Kitap

T. Kor :Türkmen Aıdym-saz rowaıatlaryndan(5)

                                                         Köňül joşa gelmez        Dil hem sözlemese
                                                         Her ıürekde yşykdan    Köz hem bolmasa
                                                                                                                                Magtymguly
                                                 
Dilber
 
Dagyň göwsini ıaryp çykan çeşmäniň durnaň gözi ıaly dury suwy üsti gür  böwürslene basyrylan şildirewük owazly gadym ıapdan aşaklygyna gün şoglasyna aşyk bolup barha ıagtylyp,öwşün alyp akıardy.
Ol bulak şol ıap bilen joşup gelşine,Köşi obasynyň çetindäki ıalpak güzere ıazylyp ıaıraıardy.Göwni giňän adama meňzäp, asudalyk tapıardy.
 Şol güzeriň başynda şaxalaryny çar tarapa  oturan ıalňyz bir söwüt agaji bar eken.Bu goja daragtyň ıaşyny bilıän-goııan ıok eken.Obanyň segsen-togsan ıaşan garrylaryndan sorasaňam, olar „ meniň oglanjyk wagtymam şu söwdiň şu durşydy „ __ diıip , jogap berer eken.
Hawa,garry söwüt başyny dik asmana çekip,alys ıerlerdenem hellewläp görünıärdi.
Onuň çar tarapa egilen üzünden-üzün şaxalarynyň tylla ıaprakly pudaklary, has-da güızüne gören gözi dokundyrıardy.Salkyndy.
Bu gözeriň başy üzün günläp,suw almaga gelen gyz-gelinlerden doly bolıardy.şonuň üçin bolsa gerek,bu mekana, bu jelegaıa gyzgözer __ diıerdiler.
Äpet söwdüň aşagyndaky şagalaňly gyzgözere erkek adamlar gelmezek bolardy.
Atly atyny,düıeli düıesini,suwa ıakardy.Gelin-gyzlara gabak galdyrmazdylar.Uly gyzlar , gaıtarmalar,ıaş gelinler … olar munda gülüşerdi, degişerdi,derdineşerdi, iç döküşerdi.Gün gyzyberse, kä biri köınegi-zady bilen suwa göıbärdi.Öw hä atardy.
Öz-özleri hezil ederdi.Megerem olaryň iň erkinje pursatlary , şu – gyzgüzeriň başyn gelen çaglary bolsun gerek.Gyz-gelinleriň bir bölegi ,sallana-sallana,egni suw kädili öıne gaıtsa,ıene bir bölegi egnine küıze gelşirip suw almaga gelerdi.Garry söwdüň saıasyndaky gyzgözer üzünli gün gyzyl-çog bolar durardy….
…Şu tomsuň şu gijesiniň howasy diıseň sergindi.Daş işiklerindäki sekiniň üstünde ıeke özi ıatan ıigidiň gözüne uky gelenokdy.
Gijäniňem indi ep-eslisi geçiberpdi.Ỳigit bir eılesine agdarylıardy,birem beılesine käte çyň arkan düşüp, asmandaky petreşip duran ıyldyzlara dykanlardy.oňa ynjylyk bermeıän, ukusyny tutdyrmaıan dert-ahwalat Annagül atly gyzyň yşkydy.
Ỳigit eňegini ıassyga berip küıe batdy; „il –gün meni diňleıär,toı-tomaşa bolsa, Hally ikimizi, tüweleme, ıatlaşyp dur...menem goşgy okan bolıan, Hallymam aıdym aıdyp berıär.Garyp-gasarlar häli-şindi maslahata-da geläııär.*Magtymgulyny okap ber * diıip günde –günaşa ıaşulylaram çagyrıar.Garaz, abraı alna ıagşy-da, oňardagymyzdan saklajak bolıas.Ỳöne ... At aljak bilen gelinaljaga hudaı ıetiırmiş diılendir.özüňem eşejigiňi berk guşamaly diılendir...
Ỳigit şeıdip, ham-hyıala gark bolup ıatyşyna arzylysy ANNAGÜLI öwran-öwran göz öňüne getirdi.Köňli joşup galama ıapyşdy.Ol ıüz ugra-da * DILBER * diıip bir goşgy ıazdy. Şu goşgyny hökman ANNAGÜLÜŇ özüne okap bererin…  
Tomus gijesi sabyrsyz bolıar.Daň saz berenden,xoroslar „Gökgöz aga „ diışip obany ıaňlandyrdy.
Ỳigit howlukmaç ıerinden turdy-da, gyzgözere tarap haıdady.
Gyzgözeriň başy boşdy.“ Ynha,haı diımän gün asmana galar weli, gelin-gyzlaryň başyn çekip, ANNAGÜLÜM geler.Ynha, annagülüň küızesini susıan ıeri,aıajygyny basıan ıeri.“
Dag tarapdan öwüsıän pessaıja sergin şemal äpet söwüdiň çür başyndaky ıapraklaryň şybyrdasy.Annagülüň pyşyrdasyna ogşap,başyňy sämedıär.Iniňi sandyradıar.
Ỳigit öten agşamky ** DILBERINI ** dilinde doga edip gaıtalaıar.
Anha parlap jahan ıagtyldy.Ỳigit körpeje bagyň berenine duwlandy.Suwa ilki gelen Annagül boldy.Allanyň emridir ,ıeke özi !!
Ol küızeleriniň birini dolduryp,ikinjisini suwa batyrdy.Ỳigit hem ıerinden zyňkyldap galdy :
 
 ANNAGÜL !
-Hyı, wiı, Annagylyç.....
Ỳigit bilen gyzyň arasynda bolan bar gürrüň şu!! Olar bir-biriniň meňzinden döıman Dilden galyp duruberdiler.
Annagylyja gurbat indi,şeıle diıip seslendi :
 
Serim saňa sadaka ,                   sallangyn bäri dilber
 
Göwsüň külli-bulgurynyň ,           gümänim nary dilber
 
Didaryňa muştak men,                derdime däri dilber  
 
Täze ıylyň nowruzy,                    pasly-bahary,dilber
 
Täze açylan nowgül sen,             men hyrydary dilber
 
Danyşsak hylwat ıerde,               dilleriň ne ajaıyp
 
Zenehdanga dökülgen,                telleriň ne ajaıyp
 
Guçsam inçe biliňden,                 billeriň ne ajaıyp
 
Ary kemin aırylman,                   allaryň ne ajaıyp
 
Seniň mazany bermez                 bagyň eňňury dilber                      
 
         
 Gyzyň gözünden al ıaňagyna bir katra damdy.
Goşgynyň izini okamaga maı bolmady.Gyzgözere ıetip gelıän iki geliniň jak-jak gülküsi päsgel berdi.Annagylyç ıumlykdy elbetde.....
Annagül bolsa bir küızesini suwdan dolduryp,beılekisini hem ıarty edip öılerine ugrady.Gyzyň gözünden ıol boıy ıaş paırap durdy,paırap durdy....
Sebäp Annagülüň kakasy gyzy üçin Weısek baılardan eııäm galyň alypdy ahyry.
Soň Annagylyç mätäjiniň ** DILBER ** goşgysyny hally bagşy aıdym edip aıdypdyr.
Hally bagşyň şägirdi Sahy jepbarof bolsa, ol aıdymy ( DILBER )biziň günlermize ıetiripdir.
DILBER aıdymyny şu günlerem bagşylar ürç edip aıdıarlar.
                                                                                                
         
Gapy gezen gara däli gökleň
 
XIX – Asryň başynda Hiwa hany Amyderıadan ägirt köp meıdany suwlandyrmaga ıeter ıaly suw almaga başarıar.Hiwanyň töwereginde bolsa suw berseň gyzyl önd-
ürjek mes toprakly ıerler näçe diıseň bardy.Hiwanyň mes topragynyň tarapyny ıetir
-ıän bir gepem bar :
„ Mazarystanlygy suwarsaň, hakyt adam gögerıärmiş „
Ynha,şol gonamçylyga suw berseň adam gögerıän mes toprak, bol suw, ıöne daıhan bolmasa, diňe ıer bilen suw hasyl öndürenok.
Hiwa hany Amyderıadan ägirt suw alansoň, ummasyz adam güıjüni toplamagyň ugruna çykıar.çünki bol suwy ıerlikli peıdalanmak üçin uly-uly ıaplar gazmaly, ekin eker ıaly ıerler açmaly.Garaz,adam güıji näçe diıseň gerek.
Işçi güıjüni toplamak üçin MUHAMMED RAHIM han çar tarapa çapawullap başlady.
Ol töwerekdäki merkezleşen döwleti bolmadyk ownuk halklary talaıardy, daıhanly-
ga ıarajak adamlary hiwa sürgün edıärdi,ıesir alıardy.
Şeıle basybalyjylykly çozuşlaryň iň ulusam 1820nji ıyllarda boldy.Muhammed rahym han GARRYGALA hem ARKAç Türkmenlerini ıesir alyp Hiwa sürgün edip äkidıär.Som-saıak bolup Hiwa ugran halk gyzylbaş nowruzy günlerinde yzyny üzmän ıagıan gar gatyşykly ıagyşyň içinden barıardy.
Bosgunlaryň köp sanysy açlykdan, batyp-çommakdan, sowukdan ıaňa heläk bolıa-
rdi.Şol ıesirleriň arasynda beıik sazanda GARA DÄLI GÖKLEŇ  hem bar eken.
Biziň şu günlerki “ Ỳandym “ ady bilen diňleıän sazymyz Garadäliniň ömür mukamydyr.çünki Ỳandym sazynyň 1 nji bölümi şol Hiwa sürüşligiň bosgynlygyň ,
Ahy-nalasyny suratlandyrıar.
Şonuň üçinem “ Ỳandym “ diňläniňde, Han atlylarynyň halys tapdan düşen ıesirleri
Gamçylap çalt ıöretjek bolşy, batyp-çomup, ıykylyp-sürşüp barıan garrylaryň, gelin
-gyzlaryň ahy-nalasy göz öňüne gelip, diňleıjiniň ıüregini gyıym-gyıym edıär.
Bu pajygaly ıagdaıy Garadäli öz sazy bilen beıan eden bolsa,Zelili şahyr ol uçurs-
yz agyr ıagdaıy :
 
                                    Sürüldiler il barysy eňşeşip,
                                    Pyganyna daglar-daşlar gymşaşyp
                                   Asman joşa geldi, Zemin gowşaşyp
                                   Bulutlar durdular nala, Seıidi
 
Ỳa-da
 
                                  Ỳesiriň ilersi barypdyr Tähran
                                  Gaırasy dolupdyr Hiwa Seıidi
 
-Diıip, suratlandyrıar.
 
