<address align="center"> <span style="font-style: normal"><b> <font face="Times New Roman" size="5" color="#000080">BU GÜN AVDY KULYNYÑ KYRKY BELLENILÝÄR</font></b></span></address>
 Turkmensahra

  ترکمنصحرا

BU GÜN AVDY KULYNYÑ KYRKY BELLENILÝÄR


Bu gün Türkmenistanyñ ilkinji Da?ary i?ler ministri, Türkmenistanyñ Birle?en Demokratiki Oppozisiýasynyñ ba?tutany (ODOT) Avdy Kulynyñ dünýäden ötenine kyrk gün.
Avdy aganyñ kyrky diñe bir ýurduñ içinde däl, eýse da?ary ýurtlarda ýa?aýan türkmen toplumlarynyñ arasynda-da bellenilýär.
Avdy Kuly külli türkmende – ýurduñ içinde-de, da?ynda-da, tutu? Orta Azyýanyñ oppozision töwereklerinde-de, Halkara Hukuk gurmalarynyñ wekilleriniñ arasynda-da uly abraýyñ eýesidi. Ol bu abraýy türkmen topragyna hem öz sözüne wepalylygy, arassa ynsaby, ygrary, söz azatlygy, demokratiýa ugrundaky dü?ünjeli we mert göre?i bilen gazandy.
Avdy Kuly biziñ aramyzdan ir gitdi. Ol entekler ýa?amalydy, göre?melidi. Türkmen topragyna adalatly saýlaw düzgünlerini, söz azatlygyny, demokratiýany getirmek ugrundaky göre?de bu gün onuñ ýeri garalyp dur. Avdy aga entek göre?den ýadan adam däldi, onda bu göre?i dowam etdirmek üçin hyjuw-da, gaýrat-da näçe diýseñ bardy. Ol entekler gojalygy-da per bererli däldi. Emma duýdansyz gelen ajal ony biziñ aramyzdan sogrup alyp gitdi.
Biz bu gün hormatly ýa?ulymyz, türkmeniñ söwer ogly Avdy Kulynyñ dünýäden ötmeginiñ kyrk gününi belleýäris, onuñ ýasyny tutýarys. Avdy aga öz mertligi, durnuklylygy, salykatlylygy, arassa ynsaby bilen türkmeniñ ýadynda ömürlik galar. Avdy Kulynyñ ?ahsyýetini biz diñe Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak, ?aja Batyr ýaly gerçekler bilen deñäp bileris.
Avdy aganyñ Türkmenistanda Adam hukuklary, Söz azatlygy, Demokratiýa ugrundaky alyp baran göre?ini bu gün diñe bir onuñ Birle?en Demokratiki Oppozisiýadaky eginde?leri däl, eýse ähli dü?ünjeli türkmenler, türkmenistanlylar dowam edýärler. Hakyky demokratiki gymmatlyklar ugrundaky bu arassa, ynsaply, salykatly göre? hökman öz degerli netijesini berer.
Goý, beýik Tañry o dünýäde merhuma gara?yk etsin! Avdy aganyñ jaýy jennetiñ töründe bolsun!
 
TÜRKMENISTANYÑ BIRLE?EN DEMOKRATIK OPPOZISIÝSYNYÑ ÝOLBA?ÇYLYGY WE ”AGZYBIRLIK” HALK DEMOKRATIK HEREKETINIÑ INTERNET SAÝTYNYÑ REDKOLLEGIÝASY


استفاده از مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد