Gutlag hatymyz
40 ıyl medeni-edebi gullygyň, hormatyna tutulıan toı gutly bolsun

SAWÇY şahyryň türkmen edebiıata we sungata eden hyzmatyny
hormatlap Akgala şäherinde geçiriljek toı – dabara
40 ıyl medeni-edebi hyzmaty homatlap geçiriljek toı-dabara, gutlag hatymyz:

Sawçy şahyryň medeni-edebi gullygyny hormatlap
toı-dabara gurnajak setadyň hormatly agzalary !

Biz, edil toıa gatnaşyp duran hal-howa bile, 40 ıyl medeni – edebi hyzmaty hormatlap tutıan toıyňyzy tüıs ıürekden gutlaıarys we arzu-dogalarmyz hasyl bolsun diıip Beıik Taňry dan dileg etıäris.

Hormatly Settar Sowgy Türkmensahramyzyň
köp döredijlikli söz ostady we tanymal şahyry !

Milletimiz Sizi 40 ıyldan gowyrak bäri, ıany ynkylabdan öň hem soň, uruş we ondan soňraky döwirlerde, umuman ıaşıyşyň dürli şertlerinde, ıürek dugy-larňy hem düşinjäňy ıaňlandyrıan goşgylarňyz bile öz ıanlaryda görip geldiler we ıenede görip durjaklaryna biz ynanıarys. Şu ynamy janyňyz sag, we başyňyz dik bolup ıaşadyp hem ösdirip durmak, biziň tüıs ıürekden etıän arzu-doalarmyz dandyr.

Soňky günlerde Latif Izedi we Nurberdi Iri daxyň Siziň hem eserlerňiziň aıratynlyklary hakynda ıazanlaryna goşulyp, ıene bir uly aıratynlygyňyza degip geçjek bolıarys. Biz, Siziň esasy aıratynlygyňyzy Magtymguly atamyza we onuň atasy hem ostady Döwletmämed Azadyıa goııan sarpaňyzda we olardan öz boluşly görelde almagy başarşyňyzda görıäris.

Şu ıerde Magtymguly atamyza geçirilıän ıadlama dabaralarynda we Aktokaı kerwenlerinde işeňňir gatnaşıanyňyzy dile getirip, 1367-nji ıylda ıüzlenip ıazan goşgyňyz dan nusga getirmek ıerliksiz bolyp bilmez:

“ Sözim gysga bagyşla söz gutardy,
bolyp bilmez beıikligiňe ıeterli,
kiçi sawgat kiçi göwnimiň dagy,
Kabul et sen Magtymguly Pyragy.”

Toıy ıene bir gezek gutlamak bile ömriňiziň uzyn bolmagyny hem günsaıin üstünlik gazanyp durmaklarňyzy arzu-doa edip dileıäris.

Hormatlamak bile

edebiıat we sungat internet sahypasy we
Matymguly adyndaky türkmenkultur ojagy,
Tuerkmen edebiıaty we sungaty paltalk otogy .


Alman, 08-11-83(27-01-2005)
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org