Akmaıanyñ süıdi

Türkmen halk baılary( ertekileri)

Taııarlan: A.Gürgenli

Sweden 1997

 

 

 

 

IÇINDÄKILER

 

 

 

* Aldanan möjek

 

 

* İartygulak

 

 

* Ejekejan

 

 

* Akpamyk

 

 

Aldanan möjek

 

    Biri barmyş biri ıokmuş. Bir aç möjek barmyş.

Günleriñ birinde bu möjek aw gözläp ıörkä, bir guza duş gelıär.

Möjek bu guzyny imek höwesine düşüp:

- Eı, guzujyk, men ıaş haıwanlary imerin diıip şert edipdim welin, üç günden bäri elime aw düşenok. Indi seni imesem boljak däl- diıär.

   Guzujyk:

- Aıby ıok, möjek aga, seniñ ıaly bir uly haıwan ölenden, goı, men öleıin. Saña guzyñ eti süıji bolıar diıip aıdandyrlar. Ol örän dogrudyr ıöne meniñ etimi duz bilen burç garyp iseñ, has tagamly bolar- diıär.

   Onda möjek:

- Şu aıdan sözleriñi birwagtlar bir geçi hem aıdypdy. Men onuñ sözüne gulak asmadym. Indi men seniñ aıdanyña ynandym, ıöne sen şol aıdan duz bilen burjuñy tapyp ber- diıär.

   Guzujyk:

- Duz bilen burjy tapyp bererdim welin, men şundan öıe gitsem, meni öıde alyp galarlar. Iñ gawsy, men şu ıerde duraıyn. Duz bilen burjy señ özüñ tapyp gel- diıär.

   Möjek:

- Bolıar, men häzir tapyp gelerin- diıip, ylgap gitıär. Möjek gidensoñ, guzujyk hem gaçyp gidenmiş.

   Birwagtdan soñ, möjek gelip görse, guzy ıok diıär. Möjek aldanandygyny bilip:

                                   Gördüñ-ä bir guzy

                                   Etin iı-de süñkün gazy

                                   Nämä gerek burç, duzy

                 Şorsurap barıañmy, wah arman?!-

diıip, başyny aşak salyp, señkildäp gidiberenmiş. Şol barşyna öñünden bir geçi çykanmyş.

   Möjek geçä bakyp:

- Men seni iymäge geldim!- diıär. Onda geçi:

- Aıby ıok, möjek aga. İöne sen örän ajygansyñ, bir meni iıeniñ bilen doımarsyñ. Şu depäniñ añyrsynda iki sany owlajygym otlap ıör, goı, üçümizi hem iı-de, bir doı- diıär.

    Möjek:

- Hany onda ıör gideıli- diıär.

   Geçi:

- Gidenmiz-ä ıagşy, ıöne ikimiz bile gitsek, olar seni görüp gaçarlar. Sen bu ıerde dur, özüm olary alyp geleıin- diıär. Möjek hem muña ynanıar.

   Geçi bolsa depäniñ üstünden añryk aşyp, oba tarap gaçıar. Möjek geçä şonça garaşsa-da, ondan derek bolmaıar. Birnäçe wagtdan soñ, möjek aldanandygyny bilip, öz-özüne:

                 Gördüñ-ä bir geçi,

                 Etin iı-de, gaçy

                 Nämä gerekdi üçi,

                 Çarwadar bolıamyñ, wah arman?!-

diıip, ıene gidiberıär. Barşyna, öñünden bir goıun çykıar. Möjek oña bakyp:

- Goyun, men seni iımäge geldim!- diıär.

   Goıun:

- Iıseñ örän gawy, möjek aga. Men çölde haram ölenimden, seniñ ıaly güçli haıwana huruş bolanyma begenıärin, ıöne meniñ oñat bir oınum bar, men saña şol oıny edip bereyin, onsoñ iıersiñ- diıär.

   Möjek:

- Onuñ ıaly oınuñ bolsa, hany göreıli- diıip dyzyna düşüp ıatıar.

   Goıun tarp-tarp edip, eıläk-beıläk bökjekleıär, şol barşyna hem depeden aşyp, oba tarap gaçyberıär. Möjek köp gözleşip, özüniñ aldanandygyny bilip:

                 Gördüñ-ä bir goıun,

                 Etinden iı-de doıun,

                 Nämä gerekdi oıun,

                 Oıunçy bolıarmyñ, wah arman?!-

diıip, ıene señkildäp gidiberıär. Şol barşyna öñünden bir at çykar. Möjek ata bakyp:

- Men seni iımäge geldim- diıär.

   At:

- Eger möjekligiñ çyn bolıan bolsa, meni iımäge hakyñ ıokdur!- diıär. Onda möjek näme üçin? diıip soraıar.

   At:

- Mende möjekleriñ padyşasyndan siziñ hemmäñize buıruk haty bar. Ol hatda möjeklere meni iımek ıasak( gadagan) diılip ıazlypdyr.

   Möjek:

- At dogan men gaty açdyryn. Her zatda bolsa, şol haty bir göreyin- diıär.

   At:

- Ol hat meniñ artky aıagmyñ toynugynda berkidilendir- diıip, möjege sol aıagyny görkezıär. Şol wagt möjek atyñ artky aıagna eñilıär welin, at hem ıagşyja çemine salyp, goşa toınugy bilen möjegiñ mañlaıyna depıär. Möjegiñ iki gözi patlap çykıar. Möjek şol ıatyşyna şeıle diıenmiş:

                 Gördüñ-ä bir at,

                 Etin iıi-de ıanynda ıat

                 Mollamydyñ, müftimidiñ,

                 Nä janyña gerek hat?

                 Ey-waı gözüm, waı gözüm!

                 Ylaıta-da çep gözüm!

 

 

İartygulak

 

 

   Biri barmyş, biri ıokmyş. Öñde bir daıhan adam barmyş. Onyñ aıaly göwrelimiş.

   Günlerde bir gün ol daıhan degirmene uwn üwetdirmäge gidende, yzyndan ogly bolupdyr. İañy bolan oglanyñ ululygy edil ıarty gulak ıaly diıär. Şoña görä oña İartygulak diıip ad beripdirler.

    İartygulak, bolan badyna dil açyp:

- Eje, eje, aı eje dädem(kakam) nirä gitdi? diıip sorapdyr.

   Ejesi oglunyñ bolan badyna gepläp başlamagyny geñ görüp, ör-gökden gelipdir-de:

- Dädeñ(kakañ) degirmene uwn üwetdirmäge gitdi- diıip aıdypdyr.

- Men-de degirmene gitjek!- diıip, İartygulak jedir-jedir edipdir.

   Ejesi:

- Wiy, üweden uwnyny getirmäge dädeñe(kakaña) ulagam gerekdir. Hanha ıatakda düyämiz gäwüş gaıtaryp çöküp otyr. Şony mün-de ötägit-diıipdir.

   İartygulak düyäni gazygyndan boşadyp, üstüne böküp münüpdir-de onuñ ıüñlek boınuna dyrmaşyp, gulagyna baryp giripdir.

   Düıe uly ıoluñ ortasy bilen degirmene tarap gidip barıarka, ıoluñ gyrasynda oynap ıören bir topar oglan:

- Ynha bir boş düıe gelıär!- diıişip, ony saklapdyrlar.

    İartygulak:

- Häı, bezzatlar, goıberiñ düıäni!- diıip gaharlanypdyr.

Oglanlar töwereklerine baksalar-da, hiç kime gözleri düşmändir.

- Be, bu ses niıreden gelıärkä?- diıişip, gorkularyna düyäni öz ugruna goıberip, gaçyp gidipdirler.

    İartygulak düyäni sürüp, degirmeniñ agzyna barypdyr-da:

- Däde(kaka)!-diıip gygyrypdyr.

    İartygulagyñ dädesi(kakasy) bolsa oglunyñ bardygyny bilmänsoñ, ses bermändir.

- Aı, däde, haw!- diıip, İartygulak ıene-de gygyrypdyr.

Yyzyndan ogly bolup, onuñ eııam gepläp bilyändiginden habarsyz  İartygulagyñ dädesi (kakasy):

- Bä, meniñ oglum ıokdy-da. Bu meni çagyrıar- diıip, degirmenden çykanda, İartygulak:

- däde(kaka) hany bärräk gelsene!- diıip, ıene-de gygyrıar.

- ” dädem(kakam) gelse gorkuzaıyn”-diıip  İartygulak düyäniñ gulagyndan tawsup düşüp, bir gysym otuñ aşagynda gizlenıär. Edil şol wagtam düıe İartygulagyñ giyzlenip ıatan otuny agzyna alyp, çeynäp-çeynemän yuwdup goyberıär.

   İartygulagyñ dädesi(kakasy) görse, ıeke düıeden başga hiç kim ıok diıär.

Ol:

- Oglum, oglum!- diıip seslenende, İartygulak düyäniñ içinden:

- Däde(kaka), men düyäniñ içinde, meni düıe idi- diıip jogap berıär.