Sazyň ikinji bölümi Garadäli gökleň Hiwada ıesirlikde çeken agyr günleri hakynda, sazyň üçünji bölümi bolsa sazandanyň hor düşüp, gapy gezişi hakynda
 
Ynha, şu ıagdaılara salgylansaň “ Ỳandym “ sazynyň birden döremän,köp ıyllar-
yň dowamynda kämilleşendigini göz ıetirmek kyn däl.
Döreıiş möwritini köp ıyllarda, köp wakalara bagly bolşy ıaly, sazyň ady hem dürli-dürlidir.Ilki başda sazyň ady ** Gara däli gökleňiň ıas mukamy ** bolupdyr.
Gara däli gökleň ölenden soň bolsa,ol saz özüni döredeniň adyny göteripdir.
** Gara däli gökleň ** bolupdyr.Iň soňunda bolsa bu iňňän kämil elegiıanyň taryx
-yndan bihabar kimdir biri,onuň plastinkada Gara däli gökleň adyna garaman Ỳandym diıip goıberipdir.
Bu elegiıa häsiıetli, Iňňän kämil aslyıetinde, uly göwremli eser Garadäli gökleňiň
Ömür mukamydyr.  
 
Ussadym               
Gönebege bagyşlanan ol mukam
 
Kel bagşy ıaşka öz döwrüniň uly halypasy AMANGELDI GÖNEBEGE şägirt bolup dyr. Şonuň üçin ıaş sazanda 7 ıyla golaı Gönebegiň öıünde bolup, saz öwrenipdir.
 
Kel bagşy Gönebegden tälim alyp kämillige ıetensoň öz halypasyna bagyşlap
“ Ussadym “ diıen sazy döredipdir.Kel bagşy özüniň “ Ussadym “ sazynyň birinji bölüminde Gönebegiň aıalynyň Ỳetişiklidigini, Işeňerdigini,Hyzmatlydygyny teswirlä-
pdir.Şonuň üçin “ Ussadym “ diňläniňde maşgalanyň hyzmatyna gaıym Türkmen zenanynyň öıüň ortasynda oturyp mäşirik saraıyşy, her aıagynyň başam barmagy-
na bir sallançag bagyny orap, iki sallançagy bir wagtda üräp, çagalaryny hüwdeleışi
göz öňüne gelıär.Şonuň üçin sazyň kakuwy hem üwrilip duran sallançagyň gidip-gelip duran badyna meňzäp dur.
“ Ussadymyň “ ortaky bölümi bolsa iki ıana hallan atıan mäşirigiň pyrlanyp durşy kybaldaş gelıär. Sazyň soňky bölümi hem Gönebegiň alaşysyny ıorgaladyp barş
-yny göz öňüne getirıär.
„ Ussadym „ sazy hakda bir kiçijik hekaıam bar.
Bir gün Gönebek halypa şägirdi Allaberdini ıanyna çagyrdy-da, oňa Yzganda gidip agşama çenli kakasyny alyp gelmegi tabşyrdy.
Allaberdi agşamara kakasyny alyp gelende öıde Gönebek halypdan başga-da üç- dört sany ak sakgal ıaşuly otyrdy.Salam hälekden soň Gönebek halypa myhmanlar-
yna ıüzlendi :
-- Adamlar ynha, şu ıigid-ä meniň şägirdim bolmaly.Ilki gelende oglanjykdy, indi ıigit çykdy, bu zaňňyr ady Allaberdi.Men-ä muňa „ Kel Han „ diııän.sebäbi meniň ençe ıyllap ony eıt, muny beıt, diıen iňirdilerim munuň saçyny düşüripdir.
Ynha, bu gyrçuw sakgalam onuň kakasy Aıdogdy ıuwaş.Gaıraky Yzgantdan gelen
-dir.Oturymy şu ıerde.Siz maňa : „ Şu gün-ä Gönebek bize uly höwes bilen saz çal-
yp berer “ diıip, oturansyňyz….
Atabakar aga ıaşulylara seredip aıtdy:
--Hawa, biz-e şeıle bolar—diıip, gulak gabardyp oturandyrys.
--Ỳok, beıle däl, adamlar.men dutary elime –de aljak däl.bu gün meniň şägirdim, köp ıyllap çir-çitir bolup saz öwrenen kel hany synagdan geçirmeli.Munuň kakasyn-
am şonuň üçin çagyrdyk.Eger sizin synaňyzdan gowy geçip bilse, men muňa edil häzir pata berjek.Terde sakgalyny ıere ıetiräıjek bolup, egilip oturan Atabakar aga biraz dikelip gepledi.
--Baı- bow, Göni, bizi sen bu günbeıle iş üçin çagyran ekeniň – ow.
Beıleki ıasulylaram gozganyşdylar.Gönebek sözüni dowam etdi.
--Adamlar, Yzgantly sakgaldaşym Aıdogdy ıuwaşyň ogly Allaberdini meniň ıanym-
da ençe ıyllap saz öwrendi.menem bilenimi öwretdim.Indi muňa öwredip biljek zad-
ym ıok.Tüweleme, indi bu menden ozdurdy.Bolmalysam şeıle –dä adamlar.
Ỳaşulylar gök çaıdan nepeslerini durlansoň Gönebek halypa dutary şägirdine uzatdy :
--Hany, Kel han, ıasulylara „ Bolmuşamy „ edip ber.
Şonda şägirt „ bolmaşam „ sazy çalyp berdi.
--Heı tüweleme, senä Gönebegiň özüçeräk çalaıdyň muny– diıip, Kerwen aga saz
gutaryp-gutarmanka dillendi.
--Gümansyratmagyn Kerwen, özçüräk däl-de, özüçe...has dogrusy, gowrak çaldy diısene – Diıip, Gönebek dikeldi.
--Şägirt halypasyndan ozdurmasa kär ıiter ahwetin.Hany Kel han „ Şadillini „ bir edip ber bakaly.
Allaberdi dutarynyň kirşini gatyrak çekip, „ Şadillini „ çaldy.
--Adamlar, heı kemi barmy? „Ybraıym şadillini „ özümem ıaňky ıaly çalyp bilerin öıdemok.Jahyl oglanda, edil omrup barıar – how –Diıip, Gönebek halypa soňky sözüni aıtdy.—Makul bilseňmen-ä Allaberdi Aıdogdy ogluna pata beräıjek.
--Anha ogul, synagdana geçdiň, ak pata aldyň.Indi bize bir salym hezil ber bakaly.
Allaberdi dutarynyň sapyny sypap güımendi.Oglunyň hüı-häsiıetine belet Aıdogdy aga onuň bir zat diıjek bolıandygyny aňyp : „ Näme diıjek bolıaň ? çekinme-de aıdyber „ Diıdi.
Allaberdi ıere bakyp zordan gepledi :
Aı, Gönebek halypama bagyşlap bir heňjagaz taslapdym.Şony entek hiç kime-de eşitdiremokdym.diňe daga gidem-de öz-özüme çalyp berıärdim.Häzir şony çalyp beräısem diıjek bolıan.
Şägirdiniň bu sözüni eşidip Gönebek halypa ıassygy tirsekläp ıatan ıerinden derrew dikeldi.Özi hakdaky täze sazy eşitmäge howlukdy.
Gönebek halypa bagyşlanan sazy eşitmäge hemmelerem howlagan bolara çemli, ıerli-ıerden seslendiler :
--Bäh, sen-ätüıs sägirt ekeniň – ow.
-- Ussat hakda saz düzdüm diısene.
-- Hany, Göni, diňle bakaly öz heňiňi.
-- Hany, çal,ogul, ol niçek heňkä ?
Şonda Allaberdi bir saz çaldy.Ony biz günde-günaşa radion „ Ussadym „ diıip diňleı
-äris.Saz gutaran badyna Gönebek halypa şägirdiniň arkasyna kakdy.
-- Berekella,senden tama-da şeıledi.
-- Gönebek, heı armanyň galdymy ? ıaňky sazyň bir ıerinde dogurdanam seniň al-yorgaňy säpjedip barşyň ıadyňa düşıär.
-- Hany, onda ogul halypň Gönebege bagyşlan sazyňy ıene bir gezek çalyp ber bakaly. “ Ussadymyň “ saldamly kakuwlary ıaşulylaryň gowruny ıatyrdy.
Olar ıuwaşjadan sakgallaryny gymyldadyp, saz ummanyna çümüp gitdiler.
 
 
Goňurbaş mukamy
 
Şükür bagşy Eırana gidip, Mämmetıar hanyň sazandasy Gulam bagşy bilen çakyny alyşansoň, zyndanda ıatan agasyny ıurda alyp gelıär.
Bu wakany “ Şükür bagşy “ kino filminde bilıärsiňiz.Olar dagyň kötel ıollaryndan gijä
-niň bir wagtyna çenliıöräp halys ıadadylar.Axyry obalaryna golaı gelensoňlar, dag-
yň baıyrlaç eňňidinde dynç almak üçin düşlediler.çünki Şükür bagşy obalaryna bar-
sa, mähelläniň dynç almaga goıman, daşyna üşjegini bilıärdi.Şonuň üçin ol agasy bilen daňdana çenli gözlriniň awusyny almak üçin atlaryny ota göıberip gyşardy.
Agasy şol bada uklady.Şükür ıyldyzlary petreşip duran dury asmana ser edip esli wagtlap uklamady.
--çapyk han ilerik gitjek bolamda „ Iş bitirip gelseň-ä gowy zat welin, ıöne iliňi- aıa-
gyňy daňyp Atyňa ters mündürip kowup göıberäıseler gerek „ Diıip gyjytly sözüni aıdypdy.Hudaıa şükür, ony etdirmedik, agam gowuşdy diıip, içini gepletdi ıatdy.
Axyry onuň begenji, büısanji,tolgunmasy süıji arzuwlar bilen utgaşyp, soňy düışe ıazyp gitdi.
.... Ỳaňy dogan günüň tygy ıüzüne degensoň Şükür bagşy syçrap ıerinden galdy-da, gapdalynda ıatan agasyna seretdi.Zyndanda oturyp gaty ıadan bolara çemele, ol süıji okuda ıatyrdy.Onsoň Şükür ho-ol aşakda ıaıyliyp ıatan küren oba seretdi.
Ol oba Şüküriň öz obasydy.Oba uzakda bolsa-da belent baıyryň üstünden täze dog
-an günüň şöhlesine edil eliň aıasynda ıaly görünıärdi.Oba oıanypdyr.
Her ıerde, her ıerde-de tamdyryň agzyndan çykıan tüsse guılum-guılum bolup dyk asmana galıardy.Han-ha eııäm sygyr çopanam mal sürüsini öňüne salyp örä ugrady.Kim atly, kim eşekli, obadan saılanyp barıan adamlaryň hersi bir tarapa gid-
 
