Kitap

Seıitnazar Seıdi: Goşa Pudagym (Dessan)
(Latinça geçiren: Teımur Kor)
SEİITNAZAR SEİDI – juda ıowuz hem-de täsin ykbally şahsiıet, iñ beıik ıaradyji onuñ eline egri Gylyç, diline-de dogry söz berip,boınuna-da il-ulusyñ ar-namysyny ıükläpdir.
Ekbal bolsa ony watan üçin gyr ata ataryp, bir lebapdan, bir LEBAPDAN,bir MARYDAN,birHIWADAN, bir EİRANDAN, birem gürgenden çykarypdyr.
Çylşyrymly ıeri: Seıdiniñ häsiıetindäki dürlülikdir : ol bir görseñ-ä ,gylyjyny ıalpyldadyp, duşman gelıän tarapy peıläp, gözüne gan indirip dur.Bir garasañam , perzent dagyna düzüp bilmän, bagryny sowuk ıere berip,gözlerinden ıaş ornuna gan akdyryp ıatyr.
Ondaky şu häsiıet dürliligine düşünmedik käbirleri bolsa , iki Seıdili çaklama yüz urmaga synandylar.
Bir adamda iki dürli häsiıetiñ bolmagy täsin zat däl.Oruslaryñ beıik ıazyjysy LEW TOLOSTOİ yöne yere „ Men – bäş adam“ diıenok ahryn .
Şu babatda dostlaryny gülüp garşylap, olar gaıdansoñ bolsa,TÜRKMEN TARYHY , onuñ ägirt ekbally gerçekleri bilen ıalñyz galan, olary „täzeden dikeldip“ , halka çykarmak ugrunda gijeler ıatman,ıürek – bagryny köküni gyryp azap çeken AHMET neressäniñ ömri-de Türkmeniñ Seıidi kimin är- ogullarynyñ ekballaryna çalymdaş.

 

ÇAPA TAİİARLAN FILOLOGIİA YLYMLARYNYÑ KANDIDATY :AHMET BEKMYRADOF

RAWIİAN AHBAR WE NAKYLAN ETER WE TUTİAN Şeker; şirin guftar şundag rowaıat kylarlar kim, Seıdi 4 hatun alyp erdi.
Ulug hatyndan üç gyzy boldy. Alla tagala alrynyñ ömrüni neres telikde wepat kyldy.Ata – enesige perıat boldy.
Perıat digenleri ol turup kim, kerwen takryr geler.
İagşy düşleginden soñ nereste ölgen oglanlar jennetde ata- enesi üçin jay düz eder.Ne gerek bolsa taııar kylarlar.
Şonuñ ücin hem rawylar gaıdyp , gamnäk boldular.İene „ belli , jan sag bolsun , alarynyñ öwezige ogul – perzent bersin „ diıip, hudaga şükür kyldylar.
Elkyssa , Seıdiniñ TOTY atly hatunyndan iki ogul body.Ulug oglunyñ ady MIRHAİDAR erdi, kiçik oglunyñ ady MIRHESEN erdi.Mirhaydaryñ puştunda resul – aleyh – essalamyñ nyşany bar erdi.
Halaıyk arasynda bu oglanlardan ança hedaıat, keramatlar zahir bolup erdi kim, binehayat.Her kişi alaryny görse jan-dil birle söwer erdiler.
Elkyssa, oglanlaryñ enesi TOTY erdi.wepat boldy.MIRHAİDAR bäş ıaşynda , Mirhesen üç ıaşynda eneden galdylar.
Seıidi perıat kyldy, oglanlaryny gujagyna alyp aıtdy :
--Eı iki gözüm nury, köñlüm serweri perzentlerim ! men sizni enesiz niçük saklagaı men ? – Diıip, ıylgady.

Taki teke welaıatynda Şemşat atlygy bir gyz bar erdi.Seıdi aıtdy :
--Men ol welaıatga baraıyn, huday razy kylsa, Şemşatyny alaıyn, şaıet oglanlarymga mähriban bolgay ! – Diıip, atlandylar.Birnäçe katyg – menzel etip, ol welaıatga bardy.Şemşatyny aldylar.Tört ay onda galdylar.her gün oglanlargy ıadyna düsüp, ıüregi para-para bolup, ah çekip, bu gazalyny aıtdy.
Gazal Seıdi :

-- Eı gözümniñ rowşeni, köñlüm sizni istär bu gün,
Eı ereniñ gülşeni, köñlüm sizni istär bu gün,
Däli köñlüm gülşeni, köñlüm sizni istär bu gün,
Bahr içiniñ magdany, köñlüm sizni istär bu gün,
Gunçalarnyñ ahsany, köñlüm sizni istär bu gün.

İaş eken bu eneden galan ıetim oglanlarym,
Söwgüsinden aırylgan täji – perim oglanlarym,
Eı meniñ görer gözüm, içde demim oglanlarym,
Murgy – köñlüm, mesgen köñlüm sizni istär bu gün.

Göz guwanjym, eı, meniñ jandan eziz perzentlerim,
Mirhaıdar, Mirhesen atlygy iki delbentlerim,
Bir daragtdan iki miwe, ikisi peıwentlerim,
Gıüç – kuwwatym, jan aramym, ıürek – sursantlarym,
Ah urup, tüni – güni, köñlüm sizni istär bu gün.

Biri gözüm garasydyr, biri daşynda agydyr,
biri bagrym örküdir, biri ıüregim ıagydyr.
Birisi kuhy – belug, biri kabusynyñ dagydyr,
Biri şemsniñ enweri, biri şebniñ çyragydyr,
Eı, hatlyka rowzany, köñlüm sizni istär bu gün.

Jowşenim, seıfim hysarym, zynatym,ziwerlerim
Golda galkanym weli, uçmaga balu- perlerim,
Müşki kafurym meniñ, ysy ıupar anbarlarym,
Gatyf kalbym, asly Seıit, gazanfar şirlerim,
Köñlüm nagyz istär meni, köñlüm sizni istär bu gün.

Biri salarly – arapdan, biri mekge agzamy,
Birisi mahy – pelekdir, biri çarhynyñ enjamy,
Iki türpe näzik oglan, bir- biriniñ hemdemi,
Ähli diller söıgeni, köñlüm sizni istär bu gün.

Seıdi diıer, neıleıin boldy ıürek sed paralar,
Ne alaç eıleı, neteı galdym biçäreler,
Aıralyk tygy dilip, bagrymny kylmyş paralar,
Müsür iliniñ soltany, köñlüm sizni istär bu gün.

Elkyssa, bu gazalny aıtdy.Erse ŞemŞatny alyp, bir niçe katyg – manazyl etip,öz welaıatlarga geldiler.Oglanlarga gowşup, myratlary hasyl boldy.Bu oglanlarnyñ zowk – şowky birle aış – eşret etdiler.
Bu oglanlarnyñ häsiıetleri bu erdi kim, at – ıarag birle şowky köp erdi.Her ıerde at görseler münüp erdiler.Eger musulmany – kafyr, myhmany – mysafyr görseler, alarnyñ atyny münmeıin, tagam – mahazere bermeıin goıbermese erdiler.Alar her kimige mähriban erdiler.
Günlerde bir gün Seıdi bilen jemagat oturyp erdiler.Gördüler, bu iki mürzeler garşy garafda ıol başyga ıügürdiler. Bu jemagatlar bilmediler bu oglanlar ne işe baradurlar.Gördüler erse maşrykdan bir atly peıda boldy.
Bildiler, oglanlar anyñ ıoluga çykyp, atyny müngeıler.Ol zaman atlyg hem ıetip geldi.Bu iki mürzeler ikisi hem salam kyldylar.Aıtdylar :
Mirhaıdar :

-- Essalam – aleıkim, gelen suwara,
Agajan, bir zaman dur, bizim sary,
Sözüm ıerde goıma, gaıtarma raıym,
Sowulgyl ıoluñdan, ıör bizmi sary!

Mirhasan :
-- Hoş geldiñ bu jaıa, gelen suwara,
Agajan, bir zaman gel, bizim sary,
Näbelet sen, ıol bilmez sen, gezer sen,
Eger gider bolsañ, ıol bizim sary !

Suwara :
-- Bilbil owazyñyz, şirin sözüñiz,
Hoş ıakdy gulaga, heıli mürzeler,
Görmemişem, tanamazam men sizi,
Siz kimiñ perzendi, ogly, mürzeler ?!

Mirhaıdar :
-- Sorsañyz nesli biz Şahymerdanyñ
Alydyr arslany, şiri – hudanyñ
Biz iki oglumyz Seıdi hojanyñ
Görüş atamyzga, bar bizim sary !

Mirhesen :
-- İezit çykdy ymamlarynyñ şanyga
kerbelada galdy hüseıin ganyga
Baraly bir zaman atam ıanyga,
Nan iıgil, suw içgil, çal bizim sary !

Suwara :
-- Uzak ıodan, janlar, gelmişem daşdan
Men sizi görmemişem, ıokduñyz başdan,
Suguryp ıüregim aldyñyz içden,
Tañrynyñ tarhany, däli mürzeler.

Mirhaıdar :
-- Syndyrma sözümni, basyp gitmegil,
--- Osan il kimin osup gitmegil,
Birden omydyñny kesip gitmegil,
Gel imdi baraly, bar bizim sary.

Mirhesen :
--Atam hoş sahypdyr, muhabbatlydyr,
Atam mähribandir, mürewwetlidir,
Atam güler ıüzli, mylakatlydyr,
Tanyş, biliş, aşna bol bizim sary.

Suwara :
-- Awal sizni eziz eden hudadyr,
Sizden juda bolgan hakdan jydadyr,
Sizge, atañyzga janym pedadyr,
Gerçekdir sözüñiz beıle mürzeler.

Mirhaıdar :
-- Gaıgydan bigäne, gamdan halasam,
Kemal tapar bolsañ, kimge yhlasam,
Aşygam, şowkyıam, atga münmek höwesem,
Düş atdan, bir zaman bar bizim sary.

Mirhesen :
-- Iki gardaş bile boldylar hemra,
Müneli atñny, çykaly sähra,
Agalyk, nökerlik eıleseñ berja,
Bu gije myhman bol,gal bizim sary.

Suwara :
-- Men bu gije galyp ıata bilmenem,
Basyp sözüñizni öte bilmenem,
İolum çok uzakdyr,ıete bilmenem,
Kesipsiñiz bu ıerde ıoly mürzeler.

Mirhaıdar :
-- Gözleriñ asmanda, howada seriñ,
Bu çendir, bu jaıdyr bu duran ıeriñ,
Eşitseñ sen özün Mirhaıdaryñ,
Agajan, gideıli, sür bizim sary!

Mirhesen :
--Mirhesen tiır, bizni görme beçeler,
Awwal group, synamaşlar niçeler,
Tutmuşam ıoluñny, bagly köçeler,
Agajan, terhosym al bizim sary!

Suwara :
--Şahymerdan berdi höwri zemine,
Niçe kapyrlarny getirdi dinge,
Siz bir emirzada, men bir kemine,
Siziñ dek ärleriñ guly, mürzeler !

Elkyssa bular sözlerini tamam etdi. Erse bu oturan jemagatlar bu oglanlarynyñ işige aferin aıtdylar. Bu suwara bu oglanlaryny jan – dilden söıdi.Aıtdy :
Eı mürzeler ! Siz kaısy bagnyñ gülisiz, Kaısy çemenniñ bilbili siz ? – diıdi.

