Turkmensahra |
ترکمنصحرا |
E?ran türkmenleriniñ yktysady taryhy (sosi?al yktysady reformalar
we´sy?asatlar):
(Doktor Mansur Gürgenini? Kitaby “Türkmensährada ýer hojalygy meselesi”
atly eserine gysgaça analiz)
1979-njy ýyl Eýrandaky gopgunly wakalar esaseynda, Eýrany? Pählewi paty?alygy
synyp, Eýranyñ ähli halk rewolýusiýasy amala a?yryldy. ?ol döwürlerde birnäçe
ýyllap halky? arasynda dörän tebigy akymdaky demokratiýadan Eýrany? intellektuwal
gatyny? ýerlikli peýdalanan taraplary az bolmady. Ondan ö?ki wagtda aýdyp ýazyp
bolmaýan meseleler erkin orta oklanyldy. ?olary? biri hem Eýran türkmenleri? inteligensiýasy
Doktor Mansur Gürgenini?
"Türkmensährada ýer hojalygy meselesi" atly kitaby bolupdy.”
Bu eserde esasy orta oklanylýan mesele Pählewi paty?alygyny? döwründe, türkmenleri?
arasynda ýer we hojalyk reformasyny nädogry we galplyk bilen alynyp barylmagy
hakynda hakyky çe?meleri? we dokumentleri? esasynda maglumat berilýär.
Bu eser III bölüm we IX pasyldan ybarat bolýar.
Birinji bölümde "Türkmensähra 1332-nji ?. ýylyny? tomus aýyny? ortasynda amala
a?yrylan döwlet agdary? wakadan beýläk" ady bilen mowzuga giri?ýär.
Kitaby? birinji pasly "Türkmenlere we Sähra sebitlerine bir baky?" atly mowzug
bilen esere içgin giri?ip ba?lanýar. Onda türkmensährany? geografiki taýdan takyk
ölçegini anyklap onu? geografiki taryhyny hem has irki döwürlerden alyp gaýdy?y
we ýeri? hili ?aly maglumatlar berilipdir. ...
Eserde “türkmen halky” atly paragrafda belli çe?melere esaslanyp, bu halkyñ bu
ýerlere has irki döwürlerden bäri eýelik edýändigini subut etmäge giri?ýär. Onda
Gaznawlar we Seljuklylar döwrüni? belli alym taryhçysy Beýhakyny? we Gerdizini?
hem beýleki alymlary? kitaplaryny derñäp, türkmen halkyny? taryhy bir halkdygyny
belläp geçýär. ?eýle hem türkmen atlaryny? gadymydygyny baryp milady ýyldan 4
asyr öñ Pazryk guburlaryndan tapylan türkmen atlary hakda gürrü? gidýär. Hytaýlylar
olara "asman atlary" diýip atlandyrypdyrlar.
Taryhy çe?melerden mälim bol?yna görä,
Seljuklylar döwründe türkmenleri? Etrek, Gürgen we Garagumda öri me?danlary hem
ýurtlary bolupdyr. Seljuk soltanlary olary? ýer-ýurtlaryny resmi ýurtlary hasaplapdyrlar.
Soltan Sanjary? döwlet resminamalarynyñ mälim edi?ine görä, ol türkmenlere häkim
we go?un mümkinçiliklerini toplap beripdir.
?ol buýrukda "türkmenler bilen o?at gatna?ygy saklamak Olara täze salgyt goýbermesizlik
hem-de biri-birini? milli hukuklaryny goramak ýaly permanlary, göni häkimlige
goýberilipdir. ?eýle hem Gürgen türkmenlerini? häkimine goýberilen permanda türkmen
taýpalaryndan has laýyk gemgyiet gatlagy hökmünde agzalypdyr1.
Kitapda berilýän çe?melere esaslanyp türkmenleri? gadymy Gürgende (Jürjen) ýa?andygyny
we Gürgen derýasyny eýeländiklerini araplary? çozu?yndan hem ö?dedigini mälim
edilýär.
Ýazyjy ö?ki SSSR-i? taryhçysy Wasiliýany? kitabyna salgylanyp: “… Enesi hakyky
türkmen bolan, Jelaleddin Horezmini? mongollary? ilki çozu?larynda otuz mü? türkmen
söwe?je? ýigitleri bilen, mongollary? sansyz go?unyny iki bölendigini we olar
türkmeniñ söwe?de “gy-gaç” görnü?daki harby endiklerini ulanyp gaçy?yny”
nygtap geçýär.
