Makala

Akmyrat Gürgenli
Baıdak baıramına diktator Niıazovıñ doglan güni kölge salıar!
Golia@rferl.org
   19-nji fewral Türkmenistanda baıdak güni. Halkymyzyñ buısanjyna buısanç gatylan güni. Türkmen döwletiniñ milli tugunyñ beıleki döwletleriñ hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyñ binasynyñ ıanynda mawy asmanda parlan güni. Hatta oña göwüni ıetmeıän, görüp bilmeıän, içi ıetmeıän Eıranyñ baş şäheri Tehranyñ ortarasynda al asmana galan güni.

  1991-nji ıylda Türkmenistana garaşsyzlygyny jar edenden biraz soñra- ıaranjañlar garaşsyzlygy Niıazov alyp bedri diııärler, aslynda Niıazov  Türkmenistanyñ garşsyz bolmagynyñ tarapynda durman geldi,  milli baıdagyñşekliniñ/formasynyñ kabul edilmegi barasynda köp maslahat edildi, dürli pikirler, teklipler ara atyldy. Şol maslahata hem ıurduñ içinden hem-de daşyndan gatnaşyldy. Hatta şu setirleriñ avtory-da Türkmeniñ milli tugunyñ formasy barasynda öz garaışyny Türkmen döwletine hödürledi. Şonda baıdagmyzyñ sada, zenanlarymyzyñ ketenisi ıaly ıerliginiñ gyzyl, kenarynyñ sary bolmagyny teklip edipdi. Kerim şahyr aıytmyşlaıyn:

«Baıdagmyzyñ gyzyl boljagyny

Göıä bilen ıaly müñ ıyllap ozal,

İüpegini gülüñ suwuna boıap,

Keteni dokanmyş Gül diıen gözel…»

   Türkmeniñ halysynyñ reñki gyzyl, aıaldyr erkekleriniñ dony gyzyl, gyzyl biziñ milli reñkimiz. Emma biziñ teklibimmize gulak gabardanam bolmady, diñlänem, edil musulman döwletlerinde boluşy ıaly ıaşyl reñki alyp oturuberdiler. İüzünde bolsa aı-ıyldyzdan başga dürli tire-taıpalaryñ haly göllerini ıerleşdirdiler.

   Baıdak diıeniñ sada bolmaly, edil beıleki döwletlerdäki ıaly, ony mekdep çagalary hem-ä kagyza hem-de ıürklerine nagyş edip bilmeli. Baıdakda ıerleşdirilıän nagyşlar, ulusuñ milli simbollaryndan ylham almaly. Edil ata-babalarymyzyñ asyrlar öñ Gurduñ kellesi, ıa-da ok-ıaıdan peıdalanyşy ıaly, şoña meñzeş simbollardan peıdalanmaly. Häzirki ıaşyl baıdagyñ ıüzündäki bäş sany halynyñ gölüniñ ıerleşdirilmegini başda beıik Magtymgulynyñ goşgusyndaky:

«Teke, İomur, Gökleñ, İazyr, Alyly,

 Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.»

Diıen pikrinden ylham alnandygy öñe sürüldi, görseler munda tire parazlygynyñ yısy bar, bäş welaıatyñ simboly diıdiler.

   Bir gezek 1996-njy ıylda Swedeniñ Göteborg şäher airoportynda Aşgabatdan geljek Türkmenistanly dostum Baıram A. garşy almaga bardym. Meni uzakdan görer ıaly elime kiçiräjik Türkmen baıdagyny alyp zadla durdum. Elimdäki ıaşyl baıdagy görenlerden käbiri: «Siz Marrokodanmy» diıip ıürege düşdüler, ahyry baıdagy ıygnap jübüıme salmaly boldum.

   Diktator Niıazovyñ ıaranjañlary Türkmeniñ milli puluna onuñ suratyny ıerleşdirmek bilen ganahatlanman, milli tugumyza-da «Türkmenbaşynyñ»suratyny goıjak bolup ummalakan atdylar. Häzir Niıazov suratly Türkmen manady kör köpüge degenok, hatta diktatoryñ özi-de Amerikanyñ dolarlyny sowıar.

  19-njy fevral baıdak gününe, mili baıramçylyga diktatoryñ doglan güni kölge saılar. Şu günler Türkemenistanyñ haklara telefonlar gatnaşygy edarasyna jañ etseñiz operator gyız: «Beıik Türkmenbaşynyñ doglan güni gutly bolsun, näme hyzmat» diıip jogap berıär. Olar üçin baıdak bahana, olar öz «serdarlarynyñ» doglan gününi belleıärler, baıdak dagy «witjik» bolup galıar.

   Emma hakyky Türkmen üçin baıdak milli tagmadyr, ol ıürklerde ebedi ıaşar. Baıdagyñ formasyny-da, keşbini-de gözelleşdirip bolar, ıöne oña hiç haçan, hiç hili hapadyr, pislik ıokaşmaz, ıokaşdyrybem bilmezler.

Erkinlik tugumyz hemişelik parlasyn.

Akmırat Gürgenli

Çek jemhuriıeti

2006-njy ıylyñ 18-nji fevraly        

 

       [ Baş sahypa ]            [ Çap ]             [ Dostuňa ıolla ]

turkmensahra.org