Olar aytdylar :
Biz bir hudanyñ gulumyz. Muhammed resulyllanyñ ummatymyz.Şahymerdan neslimiz. Seıdi hojanyñ oglanlarymyz.
Imdi gel,atamyz gaşyna baraly ! Diıip, alyp geldiler.Erse suwara Seıdiga salam kylyp,ekram birle oturup erdi.
Bu mürzeler anyñ atyny münüp, iku tarapga çapa başladylar.Bu kimerse aıtdy :
Eı Seıdi, bizni üçin bir hyzmat barmy ? ıok erse, ıolum uzakdyr.Rugsat berseñiz gitjek ! Diıdi.Seıdi aıtdy :

Biz siz gelenden bihabar erdik. Lekin bu oglanlar nebalygtururlar, häsiıetleri bu turur.Gelip gijäni haly goımasalar diıdi.Erse Seıdi oglanlaryny çagyryp aıtdy :

--Eı gözümniñ nury Mirhaydar, Mirhesen ! imdi bu myhmanyñ atyny beriñ ! İoly uzakdyr, İoluga barsyn. Diıdi. Anada alar aıtdylar :
-- Biz ıene bir zaman münely, Ta keyfimiz dargasun – Diıdiler.
Ol wagt Seıdi oglanlaryga :
--Siz köp biedpsiz ! – Diıdi : - Erse tiz atdan düsüñ ! – Diıip, bu gazaly aıtdy.Gazal Seıdi :

--Düşüñ atdan, biedeplik eılemäñ ,
Uzakdyr myhmanyñ yoly, oglanlar ,
Bu herzelik siziñ üçin ıaraşmaz,
İokmi imdi siziñ ıaly oglanlar !

Sähralardan, beebanan gelmersiz,
Atañyz nesihatyn almarsiz,
İagşy nedur, ıaman nedur bilmersiz,
Añlamaz, dil bilmez dili, oglanlar !

Men biler men bardur sizde keramat,
Emma atañyzga bermäñ hyjalat,
Her kimsäni öz basyga parahat,
Goımazsiz gezmäge ili, oglanlar !

Eı gözümniñ röwşeni, iki mürzeler,
bolsun myhman köñli sizden razylar,
Perıat sizniñ eliñizden herzeler,
Sizde biedeplik heıli, oglanlar !

Seıdi diıer, balam, eşidiñ bizden,
Bihuda danysmak aıypdyr sözden,
Hatardur, zyıada gorkarym sizden,
Degmesün her kiminiñ dili, oglanlar !


Elkyssa o şol wagt oglanlar bu kelemäni eşutdiler, erse özlerini atdan taşlap, Mirhaydar aıtdi :
--Eı, ata ! bu gün bizge gatyg sözlär sen.Köñlümizni ynjydar sen . Tañla bu wakygaga puşeıman kylar sen. Ol wagt hem şundag sözlegil ! – diıip, bu gazaly okydy :

--Düş atdan diıip, maña syıasat etme,
Ne işim bar, atdan düşmen, atajan !
Sapa bolsun Haıdarjan diıip aıdar sen,
Bu eden işiñe puşman, atajan !

Bu gün ynjydar sen sözüñ biläni,
Görer sen gudratyny gözüñ biläni,
Mirhesen hem gider biziñ biläni,
Waı, aıdan diliñe duşman, atajan !

Bu gün bizge beıle ıüzüñ çytar sen,
Erte gara geıip, matam tutar sen,
Galkynmany güne çişip ıatar sen,
Galar sen bu ıolda aşman, atajan !

Gazal Seydi bu turur :
--Hak sizni ıetirsin maksat – myrada,
Işiñiz gün – günden bolsun küşada,
Ylahy ömrüñüz bolsun zyıada,
Sizge bir ıamanlyk rowa bolmasyn !

İürek titräp, tenim lerzan etdiñiz,
Huşum alyp aklym haıran etdiñiz,
Köñül ymaratym weıran etdiñiz,
Ogulsyz atañyz geda bolmasyn !

Siz barlykda soltan menem, han menem,
Hakga şükür bardyr, musulman menem,
Balam, galat etdim, puşeıman menem,
Mende munadan gaıry hata bolamasyn !

Biri lebzi şirin, bilbil owazlym,
Biri atasynyñ ıüz dürli näzlim,
Eı, gara gulpaklym, waı, gara gözlim,
Bu nöwça ömrüñiz kötä bolmasyn !

Seıdi diıer, aglap ıatmagyl, balam,
Hatadyr beıle söz etmegil, balam,
Gün kimin gyzaryp batmagyl, balam,
İene bagtym meniñ gara bolmasyn !

Elkyssa bu gazaly aıtdy.Erse bu olturgan halaıyklar tagjap kylyp, göz ıaşartyp, emma Seydige tagna kyldylar. Oglanlarga ança ıalbaryp, puşeıman boldular.Her kisi gelip, bir ıalbaryp, boıunlaryndan guçdular.Hiç eser kylmady.
Ahyrynda bir at bezäp getirdiler.Oglanlar mündiler.Alar bir zamananyñ bilen meşgulboldular.

Bu gije Seıdi her ogluny bir gujagyga alyp,ysgap ıatdylar.Dañ atdy.Erse ol wagt Alimuhammet diıgen kimerse bar erdi, guşçy taıpasynda howandar erdi.Seıdi oglanlarga aıtdy :
--Eı, perzentlerim, eı ıürek hursantlarym, rugsat barmu,biz hem ol jemagatga barale ?! İok, erse, bizden halaıyklar ajap görgeıler – Diıdi. Ol wagt mürzeler aıtdy :

--Eı, käbäm, atajan, eı, kyblam atajan,bargyl, emma tiz gelgil ! Diıidiler.
Erse Seıdi ol jemagatga bardylar.Bir zamandan soñ habar geldi.Aıtdilar : “ Il arasyga weba wakyg bolup erdi. Mirhaıdarga hem weba degdi “ diıip aıtdylar.Erse ol wagt Seıdiniñ huşy başyndan gitdi.İüregi para –para bolup, öıge geldiler. Gördüler, erse Mirhaydar zyıada haly perişan turur.Ol wagt Seıdi bu halny görüp, baryp ogluny guçup, ıüzünden ysgap : “ Eİ , balam, eı, nuri didäm, ne halyñ bar ?! “ Diıip, bu gazalny aıtdy :

--İürek örküm, bagyr bagym,
Nedir seniñ halyñ , balam ?
Göz nury, çeşmi – çyragym,
Niçikdir ahwalyñ, balam !

Göz guwanjym, herne barym,
Malym – mülkim, bar mydarym,
Täze bagym, nowbaharym,
Açylmazmy gülüñ , balam !

Ogul, men derdiñ alaıyn,
Alyp janymga salaıyn,
Sizden awwal men öleıin,
Geliñ , gabra salyñ, balam !

Altyn gupbam, täji – serim,
Bilimde kümüş kemerim,
İatdan çykmaz burum – burum,
Tepäñde, käkiliñ, balam !

Daglar dözmez, daşlar dözmez,
Akar gözden ıaşlar dözmez,
Ot alar, agaçlar dözmez,
Tap getirmez çölüñ, balam !

İaşlykda besledim seni,
Ulalañda ıakdyñ meni,
Bu gün ahyrzaman güni,
İas baglaşar , iliñ seniñ !

Halyñ harap , derdiñ zabun,
Saldyñ ıüregime dag –dugun ,
Hakyñ emri bilen bu gün,
Aıra düşdi ıoluñ balam !

Seıdi diıer, dur, Haıdarym,
Halyñ habar ber, Haıdarym,
Sözleri şeker, Haıdarym,
İakar meni diliñ, balam !

Elkyssa, Seıdi bu gazalny aytdy. Erse ol wagt Mirhaydar atasyga bakyp aıtdy : „ Atajan, janym saña pida bolsun „
Diıip, bu gazalny aytdy.Gazal Mirhaydar :

--Bu gün aıdy – gurban boldy,
Goç – guzy gurban, atajan,
Ybarhym dek hakdan saña,
Bolupdyr permen, atajan !

Imdi sizni görme ıokdur,
İene döwran sürme ıokdur,
Hoş gal, imdi durma ıokdur,
Dolupdyr peıman, atajan !

Iki ogluñdan aırylyp,
Gözläp galar sen muñalyp,
Gujagyñda ysyñ alyp,
Doımadyk, arman, atajan !

Dil daşdyr, köñül şişedir,
Derdim başymdan aşadyr,
Syna tutmak endişedir,
Halym perişan atajan !

Bulut boldy kamar ıüzi,
Döküldi bagtym ıyldyzy,
Sakla gujagyñda bizi,
Halym perişan, atajan !

Umydym uzdym janymdan,
Otur, aırylma, ıanymdan,
Şirin jan çykdy tenimden,
Agla bir zaman, atajan !

Atajan, ıanyma gelgil,
Meni gujagyña algyl,
Imdi menden razy bolgul,
Başyña gurban , atajan !

Gezer sen iglee – iglee ,
Bagryñy daglaıa –daglaıa,
Galar sen ıyglaıa – ıyglaıa,
Biz gitsek bu ıan, atajan !

Bu dertge boldum geriftar,
Hak özi bolmasa gamhor,
Eger tebip gelse jerrar,
Neılesin lukman, atajan !

Baglydyr bagtyñ, baglydyr,
Dilinmiş bagryñ daglydyr,
ölenler kimniñ ogludyr,
Pylanyñ plan , atajan !

Illeriñ ogly oınaıyr,
Seniñ gözleriñ gynaıyr,
Içiñ ıanyp, bagryñ köıir,
Jigeriñ bürıan atajan !

Ogulsyz : „ Ogul ! „ diıp kime,
Döker ıaşyn dügme – dügme,
Meniñ bu güıçli derdime,
Tapylmaz derman, agajan !

Ölen ölüp, ıola düşüp,
Galanlar galar orlaşyp,
Haydar diıer, hatarlaşyp
Çekildi kerwen, atajan !

Elkyssa, Mirhaıdar bu gazalny aytdy. Erse, ol wagt bir ah urdy.Mirhesen bu halyny görüp, huşy başyndan gidip, reñi tagıyr bolup : „ Eı, emekdeşim, ıalñyz – ıeke gardaşym, ne halyñ bar ? „ Diıip, bu gazalny aıtdy.Gazal Mirhesen :


--Pylan ogly pylan mürze diıilgen,
Tur, Haıdarym ne iş düşdi başyña,
Ötgen babalarnyñ ady goıulgan,
Mirhaıdarym, ne iş düşdi başyña !

Bozulmasyn, agam, ömrüñ köçesi,
Üzülmesin gyzyl gülüñ nöwçesi,
Şahymerdan nesli, arslan beçesi,
Şir Haıdarym ne iş düşdi başyñga ?

Bilbil owazlary , şirin sözleri,
İüregde dag – dugun, ıakar bizleri,
Näzik teni,gyzyl dek ıüzleri,
Nur Haıdarym, ne iş düşdi başyñga ?

Selman birle hemdem bolup ıatyjy,
Hummet asasyny golda tutujy,
Müşgil düşse çagyranda ıetiji,
Är Haıdarym, ne iş düşdi başyñga ?

Kümet – hezraıa çiltenler bilgen,
Mansurnyñ oturan jaıyga gelgen,
Alar içgen meıden içip, pir bolgan,
Zor Haıdarym, ne iş düşdi başyñga ?

Agam nowçalykda, dokuz ıaşynda,
Bilmen niçek söwda bardyr başynda,
Halklar gelip, halyñ sorap daşyñda,
Tur, Haıdarym, ne iş düşdi başyñga ?

Mirhesen diır, ıürek – suwdyr, bagyr – gan,
Gopdy atamyzga bir ahyrzaman,
Emekdeşim meniñ, waı, ıalñyz dogan,
Mirhaıdarym ne iş düşdi başyñga ?