Kitaby? II baby "1312-nji h.?. ýyla çenli türkmensähralary" atly mowzugda birinji
paragraf "Sährada köpçilikleýin we milli eýeçilik" bilen ba?lanýar.
1312 h.?. ýyla çenli türkmensähralary türkmenleri? ýer eýeçiligindedi. Ýagny ähli
ekeran we hojalyk ýerler köpçilikleýin ortak eýeçilikde bolup feodal we daýhan-talaban
gatna?yklary bolmandyr. Ýer eýeçilik usuly ýurdu? beýleki ýerlerinde bol?y ýaly,
bolmandygy aýratynla?dyrylýar. ?unu? ýaly ýer eýeçiliginde hiç kim biri-birini?
ýerini ekip hasyl almaga ylala?yksyz ymtylmandyrlar. Her bir türkmen taýpasyny?
serhetle?en belli ýerleri bolup, olar hormatlanypdyrlar. O?a "ýurt" diýlipdir.
Ýurtlary? araçägi ýönekeý tebigy bellikler bilen ýagny joýa, ýap, depe, aryk,
egin, derýa, arna, käl we käriz ... ýaly ýer hereketleri bilen çäklenipdir. ?eýle
hem türkmenleri? arasynda çarwa-çomury? jemgyýetçilikdäki orunlary hem olary?
ykdysady hünärleri hakda gürrü? gidýär.
Türkmensähradaky türkmenleri? hany? deregine ýa?ulylary? orun tutu?y we gerekli
ýerinde "il ýa?ulysy" ýa-da "aksakal" ady bilen ýüze çykýan meselelerini? çözgüdini
tapypdyrlar.
Türkmensährada hemme ki?i biri-birine kömek etmäge borçly bolupdyr. Eger bir ki?ä
ýa-da " öý we oba möçberinde-de ilat kynçylyga uçrasa, mysal üçin gara?ylmadyk
tebigy hadysalar ?agny sil gelip öýler dagasa hem-de ölüm-ýitgi dü?en ýagdaýynda
ýa-da gahatçylyk bilen gabatla?ylsa türkmenler derrew aksakallary we ýa?ulylary
maslahata çagyryp ?üze çykan kynçylygy? çözgüdini tapypdyrlar. ?onda her içeri
ma?gala öz gurp- ýagdaýyna görä, kömek etmäge paý dü?üpdir. Kähalatlarda gerekli
ýerinde biri-birlerine kömek etmek üçin köpçülikleýin tölegsiz i? alyp baryp zyýan
görenlere ýardam beripdirler we ?eýle arkala?yklara "ýowar" diýipdirler"- diýip
kitapda nygtalýar.
?eýle hem kitapda türkmenleri? ykdysadyýeti, söwda we özlerinden artyk önümleri
hakda gi?den söhbet açylýar. Olary? ykdysadyýetinde hiç haçan garyplyk bolmandy.
Türkmensähralarynda arpa, bugdaý, künji ýaly önümler öndürilip Gürgene (Astrabada),
Horasana, Mazanderana we de?zi? üsti bilen Hajytarhan we Kawkaza çenli eksport
edilipdir. ?eýle hem goýun, guzy, geçi, sygyr, gäwmi?, düýe, haly, halyça we beýleki
ýa?aý?y? hajatlaryny bitirýän bede ?aly harytlary hem satyp gazanç edipdirler.
Ýazyjy ?unu? ýaly maglumatlary Mazanderan we Astrabat hakda i? ýazan H.L. rabinony?
we fransiýaly syýahatçy alym P.A.Mede Žuber ýaly türkmenlere baglan?ykly eser
döreden alymlary? i?ini ulanypdyr.
Mansur Gürgeni öz ýazan ?ol kitabynda Türkmensähra ýagny Gürgen jülgesine häzirki
Seljuk döwründen bäri bir mü? ýyllyk türkmenlerini? ýurt eýeçiliginde goýup subut
edýär.
Kitaby? III pasly "Türkmensähralarynda feodalism" atly mowzug bilen Reza han Pählewini?
hususy emläkleri we halysa feodalist" diýlen ylmy analiza giri?ýär.