    İartygulagyñ dädesi(kakasy) uweden uwnyny düıesine yükläp, öıne dolanyp gelıär.

    Aıaly öñünden çykyp:

- Oglumy hem getirdiñmi?- diıip soraıar.

    İartygulagyñ dädesi(kakasy):

- Oglumyz-a düıe idi- diıip habar berıär. İartygulagyñ ejesi nätjegini bilmän boıur-boıur ıaş döküp aglaıar. Soñra är-aıal  İartygulagy tapmak üçin düıelerini öldürüp, içegelerini bir-bir barlaıarlar. Şol barlap oturşlaryna: ”Aı, zat ıokdur-da” diıip, bir bölek içegäni zyñyp göıberıärler. İartygulak şonuñ içindemiş. Olar ogullaryny tapman, gynanyp oturıarlar.

   Şol agşam bir aç möjek düyäniñ soylan ıerine gelip, ıañky bölejik içegäni iıipdir. Möjek soñra bir çopanyñ goynuny darajak bolup barypdyr.

    İartygulak möjegiñ niıetini añlap:

- Haı, çopan, how! Goynuñ gitdi, how!- diıip gyygyrmaga başlaıar.

   Çopan hem:

- Aı, bir öwejiñ bar kowaweri!- diıip itlerini küşgürip, möjegi kawalapdyr.

- Haı-haı!- diıip, İartygulak hem gaçyp barıan möjegiñ içinden gopgun turzupdyr. Goyun iymekden biyzar, möjek zordan özüni gutarypdyr.

   Aç haltyldap ıören möjek ıene bir çopanyñ sürüsiniñ üstünden barypdyr. Möjek sürä ıakyynlaşanda, ıene:

- Aı, çopan, how! eşitmedim diyme, how, goyny möjek aldy, how!- diıip gygyrypdyr. Çopan hem:

- Aı, bir öwejiñ bar, kowaweri!- diıip tagyna ıapyşyp gygyrypdyr. İartygulak hem:

- Haı-haı!- diıip, möjegiñ içinden gopgun turzupdyr. Möjek ol çopanyñ daıaw itinden zordan gaçyp gutulypdyr. Möjek başga süri goyunlara baranda ıene-de goyun awlap bilmän aç galypdyr. Ahyry ol belanyñ öz içindendigini bilip:”Men indi bu beladan nädip sypyp bilerinkäm?...” -diıip, pikir edip, esli wagt ıatypdyr, bir tebiyp tilkiniñ ıanyna baryp:

- Ey, tilki dost, meniñ içimde bir bela bar. Ajymdan surnugyp, haısy sürüniñ golaıyndan barsam:” Haı çopan, haw, goynuñ möjek aldy, how!...” diıip gygyrıar. Yndi bäş günüñ içidir, bir alaç et-de, em-yom salgy ber- diıip ıalbarypdyr.

   Onda tilki:

- Yçiñdäki belanyñ emini tapsam bir goyun berermisiñ?- diıipdir.

   Möjek:

- Wah, tilki dost, iki goyun diyseñem bererin! İöne şu belany dep etseñ bolıar!- diıip, söz beripdir.

   Onda tilki:

- Gury sözden goyun bolmaz, möjek dost, diliñden hat ber- diıipdir. Möjek hat beripdir. Tilki oña:

- Ey, möjek dost, sen bir suwjak bulamak iç-de, birnäçe gezek ıapyıokaryk ıört, şonda içiñdäki bela gaçsa gerek- diıipdir.

   Tilkiniñ maslahatyny eşiden  İartygulak:

- Ey, tilki, tilki! Başyna turşusy çykan tilki! Bu içmäge bulamak tapıan bolsa, şu güne düşermidimi?- diıip möjegiñ içinden seslenipdir.

   Şonda möjek:

- Ey, tilki dost, göryäñmi meniñ günümi, dad günüme! diıip gözlerini ıaşardyp gepläpdir.

   Tilki möjegiñ gözıaşyny görüp:

- Ey, möjek dost, sataşan belañ-a gaty ıaman, ıöne sen günorta bolanda üzümli baglyga bar-da biyşmedik, horarak üzümlerden köp iıi. Yçiñdäki belañ bolsa jany çykıança gyygyrsa-da gyygyrybersin. Günortan sakçy-da, iti-de bolmaz: Birden eşidip gelselerem tä golaılaıança gaçma, üzümden köpräk iyjek bol- diıipdir.

   Möjek üzüm baga baryp iymäge başlanda, İartygulak bar sesi bilen:

- Aı, üzüm eıesi! üzümiñi ogry iıip gutardy- diıip gyygyrypdyr. Üzüm eıesi gelyänçä, möjek bir-iki düyp üzüm iıipdir. Şol wagt bag eıesi gelip, yuwaşja möjege ıakynkaşyp, taıak bilen kebzesine ıapypdyr. Möjek birden ikä böküpdir, şol böküşde  İartygulak onuñ içinden çykypdyr.

    İartygulak möjegiñ içinden çykandan soñ bir üzümiñ düybinde ıatypdyr. Soñra üzüm eıesiniñ üzümli sebediniñ içine giyripdir. Ol adam öıüne ugraıar. Bag eıesi ıol boyy aıdym aıdyp barıar. Ol her aıdym aıdanda, İartygulak:

- Jan, jan sag bol!- diıip gyygyrıar.

   Üzüm eıesi:” Yyzymdan biyri gelyändir”-diıip, iyzyna baksa, hiç kimi görmändir. Soñra:” Aı, göwnümedir-de...”-diıip ıene aıdyma başlaıar. İartygulak ıene-de:

- Jan, jan sag bol!- diıip gyygyrıar.

Üzüm eıesi yuwaş-yuwaş gorkup başlalaıar. Aıdym aıytmagy hem goyup,çalasym ıöräp, öıne gelıär. İartygulak sebetden çykyp, öıüñ içindäki çuwalyñ aşagyna giyrip ıatıar.

   Üzum eıesi heleyine bakyp:

- Men ıolda jyna sataşdym- diıär. Heleyi onuñ üstüni iki gat yorgan bilen basyrıar. Goñşulary hem, pylan aga jyn görüpdir diıişip, gelip onuñ halyny soraıarlar.

   Üzüm eıesiniñ öıüne şol agşam üç-dört sany myhman hem gelipdir. Olar garyplary talap ıören garakçymyşlar. Olaryñ talap alan zatlarynda üzümçiniñ hem paıy barmyş.

   Ögrular giycäniñ ıaryna çenli nirede, nähili ogurlyk edenleri hakynda sakyrdaşyp, İartygulagy hem ıatyrmandyrlar. Olar uwklanlarynda  İartygulak çuwalyñ aşagyndan çykyp, olaryñ sakgallaryny ikibiyr-ikibiyr, biyr-biyrine dañyp çykypdyr, ogry şärigi bolan üzüm eıesiniñ sakgaly bilen heleyniñ saçyny hem bir dañypdyr. Biraz wagtdan soñ ogrylaryn biyri daşaryyk çykjak bolupdyr ol bir ıoldaşy:

- Sakgalymy göıber, how! Hey sakgaldanam bir oyun bolarmy- diıip, ıerinden galypdyr. Bularyñ galmagalyna, ol biyrsi hem turup:

"Göıber sakgalymy"- diıipdir. Ogrular biyr-biyrini yumruklap başlapdyrlar. Öıüñ içi ala-galmagal bolupdyr. Bularyñ galmagalyna är-heley hem oıanypdyr. Äri aıalyna:

- Ey, heley, sakgalymy göıber- diıipdir. Bularyñ galmagallaryna goñşulary gelip olary aryşdyrypdyr.

   Galmagal köşesenden soñ, İartygulak ıene çuwalyñ aşagyna giyrip ıatypdyr. Emma ogrular ıatmandyrlar. Olar:

- Bu öıüñ indi mazasy gaçdy, biz çaltrak bu ıerden gideyli diıişip, dañ ataryna garaşman, gaçyp gidipdirler.

   Mihmanlar gidenden soñ, öıüñ aıaly:

- Öımizdäki jyny kawmasak, indi bize rahat bolmaz. Molla agany getirip okadaısak nähilli?- diıipdir.

   Äri: " Boljak"- diıär.

   Öıüñ aıaly mollañ ıanyna ugranda, İartygulak onuñ arkasyna münüp, ıalygynyñ(gyyñajynyñ) arasyna giyzlenipdir.

  Aıal mollanyñ ıanyna baryp:

- Molla aga biziñ öımize jyn giıiripdir, bize gün berenok, kömek et- diıipdir.