-syny çykaryp ot ıakdy. Tüňçäni jürdikdäki suwdan dolduryp oduň gapdalynda goıdy.Onsoň ol ıenede obasyna tarap ser etdi.Oba parahatlykda,şadyıanlykdy.
Gidenine sähel gün geçenem bolsa, Şüküriň göwnüne köp wagt geçen ıalydy.
Hanha, obanyň günbatar çetindäki Mälikgul aganyň töweregi gaıda-gaımalaşyk.
Ol bü gün toı tutıandyr.Ol maňa “ Şükür jan biz toıumyza Durdy bagşyny çagyrjak-
dyrys weli, aňyrujy ıetişip bilseň , senem ıetişjek bolawergin “ Diıipdi.
Heı Durdy bagşy,Durdy bagşy…Damanaň piri Durdy bagşy, sen geçen ıaz bagyr-
da bir toıda aıdym aıdaňda menem ıanyňda saz çalypdym.Şonda sen birden dik asmana galyp, birdenem pesaılaıan zaryn owazyň bilen oturanlaryň gözüne ıaş aılapdyň.Aıdymy zaryn aıtmakda o dünıä bu dünıäsen ıaly barmyka?şol taıda:
                                        
                                           “ Dünıäni bir gözde gören.
                                            Adyl bolup älem soran.
                                            Döw- perige patyşah bolan,    
                                            Şahy Süleıman galmady „ 
 
Diıip,bozlanda öıden içre Amanaly aga : Köňülde arman çoxdur, bu nalyşa ıürek parlandy „ diıip bagyryberipdi.
Howwa nesip bolsa bu gün agşam toı bolar, Durdy bagşam geler.Gör bu zatlary, üsti-üstüne hezillik.Ynha, Mälikguly agaň , toıunda-da ıetişdim.Anha : eıyäm ıaryşa hyıaly bolan ıigitlerem atlaryny gezdirip başladylar.
Şükür obasynyň şu günki parahatçylygyny özüm gazandym hasap edıyärdi.
 „ Eısem-de bolsa, parahatlyk bolmanam bilerdi... „
Şükür öňňüniki alamana gidijek bolşuny ıatlady.çapyk han obanyň ıigitlerini ho – ol görünıän gyzgylt öwsüp ıatan takyra ıygnapdy. Anha, şol at toınagynyň yzyndan ıaňa edil petir bezilen ıaly bolup ıatyr.Olara ıolbaşçylyk etmeli çapyk han agzynd-
an ak köpük saçyp gazaba münıärdi.
Şol takyrlyga ıygnanan atlylar Şüküriň zyndanda ıatan agasyny halas etmek üçin Mämmetıar han bilen çaknaşyga gitmelidi.Gan döküşli uruş bolmalydy.
....Şüküriň Gulam bagşynyň durşy bilen düwmeli bezelen piliň üstünde saz çalyp gelşini görüp süssiniň basylanyny agasyna aıdasy geldi.Öte keıip çaglykdan hem bitirip gelen işine çäksyz büısanji sazandany diyseň hoşdurdy.Ol haıdap baryp beılede otlap ıören atyň ganjygasyndan asylgy keçe gaply dutaryny aldy.Gelibem agasynyň edil baş ujunda oturyp saz çaljak boldy.Ỳöne bolmedy.Ertiriň dag tarapd-
an öwüsıän pesaı şemalyna baş atıan goňürbaşlar sazandany haısy saza başlasa ıalňyşdyrdy durdy.Bir sazyň kakuwsyna başlasa, goňurbaşyň tolkuny onuň elini çaşdyrıardy.Ahyry sazandanyň eli hem goňurbaşlaryň hereketine gara kakuw edip başlady.Ỳöne welin diňe kakauw bilen saz bolıarmy name!
Esli wagtlap goňurbaşlaryň tolkunyna görä dutaryny kakdy oturdy, kakdy oturdy…
Birdenem sazandanyň barmaklary baş perdäniň üstünden indide biçak büısançli owazlary düwmelendirip-düwmelendirip göıberdi.Onsoň şol bir saz taslamasyny gaıtalap outran sazandanyň barmaklary bäşinji perdä bardy-da uçursyz inçe äheň-
li saz öwrümlerini hem öňkileriň yzyna sepläp göıberdi, weli, täze bir aıakly – başly sazyň sudury boldy duruberdi.Täze taslanan sazy Şükür gaıtalap birneme bişirdi. Onsoň naıza boıy galan günüň ıylysyna meımiräp ıatan agasynyň egninden silkeledi.
-Agasy, agasy! Tursana, sen bi sazy diňläp görsene, tur indi, hanha obamyz görnüp
dur, çaltyrak tur, çaısyradygam.Anha, tüňçede gaınady.men çaı demleıänçäm ukudan açyl hany…..
Be, içi zeıili zyndan meni gowy söküpdir –Diıip, Şükrüň agasy birki owurt ajy çaı içensoň ıuwaşja dillendi.
--Hany, ıaňy saz diňle diıdiň weli, çal, eşideıli.
Şükür agasy ıatyrka taslan sazyny inden öňden türginleşen sazy ıaly edip uly hüj-
üw bilen çaldy.Agasy börtüläp duran gabaklaryny galdyrman esli salym durdy.Şol oturşyna-da Şüküre sorag üstüne sorag oklady.
--Bi sazy ön-ä çalaňokdyň, şeıledälmi?
Ỳogsada bu sazy kimden öwrendiň?
--Hiç kimden öwrenemok agasy.
--Onda bu saz name asmandan indimi?
--Ỳok, agasy, biz sazy şu ıerde tapdym.özüm düzetdim.
-- Ỳogsa-da, bi sazy nädip düzdüň.Äl gowy saz ekeni-aıt!….
--Agasy, bu sazyň kakuwny-ha şu şemal ugruna tolkunıan goňurbaşlardan aldym- diıip, töweregine göz aılady. – ine bu düwmelendirip çalynıan buısançly ıerlerin-
em, seni zyndandan boşadynyma bolan begenjimden aldym.
Onsoň Şükür birneme çekinjeňlik bilen ıüzüni agasyndan ters tarapa sowdy.
-- Sazyň iň soňki bölegi name,Ataly agaň gyzy Akjagül ıadyma düşdy weli, birden elime geläıdi.Inha agasy, bu saz – ha şeıle düzeldi.Bu meniň ilkinji saz düzüşim. Nähilli gördüň diňleseň boljakmy?
-- Gaty bolar Şükür jan, diıseň buısançly saz.Berekella inim! – diıip,Şükrüň agasy aşakda ıaıylyp ıatan küren oba göz aılady.Ỳolboıy ıüzi açylman gelşine ilkinji gezek Şüküre seredip ıylgyrdy.Inisiniň engine elini goıdy.
-- Ỳör, inim, çaltyrak baraıly, gelinejeňem gözi ıoldadyr,jigileňem göresim gelip gitdi.Özüňem indi hergiz saz çalaňda, ilki bilen ıaňky “ Goňurbaşdan “ başlagyn.
-- Bor agasy.
                                                                                     Allaberdi durdiıew
                                                                                  Sungat synçysy.
  
Hajygolak
 
Hiwanyň hökümdary Allaguly han köplenç öz Türkmenleriniň üstüne çapawulçylyk edipdir.Bir çapawulçylykda bolsa, onuň leşgeri tutuş bir obany diıen ıaly sürüp han-yň hüzürine eltıär.Han leşgeriň tutuş bir obany sürüp getirmegi aıratyn bir sebäbi bardy.Olar Hajy sazandanyň obasynyň adamlarydy.
Allaguly han haji sazandany öňem üç gezek köşgüne çagyryp, han sazandasy bolmagyny towakga edip, köp ıalbarypdy.Emma Hajy sazanda boıun bolmady.
Ummasyz halat – serpaı hüdürledi.Şonda-da Hajy köşk sazandasy bolmakdan ıüz öwürdi.
Ynha, bu gezek bolsa Allaguly han “ Ederini bilendirin “ diıip, içini gepletıärdi.Şonuň üçin arz soraıan jaıyna Hajy sazandaň girenini göreninden tagtda outran ıerinden arkan gaıyşyp, jakgyldap güldi.Onuň gülküsi bütin köşgi ıaňlandyryp gitdi.
-- Ỳeri, Hajy ıeser! Ỳagdaılar niçek?
-- Erbet däl Han.
-- Ỳogsa-da, sen ol saraıdaky ıesirleri gördüňmi?Olar seň ildeşleriň-ä däldir-dä ? 
-- Howa, Han, şolar-a meniň ildeşlerim.
-- Bilıän bolsaň, Hajy ıeser, gel egri oturup, dogry gepleşeli.Barybyr sen näçe ıeser bolsaňam, şu gezeg-ä otulan bolsaň gerek.Aıratyn seň obaň ulydan-kiçe sürülmegi-
niň sebäbine gözüň ıetıän gerek.
-- Hawa, düşünıän han, bu wagşylygy sen meni amana getirjek bolup edensiň.  
-- Ony bildiň, sazanda, hany indi amana gelmän-em bir gör, ildeşleň baryny dara atyp taşlaıyn.
Hajy sazanda ıüzüni esli aşak salyp durdy.Ahyry ulydan demini alyp gürledi.
-- Bolıa, han, men seň köşgünde üç ıyl sazanda bolup bereıin.
-- Baı-bow üç ıyldanam bir zat bolarmy?!
-- Bar bäş ıyl bolsun han.
-- Ỳok, az bolıar, maňa hemişelik gerek.
-- Gel, onda bir zat edeli, bendeleri häziriň özünde boşat, onsoň men saňa ıedi ıyl hyzmat edeıin.7 ıyla çenlem bir sazanda şägirt ıetişdirip bereıin.Ine, han, meň gutarnykly jogabym.
Allaguly han esli salym duňuz diňini salyp oturdy.Onsoň başyny galdyrdy-da sypaıy gepledi :
-- Ynha, bu şertiň bilen ylalaşıan.7 ıyl köşkde sazanda bolsaň, şol möhletiň içinde-de, bir şägirt ıetişdirip berseň, maňa bolıar.Şertiň Kabul Hajy sazanda.
 
