OMAR HAİİAM

(1040-1122)

Mahmud Gazneviniñ döwri

 

RUBAGYLAR

 

Parsçadan Türkmençä terjime edenler:

Rahman Rejepov (Rejep Rahmany)

Bayrammuhammet Ahundov (Müderresi)

 

“Türkmenistan” neşriyaty, Aşgabat 1977

Ilkinji çapy: TCCP-iñ kitap palatasy

 

Kril hatyndan latinça geçien:  A.Gürgenli

September 2003

 

 

 

Geliñ, meıhanada durup geçeliñ,

Şatlykda bir käse urup geçeliñ,

Kurhany, selläni meıe çalşyp,

Mjide omzumyz urup geçeliñ.

 

Meı içen wagtyñda aklyñ ıitirme,

Huwşuñy ıitirip, samrap oturma,

Ysleseñ şerabyñ halal bolmagyn,

Däliräp, ynsana azar ıetirme.

 

Menden Muhammede ıetiriñ salam,

Hormat bilen soñra aıdyñ bir kelem!

–Turşy çaly halal edip şerygat,

niçün gyzyl meıi edipdir haram?

 

Meniñ tarapymdan Haııama salam,

Soñra aıdyñ: “ham ekeniñ eı, Haııam,

Men haçan aıtdym meı haram diıp?

Akylla halaldyr, akmaga haram”.

 

Añ-bilim ugrunda söı akyl-huşy,

Söıme, bet kişiini, ger tapsañ ıagşy,

Yıl-halka özüñi söıdürjek bolsañ,

Hoş gylyk bol, bolma ulumsy kişi.

 

Dünıäñ eşreti meı bilen sazdyr,

İene bir ıagşy zat oñat owazdyr,

He näçe sertseñ dünıäñ işine,

İamanlyk bir gyşdyr, ıagşylyk ıazdyr.

 

Her kim iki günde ıetse bir nana,

Döwük gapdan suw tapdyrsa ynsana,

Niçün hyzmat eder özi dek kişä,

İa niçün gul bolar her bir nadana.

 

Hiç haçan şeraby gözden salmaryn,

İar yşkyndan özge zady bilmerin,

“Alla saña ynsap bersin diııärler,

berse beribersin, hergiz almaryn.

 

Gördüm meıhanada bir piıan piri,

Soradym: “gidenler bolarmy diıri?”

Diıdi: “meı iç, ençe biziñ ıalylar,

Gidendirler, emma gelmedi biri.

 

Säher meıhanadan çykdy bir seda,

Meıhanyñ mesi, eı däli-şeıda,

Tur, ömür käsämiz dolamazdan owal,

Piıalany meıden dolduran peıda.

 

“Meı içıäñ” diıp, mese berme gyjalat,

hiıle torun gurma, aldawuñ bes et,

sen gabarma “men içmeıän” diıp,

ıüz dürli iş edıäñ meıden-de erbet.

 

Men nädeıin, sen palçygymy ıugurduñ,

 İüñ-ıüpegim baryn özüñ egerdiñ,

İagşy-ıaman herne bizden çyksa-da

“İazgyt” diıp, töweregime egirdiñ.

 

Süñk, siñir, damar bar bolsa tende,

Bolmagyn durmuşda hiç kime bende,

Boıun egme duşmana, bolsa Rüstem, Zal,

İalynma, Hatam dek dost bolsa sende.

 

Biziñ depderlerimizde, jahan syrlary,

Aıdylsa, ıagdyrlar dürli şerleri,

Halkyñ añ-bilimi ıetne bolansoñ,

Aıdyp bolmaz ıürekdäki barlary.

 

Baıram gelip, işi düzgüne salar,

Saky meı bermäge ıerinden galar,

Oraza rişmesin, namaz nogtasyn,

Eşekleñ boınundan sypyryp alar.

 

Bolandyr bizden öñ giıje hem gündiz,

Aılanandyr aılar, günler durman tiız,

Assa bas gadamyñ ol basan ıeriñ,

Bir ıaryñ gözünden tozap galan yız.

 

Düın agşam meı gabyny urdum daşa,

Piıandym men şonda, içipdim aşa,

–Men-de sen ıalydym, sen hem bir zaman,

bolarsyñ men kimin–diıdi, ol çüışe.

 

Diııärler: “Meretde meı içmek bijaı”,

Rejep aıynyñ-da eıesi Hudaı,

Bu aılar Resuldyr, Tañryñky bolsa,

Oraz aı içeris-biziñki bu aı.

 

Diııärler: “jenne ba, hem onda hüırler,

Ol ıerde süıji bal, al şerap biırler,

Meı içip ıar söısek rowadyr munda,

“şeıle hem boljakdyr iş soñy” diııärler.

 

Diııärle: “dowzha düşjekmiş piıan,

Ynanma bu söze, bir ıalan beıan,

Mes bilen aşyk hem dowzahy bolsa,

Erte ol jenneti boş galar, aıan.

 

–Men çemen Müsründe İüsüp–diıdi Gül,

agzym gyzyl-ıakut, altyndyr edil,

diıdim: “İüsüp bolsañ görkez bir nyşan,

diıdi: “şaıat, ganly köınegimigi bil.

 

Biz oıunjakdyrys, pelek oıunbaz,

Hakykatdyr menden eşdilıän owaz,

Bir-birden gireris ıokluk sandygyna,

Durmuşuñ küşdünde oınasañ biraz.

 

Bilermiñ horazlar her dañda-säher,

Gyıgyryp, zarynlap gör näme diıer:

“Dañyñ aınasynda gördüm ömrüñden

Bir gije geçdi, sen galdyñ bi-habar.

 

Men kimin aşykdyr, belki bu küıze,

Giriptar bolandyr bir gözel ıüze,

Bir ıaryñ boınuna dolaşan goldur,

Boınunda görünıän- ol gulpy bize.

 

Meni getirmekden baı bomaz pany,

İa-da äkitmekden artmaz öñ şany,

Eşitmedi hiç kimden iki gulagym,

Getirmek-äkitmek niçün ynsany?

 

Ömür kitabyndan açdym bir paly,

Düşündim men ondan şeıle ahwaly,

Örän bagtlydyr, bolsa her kimiñ,

Uzyın giıjeleri, ıary aı ıaly.

 

Bar, toprak at çarhy-pelek başyna,

Meı içip, gözelleñ aılan daşyna,

Gidenlerden biri hem gaıdyp gelen ıok,

İeri däl meıil etmek tagat işine.

 

Akmaklyk ıüzünden bu üç-dört baıar,

Hemmeden özüni bilimli saıar,

Şat bol, eşeklikdn bolar özi dek,

Eşek bolmadyga dinsiz at goıar.

 

Adamzatdyr ähli mahluguñ başy,

Zyıadadyr onuñ akyly-huşy,

Dünıä tegelegi bir ıüzük bolsa–

Ynsandyr– bezegi, zyınaty, gaşy.

 

Gel, eı dost, etmäli ertiriñ gamyn,

Ganymat bileli, ömrüñ her demin,

Ençe öñ ölene ıoldaş bolarys,

Söndürse ol ölüm ıaşaıyş şemin.

 

Ajaıyp çalt geçıär ömür kerwöni,

Gymmat bil, meılisde geçen her güni,

Eı, saky çekmegin ertiriñ gamyn,

Giıje geçip barıar, meı uzat, hany!

 

Eı şäher kazysy, biz senden iışli,

Şeıle meslikde hem sizlerden huşly,

Siz adam ganyny, biz üzüm suwuny,

Dogryñy aıt, içmekde haısymyz güıçli?

