Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
“Türkmenler
aslynda 24 urugdyr”.
(Mahmut
Kaşgarly)
ARAZ PARWIŞ BILEN SÖHBETDEŞLIK
IRKI YZLAR
MAHMUT KAŞGARLY, TÜRKMENLER
WE OLARYŇ UZAK GEÇMIŞI
Türkmensähra:
Birle?en Milletleri? magaryf, ylym we medeni i?ler boýunça guramasy UNESCO türki
halklary? beýik alymy Mahmut Ka?garlyny hormatlap, 2008-nji ýyly Mahmut Ka?garlyny?
ýyly diýip yglan edipdi. Biz hem ?ol mynasybetli siz bilen söhbetde?lik geçiripdik.
Bu Söhbetde?ligi 3 bölek edip saýtymyzda berdik. Siz ?onda Ka?garlyny? türkmenler
hakda köp maglumat berýändigini, olary? “türkmen” diýen ady aly?laryny Isgender
Zülkarnen bilen baglany?dyrýandygyny aýdypdy?yz. Ilki bilen ?u barada biraz durup
geçäýsek.
Araz Parwi?:
Ba? üstüne. Ka?garly “Türkmenler oguzlardyr. Bulary? “türkmen” diýip atlandyrylmagynda
bir hekaýa bar” diýýär. Ol hekaýa ?eýle ba?lanýar: “Isgender Semerkantdan
ötüp, türk ýurtlaryna arala?anda, türkleri? ?u atly bir ýa? kagany bardy. Ol uly
go?uny? eýesidi. O?a “Zülkarneýn golaýlap gelýär. Näme buýruk, ur?alymy?” diýenlerinde,
ol anyk jogap bermeýär. Adamlar “kagan uru?makçy hem däl, yza çekilmekçi hem däl”
diýip pikire gidýärler. Aslynda bolsa kagan: “Hojant derýasyny? boýunda garawul
goýu?. Zülkarneýn derýadan geçse, habar edi?” diýip, ol ýere tarkanlardan düzülen
kyrk adamlyk a?tawçy toparyny iberipdir. Bu buýruk gizlin berlenso?, esgerler
mundan habarsyz eken. Kagan bolsa, soralan soraga jogap bermän, tab?yryk beren
adamlaryndan geljek habara gara?ýar. Isgender derýadan geçýär. A?tawçylar hem
muny gije kagana ýetirýärler. Kagan ara salym
salman gündogara tarap çekilmegi makul bilýär. La??ara çalyp, halka habar ýetirýärler.
?ol gijäni? özünde ýola dü?ülýär. Halk kagandan beýle karara gara?manso?, her
kim onu? yzyna dü?jek bolup, adamlar garym-gatym bolýar. Onso?, garma-gürmelikde,
kimi?kidigine seretmän, mallar hem sürlüp alnyp gidilýär. Netijede, ýigrimi iki
ma?gala münere ulag tapman, ?ol ýerde galmaly bolýar. So? olara ma?galalary ýanynda,
go?lary arkasynda, ýadaw, aç-suwsuz halda go?uny? yzyndan barýan iki adam sata?ýar.
Ýa?ky adamlar bu iki ma?gala ýüzlenip: “Eý adamlar, Zülkarneýn ýolagçy adamdyr.
Ol bir ýerde durmaýar. Bizi? ýerlerimizde hem durman geçip gider. Ýurdumyz özümize
galar” diýýärler. Ol iki ma?gala “Gal, aç, ?u ýerde galy?” diýýärler. Bu “aç galy?”
diýmekdir. So? olara “halaç” diýipdirler. Halaçlary? asly ?udur. Olar iki
taýpadyr” diýip, Ka?garly ýazýar. Isgender ýa?ky ýigrimi iki ma?galany? yzyndan
ýetip, olara degmeýär. Gaýta olary türklere me?ze? görüp, “türkmanend” – “türklere
me?ze?” diýýär. ?eýdip bu söz olara ?u wagta çenli at bolup galan. Ka?garly: “Türkmenler
aslynda 24 taýpadyr, ýöne iki taýpadan ybarat halaçlar käbir babatlarda olardan
aýry durýarlar. ?ol sebäpden olar oguzlary? hataryna girmeýär. Bu sözü? asly ?udur”
diýýär.
Türkmensahra:
Ka?garlyny? 24 taýpa diýýäni haýsy taýpalar?