                                              ************************
Bir gün Allaguly han ir ikindinler ,ıaňy garaňky gatlaşanda ukudan oıandy.Bimahal ıatyp, bimahal turany üçinemi, ıa-da şeraby aşa köp içeni üçinmi, garaz hanyň haly teňdi.Ỳüzünden gar ıagıardy.Hanyň keıpini , onuň daşyna hozanak bolıardylar.
Öňüne çaı getirildi.Han “ Ỳok ediň “ diıen manyda elini salgady.Gyzlar öňünde oınap başlady.Han birneme imrijek ıaly etdi-de, olara-da “ ıok bolsun “ diıip, elini salgady.Hyzmatkärler name etjeklerini bilmän elewreşdiler.Allaguly han, agzyny ıokaryk tutup yzly-yzyna pallady.Onsoň hyzmatkärlerine gözüni agdaryp seretdi-de, elini dutar kakıan ıaly hereketlendirdi.Şo bada Hajy sazanda häzir boldy.Sazanda dutaryny düzüp, çalyp başlady.Kaşaň köşkde dutaryň sesi has güıçli ıaňlanyp gümmürdedi.
Esli salym çalansoň han elini salgap sazandany saklady :
-- Hany, sazanda, bu çalıan sazlaňy men öňem ıüz gezek eşidim.Täzesini çal, täze
-sini ! heniz eşitmedik sazlamdan, düşündiňmi ?
Sazanda dutaryň gulagyny towlap, has belent heňlere tutdurdy.Han ıene-de elini salgady.Dutaryň sesi tapba ıatdy.
-- Hajy ıeser, sen ıesersireme-de meň diııän sazymy çal !
-- Syzyň diııäniňiz haısy sazdyr hökümdar ?Adyny aıdyň ahyry.
--Ynha men ıaňy ıatyrkam gulagyma bir owaz geldi.Ana, şol owaz iňňän şirin owaz ekeni.Ana, şony çalyp ber maňa, Hajy ıeser ! Düşündiňmi ? ….
-- O nä owazdyr hökümdarym ?
Han zöwwe ıerinden galyp heňkirdi :
-- Şony bilmeseň, sendenem bir sazanda bolarmy ?
Hanyň dikdüşdüligini edip, gazaba münendigini gören sazanda eşidilmedik owazlary gözläp, gör, nirelere tutdyryp barıardy.çalyp oturşyna hanyň ıüzüne-de göz aılaıar-
dy.Hanyň ıüzi käte ıagtylajak ıaly edıärdi-de, ıene-de öňkidenem beter çytylıardy.
-- Bes et !!! .. Jellat !!!! ….
Eli aıpaltaly,ıüzi gara örtükli iki sany maxluk gelip, hanyň öňünde tukga ıatdy.
-- Hajy ıeseriň kellesini alyň !
Senden sazanda bolmaz ! Barybir möhleti dolansoň gitjekmiş.başga ıerik baryp bir saz çalmasyn.Kesiň başyny !
Jellatlar dikelip, Hajy sazandanyň hersi bir gapdalyna geçdi-de, aıpaltalaryny ıoka-
ra galdyryp, buıruga garaşdylar.
-- Hajy ıeser, iň soňki sözüňi ayt ! .. Onsoň ….
-- Aıtsam, han, bi ıerde, kelle alar ıaly, meň günäm name ? şoni bir ilki aıat…
Ỳaňky çalan sazymy sen hiç haçanam eşiden dälsiň.mende nä günä bar ?
-- Sen ukuda ıatyrkam gulagyma gelen owazy çalyp bilmediň. Ine, seň günäň, düşündiňmi ?
-- Onda han, gel ikimiz bir zady şertleşeli.
-- Aıt şertiň bolsa tizräk ;
-- Aıtsam han, sen maňa ıekeje gije pyruja ber.Ertesi seň diııän sazyňy çalyp bilmesem, onsoň meniň kellämi alaı.Nähilli görıäň ?
-- Bolıa, men saňa ertire çenle möhlet berıärin.
Ana, şol pyruja berlen gije sazanda öz şägirdi bilenbir saz döredipdir.Ol saz hem pajygaly,hem buısançly,hem begençli,hem gynançly saz bolupdyr.
Ertirsi Hajy sazanda Allaguly hana şol sazy çalyp beripdir.
Bolsa-da sazandanyň bir gije-de döreden täsin sazy hany haıran galdyrıar.Ỳöne Allaguly han namartlyk edipdir.
-- Meniň köşgümden başga şular ıaly ajaıyp saz ıaňlanmasyn—diıip, Hajy sazan-
danyň barmaklaryny kesipdir.
Şondan soň, Hajy saz çalyp bilmändir.Ỳöne onuň hanyň gazaby astynda döreden sazyny şägirdi ile ıaıradypdyr.Özem sazandany adyna hem onuň maıyllygyna baglanyşdyryp, ol saza, “ HAJYGOLAK “ diıip at dakypdyr.
 
                                                                                 Allaberdi durdiıew
                                                                                 Saz öwreniji.           
         
Berkeli çokaı
Azatlyk çokaıyn tiken Berkeli
 
XIX Asryň ortalarynda Türkmenler esasy iki sany uly hanlyga birigıär.Ol iki hanlygyň birine NURBERDI HAN, birine-de GOWŞUT HAN baştutanlyk edıär.
1855nji ıylda Gowşut han güıçlenıär.çünki, onuň hanlyk edıän ıerine Murgapdyr, Tejen derıalarynyň orta hem aşak akymynda ıaşaıan Türkmenler girıär.Uly siıasy hem-de harby güıje eıe bolan Türkmenler indi öň ıeten basybalyja salgyt beresi gelenok.Şonuň üçin şol döwürde Türkmenler Hiwa hanlygyna salgyt tölemekden boıun gaçyrıarlar.
Türkmenleriň özüne salgyz tölemeıänligine nägile bolan Hiwa hany Mädemin (mohmmed emin han )Gowşut hany gepleşige çagyrıar.Şo gepleşikde Mädemin han Gowşut hana şeı diııär :
-- Seň hütjet Türkmeniň öten ıyl-a, ıyl gurak geldi, ygal bolmady, şoň üçin ekinden hasyl alyp bilmedik.—diıip, salgyt bermedi.
 Ondan öňki ıylam ekinler ıaňy hasyla duranda çekrtge aldy – diıdi.Mallaňam baryny çerrik degdi – diıip,salgyt bermediler.Aı garaz her hilli bahana tapyp seň Türkmeniň soňki ıyllarda maňa oňly salgyt tölänok.
Şonda Gowşut han Mädemine :
--Aı, Mädemin han, sen oň üçin hapa bolma, ynha, bi ıyl oňat geldi.Gyşy gyşa, ıazy ıaza meňzedi.Bi ıyl bol hasyl alarys.onsoň saňa öňki-şoňki tölemedik salgytlar
-ymyzyň baryny bereris – diıip, ony süıt kölüne çümdirip gaıdıar.
Güız düşıär.hasyl ıygnalıar.Emma Mädemin hana zat baranok.Muňa beıik Hiwa hanlygynyň hökümdary bolmajasyny bolıar.Gahary gelip, gazaba münıär.
Onsoň ıene-de Gowşut hany gepleşige çagyryp, salgyt tölemeıändikleri üçin Türk
-menleriň baryny uçdantutma gyryp ıok etjekdigini aıdıar.Namartlyk edip düıdürm-
an üstümize döküldi – diıip, armanly bolmaz ıaly, söweşe taııarlanmaga 3 aı möhl
-let berıändigini aıydıar.
Gowşut hanyň : -- A-how Mädemin han, gel ganly jeňe baş goşmaly, ylalaşaly-diıen
Töwellasynam alman dergazap bolıar.
 Onsoň Gowşut han Mädemin han bilen birıaňalyk etmek üçin uly hem aıgytly söweşe taııarlanyp başlaıar.
Bu söweş Türkmeniň geljekki ykbalyny çözmelidi.
Şeılelikde, Gowşut han Saraxsda söweşe taııarlyk group başlaıar.Gowşut han, ilki
Bilen, öz atlylarynyň eşigini üpjün etmegi dogry hasap edıär.çünki, aıagyň çepekli, egniň ıalaňňat çäkmenli gyş günleri duşmana garşy aıgytly söweşe gurup bolmajagy belli zat.
Şoň üçin Gowşut han sowut tikip bilıän ussalary, at üçin uıandyr çeki tikip bilıän ussalary, çokaı tikip bilıän ussalary ıygnaıar.Şol ussalaryň arasynda Berkeli diıen bir adam çokaıy çalt hem berk tikmekde hemmelerden tapawutlanıar.Ol halkdan gön ıygnap, ıanynda 30 – 40 sany kömekçi adam alyp Mädeminiň geljek wagtyna çenli kän çokaı tikip ıetişıär.Dolak, çäkmen dokaıan aıallaryň toparyna hem Berke
-li çokaıçynyň özi ıolbaşçylyk edıär.Uly söweşe şeıdip ykjam taııarlyk görünıär;
Güızüň ahyrynda Hiwa hanlygynyň beıik hökümdary Mädemin han agyr leşgeri
Bilen Saraxsa gelıär.Söweş başlamazdan öňürti Mädemin han Gowşut hana haıb
-at atıar :
-- Gedem Türkmen, taııarlanma kemin galan däldir.Armanly bolsaň aıt, ıene taııarlanmaga müdet bereıin, bolmasa-da çyk söweşe – diııär.
Gowşut han oňa ıene-de töwella edıär.
--Mädemin han, gel ganly söweşe baş goşmaly, sen gaıyt, bize azar berme –diııär.
Emma Mädemin han oňa :
-- Ertir söweşe başlaıas, bar düıeboıun öwülıä-dä senden bolsun soltan Sanjaram senden bolsun — diıip, haıbat atıar.
Şeılelikde, söweş başlanıar.Mädemin hanyň goşuny san taıdanam, ıarag babatda
-da Türkmenlerden has ıokarda ekeni.Şoň üçinem bu söweşe Türkmen zenanlaram gatnaşypdyr.Olar aıaklaryna çokaı, eginlerine çäkmen, başlaryna telpek geıip, Mädemine garşy söweşipdirler.Olaryň esasy ıaragy bolsa, taıagyň ujuna berkidilen
gyrkylyk, synny bolupdyr.Mundan başga-da Türkmen topragynyň ähli ıerinden atlylar kömege gelipdirler.
Netijede Mädemin hanyň goşuny derbi – dagyn edilip, onuň özi hem öldürlipdir…
… Şondan soň Türkmenler tä1881nji ıyla çenli, ıagny oruslar gelıänçä hic bir hanly
-gyda, hiç bir döwletede bakna bolman, özbaşdaklykda ıaşaıar.
Öňki döwürde her bir daşky duşman bilen bolan söweşde ıeňiş gazanylsa, şondan soň ıeňiş toy tutulıarekeni.Şol ıeňiş toıunda edermenlik görkezen ıigitlerebagyşlap
Şahyrlar goşgy goşıar, sazandalar-dyr, bagşylar bolsa,gahramanlyk görkezen ärle -re bagyşlap aıdymdyr, saz düzen ekenler.
Ine, Mädemin han bolan söweşde hem berkeli çokaıyň tiken çokaylary, ıasan eıerd
-ir,uıanlary ıeňiş gazanylmagyna ıardym edipdir.
Şoň üçin sazandalar Berkeli çokaıça bagyşlap, “ BERKELI çokaı “ diıen sazy düz
-üpdirler.Şu ıerde ıüz ugurda aıdyp geçmeli zat bar.Elbetde, şeıle uly söweşde ıe-
ňiş gazanmakda edermenlik görkezen zenanlar hakda, gahramançylyk görkezen ärler hakda başga-da köp goşgular, aıdym – saz düzendirler.Ỳöne olar edil “ Berkeli
çokaı “ sazy ıaly kämil bolmany üçin asyrdan asyra, ıagny XIXasyrdan XX asyra aşyp bilmändir.Her bir asyr özünden soňki asyra peşgeş berjek bolanda : edebiıat, sungat eserleriniň iň kämillerini berıär.Ỳöne-möne zatlar asyrdan asyra aşyp bilmeı
-är.
Bu saz bizi ıene bir zat hakda oılandyrıar : Her bir döwletiň, onuň baknasyzdygyny, garaşsyzlygyny goramakda ıönekey çokaıçydan başlap, hana çenli uçdantutma hemmäniň tagallasy zerur.
 