Elkyssa, Mirhesen bu gazalny aıtdy.Erse, o şol wagt Mirhesene-de weba degdi.Bu hem bihal bolup ıykyldy.
Şol zaman hiç özüni bilmedi.Seıdi haıran – serasimede galdy.Aıtdy :
--Eı hudaıa, ol Haıdarym gussasynda erdim.Mirheseniñ ody ondan zyıada boldy.Bu tarapga baksam, ıanar otga köıep men, bu tarapga baksam, derıaga gark bolar men.Imdi depre – nerge derman galmady.Bularnyñ biri galsa, anga hem razy turur men – Diıip, zar – zar ıyglap,bu gazalny aıtdy.Gazal Seıdi :

--Görer gözüm, nury-didäm oglanlar
Kylaıyn janymny sizge pida men!
Nowbaharym, biri körpäm oglanlar
Imdi bolar boldum sizden jyda men.

Çäre ıok, hudanyň takdyry bolsa,
Höküm anyňdyr, gudrat anyň, ne kylsa,
Hak permany birle birisi ölse,
Biri galsa, birisige razy men.

Bir yandan ot ıanyp, bolmuşam kebap,
Bir ıanymda deňiz, gark etdi gerdap,
Gördegim jebirdir,çekdigim azap,
Hesretinde köıüp galgan geda men.

Men ıanaıyn kaısysynyň oduga,
Men ıeteıin kaısysynyň dadyna,
Men gurbanam ikisiniň adyga,
Kaısysyndan men kylaıyn tama men.

Hazan urup gitdi,güller galmady,
Kaddym dala döndi,biller galdym,
Gurydy derıalar,siller galmady,
İalňyz ıeke galyp, boldum eda men.

Men dek iki oglun alyp dyzyga,
Aglaıan barmydyr bakyp ıüzüge,
Bir bildim, sygyndym haknyň özüge,
İa reb, tapam kaısy işden şepa men.

Çagyrdym çiltenler, peıda bolmady,
Indi Mirhesenim özün bilmedi,
Haıdar diıip çagyrdym jogap gelmedi,
Mirhesenden eşitmedim seda men.

Men teşneıem, baryr ıolun çöl algaç,
Bakjalaryň hazan urup,ıel algan,
Seıdi diıer, degre – daşyn sil algan,
Men bir binowaıam, bagty gara men.

Elkyssa, biçäre Seıdi bu gazalny aıytdy.Erse ıedi endamy söküldi.Üç ıüz altmyş damarlary hum dek erip, tört ıüz gyrk süıekleri lahta-lahta, bigun-bogun sökülip,gözlerinden ıaş akyp başlady.Ol wagt Şemşat Seıdiniň nalasyna tap getirmeı, bu mürzelerniň ıanyna gelip,bu gazalny aıtdy.Gazal Şemşat :


-- Boıun görüp guwananym daşyndan,
Nöwbaharym- Haıdar, körpäm-Mirhesen,
Perwaz urup aılananym başyndan,
Nöwbaharym- Haıdar, körpäm-Mirhesen!

Eneňiz ıok, bu gün ene bolaıyn,
Sizge gelgen derdi özüm alaıyn,
Görmegeıin, sizden awwal öleıin,
Nöwbaharym- Haıdar, körpäm-Mirhesen!

Iki bimar biri düşekde ıatarmy?
Iki gardaş biri jahandan ötermi?
Iki göwher bir tarapdan ıitermi?
Nöwbaharym- Haıdar, körpäm-Mirhesen!

Solsa bakjasynda güller açylman,
Synsa käsesinden meıler içilmän,
Dal boıunga kumaç donlar biçimän,
Nöwbaharym- Haıdar, körpäm-Mirhesen!
İüz öwrüp nalyş etsem hudaga,
Baran degip suw düşmesin çyraga,
Men bolaıyn başyňyzga sadaka,
Nöwbaharym- Haıdar, körpäm-Mirhesen!

Awwaly köp çekdim jepaňyz, balam!
Ahyra ıokmudyr wepaňyz, balam?!
İa reb, kaıda bolar şepaňyz, balam!
Nöwbaharym- Haıdar, körpäm-Mirhesen!

Dolduryp älemge adyňyz sizniň,
Bu gün kime ıeter dadyňyz sizniň!
Şemşat diıer,tükenmez oduňyz sizniň,
Nöwbaharym- Haıdar, körpäm-Mirhesen!

Elkyssa, Şemşat bu gazalny aıtdy.Erse Seıdiniň enesi Göwherşatniň bu işden habary ıok erdi.
Benegäh anga hem habar ıetişdi.Ol wagt çusty-çäbek ıerinden turup geldi.
Örde, erse oglanlarnyň haly perişan turur.İüzlerge akyp, zar-zar ıyglap,bu gazalny aıtdy.
Gazal Göwherşat :


--Oglan bolup,oglanlykdan ötmedik,
Iki gözüm nury Mirhaıdar jan!
Eziz balam, körpe guzym Mirhesen!
İigit bolup myradyga ıetmedik,
Iki gözüm nury Mirhaıdar jan!
Eziz balam, körpe guzym Mirhesen!

Bagda bitgen gyzyl gülüň lälesi,
Tora düşgen türpe guşuň balasy,
Men öleıin, siz ikiňiz galasy,
Iki gözüm nury Mirhaıdar jan!
Eziz balam, körpe guzym Mirhesen!

Bir otagda iki çyrag öçermi?
Bir aşıandan iki şuňkar uçarmy?
Bir kişiden iki döwlet gaçarmy?
Eziz balam, körpe guzym Mirhesen!

Gara gözüň garasyga gurbanam,
Diliň, bagryň ıarasyga gurbanam,
Gunça gülnüň nowçasyga gurbanam,
Eziz balam, körpe guzym Mirhesen!

Her kişi kim iki gözden aırylur,
Göz bolmasa,görk hem ıüzden aırylur,
Guş ganatdan, goç boınuzdan aırylur,
Iki gözüm nury Mirhaıdar jan!
Eziz balam, körpe guzym Mirhesen!

İaşlygyňda hakdan ülüş berilgen,
Keramaty halk icinde görülgen,
İaryş güni ıüwrük aty ıorulgan,
Iki gözüm nury Mirhaıdar jan!
Eziz balam, körpe guzym Mirhesen!

Göwherşat diıer,pelek salyp duzaga,
Gahba dünıä özün çekmis gyraga,
Baran degip, suw düşmesin çyraga,
Iki gözüm nury Mirhaıdar jan!
Eziz balam, körpe guzym Mirhesen!

Elkyssa, Göwherşat bu gazalny aytdy.
Erse, imdi ölümden beıan kylur.Biliňler, ölüm ahyretniň ıoludyr.kim dünıäden göçerde anga barur.
Ahyret menzeldir, ölüp görge girmekdir.Bu ölümden gaçyp gutulmakga çäre ıok.Çynança kuranda habar berur : „ Kul – anna – l mötellezin teferrun minhu, faannahu malakaıki „ . Ölüm bir gapydyr kim, ol gapydan tamam girse gerek.Bir şerbetdir kim, ol şerbetden tamam içse gerek. Çynançe kuranda ıat kyldy :
«Kullu nafsun zaikatu – l möwt »
Bu aıat geldi.
Erse perişteler aıtdylar :
--İer halky pany ulurlar,gök halky pany olmaıarlar!…
Andan soň bu aıat nazl boldy : “ Küllü min alaıhi fain we ıabku rebbikä zül- jelal wa-l-ekram “ .
İagny Taňrydan özge tamam nesne pany oljakdyr.Perişteler bu aıatny eşitdiler.Erse bildiler kim, özleri dahy pany oljakdyr.Çenançe Pygambar allaıh – essalam aıtdy :
--Kim meniň nefsim, ol ölüm şerbetinden dadasydyr.Ne tek kim, kuranny ıat kyldy : Külli şeıň halyk wejhä.
Andan soň Perişteler aıtdylar :
--İa, resul, alla jümle älemni seniň dostlygyň üçin yaratdy.Taňrydan dileseň kim, sen ölmes sen! – diıidiler.
Pygambar aleıh-essalam aıtdy :
--Taňry tagala dostlaryn bu pany dünıäde köp gezdirmez.Dost dostga ulaşmak ıagşy nygmatdyr.

Elgaraz, bu destur birle Mirhaıdar we mirhesen Taňry kazasyga ryza bolup,ikisi hem atalary, apalary, kpwum-hys akrabalary birle, ulug il birle hoşlaşyp,bu gazalny aytdy.Gazal emirzadr :



--Kowum-hyşdan, gardaşyndan aırylgan,
Köňli garyp düşgen atam, hoş galyň!
Iki ıerden hyjran urulgan,
Atajanym, käbäm, kyblam,hoş galyň!

Enemeiz yok,ene işin bitirgen,
Enelik hakyn bize ıetirgen,
Arkasynda, gujagynda götergen,
Ygtykatly Şemşat enem, hoş galyň!

Beçelikde özi besläp el bilen,
öpüp, guçup, söıüp ıüz muň dil bilen,
İanyp odumyzga,köıüp kül bolgan,
Enemiz Merıemge salam, hoş galyň!

Iki döwlet senden gaçdy daıasyz,
iki çyraň birden öçdi daıasyz,
Iki ogluň birden geçdi daıasyz,
Siz ıetiriň bizden peıam, hoş galyň!
Saıat ajal bizni salypdyr dama,
Ölüm zährin goıup getirmiş jama,
Ak süıtden emdiren kyblam eneme,
Kyblamyň enesi käbäm,hoş galyň!

Görseňiz illerde dogan gardaş, ıar,
Dünıä bolar sizniň başyňyzga dar,
Eksüklerim, aglaşarsiz zaru-zar,
Patma, Zöhre atlyg uıam, hoş galyň!

Rahatdyr hudadan ıetişse mähnet,
Hak emrige ryza bolmaz muhannet,
Garry aglap, gara geıip Orazbagt,
Orazbibi, naçar apam,hoş galyň!

Bir gül idim,nowçalykda guradym.
Daglaryň garydym, akdym, eredim
İomut, Gökleň,İaňak, müridim,
Gulluk eden ilim,obam, hoş galyň!

Geliň, Haıdar bilen aşna boluşgan,
Mirhesenim bile baryp, gelişgen,
Deň-duş bolup, boınumga gol salyşgan,
Bizden ryza boluň, atam, hoş galyň!

Elkyssa, bu gazalny aıtdy.Erse Seıdi perzendiniň bu sözüni eşitdi.Erse öz husnuga bakyp aıtdy :
--Eı, jan! Näge ıatyp sen çykmaı! Eı, ten, näge galyp sen çüıremeı! Eı, pelek! Meni gam- gussaga baı kyldyň, hoşlukga geday kyldyň! – Diıip , bu gazalny aytdy. Gazal Seıdi bu turur :

--Gahba pelek, daglar ıykyp başymga,
Meni etdiň gussa bilen baı imdi,
Rehmiň gelmez gözden akgan ıaşymga,
Gözüm ıaş boldy, çeşme, çaı imdi.

iller dagwat etse aıdy – gurbanda,
Men ikisini gurban etdim bir günde,
Gözüm görüp, elim ıetmez jahanda
Zar aglarym hepde – hepde, ay imdi.

Gözüm nury Mirhaıdarym, Mirhesen,
İekelik tygydyr bagrymny kesen,
Naçar emekdeşim- Orazbibi sen,
Eşitseň, ıas tutup,gara geı imdi.

Bagrym başy dilim-dilim ıaradyr,
İüregim, üzülip, akyp baradyr,
Bilmenem dünıäni akdyr, garadyr,
Ganlym pelek, etdiň başagaı imdi.

Aldylar başymdan tylla jygany,
Bozdular ıazylgan kükrek dogamy,
Çapraz-çapraz dagladylar synamy,
Ot alyp, örtenip,ıandym, waı imdi.

Mirhesen wezirim, Haıdar soltanym,
Dagyldy leşgerim, geçdi döwranym,
İolga düşdi hatarlanşyp kerwenim,
Gerek boldy azyk,ıarag şaı imdi.

Bir eneden galan iki zürıadym,
Begenjim, gynanjym, Haıdar myradym,
Umydym,niıetim iki öwlatym,
Çykdy elden, şirin janym köy imdi.

