Makala

Taryh ylymlarynyň doktoranty: Hangeldi OWMUK
Serhet meseleleri
Şu makala doktorlyk dissertatsiỳada goỳberiỳär:
Her bir halkyñ taryhynda bolşy ỳaly beỳik dowürleri guran pursatlary hem bar, tozdurylan döwürlerine-de gabat gelse bolỳar. Taryhda şeỳle hadysany kabul etsek, onda türkmenleriñ taryhynda-da XVIII asyryñ II-nji ỳarymyndan beỳläk beỳleki döwletleriñ tarapyndan basybalyjylykly hem ỳurt tozdyryjy taryhy tragediỳalara duş gelinỳär. Türkmen halkynyñ medeniỳetiniñ baỳ ýerligi üç döwletiñ täsir sferasyna öwrülip Ruslar, Iñlisler we Eỳran döwletleriniñ arasynda üleşige düşỳär. Halk beỳle hadysalara bir bada boỳün egmeỳär. Oña gaỳtawul bermek üçin özbaşdaklygyny goramagyñ ugrunda dürli syỳasy we harby hereketlere baş goşupdyrlar.

Orta Aziỳada, Ýewropanyñ ekspluatatsion konkurensiỳa tabgyrlaryny başdan geçiren döwründe XVIII asyryñ soñlary we XIX asyryñ 60-njy ỳyllaryna gabat gelỳär. Bu ülkeler Rusiỳa döwletiniñ syỳasy täsir sferasynyñ astynda tabyn hanlyklara öwrülỳär. Bolşewizm rewolỳutsiỳasyndan soñ hem Moskowanyñ syỳasy gurbynyñ doly baknalygynda galỳar.

Şeỳle taryhy hadysalaryñ topalañly turan tüweleỳine garamazdan nesilme-nesil saklanyp galan türkmen medeniỳeti, öz asyllylygyny ỳitirmedi. Şonuñ üçin aỳdyñ taryh, medeniỳet we din hem diliñ birligi bu dürli taỳpa-tireli kowmyñ arasynda milli däp-dessurlary ösdürmäge jaỳdar ỳerligiñ bardygyna biçak ynanasyñ gelỳär. Umuman Orta Asiỳadaky deñ ykbally ỳurtlar, uzak baknalyk döwürden soñ, olaryñ taryhy we medeni miraslaryna laỳyklykda garaşsyzlyk eỳỳamy gabat geldi. Şonuñ bilen birlikde milli galkynyş hem aslyña dolanyş döwri başlanyp ösüş tabgyryna aỳak basdylar. Emma, ...
Biz şu öñümizdäki duran işimizde arhiw çeşmelerden peỳdalanyp hem dürli alymlaryñ şu ugurdaky işlerine esaslanyp Etrek-Gürgen araçäkleriniñ çekiliş tabgyryny gysgaça gözden geçireliñ.

Orsỳet patyşasynyñ Orta Asiỳadaky harby ekspansiỳasy güỳçlenip, goşunlar iki tarapdan ỳagny gündogardan we günbatardan hereket edỳärdi. “Rus-Eỳran araçäginiñ geçmeli ỳeri Türkmenistan Rusiỳa tarapyndan eỳelenmezden, ỳagny tesarizmiñ Hazar deñziniñ gündogar kenarlaryndaky harby ekspansiỳasynyñ başlanmazyndan 30-35 ỳyl öñ kesgitlenipdi. Araçägiñ özi bolsa, 1837-nji ỳyldan 45-50 ỳyl geçenden soñ, ỳagny 1882-1885-nji ỳyllarda iki ỳurdyñ ỳagny Rusiỳanyñ we Eỳranyñ döwlet serhedine öwrülỳär.”.

Piỳotr I Hindistana baryp ỳetmäge ömri çatmady. Ol özünden soñky rus patyşalaryna goỳup giden wesiỳetnamasy boỳunça ỳurt açyşlyklaryny başladylar. 1837-nji ỳylda rus goşuny birinji gezek Hazar deñziniñ günorta- gündogar çüñkündäki Aşyrada ỳarymadasyna girdiler. Türkmenistanyñ Ylymlar Akademiỳasynyñ akademigi M. Annanepesow bu barada doly maglumat berỳär. Ruslar 1839-njy ỳylda Hywanyñ günortasyna öñe süỳşüp başlaỳarlar. Doktor M. Aỳdogdyewyñ berỳän maglumatyna görä, 1864-1865-nji ỳyllarda Semireçỳäni ,Çimkendi, Daşkendi, Syrderỳa boỳuny, 1868-nji ỳyla çenli Samarkandy, Buharany, 1873-nji ỳylda bolsa, Hywany basyp aldylar. Bu hereketleriñ sebäbi bolsa, Owganystan Iñlisleriñ golastyna geçeni üçin ỳüze çykypdy.