  Allaberdi durdiıew.
 
  Ybraıym şadilli 
  
1860nji ıylda Ahal hany Nurberdi hanyň  häkimligi yokary göterilıär.Häli-şyndy çozup, Türkmeni talap duran alamançylaryň aıagy kesilıär.çünki Türkmeni talamak üçin uly güıç bilen gelmeseň, indi ol ıüz atla, iki ıüz atla eıgertjek däldi.Şonuň üçin bolsa gerek,Eıranyň Bejnurt hanlygynyň häkimi Ybraıym han hem Nurberdi han bilen birek-biregiň üstüne dökülmezlik, birek-birege talamazlyk dogursynda ylalaşyga gelıärler.
Bu siıasy waka, goňşy ıaşaıan iki halkyň, ıagny Eıranyň Şadilli taıpasy bilen Türk
-meniň Ahal ilatynyň arasyndaky parahatlyga güwä geçıärdi.Kepetdagyň güneş tarapynda ıaşaıan Şadilliler bilen Kepetdagyň kölgeı tarapynda ıaşaıan Türkmen-
leriň arasynda indi öňki ıaly häli – şyndi çaknaşyk bolup durmaıar.Şonuň üçin il içinde asudalyk aralaşdy.
Emma weli, özüne göwni ıetıän Dykma serdar bir gün öz ıigitlerini daşyna ıygnap,   
Olara şeıle diııär :
--Ỳigitler, Nurberdi han bilen Ybraıym han şertnama baglaşypdyr.Ỳöne biz şonda-da Nurberdi gyzyldan gizlin alamançylyga gitmeli bolıarys.Ynha, dänim,öňümiz gyş.
Gyş güni hurşlyk mal, palowa atar ıaly kişmiş, xurma ıaly zatlar edinmeli.Busup ıat
-saň zat bolmaz.Şertanama baglanyşsa Nurberdi han baglaşypdyr.Biz baglaşamyz-
ok.Inha, şo maslahatdan soň Dykma serdar atlylary bilen Eıranyň Bejnurt hanlygyn
-yň çetki obalarynyň biriniň üstüne dökülıär.Emma Dykma serdar özüniň 10-12 nökerei bilen ıesir düşıär.Ybraıym han Dykma serdar dagyny zyndana taşlaıar.
Köp wagtlap olaryň yzyndan baran bolmaıar.çünki, öň öz aralarynda şertnama bolan
-soň Nurberdi han Ybraıym hana hiç hilli sala salmaıar.özüniň äsgermänligi üçin Dykma serdara käıinıär.
Ahyry Nurberdi han Şükür bagşynyň ıanyna baryp şeıle diııär :
--    Bagşy, bolmasa bir iş bolupdyr.Ötki, Dykma serdar kakabaşlyk edip alamana gidipdir.Üstesine-de ıesir düşüpdir.Meň-ä ıüzüm ıok töwella gitmäge.sebäp öň bar
-mak basyp şertnama baglaşypdyk, Ybraıym han bilen indi men nädip oň gözüne görneıin.Ol maňa : “ heı, keçe telpek Türkmen, sizde hey ykrar bolmazmy ? düın dälmidi birek – biregiň üstüne dökülmeli däl diıip, şertnama baglaşanmyz.hany o şertiň nire gitdi ? “ diıer. Şeıdibem üstümden güler.Şoň üçinem men-ä hanyň gözüne görünmäge utanıan, nä ıüzüme baraıyn.
Gepiň küle ıeri, name diısene, Şükür bagşy, men senden towkga edıän,Bejnurda sen töwella gidäy.Ỳogsa-da sen öňem käte Ybraıym hana saz çalyp berip gaıdıaryň
ahyry.Geçen ıaz Bagdat gyzyna öylenen-de, seni toıuna çagyrypdy.Seň ıüzüňden
geçip bilmez.Howa Dykmany şeıdip boşadaly.Ỳogsam zeıili zyndanda gözüni garaldyp oturandyr o peläket.Gaırat et-de,olary boşadyp alyp gel.Nätse-de özüňki-dä.Ỳogsam-ä ylalaşyk barka beıdeni üçin garagyň çyksyn diıäımeli welin …..
Hany gaırat et-de bu gün – erte ugra bakaly.
Ine şu maslahatdan soň Şükür bagşy Bejnurt hany Ybraıym hanyň üstüne gidıär.
Baryp, habaryny aıdanda Ybraıym han ör-gökden gelıär.Iki sany beıik hanyň ylala
-şygyny bozup, talaňa geleni üçin Dykma serdra agyr jeze berjek digini aıdıar.Nur-
berdi hana gatyganıar.Galmagal edıär.     
   
Şükür bagşy tä han köşeşıänçä sesini çykarman oturıar.Axyry ardynjyrap ıuwaşja gepleıär :
--Ybraıym han diııän-ä, meň-ä zarym bar,zorum ıok.sebäp günä bizde.wadany bozan biz.Ỳöne name, Dykma serdaram bir yňdyrma adam-da.Ỳogsam iliň hany möhür basyp,äht edensoň her kim edenini edip ıörse bolmaz ähbetin.Ỳöne indi bolmasy iş bolupdyr.Nätse-de ylalaşykly çözmeli bor bi düwüni.
-- Ylalaşykly, çözmeli bolsa, bagşy ıigit, Dykmaňyzy zyndandan boşatmak üçin agyr salgyt tölemeli bolarsyňyz.
-- Aı, han aga, salgyt meseläňizi goıaweri.Öňem ilde zat ıokur.
-- Onda sen nähilli çözmekçi bi meseläni, hany aıt-da, meň ıerime özüň bolsaň näderdiň ?
-- Nätjegimi bilemok han aga, ıöne men bir temsal aıdaıyn.Şolam saňa ıarasa gerek.
Han bilesigelijikli bilen owsundy.
-- Hany aıt, o nä tymsalmyş?
--Aıtsam bejnurt soltany, men seň adyňy kyıamata axyry boıunça ıytmez ıaly etjek.Ynsaniıet näçe ıaşasa, seň adyňam şonça ıaşar ıaly etjek.      
-- O nähilli meň adymy müdümlik ıaşar ıaly etjek?
-- O my, seň adyňa bir saz döretjek.Ana,şolam seň adyňy ömürbaky il içinde tutular ıaly eder.Ỳöne maňa biriki gün puryja ber.özünem asuda bolsun.Adam maňa päsgel bermesin.
Han töweregine göz aılady-da :
-- Bolıa, seň dieniň bolsun.—Diıidi
Üç günden soň Şükür bagşyny hanyň huzuryna getirdiler.
-- Ỳeri, Şükür bagşy, hany, üç günde name iş bitirdiň.Aıt, göreıli.
-- Han aga, öňat saz döretdim.Adyna-da Ybraıym şadilli diıdim.Hawa, Ybraıym-a öz adyň.Şadilli seň taıpaň ady.Ybraıym han diısemem bolardy weli, ıöne Ybraıym şadilli bolanda has gowy bolar.Hemmä mälim bolıar.
Han ähli aıallaryny, çagalaryny ıanyna çagyrdy-da, durşy bilen gulaga öwrüldi.
-- Hany, çal onda sazyňy.
-- Han aga, sazy gowy diňle, bi sazda seň Nogaı aıalyň öımudykläp ıörişide, Kürt aıalyň tans edişi-de, Pars aıalyň näz kereşmesi-de, Gülkamar gyzyň şadyıanlygy-
da, Bagdatdan ıaňrak alan gyzyň näzeninligide, çar bagyňda saıraıan bilbilliň owaz
-da bardyr bu sazda.—diıip, “ Ybraıym şadillini “ çalyp berıär.
Bu saz hanyň aıallaryna-da, çagalaryna-da, özünede diıseň ıaraıar.
Bejnurt hany Ybraıym han öz adyna döredilen sazy özüniň köşk sazandasyna öwre
-denden soň, nökerleri bilen Dykma serdary ıesirlikden boşatıar.Şükür bagşa bolsa, halat, serpaı ıapyp yzyna ugradıar.
Hawa,bu sazy biz şu günde-günaşa Radiodan “ Ybraıym şadilli “ diıip diňleıäris.
 
 Allaberdi durdiıew.  
 
