| Iranda reformaçy 
          kandidatlaryñ parlament saýlawlaryna gatnaşmak meselesi dogrusyndaky 
          dartgynlylyk dowam edýärPrezident Hatemi eger konserwatorlaryñ 
          (tamamiýethahlarzň) Sakçylar Şurasy (şuraýe 
          negahban) reformaçy kandidatlary indiki aýdaky Parlament 
          saýlawlara gatnaşmakdan mahrum edýän kararyny yatyrmasa¸ özüniñ
          iranyñ ýokary derejeli resmileriniñ 
          köpçülikleýin wezipeden çekilmelerine yolbaşçylyk etmeginiñ 
          mümkindigini nygtady. 85 çemesi reformaçy kanun
          mejlis wekilleri 3 günläp Parlamentde oturyp 
          protest edýärler. Jemi 8 müňden köp adam öz 
          kandidatlygny hödyrläpdiler.
 Olar saýlanmaýan Sakçylar Şuranyñ 3 müñ çemesi kandidatlary Parlament 
          saýlawyna gatnaşmakdan mahrum edýän kararyna närazylyk bildirýärler. 
          Resmilere¸ ministrler we döwlet häkimleri girip¸ Hataminiñ ýaranlary 
          eger reformaçy kandidatlara garşy gadaganlyklar ýatyrylmasa¸ işden 
          gitjekdigi barada haýbat atjakdygyny bildirdi. 
          Hataminiñ özüniñ we ýaranlarynyñ ýa bilelikde gider ýa-da bilelikde 
          galar diýendigi habar berildi.
 
 Sakçylar Şurasy öz kararynda berk durjakdygyny bildirdi. Onuñ metbugat 
          wekili Şura basyşa boýun egmez diýipdir. Aýatolla 
          Hamenei dartgynly dörän ýagdaýa goşulmagy söz 
          berdi. Emma¸ ol yagdaýlary kanun kanallary arkaly çözmäge çagyrdy. 
          Hamaeni eger gerekli bolsa meýdana gelip pikirni aýtajagni da aýdypdy. 
          Ol soňy berlen maglumatlara görä Sakjylar şurasyndan gaýtadan 
          kanditalary synamaklarny talap etdi.
 
 |