Eỳranda käbir taryhçylar türkmenleri şerçi ỳa-da alamançy ỳaly sypatlar bilen ỳatlapdyrlar. Türkmenler Horasanyñ, Astrabadyñ ỳoluny kesmek we şäherlere çozmagy kär edinipdirler diỳilỳän pikiri ỳaỳratmaga baş goşupdyrlar. Elbetde beỳle hereketleriñ bolandygy we onuñ ỳönekeỳ ỳerine ỳüze çykmadygyny inkär edilmezden, hakykat ỳüzünde bolup geçen hadysalary aỳtmakdan boỳun gaçyrỳarlar. Bu hereketleriñ esasy sebäpleri bar. Gajar emeldarlarynyñ Etrek-Gürgende parahat ỳaşap oturan türkmenleriñ üstüne çozuşlary, Nasretdin şa, Günbatar türkmenleriñ ilatyny hem özüne elgarama etmek üçin 1858-nji ỳylda Japarguly hanyñ ỳolbaşçylygynda agyr goşuny Garrygala sebitlerine çozdyrỳar. Garrygalanyñ golaỳyndaky Monjykdepe diỳilen ỳerde türkmenler, Nurberdi hanyñ ỳolbaşçylygyndaky birleşen güỳçleriñ hüjümi bilen, Japarguly hanyñ serbazlaryny it masgarasy edip ỳeñỳärler. Ondan soñ Mary uruşy. Şeỳle hem Apbas mürzäniñ ỳesir düşen türkmenleri Maşadyñ sowuk gyşynda gynaşy we ş.m. köp sütemlere çydam etmejek türkmen, beỳle hereketleriñ garşysyna nähili gaỳtawul bermesin? ...

Türkmenler Eỳran tarapdan görkezilỳän ỳurt tozdyryjy we halk eziji hereketleriñ garşysyna gozgalañ turuzypdyrlar. Ikinji bir tarapdan türkmenleriñ däbi boỳunça degmedige degmändirler, ỳöne degene-de ar-namys almak üçin ustune çozupdyrlar.
Türkmenleriñ gylyç-ỳaragyna söỳenip patyşalyga ỳeten Gajarlar, birinji nobatda hut türkmenleriñ özüne ỳagy bolupdyrlar. Mämmet şa Gajaryñ döwründe Hazar deñziniñ gündogar kenar ỳakasyndaky ỳaşaỳan Gürgenli ỳomut türkmenler olaryñ sütemleriniñ garşysyna gozgalañlaryny artdyryp başlaỳarlar. Olar haçanda Eỳranyñ harby güỳji bilen ỳüzme-ỳüz durup basylan mahalynda ỳelkenli kaỳyklary bilen Hazar deñze gaçyp atyp, kenar ỳakadan daşlaşypdyrlar. Şeỳle bolan ỳagdaỳda Eỳran döwleti olary deñizde yzarlamaga haky ỳokdy. Sebäbi Eỳran-Rus arasyndaky bolan “türkmençaỳ” şertnamasynda görkezilişi ỳaly, Hazar deñzinde harby güỳjüni döretmek hukugyny Eỳran döwletinden alynypdyr. Şonuñ üçin Mämmet şa Gajaryñ buỳrugy boỳunça Ärdeşir mürze, Kyỳat hanyñ baş tutanlygyndaky türkmenleri basyp ỳatyrmak we olary kowga basmak üçin Orsỳet döwletinden 15 günlik möhleti bilen iki sany harby gämi Eỳran döwletiniñ erkinde goỳulmagy haỳyş edỳär. Ruslar bu islegi kanagatlandyrmak üçin iki sany harby gämini Esenguly aỳlagyna ỳola salỳarlar. Ýöne bu gämileriñ gelmezinden öñ Ärdeşir mürze türkmenlere agyr şikes berip ỳeñỳär. Ruslar bolsa, türkmenler bilen söweşe girmäni eỳsem ỳuwaşlyk bilen gatnaşyk açyp başlaỳarlar. Rus döwleti 1840-njy ỳyla çenli gämilerini şol ỳerde saklaỳarlar. Türkmenler bolsa, şol ỳylyñ dowamynda ỳene-de gozgalañ turuzyp başlaỳarlar. Orsỳediñ harby gämileri bolsa, türkmenleriñ gozgalañyny basyp ỳatyrmak üçin Aşyrada girip bu ülkede mekan tutup, öz ekspansiỳa gurbyny güỳçlendirỳärler. Eỳran döwleti oña garşylyk görkezsede, ruslaryñ bu ỳerde bolmagyny türkmenleriñ garşysyna özlerine bähbitli hasap edipdirler. Elbetde, türkmenler hiç haçan daşky güỳje boỳun egmesizlik häsiỳeti hem-de, ol ada eỳelik edeni üçin ruslaryñ bu adada özlerine harby ekspansiỳa döretmegini halamandyrlar. Şonuñ üçin ỳomutlaryñ Hydyr han we Kyỳat han ỳaly baş tutanlary olar bilen söweşe girişip başlaỳarlar. Ol döwürde türkmenler syỳasy babatdan diplomatiỳasy pes derejede bolupdyr. Uly döwletlerden gelen syỳasy ilçiler we içalylar türkmenleriñ durmuş ỳagdaỳlaryny, jemgyỳetçilik düzüm-düzgünlerini we ahlak-häsiỳetlerini öwrenip öz döwletlerine syỳasy maglumatlar geçirip durupdyrlar. Şonuñ üçin sada we garamaaỳak türkmenler beỳleki döwletleriñ syỳasy aldawlaryna ynanypdyrlar. Mysal üçin, ruslaryñ Aşyradada bolan mahallary Mazenderan welaỳatynyñ häkimi türkmenleri olaryñ garşysyna öjükdirỳär. Ruslar Eỳran döwletine garşy arz edỳär. Eỳran bu meselede rolynyñ bardygyny inkär edỳär.