  
Barçalary agladan şol
Atçapar
 
Aıdogdy aga süırgünortanlar öıüne dolandy.Gelse öıünde myhman bar ekeni.
Ol myhmanlar bilen saglyk-amanlyk soraşdy.Demlenip getirlen gök çaıy olaryň öňüne süışürdi.Özem bir çäınegi öňüne çekdi.Ara düşen dymyşlygy myhmanlar bozdy.
-- Aıdogdy aga armaweriň !
-- Bar bol oglum.Bi ıyl daıhan bolup,armasa bolar-da.Ỳogsada,ıigitler,menlik işiňiz
iz bolsa aıdyp oturyň.Meniň-ä gürrüňim gutarmaz.
--Aıdogdy aga,habarmyzy aıtsak,özümiz-ä Kazy oıundan.Körpe inimiziň aıagyny duşmakçy.Şol toy sowar ıalym bagşy diıip gelşimiz.Sähet çopan diıseň,gumlular tanar!
-- Hoş habaryňyz bar eken.Allaberdi janyň aşygy diıseňizläň.gaty gowy, onuň başy dik bolsa mähetdel etmän toıa barar….
Gumlular gaıdansoň,üç gün diıilende Allaberdi öıe dolandy.Oglunyň salam berşin-
den gaty argynlygyny aňsa-da,Aıdogdy aga gelip-gidenleriň sargydyny bada-bat aıtdy.Allabardi çokaıynam çykarman düşegiň üstüne göwresini göıberdi.Ulydan demin aldy.
-- Kaka, toıam toıdyr weli,hany oraga haçan başlaly? Men-ä günde-günaşa ıolda. Öıe kömegim degenok.
--On-a gaıgy etme. Bagşy diıeniň il ogludyr.iliň ıumuşyna ıarasaň, ataňa-da köm-
ek berdigiň bor.
-- Be… 
--Aı ogul, ene-ataň bir nydar eder-le.ıöne iki gözüň dört bolansoň, ıagdaı kynlaşaı
-masa ıaban ıatyp ıörmegiň bir hilli.Ana, şol gelne agyrrak düşäıbiridir.
-- Be, Kaka, şu diıňirä gitseň bile gitjek bolsaň ber habary.
-- Ogul, diňle,bir tymsal aıdyp berıin.Obada bir owadan gyz bolupdyr.Aıdym-sazyň
-am ölemen aşygy eken.Ene-atasam gyzlarynyň häsiıetine belet bolansoňlar, göwn
-üni ıykman, bagşa beripdirler.Näme,aı-günem geçip dur.Günleriň birinde ol gyz atasy öıüne görme-göreşe barypdyr.Goňşy-golamlary üşüpdirler.Hal-ahwal soraşyp
-dyrlar.Gürrüňden gürrüň çykyp giıewlerini sorapdyrlar.Adamsyndan içi tütäp duran gelin : Wax, jan doganlar,täzeden barmaly bolsam,bagşa-ha däl,bagşyly obda äre barmazdym.Diıipdir.menem,oglum,şol gürrüňden çekinmän duramok.Biziňem edinjek gelnimiz şeıle tetellilerden bolaısa-ha , näbleıin-dä……
--Kaka,beıle bir gyz almarys başgalaram bar-la…
Kel bagşy toıa gitmek üçin irgözünden ıola düşdi.Ol 4nji gün agşamsy Kazy öıünä ıetdi.Sähet çopan,kel bagşyny hormatlap,bugurçyny özi çökerdi.Gadyrly salamlaşdy
-lar.
-- Kel bagşy, adyň bilen aşnadyrys.Tamamy ödediň,berekella.Sag-aman geldiňizmi? Ahal illeri saglykmydyr?
-- Dogaı salam ıoladylar.
-- Iberen getiren sag bolsun,hany öıe gireliň,adamlar.Sazanda öňüni başla—Diıip,    
Sähet çopan sözüni soňlamanka,Kel bagşynyň gözi topbak-topbak oda düşdi.Ol gapdalyndakylara ıüzlendi:
--Adamlar,hol otlar öňem barmydy ıa-da……
Şol pursatam :
--Haı,atly atyňa atlanaweriň-how, ıagy çozandyr-la how—diıen howsalaly seslar ıaňlandy.
Her kim duran-duran ıerinden atlandylar.kel bagşam eli ıaragsyz bugurçysyna münüp olara goşuldy.name etjegini bilmän bugurçysyny iki tarapa säpjedip ıören Kel bagşy kelebiniň ujuny ıitirdi.Ol howatyrlanyp başlady: “ Wiı, meniň bolup ıörşi-Mi.Meni bi jalagaıda kim tanaıar.Hiç kim,galtamanlaryň başyny tapyp bilmezmikäm? Belki, tapsam, gürleşerin.Bolmanda-da elimde ıarak ıok “ diıip,ol bugurçysyndan syrylyp düşdi-de,onuň owsaryny başyna orap,eline dutaryny alyp, garaňkylygyň içinde gum depeleriň arasynda siňdi.Ol çetidir-sazaklara bukulyp, ıagynyň arasyna ıeteňkirledi. Kel bagşy emedekläp galtamanbaşynyň çadyryna girjek bolanda sakçylar oňa ıapyşdy -lar.Ony süräp galtamanbaşynyň ıanyna alyp bardylar.eli dutarly adamy görüp, onuň gaşlary tapyşdy.
-- Bi, nämäniň alamaty!muny nireden tapdyňyz?
--Özi gelidi.
 --Özi…Kim borsuň,gürläp otur.
-- men-ä iliň bagşysy.
-- il diııäniň kim?
-- Türkmen iliniň.
--Menem Türkmen däl.Maňa-ha sen tetelli bagşy Derek däl.Hany maksadyňy aıt.
--Men size töwella etmek üçin ıanyňyza gelşim.Nähak gan dökmäli diıjek bolıan.
--Nähak gan?Menem keıpine gan dökemok.Biz han adamlary.Hanyň buırugyny berjaı edıäris.Janyňdan irmedik bolsaň,dutaryňy alda yzyňy ıel çalmanka şu ıerden göteril.Ỳogsa……
Kel bagşyny getirilşi ıaly südenekledip,çadyrdan alyp çykdalar-da,garaňkylyga iterip
Göıberdiler.Ol dutaryny gujaklap gum garbady.Näme etjegini bilmän,ıerinden galyp gözdürtme garaňkylygyň içinde gum depeleriniň arasy bilen ıene bugurçysyny göı-
beren ıerine geldi.Görse,ol janawar uly çetiniň pürüni iıip duran eken.Ol bugurçysy-
ny çökerip mündi-de,tutuşlygyň iň gazaply ıerine haıdady.Gijäniň içinde kimiň-kimi urup-çapıanyny bilderenokdy.Gep-ün alaşar ıaly däldi.Kel bagşynyň uly ili bilen :
--Adamlar,uruşy bes edeliň.Öılanip görüň.Kim bilen uruşıanyňyzy bilıärmisiňiz?
Diıip,gygyrasy geldi.Ỳöne näçe gygyrsada,ol göhi ıatyryp bilmejegine gözi ıetip, bolıan wakany doňan ıaly bialaç synlap durdy.Şol wagtam eli gylyçly bir adam onuň bugurçysynyň owsaryndan tutuklap ugrady.Kel bagşy zähresi ıarylan ıaly özüni
çägä oklady.Görse,bugurçysyny idip barıan Sähet çopan bolup çykdy.Ol Sähdi garsa gujaklady.
--Sen meni bu garma-gürmelikde nädip tanadyň?
--Tanap-tanamaz ıaly senden başgalaryň ulusdan-kiçisi janlaryny halas etjek bolup iki ıana at salıarlar.Diňe sen janyňdan iren ıaly,bir ıerde butnaman duran.Heı,jeň wagtam beıdip durmak bolarmy?Hany yzymdan galma.Haı,diımän ıowy gaıtarys.
Olar indi ıeňse berip başlady.bar aladam sen bolduň.eıläk urundym,beıläk urundym, teı tapylmadyň.bir bolmasy iş bolıandyr öıdüp,gara janym galmady.sen meniň myh
-manym ahyry…….
Duıdansyz dökülen ıagy daňa golaı ökje göterdi.Säher bilen Kazy oıunyň 7ıaşdan 70 ıaşa çenlisi ıow meıdanynda wepat bolanlary jaıladylar.
Ertesi Sähet çopan öz toıunyn ıasa öwürlenine axmyr çekip,soňuna çykyp bilmedi .
Ol ıas tutdy.Kel bagşynam zordan ıola salyp hoşlaşdy.
--Bagşy,sag-aman bar.nesip etse,ıene bir toı toılarys…
Ỳasy wagty itleriň üırüp başlanyny eşiden Juma çopan çäkmenini eňine atyp ardy
-njyrap ,gapa çykdy.Bugurçysyny çökerip duranynyň Kel bagşydygyny tanap, allaniç
-iksi boldy.
--Bagşy,eıgilikmidir?
--Juma aga,başyň dik,malyň tükel oturanmysyň?
--Sen sorama,menem aıtmaıyn.
--Hany öıe baraly.Demiňi dürse.göwnüme bolmasa sesiň endiräp çykıan ıaly-da.
--Juma aga,ähtimal,sesimem,ıüzümem üıtgese üıtgändir.Iň gowsy,maňa nepesimi dürsär ıaly bir çäınik çaı ber.Soň gören ahwalatymy gürrüň bereıin.
--Weı,bagşy çaıyňam gürrüňi bolarmy.
--Juma aga,saňa ıalan,maňa çyn—diıip,çaı öňüne alan Kel bagşy gören wakasy-
ny gürrüň berdi-de:
--Gören ahwalatymy dutaryň diline geçirmesem,ölsemem ıadymdan çykmaz.Häzir-
em ıüregim endiräp dur—diıidi.
…Kel bagşynyň dutary zarynlap başlady.Juma çopan mahal-mahal başyny ıaıkap,
hyrçyny dişläp :
--Bä, bä, şeılemi, bolmandyr.gyrgynçylyk gursyn — diııärdi.
Kel bagşynyň dutarynyň zaryn owazy bolsa gijäniň içinde gum depelerini elendirıär-
di,çöle ıaň salıardy.Ahyry Kel bagşy ıüreginde dykyn alyp duran gam-gussany az-kem egisdim edip,ulydan demini aldy-da,zordan dillendi :
--Juma aga,siz şu sazy ilki gezek diňleıärsiňiz.özem wepat bolan şol gerçeklere ıad
-ygär bolsun.Adyna-da “ Atçapar “ diıjek.
Ol ıene şol sazy gaıtalap-gaıtalap çaldy.
….” Atçapar “ sazy juda gaıgyl,hasratly bolany üçin bolsa gerek,soň-soňlar bagşylar ol saza “ Hüırlukga – hemra “ dessanyndan, “ Aglaryn “ hem-de Zeliliniň sözüne  ıar senden diıen aıdymlary döredip biziň günlerimize ıetiripdir.
 