   Molla ol aıalyñ aklyk üçin getiren düwünçegine gözüniñ gyytagyny aılap:

- Ba-ha, jyn gaty erbet zatdyr, ony okyp kawmasak, ıöne-möne doga peyda bermez- diıip, aıaly bir çola jaıa eltip, okyp başlanda, İartygulak olaryñ ikisine-de bildirmän, mollanyñ sellesiniñ ortarasyna münıär. Molla: "Aguz billahy..." diıip başlanda, İartygulak hem onuñ depesinden oturan ıerinde agzyna öıkenip, bogazyna sygdygyndan gyygyrıar.

   Molla okymakdan elli biyzar bolup:

- Bu ne bela? Bu indi seni okytdyrmaz. men saña derrew bir dogajyk ıazyp bereyin-de diynaıyn- diıip, hasyr-husur bir bölejik kagyzyñ yüzüni garalap:

- Yne, şu iki dogany al-da git, biyrini äriñ dakynsyn, biyrini hem özüñ dakyn- diıip, getirlen aklygy alyp, aıaly ugradyp göberipdir.

İartygulak onuñ sellesiniñ üstünden düşmändir. Molla öz ıanyndan jyn aıal bilen gidipdir diıip, agşam namazyny okymak üçin metjiyde baryp, jemagata imamlyk etmekçi bolupdyr.

   Molla, adamlaryñ öñüne geçip:

- "Allahy äkber!"- diıip, ıañy bir mañlaıny ıere goymakçy bolanda, İartygulak hem onuñ bilen birlekde:

- "Allahy äkber!"- diıär. Birnäçe gezek şeıle bolandan soñ, molla öz içinden;” meniñ imamlygma göwnüıetmezçilik edip, arkamda duranlaryñ biyri bilgeşleyin gyygyrıar”- diıip, pikir edipdir-de, gaharlanyp çykyp gidipdir. Yyzyndaky jemagat hem: ” molla heniyz mañlaıny ıerden galdyran däldir”- diıip, mañlaılaılarny ıerden götermän, esli wagt ıatypdyrlar. Ahyrda olaryñ biyri başyny göterip görse, öwlerinde molla ıok diıär. Ol muny başgalara-da habar berıär. Olar:" biziñ mollamyz dälridimyka?..." diıişip, metjiytden çykyp, dargaşyp gitıärler.

   Şol agşam mollanyñ aıaly özleri hem sopylary üçin çüyçeli palaw, gullukçylar üçin bolsa uly bir gazan kädili bulamak bişirıär. İartygulak:” iyşi edyän-ä olar, palaw iyyänem bular, men siziñ aryñyzy alyp bererin, gullukçy doganlar!... diıip, içini gepledıär. Gün ıaşyp, molla bilen aıaly uwka gidende, İartygulak mollanyñ sellesini aıalyna, aıalyñ alyndañysyny hem molla geydirıär. Är-aıal iyrden turup, biyr-biyrleriniñ yüzüne geñ galyp bakıarlar. Molla aıalyna:

- Näme beyle seredyäñ, meñ yüzümden aı görjek bolıarmyñ?- diıär.

- Men-ä seniñ başyñdaky alyndaña bakıaryn!- diıip, aıaly jogap berıär.

- Men-de seniñ selläñe seredıärin!

Aıaly:- Seredseñ seredip geç! diıär

   Är-aıal dawalaşyp, ıañy ütmeleşjek boluberende, goñşy obadan bir atly gelip, nikä gyydyrmak üçin, mollany toıa çagyryp gitıär.

   Toy. Nika. bol nahar. Aklyk... Molla şu zatlary göz öñüne getirip, sellesini alıar-da, ıol şaıyny tutup, ugruıar. İartygulak hem sellesiniñ depesine gonıar.

 İartygulak mollanyñ sellesiniñ süyri depesinde daş-töweregine sin edip barıar. Molla eşegini dikgirdedip, toy ıerine ıakynlaşyberende, İartygulak, mollañ selesinden düşüp, eşegiñ guyrugyndan asylyp, eşegi dürtüp göıberıär. Eşek muña jidaman, bökıär-de mollany doly çuwal ıaly edip, gaty ıere urup gaçyp gitıär.

 İartygulak toy ıerine ugraıar. Baryp görse, toy eıesi uly bir baı diıär. Bu baı özüniñ ıekeje ogluny öıerip duranmyş

 İartygulak öıüñ artbagyş gamşynyñ gatlaryndan sümüp, durluk arasynda jaılaşyp, içerik seredıär. Ol öıde täze alnyp getirlen gelin otyranmyş. Başga öıde bolsa ıaşullar bilen ıañky molla gürrüñ edip otyr diıär.

  İartygulak oturan gyzlary kiçiräjik taıak bilen dürtüp başlaıar. Gyzlar bu iyşi biıi-biyrinden görüp, gaharlanyşyp, çykyp gidipdirler. Gelniñ ıeke özi galypdyr.

   Gün öıleden agandan soñ, molla yigit bilen geline nika gyymak üçin iki sany adamyny pyıadakazy belläp, iyşe başlaıar. Mollanyñ bellän pyıadakazylaı çümre bürenip tersine bakyp oturan geliniñ ıanyna gelip:

- Gelin, nika wekiylçiliñizi biziñ haısymyza beryäñiz?- diıip soraıarlar.

   Gelin bürenip, geplemän aglap otyr diıär . Birnäçe sapar gaıtalanan soraga jogap bolmansoñ, İartygulak:

- Şol kel hem mañkaly ogluñyz üçn biyriñize-de wekiylçiligimi berjek däl!- diıär. Pyıadakazylaryñ yürekleri ıarylara gelip, añk-tañk bolup galıarlar.

   Şol wagt bir aıal gelip, gelni irjak bolup, höre-köşe edıär. Gelin bolsa aglajagyny-da, güljegini-de bilmän, öñküsi ıaly bürenip otyrıar. Heniyz gelinden jogap bolmanka, ıene İartygulak:

- Bolmaz, bolmaz! Sözüm birdir! Diydim, diydim, indi gaıtalap alman! diıip gyygyrıar.

   Geliniñ daşyna yygnan gelinler hem gaıra çekişip durıarlar-da:

- Bu gelin samsykmyka, nämeka?- diıişıärler.

   Molla hem oturan ıerinden:

- Gelin bu iyşiñ erbetdir, aıyp bolar!- diıär.

   Onda İartygulak:

- Asil sen ıaly adamyyñ gyıan nikasy maña gerek däl!- diıär.

Molla: Toba tagsyyr, bu ne belady!- diıip, sesini çykarmaıar.

   Adamlar:

- Yndi gün ıaşdy, bu sähetli gün geçdi, nika ertiyre galmaly boldy- diıişip dargaşıarlar. "Munuñ soñy näme bolarka?" diıip, gelinler bolsa tomaşa etmäge galıarlar.

   İartygulak şol wagt tüynüge çykıar.

- Yndi maslahat näme?- diıip toy eıese baı aga, molladan soraıar.

Molla:

- Bu gün nika gyyp bilmedik, öılenjek yigit gelniñ ıanyna baryp, kellesini görkezsin, yogsam "kel, kel" diıip ol pahyry biyzar etdiler.

   Muny eşiden İartygulak:

- Aı, gelin, baıyñ kel ogluny giyzläp, ıerine başga bir kellesi saçly yigidi görkezjek bolıarlar- diıip gyygyrıar.

   Adamlar haıran galyp, ıokarlaryna seredseler, hiç kime gözleri düşmeıär. Olar bu nämäniñ sesika diıişip, gorkup başlaıarlar. Molla hem:

- Bu jyn gapdalmyzdan aıryljak däl, bu bizden näme isleıarka?-diıär.

   Toy eıesi:

- Bolmasa okıap kawsana!- diıip, oña maslahat berıär.

Onda molla:

- Wah, men ony ozalam okydym, gaıta meniñ özümi eıerläp mündi. Bir giyje garnymyza münüp, tas bogup öldürıärdi- diıär.

   Baı:

- Onda indi näme edmeli?- diıär.

Molla:

- Güyçli mollalary yygnap, birleşip okymaly- diıär.

   Baı mollalaryñ iñ güyçlilerinden dört sanysyny derrew çagyrıar. Olar bilen bile bir porhan-da gelıär. Öıüñ bir ıan duwlunda bäş sany molla birleşip doga okymaga başlaıarlar. Öıüñ beyleki duwlunda bolsa porhan:

- Aı, pylan jülgeden, goçum gel! Aı, pylan dereden perilerim, gel!, Aı, pylan depedäki jynlarym, gel!- diıip, düw-düw edip, gyygyryp böküp-oynap agzyny köpürjedip başlaıar.

İartygulak bolsa:

- Hany  göreyli, seniñ jynlaryñ nähiylli zatka?- diıär.

İartygulak gaty ıadaw bolansoñ, derrew uwka gitıär. Birden-ikä oıanyp, öz ıanyndan:" öıüñ içi jyndan dolandyr, porhanyñ jyny, perisi, goçy nähiylli zatka bir göreyin"- diıip. aşak baksa, porhanyñ kellesi gyzyp, gyykylygy öñküden yüz esse artypdyr. Düwläp iki tarapa urnup, öıi göçürjek bolıar. Mollalar bolsa gara derlerini saçyp, heniyzem bogazlaryna sygdyklaryndan doga okyp, daşyndakylar bolsa, irkilşip otyyrlar diıär. Şolardan başga öıüñ içinde jynam ıok, peri hem ıok, goçam ıok.

