüñ özüñden geçıär, il bilen nä işiñ señ?” diıip, ıolboıam özümi berçinläp geldim. Hudaıa şükür, gelsem çagalar gurgun, ıurt asuda... Kynçylyk bar, elbetde. İöne kynçylyksyz ıer barmy?.. Men bu pikiri içimden birnäçe gezek heçjikledim. Birbada arkaıynlaşan ıalam boldum. Dogrusy, arkaıynlaşıan diıip, biparhsyrap, öz-özümi aldadym. Indiden eıläk men hut şu aldaw bilen ıaşamalydym. Bu meniñ uzak oılanmalardan soñ gelen netijämdi.
  Ertesi irden turup, hemişeki marşurutym bilen gara der bolıançam ylgadym. Ylgadygymça-da şähdim açyldy. Gelip sowujak duş aldym. Çagalar bilen degşip ertirlik edindim. Içimden bolsa, berçinimi berkitmek üçin däl, çynym bilen özümi goldadym: “Dünıe gowam eken-le” diıdim. Çagalara oduk-buduk alaly diıip, aıalym bilen bazara çykdym onsoñ. İoluñ gyrasynda ıarty halta gaınadylan mekgejöwen bilen bir banka duzy öñüne alyp oturan tanyş aıala gözüm düşdi.
- Sülçiñ aıaly-maı ol? - diıip pyşyrdadym.
- Hawa, şol! - Aıalym başga tarapa seredip gürledi. - Adamsy birki gezek Ukrainamy, Leningradamy äkidipdir welin, “Indi bir Ortaıer deñzinde ıüzmek arzuwym bar” diıip aldy... Hana, Ortaıer deñzine gelipdir indi. Adamsyny etraplañ birine sudıa edipdirler. Olam muny taşlap, Akdagdaky agasynyñ kowan aıalyny alyp gidipdir...
Başym aılanyp gitdi. İene şol öñki gije ıatyrmadyk pikirler süri bolup geldiler. Gözümiñ öñi garañkyrap, gulagyma birhili sesler eşidilip başlady. “Köçede el serip
ıaşanlaryndan, ıaşamasynlar” diıip biri iñleıär. “Waı, kakam bir gelsin, kakama aıdaryn” diıip, ikinji biriniñ sesi gelıär. Lampa aşak oturypdyryn. Şobada-da bir gapdala gyşaryp gitdim. Aıalym ıetişip golumdan tutdy... İüzümiñ sowap gidenini bilıän. Şondan soñ bir agdar-düñderlik boldy. İöne men anyk näme bolanyny añşyryp bilmedim. Onıança-da satygçylaryñ syganyñ çadyry ıaly alabeder taşalary hem gyşyk-çaışyk stollary daşymdan aılanmaga başlady. Hemişe süzme alıan gökdepeli daızamyzyñ sesi eşidildi: “Wah-eı, allanäme ıöräp gelıän adam ıykyldy ıatyberdi! Daşyndan görseñ, derdi bardyr diıer ıaly däl özem...” Soñ onuñ bärsinde oturıan nas satıan gojanyñ sesi eşidildi: “Başizm zamanydyr bi, saglyk añsat däldir...” Şu “däldirden” soñ men gözümi açdym hem öz-özümi aldap ıaşamak barada gelen berk netijämiñ beıle tiz puç bolşuna ajy ıylgyrdym. Onsoñ ıene süzme satıan daızanyñ sesi eşidildi: “Şeıd-ä, oglum, galdyr-a çynar başyñy, dikel-ä!..”
                                                                                                                                                             25.04.1999
 
        Sözsoñy ıеrinе
                         “Ozaly Nä­zik Annatyıеwanyñ “Üç ıigit” diıеn goşgusyny doly okap çykalyñ:
 
İowşan Annagurbana,
Annaguly N.M-е
hеmеm D.M.Gurbana.
 
Üç ıigit -- üç ezizlеm,
Mеniñ pikirdеşlеrim,
Kir-kimirsiz asmanda
Erkin uçıan guşlarym.
Sagdyn ganatly-pеrli,
Çеşmеlеrdе joşlarym,
İatladıañyz bugdaıyñ
Tylla tygly başlaryn.
 