Aşyrada yarymadasy

Ruslar Aşyradany alanlaryndan soñ Hazar deñziniñ ỳakasyndaky uly-kiçi derỳadyr aryklary hem eỳeläp başlaỳarlar. Türkmenler bolsa, iki döwletiñ syỳasy oỳunjaklaryna öwrülỳärler. Bu adada ruslar 1921-nji ỳylyñ 26-njy fewralyndaky baglanşylan şertnamasyna çenli galdylar. Soñ bolsa, bu adany Eỳran döwletine tabşyryp çykdylar.

Bir tarapdan ruslar kenar ỳakadaky ỳomut türkmenleri Mazenderan häkiminiñ garşysyna küşgüren bolsa, beỳleki bir tarapdan 1317-nji k. ,1900-nji milady ỳylda ruslaryñ yzarlaỳan maksatlaryny bilmek üçin Nasretdin şanyñ buỳrugy boỳunça Mazenderanyñ häkimi bolan Seỳfulmälek diỳlen kişini türkmenleriñ arasyna içaly edip ỳollamagy makullaỳarlar. Şonuñ bilen birlikde Astrabatdaky goşun güỳjüni güỳçlendirmäge hem buỳruk ỳollaỳar. Ikinji bir tarapdan Eỳran bilen Rus döwleti Türkmenleri yktysady we maddy taỳdan gysyp başlaỳarlar. Netijede bolsa, türkmenler wagtal-wagtal gozgalañ turuzup Eỳrana hüjüm edỳärler. Iki döwlet bu türkmenleri öz ekspluatatsiỳon syỳasy gözlegçiligine almak üçin, özara maslahat geçirỳärler. Şeỳle syỳasatlaryñ dowamynda 1901-nji ỳylda iki tarapdan, ỳagny hem Eỳran tarapdan wekilçilik topary bellenip hem-de Orsỳet tarapyndan-da wekilçilik topary saỳlanyp şeỳle hem bir näçe goragçy ofiserler we serbazlary bilen Türkmensähranyñ Kümmetkowus şäherinde komissiỳa düzümini döredilỳär. Bu komissiỳada Eỳran tarapdan mähändes Äli Äşräf han, Orsỳet tarapdan Samiranskiỳ baş tutanlyk edipdirler. Bu komissiỳa “Kümmetkowus komissiỳasy” diỳilip atlandyrylypdyr. Komissiỳa öz işiniñ dowamynda türkmenleri iki tarapdan agyr gözlegçilige alyp başlaỳarlar.

1858-nji (käbir çeşmelerde 1861-nji ỳ.) ỳylda türkmenler Horasanda gozgalañ turuzyp başlaỳarlar. Horasanyñ häkimleri bolan Heşmet-etdöwle hem-de Kuwam-etdöwle olary basyp ỳatyrmak üçin merkezden buỳruk alỳarlar.Ýöne bu iki häkimiñ arasyna agzyalalyk düşüp, türkmenler bulary Marynyñ ỳakynyndaky bolup geçen söweşde ỳeñip, olaryñ köp sanly goşun-serbazlaryny ỳesir alyp, Eỳranyñ harby belligi bilen belliklenen meşhur “Sary topy” hem tophanasy, ỳeñiji türkmenleriñ eline düşỳär. Eỳran goşunynyñ bu masgaraçylykly ỳeñilmelerinden soñ otly köỳnek geỳinen Nasretdin şa, öz ỳeñilenine garamazdan türkmenleri tabynlyga boỳun egdirmek üçin ỳene-de başgaça syỳasaty yzarlap başlaỳar.