Reza han Mirpänç diýlen ?ahs 1299-njy ýylda Tähranda i?lisleri? kömegi bilen Eýrany?
birinji Goranmak ministrligi, onso? Gajar hanedanlygyny? ornunda Eýrany? paty?alygyna
dikilip, 1320-nji ýylda ýene-de i?lisleri? buýrugy boýunça 16 ýyldan so? paty?alykdan
gyra çekilýär. Ol ba?da ?ol orunlary eýelemezinden
öñ
has pes derejelerde güzeran durmu?yny geçiren adamlary? biri bolupdyr. Emma 16
ýyl möhleti? içinde ýurtda has önümli oba hojalyklary?, emläklerini ýagny Gilan,
Mazenderan, Gürgen we Türkmensähra welaýatlaryndaky ýer-ýurt emläkleri öz ?ahsy
baýlygyna öwürýär. Eseri? ?u bölüminde ?ol döwür Eýranda ýurt dolan?yklarynda
nähili kada-kanuny? çyky?y we Rezahan ?a hökmünde ony öz ?ahsy bähbidine tarap
gönükdiri?i hakda görkezilýän dokumentleri? berýän maglumatlary esasynda ylmy
nukdaýnazardan doly analiz geçýär.
?eýle hem türkmensährany? ýer-ýurtlary basyp alynyp Reza hany? emlägine öwrülip,
türkmen daýhanlary içeri ma?galasy bilen hojalyk ýerlerde mugtyna i?letmek karary
ýagny ?ol karara "bigar" ýa-da "bigäri" diýlip ?ol döwür türkmen durmu?ynda elhenç
wakalary? biri bolandygy hakda ýüze çykan hadysalara çenli gürrü? gozgalýar.
... ?eýlelik bilen Reza hany? paty?alygy
ikinji jahan ur?uny? ba?lanmagy bilen 1320 h.?. 1940 m. ýylda Eýrana gyzyl go?uny?
we i?lisleri? girmegi bilen tamamlanýar. Türkmenler öz ýer-ýurtlaryny taryhda
ýene-de bir gezek eýeleýärler. ?ol ýylda ýerden alynan hasyllar türkmenleri? durmu?yny
?okarlandyryp ba?laýar.
Reza hany? höküm süren döwrüni? so?larynda Türkmensähra türkmenlerini? ykdysady
we jemgyýetçilik ýagdaýy a?akdakylardan ybaratdy:
1. Türkmenler köpçülikleýin umumy emläklerini ýitiripdi. Sährada di?e birje ki?i
eýelik edýärdi we islän eýeçiligini ýola goýýardy.
2.
Adamlary? i? güýji mugt görnü?de "Bigary" görnü?de agyr i?leri ýö?keýärdiler we
hiç kimi? o?a gar?ylyk etmäge haky ýokdy. Gar?ylyklary? her dürli görnü?i, agyr
jezalar bilen gaýtawul
berilýärdi.
3. Halky? sandygyndaky ýygynçak baýlyklary bap, marta, mal-gara görnü?de Rezahany?
dikmelerini?, jandarmlaryny? we ýer arenda( ejara) berýänleri? kisesine si?ýärdi.
Eseri? IV bölümi "1320-nji h.?. ýylyny? ?ähriwer aýyndan 1332-nji h.?. ýyly? murdad
aýyna çenli (1941-nji ýyly? Alp Arslan aýyndan 1943-nji ýyly? Gorkut aýlary “Gara?.Türkm.
senesi”)
"Türkmensährany?
ýagdaýy" atly mowzugda "döwlet tarapyndan ilata tab?yrylan emläkleri? halk arasyndaky
darty?malary hakyndaky çykarylan kanun" esaslaryny öz içine al?ar.
Reza hany? II jahan ur?unda ýurdy ta?lap da?ary ýurtlara gaçyp atmagy bilen onu?
alyp baran ýurt dolandyry? prinsiplerine gar?y halk aýaga galyp Eýrany? Milli
?ura Mejlisinde Eýran diktatoryny? halky? ýer-mülklerini elinden kasp edip aly?y
hakynda uly i? gozgalýar we o?a ýeti?iklik etmeklige karar çykarýarlar.
?eýlelik bilen Eýrany? Milli ?ura mejlisinde ilatyny? ýer babatdaky darty?ma dawalaryna
ýeti?iklik etmek üçin esasy kanunda 14-16-17 we 18-nji maddalary karar edip goýberilýär.
?u görkezilen maddalary? esaseynda: “… ýeri elinden alynan ilat 6 aýy? dowamynda
öz arza-?ikaýatlaryny tab?yryp i? gozgatmaga haklydyr.”. – dyilen karar
ör-boýuna galýr.