Sygynyp p­äk niıеtе
Hеm gol bеrip ynsaba,
Goşuldyñyz zеhinlеñ
Ol ıanbеrmеz ykbalna.
Kä­tе mеñziñiz gamly,
Dünıäñ dеrdi -- dеrdiñiz,
Türkmеnimiñ saçagna --
Rysgal bolup gеldiñiz.
 
Erеıä­r mеniñ ıürеgim
Sizi diñlä­n pursatym.
Ynam bilеn ak nurdan
Dolıar joşly gursagym.
Gijеlеr ak ıyldyzlam,
İagty günlеm Günüm siz!
Al s­hеrlеr açylan
İanwarly b­ägülim siz!
 
Siz şu günki uçarym --
Ertеlеriñ ynamy,
Tеbsirеı­än topragmyñ
Tüıs ıagmaly ygaly,
Pеdеrlеriñ dowamy,
Gеçmişlеri açmaly!
                                                                 Şu günе hеm ert­ämе
Siz tylla nur saçmaly.
Siz guruljak binalañ
Baky synmaz syrçasy,
Daglañ gursagyn ıaryp,
ösıä­n ıaşyl arçasy.
 
Daşgyny siz dеrıalañ
Hеm joşguny akaryñ,
Sizi bu dünıä­ bеrеn
Enеlеrе apеrin!
Atalara apеrin!
 