  Giyje ıarymyndan geçenden soñ, halyys sütügi süynen porhan sesine bir dyynç berıär-de:

- Baı aga, gördüñmi, nätdim! Neniñ jynlarym ıerlerinden gozganyp başlanda, ol jyn gidiberendir. Meniñ jynlarym, perilerim gelip, ol jyny eyyäm ala dagdan aşyryp gelipdir-diıär.

   Molla hem bada-bad söze goşlup:

- Biziñem dogalarmyzyñ hem güyçli kömegi degendir- diıär. Şol wagt İartygulak olaryñ geplerine gülküsi tutıar. Adamlar geñ galyp, titreşıärler.

  Porhan:

- Gorkmañ, bu meniñ iñ uly jynymdyr, ol, bu ıañky jyny kawany üçin begenip gülyändir- diıär.

   Şondan soñ adamlar bir az arkaıyn bolıarlar.

   Porhan:

- Baı aga, maslahat bolsa men-ä jynlarymy gaıtarjak- diıär.

- Gaıtar, gaıtar- diıip, baı oña rugsat berıär.

    Jin belasyndan dynyp, öıe çaı-nahar getirıärler. Nahary iıip bolanlaryndan soñ, öıüñ bir ıan duwlunda düşek salyp ıatıarlar. Gelniñ ıanynda iki sany gyz ıatıar. İadaşan adamlar derrew uwklaıarlar.

   İartygulak aşak düşıärde, torbadaky päkini alyp, ıatan mollalaryñ daşyna geçıär."Bissimilla" diıip, ilki başda molladan başlap, onuñ uzyyn çal sakgalyny syyrıar, onuñ eñegini taıpy ıaly edenden soñ, beyleki mollalaryñ sakgallaryny biyr-biyr siyryp çykıar, ıöne iñ kiçi mollañ murtuny siyryp, sakgalyny azarak gyrkıar. Soñ bolsa porhanyñ ıanyna baryp:" hany jynly bolıan bolsañ, jynlaryñ ıetişsin bakaly"- diıip, onuñ sakgalynyñ sag gapdalyny düybünden aıryp, sol tarapyny goyıar.

 İartygulak,Toyda öldürlen mallaryñ pökgerşip ıatan garynlaryndan iki sanysyny alyp, geliniñ ıanynda süyji uwkuda ıatan gyyzlaryñ kellelerine geydirıär-de, börüklerini aıryp, başga ıerde giyzleıär. Soñ mollalaryñ sakgallaryny alyp, geliniñ eñegine ıelmeıär, iñ kiçi mollanyñ murtuny hem geline murt edıär, galan tüyden bolsa baıyñ sakgalyna ıelmeıär, baıyñ uzyyn sakgaly bolıar. Şondan soñ İartygulak:

- Hop, indi iyşimi bir laı bitirdim- diıip, ıene tüynüge çykyp oturıar.

   Dañ atyp, jahan ıaıylıar. Öı eıeleri, mihmanlar örüp başlaıarlar. Hemmeden öñ gelin oıanıar. İatan gyyzlaryñ kellelerindäki garny görüp, hiyç kime duydurman mys-mys gülıär.

  Şol wagt baıyñ aıaly turup:

- Aıuw, bu sakgalyñ ne beyle uzalypdyr?- diıip hor çekip ıatan ärini iralaıar. Baı gözüni açalak-yumalak edip:

- O, seniñ göwnüñedir- diıip, ıene beylesini dönüp ıatıar. Soñ baı turup, öz boyy bilen deñ sakgalyny görüp, näme diyjegini bilmeıär. Şol wagt porhan hem turup, eñegi yyldyrap duran mollalary görüp, hahahaılap gülmäge başlaıar. Ol öz içinden:” bu haısy edepsiziñ iyşikä?... diıip, oylanyp duwrka, mollalar hem porhanyñ yüzüne siñe-siñe seredişip, birden gülüp başlaıarlar. Porhan bir aına tapyp, ilki öz yüzüni görüp, soñra mollalara berıär. Mollalar ıeke-ıeke aına seredişip, öz yüzlerini görüp, başlaıarlar. Gyyzlar bolsa özlerinden habarsyz, geliniñ sakgal, murtuny görüp, birden gorkup, gaıra çekilıärler.

   Onıança baıyñ aıaly:

- İarylyp ölenler siziñki näme?-diıip gyygyrıar.

   Onda gyyzlar:

- Geline sakgal-murt çykypdyr- diıärler.

Baıyñ aıaly:

- Goyuñ saçy kesilenler, men sizden kelläñize geıeniñiz näme diıip soraıan! diıip, aınany ellerine berıär.

  Gyzlar kellelerindäki garny görüp, öılerine tarap gaçıarlar. Gelin hem sakgal-murtuny aınadan görüp, öz-özünden gorkıar. Derrew sakgal-murty goparyp aıyrıar. Edil şol mahal düynki jynly gürrüñ nähiyl bolduka diıip, aıal-erkek dumly-duwşdan gelmäge başlaıar. Niyrä gitjeklerini bilmän duran porhandyr mollalar, baıyñ berjek sowgat-serpaıyndan elli biyzar bolup, öıden çykıarlar-da gaçyp gitıärler. Öıde diñr baı, onuñ aıaly hem gelin galıar.

   Baı uludan dem alyp:

- Bizi bu beladan gutaran adam bolsa, näme diyse bererdim- diıär.

   İartygulak tüynükden:

- On öweç diyse-de berermiñ?- diıär.

- Wah, on bäş diyse hem bererin- diıär.

   İartygulak: Sözuñ, söz bolsun! Sözüñ-de tapylgyn!- diıip, öılerine gaıtıar.

  İartygulak uly ıoluñ ıaksy bilen barıarka, iyzyndan bir atly ıetıär, ol atly hem İartygulaklaryñ öz obalaryndan bolup, ıañky toydan gaıdyp gelyänmiş. Ol atly İartygulagyñ duwşuna gelip, atynyñ gowşan çekisini çekmäge durıar. İartygulak şol wagt görünmän atyñ guyrugyndan asylıar. Ol adam atyna münüp, ugranda, atyñ üstüne böküp çykıar. Şeılelik bilen İartygulak atly öılerine ıetıär.

 İartygulak ene-atasy bilen gujaklaşyp, salamlaşıar. Olar İartygulagyñ gelenine begenıärler. Soñra İartygulak başyndan geçirenlerini biyrin-biyrin gürrüñ berip:

- Däde, pylan çopanda bir öweç, ıene bir çopanda bir öweç, üçünji çopanda hem bir öweç algyymyz bar- diıip, bir topar çopany sanap çykıar.

- Sen baryp, möjek kowanmyz üçin bermeli öwejiñizi beriñ diıi-de, şol çopanlardan goyunlary al, soñ bolsa pylan baıyñ öıüne bar-da jyn kowanmyz üçin bermeli öweçleriñi ber diıip aıt, olary hem alyp gaıt- diıip dädesini iyberıär.

   Dädesi gelip, çopanlardan hem baıdan almaly öweçleri alyp, olary bir süri edip, öıüne dolanıar.

  İartygulak hiç haçan erbet iyş etmeıär, dogra-dogry, egrä-egri diıär, her kimiñ aıbyny öz yüzüne aıdıar, yüreginde öıke-kiyne saklamaıar, hiyle-mekirlige ıol bermeıär, ahyr soñunda hem uly iyliñ minnetdarlygyny hem hormatyny gazanyp, maksat-myradyna ıetıär.

 

Ejekejan

 

   Biyri barmyş, biyri ıokmyş. Öñler bir garyyp adam barmyş. Onuñ bir gyzy bilen bir ogly barmyş. Gyzynyñ ady Ejekejan, oglunyñ ady Baımyratmyş. Bir gün olaryñ gapysyna bir saıyl gelip, iymäge zat diläpdir. Garyp adam oña:

-Kömek etmäge zadym ıok, arpa-bugdaıym bolmady- diıär.Saıyl:

-Gyzyñ öldürip arpa, ogluñ öldürip bugdaıa sepseñ, hasylyñ köp bolar-diıär.

   Ejekejan bu gürrüñi eşidip, derrew elbukjasyny alyp, dogany Baımyrady çagyrıar. Baımyrat aşyk oynap duran ıerinden gaıdasy gelmändir., Ejekejan şeıle ıalbarsa-da ol gelmändir. Ahyry Ejekejan:

- Bally, aı bally, altyndan sakga bereyin, gel- diıipdir.