Mürze Muhammet han Sipehsalardan soñ mürze Hüseỳin han Sipehsalar, Nasretdin şanyñ wezirligine saỳlanỳar. Ol türkmenleri Eỳran döwletine syỳasy tabynlyga geçirmek üçin, olary tamakyn etmek syỳasaty ỳola goỳỳar. Şonuñ üçin Hajy mürze Reza han Müäzzäm ol-Mälek diỳlen emeldary ỳuwaşlyk bilen gizlin Mary welaỳatyna ỳollaỳar. Ol şeỳle syỳasaty hem alyp barmagy başarypdyr. Şondan soñ Maryda bir häkim saỳlaỳarlar. Şol aragatnaşykda 20 sany türkmen ỳaşulylary şertnama baglanyşmaga Tährana barỳarlar. Emma Ruslar bu syỳasatdan habarly bolup, şertnamaly baglanyşyljak gatnaşyga bökdenç döredỳärler. Netijede bolsa, Eỳran döwletiniñ syỳasy taỳdan pese düşmegine sebäp bolỳarlar. Nasretdin şanyñ şeỳle syỳasatlary alyp barmagy bolsa, esasan türkmenleri özlerine tabyn etmek hem Iñlis we Ýewropa döwletleriniñ ekspluatatsion bähbitlerini goramakdan ybarat bolỳar. Eỳran bilen türkmenleriñ şeỳle dartgynly döwürlerine gabatlaşyp patyşa Rusiỳasy 1864-1865-nji ỳyllarda Samireçỳan, Çimkent, Daşkent, Syrderỳa boỳuny,1868-nji ỳyla çenli Samargant, Buhara, 1873-nji ỳylda Hywa ỳaly welaỳatlary basyp alỳar. Şol döwürlerde-de Hazar deñziniñ gündogar kenaryny eỳelemegiñ ugrunda iş geçirilỳär. 1865-nji ỳylda patyşa ministrleriniñ ỳörite organy Krasnowodskini(Gyzylsuw) eỳelemegiñ möhletini belleỳär. Emma Eỳrany we onuñ arkasynda duran Iñlisleri howsala salmazlyk üçin howlukmany, seresaplylyk bilen hereket etmegi karar edỳär. Sebäbi Eỳrandaky baş ilçi Aniçkow bilen Daşary işler ministri Gorçakow dagylara türkmen meselesinde Rusiỳa bilen Eỳranyñ bähbitleriniñ biri-birine gapma-garşy gelỳändigini duỳdurỳardy. 1837-nji ỳylyñ dilden edilen ylalaşygyna garamazdan, Eỳran Hazar deñziniñ bütin gündogar kenarlaryny öz territoriỳasy, türkmenler bolsa, hemmesi öz raỳaty diỳip hasap edỳärdi. Şonuñ üçin hem Aniçkow ilki bada oñat taỳynlyk jemläp, şol ỳerlerde ỳaşaỳan türkmenleri ruslaryñ gelmegine taỳỳarlap, Gyzylsuw aỳlagyny dawasyz-galmagalsyz eỳeläp, Eỳrany gapyl galdyrmagy, ỳagny amala aşyrylan işiñ garşysynda goỳmagy maslahat berỳärdi. Hut şeỳle-de boldy. Türkmenleriñ arasynda Rusiỳa Krasnowodskide söwda bähbidini goraỳardy. Olar diñe kerwensaraỳlar gurup, goşun düşürmekçi däl, diỳen habarlary ỳaỳradỳardylar . Hakykatda bolsa, 1869-njy ỳylyñ 5-10-njy noỳabrynda polkownik N.G. Stoletowyñ baştutanlygynda gadymy şagadam guỳusynyñ ỳanynda harby desant düşürip, Krasnowodsk galasynyñ düỳbi tutulỳar. Şeỳlelik bilken bu wakalaryñ dowamynda Hazar deñziniñ günorta-gündogar çünkündäki Garasuw derỳasyna çenli Orsỳet döwletiniñ täsir sfera giñişligine öwrülỳär.