 

Meıiñ her damjasy şa tagtyndan ıeg,

Hanlaryñ mülkünden hem bagtyndan ıeg,

Dañ säher aşygyñ her çeken ahy,

İalançy sopylañ tagtyndan ıeg.

 

Sanjylman bir tiken, galman azara,

İetmedi dünıäde hiç gülzara,

Daraga bak, dilim-dilim bolmazdan,

Hetdi ıokdur ıar zülpüni bezäre.

 

Akyl bilen girjek bolanlar sana,

Haıp, sagıar olar bir erkek tana,

Geı akmaklyk donun, çünki bazarda

Bu gün geçmez aklyñ, çüırük samana.

 

Utanar zamana ol kesden aşa,

Dünıä gamy üçin batsa göz ıaşa,

Göter piıalany, aıdym-saz bilen,

Ömür piıalamyz, degmezden daşa.

 

Meı bilen tähret kyl, meı bolan ıerde,

İaman, ıagşy bolmaz, ıazylgy serde,

Şerap ber, gaıtadan ıamar ıaly däl,

Örän zor ıyrtyldy sopylyk perde.

 

Diııärler: “magşarda bolar, çeke-çek,

Ol mähriban tañry gazaba münjek”,

Hiıç ıamanlyk çykmaz asly ıagşydan,

Şerap iç, iş soñy haıyrdyr, bişek.

 

Garşylyk baıdagyn galdyryñ erte,

Meı içerin ak saç bilen, ıörite,

Ömrüñ pellesi ıetmişe ıetdi,

Şu dem şatlanmasam, galam hasratda.

 

Jahanada hakyky mahluk adamzat,

Her kimiñ pähmine girmez bu añsat,

Añlaıyş meıinden bir ıudum içseñ,

Saıgarsyñ mahlugyñ haısy kem, ziıat.

 

Meıhana meslerden, goı, doly bolsun,

Sopulañ etegi ıansyn, od alsyn,

Dürli reñkli bolan don bilen selle,

Mesleriñ aıagynyñ astynda galsyn.

 

İokluk suwy bilen tohum ekdiler,

Ruhumy hem gam oduna ıakdylar,

Dünıäniñ daşyna ıel dek pyrlanyp,

Gözlärin topragymy, nirden çekdiler.

 

Aı, ıyldyz döräli bäri adamzat,

Görmediler meıden gowy hiç zat,

Al şeraby satıanlara haıran men,

Satyp näme alar, içgiden zyıat.

 

Diııärle: “Oraz geldi ıakyna”,

Meı içmek işimiz düşüpdir kyına,

Merediñ soñunda şeıle bir içip,

Mes ıataryn tutuş Oraza.

 

Meı içer–men ıaly, her akly bolan,

Daş düşmez “Alladan” içmeklik bilen,

Owaldan bilıärdi Tañry içjegimi,

Yçmesem, Hudaıyñ bildigi ıalan.

 

Ömür depderinden bir gün öçerin,

Ölüm heläk eder, mundan göçerin,

Eı, saky! Tur, getir şeraby bäri,

Toz bolup howada erte uçaryn.

 

Şerap aşyklara deñizde saldyr,

Meı akyl gyızynyñ ıüzünde haldyr,

Oraz aı içmedik, geçdi bihuda,

Baıram giıjesidir, içsek halaldyr.

 

Eşekdir namazlyk söııän toparlar,

İükleri hiıledir, her ıan çaparlar,

Dinsizden beterdir, görnüşi yslam,

Sopulyk perdesin ıüze ıaparlar.

 

İas tutdy zamana, men mundan göçdüm,

Çünki ıüz göwherden bir göwher seçdim,

Haıp, ıüz müñ iınçe manyly sözi,

Yılde bilim az diıp aıtman geçdim.

 

Gadyrly dost-ıarlar biır-bir öldüler,

Ajalyñ elinden gül dek soldular,

Meı bolan meılisde beıle içişip,

Bizden üç-dört döwür öñ mes boldular.

 

Şerabyñ ıudumy deger jahana,

Meı gabyñ gapagy barabar jahana,

Meı dodaklary süpüren ıaglyk,

Dogrudan taı geler müñ teılesana.           Sopulañ dony hem sellesi

 

Bir küızeçi gördüm düın bazar güni,

Palçygyñ üstünden depıärdi göni,

Bir zaryn ses bilen laı diıdi oña:

“Men-de sen ıalydym, horlama meni.

 

Orazadyr, namaz göwnüme ıarap,

Yslegim bitdi diıp ıörerdim garap,

Haıp, ol täreti bir ıel siıdyrdy,

Orazamy bozdy bir ıudum şerap.

 

Şerapdan bejeriñ meniñ iımitim,

Gyzardyñ saralan reñkim-petim,

Ölsem, bedenimi meı bilen ıuwup,

Üzüm agajyndan ıasañ tabydym.

 

Men bir syrly dünıäden gelen bürgütdim,

Bir orun bolar diıp, boş niıet etdim,

Bu ıerde tapmansoñ syryma syrdaş

Öñ giren gapymdan çykdym-da gitdim.

 

Meslik däbimize ıene başlarys,

Bäş wagt namazy düıbünden taşlarys,

Meıiñ bar ıerinde küızäñ boıny dek,

Boınumyz hekgerdip, göwün hoşlarys.

Dost tutun sen añy hem dogry kesden,

Müñ agaç daşda dur gylygy pesden,

Yç, eger bilimli zäher berse-de,

İere dök derman-da ıetse näkesden.

 

Eı Tañry, ol ıaryñ jemalyn özüñ,

Bezäp-de, diııärsiñ: “- görmesin gözüñ,

“Bir doly käsäni gyışart-da, dökme!”

diıne meñzeıär seniñ bu sözüñ.

 

Meı haram bolsa-da, içgin hemişe,

Saz bilen içmegi etgin piışe,

Damjasyn damdyrma, düıbüne çen iç,

Düşäısa eliñe bir meıli çüışe.

 

Eı, pelek ne duwzy bilıäñ, ne nany,

Balyk dek dogurıañ çyplak ynsany,

Tikinçilik çarhyndan geıinıär adam,

Senden şol tigiriñ artykdyr şany.

 

Hakykat syrlaryn ne sual bilen,

Ne-de bilmek bolar mülki-mal bilen,

Gan ıudup, jan çekmeseñ elli ıyl,

Tanyş bolmak bolmaz dogry hal bilen.

 

Getirme başyña boş hyıal hergiz,

Dolduryp käsäni şerap iç tiz-tiz,

Üzüm gyızy bilen hoş geçir wagtyñ,

Halal enesinden ıegdir haram gyız.

 

Jenneti gören ıok, dowzahy bilen,

Kimdir ol jahandan dolanyp gelen?

Birinden howp edip, birin söıeniñ,

Ykisem hyıaldyr­– boş atdyr, ıalan.

 

Yşkynda çeker men dürli melamat,

Siındyrsam ähdimi, bolar garamat,

Ömrüm çydam etse jepalaryña,

Tap getirin, tä bolıança kyıamat.

 

Meıhana meslerine baş serkerde, men,

Boş sözler sebäpli galan derde ,men,

İürek gany bilen munajat edip,

Şeraba ıalbarıan giıjelerde, men.

 

Jemşid jamyn gözläp jahany sökdük,

Giıje-gündiz ıatman dünıäni dökdük,

Bildik jam wasfyny söılände ustada,

Ol özümiz eken– nahak jan çekdik.

 

Geldim men dolanyp metjide ine,

Dogrusy namaz diıp gelmedim ıöne,

Ogurlapdym ozal bir namazlygy,

Ol indi köneldi, geldim men  ıene.

 

Eger agzym açyk bolsa Oraz aı,

–Bilgeşleıin iııär– diıp, şek etme bijaı,

güdüzim giıje dek garaldyp roza,

–Selälik iııän– diıp etmezdim men oı.

 

Meıhana gidimde her gün, her säher,

Mesler bilen oturamda her sapar,

Ähli gizlin syrlar eliñde bolsa,

Biz tagat edeli, özüñ ensap ber.

 

Niçe sar sögersen, eı, sofy, eı ham,

Wagtymyz hoş meıhanada elmydam,

Sen ıek taıyñ, tesbiñ gamynda,

Biz bolsak ıar bilen göterıäris jam.

 

Dünıäden gorkıa diıp pikir etme bijaı,

Ölümden gorkyım ıok, ondan göwnüm jaı,

Ölmek hakykatdyr, men ondan gorkman,

Güzeran pes bolsa, şol günüme waı!

 

Eger-de uzatsam zülpüñe elim,

Çyn aşyk bolmasam, kesilsin dilim,

Zülpüñde görüp men däli göwnümi,

Öz ıesir göwnüme uzatdym golum.

 

Meı içip, göwnümiz gel, şad edeliñ,

Gelerden-geçerden kem ıad edeliñ,

Gam laıyna batan bu ıesir göwni

Akyl duzagyndan azat edeliñ.

 

Gülüñ möwsümidir, baga gideliñ,

Şerigata garşy bir iış edeliñ,

Gül ıañakly ıarlar bilen şerapdan,

Göklügi gülzara öwrüp gaıdalyñ.

 

Eıe bolmak gowy bir ıagşy ada,

Pelekden zeırenmek ardyr zürıada,

Şerabyñ yısyndan meımiräp ıatmak,

Sofy kimin gabarmakdan zyıada.

 

Kimler din pikrinde, eger etseñ syın,

Kimlere dogryny saıgarmaklyk kyın,

“Eı, gapyllar!” diıp, gyıgyrıar jarçy:

Ne iıman hakykat, ne mezhep, ne din.

 

Başarsañ rendleriñ hyzmatynda bol,     rend: jalaı

Namaz-orazany hem kökünden ıol,

Sözüñ dogrusyny eşit Haııamdan,

İol urma, yhsan et, iç şerapdan, gel!

 

Eı, gözel dilberim, gulak sal söze,

Göter jam-küızäni, çyk göklük düze,

Bu pelek ençe ıarlañ bedenin,

İüz gezek jam etdi-ıüz gezek küıze.

 

Eı, dirilik suwy, lebinde pinhan,

Goıma, dodaklaryñy öpsün istekan,

Dodagyñ öper kim bolupdyr ol!

Ganyny içsem, däldirin ynsan.

 

İakut dodak ol delaram nirde?

Janymyñ rahaty meı, jam nirde?

Diııärler: “Haramdyr yslamda”, emma,

Yçiber, gam çekme, yslam nirde?

 

Eı, meni ıaradan seniñ gudratyñ,

Ekledi biguman näzi-nygmatyñ,

Syınag üçin ıüz ıyl garşyña gitjek,

Meniñ günäm köpmi– ıa seniñ rähmetiñ?

 

Meni bir gün ıatan sermes görersiñ,

Aıagyña ıykylan pes görersiñ,

Elimden jam gaçyp, başymdan selle,

Zülfe sejde eden– bir kes görersiñ.

 

Söıgülim haısy el ıaratdy seni?

Görküñ utandyrdy aı şöhlesini,

Gözeller baıram diıp ıüzün bezese,

Sen ıüzüñ husnundan bezeıäñ ony.

 

Sofylyk ylmyndan gaçan ıagşydyr,

Bir ıaryñ bilini guçan ıagşydyr,

Dünıä ganymyzy içmezden ozal,

Üzümiñ ganyny içen ıagşydyr.

 

Metjitden, namazdan söz açma bize,

Mes bol meıhanada, uıma boş söze,

Şerap iç, eı Haııam, erte gumuñdan

Käte jam ıasarlar, käte hem küıze.

 

İazypdyr mañlaıyma meı-meslik kärin,

Niçün ıagdyrlar melamat baryn?

Käşki mes etsedi her bir haram zat,

Men sag görmesedim dünıäde birin.

 

Seniñ erkiñdedir öli hem diri,

Hem seniñ dagynyk pelegiñ piri,

Men erbet bolsam-da, sen meniñ eıäm,

İaradan sen özüñ-kimiñ tagsyry?

 

Sofy bir jelebe dyıdy:–humarmyñ?

Her dem bir duzaga düşen bi-armyñ?

Diıdi: sözleriñ hak, eı sofy, weli,

Daşky görnüşiñçe señ özüñ barmyñ?

 

Meslere käıinme pendimi alsañ,

İagşylar ıanyndan kowulma, bilseñ,

Şeraby içeniñ, içmäniñ bilen,

Behişde barmarsyñ-dowzahy bolsañ.

 

Ad-abraı gazanmagy oslasañ,

Söıülmegi ıüregiñde besleseñ,

Jehud, tersa, müminleriñ yızyndan

Gyıbat etme, bir ıagşı ad isleseñ.

 

Düıp-dury päkize eı bada, seni,

Şeıle bir içerin, bolmasyn çeni,

“Nirden gelärsiñ, eı şerap aga?”

diıp gyıgyrsynlar görenler seni.

 

Diııärler: “Meı içme, düşersiñ derde,

Od bolup ıanarsyñ hasabat ıerde”,

Şeıle welin, iki älemden ıegdir,

Huş bolmadyk wagty bu humar serde.

 

Bulguruñ lebine lep goıup birden,

Köp ıaşamak ıolun sordum bulgurdan,

Dodak dodakdaka diıp, ol gizlin:

Yçiber, gelmek ıok-gitseñ bu ıerden”.

 

Dünıäde ıokary ylym alanlar,

Yşyk dek dostlaryna şöhle salanlar,

Bu gara giıjeden çykalga tapman,

Ahyr uwkladylar ıañrap ıalanlar.

 

Arassa meıdir göwnüm hemişe,

Maña saz diñlemek bolupdyr piışe,

Gumdan çüışäni bejerse ussa,

Mydam meıden doly bolar ol çüışe.

 

Arman, bu ömrümiz geçdi biderek,

Ajalyñ elinden gandyr köp ıürek,

Geçenleñ halyny soraıyn diısem,

Gidenlerden ne nyşan bar, ne derek.

 

Küıze ussalary laı eden güni,

Oılanşyp bir pikir etsinler muny,

Haçanana çen basarlar depeläp,

Beden topragydyr, oılamaz ony.

 

Mydam meslik bolsun aşyklañ käri,

İa perişan-diwana, bolmasyn ary,

Saglykda her zadyñ edıäs gamyny,

Meslikde ne bolsa- bize bary bir.

 

Ertir ne boljagny bilmez adamzat,

Başarsañ eılegin däli köñli şat,

Aıyñ ıagtysyna meı iç, eı aıym,

Soñ bizi tapmaz ol, nur salyp zyıat.

 

Meıhanada bizdiris saz bilen içen,

Meıe girew goıup, bar zatdan geçen,

Rehmiñden tamam ıok, jebriñden gorkyım,

Dini toslamadan bizdiris gaçan.

 

Gözellik çagyñdyr, kuwatyñ ıiter,

Söıgüligiñ göwninden gaıgysyn göter,

Ebedilik däldir bu görk baıdagy,

Eı dilber, bir zaman senden-de öter.