   Baımyrat Ejekejanyñ ıanyna gelende, Ejekejan oña:

   - Bally bu gün gafymyzdan bir saıyl geldi, zat diledi, ıok diylende, ol, gyyzyñ öldür arpa, ogluñ öldür bugdaıa sep didi, dädem hem bolıar diydi. Biz çalasym bu ıerden gaçaıly- diıär.

   Bular bir pikre gelip, bir ıerde oynap otyyrka, Baımyrat Ejekejanyñ başdaragyny alyp gaçıar, Ejekejan hem onuñ yyzyndan kawan bolup öıden gaçyp gitıärler.

   Dädesi muni bilip, olaryñ iyzyndan kawıar, " ıetdim, ıetdim" diıende, Ejekejan baş daragyny zyñıar, dädesiniñ öñünden çyrmaşyk çeti çykıar, dädesi zordan çetiden çykyp ıene-de olaryñ iyzyndan kawıar. Bu gezek Ejekejan aınasyny zyñıar, dädesiniñ öwünden uly bir derıa çykıar, dädesi suwa girıär we şol suwda boglup ölıär.

   Şeydip iki dogan çöle tarap gidiberıärler. Az ıöräp, köp ıöräp, düz ıöräp, çöl ıöräp, aç-suwsyz isgynlary galmandyr. Olaryñ öwünden bir çeşme çykydyr. Baımyrat suw içjek bolanda, Ejekejan:

- Bally, bu suw guşlaryñ suwudyr, mundan içseñ guş bolarsyñ- diıip, ony suw içmäge goymandyr. Dem-dinç alyp, ıene ıola düşüpdirler. Öwlerinden ıene bir çeşme çykypdyr. Baımyrat ondan suw içjek bolanda, Ejekejan:

- Bally, bu suw keyikleiñ suwudyr. Mundan içseñ keyik bolarsyñ- diıipdir.

   Baımyrat gaty suwsansoñ, Ejekejana bildirmän, şol çeşmäniñ başynda köwşüni galdyran bolup gidipdir. Birazjyk ıöränlerinde, Baımyrat:

- Ejekejan, köwşüm suwuñ başynda galypdyr- diıär. Köwşi getirmäge Ejekejan gaıtjak bolsa-da etmän, Baımyradyñ özi gaıdypdyr. Suwuñ başyna baryp, ıagşy ganyp, basyny göterse, keyge öwrülip duruberenmiş.

   Baımyrat keyik bolandan soñ, her şahyna bir köwşüni iyldirip, Ejekejanyñ ıanyna gelipdir. Ejekejan aglap:

- "Bally, içme diysem etmediñ"-diıip, doganyny izyna tirkäp, gidiberipdir. Öwlerinden bir süri keyik çykypdyr. Keyikler Baımyratdan gaçmandyr, Baımyrat bolsa olara goşulyp geziberipdir. Şol ıerde ulakan bir çynar barmyş, üstüne ganatly guşdan başga zat çykyp bilmezmiş. Ejekejan çynaryñ ıanyna baryp:

- "Eñil, çynarym, eñil"- diıipdir. Çynar eñlipdir, Ejekejan çynaryñ üstüne çykyp, şonda ıaşapdyr. Keyik bolan Baımyrat bolsa käwagyt gelip Ejekejany görüp gityänmiş.

  Bir gün şol yurdyñ padyşasynyñ ogly awa çykypdyr. Ol bir keygi kawalap, şol çynaryñ üstünden gelipdir. Çynaryñ düybünden akıan suwy görüp, atyny suwa ıakjak bolanda, aty ürküpdir. Padyşanyñ ogly suwa baksa, suwuñ yüzünde bir gözel gyzyñ suwratyny görüpdir. Padyşanyñ ogly geñ galyp durka, ıanyndakylar ol gyzyñ çynaryñ üstündedigini bildiripdir. Padyşanyñ ogly gyza karap:

- Ey, gyz, insmysyñ ıa jynsmysyñ? gel, düş- diıip, köp ıalbarypdyr. Ejekejan sesini çykarmandyr. Padyşanyñ ogly bilen ıanyndaky adamlar her zat etseler-de, Ejekejany alyp bilmän izlaryna dolanypdyrlar.

   Padyşanyñ ogly atasynyñ ıanyna baryp:

- Ey, ata, pylan çynaryñ üstünde bir gyz gördüm, şeıle bir awadan, aıdar ıaly däl. Emma şony alyp bilmedim- diıär.

   Padyşa derrew pilli, paltaly, kerkili köp adamy oglunyñ ıanyna goşup, şol çynary yykmaga burupdyr. Bu adamlar baryp çynary kesmäge başlapdyrlar. Çynaryñ yykylmagyna biraz galanda gün ıaşıar. Adamlar ” ertir keseris” diıip ıatıarlar. Ertir görseler, çynar asla kesilmedik ıaly bolup duranmyş. Adamlar ıene kesmäge başlaıarlar. Agşama çenli gutaryp bilmänleri üçin giyje ıatyp, ertir görseler ıene öñküsi ıali bolup duranmyş, gaıta çynar günde iki esse yogynlanypdyr.

   Bular izlaryna dolanyp gelip, bolan zady padyşa aıtıarlar. Padyşa: "kim şol gyzy alyp getirse agramyna agram altyn berjek”- diıip jar çekdirıär.

   Bir garry kempir gelip:

- Padyşahym, maña bir gara gazan, birki sany kirlän ak geyim tapyp berseñ şol gyzy alyp getireyin- diıär.

   Padyşa derrew bu aıdylan zatlary tapyp berıär. Garry kempir çynaryñ düybüne gelip, eşikleri gazanyñ garasyna süykäp yuwmakçy bolıar. Ejekejan ony görüp:

- Ey, mama, eşikleri öñküsünden hem beter garaltıarsyñ- diıipdir.

   Kempir:

- Wah, gyzym, gözüm görenok, gelip ıardam etsene- diıär.

   Bu garrynyñ bolşuna Ejekejanyñ yüregi awip:

- Eñil, çynarym, eñil- diıipdir. Çynar eñlipdir. Ejekejan düşüp, garrynyñ eşiklerini yuwup beripdir. Soñra kempir Ejekejana:

- Gyzym, eden iyşiñe tañyrıalkasyn. İöne şol ıerde meniñ bir sandygym bar. Şonda iıer ıaly ojuk-bujuk zat bar, şondan garbanar ıaly al- diıipdir.

Ejekejan etmejek bosa-da, kempir goyman, sandygyñ ıanyna

getiripdir. Ejekejan sandygy açyp zat almaga eñilende, kempir derrew sandygyñ gafsyny ıapypdyr. Ejekejan näçe ıalbarsa-da açmandyr. Şol wagyt padyşanyñ ogly hem gelip Ejekejany öıüne äkitjek bolanda Ejekejan:

- Meñ bir ballym bar, ol keyik suwny içip, keyik boldy.Eger ony hem äkidip, altyndan ahyr, kümüşden köken edip saklasañ, señ bilen gityän- diıipdir. Padyşanyñ ogly razy bolupdyr. Ejekejan bir depä çykyp, ballysyny çagyrypdyr. Keyik ballysy gelende Ejekejan bolan iyşi aıdypdyr. Keyik hem muña razy bolupdyr. Şondan soñ padyşanyn ogly Ejekejan bilen keygi getiripdir. Keyige, aıdylşy ıaly, altyndan ahyr salyp, kümüşden köken edip goyupdyr. Ejekejany bolsa, toy edip, özi alypdyr. Ejekejanyñ ıanyna bir gyrnak beripdir.

   Aıdan-aı, günden-gün geçip Ejekejan göwreli bolıar. Bir gün gyrnak derıa boyuna geyim yuwmaga gidende, Ejekejan hem gidipdir. Gyrnak derıañ gyrasyna bir gazyk kakyp, oña bir uzyn yüp dakyp, bir uwjyny biyline baglap, suwa giyrıär. Ejekejan ony görüp suwa düşesi gelipdir. Ejekejan suwa giyrende, gyrnak gazygy goparyp göıberipdir. Ejekejan suwa çümüp, derıañ düybüne gidiberipdir. Ejekejanyñ ıerine geçmegi isleyän gyrnak Ejekejanyñ eşiklerini geyip, öz eşiklerini bolsa garnyna dañyp, Ejekejana meñzäp, öıe gelipdir. Padyşanyñ ogly onuñ gyrnakdygyny bilmändir.

   Gyrnagyñ kellesi kel eken. O1 giyjeler " hyrt-hyrt" edip, kellesini gaşanda, äri onuñ nämedyändigini soranda:

Atam öıünden getiren gowurgamy iyıärin- diıipdir.

Äri:

-"Maña-da bersene" - diıipdir.

Gutardy- diıip, gyrnak aıdypdyr.

   Günleriñ biyrinde keyik ertiyr bilen bularyñ ıanyna gelip olara seredipdir. Keyik:

Bu padyşanyñ oglunyñ aıagy, bu-da gyrnagyñ aıagy, Ejekejanyñ aıagy ıok- diıipdir.