Şeỳlelik bilen Garasuw derỳasy hem Horasanyñ demirgazyk ülkeleri Orsỳet döwletiniñ täsir sferasyna öwrülip, şondan beỳläk Eỳran döwleti ol ỳerleri öz täsirinden daşlaşdyrỳar. Ikinji bir tarapdan Ruslar bolsa, öz ekspansiỳa güỳjüni durnuklaşdyrmak üçin harby enjamlaryny merkezleşdirip, demirỳol teknikasyny çekip başlaỳarlar.

Rusiỳa patyşalaryna Hazar deñziniñ gündogarynda geljekdäki öñde goỳan maksatnamalaryny yzarlamaga mümkinçilik döreỳär. Kaufmanyñ 1873-nji ỳylyñ iỳunynda Hywany almagy bilen bir tarapdan, 1878-nji ỳylyñ aỳaklarynda ermeni maỳor Lazarowyñ ỳomyt türkmenleri bilen söweşmegi ikinji bir tarapdan general Skoplỳowyñ ỳoluny türkmenler bilen ykbal çözüji söweşi ỳerine ỳetirmäge taỳyn edỳärler. Ol general köp sanly harby güỳjüni demirỳol üsti bilen otla ỳükläp janpida bolup duran Gökdepeli türkmenleriñ üstüne çozỳarlar. Ol ỳerde janyny aỳamany söweşen türkmenler ỳatlardan çykmajak tragediỳalar bilen basylyp alynỳar.

Bu wakalardan soñ, türkmenleriñ bu gadymy potansỳal ülkesi Orsỳediñ territorỳasy hökmünde “Oblast zakaspiskiỳ Morỳa” ỳagny “Hazaryñ Gündogar Welaỳaty” diỳen ady bilen beỳleki welaỳatlara goşulşyp gidỳär. Şeỳlelik bilen Eỳran-Rus döwletleri araçäk bellemek meselesine içgin girişỳärler. Şol ỳylyñ dowamynda alynyp barylan gepleşikler netijesinde 1881-nji ỳylyñ 9-10-njy dekabrynda Eỳran bilen araçäk çekmek barada ilkinji konwensiỳa gol çekildi. “Ahal şertnamasyny 1881-nji ỳylyñ 21-nji dekabrynda Eỳranyñ daşary işler weziri Säiỳd han Mö,temen el-Mülk bilen Orsỳediñ esasy ilçisi we doly ygtyỳarly ministri Iwan Zinowỳow gol çekişip meseläniñ ownuk taraplaryny bellik edip geçỳärler.”
1300-nji h.k. ,1881-nji m. ỳylda mürze Nasrulla han Müşir et-Döwle Orsỳediñ doly ygtyỳarly ministri Sarjdafer bilen duşuşygynyñ netijesini Nasretdin şa şeỳle ỳazỳar:

“Elgaraz eger bu etraplar Orsỳede tabyn edilse, bu ỳerde Aşgabat ỳaly ygtybarly şäherler binỳat ediler. Bu günler häkimleriñ tarapyndan rowa kylynỳan sütemlere ol ỳurdyñ ỳerli ỳaşaỳjylary döz gelip bilmän şäherlere gaçyp atarlar. ỳylba-ỳyl ỳaşaỳjylar azalyp häkimleriñ salgyt üçin edỳän sütemleri artyp başlar. Şeỳle ỳagdaỳda demirgazyk Horasan ỳurdynyñ durnukly kuwaty pese düşüp galar.”.

Ol Orsỳediñ doly ygtyỳarly ministri bilen duşuşygyndaky bolan ikinji bir habaryny Nasretdin şaha ỳazan hatynda şeỳle belleỳär :
“Orsỳediñ welaỳatlaryndaky we Genje şäherindäki Eỳranly graždanlaryñ synp gatnaşyklary hakyndaky mesele-de örsỳediñ döwlet işgärleri olary gaçgak hökmünde tutup saklaỳarlar. Olardan üç günlik möhletiñ içinde ỳa Eỳrana ỳa-da Orsỳediñ graždanlyk tabynlygyna geçmegi talap edỳärler. Elbetde hat arkaly Mo,iỳn el-wezera Orsỳediñ doly ygtyỳarly wezirine derkär gürrüñleri aỳdyp telegramma etmegi sorady hem-de bu söwdadan saklanmaklaryny talap etdiler.”.