Haray diısem ıetgin yokdur datlarga,
Dünıä şowky düşmez boldy ıatlarga,
Elim güılüp, meni salyň otlarga,
Pelek, özüň gelip, eliň çöı imdi.

Bilbil ölmüş,hazan urmuş bagyga,
Matam tutup,gara geımiş agyga,
Seıdi diıer,dostlar, perzent daglyga,
Tap getirip, ıanyp bolmaz,waı imdi.

Elkyssa, Mirhaıdar we Mirhesenge jan açjygy gelip,gözleri agaryp, dyrnaklary gögerip,ıüz sargaryp, jan kar-kara gelgeniniň beıany.O şol wagt iıgen tagamlarga mesal perişde ıetip eldi.Aıtdy :

--Essalam-aleıkum, eı perzende adam!Men seniň iıgen tagamlarnyň masyly turur men. Magrybdan maşrykga gezdim,seniň tagamyňdan bir lukma tagam tapmadym –Diıip aıtdy.

İene içgen suwuga mysal perişde gelip ıetip turur :

--Essalam-aleıkum, eı perzende adam! Men seniň demiňe mysal turur men.İer ıüzün gezdim,seniň demiňden hiç dem tapmadym.Demiň ahyr bolupdyr.Imdi alla ıaryň! – Diıip, bu perişdeler gitdiler.

O şol wagt Mirhaydaryň mübärek yüzlerinden jan deri akyp, gözlerniň şuglasy gidip,demlerin sanap ıatyr erdi.İene jellat ajal okun gezäp,ölümniň mysaly hem ıetişip geldi.O şol wagt Mirhaıdar tülmünip, tört daşyn göläp,atasynyň ıüzge gözi düşüp aıtdy :

--Eı, ata, imdi menden razy bolgul, hak ryzasyga biz hem razymyz! – Diıip , telmüre başlady. Ol wagt Seıdi ıyglaı-ıyglaı Mirhaıdarnyň başyny sagdyzyň üstüne goıup,Mirheseniň başyny sol dyzy üstüne goıup, her kaısynyň ıüzünden ysgap, iki oglunyň ıüzge bakyp,bu kelemäni aıtdy we nazm etdi :

Seıdi :
--Ibtida kylasy agzy- billah
Imdi iman başlaly, ıa bismiellah,
“ wa mä erselnäk “ aıydy-hakdyr,
Eşhedu ellä lä-ilähe ill allah.

„ Al-iman wal-ekrar bilisan
wa tasdyk bi-l-kalb ykrar iman,
Gulaksyz eşider, sözler biziban.
Aıdyň oglanlarym: „ Amuntu billäh „.

Iman getirmeklikhakynyň atyga,
Hudanyň atyga hem syfatyga,
ukulmyz la-emut hem haıbatga,
İagny iman getirmeklik al-l allah.

Melekni, kutubny, resulny bilmek,
Kyıamat günüňe takyk ynanmak,
Awwal ölmek hak, soň dirilmek hak,
Wa-l-adr haır şermin allah.

İerni, gökni halk etgüji halkdyr,
Bimuşakat ryzk bergüji razykdyr,
Halk etdi halykdyr,barça mahlukdyr,
Eradat,maşeıyet hu – allah .

Barça iş baglydyr anyň hastyga,
Şu dünıäde jebr etgüji dostuga,
Sansyz günäh etdim, günäh üstüge,
Gerçe tagsyr etdim, estafyryllah.

Seıdi diıer,takdyrymga razy men,
Tedbirge ajyzdyr bendesi her çen,
Bagyr param Mirhaıdar,Mirhesen,
“ Towbetuhu-n-nasuhan” towbu-il-lillah.

Elkyssa,Seıdi bu kelemeıi-şerifni aıtdy.Erse Mirhaıdar hem şu destur birle hudany ıat edip, jan beslim kyldy. Göıä bir apy-tupyn turdy.Ulug il ahy-pyganalar tartyp, niçeler ıer garbap,başyga toprak sürtüp, niçeler saçyn ıaıyp, ıüzün ıyrtyp, kimse özün ıerge urup, “ Öler men “ diıip, özün otaga atyp, niçeler öıün daşyndan öwrülip, pygan etip, düzlerge gidip, niçeler köksün gerip, niçeler başyn ıaryp, perıady- zary köp kyldylar.
Ol wagt Seıdi ah urup, oglanlarynyň ıüzge bakyp, bu gazalny aıtdy. Gazal Seıdi :


--Hezarym, bilbilim,käbäm görünmez,
Açylmaz bakjada gülüm, oglanlar,
Şekerim, şerbetim, gandym, nabatym,
Lezzetli,ıakymly balym, oglanlar.

Eı, çeşme çyragym, waı, täji-serim,
El sersem-asmanym, baş goısam-ıerim,
Altyn gupbam, bilda kümüş kemerim,
Başga çalan tirme-şalym, oglanlar.

Iki ıanar çyragymny öçürdim,
Başga gelen döwletimi gaçyrdym,
Kölde ıüzgen ördegimi uçurdym,
Guryp galdy döwlet kölüm,oglanlar.

Biri başyn goımus dyzym üstüge,
Biri ıüzün goımuş ıüzüm üstüge,
Käşki ikiňiz hem gözüm üstüge,
Otursaňyz budur meılim, oglanlar !

Bagyrm başy dilim-dilim dilindi,
Süıeklerim guryp, etim sylyndy,
görer bolsaň meniň halym, gel imdi,
Bu gün ajyz düşdi halym, oglanlar.

İaşlygynda ıaş pudagy gyrylgan,
Wagty ıetmän, göklügige orulgan,
Men bir garyp, balasyndan ayyrlgan,
Boldy bagrym dilim-dilim oglanlar.

Başym telbe boldy, huşdan aıryldy,
Sogruldy ıüregim, içden aıryldy,
Ah urmakdan agzym dişden aıryldy,
Akyl-husum, dişim, dilim,Oglanlar !

Myrat atlyg oglum namyrat balam,
Haraı balam, Mirhaıdar, dat balam,
İandym, bişdym, synam doly ot, balam
Sowruldy asmanga külüm , oglanlar.

Men sizge etmedim jan pida , balam,
Siz maňa bolduňyz biwepa, balam,
Keramatlyk balam, öwülıä balam,
Yşarat görkezen telim,oglanlar !

Bu paıansyz döwlet maňa berildi,
Bäş günge ıetmedi,menden aıryldy,
İürek örkim, ıon damarym gyryldy,
Neıläıin üzüldy bilim, oglanlar !

İasa batyp, özüm otlarga atyp,
Burulyp,towlanyp,muňalyp ıatyp,
Göwherim bir elip, bir hige satyp,
Tutaşdy ahymdan älem , oglanlar.

Çökerdiň üstüme dumany, Haıdar,
Namyrat oglumyň dogany Haıdar,
Puştyňda resulyň nyşany Haıdar,
Elinde asasy telim, oglanlar.

İaşlykda eneden aırylyp galgan,
İetim bolup,boıny burulyp galgan,
Ataň bir içinden urulyp galgan,
Seıdi diıer, sagym-solum, oglanlar ! .

Elkyssa, Seıdi bu gazalny aıtdy.
Erçe imdipelek birewge haıra bakar bolsa, ança aglap, nalyş edip ıalbarsaň hem „ Birin aldym, biri seniňki bolsun „ Diımez. Ança diıseň,aman bermez.Bes, Haıdaryň halyga rehim kylmaı, imdi Mirheseniň üstünden düşer boldy.Beli, bir başa bir ölüm bar: „ Kullunaf sinza-ikatu-l-möwtä „.
İagny her janlyg nemerse ölüm şerbetin dadar.İene aıturlar: abadan soňy weıran, dirilik soňy ölüm, dünıäniň awwaly baka, ortasy jepa, ahyry pena turar.Hezreti hun pygambar üç ıüz ıyl ömür sürüp,ahyr ömründe anga, dünıäni niçek gördüň? Diıip sowal kyldylar.Hezreti hun aleıh-essalam aıtdy :
--Iki gapyly saraı turup, bu gapydan girdim, ol gapydan çykdym .
Bu gabha pelek kimlerni ıakmaz, kimleri gözün gan ıaşdan doldurmaz? Kim mundan doıup, biarman geçdi? Ol wagt Mirheseniň jan teri basyp, allany yat kylyp,öler boldy.
Bildiler kim, haly özge turur.Telmürip,ıylan dek towlanyp, atasyga bakyp,bu gazalny aıtdy.Atasy hem ıüzünden ysgap, tutup bagyrga bysyp,bir gazal aıtdy. Gazal Mirhesen we Seıdi bu turur.



Mirhesen :
--Emekdeşim agam bile
Ata jan gitmeli boldum,
Ötgen döwran gelmez gola,
Ata jan gitmeli boldum ! .

Seıdi :
--Ikiňizden jyda boldum,
Balam, allah yaryň bolsun,
Hak emrige ryza boldum,
Balam, allah yaryň bolsun !

Mirhesen :
--Ata janym, kyblagähim,
Umydym, puşty-penahym,
Güzeşt et, bolsa günähim,
Ata jan gitmeli boldum.

Seıdi :
--Eziz balam, körpe guzym,
Boldy bagrym üzüm-üzüm,
Sözlär telim, görer gözüm,
Balam, allah yaryň bolsun !

Mirhesen :
--Oglan boldum , ulalmadym,
Men saňa ogul bolmadym,
Hakyňny berjay kylmadym,
Ata jan gitmeli boldum !

Seıdi :
--Bagrym para-para menem,
Älemge äşgäre menem ,
Bendeıi- biçäre menem,
Balam, allah yaryň bolsun !

Mirhesen :
--Dünıäge geldim , ne iş etdim,
Dünıä gaıtasyn unutdym,
Haıyp, men namyrat ötdim,
Ata jan gitmeli boldum !

Seıdi :
--Gazanfar, gaıratly ogul,
Şir ogul, şöwketli ogul,
İaşlykdan haıbatly ogul,
Balam, allah yaryň bolsun !

Mirhesen :
--Ata janym, mähribanym,
Gel ıanymga, çykdy janym,
Jan çykynça ber imanym,
Ata jan gitmeli boldum !

Seıdi :
--Hak ıolunda çyksa janyň,
Oglum , seniň ne armanyň,
Hak bersin nur-imanyň,
Balam, allah yaryň bolsun !

Mirhesen :
--Apam yok, bizge aglasyn,
Enem yok bagryn daglasyn,
Beıik daglar yas baglasyn,
Ata jan gitmeli boldum !

Seıdi :
--Apaň, yokdur, apaň menem,
Hem ataň , hem eneň menem,
Aglaryn, hergiz diňmenem,
Balam, allah yaryň bolsun !

Mirhesen :
--Mirhesen diıer bu panydan,
Doımadym ata –eneden ,
İalgançy pany dünıäden,
Ata jan gitmeli boldum !

Seıdi :
--Seıdi diıer, eziz balam,
Balam, seniň derdiň alam,
Ikiňizge gurban olam,
Balam, allah yaryň bolsun !

Elkyssa, bu gazalny aıtdylar.Erse ajal saky jamyn sunup Mirhesen allany ıadyga geltürip, jan Teslim kyldy. “ Al–hekmul – l – lahy- anna –ilaıhi rajigün “ .Beren amanatyny alsa, ne çäre bar.İene peıgambar aleıh-essalam aıdypdyr : “ Almal wa-l-benun zynat-l-haıawati-d-dünıä “ . İagny , dünıäniň zynaty maldyr, ogul,gyzdyr. Elgaraz, Seıdiniň başyga ahyrzaman gopup, zar-zar, çün ebrinöwbahar ıyglap, bu gazalny aytdy.Gazal Seıdi :

--Eı, gözümniň röwşeni, jismi jan, oglanlarym !
Tende ganym, içde janym, ysyhan ,oglanlarym !
Iki gün myhman bolup, geçip bargan, oglanlarym !
Telmürip galdy ataňyz, natuwan, oglanlarym!
İüregim suw etdiňiz, bagrymny gan, oglanlar !