   Gyrnak muny eşidip:"şu keygi öldürmesem, meñ kimdigimi bildirjek" diıip öılanypdyr. Ertiyr turan badyna padyşanyñ ogluna:

- Şu gün keyik etini iıesim gelıär, şu keygi öldürip ber- diıipdir. Padyşanyñ ogly:

- "Sen bu güne çenli keyik meniñ doganym diıärdiñ, indi näme üçin ony iyjek diıärsiñ?"- diıip sorapdyr?

Onda gyrnak:

- "Doganym bolsa-da iyjek"- diıipdir. Ondan soñ padyşanyñ ogly keygi öldürmegi buyrupdyr.

Keyik padyşanyñ ogluna garap:

- "Men bir suw içip geleyin"- diıipdir. Padyşanyñ ogly "bolıar" diıipdir. Keyik derıanyñ boyuna baryp:

-Altyn ahyr bozuldy,

  Kümüş köken üzüldi,

          Padyşanyñ kel gyrnagynyñ,

Göwni maña düzüldi-

diıip, aglapdyr.

   Ejekejan suwa gaçandan soñ, bir yunus balygyñ agzyna düşüp, balyk ony öz garnynda saklapdyr. Ejekejan şol ıerde ıaşap ekiz çagasy bolupdyr. Ejekejan keygiñ sesini eşidip:

 

                      - Özüm balyk agzynda,

          Saçym derıa yüzünda.

          Bir ıanymda Heseljan,

 

                         Bir ıanymda Gözeljan,

        Barsañ aıtgyñ baı ogla,

                         Öldürmesin ol seni.

 

diıipdir.

Keyik gaıdyp gelipdir, emma bogazy dolup, sözüni aıdyp bilmändir. Padşanyñ ogly ony öldürjek bolanda, keyik ıenede:

- Suw içip geljek- diıipdir. Padyşanyñ ogly göıberipdir.

Üçünji gezek padyşanyñ ogly: " Şu keygiñ bir gürrüñi bar" diıip, onuñ izyna düşüpdir.

Keyik derıanyñ boyuna baryp:

 

-Altyn ahyr bozuldy,

           Kümüş köken üzüldi.

           Padyşanyñ kel gyrnagnyñ

           Göwni maña düzüldi-

diıip ıene zar-zar aglaıar. Ejekejan hem doganynyñ sesini eşidip, şeıle seslenipdir:

                       - Özüm balyk agzynda,

                          Saçym derıa yüzünda.

                         Bir ıanymda Heseljan,

                         Bir ıanymda Gözeljan,

                          Barsañ aıtgyñ baı ogla,

                          Öldürmesin ol seni.

 

Padyşanyñ ogly keygiñ nalasyny eşidip, hem-de derıadan çykan sesi eşdip, bolan iyşleriñ hemmesine düşnüpdir.

Ol gaıdyp gelip:" Şu gün hiç maly suwa ıakmaly däl" diıip jar çekdiripdir. Ertir hemme kişi suwsan mallaryny derıa sürıär. Mallar derıanyñ bar suwyny içip gutarıarlar. Görseler Ejekejan suwuñ düybünde çagalaryny gujagyna alyp otyr. Keyik bilen padyşanyñ ogly Ejekejany çykarıarlar. Öılerine gelip, gyrnagy bolsa gyrk gatyryñ guyrugyna dañdyryp, kowup göıberıärler. Ejekejan bilen padyşanyñ ogly maksat- myratlaryna ıetip, şatlyk bilen ıaşaıarlar.

 

Akpamyk

 

   Biri barmyş, biri ıokmyş. Öñde bir adamyñ 7 sany ogly barmyş. Bular aw awlap gün göryänmiş. Olaryñ ıekeje-de gyz doganlary ıokmyş. Bir gün ejeleri göwreli bolıar. Ejeleriniñ aı-güni dolan wagty, doganlar awa gitmekçi bolup, ejesine:

- Gyz doganmyz bolsa öıüñ gafsyna gurjak asyp goy, erkek bolsa ok-ıaı goy-diıip gidipdirler.

Bularyñ bir gyz dogany bolıar. Gafyñ agzyna gurjak asıarlar. Emma bir içigara aıal ıamanlyk edip gurjagy aıryp, ıerine ok-ıaı asıar. Doganlar awdan gelip, ok-ıaıy görüp:" biziñ gyz doganmyz bolmandyr"-diıip, öıkeläp bir dagyñ köweginde jaılaşyp, aw awlamak geziberıärler. Yndi bular bu ıerde galsyn, habary täze bolan gyzdan alaılyñ.

   Ene-atalary täze bolan gyzyñ adyna Akpamyk dakyp, ogullarynyñ gelerine gözleşıärler. Bir gün geçdi gelmediler, bir aı geçdi gelmediler, bir yyl geçdi gelmediler. Olar ogullaryndan tamalaryny üzıärler. Ene-atalary garry bolansoñ olaryñ ugruna çykyp bilmändirler, Akpamyga hem hiç zat aıtmandyrlar.

Aı geçip, yyl geçip, Akpamyk dokguz, on ıaşyna basıar. Bir gün goñşulary üme edıär. Yüñ saıdyrmak üçin goñşulardan ıardam soraıar, Akpamygyñ ejesine hem gelip:

- Gyzyñ ümä ber!-diıip soraıarlar.

Ejesi: Honha, özi razy bolsa gidibersin-diıip jogap berıär.

Akpamyk hem göwünli bolup, ümä barıar. Yşläp oturan aıallaryñ biri Akpamygy synajak bolup:

- "kimiñ erkek dogany bolsa düypde otursyn, kimiñ erkek dogany bolmasa aşakda ojak başynda otursyn"-diıär.

Akpamyk baryp gapyñ agzynda oturıar. Bir garry aıal:

-"Weyi, keygim, sen ıokarrak geç"-diıär.

Akpamyk: "Enejan meñ erkek doganym ıok"-diıär.

- "Wah, gyzym, iyliñ birki dogany bolsa, señ ıedi sany goç ıaly doganyñ bar, ıokary geç, ıokarrak"-diıär.

Akpamyk geñ galyp:

- "Men bu wagta çenli muny eşitmändim"-diıär.

Garry daıza: "Gyzym, olar garry bolansoñ, özleri gidip bilmeıärler, sen gider diıip, aıdan däldirler. Señ doganlaryñ Gök dagyñ bir gowagynda ıaşaıarlar. Men saña ejeñe nähil aıtdyrmasy öwredeyin. Sen barda: "Eje maña gawurga edip ber!" diıi, edip berse ony her zat bilen berse alma,"eliñ bilen ber!"-diıip aıt, gazanyñ üstünden eli bilen "al" diıip uzatsa, eliniñ daşyndan gaıym tutup, doganlaryñ ıerini sora"-diıär.

Akpamyk öıe gelip:

- "Eje, kelläm agyrıar, gawurga edip bersene"-diıär.

Ejesi derrew gawurga edip berıär. Ol gawurgany gazanyñ üstünden uzadanda Akpamyk, ejesiniñ eli gaty gysyp, doganlarynyñ ıerini soraıar. Ejesi gyzgyn hawra çydaman, olaryñ ıaşaıan ıerlerini aıtıar.Soñra ejesi:

- "Gyzym, olary tapjak bolsañ, men saña bir köke bişirip bereyin, şoni tirle-de gidiber, köke nirede dursa doganlaryñ şol ıerde dir-diıär.

Akpamyk pişigini ıanyna alyp, kökejigini tirläp gidiberıär. Biraz ıöränlerinden soñ, Akpamyk dem-dinç almak üçin ıoluñ gyrasynda irkilıär.Pişik ajygyp, kökäñ bir kenaryndan gädip iyıär. Akpamyk oıanyp ıöla düşüp gitjek bolanda, ıañky kökeji tigirlemeıär. Aglap oturşuna bir atly gelip ondan näme diıip aglaıanyny soraıar, Akpamyk hem bolan zady aıtıar, onda ol adam:- "Gädilen ıere palçyk ıavşyrsañ bolar"-diıär. Akpamyk ıene-de kökesini tirläp gidiberipdir.Köke baryp Gök dagyñ bir ıerinde durupdyr. Görse uly bir gowagyñ içinde bir topar ganly geyim bar, bir näçe bölek et hem asylyp goylupdyr.

Akpamyk bu geyimleri yuwup, etden nahar bişirıär.Birden bir topar adam gelıär. Akpamyk bir  ıere bukunıar. Doganlary gelip görseler, öñki ıali däl, nahar bişirgili, geyimler yuguly. Bular geyimlerini çalşyryp, iıip-içip arkaıyn ıatıarlar. Ertir awa gidıärler. Akpamyk ıene ganly eşikleri yuwup, nahar taııarlap bukunıar. Doganlar gelip görseler, düynkiden hem gawy edilip goylupdyr. Olar: "Geliñ, birimiz galyp,  muny kim edyändigini bileyli" diıip maslahatlaşıarlar. Ylkiji gezek uly dogany galıar, ol gaty ıadaw bolansoñ derrew uwklaıar. Akpamyk onuñ uwklanyny bilip, geyimleri yuwup, nahar bişirip, ıene-de gizlenıär. Doganlary gelip görseler, öñki ıaly nahar taııar, geyimler bolsa yuwguly diıär.

