Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
TÜRKMENISTANDA GEÇIRILÝÄN
PREZIDENT
SAÝLAWLARYNDA MYRAT
GARRYÝEV ÖÑE SAÝLANDY…
Türkmenistanda geçirilýän prezident
saýlawlarynda Myrat Garryýev öñe saýlandy. Ol Halkara saýlaw düzgünlerini, adamzada
öñden belli ähli kada-kanunlary bozup, günortana galman, bu gün Türkmenistanda
geçirilýän prezident saýlawlaryny ba?a bardy diýip yglan etdi.
Halkara derejesinde belli bolan düzgünlere
görä, beýçle beýanaty etmek üçin iñ bärkisi ag?ama çenli, ýagny saýlaw bölümleriniñ
ýapylaryna gara?maly. Soñra iñ bärkisi despapky hasaplamalar geçirilmeli, soñra-da
olary gara?syz gözegçiler barlamaly. Diñe ?ondan soñ onuñ netijesi yglan edilmeli.
Emma Türkmenistanda düzgüne boýun egilmejekligi Merkezi saýlaw komissiýasynyñ
ba?lygy Myrat Garryýeviñ sözlerinden belli. Ol, görnü?ine görä, hatda günortana
galman, prezident saýlawlarynyñ gutarnykly netijesini yglan etmäge-de taýyn!
Ýogsa näme, ozalky prezident ölenden
bary-ýogy 3 gün geçensoñ, ýagny 2006 ýylyñ 26-njy dekabryndaky Halk maslahatynda
eýýäm alty dala?gäriñ birini prezident diýip jar etmäge taýýn bolup duran adamdan
ba?ga nämä gara?jak? Aslynda ?ol Halk maslahatyndaky diýen antikonstitusion beýanaty
üçin ol Merkezi saýlaw komissiýasynyñ ba?lyklygyndan bada-bat bo?adylmalydy. Sebäbi
ol ?ol gün özüniñ Halkara kanunlaryndan ba? çykarmaýanlygyny, asla hiç hili kanuna
boýun egmekçi däldigini görkezmänmidi näme? ?ondan soñ ony eýeleýän wezipesinde
galdyrmak hamana demokratik esaslarda geçirilýän prezident saýlawlarynyñ netijesini
Halkara jemgyýetçiliginiñ gözüniñ öñünde gümana goýmakdy. Sebäbi düzgüni bilmeýän,
oña boýun egmeýän adamyny iñ möhüm i?iñ ba?ynda saklamak – diñe öz abraýyña kast
etmek we geljekki saýlawlaryñ netijesini gümana goýmakdyr.
Bu hut ?eýle-de boldy. Prezident saýlawlarynda
Merkezi saýlaw komissiýasynyñ ba?lygy Myrat Garryýeviñ özüni görkezjek bolup edýän
suwjuk hereketleri külli türkmeniñ ýüzüni ýere salýar. Biz onuñ bu gün ag?ama
galman, eýýäm prezident saýlawlarynda alty dala?gärden kimiñ ýeñenligini we kimiñ
Türkmenistanyñ täze prezidenti bolandygyny jar etjekligine ?übhelenemzok.Ýöne
bu spektaklyñ, bu gözboýagçylygyñ demokratik saýlawlar bilenem, türkmençiligiñ
salykatly düzgünleri bilenem i?i ýok.
Eger-de Türkmenistan mundan beýlägem
Myrat Garryýev, Onjuk Musaýev ýaly suwjuk adamlaryñ ýoly bilen ýörese, onda täze
saýlanýan prezidente-de Saparmyrat Nyýazovyñky ýaly abraýsyz, Halkara guramalary
we Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan äsgerilmeýän, deñli-derejeli gatna?yk edilmeýän
wezipe gara?ýar.
Türkmenistanyñ oppozisiýasynyñ bu günki
geçirilýän prezident saýlawlarynyñ netijesini ykrar etjekligi-etmejekligi entek
sorag astynda. Munuñ nähili boljaklygyny geljek görkezer.
”AGZYBIRLIK” HALK DEMOKRATIK
HEREKETINIÑ DA?ARY ÝURT BÖLÜMI
2007-02-11
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|