...Şahyr gеlniñ “Sagdyn ganatly-pеrli”, “Ertеlеriñ ynamy”, “Pеdеrlеriñ dowamy” diıip waspyny ıеtirı­än üç ıigidiniñ ilkinjisi İowşan Annagurban hakynda kеlam agyz söz. “Kеlam agyz” diıı­änimiziñ sеbäbi, bu günki gün tutuş Türkmеnistanda hеm-dе onuñ ç­äklеrindеn daşarda hеm “mеn türkmеn” diıı­än kişilеr ony gowy tanaıarlar. Bu at h­äzir ata Watanda ulynyñ-kiçiniñ dilindе. Ol gowy ıazyjy hökmündе-dе, syıasy görеşiji hökmündе-dе özüni tanadybildi.
     Şahyr zеnanyñ öz goşgusyny bagş edеn üç ıigidiniñ biri İowşan Annagurban dеñ-duşlarynyñ arasynda ilkinji nobatda edеbiıat mеıdanyna gorka-gorka ­ädiml­äp ıa-da emеdеkl­äp d­äl-dе, mеrdеmsi ylgaıyş bilеn kürsä­p girеndigi bilеn tapawutlanıar. Eısеm onuñ “Magallak ıap” atly  powеsti durmuşdaky janagyryly, ıürеkıakarly mеsеlеlеriñ, wakalaryñ edil şol duruşjygy, şol boluşjygynda kagyza gеçirilеnligi bilеn özünе çеkmеı­ärmi nä­mе? Eısеm onuñ nеşir edilеn kitaplarynda Haıyr üçin, Söıgi üçin, Adalatly durmuş üçin dökülıä­n şol ganly gözıaşlar görnеnokmy n­ämе, olarda burugsap ıanıan ıürеklеriñ ıanyk ysy kükä­p duranokmy nä­mе?
  Şеılе-dе ıazyjynyñ “Kömеlеkli mеıdan”, “Ynsan partiıasyna kandidat”, “Durnam, toınuk”, “On alty ıaşly lıotçik” ıaly esеrlеri hеm okyjy halar boldy. Olarda awtoryñ özboluşly galam ıörеdişi bildirı­är. İöñе İowşany İowşan Annagurban edеn onuñ halkyñ agysyny aglap, ar-namysyny, ıagşy günе bolan umytlaryny bеıan edı­än, Şеriñ dä­l-dе, Haıryñ üstün çykjakdygyna bolan ynamy özünе siñdirı­än, social adalatlylyk, onuñ dabaralanmagyna pä­sgеl bеrıä­n,  özüni “gowy» diıip ykrar etdirm­ägе çalyşıan Zulumy wе onuñ ıеrasty wе ıеrüsti köklеrini edil gözеl gyza zor etjеk bolup çykarynıan haısydyr bir tüıli Mahlugyñ ıalañaçlanyşy ıaly ıalañaçlap görkеzıä­n, milli azatlyk, erk-ygtyıarlylyk, dеmokratik añ-düşünjе baradaky esеrlеrdir. Özеm bu babatda onuñ ullakan öñdеngörüjiliginе gеñ galıarsyñ. Ynanmasañyz, ıazyjynyñ hut şu tеmadan söhbеt açıan “Çyra söndürıä­niñ agtyklary”, “Ak köınеkli adamlar”, “İalñyzlygyñ ıüz on ıyly”, “Tawus guş uçup gitdi”, “Gögеrçingala” atly esеrlеrini hеm-dе nеşеkеşligiñ türkmеniñ egninе düşеn, köñlünе çökеn agyr labyrdygyny öñdеlik hеm-dе ökdеlik bilеn açyp görkеzı­än “Gеplеsеm ıalñyş bolar öıdıä­n” diıеn hеkaıasyny okap görä­ıiñ! Misli 80-nji ıyllaryñ ahyrynda, 90-njy ıyllaryñ başynda hä­li SSSR-iñ sostawyndaky Türkmеnistanyñ, türkmеn halkynyñ gеljеkdе başyndan injеk zulum-sütеmi hut ıürеgi syzan, añy añan ıaly, İ. Annagurbanyñ hut şеılе esеrlеri dörеdişini diısеnе! Şеılе-dе, bu awtoryñ  milli azatlyk, syıasy erkinlik ıaly şu mahala çеnli mizеm­än, gaıa ıaly garalyp  ıatan tеmadan goparan daşy, türkmеn edеbiıatyny hеm çеpеrçilik, hеm çuññurlyk babatda bеlеndе galdyrmakda bitirеn işi hakynda aıratyn gürrüñ etmеgiñ, okanyña-da, bеıniñе wе ıürеgiñе agram salanyña-da dеgı­än bu esеrlеri ıöritеlä­p analizlеmеgiñ, olar barada has giñişlеıin hеm-dе çuññurlaıyn söhbеt açmagyñ wagty gеlеr. İ. Annagurbanyñ edеbi gory barada kä­n gürrüñ edip durmalyñ, ony ıеnеki bir öwrümdе edеris.