 

Kim seni meslikde bize getiren,

Perdeden çykaryp bärik ataran,

Sensiz-de ıalyn dek ıananyñ ıanna,

Kim seni ıüwredip ıel dek ıitiren.

 

Bir küıze meı bolsa, bir şygyr diıwan,

Azajyk suw bolsa, ıene ıarty nan,

Ykimiz otursak bir harabada,

Patyşa mülkünden hoşdyr bu döwran.

 

Öpsem aıagyñdan, eı, zülpi tarym,

Özge lep sormakdan ıegdir bu kärim,

Gündizler hyıalyñ syınynda elim,

Giıjeler waslyña ıetmek mydarym.

 

Gök ıarylyp, weıran bolsa bu saraı,

İyldyzlar dogmasa, tutulsa gün, aı,

Magşar gün ıakañdan siltäp diıerin:

“Ne üçin öldürdiñ meni, eı Hudaı!”.

 

Eı köñül, dünıäniñ syryna ıetmezsen,

Añda akyllardan üzüp-ötmezsen,

Munda bir jennet gor meı bilen jamdan,

Jennete ıa ıeter, ıa-da ıetmezsen.

 

Takatdan gowudyr bir göwün alanyñ,

İagşylar bilen hem meılisdeş bolsañ,

Bir göwne taı gelmez, ıüz palçyk Käbe,

Haja niçün gidıäñ, göwün tap, bilseñ.

 

Bolmaz bu jahanda parahat ıatmak,

Hem bu ıoluñ ıokdur soñuna ıetmek,

Käşki ıer garnyndan ıüz müñ ıyldan soñ,

Bolsady bir umyıt gögerip bitmek.

 

Çüışede joş urıan meı ne hezildir,

Dürli saz-söhbetli toı ne hezildir,

Gujagyñ gözelli, başyñ humarly,

Dünıeden gamsyzlyk, gör ne hezildir.

 

Bir ıaryñ yşkynda ıanmasa ıürek,

O hili ıürege “waı!” diımek gerek.

Ömrüñde şerepsyz geçse bir günüñ,

İokdur şol günüñden geçen biderek.

 

Metjit, buthanadan söz uzatma, bes,

Behiştden, dowzahdan ıañrama, kes,

Ykbalyñ uzaldan ıazylgy bolsa,

Oraza, namazyñ barysy hebes.

 

Bu çarhy-pelegiñ zulumdyr işi,

Maksada ıetmedi munda bir kişi,

Her ıerde görse ol, bir dagly ıürek,

İene bir dag basar, gyzydyryp çiışi.

 

Durmuşda hem bagt üçin çalyşıan akyl,

Her günde ıüz gezek eıleıär nakyl:

“Şat geçir ömrüñi, ıörünjä dälsiñ,

urlup, gögermersiñ, muny ıagşy bil.

 

Hergiz boş bolmady başym bilimden,

Bilmedik syrlarym azdyr ylymdan,

Oılanyp syın etsem, köp zady bilmän,

Gidipdir ömrüñ bary elimden.

 

Ol palçyk gapdaky küızeden maña,

Doldur jamy, göwnüm suwsady şoña,

Taşlasyn başyñdan arzuw gülüni,

Doludyr gara ıer arzuwdan ıaña.

 

Diın ugruna gidmäñ, dostum bolsañyz,

Dertleriñ dermany meıdir, bilseñiz,

Yslegim, gumumdan kerpiçler ıasap,

Meı hanañ ıykylan ıerin salsañyz.

 

Goparylsa eger ömrüm nahaly,

Dagar meniñ bedenim, toz-toprak ıaly,

Palçyk eıläp küıze eıläp etseler gumumdan,

Diıreler ol meıden dolan mahaly.

 

Dünıäden peıdalanan ömür nagdynda,

Şerep iç, otur-da şatlyk tagtynda,

Tañry tagatyña mätäç däl seniñ,

Al myradyñ jahandan öz wagtynda.

 

Şonça gam çeker sen bolmadyk işe,

Hars uranyñ paıy gamdyr hemişe,

Şerep iç, üıtgemez ıazylan kysmat,

Hernäçe etseñ-de gaıgy-endişe.

 

Bulgury uzat-da eliñe saz al!

Bilbiliñ sesine goş sesiñi, gel!

Meıi sazsyz içmek rowa bolsady,

Bulgura guılanda “lak-lak” etmez ol.

 

Oılanyp gör, başyñ bolmasa haly,

Öñ näme getirdiñ äkider ıaly,

“meı içmerin, ölüm bardyr” diııärsiñ,

yçseñ, içmeseñ-de ölersiñ häli.

 

Ömrüñi geçirme meısiz, biderek,

Şat bolar, şerapdan akyl hem ıürek,

Şeıtan meı içsedi, sejde ederdi,

Adamyñ öñünde iki müñ gezek.

 

Gepleseñ atıarsyñ kiınäñi öñe,

Elmydam “diınsiz” diıp ad dakıañ maña,

Näme etsem edıärin, seniñ iışiñ däl,

Men özüm-özümki, dahly ıok saña.

 

Diııärler: “Hezildir hüır bilen jennet,

Men diııän: bar zatdan şerapdyr gymmat”.

Uzakdan hoş geler depregiñ sesi,

Nagtyñ al, çekme nesıeden minnet.

 

Bir bossana girip görse bilbil,

Her ıanda ıylgyrıar meı jamy hem gül,

Geldi-de gulagyma diıdi:

“Geçen dem tapylmaz, sen gadryn bil!”.

 

Biz ölsek, bizden soñ galmasa nyşan,

Onda-da bizden soñ boljakdyr jahan,

Biz bolmamyzda-da kemçilik ıokdy,

Biz ıene bolmasak- bolmaz hiç nugsan.

 

Meı bolsa, ıar bolsa, çyksak gök düze,

Añlasañ şu zatlar behiştdir bize,

Jennete, dowzaha kim gidip geldi,

Üşrütme gulagyñ, ıañralıan söze.

 

Yslegimizçe dolanmasa bu jahan,

Ysle ıedi bolsun, ıa sekiz asman,

Ölıänçäm men iki güne gam iımen,

Biri geçen, biri gelmedik zaman,

 

Göwnüm gulagyna söıledi pelek:

“Dünıäñ işin menden görme, biderek”,

Erkim bar bolsady bu dolanmakda,

Munça sergezdanlyk etmezdim gerek.

 

Her kime syrymdan gep aça bilmen,

Gyısga sözlidirin, köp saça bilmen,

Aıdyp bilmeıärin hal-ahwalymy,

Gizilin syrlarym bar, lep aça bilmen.

 

Eı saky, ıatlama hedis-aıaty,

Meıhana meıi diıp ıazgyn bir haty,

Biz üçin şol hatyñ ıetişen güni

Gadyr giıjesinden gadyrly gaty.

 

Käbe hem buthana- bir aldaw hana

Azan bilen zañ hem girıär şol sana,

Metjit, mehrap, tesbih, haçlaryñ bary,

Halky gul etmekden galan nyşana.

 

Gaıgy-gamy hergiz başa getirme,

Hasrat çekip, laıa batyp oturma,

Kitapdan, gözelden, gülzardan geçme,

Şat geçir ömrüñi-gapyl ötürme.

 

Başarsañ ynjytma hiç bir kimsäni,

Gazap odun ıakyp, berme nugsany,

Eger sen hemişe dyınçlyk isleseñ,

Ynjasañ-da, ynjytmagyn ynsany.