Nurul – aınym Mirhaıdar, ol alynyň namydyr,
Bagyr ganym Mirhesen, ymam Hoseıiniň gulamydyr,
İüregim,örki damarym, janymnyň aramydyr,
Bu iki mürzelerniň bu gün aıt – baıramydyr,
Emri – hak merhum olan, mah – remezan, oglanlarym !

Ömrüňizniň gülşeni, wah, çaldymy ıeller gelip,
İagdy mähnet ıagmyry, ıa degdimi siller gelip,
İa sizni göz urdumy, ıa degdimi diller gelip,
Başymga töküldi toprak, gözümge küller gelip,
Üstümni tutdy gelip, basdy duman, oglanlarym !

Men sizni heıkel edip,boınumga asganym kany ?
Sypalap käkillerin, ıüzünden ysgany kany ?
Gözümge sürme edip, bagrymga basganym kany ?
Her birisin bir alyp,gujagymna gysganym kany ?
Doımady bir dem gözüm sizden janan, Oglanlarym !


« Bu ne dagdyr ? » diıseler,diıdim : `` Perzent dagdyr ``,
Bir degil bu – iki dagdyr, synamaga düşgen çagdyr,
Biri bagrym ganydyr, biri ıüregim ıagydyr,
Biri bilimiň kuwwaty, biri gözüm çyragydyr,
Boldy çün zyndan maňa ıagty jahan,oglanlarym !

Bu nöwjuwan ömrüňizniň harmanyn çäç etdiňiz,
Çäç edip, ıelge berip,waı, meni mähtäç etdiňiz,
Doımady sizden gözüm, bu gözlerim aç etdiňiz,
Gözlerim aç etdiňiz,köňlümni gallaç etdiňiz,
Nöwçalykda öldiňiz, wah, nöwjuwan, oglanlarym !

Bu ölümniň zulmundan dury ıürek doly bolup,
Doly öılerge gelip,galdy bu gün haly bolup,
Çöllerge çykdym,“Ogul ! „ diıip,telbeı-däli bolup,
Hiç musulman galmasyn meniň ıaly bolup,
Kaısy birin aydaıyn mundan buıan, oglanlarym !

Biri mekge dagydyr,biri anyň kuhy-kap,
Biri horşid,birisi fagfury- kaısar bihilap,
Ikisige sadaka eıle,kylsaň zyıarat hem togap,
Derdiňe bergeı şypa, hak hem günähiňden magap,
Her birisi Hosrawy- sahypkyran oglanlarym !

Suwga döndy ıüregim,akyp baradyr neıleıin !
Ganga döndi jigerim,sarkyp baradyr, neıleıin !
Günbe-günden bu köňlüm çöküp baradyr, neıleıin !
Kaıda goısam şol ıerni ıakyp baradyr,neıleıin !
Seıdi diıer, dagy-hyjranyň heman, oglanlarym !

Elkyssa, Seıdi: Eı, ıaranlar, biliň kim,dünıä işi şu şekelli turur.,”dünıä bäş gün turur”. İene biri any ıalganlap,” Dogduň bir gün, öldüň iki gün” Diıip turur.Emma pygambar aleıh-essalam aıdypdyr: “ Al dünıä sahu fa jä-älähä tauhy” .İagny bu dünıäniň awwalyndan ahyry bir sagat turur.Pygambar huda rast aıdypdyr.Neüçin ötgen zaman elden çykyp turur?gelur zamanga henüz el ıetmegeı turur?.Bes, seniň zamanyň hal zaman turur.Bu sebäpden dünıä bir sagat turur.Emma müneçjemmlerhasabyndan gije-gündiz ıigrimi dört sagat turur.Her sagatda adam muň dem alar.Gije-gündizde ıigrimi dört muň dem alar.
Şu şekilli sanly gün,sanly dem bar turur.Kimge köp,kimge az,ahyry bir gün gitmek gerek: Imdi,ıagşy pähim et kim,adam şu dünıäde musafyr turur.Bu musafyryň alty menzel bar turur.Awwal menzel puşty- peder, ikinji menzel rehimi-madar,üçünji menzel meıdany- dünıä,tördünji menzellahat, bäşinji menzel mowkufy – kyıamat,altynji menzel behişt ıa dowzah.Her kişi behişt menzelniň sagadatyn,dowzah menzelniň şakawatyn dünıä menzelinde gazanur.Bu menzelde ömür ulagy hemişe ıörişde turur.Her demin bir gadam, her günüň bir meıdan,her aı bir mil,her ıyl bir agaç,ıol turur.İene ömür bir kerpiçden salnynan öı turur. Her dem alanda, bir kerpiç weıran bolur.Gadamyň dünıäden daş tüşüp,ahyrata ıakyn bolur.Aklyň bolsa, ömür azyzyňnygapyllyk bilen ötürme.Ahyrat azygyň dänıäde talap kyl.Azyksyz ıaraksyz gitme.Bes ahyratda köp hasrat çeker sen. Hiç peıda bermez.Eıa, bilurmu sen? Dünıäde bir-iki günlik ıolga gitsen hem azyk, ıarak gerekdyr.Ahyrat ıoly uzakdyr.Çöl- muşakat köp turur.Elbetde, azyk-ıarak gerekdir.
Imdi dünıäniň gerdeşin muň dek turur.Bu mahdumzadalar ikisi hudanyň emrin tutdular.Dünıä çekine bolanmazdan gitdiler-diıidiler.
Elkyssa, bu oglanlaryny tabutga salyp çykardylar.Benägäh Seıdi hyma içinde oglanlarnyň tabudyn görüp, ah urup bu gazalny aıtdy.Gazal Seıdi :

--Synam üzre iki nyşan salynmyş,
Anyň biri dagdyr, biri dügündir,
Bagrym başy iki ıerden dilinmiş,
Birinde burç,birinde duz ügündir.

Iki ok urulmyş, dostlar, bu jana,
İürek suwga döndi, bagyr hem ganga,
Tiırler: „ Taňla bolup ahyrzamanga“,
Maňa bolgan ahyrzaman bu gündür.

Aıym-günüm tutulypdyr şehabym,
Zakguna dönüpdir içgen şerabym,
İel göterdi warak-warak kitabym,
Başym däli bolup, aklym junundyr.

İakup menem, İusubny satdylar,
Ibni-eminimden jyda etdiler,
Oıunçyıam, sadranjymny utdular,
Ol sadranç diıdigim alu-oıundyr.

İaryş güni ıürek atym ıykyldy,
Tuwulgam döküldi, zerim söküldi,
Kamatym ham boldy,bilim böküldi,
Mydarym galmady,halym zebundyr.

Bir laçynam, ganat-perim gyryldy,
Bezirgendim,dürli matam uruldy,
Goçgar idim, boınuzlarym aıryldy,
Daşym bitin bolsa,içim tütündir.

Seıdi diıer,nalyş etdim hudaıa,
Diıdim: “ İa reb, kimse ıetir haraıa”,
Serheň idim,serin tutup howaıa,
Oglanlarym dagap gitgen goşundyr.

Elkyssa,Seıdi bu gazalny aıtdy.
Erse oglanlaryny eltip jynaza ıerige goıdular.Ikisige bir namaz kylur boldular.Seıdiden rugsat dilediler:
„ Namaz kylaılymy? „ diıip.Ol wagt Seıdi bu gzalny aıtdy.Gazal Seıdi :

--Suwsyz çöle müşgil bolar zindelik,
Imdi ölgen köňül haıat bolarmy?
Hak emrige razy bolmak bendelik,
Asylarga hakdan hyjat bolarmy?.

Gerdeşi keç gahba ıüzüni öwrüp,
Barça mahluk aglar bu halym görüp,
Iki gardaş bir ıastykda jan berip,
Bir düşekde iki mamat bolarmy?

Iki ıylan bir kişini sokarmy?
Iki soltan bir ülkäni ıykarmy?
Iki tabut bir içerden çykarmy?
Iki morde ıeke salwat bolarmy?

Galkynmaz ıürekde begenç bolmasa,
Başga tekıe, gözge guwanç bolmasa,
Arkam kimge bereı,daıanç bolmasa,
Jesetde jan,tende kuwwat bolarmy?

Dünıä dostlugyga ynanyp bolsaň,
“Şatlyk bar,gam ıok” diıip,begenup bolsaň,
“Döwlet bakydyr” diıip,guwanur bolsaň,
Bir lähzede şeıle apat bolarmy?

Perman geldi: “ Gapyl ıatma, gal!” diıip,
“ Turgyl, oglanlaryň gurban çal! ” diıip,
“ Bende sen bu işge razy bol” diıip,
Iki ogul birden wepat bolarmy?

Seıdi diıer, isteseňiz ejjazat,
Rugsatdyr,hak sizge bersin şepagat,
Oglanlarymyz birle ruzy-kyıamat,
Oşal güni kabul-hajat bolarmy?

Elkyssa,Seıdi bu halaıyklarga rugsat berdi.Halklar jynaza-namazny ede kylyp erdiler.Seıdi tabutyny ıerdengötermezden burun,oglanlarnyň üstüge özün taşlap,aıtdy :
--Waı, mydarym ogullar, waı, begenjim, guwanjym ogullar, waı, daıanjym, söıenjim ogullar, waı, tekıäm ıykdyňyz, içimıakdyňyz, dolgan tabagymny tökdiňiz, kuwwatym kesdiňiz, bilim üzdiňiz .Diıip,oglanlarnyň murdesyn gujaklap,bu gazalny aıtdy. Gazal Seıdi :

--Turgaly ıokdur mydarym, kuwwatymdan aırylyp,
Tende janym, reňkde ganym, ülpetimden aırylyp,
Hem garybam, hem pakyram, döwletimden aırylyp,
Nobatny agıara berdim, nobatymdan aırylyp,
Galmady mejlesde söhbet, söhbetimdenaırylyp,

Mirhaıdar, Mirhesen atly näzik mezaç,
biri gözüm nurydyr,biri anyň başga täç,
Ne doga bolgaı ejabat,ne meniň içim rowaç,
Ne doga bolgaı bu dertge, ne hekim etgeı alaç,
Men geriftar- belaıam, rahatymdan aırylyp.

Waı-waı, İakup menem,perzent pyragynda ıagyn,
Mirhaıdar jan İusupdyr,Mirhesen ibni-emin,
Biri anyň göwher,birisi dürri-simin,
Jebriniň oglanlary,ıene ikisi öldi hemin,
Bolmuşam Eıüp, sabry-takatymdan aırylyp.

Buzruk oglum-Mirhaıdar,şir –oglum Mirhesen,
Aryg oglum-Mirhaıdar,är oglum-Mirhesen,
Näzik oglum-Mirhaıdar,nar oglum-Mirhesen,
Ajdar oglum-Mirhaıdar,mar oglum-Mirhesen,
Galmyşam keşwer-guşaıy,söwketimden aırylyp.

Artyk oglum-Mirhaıdar,at oglum-Mirhesen,
Faryk oglum-Mirhaıdar,ıat oglum-Mirhesen,
Hazanam oglum-Mirhaıdar,bat oglum-Mirhesen,
Haraı oglum-Mirhaıdar,dat oglum-Mirhesen,
Berf içinde galdym urıan,keswetimden aırylyp.

Awwalynda enesinden azaşyp galgan balam,
Ahyrynda ıanar otga atasyn salgan balam,
Dogdyňyz, dogmadyňyz,boldy bu gün ıalgan balam,
Ömri az, derdi deraz,waı, namyrat ölgen balam,
Mübtelaı- gam bolup men,eşretimden aırylyp.

