Bahar (Nowruz) baıram gutly bolsun
 
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peıda,
 edirler awaz urup, dag kylar duman peıda,
 bijanlar jana girip, edirler dahan peıda,
 wabeste dahan guşlar kylarlar zaban peıda.
Magtymguly
 
Ir zamanlar-dan bellenip gelinıän BAHAR( NOWRUZ) baıramy,  ähli Ildeşlere hem watandaşlara tüıs ıürekden gutlamak bile hemmelerine jan saglyk we gün saıin üstünlikler arzu etıäris.
 
Taryhyň çümişinde,  ynsanlar gaty ir wagtlar dan bäri ıaz( bahar) pasly gelende tebigatda başlanıän ıakymly üıtgemeleri toı tutup garşy alypdyr. Emma  ynsan toplumlary tebigatda gaıtalanap duran bu özgerişigi, “tagwim jelali“ adly kalandar düzilene çenli haısy gün başlanıanlygyny bilmäni bir- iki aıyň inçinde aıry-aıry günlerde baıram geçirip gelipdirler.
Bu mesele ilkinji gezek Türkmen soltany Jelalätdin Mälikşa Saljugynyň beren buırugy bile hijiri-şämsi kalandary döredilende çözilipdir. Ol kalandarda gyşyň soňynda gije bile gündiziň deňleşen wagtyny ıaz paslyň hemde hijiri-şämsi ıylyň başlanıan wagty edilipdir,  we 21-nji Mart gününe gabat gelıän şol güne NOWRUZ ady berilipdir. 
Hijiri-şämsi kalandary boıunça üstümizdäki 2005-nji milady ıylyň bahar paslynyň başlanmagy bile, 1384-nji hijiri-şämsi ıyly hem-de Nowrz baıramy başlanıar.  Biz, ähli Türkmenlere hem  watandaşlara  täze hijiri-şämsi ıyly we Nowruz baıramy gutlamak bile  ıagşy arzular doga edip dileıäris.
   edebiıat-we-sungat.com internet sahypa 
 “Türkmen edebiıat we sungat” paltak otogyň adminleri
 
18-3-2005 ( 28-12-2005)
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org