Gökdepe elegıası(Tawuşy)
Mesgingylyç Gökdepe elegıası(Tawuşy)
    Belalardan nyşan !
Eı Hudaıa toba kyldym, bu ne apatdan nyşan,
Elaman, heı elam, sakla belelardan nyşan,
Arş-u kürs, luh-u kalam, asman, zemin eılär pygan,
Bu musulman nalyşyga, ıer ıüzün aldy duman,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Kim musallat boldy bizge, yşbu kapyr öwrülip,
Köp musulmanlar şehadet tapdy, gumga garylyp,
Ata oguldan, ene gyzdan, dost ıardan aırylyp,
Gök öwrülip, dag sarsyp, ıedi gat ıer ıarylyp,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Lagnaty dejjal läıin, gopgan gibi boldy beşer,
Gyrmyzy ganlar döküldi, akdy derıa dek nehir,
Kerbela şehitler dek, boldy öwlad-e beşer,
Kimi magryp, kimi maşryk sary boldy derbe-der,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
İyglañyzlar eı musulmanlar ki matamdyr bu gün
Soldy gül, urdy hazan, bilbi dili semdir bu gün,
Kapyra paımal bolup, ummat-y Hatamdyr bu gün,
Ummatyñ halyga, fahry jihan gamdur bu gün,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Waı, bul kim bizlere bir patışah rehber gerek,
Ol Ababekir, Omar, Osman kimin efser gerek,
Zulpugaryn çalgujy arslan Aly haydar gerek,
Hem Musayyeb-o, Sagyd-y wakkas, Malik-e aždar gerek
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Waı, alar bolsa garyplar halyny sorgaı eıdi,
Kapyra garşy durup, din gyljyn urgaı eıdi,
Otuz üç müñ ähl-e yshap sep bolup durgaı eıdi,
İer bilen ıegsan edibän, baryny gyrgaı eıdi,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Uşbu gün matam tutup, haywan-ynsan ıyglaşar,
Gök lerzan urup, ıer-o asman ıyglaşar,
Nala dartyp, hem bulutlar, çarh-y eıwan ıyglaşar,
Teke halky zar-o gerıan, köp musulman ıyglaşar,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Wa daryga sernegun boldy, Söyün han illerim,
Gözi gerıan, bagry berıan, hana weıran illerim,
Çäre ıokdur, hak tagala kylsa perman illerim,
Belki kylgaı hak ıene müşkülni, asan illerim,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Bu musulmanlar tamam, efzel-e ummat boldular,
Munda rehmet aldy, onda ähl-e hyzmat boldular,
Howuz-e köwser saıasynda saky-ıe şerbet boldular,
İokdur arman, barysy hüırlege ülfet boldular,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Wa haçan bolgaı bizlerege bagyt, kadyr Huday?
Uşbu jebir-o hem sütemler, günbe-günden, ıyl-o aı,
Bizge kyldy bi wepalyk, bu harap, köne saraı,
Bu ne apat, bu ne zulmat başymgyza, waı-waı,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Ajyzy Mesgingylyç kyl toba, çendan yıglagyl,
Hemdemim ussa Myrat, hatyry perişan ıygşagyl,
Dembe-dem äfgan kylyp, çäk-o gerıan ıyglagyl,
Çoh olaryñ bolganyn, ähl-e dessan ıyglagyl,
Arasat gopdy bu gün, möminlere ahyrzaman.
 
Käbir sözleriñ düşündirişi:
*Luh-u kalam: kalam eıesi, Hudaı, Tañry
*Dejjal läıin: näletlenen dejjal, aldawuñ simboly, dini rowaıatlara görä ol ahyrat gopmazdan öñ eşegi bilen gelip, tylla paılap, adamlary ters ıolla çekjekmiş.
* Nehir: derıa, aryk
* Öwlad-e beşer: ynsan ogly
* Maşryk: Gündogar, magryp, günbatar
* Paımal: aıak asty, depgilenmek
* Ummat-y Hatam: Jomart halk diımek
* Fahry jihan: Dünıäniñ buısanjy, bu ıerde Muhammet pygamber
 * Rehber: serkerde, lider
* Musayyeb, Sagyd-y wakkas, Malik-e aždar: Arap, musulmalarynyñ serkerdeleri
* Ähl-e yshap: Muhammet pygamberiñ ıarany
* Wa daryga: wah, nädeyin
*Sernegun: düñderilmek, agdarylmak
* Söyün han: Teke bilen ıomutlayñ nesilbaşysy
* Hana weyran: öıi ıykylan
* Bu musulmanlar tamam, efzel-e ummat boldular: Gökdepede şehit bolan bu musulmanlaryñ hemmesi, halkyñ baş täji boldy
* Anda: Ol dünıäde, behiştde
* Saky-ıe: Şerap guıujy, beımçi
* Ülfet: ıoldaş, syrdaş
* Zulmat: Garañkylyk, bu ıerde zulum
* Äfgan: nala, pygan
                                                
Latyn hatyna geçiren we sözlere düşündiriş beren
Akmyrat Gürgenli
09.01.2006   

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org