Olar :"kim edıärka?" diıip sorasalar, uly dogan:"Men uwklap galypdyryn" diıär. Ertesi ondan kiçi dogany saklanypdyr. Bu hem uwka gidip galıar. Garaz bularyñ altysy bilebilmändir. Ahiri in kiçi dogany öıde galypdyr. Uwklamaz ıaly gülbiyke barmagyny dilip, duwz sefipdir, awudan gözüne uwky gelmändir. Görse bir gyz çykyp, geyimleri yuwup,asym asmaga duranda, dogany baryp:

- ins bolsañ-da, jyns bolsañ-da dur-da nämedigiñi aıt-diıär.

Akpamyk:- "Men siziñ doganyz "- diıipdir.

Bular tanşyp, beyleki doganlary gelyänçä, nahar taııarlap, soñra kiçi dogany beyleki doganlarynyñ öñünden buwşlap çikipdir.Doganlar begenip, Akpamygy keygiñ yiligi bilen bakyp başlapdyrlar.

Aradan birnäçe gün geçıär.Bir gün Akpamyk öı süvrüp ıörka, bir kişmiş tapyp, "pişim-pişim" diıip, pişigini çagrypdyr. pişigi gelmändir, onsoñ kişmişi Akpamygyñ özi iıipdir.

Bir salymdan soñ pişigi gelip:

- "Näme diıip çagyrdyñ?"- diıip soraıar.

Akpamyk:

- "Bir kişmişjik tapdym, şony saña bereyin diıip çagyrdym"

diıipdir.

- "Hany nätdin?"

- "Gelmansoñ özüm iydim"- diıär.

Pişik:

- "Onda men ody söndürjek"- diıär.

Akpamyk:

- "Men çakmak daş bilen od ıakmagy bilmeıärin"- zordan pişigi

köşetıär

İene bir gün Akpamyk öı süvrüp ıörşine bir igde tapyp:

"Pişim-pişim" diıip pişigini çagyrıar. Pişik gelmänsoñ, ony özi iyıär. Bir salymdan soñ pişik gelip:

- "Meni näme diıip çagyrdyñ"- diıip soraıar.

- "Bir igde tapdym,şony berjekdim, gelmänsoñ özüm iydim"- diıär.

Pisik:

- "Onda ody söndürerin"- diıip, Akpamygyñ oduny söndürıär.

Akpamyk çakmak bilen od  ıakjak bolıar başarmaıar, nahar hem giyjä galyp barıar, ahyry töweregine göz aılaıar, görse, bir ıerden tüsse çykıar. Akpamyk:" şol tüsseden od getireyin" diıip ugraıar. Baryp gafydan salam berip girıär welin görse bir çal döw otyr.

Döw Akpamygy görüp:

-" Şonça salam bermedik bolsañn, iki yüzüp, bir ıalmardym"-diıip, soñra:

- "Gel giyzym, meniñ başymy gözläp ber!"

Akpamyk biraz salym döwüñ saçyny  gözläp berıär, soñra:

- "Men od diıip geldym, gaıtjak"- diıär.

Döw:

- "Hany sen etegini tut!"- diıip, Akpamygyñ etegine ilki bir köz atyp, iyzyndan kül goyup,soñra od goyup: " bar gyzym'' diıip ugradıar.

Akpamyk ody alyp ugraıar, ıañky köz etegini deşip, ondan kül dökülüp, iyz bolup gelipdir, Akpamygyñ mundan habary ıokmyş. Öıe gelip nahary bişirıär. Doganlary awdan gelip, ertesi ıene awa gidıärler.İañky döw küli iyzarlap, akpamygyñ öıni tapıar. Akpamyk döwi görüp, gafyny içinden bekläp oturıar. Ol gafa gelip:

- "Gafyny aç, ıa-da barmagyñ birini gafyñ arasyndan çykar"- diyıär.

Akpamyk barmagyny çykarıar. Döw barmakdan gaıym tutup, bir temen bilen deşip, ganyny sorup, soñ:

- "Doganlaryña aıtsañ, iıerin"- diıip,gaıdıar.

Akpamyk gorkusyndan doganlaryna aıdmaıar.Döw her gün gelip, Akpamygyn ganyndan sorup gidıär. Akpamyk gün-günden    horlanyp reñki saralıar. Doganlary:"näme bolıar" diyselere:"hiç zat bolanok" diıär.

Doganlary:

- "Geliñ şuny biljek bolaılyñ"- diyşip, awa ugran bolup, bir ıerde bukunyp ıatıarlar.

Akpamyk iyşlerini bitirip, döwüñ geler wagty bolanda, gafyny içinden bekläp oturıar. Gan içmäge öwrenen döw gelip, gafyny kakıar, doganlar ıedi ıerden dofulyp, döwüñ janyny asmanda kaıarlar. Emma onuñ kellesi: "çöpden-çörden kän bolup gelerin" diıip, togalanyp ötegidıär. Akpamygyñ doganlary onuñ iyzyndan ıetip bilmän galıarlar. Birnäçe wagt geçip-geçmänkä, ol kelle bir näçe döw bolup gelip, ıedi doganyñ ıedisini hem öldürüp, etlerini iıip, süñklerini taşlap gidıär. Akpamyk bir keygiñ derisiniñ aşagynda giyrip bukunıar. Döwler ony görmeıärler.

Döwler gidensoñ, Akpamyk doganlarynyñ süñklerini bir ıere yygnap, olary keyik hamy bilen basyryp, bir aty münüp, oba-oba aılanyp, bilimli adamlardan doganlaryny nädip diyreldip boljagyny sorap ıörkä, ahyry bir garry aıalyñ üstünden barypdyr.

Garrl aıal:

- "Gyzym, doganlaryny diyreltmek gaty gyn iyş"- diıär.

Akpamyk: "Gyn hem bolsa aıt" - diıär

Garry aıal:

- "Akmaıa diıen bir düıe bar, onuñ süydünden getirip,olaryñ üstüne sepseñ, jana gelerler. Akmaıa adam görse iyyändir, südüni almak añsat däldir.İöne köşegi hamrakdyr, ol kömek berer"- diıär.

Akpamyk düıe saglanda deriden bolan ıanlik alyp akmaıanyñ ugruny gözläp ıola düşıär. Bir gün akmaıanyñ köşegini tapıar. Köşek Akpamygy görüp, oynap, bökjekläp ıanyna gelıär. Akpamygyñ yüzünden-gözünden siypap, gerek zadyny aıtıar.

Köşek:

- "Bolıar,ıöne enem bilse, ikimizi hem iıer, sen meniñ goltugumyñ aşagyna giyrip, tüıe gafsanyp bar, men emip ıanlyga guıaryn"- diıär. Düıeleriñ garyn we goltuk aşagynda köp tüy bolıar.

Akpamyk:

- "Bolıar"- diıip, köşiegiñ tüyne gafsanyp oturıar.

Köşek enesiniñ ıanyna baran mahaly akmaıa:

- "Adam iysy bar"- diıär.

"Enejan, adam näme iyşlesin?!"- diıip köşek ıalbaransoñ, akmaıa emdirip başlaıar. Akpamygyñ ıanlygy dolansoñ, köşek usullyk bilen, aırylyp, otlan bolup, arany açyp ugraıar. Akmaıa-da bir zada şek edip,köşegiñ izindan seredıär Köşek otlan bolup, Akpamygyñ atynyñ ıanyna barıar. Akpamyk köşege "sag bol" diıip, süydi alyp gitıär. Akmaıa muny görüp, topulıar. Akpamyk ıetdirmeıär. Akmaıa köşegine bakyp:"gara daşlar bol sen balam"- diıip gargyş edıär. Köşgi şol ıerde daş bolup doñup galıar.

     Köşegi doñup galansoñ, Akmaıanyñ hem ol ıerde durasy gelmeıär, bu eden iyşine her näçe ökünse-de peydas degmändir. Emjegi bolsa süytden dolup, azary artypdyr. Ahyrsoxñ näderini bilmän, asmana göterilip gidenmiş. O1 asmanda köp wagtlap aılanyp gezenmiş. Onuñ asmanda ıörän ıoluna bolsa, süydi seçilip gidenmiş, olaryñ her damjasy bir yyldyza öwrülenmiş, "akmaıanyn ıoly" diıilyän yyldyzlar hem şeydip döränmiş diıärler! Bu gürrün munda galsin. Yndi habary Akpamykdan alaıly.