Bu şirin janyňyzga janym pida,boldum geda,oglanlarym,
Şum pelek etdi sizni menden jyda, oglanlarym,
İagşy-ıaman barça takdyry-huda,oglanlarym,
Seıdi diıer, neıleıin, boldum geda,oglanlarym,
Ah, guwanjym, wah umydym, niıetimden aırylyp.

Elkyssa,Seıdi bu gazalny aıtdy.
Erse üç mertebe seda kylyp, beıhuş bolup ıykyldy.Baz huşuga geldi.Halaıyklar zar-zar aglaşyp, ulug-kiçik
Merdan-zenan hemme nala-pygan kaldylar. Aıtdylar :

--Eı Seıdi, bu mürzelerni bizge bergil! Özümizge zyıarat-as tanasy kylarmyz! Diıip aıtdylar.
Seıdi aıtdylar:
--Andat kylyňlar! Diıip,rugsta berdiler.
Halaıyklar gözlerin ıaş kylyp,urup synalaryn baş kylyp, Mirhaıdar we Mirheseniň tabutlaryny göterip, ıolga düşdiler.Seıdi oglanlarnyň yzyndan garap, ıyglaı-ıyglay gazalny aıtdy. Gazal Seıdi :

--Pelek iki nyşan salmyş synamga,
Biri dügünmidir, birisi dagym,
Iki dag ıykylmyş meniň üstümge,
Biri başym basmyş, biri aıagym.

Gözüm nury Mirhaıdar, Mirhesen jan,
Biri kazy-lukman, birisi selman,
Bir günde ikisin eıledim gurban,
Bir gijede öçdi iki çyragym.

İaşlygynda enesinden aırylgan,
Kysmatynda ömri gysga berilgen,
Wagty ıetmän,göklügine orulgan,
El degmeıin syngan goşa pudagym.

Mertlik etsem bolabilmen merdana,
İürek titräp, süıeklerim lerzana,
Eı, ıaranlar, boldy bu gün ıashana,
Saz-söhbetli mejlis gurgan otagym.

Haıdar çykdy elden, jan hem tenimden,
Bu gün jyda düşdüm Mirhesenimden,
Aırylmadyk oglanlarym goınumdan,
Eı waı, boş goıupdyr doly gujagym.

Duman basdy, çyka bilmen ümürden,
İandym, bişdim, syıa boldum kömürden,
Bagrym gaıym boldy daşdan, demirden,
Kany sözlär tilim, eşter gulagym.

İelkenim ıyrtyldy,döwüldi keştim,
Çyksam bu deňizden,ıok meniň deştim,
Tirsegimde tekıäm,başymda baştym,
Mahmal ferşim, sil göterdi ıatagym.

Meniň yşkym, zowkum,dürli hünärim,
Galkanym,hanjarym, bilde kemerim,
Kany bagyr bagym,ıürek damarym,
Aldyrdym elimden alan baıragym.

Hyjran tygy ıüregime darydy,
beıik dagyň gary akdy,eridi,
Seıdi diıer,iki çeşmäm gurydy,
Suwsyz galdym,tebsiredi dodagym.

Elkyssa, Seıdi bu gazalny aıtdy.Erse ıene Seıdiniň iki gyzy bar erdi.Biriniň ady Bibi patma erdi, biriniň ady Bibi zöhreerdi.Bular ıaş erdiler.Bibi patma atasynyň efganyny eşidip, ah urup aıtdy :
--Waı, nazarkerde gardaşlar, bizlerni, eıesiz, hostarsyz naçarlaryňy kime tabşurup siz? Iki gardaş birden ölermi? Imdi kime gardaş diıeli, kimge söıeneli? Her niçek Mirhaıdar jan atamga aıtdy. Ol sözler rast boldy – Diıip, zar-zar, chun ebr-nowbahar ıyglap, bu gazalny aıtdy:

Gazal Bibi patma:

--Bu belalarga başy duchar bolgan gardaşlarym,
Bir düşekde ikisi bimar bolgan gardaşlarym,
Derdi choh, dermany yok,efkar bolgan gardaşlarym,
Şanyga dem ajaly taııar bolgan gardaşlarym,

Adyňyz ne ıagşydyr,gurban bolaly adyňyzga,
Oduňyz ne güıçlidir, biz köıeli oduňyzga,
Sözüňiz rast geldi, sadka ustadyňyzga,
Aferin, sad aferin, pähmet asyl zatyňyzga,
Keşfi-esrary-jahan, äşgäre bolgan gardaşlarym.

Kimge gardaş diıeli, kimge guwanyp gezeli,
Çunki takdyrda galam beıle çalynmyş ezeli,
Aglasam äşgär edip,diısem mynasyp gazaly,
Daglar çekmez bu derdimni, çäre yok biz dözeli,
Ody köp, deri zabun, bisıar bolgan gardaşlarym.

Teşne lep galdym çölüstan içre aglap zary-zar,
Bizge ne hostar bolgaı, ne bizge bir gamgusar,
Biri ölüp, birisi galmady bizge ıadygär,
Kaysy birin aıtaıyn, derdim tükenmez bişumar,
Artdy hyjran ataşy, harwar bolgan gardaşlarym.

Bibi Patmanyň bu gün halyn perişan etdiňiz,
Didesin ıaş, ıüregin suw, bagryn gan etdiňiz,
Otlarga salyp, köňül şährini weıran etdiňiz,
Mugjyz ile bu halaıyklaryny haıran etdiňiz,
Meı içip çilten birle, perkar bolgan gardaşlarym.

Elkyssa,Bibi Patma bu gazalny aıtdy.
Erse bu mürzeler bu sözleri eşidip tururlar.Emma jowap gaıtara bilmezler.Lekin ölükge her söz diıseň eşitür, perman ıokdur jowap bererge,hal-til aıturlar :
--Eı ata,waı doganlar,bizge töwella ıok.Rebbul-arbadan mysal gelipdir.Baky uıkyga alyp giderler.
Bu gün aıralyk, hyjran günüdir.Ulus ilden jydalyk günüdir.Alla ıaryň bolsun!—diıip ıolga düşdüler.

Erse galganlar musybat düşeginde olturyp, ahy-pyganlar çekip, aglamakdan owazy tutulyp, ulug matamda boldular.
Imdi bu söz bu ıerde dursun.Naçarlar sözün aıtmaly.Habarda andag turup: Seıdiniň aıal-doganlary üç erdi.Biri Orazbagt, biri Garry, biride Orazbibi, bu welaıatda ıok erdi.Arkaç welaıatynda erdi.Garry, Orazbagt bu welaıatda bar erdiler.lekin bu işden heniz bihabar erdiler.Benägäh alarga habar ıetişdi.
Orazbagt ah urup,perıat edip,nala-pyganlar tartyp,ıakasyn çäk edip,ıüzün häk edip,saçyn ıaıyp, ıüzün ıyrtyp,tamam agzasyn jerahat kylyp, endamyndan gan aka başlady.
İolga düşdi.Gelip gabr üstüge ıetüşdi.Oşol wagt garry hem ıetüşdi.Gördüler,halklar gabr gaza tururlar.Gördüler iki gardaşlary hem ıanaşub ıaturlar.Ol wagt bir ah urup,özlerin gardaşlary üstüge taşlap,beıhuş boldular.Bir huşga gelip,har kaısy birin gujaklap,zar-zar aglap,bu gazalny aıtdy.
Gazal Orazbagt bu turur:

--Begenenim,guwananym,
Dünıäm,boı,boı,boı,boı,boı,
Görer gözüm, ıagty günüm,
Didäm, boı,boı,boı,boı,boı!

Gökden daş düşdimi sizge?
İer agzyn açdymy sizge?
Berekella ataňyzga,
Töräm, boı,boı,boı,boı,boı!

Bolganda bir-bir bolganlar,
Tirkeşip,oınap gülgenler,
Ölgende birle ölgenler,
Çyram, boı,boı,boı,boı,boı!

Naçar apalaryň düzde,
Diıdiler :(Öleli biz-de),
Içde dügün,bitmez ıüzde,
İaram, boı,boı,boı,boı,boı !

Naçar apalaryň gelip,
İatsyn dünıäm,ıanyň alyp,
Saçyn ıaıyp, başga salyp,
Garam, boı,boı,boı,boı,boı !

İandym,bişdim,köıdüm otda,
Gün görünmez, Aı bulutda,
Il göçdi, galdym ıurtda.
Obam, boı,boı,boı,boı,boı!

Orazbagt diıer,gardaşlarym,
Söwdaıa galdy başlarym,
Goçaklarym,serhoşlarym,
Mürzäm, boı,boı,boı,boı,boı!

Baz Garry bu gazalny aıtdy:

--Gara günden tutulmady,
Başym, boı,boı,boı,boı,boı.
Gara gözden kesilmedi,
İaşym, boı,boı,boı,boı,boı!

Başymga daglar ıykyldy,
Içimde otlar ıakyldy.
Ahymdan bir-bir töküldi,
Dişim, boı,boı,boı,boı,boı!

Arslanym, algyr guşum,
Biri Soltan,biri ilçim,
Tutaşdy ot aldy içim,
Daşym, boı,boı,boı,boı,boı!

Ne alaç eteı,ne alaç,
Bagtym puçdyr,tagtym taraç,
Neıleıin tapmasa rowaç,
Işim, boı,boı,boı,boı,boı!

Bakçada soldy gunça,gül,
Gül üzüldi, öldi bilbil,
Galdym haıran,gaçdy akyl,
Huşum, boı,boı,boı,boı,boı!

Boldy bagrym ezim-ezim,
Içde ıürek üzüm-üzüm,
Garry diıer iki gözüm,
Gaşym, boı,boı,boı,boı,boı!

Elkyssa bu iki biçäre bu gazalny aıtdy.Erse bu halklar Mirhaıdar we Mirheseniň lahatga goıar boldular. Oşol wagt Orazbagt lahatga özün taşlap:
--Lahatga meni goıuň, meni gömüň!---Diıip, perıat urup,bu gazalny aıtdy.Gazal Orazbagt bu turur;

--Meni gömüň bular gömülgen ıerde,
Salmaň ıer astyga söwrim meniň !
Men ıataıyn bu gazylgan gabyrda,
Galsyn bedel bolup mazarym meniň !

Açyň, didelerim ıüzün göreıin,
Alar üçin şirin janym bereıin,
Goıuň, bu gabyrga özüm gireıin,
Hiç kimge ıetmesin azarym meniň !

„ Alys ıerden bir naçaryň geldi „ Diıip,
„ Özün dagga – daşga urup öldi „ Diıip,
„ Goıduk, oglanlaryň birle galdy „ Diıip,
Eltiň gardaşlarga habarym meniň !

Musybat garasyn çaldym bu başga,
İandym, bişdim, köıdüm, düşdüm ataşga,
Daldasyz,kölgesiz galdym güneşge,
İykylypdyr goşa çynarym meniň !

Ol gara gulpagyň, käkiliň, myrat,
Aırylmaz gözümden şekliň,myrat,
Meňzemez oglanga, aklyň,myrat,
Keramatlyga dünıäm, Haıdarym meniň !

Sizni görmez bolsa,çyksyn bu gözüm,
Lal bolsun tillerim, bolmasyn sözüm,
Hasrta birle geçer gije-gündizim,
Aglamak – eňremek hünärim meniň !

Orazbagt diıer, meniň tutgan işimge,
Tagbyrym rast gelmez,görgen düışümge,
Dag ıykyldy, daşlar degdi başymga,
Turmaga galmady mydarym meniň !

Elkyssa,bu biçäreler özlerin lahat içige taşladylar.Halklar göterip çykardylar.Baz ıene taşladylar.
Halklar ıene çykardylar.Baz özün urup, ıenjip, agzasyn jerähat kyldylar. Orazbagt Seıdige gözi tüşüp, zar aglap,bu gazalny aıtdy.Gazal orazbagt :

--Gökde bulut oınap,baran ıerige,
Asmandan daş ıagyp,başlar syndymy?
Pelek titräp,belent daglar erneşip,
Degip bir-birige, daşlar syndymy?

