Kitap

Tamdyra Sapagy: Rhythm(6)

 
Not                                                  Nokatly notlar we pauzalar                                                                                       
Pauzalar                                         Bir-birine bagly notlar                                                                 
Doly not we pauzalar                     Balken we guruklar                                                                    
ıarym not we pauzalar                  Akkordlar                                                                            
çärıek not we pauzalar                                                                                 
sekgizden bir not we pauzalar
onaltydan bir not we pauzalar
     
                               
 Not
 
Notlaryň dürly görnüşleri bar we belli bir not görnüşi, onuň näçe wagt saklanıandygyny görkezıär.Noti çalyp saklamaly zaman,berilen takt urgylaryň sany bilen we takt görnüşüne degişli bolup, çalmaly tempo bilen şertlidigini aňlatıar.
Notlariň içi doly ıa-da boş hem bolup bilıär.we bir sany not taıagly,ıene-de bir ıa näçe gurugly bolup düzelip biler.notiň haısy bir sanap geçen häsiıetlere eıe bolsa , onuň saklap çalmaly wagtyny aňlatıar.we pauzalarda hem şüňa meňzeş.
 
                                                                            
 
   Pauzalar
                  
Saz bölümniň içinde noty çalynmany, ıöne ses-syz zamanyň ölçegi hasabynda Şol saz bölüminde bolup gelıän belliklere Pauza diıilıär.
Diımek pauza:sesleriň arasyndaky dym-dyrsykly ölçegi bolup ,şol sazyň bir böleg hasabyna girıär.
Pauzalariň edil not görnüşleri ıaly dürli-dürli ölçegleri bar.bir pauzaň dowamlygy , berilen takturgylaryň sanyna, we taktgörnüşine bagly we çalmaly tempoa , şertlidir.
 
 
                    
                       
Doly notlar we pauzalar
 
Doly notlar we pauzalar 4 sany çärıeknot ölçegi bilen deňdir.(köp ıerlerde 4 sany takturgybilen deň hasaplanıar).Bir doly not içi boş we taıaksyz bolıar.Doly not adyny, 4/4 takt ölçeginde doly bir takta sygıany sebäpli aıdylıar
 
                                               
Takturgy we kakuw ikisi deň däldir.Takturgusy Takt ölçeginiň urgusy, kakuw bolsa , şol takturgyň hasabynda bolan notlaryň urgusy.Diımek doly noty çalan mahalymyz bir gezek kakyp, Takt urgyň 4-de çenli saklap durıarys.
 
Doly notlary we pauzalary tamdyrada, çalnyş görnüşi :
Audio : Doly notlary we pauzalary
   
        1w,2w,3w,4w                        1w,2w,3w,4w
      4 takt urgysy                             kakuwny urmaly däl.
                 
  İarym notlar we pauzalar
 
İarym notlar we pauzalar her biri 2 sany çärıeknot ölçegi bilen deňdir.(köp ıerlerde 2 sany takturgy bilen deň hasaplanıar).Bir ıarym not içi boş we taıakly bolıar.İarym not adyny, 4/4 takt ölçeginde 2 sany ıarymlyk notlar takta sygıany sebäpli aıdylıar 
         
                                                                İarym notlar
                                 
                       4/4 ölçegde bir takt doldyrmak üçün 2 syny ıarym notlar gerek
                                   
İarym notyň kakuwsy 2 takturgyň wagtyna deňdir.
İarym notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :
Audio : ıarym not we pauzalar
               
         1w,2w    3w,4w       1w,2w     3w,4w
           bir takt urgy  bir takt urgy   
                       
Çärıek notlar we pauzalar
 
Çärıek notlar we pauzalar 1 sany çärıeknot ölçegi bilen deňdir.(köp ıerlerde 1 sany takturgybilen deň hasaplanıar).Bir çärıek not içi doly we taıakly bolıar.Çärıek not adyny, 4/4 takt ölçeginde 4 sany çärıeklyk notlar takta sygıany sebäpli aıdylıar 
         
                                                   Çärıek notlar
                                  
                                      4/4 ölçegde bir takt doldyrmak üçün 4 sany çärıek notlar gerek
                                    
Çärıek notiň kakuwsy bir takturgyň sanyna deňdir.
Çärıek notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :
Audio : Çärıek notlar we pauzalar
 
         1 w   2w     3w    4w
 
Sekgizden bir notlar we pauzalar
 
Sekgizden bir notlar we sekgizden bir pauzalar bir çärıek notyň ıarsyna deň bolıar. .(köp ıerlerde 1/2  takturgybilen deň hasablanıar).1/8 notlaryň içi doly we nottaıagynda bir sany gurujygy bilen ozalky notlardan tapawotlanıar.1/8 not adyny,4/4 takt ölçeginde 8 sany sekgizlyk notlar takta sygıany sebäpli aıdylıar.           
                                                         1/8 notlar
                         