Aray Parwi?:
Ka?garly 24 taýpa diýse-de, öz sanawynda 22 taýpany? adyny berýär. Diýmek ol öz
aýdy?y ýaly, käbir babatlarda oguzlardan aýry durýandyklary üçin iki taýpadan
ybarat halaçlary sanawyna go?mandyr. 22 urug ?ular:
1. kynyk
|
???
|
12. Karabölük
|
??????
|
2. Kaýyg
|
???
|
13. Alkabölük
|
???????
|
3. Baýandur
|
??????
|
14. Igdir
|
????
|
4. Iwa, Ýywa
|
??? ? ???
|
15. Üregir,
Ýüregir
|
???? ? ????
|
5. Salgur
|
????
|
16. Totyrka
|
??????
|
6. Af?ar
|
?????
|
17. Ala Ýundlug
|
????????
|
7. Beg Tili
|
?????
|
18. Tüger
|
????
|
8. Bügdüz
|
????
|
19. Beçenek
|
????
|
9. Baýat
|
????
|
20. Çuwaldur
|
?????
|
10. Ýazgyr
|
????
|
21. Çepni
|
????
|
11. Eýmür
|
????
|
22. Çaruklug
|
?????
|
Ka?garly kitabynda
bu 22 taýpany? mallaryna urýan tagmalaryny-da berýär.
Türkmensähra:
Ýa?y siz ?u kagany agzady?yz. Türkmenleri? bu kagany barada taryhy çe?melerde
berilýän maglumlat barmy?
Araz Parwi?:
Aly?ir Nowaýyny? “Sedd-i Iskender” diýen kitabynda Isgender Zülkarneýni akyl-parasaty
bilen ýara?yga mejbur edip, uly gyrgynçylygy? ö?üni alan “Türk paty?asy” ýa “Turan
paty?asy” ?u ?u Kagandyr diýip pikir edýärin. Ýene-de gadymy hytaý dokumentlerinde
käbir zatlar bar. Olary? hem ?u kagan bilen baglany?ykly bolmagy mümkin. Ba?ga
haýsy çe?melerde o?a du?mak bolýandygyny bilemok. Ýöne onu?, Zulkarneýni? döwürde?i
bolsa-bolmasa-da, bir taryhy ?ahsiýetdigine ?übhe ýok.
Türkmensähra:
Ba?ga çe?melerde ýok bolsa, Aly?ir Nowaýy ony Mahmut Ka?garlydan aldymykan? Nowaýy
“Diwan Lugati't-Türki“ gördümikan?
Araz Parwi?:
Nowaýy “Diwan Lugati't-Türki“ gören bolsa, muny guwanç bilen aýdardy, i? bolmanynda
Mahmut Ka?garlyny agzardy. Ýöne agzanok. Nowaýyny? Muhakamatul-lugateýn kitabyny
okan adam derrew dü?üner, ol bular ýaly kitaby görüp-de dymjak adam däl. Men bulary?
ikisi-de, hem Nowaýy hem-de Ka?garly, ?u kagan baradaky zatlary il arasyndaky
rowaýatlardan alandyr diýip pikir edýärin.
Türkmensähra:
?u kagan barada “Diwan Lugati't-Türkde“ näme diýilýär?
Araz Parýi?:
?u ady “Diwan Lugati't-Türkde“ ýekeje ýerde, ?u agzan türkmen rowaýatymyzda geçýär.
Ol Zülkarneýn bilen baglany?ykly beýleki rowaýatlarda hem ýatlanýar, ýöne ady
agzalman, di?e “türk kagany” diýilýär.
Eger biz Ka?garlyny?
aýdýanyna dogry dü?ünýän bolsak, onu? Isgender Zülkarneýn diýýäni Aleksandr Makedonski
bolmaly. Ol miladydan ö? 356-njy ýylda doglup, bary-ýogy 33 ýa?ap, miladydan ö?
323-njy ýylda aradan çykdy. Eger ?eýle bolsa, onda bizi? kaganymyz hem ?ol döwürlerde
ýa?an adam bolýar.
Ka?garlyda aýdyly?yna
görä, kagan gündogara, Çine (Hytaýa) tarap gidýär. Zülkarneýn hem onu? yzyna dü?ýär.
Uýgurlara ýakyn bir ýerde kagan Zülkarneýni? üstüne bir bölek go?un iberýär. Onso?
Zülkarneýn hem go?un iberýär. Çakny?ykda Zülkarneýni? iberen go?uny ýe?ilýär.
Ka?garlyny? aýtmagyna görä, bu çakny?yk “Altun gan” diýen ýerde bolýar. Onso?
Zülkarneýn ?ol ýerde ?u bilen ýara?yk bagla?ýar. Ol birnäçe wagtlap ?ol ýerde
bolup, uýgur ?äherlerini gurdurýar. Zülkarneýn çekelip gidenso?, kagan Balasaguna
çenli ilerläp, öz adyna ?u ?äherini saldyrýar. Türkmen rowaýatynda ol barada aýdylýan
esasy zatlar ?ular.