?unluk bilen bu kanun ýene-de oba hojalyklar, ownuk mülkdarlar hatda kä halatda
iri mülkdarlary? hem kynçylygyny çözüp bilmändir. Onu? sebäbi eserde 5 punktdan
ybarat delille?dirmeler bilen ýazyjy doly görkezýär. Ondaky esasy göz ö?üne tutylmadyk
mesele, halky? ýer-mülkleri Rezahany? tarapyndan zor bilen kasp edilip almagydy.
Eseri? 40-njy sahypasynda 1327-nji h.?. ýylyny? 15-nji Bähmen aýyny? (1948-nji
ýyly? Fewral aýy) wakasy we onu? Türkmensähradaky galdyran täsirleri:
Bu mowzugda bellenilip geçilýän mesele, ?ol bir wagty? özünde Tähran uniwersitetini?
hukuk fakultetini? howlusynda Muhammetreza Pählewini öldürmek üçin Nasyr Fahraraýi
atly gar?yda?laryny? birini? tarapyndan o?a tarap ok atylmagydyr. Muhammetreza
bu hadysadan diri gutulýar welin, ?onu? täsirine Eýranda bütin azatlyk isleýän
partiýa-guramalary we gaz?et-žurnallary ýapdyrylýar. Bu wakalar sebäp bolup Muhammetreza
?any? ýurdu? "?asy" hökmünde güýji artyp mejlisi hem bozmaga ygtyýar berilýär.
1328-nji h.?. ýyly? (1949-njy ýyly? Oguz aýy) tir aýyny? 20-sinde Eýrany? "Milli
?ura Mejlisini? tarapyndan çykarylan karar boýunça ö?ki paty?a (Rezahan) degi?li
ähli emläkleri ýene-de onu? ogly Muhammetreza ?a geçirilýär. ?ondan beýläk Türkmensähradaky
ilaty? eline gaýtadan dü?en ýerleri yzyna gaýtarylyp alynýar.
Eýran ?asy ýüze çykan wakany öz bähbidine tarap ulanýar. 1950-nji ýyldan beýläk
ähli ýer-mülkler "Sazeman-e emläk wä mostä gellant-e Pählewi??????
????? ? ???????? ?????
(Pählewileri?
?ahsy emläk guramasy)" edarasyny? garamagynda go?ulyp, Türkmensähradaky yzyna
gaýtarylyp berilen ýerleri ilaty? elinde her dürli gynaglar bilen alyp ba?ladylar.
Eseri? 42-nji sahypasynda "1329 h.?. (1951 ý.) ýyldaky ?ahy? hilegär permany ady
bilen berilen mowzugda "?eýle ýagdaýlary? ýüze çykmagy zerarly Türkmensähra
daýhanlaryny? arasynda öz-özünden jümmü? ba?landy. Netijede ?a bilen daýhanlary?
arasynda näsazlyk döreýär. Umuman bu dörän ýagdaýlar ýer hakda täzeden reforma
goýberilmegi talap edilýär. Bu meseleler hakda da?ary ýurtly ylmy i? alyp barýan
alymlar hem belläpdirler. ?ahy? perman da?ary ýurt ne?irýatlarynda hem çykarylypdyr.
Bu hakda doktor Lo?ton ?eýle belleýär. "1951-nji ýyly? Türkmenba?y aýyny? 28-ine
angeliýany? ne?irýatlary habar berýär. ?a atasyndan miras ýeten ähli hususy emläklerini
ilaty? arasynda paýlamak üçin perman çykarypdyr. Ýatlanan emläkler eleter bahadan
uzak möhletli kredit bilen satyljakdyr" Elbetde bu Eýranda çykarylan kanuna ters
gelýärdi. Sebäbi bu ýerler ?ol bir wagty? özünde "wakf" edarasyny? hem balansynda
durýardy.
Elbetde beýle reformany geçirilmegi Amerikan
syýahatçylary kommunism we çep toparlary? gar?ysyna bir hereket hökmünde Eýran
?asyna maslahat berýärler. ?eýlelik bilen Türkmensährada Milli arkala?yk (kolperatiw
firmalar we täze organlar döredilýär.
Beýle wakalar Eýrany? Milli gahrymany Doktor Muhammet Musaddygy? wezirlige geçen
döwri bilen gabatla?ýar. Doktor Muhammet Musaddyk Eýrany ykdysady ýer-hojalygy
gi?eldi?, içeri önümlerden ... we baýlyklary adalatly derejede paýlamak üçin Milli
maliýe syýasatlary tutundy. Onu? yzy süresi Türkmensähradaky daýhanlar ýerlerini
täze tehnikalar bilen mehanizasiýala?dyryp ba?ladylar.