Görnüşi ỳaly Eỳran bilen Orsỳediñ hem öz aralarynda serhet hakdaky dartgynly ỳagdaỳlar az bolmandyr. Şonuñ üçin Nasretdin şa srhet boỳundaky şäherleri berkitme pikiriñ esasynda daşary işler wezirini ỳagny mürze Säiỳd han Mö,temen el-Mülki serhet nokatlary barada şertnama taỳynlap gol çekmegi talap edỳär. Ýöne welin bu ugurda esasy iş geçirip bilmeỳärler. Iñ soñunda bolsa, Iñlisler Muhemmet Hüseỳn mähändes diỳlen işöwüre serhetleri geçirmäge iş belleỳärler.

1299-njy k.ỳ., 1892-nji m. ỳyldaky şertnamanyñ ikinji baby boỳunça 1303 k.ỳ., 1896-njy m. ỳylda sahyp ygtyỳarly Süleỳman han Eỳran tarapdan we polkownik Nikolaỳ Kormin Karawaỳew Orsỳet tarapdan serhediñ çyzgysy barada bir meỳilnama düzüp şonda serhet çyzgyny Babadurmaz galasynyñ harabaçylygyndan başlap, Hazar deñziniñ Gündogar- Günortasyndaky Esenguly etrabynyñ öñündäki Esenguly aỳlagy bellik edilỳär. Ikinji meỳilnama bolsa, Esenguly etrabyna degişli çekişler obasynda serhet çyzgyny Etrek derỳasynyñ aşaky agyzyndan Esenguly aỳlagyna çenli, Eỳranyñ baş komissiỳasy injiner maỳor mürze Ali Aşräf han bilen Orsỳediñ baş komissiỳasy baglanyşyp şol territoriỳadan karta çyzgysyny taỳỳar edỳärler.

Ýokardaky agzalyp geçilen bellikleriñ kämil görnüşi “Araçägiñ añyrsyndaky arkadaşlar ” atly eserde serhediñ nokatlaryny doly suratda Babadurmaz galasynyñ harabaçylygyndan, Esenguly aỳlagyna çenli nokatma-nokat belläp geçilỳär.
“Öñde belläp geçilen konwensiỳa jemi dokuz maddadan ybarat bolup, onda araçäk belliklerini oturtmak, dürli ỳerlerde araçägi takyk çekmek üçin iki tarapdan wekil bellemek, araçäkden añyrdan gelỳän derỳalaryñ suwlaryny paỳlaşmak, araçäkden berkitmeleri aỳyrmak, obalary göçürmek, söwda üçin araba ỳollary gurmak, iki tarapa ỳarag, ok-däri geçirmegi gadagan etmek, iki tarapdan dawa turanda araçy bellemek we ş. m. Şertleri karara gelinip şertnama girizilỳär.”.
Ýokardaky şertnamalar hem protokollaryñ yzarlaỳyş dowamynda Pöwrize (Firuze) we Horasan hakdaky şertnama hem aỳratyn baglanşylypdyr. Eỳran bilen Orsỳet döwletleri 1893-nji ỳylyñ 27-nji maỳ aỳynda Tähranda Eỳranyñ sadragzamy mürze Äli Äsgär(Aly asgar) han emin ol-soltan (Eỳran patyşasynyñ emiri ỳa-da ynanỳan şahsy dimekdir.) hem Orsỳediñ doly ygtyỳarly weziri Butuzow dagylar aralarynda gol çekişỳärler.

Iñlis, Eỳran hem Orsỳediñ Orta Azỳa ỳurtlaryna üns bermekliginde üç maksat gözöñüne tutulypdyr :

a). Yktysady we söwda maksatlary ,
b). Syỳasy bähbitler ,
j). Ekspluatatsiỳa hem ekspluatatsion bäsdeşikleri alyp çykmak,
Yktysady babatdan Orsỳede günorta we günorta-günbatar hem Hindistan regionlarynyñ söwda bazarlaryna el gatmak üçin Hazar deñziniñ gündogarynda demirỳol enjamlaryny döretmek örän zerur bolup durỳardy. Şol maksadyñ dowamynda ỳagny Owganystana hem Hindistana ỳetmek üçin Türkmenistan esasy ỳol hökmünde rol oỳnaỳardy.
Syỳasy taỳdan Iñlisler bilen bäsdeşik hem olaryñ güỳjüni Hindistanda pese düşürip regiony öz kalonial tabynlygyna öwürmek maksady yzarlapdyr. Orsỳet Türkmenistanyñ üsti bilen gerekli harby güỳjüni ỳeñillik bilen Hindistanyñ derwezesine çenli eltmegi başarỳardy. Umuman bu iki maksadyñ esasy ỳerligi ekspluatatsion bäsdeşiklerinden ugur alypdyr.
 
