Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
EUROPADA ÝA?AÝAN TÜRKMEN TOPLUMLARYNA
ÝÜZLENME!
Annadurdy Hajyýevi goramak boýunça 1-nji martda Berlinde piket
geçirilýär
Bolgariýada türkmen dissidenti Annadurdy Hajyýev türkmen rejiminiñ
talabyna görä, esassyz ýerden tussag edildi.
Annadurdy Hajyýev birnäçe ýyl mundan öñ türkmen häkimýetleriniñ
eden-etdilginden we ýanamalaryndan gaçyp, öz ma?galasy bilen Bolgariýa gelipdi
we ol ýerden oturym sorapdy. Edil ?ol wagt hem Annadurdyny yzyna tab?yrjak bolupdylar,
ýöne sud procesinde Annadurdy özüniñ günäsizdigini subut etmegi ba?arypdy. ?ondan
soñ ol özüni nähak ýerden tussag edendikleri üçin bolgar häkimýetleri bilen sudla?yp,
ilkinji sud instansiýasynda ýeñi? gazanypdy.
Emma muña garamazdan, bu ýylyñ 19-njy fevralynda bolgar häkimýetleri
Annadurdyny gaýtadan gözenege gabadylar, ertesi 20-nji fevralda ony öýe goýberdiler,
emma ?ol gün bary-ýogy 1 sagatdan ýene-de tutup äkitdiler. Bolgar häkimýetleri
ony Türkmenistana gaýdyp bermäge taýýarlyk görýändiklerini gizlänoklar.
Annadurdy tussaglykda oturan ýerinde 20-nji fevraldan ba?lap açlyk
yglan etdi. Annadurdy Hajyýevi goramak üçin Stockholmda Bolgar ilçihanasynyñ öñünde
Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Da?ary ýurt bölümi tarapyndan
eýýäm 23-nji fevralda piket demonstrasiýasy gurnaldy.
Indi edil ?eýle demonstrasiýa 1-nji martda Berlindäki Bolgar ilçihanasynyñ
öñünde geçirilýär. Biz Germaniýada ýa?aýan ähli türkmenleri 1-nji martda Berlindäki
Bolgar ilçihanasynyñ öñünde sagat 11.00 - 13.00 aralykda boljak piket-demonstarsiýasyna
gatna?maga çagyrýarys!
?uña meñze? protestler Europanyñ beýleki ýurtlarynda ýa?aýan türkmen
toplumlary tarapyndan-da geçiriler diýip, biz umyt edýäris.
Adresi:
Mauerstraße 11, 10117 Berlin
Türkmenistanyñ ”Agzybirlik”
Demokratik Halk Hereketiniñ Da?ary ýurt bölümi
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|