Doktor Muhammet Musaddygy? döwletini? döwründe türkmensährany? ýagdaýy özgerip
ba?lady. Ykdysady arkala?yk jemgyýetleri we firmalary ösdürildi, türkmenler beýle
jümmü?lere "Milli diýip atlandyrýardylar. Sebäbi beýle hereketler esasan ownuk
daýhanlary? go?ulmagy bilen ýüze çykýardy. Eserde bu özgeri?leri? tehnik taýdan
halky? hal-ýagdaýyny näderejede Ýokarylandygy hakda doly mysallar bilen bellenilip
geçilýär.
Eseri? II bölümi "1332-nji ýyly? 28-nji murdat aýyndan (1953-nji ýyly? Gorkut
aýy) 1357-nji ýyly? Bähmen aýyna (1979-njy ýyly? Baýdak aýy) çenli Türkmensährany?
hal-ýagdaýy" atly mowzugda 28-nji murdat aýyndaky bolan döwlet agdaryly?yk hereketinde
Doktor Muhammet Musaddygy? halky? saýlan kanuny döwleti agdarylyp Amerikany? kömegi
bilen Muhammetreza ?a güýç-kuwwata eýe bolýar.
Bu mowzugda Amerikany? Ýolba?çylygyndaky alynyp barylan döwlet agdaryly?yk we
täzeden Amerika bakna dikilen döwleti? ýüze çykmagy bilen Türkmensährany? hal-ýagdaý
ö?kiden pese dü?üp ba?laýar. Sebäbi bütin hojalyk ýerleri Pählewileri? içeri-ma?galalary
we dogan-garynda?lary, döwlet emeldarlaryny? arasynda üle?ige dü?ýär. Umuman döwleti?
täze ýöredýän syýasatlary bilen türkmenleri öz kowmy we milli häsiýetinden pese
dü?ürip milli Ýolu? tabgyryny Ýola goýulandygyny analiz berilýär. ?ele hem ö?ki
döwürde eger ownuk mülkdarlar ýer-ýurda eýe edilen bolsa bu döwürde ony hem mülkdarlary?
elinden alynyp ba?lanýar.
Eseri? YI baby "Ownuk mülkdarlary? ýer hojalygyny basyp aly?" atly mowzugda "1329-njy
ýyly? (1950 ý.) permany nähili ýerine ýetirildi?" diýlen soragy seljerip alynyp
barylýar.
Döwlet bilen ilaty? arasynda ?ol çözülmez ýer meselesi yzyna alynyp ýene-de yzyna
berilip duran döwürde käbir kanunlar hem ilaty? bähbidine ulanylypdyr. Mysal üçin
ýer eýeçilik meselesi baradaky kanunda 21-nji maddany? esasyny ?eýle terminle?dirilipdir.
Ilaty? öz eli bilen abatla?dyran "destarmy" ýerlerini elinden almak bolanok".
"Destarmy" diýlen kanunda Gürgen we Kümmetkowus sähralarynda ýerleri janlandyran
adama berilýän eýelik hukugy, ol eýelik orderdan hem Ýokary derejede ähmiýeti
bolupdyr. ?ol döwürde ?eýle kanunada biperwaýlyk bilen seredilip halky? elinden
ýerlerini alyp döwlet emeldarlaryna satypdyrlar.
Eserde berilýän açyklamalary? dowamynda ýazyjy ?eýle netiýeleri çykarýar: "...
Eýrany? kö?ki türkmenleri? mal-mülkini di?e bir talamak syýasaty bilen çäklenmän.
eýsem onu? ikinji maksady türkmenleri? biragyzdan bütewiligini dagadyp Tährany?
özüne tabyn bolan boýlaryny sähra getirip türkmen däl ilaty köpeldip türkmen kowmyýetini?
milliligini, dilini, medeniýetini tapgyrlaýyn Ýoýmak syýasatyny göz ö?üne tutupdyrlar.
?eýle syýasatlary? yzygiderli dowamynda ownuk mülkdarlary? ýyllarça zähmet si?diren
ýer hojalyklary elinden alynyp satylýar.
Eseri? YI babyny? üçünji mowzugynda "?ahy? 32 kazyny? tarapyndan kazyýetde ýe?ilmegi"
diýlen açyklama berilipdir.
Bu ýerde ýazyjy ýer reformasy meselesi hakda ýer tab?yry?a gözegçilik topary?
tarapyndan alynyp barylan mü?lerçe i?leri? birini agtaryp açyklama goýberilýär.