4/4 ölçegde 8 syny 1/8 not bir takta sygıar
                                                                       
                                                                                              1/8 pauzalar
Sekgizden bir notlaryň kakuwsy ½ takurga deňdir.
Sekgizden bir notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :
Audo :sekgizlik not we pauzalar
         1        w       2       w       3        w       4        w
                       
 
 
                                   Onaltydan bir notlar we pauzalar
 
Onaltydan bir notlar we  pauzalar bir çärıek notyň 4-den birine Deň bolıar. (köp ıerlerde 1/4  takturgybilen deň hasaplanıar).1/16 notlaryň içi doly we nottaıagynda 2 sany gurugly bolıar.1/16 not adyny, 4/4 takt ölçeginde 16 sany 1/16 notlar takta sygıany sebäpli aıdylıar.           
                                      1/16 notlar
                    
                             4/4 ölçegde , bir takt içinde 16 syny 1/16 not sygıar
                    
 Onaltydan bir notlaryň kakuwsy , bir takturgyň 1/16 deňdir.              
 Onaltydan bir notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :
Audio :onaltylyk not we pauzalar.              
 
      1…………….w……………2…………….w…………..3……………w……………4……………w……….
                                                                                             
              Nokatly notlar we Nokatly pauzalar
 
Kä mahallar bir not ıa-da pauzaň izinden bir nokat oturıar.Bu nokat şol notyň we pauzaň ölçegini ıarym esse köpeldıär.
Mesal : ıarymlyk notyň izinden nokat gelse onda , şol notyň ıaňlanmaly zamany ıarym esse uzalıar(diımek, bir çärıek not , ıarymlyk notyň üstüne goşulıar) 4/4 takt ölçeginde diımek, nokatly ıarymlyk not 3 takturga çenly saklamaly.Eger bir1/4 notyň izinden nokat otursa onda, ıarym esse not ölçegi onuň üstüne goşulıar (bir 1/8 not) .Şeıle nokatly çärıek not 4/4 taktölçeginde, 11/2 takturga çenly saklamaly.
       
                  1/4not                            nokatly ¼ not    ¼ pauza                    nokatly ¼ pauza
                              +  1/8 not                                                   +1/8 pauza
 
Nokatly notlar Türkmen sazynda gaty seırek duş gelıär we köplenç halatda şelpelere degişli.Mesal : Ne bag düydi , ne bagban sazynda.
Nokatly notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :
 
 
                                Bir-birine bagly notlar( ıaı bellik )        
 
Bir-birine bagly notlar iki taktyň arasynda deň tonbeıikligde bir ıaı bilen bagly bolıar.Eger bir ton mesal üçün:3 takturga çenli saklamaly bolsa we şol tonyň 3 nji takturgysy 4/4 ölçegde indiki takt-da başlansa, onda 1-nji takt Içinde ıarymlyk not we indiki taktda ¼ not bolup bir-birine ıaı bilen ıetirilıär .Şu iki bir-birine bagly notlar onda 3 takturgy bilen deňdir.
                                  B noty 3 takturga çenli saklaň
                                                      (iki takt-iň arasy)
          
                                 
İaı belligi Türkmen halk saz – aıdymlarynda köp duş gelıär.
Bir-birine bagly notlar tamdyrada, çalnyş görünşi.
 
Balken we gurujyklar
 
Çärıek not-dan kiçi notlar(sekgizlik, onaltylyk notlar)nottaıagynda gurujyk ıa-da balken bilen ıazylıar.Eger 2 sekgizlik notdan köpräk bir taktyň içinde gelse ton beıikligine garamazdan , olar balken bilen ıazylıar.
 
                        Sekgizlik notlar                                    Onaltylyk notlar
                      Gurujyk bilen      Balken bilen    
 
       
 
   Akkortlar
 
 
Eger haısy bir saz guraly bolanda-da köp notlar bile çalynsa,bu notlar akkord hasabyna girıär.köp saz gurallar-da welin bir not çalynıar emma piano-da birden kän notlary bir zaman-da çalyp bolıar.
Akkord-da hemme notlar bir nottaıag-da setirlenip durıar.Nottaıag haısy tarapa durmaldygyny ıöne, ortaky not çyzyga haısy not daş bolsa şoňa baglydyr.
                           
                          Akkord ½ not bilen         Akkord 1/8 not bilen 
                
                                                          Akkord ¼ not bilen
Sorak we ıümüş.
 
1. Not çalynan wagty name şertler esasynda çalynıar ?
2. Notlaryň dürli görnüşleri we 4/4 takt – da notyň her bir görnüşünde näçe sanysy sygıar ?
3. Pauza sazda name roly bar ?
4. Audio – da çalynyp berilen notlary öwreniň.
5. Aşakdaky notlary yzly – yzyna çalyň.
    

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org