1907-nji ỳyldaky şertnama baglaşylandan soñ, Eỳran üç bölege bölünỳär :

a). Eỳranyñ Demigazyk bölegi Orsỳediñ täsir sferasynda durdy.
b). Bitarap Merkezi ülkeleri .

j). Eỳranuñ Günorta bölegi Iñlisleriñ täsir sferasynda galdy.
Bu ülkeleriñ ỳaşaỳjylary ruslaryñ ekspluatatsion häsiỳetli hereketlriniñ ỳeñil düşmejekdigini kem-kemden añyp başladylar. Şonuñ üçin Merkezi Aziỳadaky ỳerli ilat rus patyşalarynyñ bu regionda üstlerinden agalyk sürmeginiñ garşysyna üm-süm oturmadylar. Olar dürli alamatlar bilen öz garşylyklaryny görkezipdirler. Bu hereketlere çäre görmek üçin Rusiỳa patyşasy Orsỳet graždanlaryndan köp sanly bilimli adamlary Merkezi Aziỳa emigratsiỳa etdirmek bilen bu ülkäniñ hökümetini tabşyryp ỳerli ỳaşaỳjylary agyr gözzegçilige alyp başladylar.

1906-1910-njy ỳyllara çenli Orta Aziỳada bu ỳerli däl toparlarynyñ göçüp gelenleriniñ sany 2,5 miliona baryp ỳetỳär. Emma bu emigrantlaryñ Merkezi Aziỳanyñ ỳerli halklarynyñ ỳurtlaryny kasp etmek ỳagdaỳy ilatyñ arasynda jemgyỳetçilik näsazlyklaryny güỳçlendirmäge sebäp bolỳar. Mysal üçin “1916-njy ỳyldaky gozgolañy döwründe general Madridowyñ jeza beriji goşunlary Etrekden añry geçip, ỳomutlary pulemỳot okuna tutup gyryn-jyryn etmegi, köp sanly adamlary, aỳal-oglan-uşaklary gyrdyryp ỳüzläp- müñläp mal-garalaryny, ỳer mülklerini talap, edenlerini edip ỳörmegi hem ỳokardaky aỳdylan faktlara şaỳatlyk edỳär. Olar hatda 1917-nji ỳylyñ 31-nji ỳanwarynda, ỳagny tsarizmiñ ỳykyljak bolup duran wagty jeza beriji goşuny bilen Türkmrnsähranyñ Ýaglyolum etrabynyñ golaỳynda 700-e çenli ilaty gyrgynçylyga salỳar. Şonuñ öñ syrasynda Zakaspy Oblastynyñ naçalnigi general Kalmakow rus goşunlarynyñ 1916-njy ỳylda Türkmensährany eỳeländigini belläp, türkmenleriñ ỳaşaỳan Etrek, Gürgen we Garasuw derỳalarynyñ ugrundaky ülkeleriniñ doly anneksirlemegi we araçägi Horasan daglarynyñ gerişinden geçer ỳaly edip günorta süỳşmegi teklip edỳär. Olşeỳle diỳär : “Eger-de ỳomutlar bilen gökleñler rusiỳa raỳatlygyny ykrar etmejek bolsalar, onda ỳok bolup göçüp gitsinler, biziñ özümiz köpeleris, olaryñ subtropik hoş howaly gözel ỳurdyna ruslary göçürip getireris. Gürgen barada meseläni gutarnykly Rusiỳanyñ peỳdasyna çözmeli we bu baradaky köne düşünjeler aradan aỳrylmalydyr.”- diỳip belleỳär.

1916-njy ỳylda Merkezi Aziỳada ỳer-ỳurtlary eỳeleriniñ elinden çykarmak, algyt-salgytlar ỳygnamak, uruş üçin harby saldatlary toplamak ỳaly sebäpler boỳunça ilatyñ arasynda närazyçylyk döräp rus patyşasynyñ garşysyna göreş başlanỳar. Birinji gezek 1916-njy ỳỳlda Hojant şaherinde aỳaga galỳarlar. Gyrgyzystanda Pežwask we Tokmak şäherlerini, ruslara garşy göreşjeñler gurşaỳarlar. Ýöne bu göreş Türkmenistanda uzak mütdete çenli dowam edip, gaỳdỳar.

1917-nji ỳylyñ fewral rewolỳutsiỳasynda patyşa režimini ỳykỳarlar. W.I. Leniniñ buỳrugy boỳunça Orsỳetde wagytlaỳynça daỳhanlar we işçiler hökumeti dikeldilỳär. Şol ỳylyñ maỳ aỳynda Lenin Orsỳediñ musulmanlaryna “Orsỳet musulmanlarynyñ konfrensiỳasyny” geçirmäge rugsat edỳär. Bu konfrensiỳanyñ esasy temasy ỳerli musulman halklaryñ arasynda ylaỳtada Merkezi Aziỳa “Doly ygtyỳarly Yslam Fedral ” döwletlerini dikeltmek barada bolupdyr.