Ỳusup berdiıew
 Uzuklar
 
Ir zamanda Pendi çöli 3 hanlyga degişli bolupdyr.ol üç hanlaryň perzendi dünıä inse
-de durmandyr.Olar bir-iki hepde şatlanyp-şatlanmakalar sähra ıene gara lybasa bürenipdir.Hanlar öz başlaryna düşıän musallaty diňe hudaı tarapyn diıip düşünüp
-dirler.Onsoň olar hudanyň hatyrasyna eçilip bilenini eçilip,Hatam taı ıaly,garyp pukaralara zat paılapdyrlar.
Bir gün hanlaryň üçisem atlanyp,awa-şikara çykypdyr.Olar çöl beıewana çykyp, öz ykballaryndan zeırenip,mülklerini terk edip,başga bir welaıata aşmakçy bolup mas
Lahatam edipdirler.Şeıdip ençeme ıol sökenlerinden soň hanlaryň ulusy Öde han
aklyna aılanıar.
--A — how,biz öz ıurdumyzda tapmadyk bagtymyzy ıat ilden tapmarys.Zeleliň ıary-
ndan gaıtmaklygam bir peıdamyş.Azyk-owkadymyza dolansak nädıä?
Diıip,ıoldaşlaryna sala salıar.
Içlerini hümmüldedip barıan Gödek han bilen Guldurdy hanam onuň pikrini makull-
ap yzlaryna gaıdıarlar.
Gaıdyşyn olar Gaş derıasynyň boıunda düşläpdir.çaı içip otyrkalar olaryň gözi ıüz
-ün salyp gelıän 3 atla düşıär.Hanlar biri-biriniň ıüzüne seredişipdirler.” İagy dökül
-em bolaymasa-da biri “ diışip otyrkalaram atlylar :
--Öde han, Gödek han,Guldurdi han buşluk buşluk –diıip,atlylar sährany ıaňlandyr-
ypdyrlar.
--A - how düşünikliräp aıtsaňyzlaň,haısymyzyň gyzymyz boldy diıenlerinde,atlylar :
--Han aga,üçüňiziňem – diıen jogaby eşidipdirler.
Hanlar “ be , de , be “ bolşup,har haısy öz mülküne tarap at goıupdyr.Barsalar dogu
-rdanam hanlaryň üçüsiniňem gyzy bolupdyr.Hanlar begenjigenem bilmändirler, gynanjagynam.Öňki perzentleri ıadyna düşüp az wagt bozulypdyrlar.Ỳöne üçüsiniň bir günde çagalarynyň bolmagy,olary begendirip.Toı günin I bellemek üçin jar çekip
-dirler.Üç hanyň üçüsem toy bir günde,Gaş derıasynyň boıunda çaılaşan ıerinde geçirmegi wadalaşıarlar.Toı güni Pendi çölüniň ıeden ıöräni derıanyň boyuna ıygnanypdyrlar.Üç gije-gündiz toı tutulıar.Baı,garyby ıok,ähli halaıyk iıip-içip mes bolupdyr.Toıuň ücülenji güni adamlar gyzlaryň adyny soraıarlar.Şonda hanyň masl
-ahatçysy märeke ıüzlenipdir :  
--Adamlar,gulak goıuň.Ählimiz diıen ıaly şu hanlaryň ıagdaıyny bilıäris.öň bularyň perzendi ıok.Şu günüň toıuň sebäpkärlerine – gyzlara at goımak size,ıagny halkyň paıyna düşyär.Nähilli at dakmakçy bolsaňyz sesleniň.siziň dakan adyňyz bilen biz-
em razy.
Bir salymdan soň derwiş sypatly aksakgally goja beyikräk ıere çykyp,adamlara ıüz-
lenıär :
--Eger meniň sözüm gulak assaňyz,eşidişimiz ıaly,hanlaryň gyzy bir günde dünıä inipdir.Şol sebäpli olaryň atlaram bir meňzeş bolsa oňat boljak.Razy bolsaňyz şol dü
-nıä inenlere men aıt goıjak.
Halaıyk duran ıerinden: 2 Hany eşideliň-de,hany eşideliň bolıar. “
--Eşitseňiz, Öde hanyň gyzynyň ady Uzuk,Gödek hanyň gyzynyň ady Näzik, Guldur
-dy hanyň gyzynyň ady Lälik bolsun, omin! – diııär.
Toıa ıygnanan märeke “ boldy-da,boldy,atlaryna mynasyp bolsunlar,ömürleri ziıat bolsun “ diıip alkyş baryny aydyp,öıli-öıüne dargapdyr.
Uzuk,Näzik,Lälik görmegöıden akylly,paıhasly gyzlar bolup ıetişıär.Günleriň bir güni hanlar ıene düşüşıar.
--Geliň,gyzlarymyz bir-biri bilen düşüşsynlar.Onsoňam bir zady berk ıadymyzda sak
-lalyň.Ir-u – giç gyz maşgala kesekiniňki bolmalydyr.Olar biziň döwletimiz däl-de, göwnühoşumyzdyr.Dünıeden ötmänkäk mülkümizem birine ynanmaly.Dogrumy?
--Dogry Öde han, rast aıdıarsyň – diıipGödek han bilen Gulgeldi han razy bolıar…
Gyzlaryň duşuşmaly ıeri Uzuk hanyň mülki bolansoň, ol bellinilen ıere beılekilerd-
en has ir gelıär-de myhmanlary garşylamak ücin taııarlyk görıär…..
Howa ıagtylanda, ıaılada goıun bakyp ıören çopanyň gözi bir topar çadyr gurup ıören adamlara düşıär.Bezelen kejebäniň töweregem gaıda-gaımalaşyk.
çopan goıunlaryny oıa sürüp,özem gamyşlykda gizlenip,töweregindäki bolup geçı-
än hereketi synlamaga durıar.
Birden kejebeden görmegöı gyz çykıar-da,” ıeriň gaymagyny bozsammykam, boz-
masammykam diııän ıaly,seıkin basyp,uly depä tarap ıöräp başlaıar.Ol mahal- mahal säginip,Tawus guş dek çar tarapa boınuny uzadyp garanjaklaıar.Onuň ıany-
ndaky hyzmatkärleri oňa gülälekdir jümjüme bogup getirıärler.
Näzik bilen Läligem bellenilen ıere gelıär.Uzak oalary hormatlap garşylaıar. Gün aşaklanda Uzuk,Näzik,Lälik degişip- gülüsip çemenzarlyga gidıärler.Olar gijäniň bir mahala deňiç Gopuz çalyp,Läle kakyp,Mojükatdy oınap,ahyram,Uzugyň kejebesin-
de dynç almaga gidıärler.Säher bilen uzakdan eşidilıän tüıdügiň owzyna oyanan Uzak :
--Boıdaşlar, Tüıdügiň owazyny sizem eşidıärmisiňiz ıa-da meniň göwnümemi?
Gözün süzüp,oıaly- ukuly ıatan Näzik :
--Kimem bolsa,Tüıdigi saıradyb-a bilıär — diııär.
Gerijiräp turan Lälik hem boıdaşlaryndan kem galmajak bolıan ıaly :
--Beıle-de bir ıürek gopdyryjy saz bolar eken-ow — diııär.
Beılekilerem örmänkä,üçüsem kejebedeb çykyp,saz gelıän tarapa ıumlagaıypdyr-
lar.Iki depeden aşyp,oıa inenlerinde gyzlaryň gözi otlaşyp ıören goıunlara düşıär. Goıunlaryň beıle ıanynda-da çöwürme telpekli ıigidiň Tüıdük çalyp oturandygyny görıärler.çopana görünmejek bolubam gyzlaryň üçüsi bir-biriniň elinden tutup aşak oturıarlar.çopanam bu zatlardan bihabar,çalyp outran sazyny tamamlap,ıene täze saza başlaıar.Sazyň jadylaıjy owzy gyzlaryň ıüregini gursagyndan çykara getiripdir
Perizat sypatly üç gyzyň ıakynlap gelıänini gören çopan çalyp outran Tüıdügini elinden gaçyryp,gözüne görünıändir öıdüp gaçmaga hyıallanıar.Edil şol wagtam güıçli gol onuň ıeňsesinden ebşirläp tutıar.çopan bada-bat çöküne düşüp, nämäniň nämedigine düşünmese-de ıalbarypdyr.
--Agam,başyňa döneıin.Meniň günäm ıok.Men bir çopan.Goıunlary suwa indirmä-
ge gelşim,meni göıber.
--Merez etmäge gelşim.Bi jelegaıda goıun bakarça sen kimmişiň.Bakıanyň kimiň goıunlary?
--Agam,Öde hanyň sürüsi.
--Öde hanyňki bolsa ,adyňy ayt kim sen?
--Dostmuhammet
Atly çopanyň ıakasyny göıberipdir.Onıança-da Uzuk dagy olaryň ıanyna gelipdir. Uzuk çopanyň  “ Öde hanyň sürüsi “ diıenini esidip ıylgyrypdyr-da :
--Bolup biler.Bi ıerlerde başga kimiň maly bolsuň?!
Uzygyň sesini eşiden atly :
--Günämi ötüň,Bibim – diıip,aňyrlygyna depeden aşyp gidıär.Uzuk ıylgyryp durşu-
na :
--Öde hanyň çopanydygyny çynyň bolsa,onda onuň gyzyny taryplap,bir saz çal, Dostmuhammet – diııär.
Öz adyny tutulanyny eşidip,çopanyň depesi göge ıetıär.Ol name diıjegini bilmän, gözlerini mölerdip durşuna :
--Siz Uzuk hanmy?!— diııär.Uzuk “ Hawa “ diıen manyda baş atıar welin, çopanyň Tüıdügi saırap başlaıar.Ol Uzuk hany taryplap,onuň durkuny saza geçirıär.Gyzlar çopanyň synçylygyna haıran galyp,onuň syratyna,saz çalşyna aşyk bolupdyr….
Gün guşluga galanda gyzlar kejebelerine dolanypdyr.Ỳöne gyzlaryň öňkiligi ıok. Ỳüzlerinde şatlykdan nam-neşan yok.Enekeleriniň ıürege ıarylan ıaly bolup gyzlar
-yň halyndan habar alypdyrlar.Olar aıry-aırylykda ıürek syryny enekelerine aıdyp –
dyr.Enekeleri gyzlaryň agzyndan çykan sözi eşidip ıakalaryna tüıkürip, bir-birine habar berıärler.
--Toba,toba.Heı-de görülip-eşiddilen zatmydyr,bir ?Bulary jyn urdumyka,gyz ?!
Üç sany hanyň gyzy bir çopana aşyk bolarmy?! Bular aklyndan azaşan bolaımasyn-
lar.” Atamyz bilen gürleş diııärler “ Nä ıüzümize ataňyza habar bereli?Iň bolmanyn-
da Beg ogly bolsa ! balalarym,agzyňyzdan haıyr açyň.Beıle gabahat işe biz-ä ıol berip bilmeris.Han-ha ataňyz,gürleşiňem,razylaşyňam.Biziň başymyza ahyrzaman indirmäň….
Uzuk enekesine ıalbaryp-ıakaryp, ahyry,atasy bilen gürleşmäge razy edıär.
-- Bi zatlaryň sebäpkäri özüm.Sähra git diıenem özüm.Gyzlar bilen düş diıenem özüm.Eger gyzymyzyň diıenini etmesek,Hudaı ıene bizi ıazgyrar.Ỳeke dikrardan jyda düşmeli bolaımaly.Iň gowsy,Halk köpçüligi bilen maslahatlaşaly.
Hanlar ıene jar çekdirip,ähli halky Sähra ıygnapdyrlar-da gyzlarynyň isleg- arzuwlaryny ile ıetiripdir.
Geň habary eşidip halk köpçüligi “ Bijeli oglan aglamaz “ diılenini edip,Uzuk,Näzik ,Lälik üçüsine bije atypdyrlar.
Uzugyň bagty çuwupdyr.Onuň bijesei çykıar.Adamlar,Näzik bilen Lälige hem myna-syp ıigit tapyp,üçüsiniň toıunam bir günde tutupdyrlar…..
Hanlar bolsa gyzlaryny hormatlap,Gaş derıasynyň boıunda Gyzlar Galasyny salyp beripdir.Uzukdagy ömrüniň ahyryna çenli şol galada ıaşap,döwran sürüpdyrler.
Dostmuhammet çopanam gyzlaryň şanyna “ Uzuk “ , “ Näzik “ , “ Lälik “ diıen sazla-
ry döredipdir.soň –soňlar ol sazlar toı meılisde çalynyp : “ Uzuklar “ diıen at bilen biziň döwrümize gelip ıetipdir.
 Ỳusup berdiıew.
           