Olarda kararlar öz wagty we nomeri bilen aýratynla?dyrylypdyr. Bu kararlarda türkmenler
üçin dürli eden-etdilikler aýdy?la?dyrylýar.
?eýle hem ö?ki düzgüni? emeldarlaryny? türkmensährany? ýer baýlyklaryny talamak
üçin hüjüm etmegi we ?ahy? tarapyndan türkmenleri? metjitleri, medreselerini?,
daýhanlary? öýlerini? hatda türkmen öwülýä-guburlaryny? ýerleri satylyp ba?lanýar.
Umuman ?ol ýyllardan so? türkmen daýhanlary ýerlerini döwlet emeldarlary tarapyndan
bikanun alynany üçin Ýokary kazyýetlere ýüz tutup dürli arza-?ikaýat goýberilipdir.
Bu eserde ony yzygiderli açyklanyp "er basyp almakda kanun we jenaýat" atly mowzugda
gerekli mysallar o?a degi?li ?ahsyýetleri? gatna?magynda ylmy barlag berilýär.
Eseri? 76-njy sahypasy "Türkmen Pählewiler hanedanlygyny? ýiti di?lerini? arasynda"
diýlen mowzug bilen Pählewileri? içeri ma?galalaryny? türkmensährany? has o?at
önümli ýerlerini nähili we näderejede türkmenleri? elinden basyp aly?y hakda gürrü?
gidýär.
Ö?de belläp geçi?imiz ýaly doktor M.Musaddygy? döwleti döwründe ýerleri? bir näçe
mukdary ilaty? eline paýlanyp dü?enden so? halk arasynda dürli bilelikler we kooperatiwler
arkala?ygy firma görnü?inde milli hereket edipdirler. Emma 1340-njy ýylda (1961
ý.) Akgala ?äheri? gündogaryndaky Ammarolum etrabyny? ýerlerini "Soltanlygy? harby
?amülki" (?a mäzräýe-ýe gard-e sältänäti) ady bilen türkmenleri? mü?lerçe gektar
hojalyk ýerlerini elinden alynyp ö?ki döredilen milli arkala?yk organlary? Ýoguna
çykdylar. Muhammetreza Pählewi bu basypalyjy hereketi Ýola goýmakdan 4 sany syýasy
maksady yzarlapdyr. Birinjiden özüni goraýan ýörite harby go?uny geljekde kültüm
bir girdejini? eýesi boljakdyklaryna umyt berip olary? mährini özüne köpeltmek
isleýärdi. Ikinji bir tarapdan bu ýerlerden öndürilýän arpa, bugdaý, pagta, et
we süýt-gatyk önümleri bilen bu go?uny üpjün etmek isleýärdi.
?çünjiden,
türkmen ilaty ýerlerini ýitirip sebiti? beýleki türkmen däl ýurtlara gaçmaga mejbur
edýärdi. Dördünjiden hem bu harby go?un bir güýç hökmünde islendik wagty türkmenleri
basyp ýatyrmaga taýyndy. 1979-njy ýyla çenli ?eýle tapgyr hem boldy.
Umuman ?eýle wakalary? ýüze çykmagy bilen türkmenleri nalaçlykda galdyrylypdy.
?onu? üçin daýhanlary? arasynda ýer babatda dürli gar?y hereketler hem ýüze çykman
duranokdy. ?olary? biri hem Türkmensährany? Ataabat etrabyny? daýhanlaryny? öz
hak-hukugyny elden bermesizlik üçin alyp baran jümmütün ýerlikli hereketleri?
biri bolup durýar.
Eseri? YII baby "Eýrany? ynkylabyny? ilkinji basgançagynda dürli ýer eýeçiligi"
atly mowzugda "Sährada daýhanlary? jümmü?i" diýlen gyzykly waka bellenip ýatlap
ba?laýar. Bu waka 1357 (1979 ý.) ýyly? Alp Arslan aýyndan ba?lap Pählewiler paty?alygy
gow?ap Eýranda ähli halk gozgala?y ba?lanýar.
E?randa ähli halk gozgala?y ba?lanmagy bilen bir hatarda, türkmensährada hem aç-açanlyk
ýüze çykyp daýhanlar jümmü?i ör boýuna galdy. Eserde ýer ugrundaky bu jümmü? hakda
gerekli maglumatlary berip ylmy seljeri? berilýär. Eýrany? ynkylabyny? ilkinji
basgançaklary döwründe Türkmensährany? ýer hojalygy baradaky hal-ýagdaýyny ?üze
çykan wakalary? üçüsi bilen baglany?dyrylýar.
a) Kasp edilip yzyna berilmedik emläkler: Ýagny Reza ?ahy? döwründe daýhanlary?
elinden alynan ýerler so? onu? ogluny? döwründe arza-?ikaýata çykan adamlary?