1917-nji ỳylyñ maỳ aỳyndaky geçirilen “Yslam kongresinde” W. Lenin Türküstanda “Doly Ygtyỳarly Fedratiw Respublykasyny” dikeltmek baradaky maslahatda ony hemaỳat edip gollandygyny yglan edỳär.

Wagtlaỳyn döredilen döwlet komiteti bozulyp, sowet hökumeti dikilenden soñ kokant şäherinde musulmanlarñ dördünji Yslam kongresi gurulỳar. Bu geçirilen kongresde Buhara emirligi bilen Hywa hanlygyndan başga “ Doly Ygtyỳarly Türküstan Respublykasyny” yglan edilỳär. Soñlarda bolsa, ỳagny 1918-nji maỳ aỳyndaky Sowetleriñ regiondaky bäşinji kongresinde “Türküstanyñ Sowet Fedral Respublykasy” yglan bolỳar. Şeỳlelik bilen Türküstan Respublykasy, Rusiỳa Fedratsiỳa Sowetiniñ bir bölegi bolỳar. Şol ỳylyñ iỳun aỳynda Türkmenistanyñ paỳtagty Aşgabatda sowetisimiñ garşysyna galma-gal döreỳär. Kommunistleriñ garşysyna turan rus ofitserleriñ ỳerli ilata goldaw bermegi bilen şäheri öz golastyna alỳarlar. Britaniỳa döwletiñ hemaỳat edip arka durmagy bilen bolşwikleriñ garşysyna döwlet ulgamlaryny gurnap başlaỳarlar.

1919-njy ỳylyñ iỳul aỳynda Türkmenistanda kommunistleriñ garşysyna galma-gal turuzan güỳçler daşary ỳurtlara gaçyp atmaga mejbur bolỳarlar. Ýene-de Türkmenistan Sowet Döwletiniñ ulgamyna girizilip gidỳär.
1924-nji ỳylda bolsa, Sowet Döwleti Orta Aziỳadaky milletleri Sowet Döwletiniñ ulgamyndaky tabyn respublykalara bölüp aỳratynlaşdyryp dikeltỳarlar. Şeỳlelikbilen 70 ỳyldan agdygyrak uzaga çeken sowetizm ỳola goỳulỳar. ...

Etrek-Gürgen türkmenleriniñ araçäginde ỳuze çykan meseleler atly mowzugy boỳunça ulanylan edebiỳatlar :

1. Mämmäd Mohber,”Märzhaỳ-e Iran”, esnad-e vezarät-e omur-e khareje, Tehran – 1324 h.ş., säf. 8 ta 11 .
2.Golbän Mähämmäd, “Nämaỳi äz Säräkhs där dowre-ỳe Gajariỳe”, mäjälle-ỳe bärräsiha-ỳe tarikhi, sal-e häştom, şomare-ỳe 5, Tehran-1352 h.ş., säf. 137
3. Şol ỳerde
4. Aỳdogdyew M.,”Araçägiñ añyrsyndaky arkadaşlar”, “Magaryf ”, Aşgabat – 1992 ỳ.
5.Şirazi Häbibulla Äbulhäsän, “Milliỳätha-ỳe Asiỳa-ỳe miỳane”, däftär-e motale,at-e siỳasi vä beỳnolmäläli,çap-e ävväl, Tehran – 1370 h.ş., säf. 125 .
6. Annanepesow M., golỳazma makalalary, Aşgabat- 1987 ỳ.
7. Kawusy-ỳe Äragy Mähämmädhäsän, “Moraselat där bab-e Asiỳa-ỳe Märkäzi”, /mokatebat-e säfir-e Ingelis där Sankt-Petrborg ba Ländän vä mä,muran-e Ingelis där Iran, där mured-e särhäddat-e Äfganestan, Rusiỳe vä Iran be sal-e 1884 m./, Märkäz motale,at-e Asiỳa-ỳe Märkäzi vä Gäfgaz, Mo,ässese-ỳe çap vä enteşarat-e Väzarät-e omur-e hareje-ỳe Iran-çap-e ävväl , 1373 h.ş.
8. Äsgäri-ỳe Hangah D.A., Kemali D.M., “Iraniỳan-e torkmän”, näşr-e “Esatir”, Tehran – 1374 h.ş. , säf. 53.
 
Kanada-Toronto

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ýolla ]

turkmensahra.org