 

Hiç kime syryny diımeıän pelek,

Şalaryñ başyna getirdi kelek,

Şerap iç, gelmersiñ gaıtadan dünıä,

Ömür berilmeıär ikinji gezek.

 

Gezip başlan günüñ bu altyn tasyñ,

Dargajak wagtyn hem bu esasyñ,

Bilmek bolmaz akyl ölçegi bilen,

Bu hakda haıry ıok çeniñ hem bäsiñ.

 

Gökde bir sygyr bar, adydyr Pervin,

İene biri ıeriñ astynda gizlenen,

Bu iki sygyryñ aralagynda,

Bir topar eşek bar, eger etseñ syın.

 

Tans edip, aıak ur, biz el uraly,

Gözelleñ saglygyna meı al, uraly,

Onçakly hezil däl, ıigrimde urmak,

Hezil altmyşdadyr, tur gel, uraly.

 

Çyn adamdyr diıme köp diıp, hünäri,

Seret, ykraryna, barmy ary,

Sözüniñ üstünde tapylan adam,

Mertleriñ merdidir-ärleriñ äri.

 

Gurıañ-da her ıanda ıüz dürli duzak,

Diııärsiñ: “kim düşse, ol menden uzak”,

Özüñ tor gurubam, tura düşene,

“pasyk” diıp at goııa hem “dini bozuk”.

 

Gül paslynda iç sen gül reñkli bada,

İañlnsyn sazyñ hem sesi howada,

Men içerin, lezzet alyp, şatlanyp,

Yçmeseñ nädeıin, daş iç, sen ıa-da.

 

Ajal okun atsa, galkanlar hiçdir,

Ähli baılyklara bakmaıan güıçdir,

Hernäçe syın etsem dünıäñ işine,

İagşylyk ıagşydyr- özgesi puçdyr.

 

Saky, ıeriñden tur, dañ atdy, ine,

Bulgury dolduryp, şerap bersene,

Bu amanat demi pany dünıäde,

Hernäçe gözleseñ-tapmarsyñ ıene.

 

Az mahal bu jahan boldy jaıymyz,

Gamdan özge hiç bolmady paıymyz,

Müşgül işlerimiziñ birem çözülmän,

İürekde müñ hasrat, ıaşdy aıymyz.

 

Bil taııar eşretiñ gadryn-mazasyn,

Wepasyz ıarlaryñ çekme yzasyn,

Bil ömür gyımatyn, çünki geçensoñ,

Namaz dek okamak bolmaz kazasyn.

 

Bulguryñ içinde gyzyl meı ıagşy,

Gyjakly, dutarly meılis, toı ıagşy,

Şerabyñ keıpinden habarsyz sopy,

Müñ agaç daş bolsun bizden, goı, ıagşy.       Her agaç- 6 km

 

İyrtyjy ıolbarys dek awda barymyz,

Elmydam hars urmak dert-azarymyz,

Ähli işlerimize bir-bir garalsa,

Açyk belli bolar kärimiz.

 

Nadanlar elinde baksañ, bişen nan,

Ähli baılyklar hem akmarda kän,

Köñül arzu eden gözel ıarlary,

Salypdyr goluna bir topar nadan.

 

Eı, başda ıanmaga bolan sezewar!

Eı, öñden dowzaha edilen duwçar!

Rehim isläp haka ıüzlenme, Omar!

Oña sapak biıre näme hetdiñ bar.

 

Yki ıüzlilikden gandyr ıüregim,

Eı saky, meı getir, şoldur geregim,

Selle, namazlygy girew goı meıe,

Goı, şeıle berk bolsun meniñ diregim.

 

Köñül şatlygyndan galdy diñe at,

Bize galan ıalñyz jam boldy, heıhat!

Eliñi aıyrma küızäñ boınundan,

Galmady bir hemdem meıden özge zat.

 

Asmanda ıerleşen gök ıyldyzlary,

Haırana galdyrıar akly düzüwleri,

Täleıiñi ıyldyzlardan agtarma,

Çünki sergezdandyr olaryñ özleri.

 

Her kim öz şertlerinde berk dursa ziıat,

Gül reñkli şerapdan dänmez ol añsat,

Oraz aı şert eden meı içmezlige,

Namaz-orazadan goı bolsun azat.

 

Şerabyñ güıjünden şat biz elmydam,

Meılisde taııardyr al şeraply jam,

Yşimiz meı bilen dodagy söımek,

Taşla nesihatyñ, eı sopy, eı ham!

 

Gaıgy-gamdan bir gün bolmadym azat,

Bolmadym durmuşda bir salym hem şat,

Köp zaman şägirdi bolup dünıäniñ,

Ahyr hem jahanda boldum ussat.

 

Gözlerim syın edip her ıana bakar,

Behiştdir-göklük düz, köwserdir-akar,

Söz açma dowzahdan, jennetdir-sähra,

Otursañ ıar bilen janyña ıakar.

 

Bu dünıäni gördüñ, göreniñ hiçdir,

Eşideniñ, sözläniñ bary hem puçdyr,

Hernäçe ylgasañ haıry ıok munda,

Öıde ıatanyñ-da bihuda işdir.

 

Eden ähdimiziñ bozuldy bary,

Gerek däl dünıäniñ şöhraty,ary,

Mes diıp aıp edmäñ, yşyk şerabyndan,

Serhoş biz enäniñ garnyndan bäri.

 

Bu başym yşkyñdan bolsady aman,

Bulgury tutmazdy elim bi gümän,

İar bozdy, akyllyñ öwreden şertin,

Sabryñ tiken geımin dagytdy zaman.

 

Därini duzakdan saıgarman ıürek:

Kä metjide tarap, kä şerap gerek,

Ömrüñ meıhanada ıar bilen geçse,

Metjitde çüıränden ıegdir, biderek.

 

Öz erkimde bolsa, dünıä gelmezdim,

Galmaga güıç ıetse, hergiz ölmezdim,

Bu harap jahana baryndan gowsy,

Gelmezdim, gitmezdim hem-de bolmazdym.

 

Meı oınadyp bökdür dag bilen düzi,

Ony haram eden-haramdyr özi,

Toba eılemegi etme nesihat,

Arassa göwünli edıär ol bizi.

 

Meı iç, bedeniñ dönjekdir topraga,

İasarlar gumuñdan käse hem küıze,

Getirme göwniñe dowzah, behişti,

Akylly ynanmaz bu ıalan sözlere.

 

Bu gyısga ömrümde men gamgyn bolman,

Meılisden, şatlykdan özge zat bilen,

“Alla saña ynsap bersin” diııärler,

onuñ öz-ä bermez, berse-de alman.

 

Çyn aşyklar bakmaz görnüşe, ıüze,

Dowzahy-behişti hiç ilmez göze,

İassansa per ıassyk ıa gara  daly,

İüñ ıüpek geıse hem parhsyzdyr bize.

 

Her zatdan toba etsem, meıden etmerin,

Ötsem-de bar zatdan, meıden ötmerin,

Hi mümkinmi meñ musulman bolmagym,

İok, başarman, meıi taşlap gitmerin.

 

Tañry keremlidir, saky, meı ıolla,

Geçer günämizi, keremli alla,

Halkyñ takatyna mätäç däldir ol,

Takat ıükün satma-şerap iç, gel-de.

 

Meı iç şerigaty ıadyña salma,

Jennet, jähennemi göwniñe alma,

Selläni meı bilen degiş gorkma-da,

Bir köne esgini edäı sen çalma.