  Akpamyk akmaıanyñ süydüni getirip, doganlarynyñ süñklerini ıerbe-ıer goyupdyr, emma biriniñ ıagyrnysynyñ süñküni tapmandyr, ony döw çeynäpmi, nädipmi, garaz tapyp bilmändir. Akpamyk süñkleriñ üstüne süydi sepip, bir gara keçä dolapdyr. Birnäçe wagt geçenden soñ, doganlary asgyrşyp:

- "Aı, kän ıatypdyrys"- diıip, ıerlerinden galıarlar.

Akpamyk bulara hemme eden iyşini aıtıar. Doganlary  Akpamygyñ özleri üçin beyle çepa çekendigini bilip, ondan köp razy bolıarlar. Hemme doganlary bütiyn bolup, iñ kiçileriniñ ıagryrn süñküniñ biıisi kem bolupdir.

İedi dogan täzeden öñki ıaly awa çykıarlar. Akpamyk, olary öıerip, her haısyna gelin alyp berıär. Doganlary, Akpamygy öñküdenem gawy görıärler.

Olaryñ aıallary: "Biziñ ärlermiz bizi Akpamykça görmeıärler, geliñ bir maslahat edeyliñ! '' diıärler .

  Yñ uly doganlarynyñ aıaly:

- "Geliñ, Akpamygy basyp, bogazyna, gurşun guıaılyñ"-diıär.

Yn kiçi doganynyñ aıalyndan başgasy razy bolıar.

Akpamygyñ kiçi gelnejesi:

- "Beyle iyş etmek bolmaz"- diıip, garşy bolanda, başgalary:

  -"Señ hem bogazyña gurşun guıarys"- diıip, ony gorkuzypdyrlar.

   Bular Akpamygy basyp, bogazyna hem gulagyna gurşun guyıarlar. Akpamyk lal hem ker bolıar. Yñ kiçi gelenjesi bu iyşe goşulmaıar. İöne gorkusyndan hiç zat aıdyp bilmändir. Şondan soñ, Akpamyk gün gitdigiçe horlanyp başlaıar.

Doganlary:

- "Näme bolıar?"- diyseler hem Akpamyk jogap bermeıär.

Yñ uly gelnejesi:

-"Men Akpamyga näme bolynyny bilıärin, oña är gerek, yürejigine kär gerek"- diıär.

Agalary:- "Kimi halasa barsyn"- diıärler

kiçi gelnejesi: - "Muny bir akmaıa mündürip göıberiñ" diıär.

Doganlary bir akmaıany kejebeläp, bezäp, Akpamygy mündürip göıberıärler.

Şol wagtda padyşa bilen weziriñ ogullary awa çykanmyşlar. Görseler çölüstanyñ çetinden bir gara görünıär Gel-gel, üsti bezegli kejebeli maıa öz ugruna otlap ıör.

Padyşanyñ ogly:

- "Yçi meniñki"- diıär.

Weziriñ ogly:

- "Daşy meniñki"- diıär.

Ykisi at salyp barıarlar, görseler kejebäniñ içinde bir gyz bar, iyme-içme-de seret-de otur.

Bular baryp:

- "Aı, gyz, insmysyñ, cynsmysyñ dillen"- diıärler.

Jogap bolmandyr.?"Lal bolsa-da bolıar"-diıip, ony padyşanyñ ogly özüne aıal edıär. Aradan bir yyl geçıär.Olaryñ bir ogly bolıar. Bu oglan dörd-bäş ıaşıar. Akpamyk onda-da dil açmaıar.

Padyşanyñ ogly:

- Akpamyk-a sagaljak däl, gel, ıene bir aıal alaıyn-diıip gelin gözlemäge çykıar.

Akpamyk öz içinden:"bu betbagylyk hemme ıerde maña ziıan getirıär" diıip, gahary  gelip, çörek, zad bişirmän oturıar.

Akpamygyñ ogly   gelip:

- "Eje, çörek"- diıär.

Akpamyk geplemän, ogluna çörek hem bermän, gynanyp oturan. Ogly gahary gelip, ejesiniñ ıeñsesinden kakyp:" eje çörek diyän" diıip iteleıär welin, Akpamygyñ bogazyndaky gurşun ''lak'' edip gaçıar, şeydip onuñ dili açylıar.

Akpamyk:

- "Oglum, gulagyma-da bir ur!"- diıär.

Ogly gulagyna urıar, gulagyndaky hem gaçıar, gulagy hem açylıar."Beyleki gulagyma hem ur" diıär, ogly ol gulagyna  hem urıar, Akpamygyñ ol gulagundaky gurşun hem gaçyp, sag adam bolıar.

Padyşanyñ ogly hem bir aıal alyp gelıär. Bular gelen wagty Akpamyk süyt gaınadyp oturanmyş, birden süyt çogup, gazanyñ daşyna dökülip başlaıar. Täze gelen gelin atyñ üstünden:

- "Akylsyz aıal, süyt döküldi !"- diıip, gygyrıar. Heniz gelip atdan düşmedik geliniñ beyle zäherli sözlerine Akpamyk:

Geline bak, geline,

Gele-gelmän diline,

Geler eıer gaşynda,

Gözi ojak başynda-

diıip jogap berıär.

   Şondan soñ şazadanyñ buyrugy bilen Akpamygyñ dili acylany üçin jar üstüne jar çekdirip, toy-tomaş etdirjegini bildirıär.Täze alan gelini atdan düşürmän iyzyna iyberip, Akpamyk bilen hoş ıaşaberıär.

   Akpamyk doganlarynyñ gelerine umytly bolup, ogluna altyn aşyk ıasap, aşygyñy atañda:

"- Akpamygyñ ogly men,

İekıagyrnyñ ıegeni men,

Altyn aşygym, alça gop,

İedi daıymyñ başy üçin,

Yñ kiçisi Baıramdyr,

Baıram daıym başy üçin,

Altyn sakgam, alça gon!"

Diıip, öwretıär.

   Yndi habary Akpamygyñ ıedi doganyndan alaılyñ. Olaryñ iñ kiçisi Baıram:

-"Bize şeıle ıagşylyk eden doganymyzy düyä mündürip göıberdik, bu yyl ıedi yyl boldy, öldümi, barmy, biziñ habarmyz ıok, geliñ onuñ ugruna çykaılyñ" diıär.

 Başgalar hem muny dogry bilip, ıedi doganyñ her haısy bir şäherden başlap ugraıar.

İekıagyryn bir şähere barıar, bir tofar aşyk oynap ıören oglanlary görıär. Yçinde biyriniñ elinde altyn aşyk, ol her gezek atanda:

 

- Akpamygyñ ogly men,

İekıagyrnyñ ıegeni men,

Altyn aşygym, alça gop,

İedi daıymyñ başy üçin,

Yñ kiçisi Baıramdyr,

Baıram daıym başy üçin,

Altyn sakgam, alça gon!"

 

Diıär.

İekıagyryn bularyñ ıanyna gelip:

-" Aı, oglan, ıene bir aıt !"- diıär.

Akpamygyñ ogly ıene aşygy atyp:

 

- Akpamygyñ ogly men,

  İekıagyrnyñ ıegeni men,

  Altyn aşygym, alça gop,

                   İedi daıymyñ başy üçin,

                   Yñ kiçisi Baıramdyr,

                  Baıram daıym başy üçin,

 Altyn sakgam alça gop!"

 

Diıär welin, daısy ony tanyp:

- Hany, oglum, ıöri öıünizi görkez- diıär.

Oglanyñ iyzyna düşüp baıar, Akpamyk doganyny görüp, begip, hal-ahwal soraşıarlar. Akpamyk başyndan geçenleri biyr-biyr aıdıar.

Dogany bu zatlary eşidip gaty geñ galyr. Ol bir näçe gün galyp, iyzyna gaıtmakçy bolıar. Akpamyk bir topar möı-möjek tutduryp, ıedi halta tikip, haltalaryñ altysyny möı, çyiıandan dolduryp, birine bolsa nohutly kişmişden dolduryp:

-" Şu altysy uly gelnejelerime, şuny hem iñ kiçi gelnejeme ber!"- diıip, nohutly kişmiş salnan haltany aıratyn görkezıär.

Baıram öz obasyna gelip, her aıala bir haltany berıär.

Aıallar:

- "Baldyzymyz sowgat iyberipdir"- diyşip, haltalara ellerini sokıarlar welin, ellerinden möı-çyıan çakyp, öldire getirıär. Yñ kiçi gelnejesi haltany açyp görse içi doly nohutly kişmiş diıär.

  İekıagyryn doganlaryny çagyryp, Akpamygyñ başyndan geçen günlerini aıdip berıär. İedi dogan:" Akpamagıa şeyden bolsalar, aıallarmyzy ıok etmeli"- diıip geñeşıärler.

Akpamyk doganlaryndan hoşhal bolup, rahat hem bagytly ıaşaberıär. Doganlary hem täzeden öılenip, hamrak gelinler alyp maksat-myradlaryna ıetip, Akpamyk bilen baryş-geliş edip agzybirlikde ıaşap ıörler.