Asman bölek-bölek bolup gaçdymy?
Gara ıer oıulup,aşak düşdümi?
It uwlaşyp,il ıerinden göçdimi?
Akyl dargap gidip, huşlar syndymy?

Görer gözler ıerge gaçdy oıulup,
İene dag üstüge dügün goıulup,
İüz ıyrtylyp, gara saçlar ıaıylyp,
Synalar owulyp, döşler syndymy?

Çoh namardam, öldürmedim özümni,
Neşter alyp çykarmadym gözümni,
Ilim – günüm,siz eşitiň sözümni,
Heniz tilim sözlär, dişler syndymy?

İüküň ne agyrdyr,eı-waı myradym,
oduň güıçli ıakar,boı-boı myradym,
Galdym çölüstanda,haraı, myradym,
„ Haıdar „ Diıip, gözümden ıaşlar syndymy?

Pelek efsun urup,zäherin tökende,
Kany Lukman, bu dertlerin çekende,
İaş berrler bogulupdyr kökünde,
Guzular gyrylyp, goçlar syndymy?

Orazbagt diıer, dügün mende,dag mende,
Dünıäm bu otlarga ıanyňmy sen-de?
Tylladan eňguşter sandal üstünde,
Çekiç degip, almaz gaşlar syndymy?

Elkyssa,Orazbagt bu gazalny aıtdy.Erse ol wagt Seıdi ah urup,bu gazalny aıtdy.Gazal Seıdi bu turur :


--Gözümge neştur urulmyş,bagrymga peıkan meniň,
Synamga hanjar urulmyş, ıüregim lerzan meniň,
Üstümge daglar ıykylmyş, başymga asman meniň,
Agtaryp tapmaz hekimler derdime derman meniň,
İakdy bagry ataşy-hyjran meniň, arman meniň.

Mirhesen zeıgam sypat,misli gazanfar Haıdarym,
Mirhesen bir-bir hysarym, Mirhaıdar haıbarym,
Mirhesen gamgamy-seıfim,Mirhaıdar hanjarym,
Mirhesen arslany-kerkim,Mirhaıdar ajdarym,
Sordy ajdar zährini,ıyrtdy tenim arsalan meniň.

Halkga bir dag uçrasa, men çünki muň dag urulan,
Ordalary dagylyp,leşgeri birden gyrylgan,
Kişdesin girdap alyp,göwheri derıa darylgan,
Waı-waı, men bir azyz balalarymdan aırylgan,
Halymga gan aglaşur Eıran meniň,Turan meniň.

Talyp bolup,eıleıir Kuran talawat özleri,
Nereste ıaş ıigit,sahyp keramat özleri,
Dünıä çirkinden weli, boldy salamat özleri,
Waı,meni mähnetde goıup,tapdy rahat özleri,
Ahym ody burk olup, eşkim bolup baran meniň.

Ah, daryga,çökgen köňlüm, ıerinden galmaz bu gün,
Dünıäniň nagşy-nigäry gözümge ilmez bu gün,
Waı,iki olanlarym ıadymdan aırylmaz bu gün,
Gülüp, oınap ol azyz balalarym gelmez bu gün,
Tä ölinçä bu jiger-bagrym bolur suzan meniň.

Iki gözüm didesi,dide daşynda agy ıok,
Ten içinde ıüregim erip akypdyr, ıagy ıok,
Öıken bilen bagrymnyň neden üzülmiş, bagy ıok,
Urdy bir bady-hazan,solmuş gülüm ıapragy ıok,
Hazan urup,sil apargan, bag meniň, bostan meniň.

Geldiňiz dünıä ıüzüge awwal iki gardaşlar,
Bir-biriňiz birle ıene bolup ıoldaşlar,
Zähre döndi iıgenim, zakguna döndi aşlar,
Seıdi diıer,neıleıin, bagrymga urdum daşlar,
Çarhy-gerdun eıledi başymny sergezdan meniň.

Elkyssa,Seıdi bu gazalny aıtdy.Erse gördüler, bu Mürzelerini alyp gitgenler halk resmi birle olarny depgin kylyp geleturunlar.Nala-pygan tartyp,eşitgenler,görgenler öıli-öıünden çykyp, oşol gün göıä bir ahyrzaman gopdy.Seıdiniň derdi öňkiden zyıada bolup, pygan-nala kylyp, bu gazalny aıtdy.Gazal Seıdi bu turur:

--Bu bizniň baıram günümiz,aıdy-gurban aglaşur,
İyglaşyp gökde melek,ıerde ynsan aglaşar,
Dagga barsam ıas tutup,çöllerde meıdan aglaşur,
Andalyp galdy kapasda, bagy-bostan aglaşur,
Bilbil oldy binowa, bag içre bagban aglaşur.

Göz guwanjym Mirhaıdar,intezarym Mirhesen,
Nowbaharym-Mirhaıdar,lälezarym-Nirhesen,
Bar mydarym-Mirhaıdar,şasuwarym-Mirhesen,
Şah oglum-Mirhaıdar, şasuwarym-Mirhesen,
Ol Seıit,guşçi, hyzyr, Gazwini-Tähran aglaşar.

İatdan bolan ıakyn halk sizni gardaş etdiler,
Sopy, durdy aglamakdan gözlerin ıaş etdiler,
Geldi Gurbandurdy aglap,synasyn baş etdiler,
Ähri gabrystanga gelip,halk sizni baş etdiler,
Mämi, Pygambarguly çäki-girban aglaşur.

Dag niçe bolsa belent görmüş jepany gar birlen,
Çöl niçe bolsa guşat köımüş-de ıanmyş nar birlen,
Waı, oglum, Mirhesen,bolduň jyda Haıdar birlen,
Il ogly ol balam, Tagangylyç Serdar birlen,
Berdibaı,Amangylyç- hemmesi ıeksan aglaşur.

Ah urup, matam tutup,Jandurdy,Muhammetdurdy hem,
Baş bolup gözıaş edip,Şamar , Allaberdi hem,
Hem Oraz köp,hem Orus,hem Berdi,Girmandurdy hem,
Men dowasyz bendäni dermansyz artup derdi hem,
Agtaryp tapmaz hekim,derdime dermen aglaşur.

Bilbil öldi, gunçaıe-gülzarym elden gitdi,waı,
Iki şährim ot lyp,bazarym elden gitdi, waı,
Teblee gelmez,iki şuNkarym elden gitdi,waı,
Käkili müşki hotan,tatarym elden gitdi,waı,
İusubymdan aırylyp,İakuby-kengan aglaşur.

Kysmatymdyr,bagtymga gara çalynmaı neılesin,
Dert içimde dolduryp, halkga bilinmeı neılesin,
Et gidip,ganym gaçyp,süňňüm sylynmaı neılesin,
Para-para bölünip,bagrym dilinmeı neılesin,
Seıdi diıer,ahymga ıer birle asman aglaşur.

Elkyssa,Seıdi bu gazalny aıtdy.Erse musybat düşgende olturgan halaıyklar hemme gözıaş edip,başlaryny aşak salyp,olturyp ıygladylar.Ol wagt biçäre Orazbagt agasynyň efganyny eşidip,ıüregi para-para bolup,özi ıyglamakdan goıup,agasy gaşyga gelip aıtdy :
--Eı agajan ! janym saňa pida bolsun! Sen Hudaı-tagalanyň belasyga sabyr kylyp,kysmatga razy bolgul.Lekin bu ıyglamak hatunlar işidir.Bizge dessur bergil.Bir ıyglarmyz.Bu jepalarny biz çekeli.Bu otlarga biz ıanaly.Sen bu musybatdan yrak turgul ! ---Diıip,bu gazalny aıtdy.Gazal Orazbagt:

--İyglama,gardaş, ıyglama,
İyglamak naçar işidir.
Hak emrige bol merdana,
Merdanlyk- är işidir.

Her kim bolsa aty temiz,
Şükür eder bu işige heniz,
Haldan düşüp , bolsa ejiz,
Ejizlik bimar işdir.

Dolup dürmüş ajal tasy,
Kim gaçyp tapar halasy,
Halk emridir, bolma asy,
Asy-lyk betkär işidir.

“ Ogul “ diıip, çykma sähraıa,
Gel otur,şükür et hudaıa,
İetişmez bende haraıa
İaradan jepbar işidir.

Daglaıyr,pelek daglaıyr,
Dünıä ıüzi ıas baglaıyr,
Sen ıyglama, halk ıyglaıyr,
Ökünmek dost-ıar işidir.

Çekseň İakubiniň jebrini,
Tile Eıupunyň sabryny,
Tutmaıyn halkyň emrini,
Meň etmek küffar işidir.

Orazbagt diıer,otga düşmek,
Otga düşüp, ıanyp bişmek,
Bu dertdin bile çekişmek,
Gam çeken gamhor işidir.

Elkyssa, Orazbagt bu gazalny aıtdy.Seıdi andak aram boldy.Hudanyň hökümige ne çäre bar !
Imdi bu söz bu ıerde dursun.Sözni Mahdumzadalaryň enesinden aıtaıly.Alarnyň dogan eneleri Toty erdi.
Totynyň enesi Merıem erdi.Toty ölgenden soň Merıem bu oglanlarnyň jepasy birle ıar bolup,belasyga geriftar bolup,muşakgatlyk birle birin arkasyga göterip,birin gujagyna göterip,ıüz-muň hunabalar ıuwup,perweriş kylyp,şu destur birle bu oglanlaryny saklap erdi.Merıem bu hekaıatlardan bihabar erdi.Özi hem zyıada näsag erdi, hal üstünde.Elgaraz, kasytynyň bu mürzelerniň hekaıatlaryny Merıemge habar berip,aıtgan gazaly bu turur.
Gazal kasyt:

--Merıem,saňa bir-bir beıan eıläıin,
Kiriş bolsaň , kemanyňdan aıryldyň !
Kemanda tört perli gyzyl gez –okuň,
Daşga degdi,peıkanyňdan aıryldyň !

Çeşmeleriň guryp,suwy çekildi,
Akykyň, merjeniň derıa töküldi ,
Beıik şähriň, emaraty ıykyldy,
Bazaryňdan,dükäniňden aıryldyň !

Bu tagun belasy düşüpdir ilge,
Bady-hazan degdi bakjada gülge,
Hany ıelge dalda,güneşde kölge?
Menleiňden,mekanyňdan aıryldyň !

Höküm Huda-oglanlaryň gyryldy,
Iki ıerden iki dügün uruldy,
İaryş boldy,ıügrük atyň ıoruldy,
Bedew öldi,meıdanyňdan aıryldyň !

Huda sizge bersin sabyr, kuwwat,
Sabyrly gul taňla görer jenneti,
Ol gözüň çyrasy,köňül ülpeti,
Mejlesiňden,diwanyňdan aıryldyň !

“ Ene “ diıip,ıoluň gözläp telmürgen,
“ Göteriň ! “ Diıip, her kimge bir ıalbargan,
Ahyrynda “ Enem “ diıip jan bergen,
İüzün görüp doımanyňdan aıryldyň !

Atalary çykmaz külbe-ahzandan,
Bu günler ıamandyr ahyrzamandan,
Kasyt aıdar, Haıdar geçdi jahandan,
Mirhesen dek jananyňdan aıryldyň !

Elkyssa,kasyt bu gazalny aıtdy.Erse Merıem bir ah urup,beıhuş bolup ıykyldy.Baz huşga gelip aıtdy: --Waı,balalarym ! Waı,namyrat nöwça guzylarym ! Waı beçelikde öldüňizmi ?!-diıip,hasta haly birle bu gazalny aıtdy.Gazal Merıem bu turur:

--Jellat agzyň ıene ganga batyrdyň,
Ganlym pelek,Mirhaıdarym neıldiň?!
Bu işler ne işdir,başga getirdiň.
Körpe guzym Mirhesenim neılediň?!
Ganlym pelek,Mirhaıdarym neıldiň?!
Körpe guzym Mirhesenim neılediň?!