ýerleri yzyna berilip arza-?ikaýata çykmadyklary? ýerleri döwlet emlägini? hasabyna
giren ýerler. Türkmenler köplenç merkezden uzagyrak ýa?anso?lar köpüsi arza-?ikaýata
çykmandyklary sebäpli olary? ýerleri döwlet hasabyn giripdir.
b) Kasp edilenden so? ?ene-de yzyna tab?yrylan emläkler: ýagny Muhammetreza Pählewini?
döwründe Mejlisi? çykaran karary boýunça kasp edilen ýerleri öz eýelerine berildi,
ýöne so?a baka 1332-nji ýyly? 28-nji Murdat aýyndan beýläk paty?any? güýji artyp
ba?landan yzyna tab?yrylan ýerleri ýene-de kasp edip döwlet hasabyna geçirýärler.
c) Üçünji bolup geçen waka, bölünip daýhanlara tab?yrylan ýer hojalyklar hakda
gürrü? gidýär. Bu wakada Türkmensähradaky yzyna berilen ýerleri? bir az bölegi
Pählewi emläkçilerini? hukuk ge?e?çilerini? tarapyndan berilen päsgelçiliklere
garamazdan halky? eýeliginde galyp Reza hany? eýelik orderleri (sentleri) batyl
bolýar. ?ol bir wagtda-da ol ýerler türkmen taýpa-tireleri? eýeliginde galýar.
?ol hojalyk ýerler ?ahy? so?ky ýer reformasyny? kada-kararlaryna degi?li edilip
"Ilata ýer paýlanyldy" diýlen hasabata girizilýär.
?eýle görnü?däki ýerleri ýene-de dört görnü?de eýelik ?ertleri döredilip ?onda-da
döwlet emeldarlary dürli päsgelçilikler döredipdirler.
Eseri? III bölümi "Ýer hojalyk meselesini? çözgüdini nähili tapmaly?" diýlen sorag
mowzug berilýär. III bölümde eseri? ba?dan-aýak berilýän "Bap" sanawyny? 8-nji
baby ba?lanýar. Bu bölümde, ilki bilen hukuk taýdan meseläni? çözgüdine giri?ilýär.
Reza han I?lis emeldarlaryny? tarapyndan Gajar hanedanlygyny? Ýoguna çykyp ýurt
Ýolba?çylygyna dikilmezinden ö? bir gary? ýer-mülki bolmadyk adam. Ol 1925-nji
ýylda türkmensährasyny basyp alandan beýläk türkmenleri? bütin ekeran ýer hojalyklaryny
ýurt hukuklaryny kasp edip elinden alandygyna we ondan so?ky ýüze çykan wakalary?
näderejede bu gadymy ?erli ilaty pese dü?ürendigi hakda 1979-njy ýyldaky ynkylaby?
?okary derejedäki belli ?ahsyýetleri bir agyzdan güwä geçýärler.
Eýran Yslam Respublikasy döredilende ýurt Ministri (içeri i?ler Ministri) bolup
i?e geçen Eýrany? uly kazyýet we hukukdan derejesindäki Dr. Ahmet Sadr Haj Seýidjewady
öz metbugat çyky?larynda Pählewileri? döwründe Türkmensähradaky basyp alynan ýerleri?
hemmesini türkmen ilatyny? arasynda adalatly paýlamalydygyna güwä geçip, tizara
wagty? içinde ha?dan-ha? olary yzyna tab?yryljakdygyny makullaýar.
Eýran Yslam Respublikasy döredilende onu? ikinji ba? Ministri jenap Mähändes Bezirgen
we ynkylaby? beýleki derkär ?ahsyýetleri? hersi öz göz?etimine görä, türkmen halka
bolup geçen sütem we zulm hakda güwä geçdiler. ?olary? arasynda, öz wagtynda “-yslam
ynkylabyny? atasy” diyilip atlandyrylan uly Müjähit Aýatulla Talganyny? türkmen
halkyna ?ollan habary uly ähmiýete eýedir. ?eýle hem yslam ynkylabyny? lideri
hem ?onu? ýaly goldaw güwänamasyny goýberdi. …
?eýle hadysalardan beýläk Türkmensährada ýerler
döwlet tarapyndan goldaw berilip halk tarapyndan konfikasýa bolup bölünýär we
dürli ylmy predpriýatiýalar döredilýär. Bu meseläni? amala a?yrylmagyny? dowamynda
ö?ki bidüzgünlikleri? doly çözgüdini tapmak üçin hukuk taýdan käbir kynçylyklary
ýüze çykaryp ilata islenmedik çakny?yk ýönkeldi. ?onu? üçin täze döredilen döwlet
bu meseläni? çözgüdini tapmak üçin Gürgen we Kümmetkowusdaky ýer hojalyklaryny?