Men bu gün enäni gördüm,bo-eı
 
Gadym zamanlarda Ahal topragynyň günorta-günbatar çetinde bir oba bardy.Onuň ilersi daglyk gaırasy giden düzlikdi.ıaz çykyp, toprak janlananda,adamlar mal-garal
aryny sürüp,ıazlyga giderdiler.
Ol obanyň ıaşulusynyň gyzyna Ene diıerdiler.Ol özüniň owadanlygy bilen beıleki obalarda bellidi.Arly gyş öıünden çykman oturan Ene ıazyň heıjana getiriji bark ur-
ıan hoştap ysyny işdämenlik bilen demine sorup doıup bilmeıärdi.Bir sapar Ene gözenekden töweregi synlap oturşyna, Enekesiniň adyny tutup gygyranam düıman galdy.Enäniň ıanyna enekesi geldi.
--Ähli syrym bilıän enekäm! Şu gün meniň ıüregim näme isleıär ? hany aıt !
Kempir enäniň suluk ıaly barmaklaryny öz eliniň aıasyna emaı bilen aldy :
--Bibim,men bilmän,kim bilsin seniň isleg-arzuwňy.Seniň gül-çemenli baıyrlarda keı
-ik kimin bökjeläsiň gelıär.
--Wah, enekäm,göwnüm bol-a.Meniň baıyra gezelenje gitjegimi atama-da aıt. Çoralarymy alyp Jümjüme,çigildem,Gazynjak çemen bogunjak.
--Ataň-a balam, säher bilen mallarym diıip,sähra gidişi atlylary bilen.Sen,guzym gitseň git,ıöne köp eglenmän geleweri.Oba şu wagt çoladyr.Özüň bilıäň-ä adamlaryň
köpüsi ıazlaga çykdy.Bilip bolmaz,bolmajasy bir iş bolaısa,kömege ıetjek adam ıokdur.Men onsoň ataňa näme jogap bereıin,guzym ?!
--Eneke jan,hiç zady gaıgy etme.Biz gitdik haı dimänem geleris, hoş !
Ene obadan çykanda,göıä aıyň bölegi dagyň gädiginden görnen ıaly boldy.Ol Taw-
us guş ıaly bezenip,ıere agram salman,messan basyp,lälezarlyga tarap barıardy.
Enäniň çoralary belenli-pesli depelerdäki gülleri çöpläp,obadan ep-esli arany açdylar
Bir salymdan soň Enäniň gujagy güllerden doldy.
Ene dagy bir-biri bilen degişip-gülşüp ,günüň gijigeninem aňşarmadylar.Seretseler, gün daga girip barıar.Olar gaıtmak üçin yzlaryna dolanjak bolup durkalar ıeri ıaryp çykan ıaly, depeleriň aňyrsyndan on-on bäş atly peıda boldy.
Ene alamançylary görüp,çoralary bilen oba tarap gaçdy.Alamançylar “ Hudaı berse guluna,getirip goıar ıoluna “ diıip,gygyrşyp,Ene dagynyň yzyndan aç möjek ıaly topuldylar.Atlylaryň ıetip gelıänini görüp,gyzlar çar tarapa dargadylar.
Şol wagt mert ıigit Gara Mergen atlylary bilen jülgeden aşak indi.Gara Mergeniň gözi gyzlara kowalap ıören atlylara düşenden allaniçigsi boldy.Ol atynyň başyny çekdi.Gara Mergeniň ıoldaşlaram durdy.Gyzlaryň özlerini halas etjek bolup oıdan beıige ,beıikden oıa gaçyşyny synlap duran Gara Mergeniň sabyr käsesi doldy.Ol ıoldaşlaryna ıüzlendi :
--Ỳigitler,eger alamançylar bizi görüp gaçsalar,biz olaryň yzyndan kowarys.Sen bol-
saň,Hudaıberdi,gyzlary oba alyp bararsyň.
Gara Mergen atlylary bilen baıyrdan aşak indi.Alamançylar ıaydan çykan ok ıaly sünüp gelıän atlylary görüp,huşlary başyndan göçdi.Olar janlaryny halas etseler razy boldular.Gara Mergen atlylary bilen olaryň söbügine münüp,goldan aşdy.
Hudaıberdi gyzlary bir ıere ıygnap,olary oba alyp gaıtdy.Gyzlar oba ıakynlaşanda ıoldaşlary bilen Enäniň kakasam olaryň öňlerinden çykdy.
--Hudaıberdi, bu nämäniň ahwalaty?Gyzlaryň ıüzi ak esge dönüpdir,ıa alamançy döküldimi ?
Hudaıberdi bolan işi birin-birin gürrüň berdi.
--Berekella , oglum,är işini bitiripsiňiz.Ỳöne Gara Mergen dagy sag-aman dolansa-da biri ?Men öňdenem aıdyp ıörin-le,Gara Mergene.Iň gowsy,obada gal-da ıigitlere baş  bolaı diısem, “ Dagda dogulypdyryn,dagd hem günüm görerin “ diııär.Ỳögsa ıigit dagy däl.Edermenem,batyram.Üstüsine-de bagşyçylykdanam habary yok däl ,
Mergeniň.
Ỳaşuly bilen Hudaıberdi gepleşip durka,Ene uz ıöräp,olaryň ıanyna geldi.Gelşine-de Hudaıberdiniň egnine gyrmyzy don atdy.Hudaıberdi Ene näme diıjegini bilmän, töweregine ser etdi.
Gyzyň serpaıyna göwni ıeten ıaşulynyň maslahatçysy Hudaıberde ıüzlendi :
-- “ Zer gadryny,zergär biler “ diıipdirler,oglum Hudaıberdi.Nesip etsin,Toıda tozsun
Eger çaı-nahar kemiň yok bolsa,hoş geldiň.Toıda duşalyň.Biz sizi hiç wagt unutmar
-ys.Gezen ıeriňizde sag-aman geziň.
Hudaıberdi Gara Mergeniň giden tarapyna atynyň başyny öwürdi.Oňa duşan badyn
a-da ilki bilen özi habar gatdy :
--Gurtmy,tilki ?!
--Tilki bolduk,Hudaıberdi.Gaty gaçdylar.Seniň ıagdaıyň nähilli?Gyzlary sag-aman gowşurdyňmy?
--Gyzlary gowşuryp-gowşurmaz ıaly,olar Ene bilen çoralary bolsa nätjek !
Gara Mergen Ene diıen sözi eşidip,gözi hanasyndan çykara geldi.Ol Hudaıberdiniň alkymyna dykylyp bardy-da :
--Dogryňdan gel,ıa-da…..
--Mergen,Enäniň özüni hut gözlerim bilen gördüm,ynanmasaň süreliň oba garşy.
--Gürleşdiňmi ?
--Ỳok,gürleşip bilmedim.Ỳöne gyrmyzy dony peşgeş berenem hut Enäniň özi.Öz eli bilen getirip egnime ıapdy.
--Wax,maňa akmak Mergen diıerler.” Gaçany kowujy bolma “ diıen söz näme,boş ıere aıdylandyr öıdıärmiň diısene,şolaryň içinde Enäniň bardygyny bilen bolsam…
--Mergen,ax çekme.” Altyn gapylyň,agaç gapyla dilegi duşermiş “ .
--Aı,beıle bagt bize ıetiresi yok-la.iň gowsy,irräk mesgene baryp garbanalyň…
Aı aılanyp,ıyl geçdi.Atasy aradan çykandan soň obany dolandyrmak Enäniň başy-
na galdy.
Enäniň ıeke galanyny eşiden,öňden onuň owadanlygyna aşyk bolup ıöränler ony boıun egdirmäge hyju edip başladylar.Ene obanyň ıigitleri bilen bir ıowy gaıtarsa, ıene biri gelip,obany gabady.Şeıle irginsiz çaknaşyklardan soň Enäniň tarapy, hal
-ys tapdan düşdi.Gelmeşiklere gaıtargy bermäge mejal galmady.
Ene ahyry iň ıakyn adamlary bilen maslahatlaşdy.birine öz garamatyny tabşyrmak-
çy boldy,jar çekdirdi.” Kimde-kim obany çozuşdan halas etse,Ene şol adama özüni mynasyp görjekdir “.
Bu habar yyldyrym çaltlygynda uly ile ıaırady.Dagda mesgen tutup ıören Gara Mergene-de bu habary eşidip,öz atlylarynyň birini Enäniň üstüne iberdi.Ol gelip,Ene şeıle diıdi :
--Biziň Gara Mergen diıen gerçegimiz bar.Ol obany duşmandan gorap biljek.Ỳöne özüňiz baryp,öz diliňiz bilen Gara Mergene aıtsaňyz….
Enäniňgökdäki dilegi ıerde gowuşdy.Ene Gara Mergeniň ıanyna bardy.Gürleşdi.
Gaıtjak bolanda hem Mergeniň boınuna ala ıaglyk daňyp,ıalbardy :
--Obanyň ykbaly seniň eliňde,Gara.Eger batyrlygyň ,mergenligiň çyn bolsa,dagdan aňyrdan duşmandan bizi halas et.Halk saňa garaşıar.
--Sen geldiň,Ene, indi zady gaıgy etme.Ỳigitleri ıygnap,halkyň goragynda häzir bolaryň .
..Ak Iniş diıen ıerde gazaply söweş başlandy.(Ak iniş häzirki Gyzylarbat şährinden bäş Km ilerde dagyň içinde ıerleşıär).Söweş üç güne çekdi.Üçünji gün Gara Merge
-niň atlylary asgynlap,yza çekilip başladylar.Ol duşmany hile bilen ıeňmegiň ıoluny agtardy.Gara Mergen atdan düşüp,Söweşde geııän eşiklerini atynyň eıerine bagl-
ap,dagyň depesinden goşunlaryna buıruk berip duran duşman serkerdesiniň janyny jähenneme ibermek üçin öwrümli gaıa dyrmaşdy.
Duşman serkerdesiniň keıpi diıseň kökdi.Ol goşunlarynyň söweşişinden göwni hoş bolup,yzly-yzyna murtuny tow berıärdi.
Töwereginden oňa hemaıat berıän adamlaram serkerdäni ıetip gelıän ıeňiş bilen gutlaıardylar.Birden onuň sesine suw sepilen ıaly boldy.Gara Mergen duşman serkerdesiniň kebzesinden ak saplyny sokup,dagdan aşak togalady.
Serkerdäni gaıadan aşak gaıdanyny görüp,onuň töwereginde duran hemaıatçylar-
am gaçmak bilen boldular.Gara Mergen dagyň depesinde durup,joşgynyna Enäni taryplamaga başlady :
 
         Ene diıer saçym sary,
         Saçy tamdyranyň tary.
         Ak gösünde goşa nary,
         Men bu gün Enäni gördüm.
 
Enäniň waspyny ıetirıän aıdym barha belent ıaňlanıardy:
         Gara mergen taryp eder,
         Sallananda uzuk äder.
         Çyn aşyklar görkden dadar,
         Men bu gün Enäni gördpm.        
Aıdym tamam boldy.” Baş bolmasa,göwre läş “ diıenleri.
Ene gaıduwsyz Gara Mergeniň hatyrasyna üç günläp uly toı tutdy.Gara Mergeniň şo aıdymam şondan bäri nesillere meıras bolup galypdyr.
                                                     
 Ỳusup berdiıew  
     
t.kor@online.de
t.kor@gmx.de

 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org