| 
          Irna habar agentlygy ölenleryň 
          sany partlazyşda 75 den geçdy diýp habar 
          berýär. Polisiýanyñ, şaýatlaryñ we habarçylaryñ maglumatlaryna 
          salgylanyp günbatar metbugaty Karbalada 25 töweregi adamyñ öldürilen 
          bolmagy güman edilýär diýip habar berýär.
 Ýüzlerçe müñ şaýy musulmanlary şu gün Karbalada Muhammet pygamberiñ 
          agtygy Ymam Husseiniñ hatyrasyna geçirilýän dini çärä gatnaşmak üçin 
          köçelerde ýörüşe çykdylar. Bagdadyñ şaýy musulmanlarynyñ oturumly 
          ýerinde ýüz beren bomba partlamasyndan birnäçe adam zeper çekdi.
 Habarlara laýyklykda iki şäherde ýüz beren partlamalar şol bir wagtyñ 
          özünde amala aşyrylypdyr.
 Ýewropa döwletleri we Yragyñ goñşy ýurtlary partlamasyny ýazgaryp 
          çykyş etdiler.
 Almanyyñ Daşary işler ministri Joshka Fischer 
          bu hüjümlere ynsana ganym hüjümler diýip baha berdi we olary berk 
          ýazgardy.
 Britaniýanyñ Daşary işler ministri Jack Straw bu hüjümleri şaýy 
          musulmanlaryñ dini baýramy ýa-da düýn kabul edilen Yragyñ wagtlaýyn 
          konstitusiýasy bilen baglanyşygy bolup biler diýip belledi
 
 |