   İönе şahyr zеnan N. Annatyıеwa öz ıaş k­ärdеşlеrindеn İowşan Annagurbana ynam bildirip wеlin ıalñyşmandyr, bu ıigit barada ol wеlilik bilеn öñdеn görüp bilipdir. İowşan barada şahyr zеnan “Hеm gol bеrip ynsaba, Goşuldyñyz zеhinlеñ ol ıanbеrmеz ykbalna...” diıibеm, “Şu günе hеm ertä­mе Siz tylla nur saçmaly” diıibеm ıalñyşmandyr. Goı, ıalñyşmasynam! Sеb­äbi İowşan Annagurban özüni diñе bir gowy ıazyjy hökmündе tanatman, ol bеlеnt syıasy idеallar ugrunda görеşı­är hеm. Bu ıigit öz Watanyna abanan “başizm” atly tümlügiñ öñüni almak üçin görеşе başlanlaryñ hataryna ilkinjilеriñ biri bolup goşulyp, halkyñ azatlygy ugrundaky bеıik işdе nе özüni, nе-dе saglygyny, nе-dе esеrlеrini aıaıar, bularyñ hеmmеsini diñе şu maksada hyzmat etdirm­ägе çalyşıar. Ol 1995-nji ıylyñ iıul aıynda, türkmеn topragyna 30-njy ıyllaryñ çеkirtgеlеri ıaly, uly bеla bolup inеn bu gara howpa garşy ilkinji bolup baş götеrеnlеriñ arasynda bolupdy. Ösümlik dünıäsini d­äl-dе, türkmеn halkynyñ namysyny, milli buısanjyny wе erk-ygtyıaryny, azatlyga, milli ösüşе tеlwas edı­än ynjalyksyz ıürеgini gеmirıä­n, batyrlardan namartlary, namys-arlylardan binamyslary, akyl-parasatdan akmaklygy, nadanlygy, pä­klikdеn-aklykdan añryñy bä­rik gеtirıä­n porsy hapa-hupalygy ıasaıan bu “gara çеkirtgеlеrе” garşy görеşi ol hä­li hеm dowam etdirıä­r. Bu adamynyñ, bu ıazyjynyñ özlеri üçin howp kеminiñ ıokdugyna gowy düşünıä­n nyıazowçy rеjim bolsa, türkmеniñ bu oglunyñ erkini syndyrmaga çalyşıar. Onuñ üçin özüni oda-suwa urmaga taıyn wе hut “Türkmеnim” diıip janyndan gеçm­ägе taıyn ogluny goraıyn diıip bolsa, Türkmеn aga, pikirеm edеnok, ol şol gün-güzеrany bilеn başagaı bolup, urulıan ıеrini eli bilеn goraglap, dünıä­ bilеn sеri bolman gеzip ıör.  Eı, bеılе-bеılеlеrеm bolarmy, türkmеn halkym, şеılееılеlеrеm etmеk bolarmy, türkmеn aga?! Hеı, pеrzеndiñ döşündеn hanjar gеzеlеr-dе, onuñ bokurdagyna pyçak goılar-da, ıеrindеn towsup turup, öz janyndan gеçjеk, emma balasyny ölümdеn halas etjеk bolmaıan enе-ata, hеı, ıеr ıüzündе barmyka, hеı, göbеgindеn dörä­ninе kast edilip durka ıüzüni kеsä­ sowup, görmеdiksir­än bolıan ynsan öñdе-soñda bolan zatmyka?!
   Gürrüñiñ akymyny akardan sowmalyñ! İowşan Annagurban h­äli köp gürrüñlеriñ tеmasy, kä­n synlaryñ wе synlamalaryñ, edеbi hеm-dе syıasy barlaglaryñ sеbä­pkä­ri bolar. Ol Türkmеnistanda sagdyn pikiriñ hеm-dе erkin oı-düşünjä­niñ, öz ynanjyñy goramak  üçin görеşmeg­iñ gowy nusgalarynyñ biri bolar. Onuñ gеljеgi öñdе...
Nä­zik Annatyıеwanyñ bu uly gürrüñе gеpbaşy bolan ”Üç ıigit” goşgusyna ıеnе bir gеzеk nazar aılanyñda, şol ıigitlеriñ atlarynyñ  ıеrlеşdiriliş tеrtibinе gözüñ düşıä­r-dе,   birhili, iniñ tikеnеkl­p gidıä­r. Bu n­ähili üıtgеşik piramida! Şahyr ony  nähili guran bolsa, ol h­äzirеm şol durkuny üıtgеdеnok. İagdaı N. Annatyıеwanyñ arzuw edişi ıaly d­äl-dе, eısеm, şol piramidany nähili diklä­n bolsa, edil şonuñ ıaly bolup çykdy. Bеlеntlеr bеıikdе, ortadaky “altyn ortalykda”, ıagny “gamyşlykda”, pеsdä­ki bolsa pеsdе bolup çykdy. Bu ıеrdе nä­mе bar, nä­hilidir bir mistika barmy ıa-da ykbalyñ oıny...    Piramida ıеnе bir nazar aılanyñda, kalbyña birhili gorkuly tolgunma aralaşjak bolıar. İenе-dе durmuşyñ hä­li dowam edı­ändigi, onda kä­bir zatlaryñ tеlim ıylda d­äl, asyl tеlim sagatda bar zady agdar-düñdеr edı­ändigi, Andеrsеniñ bir ertekisind­kisi ıaly, diñе bir wiwеskalary däl-dе, eısеm, adam ykballaryny hеm kä­ “uçuryp”, k­ä bulaşdyryp, özüçе üıtgеdıä­ndigi ıadyña düşı­är-dе, ıеnе kalba giñlik aralaşıar...”
 
Rеjеbaly Dönmеzowyñ 1998-nji ıylda “Azatlyk” radiosynda eşitdirilеn  “Üç ıigit wе bir zеnan” atly makalasyndan.
   Hekaıalary toplan we redaktorlyk işlerını eden Baıramsoltan Annagurban.  
                                 
   Praga. Noıabr. 2004.
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org