 

Şat göwnüñi gam laıyna batyrma,

Hoş gönüñi hasrat bilen ötürme,

Şerap iç ıar bilen, hergiz göwnüñe,

Näbelli Tañrydan gorky getirme.

 

Umyıt bilen etdim ömri berbat,

Bolmadym bir gün hem durmuşymdan şat,

Yndi öç alaıyn disem dünıäden,

Gorkıaryn, zamana wagt bermez ziıat.

 

Bägül dek bulgur al eliñe ıazda,

Oturgyn ıar bilen söhbetde, sazda,

Meı iç şatlyk bilen, ahyr bu pelek,

Seni-de ıatyrar toprakda-tozda.

 

Bir gün nobatdyr jahyllyk- nagtym,

Meı içerin, çünki şatlykly wagtym,

Aıp etmäñ şeraby ajydyr diıp,

Onuñ-da sebäbi- ajydyr wagtym.

 

Bir derejä ıeten ululañ bary,

Gaıgy-gam, barynyñ hars urmak käri,

Bet nebis bolmasañ özleri kimin,

Adam hasaplamaz seni hiç biri.

 

Başymda üzüm suw bolmadyk zaman,

Zäherdirdünıäden ıetse-de derman,

Gaıgy-gam zäherdir, dermany şerap,

Her kim ony içse– zäherden aman.

 

Eı ıaman iş edip ıagşydan gaçan,

Soñ Allanyñ keremine gujagyn açan,

Bagyşlar diıp, ynam etme sen oña,

Günäli, günäsiz deñ däl hiç haçan.

 

Sopy bizçe bilmez keremiñ, Alla

Bigäne tanyş dek, tanamaz, walla,

–Günä etseñ, jaıyñ dowzahdyr-diıdiñ,

sen bu sözüñ sopa, işana ıolla.

 

Jahany üıtgedip şu wagt gursa,

Nähili gurşun Omar hem görse,

İa öçürse depderinden adymy,

İa bolmasa rysgalymy köp berse.

 

Jahanda saılantgy, eı zülpi tarym,

Göz guwanjym, tende janym, sen barym,

Eı söıgülim, jandan eziz bir zat ıok,

Jandan-da ıüz esse ezizsiñ ıarym.

 

Dünıäniñ gamyndan söhbet açjak däl,

Gül reñkli arassa meıden geçjek däl,

Meı dünıäñ ganydyr, jahan gandarymyz,

Gandaryñ ganyny neneñ içjek däl.

 

İigitlik çagynda meı içen ıagşy,

Hem içip, hüır sypat ıar guçan ıagşy,

Bu pany, wepasyz, harap dünıäde,

Wagtyñ hoş, keıpiñ kök, şat geçen ıagşy.

 

“Yçmen” diıp şert etme, tapsañ al şerap,

goı, diıse diısinler pasyk ıa harap,

bilbiller saıraşyp, güller açyldy,

durmak laıykmydyr boş toba garap.

 

Arzuw etseñ şerap bilen gözel ıar,

Elmydam gözleseñ gyjak hem dutar,

Bularyñ hiç biri esasy däldir,

Diın ıesirlikden çykmasañ, sen har.

 

Güllän wagty ıigitligiñ nahaly,

Näm üçin elleriñ meı jamdan haly,

Meı iç, bu zamana zalym duşmandyr,

Kyındyr soñ tapmaklyk-şu günüñ ıaly.

 

Ol ıyldyzlar bezeg berip asmana,

Dogar, ıaşar, köp dolanar zamana,

Asmanyñ astynda, ıeriñ üstünde,

Hemişelik dogurmak bar ynsana.

 

Meı haramdyr weli, onuñ şerti bar:

Yçıän kim, kim bilen, haçan, ne mukdar?

Akyldan özge kim içer meıi,

Şu dçrt şert bir ıerde eılese karar?

 

Yç, alymlar bilen ger içseñ bada,

Gül ıüzli bir ziıba ıar bilen ıa-da,

Köp içme, ıañrama, adat edinme,

Gizlin iç, kä wagt iç-içme zyıada.

 

Saz bolsa, meı bolsa, gözel ıar bolsa,

Akar suw kenary hem gülzar bolsa,

Ölçerme ojagyn sönen dowzahyñ,

Şudur jennet, eger jennet bar bolsa.

 

Meı jisme kuwatdyr, rahatdyr jana,

Ol gizlin syrlary açar ynsana,

Dünıä, ahyraty men talap etmen,

Bir damjasy taıdyr iki jahana.

 

Eı söıgülim, göwnüm üçin gel bäri,

Yslegimizçe çöz sen bir müşgil käri,

Palçygymyzdan küıze ıasalmazdan öñ,

Bir küıze meı getir, bar, biziñ sary.

 

Eı sopy biziñ hem göwnümizi alyñ,

Allanyñ haky üçin, uzatma diliñ,

Biz dogry gitsek-de, sen egri görıäñ,

Git, görejiñ düzet, çek bizden eliñ.

 

Eı saky, meı getir Allanyñ haky üçin,

Butlary döw, ıatyr Allanyñ haky üçin,

Sen diırilik suwy, biz teşne balyk,

Bizi suwa ıetir, Allanyñ haky üçin.

 

Diııärler: “sözleriñ gözeli kurhan”

Şonda-da üns berlip okamaıarlar kän,

Emma meı jamdaky nurly aıaty,

Okarlar her ıerde, ony ıadaman.

 

Ysleme meni aıralykda oda ıak,

Yslese ıetir waslyña gülüp bak,

Göwniñ ne islese, şeıle bol maña,

Men saña bu hakda bermerin sapak.

 

Haçan ele alsam jam bilen şerap,

Şatlygyñ zorundan mest boıan ıarap,

Her zatdan tapıaryn ıüz ajap many,

İalyn dek göwünden suw dek söz gurap.

 

Şeıle bir mukdada içerin şerap,

Ölemde görümden yıs çyksyn ıaırap,

Gabrymyñ ıanyndan geçse bir humar,

Yısyndan ıykylsyn, mes bolsun-ıarap.

 

Eı saky, bu köñli köp ıykar zaman,

Biz üçin galara jaı däldir jahan,

Biziñ aramyzda bolsa meı jamy,

Adalat bizdedir- bilgin bigümän.

 

Däbimdir meı içip, hoş bolmakdyr zyıat,

Niıetim dinlerden bolmakdyr azat,

Soradym galyñyny dünıä gelniñ,

Diıdi: “galyñym şoldur bolsa köñlüm şat”.

 

İeke kerpijim-de bolsa, men ony,

Ady ıaman meıe çalşaryn göni,

“hany ertirlige puluñ?” diıseler,

merıen dukan däldir, selledir dony.

 

Durmuşyñ syrlaryna düşünsek eger,

Ölüm syrlaryny-da adamzat biler,

Bu gün dirilikde bir zat bilmeseñ,

Erte öleñden soñ- ne bilmek bolar.

 

Eı köñül, nesibiñ ıuwutmakdyr gan,

Ahwalyñda her gün perişanlyk kän,

Çykyp gitmek bolsa iñ soñky käriñ,

Ne sebäbe girdiñ bu tene, eı jan?!

 

Yşyk Allanyñ hökmidir, bela hem bolsa,

Kim bu hökme sökse hatadyr, bilse,

Erte hasap alamak niçün bendeden,

İagşy-ıaman bary Tañrydan gelse?

 

Meslere baglydyr meıhananyñ şany,

Müñlerçe tobanyñ boınumda gany,

Rähmetiñ bezegi günälerimizdir,

Men günä etsem, hany ıalkany?

