Interwiıu

 

Berlin universitetiniñ mugallymy we Gyzyl haç komitetiñ İevropadaky işgäri Dr. Mehran Baraeti bilen Irandaky ıagdaı barasynda geçirlen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi Akmurat Gürgenli geçirdi.

 

S: Siziñ pikriñize görä, Irandaky häzirki protest demonstratsiıalar, häkimiıetiñ demokratiklaşmak prossesine ıardam edip bilermi?

 

C: Iranlylara, öz syıasy we sosıal ıagdaılar barasynda öz pikirlerini aıtmaga bar bolan mümkinçilikleriñ hemmesinden mahrum boldular, indi olara köçä çykmakdan başga çäre galmady, şoña görä bu hereketler garaşılmadyk ıagdaı däl. Häzir adamlar dini esasynda dörän düzgünden bizar boldular, şol esasda adamlar demostratsiılar bilen öz isleglerini dünıä jemgiıetçiligine aıan etmeli boldular.

Studentleriñ bu hereketi, Iran halkynyñ azatlyk ugrundaky ähliumumy göreşleriñ başlangyjy diıp hasap edip bileris. Konservatrlar dörän häzirki ıagdaıdan, ıurtda barıan göreşleri basyp ıatyrmak ugrunda peıdalanmagyndan howatyr edilıär.

 

S: Häzirki göreş basylyp ıatyrlan ıagdaıında, ol geljekdäki hereketlere, aıaga galmalara nähili täsirini ıetirer?

 

C: meniñ pikrimçe geçen 20 ııldan gowrak wagtyñ dowamynda Iranlylaryñ syıasy düşünjeleri ösendir. Mysal üçin häzir Iranda 3 milliondan gowrak ıaşlar universitetlerde, 19 million bolsa başlangyç we orta okuwlarda okaıarlar. Internetden peıdalanıan Iranlylaryñ sany 3-4 million dilıär. Şol esasda nägilelikli hereketleri ıglan edilen maksatlary bilen dowam eder, mundan başga zady göz öñüne getirmek bolmaz.

Biz bu hereketler, öz içinden özüne ıolbaşçy tapar diıp umyt edıäris. Olar açyk hem belli planlary bilen göreşlerini dowam etdirip, extremistik toparlaryñ gepine gulak gabartman, gan döküşikli çärelere baş goşmarlar diıp, arzuw edıäris.

 

S: Jenap Dr Bara-eti siziñ pikriñize görä BŞ-laryñ pr-ti G.Buşuñ Iranlylaryñ bu hereketine oñaıly baha bermegi, ıa-da Iranyñ goñşulygynda bolup geçıän ıagdaılar, Amerikan güıçleriniñ sebitde ıerleşmegi, soñky protest demonstratsiılarıñ geçirilmegine täsir edıändirmi?

 

C: Meniñ çak edişime görä, ne İevropa, ne-de BŞ-lary Irandaky protest demonstratsiılaryñ artyp, edil Irakdaky ıagdaııñ döremegini islänoklar. Iranda Adam hukuklarynyñ ıerine ıetirilmegi, demokratiıanyñ ösmegi üçin Irana gysyş berilmek barasynda olar, ılalaşana meñzeıär. İene bir mesele-de häzir Owganystanda, Irakda we sebtiñ beıleki döwletlerinde Günbtaryñ başyny agyrtjek ıeterlik problemlar bar, olar başga bir problemanyñ döremegini islemez diıp men oılanıaryn. Eger Iranda häkimiıet üıtgejek bolsa ol, daşary döwletleriñ goşulmagy bilen däl-de, Iran halkynyñ erk-ıgtıary bilen bolamly.

Şu mahala çenli İevropa döwletleri, adam hukuklarynyñ bozulıandygyna Irana onçakly gısış görkezmediler.

 

S: Häzir Iranyñ ıadro programmasy günüñ tertibine geldi, bu mesele Irandaky häkimiıetiñ halkara kada-kanunlaryna boıun bolmagyna näderejede täsirli bolup biler?

 

C: Iranyñ ıadro programmasy doly suratda barlanmaly, bu diıildigi, Iranyñ içki işlerine goşuldygy däl, häziriñ özünde adamzada abanıan howplar az däl, esasan, demokratik kada-kanunlar ıöremeıän Iran ıaly ıurtlarda bular ıaly ıaraglardan sııasy maksatlar üçin peıdanlanmazlygyna hiç hili garantiıa ıok.

 

S: Jenap Dr. Bara-eti, biz Türkmenistandan daşarda, Iranda hem Owganystanda ıaşaıan Türkmenler üçin-de gepleşik berıäris. Siziñ pikriñize görä, eger Iranda demokratik bir häkimiıet iş başyna geçse, ol bu ıurtda ıaşaıan Türkmenleriñ medeni we sosıal hak-hukuklaryny berjaı etmekde nähili hereket etmelibolar?

 

C: Häzir dünıäniñ ösen döwletlerinde merkezleşdirilmedik hökümet düzgüni barha rowaçlanıar. Iranda Federativ bir hökümetiñ döredilmegi üçin tekilipler orta atylıar. Etnik halklaryñ ıaşaıan ıerlerinde ıerli häkimiıeti döretmek, medeni we milli hak-hukuklaryñ berilmegi ugrunda alada edilmeli diıp düşünıärin.

 

Jenap Dr. Baraeti söhbetdeşlik üçin sag boluñ.