dawa-jenjellerini kanun esasynda çözmek tertibi we o?a ýeti?iklik etmek meselesini?
çözgüdi ugrunda "Ynkylab ?urasy"
atly mejlisde karar çykaryp goýberdiler.
Ö?de belläp geçili?i ýaly eýelerine tab?yrylan käbir ýerleri maýa goýum boýunça
ownuk daýhanlary? eki? gurbundan agyr bolany sebäpli uly sermaýadarlar ony birnäçe
ýyllyk kärendeligine alyp, ?ertnamada kärende ýyly gutaranda ony eýesini? eline
bermän ?ol özi ýeri gaýtadan peýdalanyp gezipdirler. ?ol ugurda arza-?ikaýatlara-da
ser edilmändir. Ynkylap döwründe ?unu? ýaly ?ertdäki duran ýerleri hem, bir ýyllyk
arza möhleti bilen, kanuna ýüz tutup ba?landy.
Eseri? IX babynda meseläni ykdysady gözetimden döwrü? talabyna laýyklykda çözmek
üçin netijeli meýilnamany alyp barylmagyny maslahat berilýär.
Türkmensährada ö?ki düzgün boýunça köp sütem edilen daýhanlara hut döwlet tarapyndan
goldaw berilmegini? zerurlygyny açyklanylýar we netijede di?e bir Türkmensähra
ilatyna däl-de, eýsem ähli Eýran halkyna bähbitli hojalyk önümlerini? bähresini
görüljekdigini ikiuçsyz hasaplanýar. ?onu? üçin Türkmensährada düýpli ykdysady,
jemgyýetçilik medeni we beýleki reformalary adalatly alynyp barylmagyny? zerurlygyny?
ýüze çykýandygyny kitapda äp-ä?gär açyklanylýar.
?ol ugurda esasan hyzmatda?lyk we arkala?yk firmalaryny goldamak bilen dünýä standartlaryna
gabat gelýän tehnika bilen hojalyklary üpjün edili?i talap edilýär.
Alym ýazyjy Doktor Mansur Gürgenini? edil öz wagtynda döwrebap çapdan çykan bu
eseri Türkmenistandaky we bütin Eýran intelligensiýasyny? arasynda gi?den ýaýradylan.
Ondaky berilýän maslahatlary? esasynda 1979-1981-nji ýyllarda Türkmensährada "oba
?uralary" we "daýhan ?urylaty" dikeldilip Türkmensährada düýpli reformany geçirilip
ba?landy. Netijesinde ?ol ýyly? dowamyndaky ýerlerden alynan hasyly ö?ki ýyllara
garany?da ençeme esse köp we bereketli boldy. Ýöne so?a baka ýurdy beýleki monopolýalary?
eýelemegi bilen islendik düzgün ýöredilmedi.
?eýle hem Dr. Mansur Gürgeni görkezýän meýilnamalarynda "pul we ygtybar" ulgamyny
düzgünle?dirmek, maldarçylyk we marta meýdanlary ösdürmek, el senagaty goldamak,
suw we tok üpjünçiligini alyp barmak, okuw we terbiýe, saglyk sakla?y? we derman
seri?delerini üpjün etmek " meselelerine doly üns berilip ?erine ?etirilmelidigini
orta atyl?ar.
Bu eser Türkmensährada uly täsir galdyrmagy bilen halky? hal-ýagdaýyny ö?kiden
bir esse ?okarlandyrmaga ba?arýar diýmäge esas bar.
Canada- Toronto: Hangeldi Ownuk
Ýanwar-2007 ?.
. Gürgeni Mänsur, “ Türkmensährada ?er hojalygy
meselesi ”, Tähran – 1358 ?.?., 133 sah.
?. ???? ?? ?????? " ?????
???? ?? ?????????"? ????? – ???? ?.? ??? ?.
|
|
استفاده از
مطالب اين سایت با ذکر منبع بلامانع مي باشد |
|
|