 

Eı köñül, seni köp ynjadar zaman,

Teniñden jan çykjagyna ıok gümän,

Hoş geçir baglarda azajyk ömri,

Ot bitip, üstüñi basmazdan duman.

 

Pasyk ad goııarlar elmydam maña,

Bigünä men, seret, eşdilıän heñe!

Dünıäde zulumdan, zyndandan başga,

Günä ıok, eı kişi, söılesem saña.

 

Eı saky gül çemen iñ oñat bir zat,

Seretseñ bäş günden bolarlar berbat,

Meı içip, gül yısga-bäş gündir dünıä,

Gül-çemen topraga öwrüler añsat.

 

Mydam meıiñ taryp baıdagyn gerdim,

Meı esbabyn töweregime egirdim,

Eı sopy, ustadyñ ger dana bolsa,

Bil, seniñ ustadyñ-meniñ şägirdim.

 

Metjit-medresede-takat öıünde,

Dowzahdan gorkarlar, jennet küıünde,

Tebigat syrlaryna düşnen adam,

Beıle tohumlardan ekmez göwünde.

 

Bu günki günümiziñ-adydyr Anna,

Äse nämä gerek-gapdan iç- ganda,

Düın içeniñ bir gap bolsa- sen bu gün,

Yç ikini-günler şasynyñ şanna.

 

Şerap iç, üstüñi basar gyrmança,

Täk özüñ astynda ıatarsyñ ençe,

Söıleme hiç kime bu pynhan syry:

Açylmaz gaıtadan-bir solan gunça.

 

Meı içsem, sopular sagdan hem soldan,

Diııärler: “içmegin, çykarsyñ ıoldan”,

Meı diniñ ganymy bolsa, ganym ganyny

Yçmeklik rowadyr, içerin boldan.

 

Tañry palçygymyzy eılände başda,

Her kime bir kysmat ıazanmyş başda,

Meniñ günälerim öz hökmi bolsa,

Niçün magşar güni ıandyır atşda.

 

Bizdeb öñem aıal-erkekler bolup,

Zinat beripdirler äleme gelip,

Topragym müñlerçe tendendir meniñ,

Sen hem toz bolarsyñ bir güni ölüp.

 

Günäkär bende men, keremiñ hany?

İaraly göwnüme bir emiñ hany?

Tagatyñ ıerine behişti berseñ,

Bu biziñ hakymyz–berimiñ hany?

 

Dostumdyr keseki eılese wepa,

İagymdyr ıakynym ger berse jepa,

Bal eger ıakmasa, zäherdir maña,

Dermandyr, zäherden tapaısam şipa.

 

Meniñ elim kimin meı tutan eli,

Uzatmak kurhana ıaraşmaz weli,

Sen gury sopy sen, men bir öl pasyk,

Od guryny ıakar-ol ıakmaz ööli.

 

Her kimiñ bar bolsa bir döwüm nany,

Oturyp-turmaga bolsa mekany,

Gul saklaman, gul hem bolman hiç kime,

Ömür boıy şat geçirseñ jahany.

 

Meı guıaryn menlik gabyñ özüne,

Yçerin ikisin yızly-yızyna,

Ylki akla, dine üç talak berip,

Soñra öılenerin üzüm gyızyna.

 

Mazarym ıok ediñ, bolmasyn tapmak,

Ahwalym ynsana ediñ siz sapak,

Eıläp topragymy al şerap bilen,

Meı gabyñ agzyna bejeriñ gapak.

 

Tañry eıerlän gün pelek atyny,

İyldyzdan ıasan gün-gçk zinaty,

Bizde ne ıazyk bar? Şol günden başlap,

Şo boldy ıazgytdan bize ıeteni.

 

Tañrymyz jennetde meı berip wada,

Heı, haram edermi ony dünıäde?

Hemzäniñ düıesin kesdi bir arap,

Şoña haram etdi Muhammet bada.

 

Diııärler: “jennet bar, hüır bar hem köwser,

Ol ıerde şeraplar reñkbe-reñk öwser”

Nagdyndan dolduryp, äber käsäni,

Ol nesiıe- ıylandyr, üstüñe towsar.

 

Giıjäni ıagtyltdy aı nuryn saçyp,

Bu pursat tapdyrmaz, hoş geçir içip,

Oılan, ençe gözläp tapmaz aı,

Nur saçyp gabrymyza, köp gelip-geçip.

 

Gülden näzik uzyın boıly ıar bolsa,

Geçme meı jamyndan hem gülzar bolsa,

Ajal ıeli degip, gül dek solmazdan,

Hoş geçir wagtyñy, aklyñ bar bolsa.

 

Göwnüñe gaıgy- gam ıygnansa- çek beñ,

İa-da bir piıala şerap iç, gül reñk,

Beñ çekmeseñ, meı içmeseñ, eı akmak,

Saña laıyk daşdyr, daş iç, içmeseñ.

 

Henäçe bolsam-da pasyk-güäkär,

İaş döküp, sopy dek çekmerin azap,

Dowzahyñ, jennetiñ bary bi-derek,

Säherler meslikde, meı gerek hem ıar.

 

Hiç kimi ıandyrmaz günäniñ ody,

Kimseden görmedim haraıy-dady,

Zamana elinden galyp azara,

Eşitmedim iıgençden başga bir zady.

 

Örän ıiti bir ıaragym bar elde,

Ol täze bap açıar maña her ıylda,

Duşmanyñ ıüregi kebapdyr menden,

Kellesi hem şerabyma jam golda.

 

Hüır sypat bir gözel pasly-baharda,

Çemenli gülzarda uzatsa bada,

Adamlañ gözüne erbet bolsa-da,

Yt boldugym-salsam behişti ıada.

 

Däldiris biz şalañ täjine eıe,

Selläni bereris meılise, toıa,

Hiıle leşgeriniñ nyşany bolan,

Tesbini satarys bir käse meıe.

 

Gelmezden öñ gamlar basgy salmaga,

Buıruk ber, eı gözel, şerap almaga,

Sen altyn-zer dälsiñ, eı, gapyl adam,

Gömülen soñ ıene gaıdyp gelmäge.

 

Eger meı içmesem, hoşhalylyk pynhan,

Çenden köp içsem-de aklyma nugsan,

Saglykdyr mesligiñ aralagynda,

Hakyky durmuş bar, men şoña gurban.

 

Eı Tañry, sen eşret gapym bagladyñ,

Meı gabym syındyryp, bagrym dagladyñ,

Günäkär hem bolsam, ıüzüñe diıjek,

Yçıäñ-ä men, sen keıpiñi çaglaıañ.

 

Diııärler: “Din bilen bolsa her topar,

Nähili ölseler-şeıle hem gopar”,

Magşar güni gabyrdan beıle çykmaga,

Aıyrlman şerapden, ıardan bir sapar.

 

Sagym gurhan tutsa, sol elim jamy,

Käte halallardan, käte haramy,

Bu mawy gümmezli asman astynda,

Kapyr diıp kapyr däl, ne-de yslamy.

 

Täze, köne meıiñ, biz hyrydary,

Dünıäniñ bahasy bir däne dary,

Bilıärmiñ ölenden soñ gitjek ıeriñi?

Her ıerik gitseñ git- meı äber bäri.

 

Jahana goıanda Tañry esasy,

Näme üçin goıupdyr onda kem-käsi?

Kemçilik ıok bolsa näme üçin ıykıar?

Eger kemi bolsa- kimiñ günäsi?

 

Namazdan el çekip, geçdik bu ıana,

Meı içip, adam dek goşuldyk sana,

Metjitde dereksiz ıitirilen ömrüñ,

Essesin çykarar, belki meıhana.

