İatlama

Janköıer mugallym Nazgurban Nejjaryny ıatlap !

   Bendertürkmende 2-nji jahan urşy döwründe bina edilen birnäçe täsin jaı bardy. Olaryñ birisi şäheriñ gaıra tarapynda demirıol gurlşugynyñ tamamlanan ıerinde «Gümrük» edarasy, iki sanysy bolsa şäheriñ illerräginde ıerleşıärdi. Olaryñ birisi ıokary oku jaıdy, beılekisi häzirki «Bender» sinemasynyñ garşysynda ıerleşen we «Demokratlaryñ» öıi dilıäñ jaıdy. Bulardan başga, Aşyr ada gidıäñ ıoluñda harby maksat üçin bina edilen giıñ meıdany tutıan jaıa duş gelinıärdi. Bulary Almanlaryñ hem-de ruslaryñ bina edendigi aıdylıar. Bulardan başga Bendertürkmen bilen gadymy Gürgen(häzirki K.Gabus) aralygynda Almanlaryñ guran «Alman hatda» diıen ıol-da çekilipdi.
   Biz bu gürrüñimizde B.Türkmeniñ şol mekdebinde ençme ıyllap müdür bolan we gulluk ıyllarynda ıüzlerçe ıokary okuwly Türkmenleri ıetişdiren Nazgurban agah akynda bildigimizden durup geçmekçi.
 
    Gadymy orta oku jaıy, bir mahal demirıol kadrlaryny taııarlamak üçin niıetlenipdi. Oña «Hüneristan-e Säneti» diılıärdi, Onda bir topar Türkmen ıigidi tälim aldı. Olaryñ arasynda görnükli edebiıetçymyz Nurmuhammet Aşyrpur(Türkmenistanda ol Aşyrpur Meredov aty bilen tanalıar)dagy bolupdyr. Mämet yrza şanyñ şounistik siıasaty netijesinde soñra bu teknikom ıapylyp, bazasy gadymy Astrabat(häzirki Gürgene) alnyp gidilıär we bu ıerde «Hedaıet» aty bilen orta mekdep döredilıär.
 
   1962-nji ıylda başlangyç mekdebi obamyzda tamamlap, okuwy dowam etdirmek üçin beıleki obaçylar ıaly B.Türkmene geldim. Ol döwürde orta mekdep iki tapgyrdan ybaratdy. 1-nji we 2-nji sikl. Üç ıyly öz üçine aılan 1-nji sikl, şäheriñ gaıra tarapynda «Hazar» diıen mekdepde okalıardy, onuñam janköıer müdüri bardy, familıasy Kötükdi. Bu mekdebi tamamlanlar «Hedaıet»da okuwny dowam etdirip, şol ıerdenem orta okuwunyñ diplomyny /atestatyny aılardy.
 
   İadymda, ilkinji gezek şol mekdebiñ gapysyndan ädlänimde gözi gara äınekli, daıaw bir adama gözüm düşdi, ol mekdebiñ derwezesiniñ öñünde eıläp-beıläk gezmeläp, gelen-giden okuwçylary barlaıardy. Jañ kakyldy, klasa girmek üçin nyzama durardık, rugsatsyz mekdebe gelmänleriñ atlary okalardy, olar bir gyraga çykyp durardılar, soñra, jañ kakylandan soñ gelenler-de olary goşulardy. Gara äynekli-soñra görüp otursam merhum N.Nejjary olary diñlärdi, käbirlerini klasa goıbererdi, käsine bolsa temmi bererdi. Garaz onuñ elinden syıpjak gumanyñ ıokdy. Ol şeıle bir pristijli, prinsipli adamdy welin diñi-taıy ıokdy. Onuñ mekdepde ıöredıäñ berk düzgüni, disiplini nusga alarlykdy. Merhum Nejjarynyñ şol siıasaty netijesinde her ıylda 10-larça Türkmen universitet egzaminleri gazanıardy. Onuñ ıetişdiren doktorlary, injinıerleri, dürli ugurlardan bilermenleri, teknisiıenleri gaty köp boldy.
 
   Özlerini Eıranyñ kommunist partiıasy saııan «Tudeh» partiıanyñ arhiv-materiallarynyñ arasynda merhum Nazgurban Nejjarynyñ 1940-njy ıyllarda bu partiıanyñ hatarynda hereket edendigi hakda birnäçe dokumete gabat geldim. Olar barada nesip bolsa ıazyp oturan «Türkmensähranyñ taryhy» işimde dolurak durup geçerin.
  
   Merhum Nejjary Türkmen balalarynyñ ıokary ylym almakda, hatly sowatly etmek ugrunda köp alada etdi. Onuñ aty şol mekdebe dakylyp, hatyrasy ebedileşdirilse çüpüne düşerdi diıp oılanıarys. İeri gelende aıtsak, Pählevi rejimi agdarlandan soñra bu mekdebe beıik «Magtymgulynyñ» aty berildi, häzir bolsa başga ata eıe.
 
   İeri gelende şol mekdepde merhum Nejjarynyñ orunbasary bolup işlän A.Amanmähemmedini-de ıatlap geçeıliñ. B.Türrkmende Ybraıym Alagy, Muhammet Bogda ıaly janköıer mugallymlar az däldi. Hemmeleriñ atlary, hormatlary, elmydama halkyñ ıüreginde ıaşar diıen umyıt bilen sözümi jemleıärin.
 
Akmyrat Gürgenli
Taryh ylymlaryñ kandidaty
Prag
03.12.2005   

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org