Makala

Araz Parwiş
OKUWLY GATLAK ÇYKGYNSYZ İAGDAİDA

Öten asyryñ 1-nji çärıeginden bäri medeni aıratynlyklary nygtama meıliniñ güıjemegi Eırandaky türkmenleriñ arasynda-da, gijiräk hem bolsa, bu ugurdaky çelgi hem çylşyrymlylyklaryñ ıitileşmegine getirdi. İöne bu gymyldylar köplenç goranyş görnüşinde bolup, daşardan gelıän hüjümlere berilıän has konserwatiw, kähalatda hem diıseñ öñe gidişlikli häsiıete eıe gaıtargylar bolup durıar.

Gapma-garsylyk bir tarapdan Türkmeniñ ıaraly kimliginden gelip çyksa, bir tarapdan-da beıleki gymmatlyklary çydamsyzlyk bilen ıere çalıan häkim medeniıetiñ medeniıetsizliginden, has dogrusy, gödekliginden gözbaş alıan bolsa gerek.

Käıarym "Türkmensährada"  ıerleşdirilıän makalalarda, çuñ pikirleri öz içine alsa-da, pars dilindediginden daşgary, ıazyjylaryñ halkynyñ baı medeni mirasyna ıetik däldigi, şol sebäpden hem tutulıan tutumlaryñ köplenç halatda özüni aklama suratynda bolup geçıänligi ünsüñi çekıär. İöntemlik, gözıetimiñ çäklidigi adamy gynandyrıar.

Türkmeniñ özüni aklaryna gerek ıok. Ol zulum eden halk däl-de, zulum-sütümiñ astyndaky halk. Özüni aklamaly onuñ üstünden agalyk edıänler. Özi-de bir milleti dilsiz-agyzsyz goıanlygy üçin.

Iliñ ykbaly bilen berk baglanyşykly soraglar barada, dogry ıa ıalñyş, belli bir derejä çenli pozisiıa tutup,  garaıyşlaryny beıän edip bilıän türkmen intelligensiıasynyñ öz ene dilinde iki sözlemiñ başyny çatyp bilmän, ıazıan makalalary bilen türkmen diliniñ hasabyna pars dilini baılaşdypyp, ene dilini folklora öwürme barada barıan "tagallalara" goşant goşıanlygy, şeıdip hem öz kimlik ıitgisini güıçlendirıänligi ajy hakykat welin, ıöne bu onuñ peıda-ziıany tutuşlygyna saıgaryp bilmeıändigini belgilänok. Ol öz halkynyñ bähbitlerine gowşak hem bolsa, düşünip bilıär. İöne, nädersiñ, ilki bilen-hä häzirki ıagdaıy döreden ıeke geçen ıigrimi ıyllykda ıüz beren hadysalar däl. Biziñ halkymyzyñ gelejegi gönüden-göni onuñ geçmişi, medeniıeti, zehniıeti bilen baglanyşykly. Bu hem onuñ bähbitleriniñ ozal eden taryhy tejribeleriniñ üsti bilen kesgitlenmegini talap edıär. Ikinjiden-de bu barada düıpleıin pikir alyşmak onuñ öz dilinden başga dilde, subıektiw sebäplere görä, mümkin däl.

Türkmen intelligensiıasynyñ orta atıan ıüzleı çözgütleri bilen oñaısyz ıagdaıa düşmegini ıeke maglumat çäkliligi bilen düşündirip bolanok. Aıgytly roly oınaıan milli añ-düşünjäniñ ıetneligi. Bir güıje tabynlyk ıogsam öz kimligiñi inkär etmek derejesine baryp ıetmeli däl.

Syıasy sosıalizasiıa täsiri astyndaky gatlak bilen sada halkyñ arasyndaky tapawudy, has dogrusy türkmen intelligensiıasynyñ öz halkynyñ bähbidine dogry düşünip, ony doly kesgitläp bilmän, häkim güıjüñ wekili hökmünde çykyş edıänligini nazara alanyñda köpçülikleıin gymyldy ähtimaly garañky görünıär.

Munuñ tersi-de dogry. Türkmen jemgiıetiniñ tas iki ıüz ıyl bäri  öz içinden dörän ösüş dinimikasyndan mahrum edilenligi zerarly özüne bolan ynamynyñ gowşanlygy-de okuwly gatlagy ruhy taıdan soıgetsiz goııar. Has düşnükliräk edip aıdanyñda, Eıranda ıazgydy daşardan ıazylyp, öz ykbalyny özi kesgitleme erkinden mahrum türkmen jemgiıetiniñ gymmatlyklaryny özleşdirip,  öz içinden dörän intelligensiıasy ıok. Barynyñ-da eıerıäni bir modern jemgiıet däl. Ol hem ony öz çagsan, dargap sandan galan ideologiıasyna örkläp bilenok-da, kimlik ıitgisinden peıdalanıar.

Syıasy gözıetimi dar, özgerişlere taııarçylyksyzdygy zerarly ozal Tudanyñ topugynda tozap, soñ Pidaıylara pida bolan, indi-de yslam tuguny göterıän türkmen okuwly gatlagynyñ ıagdaıynda käbir gowşak, üzñe çyzgylar bolaımasa, düıpleıin üıtgän zat göze ilenok. Onuñ agalyk edıän medeniıetiñ buıuntyrygyndan dynyp, özüne gelerine entek garasmaly ıaly bolıar.
 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org