 

Ölemde meı ilen ıuwuñ siz meni,

Pata ıerine- içiñ jaılanan güni,

Kyıamatda meni tapjak bolsañyz,

Agtaryñ meıhanañ ıanyndan göni.

 

Bir zatdan habarly edeıin seni,

Diñle iki sözde oñ mahlasyny,

Seniñ yşkyñ bilen girsem-de ıere,

Çykarar gaıtadan señ mähriñ meni.

 

Kim jahanda eden äldir günäni,

Günäsizler neneñ geçir jahany,

Men günä gazansam, sen jeza berseñ,

Onda ikimiziñ parhymyz hany?

 

Zannymda bir nagyş ıaratdyñ meniñ,

Mendäki geñ gylyk täsiri şonuñ,

Şondan ıagşy bolup bilerin, çünki,

Öñ şeıle galyba guıuşyñ seniñ.

 

Kötegini urmazdan öñ bu zaman,

Al şerap içeli, bu gün gel, eı jan,

Ölüm pelesinde bu pelek bize,

Damja suw içmäge bermez ol aman.

 

İatyrdym, diıdi bir akylly ynsan:

“Açylmaz ukudan bagt güli asan,

daşda dur, ölüme barabar işden,

köp zaman ıatjaksyñ ıer bilen ıeksan.

 

Pikre çümmeıän bir giıjäm bolmaz.

Agysyz bir giıjäm ıadyma gelmez,

Bu kelle käsesini mydam pikirde,

Düñderlen piıala hiç haçan dolmaz.

 

Geldigimiz-geçdigimiz, bu döwrüñ öñi,

Kim biler haçandyr hem ıokdur soñy,

Bu gelmek nirden- gitmek nirä?

Aslyna ıetmedi hiç kimiñ añy.

 

Düñderlip goıulan tabakdyr asman,

Men diıen alymlar astynda haıran,

Serediñ jam bilen çüışäñ dostlygna,

Dodak dodakdadyr, arada hem gan.

 

İaltanma hakykat borjuñ bitir,

Nanyñy gysganma, özgä-de ıetir,

Malyna, janyna kast etme kimsäñ,

Ahyrat boınuma- bar, şerap getir.

 

Şonça ıesiri sen reñkiñ-yısyñ,

Ylgar sen yızyndan oñadyñ, pisiñ,

Zemzem çeşmesiniñ- ıa dirilik suwy,

Gara ıer astyna ahyr girersiñ.

 

Şatlyk meı, gaıgy meı, erbet ıa sere,          halys- garyndysyz

Pelekden görmegin biderek ıere,

Medet isläp, göge galdyrma goluñ,

Oñ özi ejizdir senden müñ kere.

 

Şat geçir, dünıäniñ köpdür azary,

Sansyz gonar-göçer ıedigen bary,

Seniñ topragyñdan ıasalan kerpiç,

Başgalañ tamynyñ bolar dyıwary.

 

Pelek bermez gamdan özge bir derman,

Birini bermez ol-birini alman,

Heniz dogmadyklar halymyz bilse,

Biri-de jahana gelmez- bigümän.

 

Tebigat her güli çykarsa ıerden,

İene guma garyp, ıok edıär birden,

Toprak bulut bolup asmana galsa,

Aşyklaryñ gany ıagar ıokardan.

 

Menden soñ bir ıeri dostlar ad ediñ,

Şol ıere ıygnanyp, göwün şat ediñ,

Saky uzadanda meı jamyn size,

Omar pahyry-da şonda ıat ediñ.

 

Ne waslyña elim ıeter, eı senem,

Ne takat bar hijriñ çekere bir dem,

Ne erk bar sözläre bu gamay özgä,

Müşkil iş, hoş höwesli, bir enaıy gam.

 

Guıulsa bulgura bir damja şerap,

Syınadan gam odun söndürer ıarap,

İüregi ıüz gamdan gutaran söwda,

Eı Tañry, näme üçin diımersiñ sogap?

 

Şerap guıy, ıeri däl her ıalan-çynyñ,

Bu giıje meñkidir, näzleriñ seniñ,

Geçeni, geljegi ıadyma salma,

Pikrim- zülpüñ ıaly çaşgyndyr meniñ.

 

Eı Omar, salsalar seni mazara,

Müñkir-nekir goıar dürli azara,

Agam ogly Aly deñsizlige dözermi:

Yki bolup, bir adama dyzara?

 

Eı Tañry, kerim sen, kerem köp sende,

Niçünuçmaga barmaz günäkär bende,

Takat üçin geçseñ-ol kerem bolmaz,

Günämizi geçseñ, kerim sen şonda.

 

Getirme göwnüñe panydan bir gama,

Tur, eı dost, ıeriñden- şat geçir bir dem,

Aslynda jahandan bolsady wepa,

Nobat öñkilerden saña ıetmez hem.

 

Bulgur zar aglady gülzara gelip,

Şerap iç, oturma saralyp, solup,

Bu çemende bu gün biz oınasak,

Erte çemenmizde kim gezer gülüp.

 

Jahana ıetsedi mendäki kuwat,

Bu harap düzgüni ederdim berbat,

İañdan salardym şeıle bir dünıä,

Adamlar islegine ıeterdi añsat.

 

Gaıgy-gam elinden içmezden şerap,

Şerbet içe bilmen toı-meılis gurap,

Nanymy batyrman kimsäñ duwzuna,

Owal ıüregimden eılemän kebap.

 

İa mestlik etmerin, içsem-de bada,

Mes boljagymy bilsem, içmerin ıa-da,

Maksadym şeraby söımekden meniñ,

Ulumsy bolmazlyk- sen dek zyıada.

 

Meıilleñçe bolman soñ dünıäniñ käri,

Biıhudadyr pikriñ-aladañ bary,

“Giıç gelip-iır gitdik” diıp elmydam,

biderek çekıäris gaıgy-azary.

 

Gün ıagty salanda dünıä ıalbaryp,

Şerap jamy durdun eliñde parlap,

Diııärler: “dogry söz ajy bolarmyş”,

Şu delile görä- halaldyr şerap.

 

Dünıä syrlaryna düşünjek bolup,

Bihuda gam çekme, saralyp-solup,

Şat geçir bu jahan gurulan wagtı,

Etmediler saña maslahat, gelip.

 

Men bilmeıän Tañry ıaradan wagty,

Behiştmi, dowzahmy oñ bellän bagty,

Gülzarlykda meı, saz, ıar bolsa,

Nesıe behişt saña- ber bu üç nagdy.

 

Bu dünıäde hiç bir orun bolmansoñ,

Meısizlik, ıarsyzlyk ıalñyşdyr bilseñ,

Bu jahan syrlaryna düşünjek bolup,

Başyñy agyrtma- pendimi alsañ.

 

Eı pelek, horlyklar seniñ kinäñden,

Zulum hem jebir etmek- köne şiwäñden,

Eı toprak, dilseler seniñ bagryñy,

Köp gymmat göwherler çykar syınañdan.

 

Bilıärmiñ, söıgülim haçandan bäri,

Bir güzer etmediñ sen biziñ sary,

Ne habar gönderdiñ, ne özüñ geldiñ,

Biler ıaly sensiz çekilen zary.

 

Söıgülim gül ıüzüñi görmäge zar men,

Özge ıerde sen hem gama giriptar,

Yndi gutulmak ıok bu dertden, çünki,

Bejerjek tebibiñ özi hem biımar.

 

                                                        TAMAM