Türkmensähra:
Ýa?y käbir hytaý dokumentlerinde berilýan maglumatlary? hem ?u kagan bilen baglany?ykly
bolmagy mümkin diýdi?iz, bu dokumetlerde näme zatlar bar?
Araz Parwi?:
Ýedinji asyra degi?li hytaý dokumentlerinde türki dilde gürleýän taýpalary? hemmesine
Xiongnu “??”
(Hun) neslinden diýilýär. Mysal üçin, 636-njy ýylda, Ka?garlydan takmynan 400
ýyl ö? tamamlanan Zh?u dinastiýasyny? taryhnamasy Zhou Shuda (?
?) “Tujue Hsiongnu? bir aýratyn
taýpasydyr; olary? ma?gala adyna (nesilba?ysyny? adyna) Ashina” diýilýär. Onu?
yz ýandynda hem “ba?ga bir däbe görä, türküleri? ata-babalary Suo(?)
ýurdundan gelipdir, bu ýurt Xiongnudan a?yrda demirgazykda ýerle?ýär” diýilýär.
Men ?u ýerde “Suo ýurdy” diýip, ýa?ky türkmen kagany ?uwy? guran döwleti göz ö?ünde
tutulýandyr diýip pikir edýärin. Ýene-de ?ol wagtlar, ýagny Ka?garlydan 400 ýyl
ö? ýazylan Sui dinasatiýasyny? taryhnamasy (?
?) “Türküleri? ata-babalary
Ping Liangdan (Gansuda) bolýan gary?yk ýabanylar (Hu), olary? ma?gala ady Ashina”
diýýär. Bulary? ikisi-de Ashinany? ma?gala adydygy bilen ylala?ýar. Bu häkimiýet
ba?yndaky urugdyr diýip çak edilýär. Gary?yk ýabanylar diýip hem ?ol wagtlar Xiongnu
göz ö?ünde tutulan bolmaly. Bu ýagdaý bu taýpalary? irki taryhy barada hytaýlylary?
maglumatlaryny? anyk däldigini ýa ?ol anykdyga olary? özlerini? hem doly ynanmanlygyny
görkezýär. Ýöne gi?den ynanylýan ýörgünli pikir türki halklary? Xiongnu? neslindendigi.
Hytaýlylary? bu döwürde Xiongnu diýip haýsy etniki topary göz ö?ünde tutandygy
anyk däl. Ýöne ?ol mahallar türki dilli, özlerine Xiongnu neslinden diýýän tire-taýpalary?
bolandygyna ?übhe ýok.
Ka?garly türk kaganyny?
Çine tarap gidenligini, Isgenderi? hem onu? yzyna dü?enligini, bulary? ikisini?
uýgurlara ýakyn bir ýerde ur?up ýara?andygyny aýdýar. Ka?garly “Zülkarneýn birnäçe
wagtlap ?ol ýerde bolup, uýgur ?äherlerini gurdurdy” diýýär. Ol bu ?äherleri?
adyny Sülmi, Goçu, Janbalyk, Bä?balyk we Ýe?ibalyk diýip berýär. Men Sülmi bilen
Janbalyga-ha bilemok, ýöne Goçu, Bä?balyk we Ýe?ibalyk Hytaýy? ?injiang Uýgur
özerk regionyny? Turpan welaýatynda. Eger Zülkarneýn kagany? yzyndan giden bolsa,
kagan hem onu? üstüne go?un iberen bolsa, ol çekilip gidenso? hem kagan Balasaguna
gelen bolsa, onda Isgender uýgur ýurdunda bu ?äherleri gurduryp ýörkä, bizi? kaganymyz
a?yrda, gündogarda bolýar. Turpandan a?yrda hem Gansu welaýaty bar. ?eýlelikde,
Ka?garlyny? aýdaýany özünden 400 ýyl çemesi ö? ýazylan Sui dinastiýasyny? taryhnamasynda
aýdylýana gabat gelmän hem duranok.
Ýöne bir
zady ýatdan çykarmaly däl. Ka?garly özünden takmynan 1400 ýyl ö? bolan wakalary
rowaýata esaslanyp berýär. Onu? özüni? mu?a ynanandygy belli däl. Hytaý taryhnamalarynda
berilýän hem bu dokumentlerden 1000 ýyl a?yrdaky zatlar, hemmesi-de il arasynda
bar gürrü?lere daýanylyp ýazylan. ?ol sebäpden bulardan ylmy takyklyga gara?maly
däl. Ýöne men, nähili hem bolanda, bular bir bo? gürrü? dälmikän diýýärin.
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|