Gyzl gülüm nowçalykda soldurdyň,
Göre gözüm gan-ıaş bilen doldurdyň,
Sen kimni şat etdiň,kimni güldürdiň,
Körpe guzym Mirhesenim neılediň?!

Derdim bar,tebip ıok,ıaram bar-melhem,
Turarga halym ıok,uçarga per hem,
Bararga jaıym ıok,girerge ıer hem,
Ganlym pelek,Mirhaıdarym neıldiň?!
Körpe guzym Mirhesenim neılediň?!

Ekledim,sakladym,çykdym gyraga,
Görmedim ıüzlerin,düşdüm yraga,
Rehmiň gelmez men dek bagty garaga,
Ganlym pelek,Mirhaıdarym neıldiň?!
Körpe guzym Mirhesenim neılediň?!

Süleıman hökümlim,asyf akyllym,
Pygambar nyşanly,arkasy halym,
Ol İusup jemallym, gara käkillim,
Ganlym pelek,Mirhaıdarym neıldiň?!
Körpe guzym Mirhesenim neılediň?!

Balamnyň balasy balam görünmez,
Il geçdi ıurdundan, obam görünmez,
Bir agaçda iki miwäm görünmez,
Ganlym pelek,Mirhaıdarym neıldiň?!
Körpe guzym Mirhesenim neılediň?!

Merıem diıer, bu otlarga düzmenem,
Öltirin özümni,tirik gezmenem,
Talygy bet menem,bagty boz menem,
Ganlym pelek,Mirhaıdarym neıldiň?!
Körpe guzym Mirhesenim neılediň?!

Elkyssa, Merıem bu gazalny aıtdy.Erse näçägligi awwalkydan zyıada bolup,gaıra üzüldi.Turarga rowgat bolmady,haly perişan boldy.
Imdi bu söz bu ıerde dursun.Sözni Seıdiden aıtaly.
Rawylar andag rowaıat kylarlar kim,Seıdi her wagt ıatar bolsa, oglanlarnyň her kaısynyň bir gujagyga alyp ıtar erdiler.Oglanlary hem atasyny ysgap ıatar erdiler.Atalaryndan bir dem jyda bolmaz erdiler.Ol wagt ıanyga jemagatlar ıygylyp erdiler.Alar öıli-öılerge gitdiler.Seıdi hem başlaryn ıerge goıup, bir zaman ıataıyn diıdi.İatdy.Erse fil-hal oıgandy.Erse hyıal etdi,oglanlar goınunda bar turur diıip.Sag tarapga nazar kyldy,gol uzatdy,Mirhaıdaryny tapmady.Sol tarapga gol uzatdy.Mirheseni görmedi.Ol wagt bir ah urup,nala-pygan tartyp,zar-zar aglap,bu gazalny aıtdy.gazal Seıdi :

--Begenjim,guwanjym,görküm oglanlar,
Görkümden aırylyp,görksüz galyp men.
Kumaç donum,başda börküm oglanlar,
Börkümden aırylyp,nörksüz galyp men.

Pelek maňa niçe sütemler kyldy,
Hem ıüregim ıardy,hem bagrym dildi,
Bagrym hazan urdy,ıapragym soldy,
Berkimden aırylyp,berksiz galyp men.

Döwlet geldi,emma geçdi durmaıyn,
Galdym ogul guwanjyny görmeıin,
Dawut kimin bir sejdeden turmaıyn,
Kyrkymden aırylyp.kyrksyz galyp men.

Kany hökümrowan iki soltanym?
Kany azym şährim,altmyş dükanym?
Gurulgan gorganym.erkim, mekanym,
Erkimden aırylyp,erksiz galyp men.

Guwanjym Mirhesen,kuwwatym oglan,
Kesildi kuwwatym,halym perişan,
Bagyr bagym,ıürek örküm,Haıdar jan,
Örkümden aırylyp,örksüz galyp men.

Seıdi diıer,Mirhaıdarym mert ogul,
Dogumynda Mirhesenim tört ogul,
Alçy ogul,çalçy ogul,gurt ogul,
Kerkimden aırylyp,kerksiz galyp men.

Elkyssa, Seıdi bu gazalny aıtdy.Erse halaıyklar Seıdinniň nala-fyganyny eşidip ıygylyp geldiler.
Aıtdylar :
--Eı Seıdi ! janymyz saňa pida turur.Näge ıyglar sen ? –Diıip, aıtdylar.Ol wagt Seıdi aıtdy.
--Eı ıaranlar ! Meni apy çekdi.Men ıyglamaı, ne kylaıyn.İylan zähri ıamandyr ! –Diıip bu gazalny aıtdy. Gazal Seıdi bu turur.

--Bagyr para bolup,ganga dönmezmi,
Apy gelip,ajdar gelip çykansoň?
İürek hem ezilip,suwga dönmezmi,
Içıan gelip,möıler gelip sokansoň?

Men iki çalmyşam bir günde gurban,
Gala turmaz başdan,serpilmez duman,
ıagty jahan niçek bolmasyn zyndan,
Görer gözüň ikisi hem çykansoň?

Tapmanam dünıäniň tört künjün gezip,
Tamag ıolun kesip,umydym üzüp,
Tap getirip,hergiz bolarmy düzüp,
Ot tutaşyp,iki ıerden ıakansoň.

Pelek niçelerge “dostum” diıensoň,
Alarnyň ojagyna ganlar goıansoň,
Niçek kuwwat tapsyn,niçek daıansyn,
İürek ıagy syryp,erip-akansoň.

Aıryldym şirimden,esrik nerimden,
jyda düşdüm,ganatymdan, perimden,
İüküm agyr,tura bilmen ıerimden,
Kamatym ham kylyp,bilim bükensoň.

Jany hyjran güllesige hedepdir,
Gussa gerdenimi gyıgan tanapdyr,
Jesset bir derıadyr,köňül sadapdyr,
Guwwas gerek,alyp bolmaz çykansoň.

Men bilmedim,sökeldigim,sagdygym,
Kişi bilmez näçagdygym,çagdygym,
Katra-katra kaşyk birle ıygdygym,
Elge gelmez,tabak birle tökensoň.

„ Ogul !“ Diıdim,bäş gün ogla guwandym,
Bu gün men alarnyň oduga ıandym,
Imdi baran neılär,ıandym,örtündim,
İel aparyp, külüm arşa çykansoň.

Seıdi diıir, şükür eteıin Hudaıa,
Haly bolup galgan gury saraıa,
Köňül niçik aldanur sen dünıäıe,
Iki ogluň awusyny çekensoň.

Elkyssa,Seıdi bu gazalny aıtdy.Erse bir niçe wagt hüjräge girip,bagryn sowuk ıerge berip ıatdy.
Bie niçe wagtdan soň ıene ıüregige howul düşüp,takat kyla bilmeı,gabrystanga ıöriş kyldy.Zyıarat gapysyga baryp aıtdy :
--Eı gözümniň nury,köňlüm ıyragy perzentlerim ! Ataňyznyň halyndan habar almaı siz?pyragyňyzda ıanyp, örtenip heniz kül bolmaz men.Kany sizden wepa görgengim?! Diıip, ıyglap,oglanlarnyň gabryn gujaklap bu gazalny aıtdy.Gazal Seıdi :

--Akyl-huşumny alyp,haıran etgen oglanlar !
Tahtymny taraç kylyp,weıran etgen oglanlar !
Hijr oduga köıdürip,berıan etgen oglanlar !
İüregim suw,gözlerim gerıan etgen oglanlar !
Gözde ıaşym akyzyp,baran etgen oglanlar !

Nöwbaharym Mirhaıdar,nöwjuwanym Mirhesen,
Kany ol näzik jenanym,kany ol şişe-şeken,
Kany ol şirin zybanym,kany ol müşki – hotan,
Her sözi lagly-badahşan, gymmaty şähre İemen,
Halk içinde adyny destan etgen oglanlar !

Waı,waı,Imdi meniň bagtym gara boldy,neteı,
Kany peıda görgenim,gury jepa boldy, neteı,
Iki oglum azaşyp,menden jyda boldy,neteı,
Hasta halymga meniň kimden şepa boldy,neteı,
Dertli janym derdige derman etgen oglanlar !

Tifl-idiler,Jebraıyl beşiklerin yrgatdylar,
Çarh urup,Süleıman birle ıedi deizden ötdüler,
Jurgaı-jamyny ylahydan alyp,meı tutdular,
Gulzumnyň derıasyny çilten birle keşt etdiler,
Gümmezi-ahzarga baryp,seıran etgen oglanlar !

Tokuzyňda Mirhaıdar tutdy hak permanyny,
İedisinde Mirhesen içdi ölüminiň jamyny,
Haıdar puştunda nagş etmiş Muhammetiň mamyny,
Batynynda bilege dakmyş Aly gamgamyny,
Uçraşursa döw, peri, burran etgen oglanlar !

Eı , baharnyň lälesi,bakjalarnyň ter güli,
Gülleri aşıan etgen,bag-eremniň bilbili,
Ah, Mirseıit hesen,wah,Seıit Mirhaıdar weli,
Käkili,gulpaklary sekiz behişt sünbüli,
Kaıda bara, ol ıerni bostan etgen oglanlar !

Eı iki alynesep, waı, iki alyjenap,
Biri ıeiniň diregi, biri semada apytyp,
Kuhy-seňge bir nepes ursa alar, etgeı harap,
Seıdi diıer, men olarnyň oduga boldum kebap,
Janlaryn hak yşkyga gurban etgen oglanlarym !

Elkyssa, Seıdi bu gazalny aıtdy.Erse bir niçe muddet aradan geçdi.Seıdi :
--Eı dünıä,biwepa dünıä !Döwletimden aıryldy,.Bu döwletden maňa paıan bolmady—Diıip ,bu gazalny aıtdy.Gazal Seıdi bu turur:

--Guwanmagyl,köňlüm pany dünıä,
Saňa bu döwletden paıan bolmasa.
Murda bolup,gabrystanda degilem,
Zindeligim halkga aıan bolmasa.

Neıläıin bolmasa köňül kuwwatym,
hakdan tiläp ala bilmen myratym,
Iller dek bolmazmu ogul zürıatym,
Eger meniň bagtym ıaman bolmasa.

Ademden awwaly bar etdi bizi,
Çeşmelerim guryp,gömülmiş gözi,
Gözümge garaňky dünıäniň ıüzi,
Aıym tulug edip, röwşen bolmasa.

Köňlüm ajyz düşdi,gözüm zar galdy,
İurdum haly boldy,başym hor galdy,
Öçdi çyrag, ojaklarym kör galdy,
Uımuş bagtym,imdi oıan bolmasa.

Ogulsyznyň aglamakdyr pişesi,
Mydam synyk bolup köňül şişesi,
Üzükdir,synykdyr köňül köşesi,
Harap alyp,halyn soran bolmasa.

Diıseler: “Ogly ıok pylan-pylanyň” ,
Ogulsyz köňül aç,gözi gallaçdyr,
Ogulsyz bir köki guran agaçdyr,
Niçik gögär,gökden baran bolmasa.

Talygym şor boldy,bagtym keç boldy,
Awwalym hoş boldy, soňum hiç boldy,
Aıym halka urup,ıaşdy, puç boldy,
Ogulsyz garaňky jahan bolmasa.

Seıdi diıer,ahyrzaman günlerim,
Gara geıip, eşki-rowan günlerim,
Men aglamaı,kim aglasyn janlarym,
Mende ogul atlyk nyşan bolmasa.

Elkyssa, Seıdi oglanlaryň destanyny tamam etdi.

SEİITNAZAR SEİDI: GOŞA PUDAGYM.DESSAN.A: “ RUH“ 1993 – 64 sah
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org